18:26 Beýik daglaryñ aýdymy / pýesa | |
BEÝIK DAGLARYN AÝDYMY
Teatr we kino sungaty
• G A T N A Ş Ý A R L A R: BAGŞY - DESSANY ALYP BARYJY GÖK TAŇRY - ÝEDI GAT ÝER ASTYNYŇ WE DOKUZ GAT ÝER ÜSTÜNIŇ TAŇRYSY. TÜRKÜŇ TAŇRYSY UMAÝ ANA - GÖK TAŇRYNYŇ HEMDEMI AK KAM - DOKUZ GAT GÖK ÝÜZÜNIŇ EÝESI GARA KAM - ÝEDI GAT ÝER ASTYNYŇ EÝESI AK ANA - AK DEŇIZIŇ EÝESI SUW GYZ - AK ANANYŇ GYZY ÝERLIK HAN - GÖK TAŇRYNYŇ OGLY AYAZIT - GÖZELLIK TAŇRYSY TULPAR AT - GANATLY UÇAN AT TOPRAK OGLAN - AŞYK OGLAN BAŞYBOZAN - HAÝÝYN, DÖNÜK,ERBET ADAM DÄLI ÝÜWRÜK - HABARÇY SÜM SÜM HATYN - GEP GEZDIRÝÄN, ERBET HÄSIÝETLI AÝAL KÖPÇÜLIK – Aýal erkek 10-12 adam sahnanyň perdesi açylmazdan öňünçäsi wakany alyp baryjy Bagşynyň sesi gelýär. BAGŞY - Waka gaty uzak uzak ýyllar öňünçä ýeri '' sary öküz göterýärkä'', ýer astynda Gara KAM Ýer üstünde Ak KAM hökümdarlyk edýärkä, Dünýäniň başlangyjy bolan AK ANA ak suwdan çykyp, ynsana ruh berip ÝAŞAÝYŞY döreden zamanynda, ERBETLIK bilen ÝAGŞYLYGYŇ, SÖÝGI bilen ÝIGRENJIŇ, DOGRULYK bilen ÝALANÇYLYGYŇ, umuman DÖREÝIŞIŇ we DIRELIŞIŇ eýýamynda bolup geçýär. • PERDE AÇYLÝAR... Sahnanyň ýarysy garaňkylyk we ýarysy ýagtylyk. Dep sesleri we jaň sesleri garym- gatym eşidilýär. Garaňkylyk tarapda hiç zat görnenok. Diňe Gara Kamyň ýogyn we buýruk berýän sesi eşidilýär. GARA KAM – Ýer ýüzündäki we ýer astyndaky ruhlaryma buýrugumy ýetiriñ!!! Beýik daglary aşsynlar, gutarnyksyz suwlary geçsinler,Gök ýüzüniň dokuz gatyna ýetsinler, Gara Topragyň ýedi gatyna insinler ! GÖK TAŇRYMYZYŇ ogly Ýerlik hana bir ýar tapsynlar. Ýüzi aýdan ýagty bolsun,saçy garaňky gijeden gara bolsun.Bedeni süýtden ak bolsun. Gözleri jan alyjy bolsun, sözleri halas ediji bolsun! Gök taňrynyň gök gatyndaky Kümüş Saraýyna gelişsin! ÝERLIK handan är ogullar doguryp bilsin, bir eli bilinde, bir eli ilinde bolsun! Dep sesleri yzly yzyna kakylýar. Buýruk ýer astynda jar bolýar. Ruhlar sahnada iki baka ylgaşlap habary birek birege ýetirýärler. Gök Taňrynyň gelni bolmak isleýän, ýer astyndaky gözeller '' sawçy'' ruhlary görüp, näz u kereşme bilen sahnada iki baka sallanyşyp özlerini görkezmäge çalyşýarlar. Elbetde, her kimiň ÝERRLIK hanyň ýary bolasy gelýär. Gara Kam elindäki dowul depini kakyp, töweregine ýer astyndaky ruhlary üýşürýär we sahnadan aýrylýar. Dep sesi ýuwaş ýuwaşdan uzaklaşýar. Sahnanyň ýagtylyk tarapynda boýdan başa ak geýnen Ak Kam jaň sesine öňe yza tarap ýuwaşja ýöreýär. Egninde jaňjagazlar ses edýär. Ol sahna seredip: AK KAM – Ýer üstünde we dokuz gat gök üstündäki ruhlara höküm edýärin! Tarypyna söz ýetmeýen, dokuz gat gögüň we ýedi gat ýeriň EÝESI GÖK TAŇRYNYŇ är ogly Ýerlik hana bir ýar tapsynlar! Tapsynlar-da, meniň garşyma getirsinler! Ýörände ýeriň gaýmagy bozulmasyn,oturanda bürgüt, garanda algyr bakyşly bolsun! Içen suwy damagyndan görünsin, zülpleriniň