12:03 Derwüşiñ düýşi / hekaýa | |
DERWÜŞIŇ DÜÝŞI
Taryhy proza
(Ruslaryň Gökdepe galasyndaky wagşyçylykly türkmen gyrgynçylygynyñ 140 ýyllygyna) Çolak derwüşiň Gökdepe galasyna haçan, nireden, haýsy obadan gelendigini bilýän adam ýokdy. Ol galanyň diwarynyň daş tarapyndaky ýykyljak bolup duran pessejik, daşdan örülip palçykdan suwalan, gadymdan galan "Gözegçi tamda" yatyp-turyardy. Gündizlerine-de elindäki ujy tokmaklyja tayagyna söýenip galanyň o başyndan, bu başyna aýlanar ýörerdi. Obanyň itleri ony görseler-de, sal-sal egin başyna öwrenişensoň üýrmezdiler. Derwüş bil guşagyna gysdyran çöregini bölüp itler bilen paylaşyp iyerdi. Köne, şylha-şylha bolup giden hyrkasynyň etegine gaçan çörek owuntyklaryny-da, galanyň diwarynyň etegine "guşlaryň paýy'' diýer serperdi. Kä mahal obanyň ortasyndaky Balhy tut agajynyň aşagynda düzzüm oynaýanlaryň ýanynda eglenerdi. Oňa "Sen geldiňmi, gitdiňmi?" diýýänem ýokdy. Sebäbi, galanyň ýaşaýjylary-da Çolak derwüşi tanarça bolupdylar. Sorag berip ''Nirä barýaň hem'' diýseň, ondan dogry jogap alaýmak aňsat däldi. Gaşlaryny çytyp hüňürdärdär durardy. - Ýalan dünýäden Çyn dünýä barýan. Bu duralgada ömürlik duryan barmy, men durar ýaly? Durýan bolsalardy, hany şu belent galany guranlardan kimler galdy? Şu kölegesinde oturan Balhy tudy ekenem ýokdur. Olar hem meniň barýan Çyn dünýäme bir eyyäm gidendirler. Bu dünýäniň zowky sapasy size, ah-u balasy maňa bolsun. Bäzigär jahanyň toruna düşen "gözüni açandan" mal-u dünýä diýer açar. Mal dünýä kime nesip etdi? Hiç kime, ne maňa ,ne-de size galar. Ya Huu, Ya Hak, Ya Hu, Hu, Hu... Çolak derwüşiň ýyrtylyp sal sal bolan hyrkasyny, bagjyklary gyrylyp giden çarygyny gurban aýynda täzeleseler-de, olar derwüşiň egninde, aýagynda bir aý geçer geçmez köneler giderdi. Sebäbi onuň ýorgany hyrkasy, ýassygy hem çarygydy. Daşary çyksa-da, egnindedi. Derwüşiň gapy aýlanýan häsiýeti-de ýokdy. Hiç kimiň saçagynyň başynda-da oturmazdy. Onuň galanyň daşyndaky ýatak yerine her gün agşam derwüş gelmezden öňünçä gyzgynja çörek, iyer ýaly zatlary kimdir biri getirer giderdi. Derwüş hem bu gelyän naharyň kimden, nireden gelenini biljegem bolanokdy. Ol "Hudaý berse guluna, getirip goýar ýoluna" diýýärdi. Ine , Çolak derwüşiň bar ýaşaýşy, gün dogandan, tä batynça gören- eşideni şundan ybaratdy. *** Galanyň adamlary Çolak derwüşiň görünmeýändigini bäş günden soň bilip galdylar. Çarykçy Berdimyradyň ýanynda çarygyny tikdirmäge gelen Gully aga: - Düýn Gurbanmyrat işan sadaka etdi. Uzakdan ,ýakyndan gelen köpdi welin, biziň Çolak derwüşimiz görünmedi. Bu günem soraşdyrýan, ideşdirýän gören eşiden ýok.Berdimyrat aga sen gün uzyn galanyň içindesiň. Derwüşi gördüňmi? - Aý, menem göremok. Oturmasa-da, bir "Taňry salamyny'' berer geçerdi maňa-da. Üç-dört gün boldy, bu töwerege-de gelenok. Ya bir ýerlere gidäýdimi-kä? - Giden-ä däldir-le, näçe ýyldyr ol bu galadan çykyp gidenog-a. Ýa-da ''Garyp öldi diýdiler, üç günden soň bildiler''- diýleni bolaýmasyn, how birden-kä? Galadakylar bir derwüşi saklap bilmän, ölenden soň bir hepdeden soň bildiler''- diýen biabray ada galaýmalyň. Bendäniň ýatýan ýerine bir aýlanyp gaýdalyň. Bir derwüşimiz bar, onu-da galanyň içinde saklap bilemzok. Daşyndanam habarymyz ýok. - Dogry aydyarsyň, Gully aga. Ine, men elimdäki işimi gutarayyn. Gidip geläyeris. Hassa bolsa hal sorarys, sag bolsa görüp gaýdarys. Berdimyrat çarykçy bilen Gully aga galanyň uly derwezesine golaýlaberende, derwezäniň gapdalynda başyny aşak salyp oturan Çolak derwüşi gördüler. Howa sowuk bolsa-da, güýzüň ahyrky güni yalpyldap çykan gün hemme zady jana getiren ýalydy. Galanyň diwarlarynda gara keçeler, yorganlar güne garşy serilipdir.Gara öýüň tärimleri açylyp, işikleri serpilipdir. Çagajyklar iki baka agaçdan at yasap ylgaşýarlar. Günüň gyzgynyna başyny ýalaňaçlap oturan Çolak derwüşem ösüp biline yeten, işim-işim işilen bulaşyk saçlaryny darayardy. Begmyrat çarykçy bilen Gully aga derwüşiň ýanyna baryp gapdalynda oturdylar. - Salamaleykum Derwüş, seni görmedik diyip ynjalmadyk-da, seni görmäge gaýdyberdik.Görünmediň-ä ,birnäçe gün galada? Ya-da bir yere gidäýdiňmi? - Aleykumsalam. Hiç ýere-de gitmedim, çarykçy aga. Dört gün ýatdym başymy basyryp. Indi gidere yer galdymy? Ajal kowup yetip gelýär, jana pyçak daýandy. - Goyaweri, name bir kesel bolup agyryan yeriň barmy? Ajal diýdiň, pyçak diýdiň? - Bu eyyamda, kesel gelip öýüňde yatyp, duluňda süýnseň razy bolaýmaly. Keselden beter, aldaýjy duşman gelýär. Gözleri asmanyň gögi ýaly çakyr gözli, yüzleri gyzyl, içýän suwlaryndan mest bolup üç gün ýatyan, dilleri başgalar yene gelýär. Namysymyzy itiň syrtyna daňarlar, bala-çaga diýmän, gelin-gyz diýmän galanyň içinde öldürerler.. - Beh, Derwüş senem agzyňdan haýyr söz çykarjaga meňzäňok. Biz-ä, seni idäli-soraly diýdik. Esen bolsaň esenligiňi, sökel bolsaň, sökelligiňi bileli diýdik. Senem öz ajalyňdan başga-da, galamyzy-da başymyza ýumrular diýýäň. Näme, gaýypdan saňa habar geldimi? Ya çepiňe ýatyp turduňmy? Öňki ýaz gelende, biziň güýjümizi görüp gaçyp gidenler geler diýýäňmi? Olar-a Türkmeniň güýjüni görüp, şol ýatyşyna aýallarynyň yorganyndan çykyp bilmän ýatyşlary diýýärler. - Gaýypdan habar berildi biliň, başga ýerden eşitdi biliň, öz işiňiz. Ýöne çakyr gözli, dişleri demirden, doňuz etini iýenler gelýär. Men düýş gördüm. Düýşümi özüm ýordum. Ine-de, saçymy darap, öz kepenimi özüm biçip tikip goyubereyin diýýän. Düýşümde galanyň içindäki akyan gan, göýä Garagaç deresindäki Sekizýabyň suwy ýaly akyp gelýär. Bäbekleriň aglamasy, aýallaryň sesi gulagymdan häzirem gidenok. Galanyň diwarlarynyň iki tarapy ýykylyar. Uçup bilmän yatan yaraly guş mysaly, iki ganaty gyrylan yaraly galany gördüm. Gurbanmyrat işanyň metjidinden azanyň sesi däl-de, dutaryň zaryn sesi gelýär. Ýüregiňi bagryňy dilip gelýän zaryn heň özü-de. Bu gezek olaryň gelişi çyndan. Oglumyzy olja eder, gyzymyzy ýesir. Azaply dünýäden, güzap görüp gitmeli boljak. Zalymyň elinden ölmeli boljak. Dünýäniň soňunyň puçduguny bilmeyän barmy? Ýöne maňlaýymyza bular ýaly ölümi ýazar ýaly günämiz näme-di? Ya Hu, ya Hak, Ya Rahym Ya Rahman... Abraýly ölüm nesip etsin her kime. Ya Hu, Hu, Hu... Çolak derwüş Berdimyrat aga bilenem, Gully aga bilenem işi