towy kemendi dara meňzesin ki, her kes asylasy gelsin! Aý diýseň agzy,Gün diýseň gözi bolsun! GÖK TAŇRYNYŇ dokuz gat ak öýüniň bezegi bolsun! Sallançakda bäbek sesi Üzülmesin! GÖK TAŇRA uýýanlaryň nesli agaç köki ýaly ýaýrasyn gitsin! Buýrugy eşiden dokuz gat gögüň gözelleri şaňňyrdaşyp zülplerine tow bermäge başladylar. Eneleri gyzlaryna suw içirip, damagyna seredip gördüler. Içen suwy damagyndan görünäýýämi näme?! ÝERLIK hana gelin bolmaga höwesekler köpeldi. AK KAM buýrugyny buýrdy we egnindäki jaňjagazlaryň sesi sahnadan barha-barha uzaklaşdy. Sahna ýuwaş ýuwaşdan garalýar we orta birden ýagtylýar. BAGŞY sahnanyň ortasynda elinde sazy dowam edýär. BAGŞY – Älemiň eýesi GÖK TAŇRYNYŇ ogly ÝERLIK han hem ýar, gelin habaryny eşitdi, begenjinden erni bir ýere gelmedi.Gözleri dagy gijäniň ýyldyzlary ýaly ýyldyrady. Bir gözi gök gatyna baksa, o bir gözi ýer astyna bakdy. Nireden habar gelerkä?- diýip, ýeňsesine çataýmaly pişge ýaly murtuny ýaglap, garaşyp ýatyberdi. Goý, garaşsyn ýatsyn ÝERLIK han. Habary, ÝERLIK hanyň ''Sen dur men öleýin'' diýýän, iýeni aýra gitmeýän, ýegre dostlary SÜM SÜM hatyndan we BAŞYBOZARDAN eşideli. Bu ikisi-de ''ýer astyndaky habary, gök gatyna gatnadyp, Ak Kamyň habaryny Gara Kama ýamanlap, elleri ýetse gök gatyny ýere gapgarjaklardandy. Asmany, zemini gapyşdyryp, äleme höküm etjeklerdendi BAŞYBOZAR ozal hem, eden pyssy pujurlyklaryndan ýaňa ýedi gat ýer astyna iberilendi. Ýerlik hanyň ýalbar-ýakaryndan soň buýrukdan aman galypdy. Öwrenen gylyk örkleseňem duranog-a. Asyl şum ýüzünden, gözünden, agzyndan şer görünip duran bir päliýamandy. Pis pisi tapar- suw pesi. Aýlanyp, dolanyp, Ýerlik hanyň eline suw akydançysy, arka ýuwançysy, otur diýse omparyp, tur diýse sömperip durançysy,ýedi gat ýeriň aşagyndaky ýylanyň gäwişeýşinden habar berýänçisi, Ýerligiň atasyny GÖK HANY ýamanlap, enesi UMAÝ ANANY ýazgaryp, Ýerlik hana duşman edýänçisi, arabozar SÜM SÜM hatyn bilen jynlary jyňkyryşdy oturyberdi. BAŞYBOZARYŇ gözüne ''gözi çorbaly'' SÜM SÜM hatyn gözeller gözeli AÝAZITDEN-de owadan görünýärdi. Gepleri alyşansoň, ikisi-de birek biregi görmäge howlugyp, ýatman daňyny atyrardylar.Gelin habaryny eşidip , ikisi-de ,,aýagy bişen towuga,, döndüler.Gelin gelse, ÝERLIK han elden gider öýdüp gorkdular. SÜMSÜM HATYN— ÝERLIK HAN, gözüň aýdyň. Gelin geljekmiş,ýalyn geljekmiş. Seni biziň elimizden alan geljekmiş. Söhbet sazymyzy bozan geljekmiş. Zülpüniň taryndan asyl, asyl edip goýjakmyş. Gysymyna gysyp seni bizden aýran geljekmiş.Bizi ýeke goýsaň dat biziň günümize?! BAŞYBOZAR - ÝERLIK han, gutly bolsun! Gurt gelip goýnumyzy daratjakmyş, bürgüt gelip awumyzy aljakmyş,algyr bolup gözümizi çokjakmyş,Hooo..l beýik beýik daglardan aşyp gelip SÜM SÜM ikimizi gara ýere dykjakmyş. Seniň agzyň boljakmyş, ýöne diliň damagyňa gitjekmiş. Geplemäge