bolmady. Ol saçyny dört-bäş yerinden bogdu-da başyna sellesini orady. Howlukmaçlyk bilen yerinden turdy-da, galanyň derwezesiniň daş tarapyna aýlanyp gidiberdi. Berdimyrat çarykçy egnini gysyp Gully aganyň ýüzüne seredip durdy. Olar sessiz ýene yzlaryna öwrülip galanyň içindäki goh galmagally bazara siňip gitdiler. Aslynda, galanyň içindäki bazara bazar diyer ýaly-da, däldi. Bary yogy on- on iki dükan, bir tarapynda-da, agyly dolup duran mal bazary bardy.Dükanlar az hem bolsa, diňe bir galanyň içindäkileriň däl, töweregindäki türkmen obalarynyň ilatynyňda isleýän zatlary tapylyardy. Şonuň üçinem gün öýleden agýança, galanyň ortasyndaky meýdanyň gyzgalaňly güwwüldisi eşidiler durardy. Ýakyndaky obadan gelenler atly atyna, eşekli eşegine münüp ugranlaryndan soň gala boşap galan ýaly bolýardy. Howa açyk bolaýsa-da, çagalar agşama çenli meýdanda oýnardylar. Berdimyrat çarykçy bilen Gully aganyň Çolak derwüşiň ýanyndan gelenden soň, ýüzleri has hem asyldy. Olar biri- birine bildirmese-de, derwüşiň aýdany beýnileriniň bir ýerinde ornaşypdy. Yatdan çykyp gidiberenokdy. Olar çarykçynyň ojagynyň başynda sessiz oturdylar-da birden ikisi-de biri-birine soragly seretdiler. - Düýşi-de bir hili ekenaý, derwüşiň. Metjidiň minarasyndan saz sesi diýdi, Sekizyabyň suwy yaly gan akyar diýdi, garaz men-ä ýüregim jyzylap dur-ay. Ors belasyny iki ýyl öň gaýtardyk diýsek, ýene-de geläýjekmi-kä? Indi gelse, çyny bilen geler. OL indi öňümizi, yzymyzy, kemimizi, üstünlügimizi öwrenendir. - Gully aga, indi gadymky gören düýşi oraşan bolup duran, Gaýypdan habar berýän, agzy senaly,dili dogaly derwüşlerimiz ýog-a. Bu derwüşem agzynda Hudaýyň ady bolany bilen, kimdigi, niredendigi belli däl. Dälimi-diwanamy ol hem belli däl. Ynanyp yüregimizem berip durmaly diýjek men-ä. Tüweleme, galamyzda indi deňizleriň aňyrsynda okap gelenlerimiz bar, bilimiň çuň ýerinde çümüp gelenimiz bar. Ors okuw diýseňem, Yslam okuwy diýseňem okanymyz bar. Olar bir zat bolsa. Halka habar bermezmi? Saçyny bäş garyş edip ýören, goşy arkasynda, tüýnügi depesinde bir derwüşe ynansag-a, onda bizem dünýäden doyup, şonuň yzyna düşübermeli bolarys. - Ay, näbileýin-dä, ozal Allah, galyberse-de ýene-de Allah. Ýöne şu derwüşem bir zatlar bilýän ýaly-da. Aý gören düýşü-de, aýdan gepide "daglara gitsin, daşlara gitsin". Ors belasyny öňki tomusda gaçyrdyk diýsek, indi gelse bilmedim-dä. Ýaşulylar şondan soň derwüşiň aýdanyny hiç kimiň ýanynda agzamadylar. Has dogrusy, yatlaslary-da gelmedi. Derwüşi-de görenlerinden görmänlerini gowy gördüler. Ýöne derwüşem indi galanyň içinde az görünmäge başlady. Ol köplenç galanyň uly derwezesiniň agzynda geleni gideni synlar oturardy. Ol bir gün elindäki tokmaklyja taýagyny yere bat bilen urup, çolak elini-de, hyrkasynyň synyna salyp ýöräp gelşine, Hänmmämmet Atalygyň ak öýüniň işigine geldi. - Atalyk, Hänmämmet ... Habarlaşara kim bar? Öýden çykan çal sakgaly döşüni ýapyp duran, egnindäki çäkmeninini egnine atynan Hanmämmet Atalyk derwüşe gujagyny açdy. Ol derwüşi gujaklap diýen ýaly ak öýe saldy. Olar ojagyň başynda yanyp duran oduň ýanynda oturyp, pyşyrdaşyp uzak wagtlap gürrüňleşdiler. - Gözüň bilen gördüňmi, Çaryýar derwüş? - Gördüm, Atalyk. Olar şu gün üç adam bolup geldiler. Günuzyn mal bazarynda baha soradylar, aýlandylar, dolandylar. Alan zatlary-da bolmady. Ýanlaryndaky gelenleriň ikisi geplemese-de biri türkmençe gepleýär. - Hawa-da, her ýurduň awyny, şol ýurduň tazysy bilen awlaýarlar-a. Olar galadan çykdymy? - Çykdylar, çykyp barýarkalar-da , maňa bäş kümüş şay uzatdylar. Almadym, elimizde degirmedim. - Hmm, eger ertirem gelseler, pul uzatsalar almaly bolarsyň, Çaryýar. Olaryň saňa ýa-da bir derwüşe nebsi agyryp däl-de , seni peydalanjak bolýan bolmaklary ahmal. Eger şeýle bolsa, sen puly alsaň, olaryň ''diliniň aşagynda näme bolsa bilersiň '' Bu wagt gury namysyň wagty däl. - Atalyk, gardaşym men şol düýşi görelim bäri, galadan "çüw'' diýip çykasym gelýär. BU giden halk näme eder, ors belasy geläýse?! Düýş görenimden wagtam geçdi welin, göwnüme galamyza del-yat adamlardan hem girip çykýan köpelen ýaly bolýar. Ya "Gorkara goşa görüner'' - diýlenimikä? Öz gara janyma bireýýäm ýola çykaryp goydum. Ýöne şu gelin gyz, bala çaga bigünälere näme boljagyny gaygy edýän. Ýogsam-a, Ya Hu, Ya pelek. - Düýşüňem, düýşüň welin, habarlar hem gelmän duranok. ''Bu gezek Gökdepe galasynyň ýerinde ýumurtga togalaýmaly etjek''- diýýärmişler. Bu ors biz bilen kyyamata gitjege meňzeýär. Eger ýene gürrüň köpeliberse, ýaşulylar bilen geňeş ederis. Sen gala girýän çykýandan habardar boluber. - Olaryň ýurdy-da, ala owarrada, biziň ýerimizde näme işleri bar-ka? Dünýäniň ýerine sygmaz ýaly köpmü-kä bu millet? Aý gören düýşüm-ä gowy däldi. Huday gorasynda bizi-de, halky-da. Onda men gideýin. Ya Allah, Ya Rahman, Ya Rahym... *** Ondan bäri gürrüň çynyrgady gitdi. "Bu gün ors gelýär, ertir ors gelýär. Çypar ýüzli, çakyr gözli, ýüzleri dym gyzyl orslar, Türkmen goyman gyrjakmyş. Ogluny olja, gyzyny ýesir etjekmiş'' gürrüňi köpeliberdi. Çarykçy aga bilen Gully aganyň bolsa Derwüşin düýşi ýatlaryna düşüp gitdi. Olar indi gyşyň sowuk gijelerinde, gijäniň uzynlygynda gürrüň edip geçirýärdiler. Her kim Işanlaryň, kethudalaryň, hanlaryň sözüne garaşýardylar. Hanlaryň öz agzyndan eşitmeseler-de, '' Ruslar hat iberipmiş. Ya galany söweşsiz ber, ýa-da galany başyňyza ýumurarys''- diýýärmişler. Öwezmyrat batyr bilen Hänmmämmet Atalyk "Gyz gelini, bala çagany, garrylary Garaguma ibereliň. Olaryň öňünde erkekler dursun ya-da özara dil tapyşjak bolalyň diýipmiş'' - diýýän-de bardy. Bu gürrüňler galanyň içinde ýaýradykça, her kimiň gözünden uky gaçdy. Kimisi gara öýüň ortasyndan guyy ýaly ýerdöle gazdylar. Gyzlary, gelinleri, çagalary şoňa salyp gizlejekdiler. Ýene-de ahyrky sözi Gurbanmyrat işan sözlejekdi. Eger galadan çykyň diýse çykyljakdy, galyň diýse-de başa gelenini görübermelidi. Her gün galanyň içindäki metjidiň içinde edilýän geňeşiň iň soňunda netijesi belli boldy. Hanmämmet Atalyk bilen Öwezmyrat batyr sözleri diňlenmänsoň , olar gaharyna billerindäki gylyjy alyp alynlaryna degirip ant içipmişler. Şehit bolunçak galany gorajaklarmyş, Ýöne "bala çaganyň ganyna galmak günäsi biziň boýnumyza däl' - diýipmişler. Hiç