gorkup titräp dursaň waý waý biziň günümize?! ÝERLIK HAN – Goýuň galmagaly, entek gelen ýok giden ýok. Ne bürgüt bar ne algyr, ne gurt bar ne goýun. Gelsin göreli, gözümden aýra görmeýän dostlaryma ''haý' diýen güni başyna '' Haýhat'' salmaýanmy? Zülpüniň daryndan özüni asmaýanmy? Içen suwuna özüni gark etmeýänmi? Tamugyň gyzyl oduna jigerini aýry, jigirdegini aýry çişe düzmeýänmi? Gelen yzyny ýel bozmanka, gara ýeliň gerşine mündürip atasy öýüne ugratmaýanmy? Ol kimmiş, jan dostlarymdan aýra saljak, Ol kimmiş ki meni açsa aýasynda, gyssa gysymynda saklajak.GÖK TAŇRY ogly Ýerlik han diýerler maňa. Gazabymdan gök tireýändir. BAGŞY-ÝERLIK han gyzyberdi,gürläberdi, gözleri gyzaryp murtlary syh- syh boldy. Demi-demine ýetmän iki egninden dem aldy. Misli bir boş küýzä ýel düşen ýaly, sesi waň waň etdi.Ozal-a gelin ýok.AK KAM bien GARA KAMYŇ aýdyşy ýaly, kemsiz köstsüz gyz tapaýmak, dokuz gat gögüň gatyna gelişdiräýmek aňsat iş hem däl. Ruhlar gözlegde, ÝERLIGIŇ dostlary gaýgyda, ÝERLIK umytda galybersin. Habary kimden al, Ak deňiziň AK ANASYNDAN al... Sahnada ak tolkunlar iki baka çarp uryar.Ak deňiziň mylaýym şemaly zaryn, zaryn saz mysaly... Ak tolkunlaryň üstündäki deňiz guşlary ak çarlaklar gykuwlaşýar. Aýyň şöhlesi tolkunlara düşüp owadan reňkler peýda bolýar. Misli aý şöhlesi tolkunlar bilen '' oýun edýän'' ýaly. Deňiz tolkunlarynynyň üstünde Ak deňiziň AK ANASY ýuwaşjadan aýdyma hiňlenýär AK ANANYŇ AÝDYMY: Ýelden günden goranym SUW Ak süýdümi berenim SUW Ak deňiziň ak köpügni Aý ýüzüňe çalanym SUW Aýdan a;ry, suwdan dury Ak deňiziň ak balygy AK ANANYŇ göz nury Gujagyma salanym SUW SUW gyzym, sülük gyzym, Tolkunlar, AK ANANYŇ aýdymyna iki baka çyrpynyşýar, Tolkunlaryň arasyndan, aý diýseň agzy bar, gün diýseň gözi, alkymy Kap dagynyň garyndan ak,kirpikleri gezelip atylmaga taýyn bolup duran ok ýaly, billeri bir gyzym, saçynyň her örümi iki gysym, bedeni Ak deňiziň ak mermerinden ýasalan ýaly, ýalpyldap duran gyz sahna gelýär. Bagşy gyzy görüp elindäki sazy bir tarapa , özi bir tarapa agdarlyp gidýär. Bir wagtdan soň özüne gelse, mermer beden, SUW gyz anasy AK ANA bilen agzyna suw damdyryp durmuş. Bagşy ýerinden galyp eline sazyny alyp tarypa başlaýar. Görmedim, görmerin seniň deý gözel Dogmandyr, dogmazam seniň deý ozal Saz, söz, dil üçüsi tarypdan ejiz , Saçyn, gözün, gaşyň durşuna gazal. SUW gyz bagşa bakyp bir ýylgyrdy, Bagşy ýene essinden aýyldy. Bagşy görgüli nirde görüpdir beýle ajaýyp zady... SUW GYZ – Özümi bilelim, Ak deňziň tolkunlarynyň arkasyna münüp, Gara gaýanyň gujagyna dolup dolup gaýdanymda gözümiň ilki göreni, TOPRAK oglana aşyk bolupdym. Toprak oglan meni görmese yşgyndan guraýar, menem ony görmesem göz ýaşym sil edýär dünýäni. Biz bir birimiz üçin ýaradylan. Ikimiz tapyşsak, älemde älemgoşar, ýerde al elwan