kim galadan çykman soňky demine çenli Rus belasy bilen ýüzbe-ýüz bolup ''Öldürsek gazy, ölsek şehit'' - bolarys diýişdiler. Galanyň ýykyk yumruk ýerini düzlediler. Drerwezeleri berklediler. Derwüşde indi galadan daşarda galanokdy. Ol galanyň içinde, metjitde ýerleşdi. Gurbanmyrat işanyň aýdan kesgitli sözüni makullamasa-da, sesini çykarmady. Soňky geňeşde Derwüşede söz berdiler. Ol oturan ýerinden hüňňürdedi. - Rus belasy yetip gelýär. Milletimiz üçin, dinimiz üçin , galamyz üçin gara başymy gurban etmäge men-ä häzir. Adam öldürip, bilime kesgir gylyç dakyp göremok.Ýöne , tää atam pahyrdan galan kitaplary okadym. Hywasyny, Buharasyny, Ürgenjini gezdim.Okuwdan geregimi edindim. Rugsat berseňiz, men şol rus belasy gapymyza gelmänkä, öňünden çykaýýyn. Gepimi düşündirmäge synanşaýyn. Bigünäleri öldürmegiň zowalyny aýdyp düşündirip biläýsem belki. Oturanlar biri birine bakdylar. Dogrusy, olar Çolak derwüşden bu gürrüňe garaşanokdylar. Çolak derwüşiň Hak ýolunda gezip ýören derwüşdigini, hat-da onuň adyny-da bilenokdylar. - Derwüşimiziň ady Çaryýardyr. Onuň atasy Nyyazguly halypanyň müritlerindendi. Okuwda, ylymda Ürgençde öňüne adam geçirmezdi. Ol bar bilenini ogluna-da, Çaryýýara-da öwretdi. Öwredip gursaga ylym guýubam bolanok. Öňden guymagursaklyk gerek. Çaryyar hem çagalykdan "atasyndan ozduraýsa gerek''- diýdirtdi. Ýöne, Çaryýarjan Hywadan Buhara barýar-ka ýol uran garakçylara duşup, elindäki kitaplaryny bermejek bolup garşy giden-de, goluny ýaraladylar, kellesine biraz zeper ýetirdiler. Soň hem ony bir ýerde saklap bilmediler. Şeýdibem, biziň ile geldi. Derrwüşlik jindesini geýdi. Halk yolunda gezdi. Onuň ýüregi şu galada togtady. Onuň atasy-da maňa tabşyrdy. "Galada saklap bilseňiz, saklaň''- diýdi. Gözümiň üstünde saklajak welin, galanyň daşynda ýaşamagy seçdi. Ol bizi saýalap ýaşap ýörendir. Ýöne, boş gürrüňi bolmaz. Bilmese geplemez, biziňki diňlenmese-de, şu Allanyň gulunyň aýdanyny diňläň. Hanmämmet Atalyk ýere bakyp oturan ýerinden gepini aýtdy. Çolak derwüşiň kimligini tanap galan adamlar, Derwüşiň ýygyrt atan ýüzüne seretdiler. Derwüş hem ýuwaşlyk bilen töwereginde oturan Gökdepe galasynyň hanlaryna, beglerine, Gurbanmyrat işana, garşysynda ony ilkinji gezek görýän ýaly seredýän Dykma serdara gözüni aýlady. Dymyşlygy Dykma serdar bozdy. - Ruslara bäş günlük ýolumyza geliberipdir. Biz hem gitsek gep düşündireris diýýädik welin, köplük boyun egmäni kiçilik bildi. Indi bize galada olary gylyç bilen garşylamakdan başga ýolumyz ýok. Ýöne, meniň pikirimçe, goy Çaryýar derwüşiň ýüreginde arman galmasyn. Goy, ol hem aýtjagyny aýdyp galsyn diýjek men-ä. Olar Arkaçda şu wagtlar. Eger razy bolsaňyz derwüşi ibereliň. Derwüşimiz hemmämize ortalyk. Allanyň adyndan gitsin. - Rus bu bendäniň sal sal egin başyna bakyp gepini diňlärmi-kä? Onuň ýanyna ýeke gyldan bezenip, gylyjyňy guşanyp, dört aýagyna galyp duran aty atlanyp ,haybatly barmaly barsagam. Soňky sözüni aýdan adamyň ýüzüne gözüni alardyp sereden ,Gurbanmyrat işan gabakman gözlerini ýumup açdy. Ellerini galdyrdy. - Bar, Alla ýaryň bolsun. Belki, pälinden gaýdaýsalar, gaýtmajagyny bilseň-de, soňky sözüňi aýt-da gayt Çaryyar derwüş. Türkmeni dyza çökerip, galany alyp bilmez. gelen yzyna aman gitsin. Ýöne, eger biziň ganymyz dökülse, ýatdan çykarmasyn. Türkmen milleti tä kyýamat güne çenli nähak ganyň dökülmesini unutmaz. Derwüş ýerinden galandan onuň bilen bilelikde her kim ýerinden turdular. Hänmämmet Atalyk Çolak derwüşiň egnine kakdy. Ol ýuwaşjadan "Çaryýarjan hany, gapydaky atlaryň birine-de münäýgin, ýol uzakdyr''- diýdi. Derwüş sessiz başyny atdy. Ol ýüzüniň ugruna atlaryň biriniň jylawundan tutdy. Ony idekläp barşyna, galanyň derwezesine ýetiberende, onuň yzyndan gelen iki atly-da gelip derwüşiň ýanynda durdular. Dykma serdar iki atlyny derwüşe ýoldaş edip iberipdi. Derwüş yzyndan gelen atly-lara ýuwaşjadan "Olary sözüm bilen yzyna gaýtaryp biljegime ynanýan barmy?'' diýdi. Atlylaryň ikisi-de eginlerini ýygyrdy. Bu olaryň "bilmedik-dä'' diýdigidi. Üç atly daň atar atmaz galadan saýlandylar. Olar gyşyň aňzakly ýeline döşlerini tutup uzak ýörediler. Kä ýerde öňlerinden çykan ýylgynlykda ot ýakyp gyzynyp, ýene ýollaryny dowam etdiler. Derwüş hamala ýanyndaky atlylary görmeýän ýalydy. Olara ne habar goşýardy ne-de olara jogap berýärdi. Ol ýolboyy ruslaryň "Ak atly generalyny bir gözüi bilen görüp bilse, aýtjak bäş agyz sözüni içinden saldarlap barýardy. Eger oňa generaly görkezmeseler näme? Bu soragy ol öz özüne berende ýüregi mynçgalanyp gidýärdi. Onda ol aýtjak zadyny gursagynda göterip gaýdybermelidi.Ol her edip hesip edip ady belli ''Ak atly generaly'' göräýmelidi. Çolak derwüş atyny gyssap çapmaga başladylar. Yanyndaky atlylarda ondan galman gelýärdiler. Olar gijelerine dag eteklerindäki obalarda galyp, dördünji gün diýlende Börme obasynyň gaýra tarapynda ak çadyrlaryny dikip ýaýrap ýatan sansyz sajaksyz rus esgerleriniň gonalgasyna golaýlaşdylar. Derwüş ýanyndaky iki atla: - Siz şu ýerde duruberiň. Mundan aňry bir özüm gideýin. Rus diýlen bela, gyşyň şu sowugynda bizi öýden ilden etmekçi bolup gelýän bolsa, galamyzy gana gaplajak bolsa, size-de rehim etmezler. Olar ilçini bilermi, bilmezmi? Eger men gelmesem onda , size aýtjak iki agyz sözümi diňläň. Meniň atam ýaşlykda Amyderyada darga ( gaýyk sürýän) bolup işe gelýär. Atamyň ady Nikolay Ýewromowiç. Ol rus garyp adamyň ýekeje ogly ekeni. Ol bir gün Amyderyanyň garşysyna iki adam we iki sany ýaş eli çagalyja gelni geçirmeli bolýar. Amyderyanyňda bir ady Jeyhun. Dälirän wagty-da az bolanok. Daz aýlarynda darga çekýän ýaş atamyň güýji Jeyhunyň mele bulanyk suwunyň güýjünden asgyn gelýär. Gämisi agdarylýar. Ol bar güýjüni edip geliniň elindäki çagany gujagyna gysyp ýüzmäge başlaýar. Jeyhunyň bulanyk suwy iki gelni-de, iki adamy-da yuwutýar. Atam bolsa çagany gujagyna gysyp kenara çykýar. Ol kiçijik çagany gujagyna gysyp birnäçe günden, ýolagçylaryň gämisine münen ýerine gelýär. Soraşdyrýar,ideşdirýär. Hiç kim tanamaýar. Ol ahyry şol etrapda tanalýan Nyýazguly halypanyň öýüni sorap idäp gelýär.Niýeti meni şol ýere tabşyryp gitmek.Nyyazguly halypa myhmany üç gün soragsyz idegsiz saklaýar. Aýaly myhmanyň elindäki çagany alyp