güller açylýar. Syrymy AK anama aýtmasamda,ýüregi syzýandyr. Bilmese-de, bu gün aýdaryn ,erte aýdaryn,ahyryn aýdaryn ondan başga oglana ýar bolman diýerin. Topragy maňa, meni topraga beriň diýerin... SUW GYZ UTANJYRAP NÄZ BILEN SAHNADAN ÇYKÝAR. Şol barmana, ak tolkunlary ikä serpip ortadan biri gelýär. Bagşy ýerinden silkinip turdy. Sahnada Bagşy ýene orta geçýär, BAGŞY – Gelişiňden belli, ýörüşiňden belli, DÄLI ÝÜWRÜK! Sende dokuz gat gögüň üstüniň, ýedi gat ýer astynyň habary bar bolmaly. Aýak basyşyňdan belli, DÄLI ÝÜWRÜK ! Sende GARA KAMYŇ we AK KAMYŇ habary bar ÝÜWRÜK! Tolkunlary iki ýana böwsüşiňden ,aýagyňy at edip, gollaryňy gamçy edip çapyşyňdan belli ÝÜWRÜK! AK ANA ''gara habar'' getirýändigiňi aýtmaaaaa, DÄLI ÝÜWRÜK, aýtma! Aý,bolmady,bolmadyyyy... Däli ÝÜWRÜK ýüwürdi geldi aýtdy : DÄLI ÝÜWRÜK- Ak deňiziň AK ANASY, gapyňy aç, serpigiňi serp. GÖK TAŇRYNYŇ hem-de Umaý anaň dilegi düşdi saňa...Altyn bilen aparjaklar, kümüş bilen goparjaklar,SUW gyzyň maňlaýyna ÝERLIK hany ýazjaklar.Äkidip dokuz gat ýeriň üstündäki ak öýe salyp, alyn saçyna ak uny sepjekler. Altyn gabak atdyryp,at çapdyryp alty aý toý tutjaklar. AK ANA – Gelsinler, gapymyz açykly, serpigimiz serpikli. Gyz dulda, bukjasy golda... Razy bolsa, GÖK TAŇRYNYŇ suwçysy bolsun, UMAÝ ANAŇ sübsegäri bolsun! Ýöne, asmandan inen ýagmyrlardan, deňizden öwsen ýellerden, ÝERLIK han hakynda şu wagta çenli gowy habar gelmedi. Şer görse, gözi açylýarmyş. Taňrysyny tanamaz, atasyny sylamaz, enesini uwladanyň biri diýýärler. Oýnaşy "iiki öýlini bir ýerde oturtmaýan, SÜM SÜM hatyn, syrdaşy '' atasy kowup,enesi iten'' Başybozarmyş. GÖK TAŇRYMA gök gözümi çykarar bererin,SUW gyz ýoluna gurban bolar. Ýöne, ile-güne sygmaz ÝERLIK han gyzymy '' ýa tagan eder, ýa gazan'' . Otda ýanar, külde söner Ýüwrük. Ýüwrüp geldiň ýanyma, otlar saldyň janyma Ýüwrük. GÖK TAŇRYMA, UMAÝ ANAMA habar ber. Jan diýse, janymy berjek, Ak deňiziň Suw perilerini gurban etjek. Oglumy olja bereýin, gyzymy ýesir bereýin, Ýöne ÝERLIK hana ''gyz ber'' diýmesinler. DÄLI ÝÜWRÜK, git-de habar ber, habarlaryny-da getir. *** Sahnada tüýdükde çalynýan zaryn heň bilen, ýuwaşja öwüsýän ýeliň sesi garyşýar. Sahna ýuwaş ýuwaşdan ýagtylýar. Sahnada ak tagtyň üstünde GÖK TAŇRY we UMAÝ ANA otyrlar. Garşylarynda DÄLI ÝÜWRÜK. Dodagy dodagyna, demi demine ýetenok. DÄLI ÝÜWRÜK - Başym gurban diýdi, janym pida diýdi.Jan diýse jan bereýin, gyzymy gapysynda hyzmata goýaýyn, ýöne ÝERLIK hana ýar bolsun diýmesinler diýdi. ÝERLIK hana ýar bolandan AK deňize gark bolsun '' – diýdi. Habar iberdi-habar getirdim. Başga günäm ýokdur. AK deňiziň AK ANASY ÝERLIK hanyň ýagşy habaryndan, ýaman habaryny köp eşidipdir. Ýel aýdypdr, gün aýdypdyr, biljek däl, ýöne aýdylypdyr. ÝÜWRÜK adyny ýüwrüp aldym, ylgap aldym TAŇRYLARYM! Habar beriñ, habary ýetireýin. Başga elimden gelýän iş ýok. Başaranymy edeýin! Buýruň!!! BAGŞY - GÖK TAŇRY bilen UMAÝ ANA biri-birine seredip uzak durdular. DÄLI ÝÜWRÜGE näme jogap berjegini bilmediler.Ogullarynyň ýamanlygyny ilden öň özleri bilseler-de, AK ANADAN dilegleri biter öýüdýärdiler.Öz ýanlaryndan mawy gözli aý ýüzli, gunça dodakly,alma ýaňakly SUW GYZY eýýäm törlerinde oturdypdylar. ÝERLIGIŇ ,, aýagyny duşasalar,, belki , ile güne haýyrly bolmak üçin dogry ýola geläýse diýip umytlary bardy. GÖK TAŇRY uzak wagt dymdy. Her wagt "Beh, Beh ... Gyz bermez ýaly är ýetişdirdikmi biz??? Beh" UMAÝ ANA – Aýtmaýyn diýýän, gaharlanmaýyn diýýän, bolanok-da... Gyz ýokmy başga... Sary ädiklim sag bolsa- sary dastarlynyň özi geler gapyma. Oglum üçin gyzlar özleri geljek gelin bolup. SUW gyz anadan görelde alan, atadan öwüt alan diýdim. Tüýs, dokuz gat gök üstüne gelişer diýdim.Oglum hem görer görmez söýer diýdim. AK ANA gyzyny meniň oglumdan artyk ýigide berjekmişmi? TULPAR aty bezäp-besläp mündürjekdim, ak bulutdan düşek,ýyzdyzlardan ýorgan etjekdim oňa. Biz bir dilegçi – dilegimiz bitmese, ýene bir gapa bararys. Git sen, DÄLI ÝÜWRÜK AK deňiziň anasy gyzyny öte ýanynda goýsun, men hem öz ogluma SUWDAN Owadan, akylly gyz tapmasam ýedi gat ýeriň aşagyna girerin! GÖK TAŇRY- Goý, how indi! AK ANA bilmän bir habar ibermez. Ol bize galsa, gyzyny sübsegär keniz edip ibererin diýipdir-ä eşitmediňmi?! Onuň biziň oglana göwni ýetenok. Başganyň diýmesine gerek ýok. ÝERLIK hanyň halk gözünden düşenini bilýän-ä. Ogul dogry bolsa-dy, AK ANAŇ özi geler gapymyzy kakardy. Hany, DÄLI ÝÜWRÜK git habary aýt ,, Dilegimiz bitmese-de, AK ana aýt, haçan gelse törde orny bar. O ýüz sowmasa, bizden ýüz sowan ýok. SUW Gyzy kime berse, altyndan tagty bolsun, ak bagty bolsun! Diý ÝÜWRÜK... SAHNA ýuwaş ýuwaşdan garalýar we deňiz tolkunlary, deňiz guşlarynyň sesi bilen ýapylýar. *** • 2 PERDE Sahnada ýene-de deňiz guşunyň sesi we tolkun sesleri. Deňiz kenarynda, başy ak telpekli, sagry ädikli, saçlary telpekden buýralanyp çykyp duran, nurana ýüzli, uzyn boýly TOPRAK Oglan bilen saçlary dyzyna ýetip duran gök köýnekli owadan SUW GYZ el ele tutuşyp söhbet edýärler. TOPRAK OGLAN— SUWUM, DIRILIGIM, ÝAŞAÝŞYM seni Taňrylaryň iň ýamany ÝERLIK han üçin aljaklar diýip eşidip, ölüp direldim. Bu habar dogrumy? Aljaklarmy? Meni SUWSUZ goýjaklarmy? TOPRAK SUWSUZ ýaşarmy? Läläm, gülüm, hany aýt? Bu habara ýalan diýsene?! SUW GYZ— Habar dogry, TOPRAGYM. Seni SUWSUZ goýmak islediler, AK ANAM bermedi meni olara, ÝERLIK üçin gyz dogurmadym diýdi. Gyzymy, deňiz suwuna gark ederin ýöne oňa bermerin diýdi. Onsoňam men sensiz oňmaryn-a. Ikimiz ähdi-peýmän etmedikmi? Men saňa dirilik bererin, sen-de ýer ýüzüni gülzara öwürersiň. Men tä, ömrümiň ahyryna seniň bilendirin. Goý her kim bilsin, SUW TOPRAKSYZ bir salym dem almajagyny. AK