iýdirip, geýdirýärler. Myhman üç günlükde Nyýazguly halypanyň öýüne gelýän myhmanlaryň edebine, ululara hormatyna, ýaşlaryň ýaşulylara, gelin gyzlaryň erkeklere, ýetim ýesiriň garynlaryny doyuryşlaryny görüp haýran galýar. Üç günden soň, Nyýazguly halypa bir gün ir bilen atamyň ýanyna gelýär. Onuň ýüzündäki nury görüp,atam hemme aýtjak zadyny ýadyndan çykarýar-da, ''Men bir rus, başga dinli adam. Meni öz ýanyňyza alarmysyňyz'' diýenini bilip galýar. Nyýazguly halypa hoşallyk bilen atamy ýanyna alýar. Ol yslam dinini kabul edýär. Halypanyň iň ýakyn müridi bolýar. Ol ömrüniň ahyryna çenli yslam dinini doly öwrenmäge sarp etdi. Men bolsa onuň şol gämide halas eden oglanjygy. Ol meni hiç ýanyndan ayyrmady. Meniň adymy-da Nyýazguly halypa "Çaryýarlar ýar bolupdyr, ölümden galypdyr'' diýip Çaryýar goýupdyr. Meniň atamyň maňa öwreden dillerinden biri-de rus dilidi. Men bu dili hiç ulanaryn öýdemokdym. Ine, bu gün bu dil bilen belki men öz halkymy halas ederin. Eger men gelmesem, biliň men şehit bolandyryn. Siz menden habar bolana çenli duruň. Eger ertire gelmesem, yzyňyza dolanyň. Iki atly-da birek-biregiñ ýüzüne seretdi. Olar Dykma serdaryň aýdanyny etmelidiler. Derwüşi ýeke goýmaly däldiler. Ýöne derwüşiň berk, gaty ses bilen buýruk äheňde aýdanlary-da olary gymyldamaga "ýok" diýmäge pursat bermedi. Derwüş olary ýylgynlykda goýdu-da, özi ak çadyrlara tarap ýola düşdi. Ol howanyň şatyladyp barýan sowugyna çydaman dişlerini gysyp, zordan çadyrlara golaý ýerde duran rus esgerleriniň ýanyna ýetdi. Ol rus esgerleri bilen uzak uzak gepleşdi. Soňunda esgerleriň biri ylgap gidişi ýaly-da ýanyna bir adam alyp geldi. Uzakdan derwüşiň şol adamyň yzyna düşüp barýany belli bolýardy. Ýylgynlykdaky adamlar ýanlarynda getiren içmeklerine dolanyp gün uzyn habara garaşdylar. Ne derwüşden ne-de ak çadyrlardan habar bolmady. Olar otsuz-ojaksyz çölde ýylgynlaryň arasynda ertire doňup galjaklardy. Ikisi-de yakyndaky obalaryň birine baryp daňa golaý ýene gelmegi makul bilip, ýylgynlykdan çykdylar. Ýol boyy-da yzlaryndan atyny goşduryp Derwüş geläýjek ýaly garaba-garaba gitdiler. Ertesi-de , çadyrlardan girip çykýanlaryň arasyndan derwüş görünmedi. Olar derwüşiň aýdanyny edip yzlaryna dolandylar. Atlaryny ýadaýança sürüp , olar ahyry gala özlerini atdylar. Dykma serdaryň öýünde oturan ýaşulylaryň arasynda, derwüşiň olara aýdan soňky sözlerini gürrüň berdiler. Dymyp oturanlaryň biri ýuwaşjadan - Ýa, biz goltugymyzda ýylan saklan bolaýmaly. Ol derwüş sypata girip, orsuñ içalysy bolaýmasyn, how. Ol bizden sypyp, olaryň hataryna goşulmaga ýol agtaryan bolaýmasyn. Aýdypdyr-a atam rusdy diýip. - Ýok-how atasy rus däl. Ol rus tarapyndan halas edilip , şomuň elinde ösüpdir. Ene-atasy türkmen bolmaly. Dil hem öwrenipdir-ä. Gözümiz bilen gördük. Esgerler bilen uzak gürleşdi durdy. Ýöne ,gelmesem şehitdirin diydi. - Aý ,bolupdyr esger bilenem uzak gürleşen bolsa, bizem oňa ynanyp ilçi edýäris. Onuň ile goşulman galanyň daşynda ýaşamasy-da birhilidi. Wiý, ýogsa-da ol entek orus geljek gürrüňi bolman-ka düýşem gördüm diýipdir-ä. Çarykçy aga bilen Gully aga aýdypdyr. Ganyňyz