ANAMA hem aýtjak, ýöne atmasam-da ana ýüregi bilýändir. Elbetde, bilýändir. Ol meniň häli şindi tolkunlara atlanyp, Gara gaýany gujaklap gaýdýanymy bilýärä.. TOPRAK OGLAN— Ah, meniň näzik bedenli, katra gözli SUW PERIM.... SUW GYZ— Ah, meniň jan mekanym gudratly TOPRAGYM.... BAGŞY - SUW GYZ bilen TOPRAK OGLAN göz göze, el ele, ten tene,bu taýda galsynlar habary, ÝERLIK handan alalyň. Sag tarapynda BAŞYBOZAR, sol tarapyndan SÜM SÜM hatyn biri aýagyny owkalaýar,biri elini owkalaýar. Belli ki, AK ANANYŇ habary oňa-da ýetipdir. Ýüzünden gar ýagýar, gözleri dagy hanasyndan çykara gelipdir. Bir gulagyna SÜM SÜM hatyn, beýleki gulagyna BAŞYBOZAR ýerli ýerden pyşyrda-pyşyr.. Olar pyşyrdadygyça, ÝERLIK han çişmek çişýär. Of çekip, agzyndan ot syçradýar. Elinde bolsa Ak deňizi guratjak.AK ANANY Suwsuz goýjak. Edenine däl diýilmedik, diýenine ýok diýilmedik DÄLI ÝERLIK gaharyna bar sesini edip gygyrýar. SÜM SÜMI bir tarapa, Başybozary o bir tarapa iteläp ýerinden gazap bilen turýar. Gör indi näme bolarka?!!! ÝERLIK HAN— SÜM SÜM hatyn, BAŞYBOZAR siz gidiňde, kyrk ýalanyň barysyny sözläň, ýarysyny sözläň özüňiz bilersiňiz, AÝAZITIN iki gyzynyda maňa alyp geliň. Al bilen aldaň, söz bilen aldaň, jadygöýlik ediň garaz, iki gyzyda maňa aýal bolsunlar. AK ANA hem görsün, dokuz gat gögüň we ýedi gat ýeriň iň gözel gyzlaryny men nähili alýarmyşym. Suw gyzy bermedigine ökündirip, almadygyma aglasyn!l Görsünler men kimmişim! AÝAZITI Anam aglar razy eder, güler razy eder, iki TAŇRY bir biregi razy eder! Siz gyzlary razy ediň! Olary men getirip birisine aýagymy, birisine elimi owkalatmasam, ÝERLIK adymy eşegiň syrtyna daňaryn. Suw gyz gelip gapymdagul bolmaga-da kaýyl bolar, ýöne eger men rugsat bersem... SÜM SÜM HATYN— SUW gyz TOPRAK oglan bilen bir jan bir tenmiş... BAŞYBOZAR – TOPRAK oglan SUW gyz bilen bir ýürek bir bagyrmyş.... ÝERLIK HAN— Bolawersinler, bolsunlar... Topragu Suwdan aýyryp ýer ýüzüni guratmasam, jany tenden, ýüregi bagyrdan aýryp görkezmesem GÖK TAŇRYNYŇ we UMAÝ ANAŇ ÝERLIK han ogly bolmadygym. Ömür bir birlerine zar ederin. BAGŞY sahnanyň ortasynda elinde sazy iki baka gorkuşyna ylgaýar. Ol Taňrylaryň gazabyna belet bolansoň , dili tutulyp sahna seredip zordan sözüni aýydýar. BAGŞY— ÝERLIK aýtdymy eder, diýdimi bolar... Indi Ak deňizi guradar, Topragy suwsuz goýar, Jany tenden aýrar. Ede-e-er, etjegini bilýännnn... Süm Süm hatyn bilen Başybozar ikisi-de, billerini guşap, ýeňlerini çyzgap,TULPAR ATA artlaşyp münüp gitdiler. Göreli, bakaly AÝAZITIŇ gyzlaryny aldap alarlarmy, sözläp alarlarmy? Iki gyz birden ÝERLIGE Aýal bolarlarmy? Ölmesek göreris. Indi, habary TULPAR ATDAN alalyň. TULPAR AT— BAŞYBOZAR bilen SÜM SÜM hatynyň agyrdygynyyyy. Günäleri-de özlerinden agyr AÝAZITE ýetmeden öňünçä, gyzlary aldaga salmadan öňünçä, meni-de bu hapa