Sekizýabyň suwy ýaly akar, bäbekleriniz aglap gallar, Metjidinizde azan okanman saz çalar diýip. Ol asyl bizi gorkuzmak üçin edip ýören işi eken-ä. - Goýuň - how, entek siz hiç zady bilmeýäňiz. Siziň bu aýdanlaryňyz o bendäniň günäsini götermek bolar-a. Men Çaryýary çagalaykdan tanaýan-a. Dogrusy, Hezretguly aganyň rusdugyny bilemokdym. Ol Nyyazguly piriň iň ýakynydygyny bilýädim. Ýigitlerimiz ondan habar getirmedi. Belki .... Ýöne derwüşe eýýäm sögünip başlanam bardy. Oňa ynanandan ynanmaýan köpeldi. Onuň bilen ýakynlaşan adamlara-da başga göz bilen garap başladylar. - Goýuň hany, rus gelip gala girmän-kä galmagal köpeltdiňiz. Bar şol derwüş rusuň içalysy ekeni diýeli. Edip biljek zady näme? Bar aýdaly biziň habarymyzy ýetiripdir ýa ýetirmändir. Orus gelip ýetdi. Şonuň gaýgysyny edeliň. Aýallar dynman çörek bişirsinler. Galanyň näçe wagt gabawda durjagy belli däl. Her kim elinden geleni edibersin. Öwezmyrat batyryň sözünden soň , adamlar derwüşiň jedelini goydular. Her kim güýjüniň ýetäýjek işine ýapyşdylar, Galanyň tüpeň atylýan didiwanynda oklary äkitdiler. Köneden galan gylyjyny, hanjaryny hat-da aş pyçagyny, goyun gyrkylygyny, oragyny kesgir etdiler. Galanyň daş ýüzüne garym-hendek gazdylar. Indi galadakylar şu gün erte ruslar görünäýse gerek diýip ýol gözlemäge başlanda, uzakdan bir ygym-sygym ýöräp gelýän garany gördüler. Gara gala öýländen soň has golaýlaşdy. Galanyň östündäki duranlar gygyryşdylar. - Çolak derwüş geldi. Derwüş geldi. Derwezäni açyň. Agyr derwezäniň bir tarapyny çalaja açdylar. Bir salymdan soň , derwezä söýenip ýüz gözleri çiş, üsti başy gan uzyn saçy çalam-çaş bolan Çolak derwüş galanyň içine girdi. Atalyk Hanmämmet baryp onuň goltugyna girdi. Dodaklary sowukdan ýaňa ýarylan ,gözleriniň öňi urulmadan gögeren Çolak derwüş ýuwaşja pyşyrdady. - Olar adam däl. Süri wagşy janawerler gelýär. Galany olara bermäň. Sekizýabyň suwy ýaly gan akdyrsalar-da , galamyzyň ganatlary gyrsalar-da zalymlary şu topraga aýklaryny basdyrmaň. Olar Hudaýy-da tananok, Hudaýyň bendesini-de. Atamyň näme üçin bulardan ýüz öwrendigini indi düşündim. Wah, akylly atam, Hezretguly atam. Derwüşiň haly birazdan has agyrlaşdy. Onuň bar umydy puç bolupdy. Onuň göwnüne dil düşünişseler olar yzyna gaýdaýjak ýalydy. Ýagy dile düşünmez bolup çykdy. Derwüş Gurbanmyrat işanyň goluny gysyp ahyrky sözüni aýtdy ''Galamyzy olara bermäň''... Ikindin agşam uzakdan Rus goşunynyň Gökdepe galasyna golaylap geleni göründi. Öňünde agzy ganly general Skobelewiň ak atyna atlanyp duranyny galanyň üstündäkiler gördüler. Galanyň edil eteginde bolsa, Gökdepe galasy ilkinji şehidini Çolak derwüşi jaýladylar. Adamlar ýerli ýerden "Galany bermeris, Çaryýar derwüş, sen rahat ýat'' - diýip gygyryşýardylar. Galany bermeris, eger alsalarda türkmenler tää kyýamata çenli nähak ganyň dökülenini unutmaz. Çolak derwüşiň gören düýşi oraşan boldy. Galada ganlar Sekizýabyň suwy ýaly akdy. Ýigrimi müňe golaý adam söweşde şehit boldy. Ýas mukamy iň soňky şehidini ugradynça hiç kesilmedi, çalyndy durdy, çalyndy durdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||