işe şärik etmeden öňünçä men ýa-ha, GÖK TAŇRA ýa-da AÝAZITE habar bereýin. Erbet niýetlerini bilsinler. Soňra diýmesinler, TULPAR bizi ganat baglap uçup getirdi, maksadymyza ýetirdi , olam biz bilen deň günäli diýmesinler... GÖK TAŇRY menden uzak, Umaý ana bilen ara daş. AÝAZITE aýdaýyn... *** Bag bakjaly, dürli miweli, gülleriň ysyndan ýaňa çar tarapa atyr ysy gelip duran ak saraýyň ortasynda , gözeller gözeli AÝAZIT we sol tarapynda Aýa meňzeň gyzy ,çep tarapynda Güne meňzeş gyzy otyrlar. Gülüşip, degşip söhbetedýärler. Şol wagt ganat baglap uçup gelen Tulpar atyň kiňşemesi eşidilýär. Olar ýerinden turup TULPAR ATY garşy alýarlar. AÝAZIT – Gadamyň göz üstüne, toýnagyňa gurban olaýyn Tulparym. Uzak-uzak illerden Taňry salamynymy getirdiňmi Tulparym? Görmänime dokuz ýüz gije gündiz boldy. Biziň illere, nirden düşdüň? Gaýyp geldiňmi, azaşyp geldiňmi? TULPAR AT— Gözeller gözeli AÝAZIT,bu gezek agyr ýüki zordan süýräp getirdim, uçmaga halym bolmady. Taňrylaryň salamyny hem getirmedim, olardan rugsatsyz- izinsiz gaýtdym. Dört aýagymy bir ädige sokup, ÝERLIK han mejbur etdi. ÝERLIK hanyň gara niýetini GÖK TAŇRA hem UMAÝ ANA hem ýetişdirip bilmedim. ÝERLIGIŇ geňeşdarlary syrtyma münüp , ýagyrnymy ýara etdiler.Olary getirdim bu mekana. Dam- dam çeşmede düşürip, iýiň içiň, menem ine gelýän, diýip aldap gaýtdym. SÜM SÜM hatyn bilen BAŞYBOZAR iki gyzyňy aldap, kyrk ýalan bilen ÝERLIGE ýar etjekler. SUW gyzy alyp bilmänine gahar edip, gözeller gözelini alyp öz ýanyndan ile güne jar etjekmiş. AÝAZIT – Ikisinidemi? Aldajaklarmy? Aljaklarmy?? TULPAR AT— Hawa, olaryň işi pişesi şular ýaly zatlar. Ogly ata, atany ogula duşman edýändir olar. Bedenimde gamçylanmadyk ýerim galmady. ÝERLIK hanyň aýdanlaryny aňry ýany bilen berjaý etjek bolup, uçanyma kaýyl bolman, ýagyrnymy ýara etdiler. AÝAZIT – Gelsinler, göreli olary. Olaryň edenini öňlerinden gidipdir. TULPAR AT— Onda men gidip olary getireýin. Tulpar at öň aýaklaryny bir galdyrdy welin, şo bada gözden gaýyp boldy. Uzak eglenmän, arkasynda iki sany päliýamany alyp geldi. BAŞYBOZAR bilen SÜM SÜM hatyn ikisi-de ýalymda ýulum, gülesleri gelmesede jakgyldap, iki gülüp- bir gepläp AÝAZITIŇ garşysyna geldiler. Gözleri bolsa AÝAZITIŇ iki gyzynda. Olaryň gara niýetini bilýän AÝAZIT olara ýüzlenýär. AÝAZIT- Hoş gelesiňiz, sapa getirensiňiz ady äleme dolan ÝERLIK hanyň dostlary. Biziň ile işiňiz düşdümi, ýoluňyz düşdümi? SÜM SÜM HATYN— Gözelleriň soltany biz-ä siziň adyňyzy owazaňyzy eşidip bir göreli diýdik. Gül ýüzüňiz bir göreli diýdik. Aý ýüzli gyzlaryňy hem görüp tanyşarys, bilişeris diýdik. BAŞYBOZAR – Üç gün gonak alsaň, bizem siziň myhmansöýerligiňizi, gözelligiňizi ÝERLIK hana taryp etsek, Güneş ýüzli gyzlaryda bir görsek diýdi... AÝAZIT – GÖK TAŇRYDAN myhmansöýerligi gördük, duzuny iýdik. Onuň ogly ÝERLIGIŇ dostlaryny-da elbetde gonak alarys, ýöne gyzlar bilen görüşmek biziň ilde aýypdyr. SÜM SÜM HATYN— Dogry, aýdýaň AÝAZIT erkek bilen ulygyzlary görüşdirip dursaň il gün näme diýer. Başybozar oturar, men görşerin. Gyzlaryň boý syraty, gözellige seniň gözelligiňden paý alypdyr diýýärler. Bir göreýin, çynmyka? AÝAZIT – Bolýar, hany dem alyň dynç alyň. Uzak ýoldan aryp geldiňiz, belent belent daglary aşyp geldiňiz. BAŞYBOZAR— Ýok, ýokk TULPAR ATYŇ jany sag bolsun, göz açyp ýummankak, Ak deňizden Gara deňizden aşyrdy. Daglaryň ujuny çala görüp galdyk. Size ýetmänkäk hem Dam-Dam çeşmede iýdik içdik gerk gäbe bolduk. Iň gowusy , goý SÜM SÜM hatyn gyzlar bilen görüşsin, gepleşsin. Menem ine, size ýedi gat ýeriň aşagynda näme bar, dokuz gat gögüň üstünde näme boldy aýdaýyn. AÝAZIT – Ak Kam bilen Gara Kam köp wagt boldy habar ýok. Olardan näme habar? BAŞYBOZAR— Olar hem biri gögi saklap, biri-de gara ýeriň aşagyny saklap ýatyrlar. Ikisi-de ÝERLIK hana gelin boljak gyz gözleýärler. AK ANAŇ ak gyzy Suwy aljaklardy. Ak deňiziň eýesi özüni has ýokary tutdy. Bermedi ÝERLIK hanyň gazabyna galdy. AÝAZIT Başybozaryň ýüzýne bir gülümsiräp bakdy welin, işigaýdan Başybozar tas özünden gidipdi. Gözi çorbaly, çaşy SÜM SÜM hatyny şo bada ýadyndan çykardy, Hyýalynda , gujagynda AÝAZIT peri bilen gol gola otyrýar. Içini gepledýär. BAŞYBOZAR ýuwaşjadan "Mende göwni bolmasa gülmezdi, gyýa gyýa bakyp janymy almazdy. Bile-bile saçlarynyň örümini meniň dyzlarymyň üstünde goýmazdy. Ine, görsene ýene gülüp bakdy maňa. UFF çyndan aşyk bu peri maňa... AÝAZIT onuň goluny çalaja gysyp göýberdi, oňa miwe suwuny uzatdy. Başybozaryň endam jany bir bir söküldi. Entege çenli onun bedenine beýle näzik zat degmändi. SÜM SÜM hatynyň agaç ýaly gaty damarlak elinden başga el görmändi. Ýene içini gepletdi hyýala çümdi. "BAŞYBOZAR ýuwaşjadan – An-haaa, ýene elini degirdi, çyndan göwni bar mende. UFF . nätsemkäm?! AÝAZIT AÝAZIDIM seniň bilen bir dem ýaşasamda razy. Ondan soň gelsin-de ÝERLIK han soňra jezasyny beräýsin. Belki-de, AÝAZIT gyzlaryny ÝERLIK hana berip, özi bolsa maňa barar, onsoň "bir okda iki, hat-da üç towşan urýan. AÝAZIT periniň äri, GÖK TAŇRYNYŇ gudasy, ÝERLIK HANYŇ gaýyn atasy bolýan. Bol bol BAŞYBOZAR han bolaýyn. Belki, TAŇRY hem bolaryn, bilip bolmaz-a. Hyýalyndaky zatlary göz öňüne getirip oturyşyna ol birden dillendi. BAŞYBOZAR – AÝAZIDIM, aýdan dury gözelim , ÝERLIGE gyzlary berip göýberseň, ikimiz bu uçmah mekanda galybersek hem bolar-a. Belki, siziň iliň adamlary meni söýer. TAŇRY saýlarlar. AÝAZIT – Hmmm, saýlarlar, saýlarlar. BAŞYBOZAR— Gyzlaryň ikisini-de ber ÝERLIGE,ikimiz zowky sapa süreli,goý gyzlar hem öz bagtyndan görsünler. ÝERLIK hem olaryň birine elini, birine aýagyny oowkaladyp AK ANA göz etjek. Goý, etsin. Bize näme? Esasan , ikimiz bileje bolsak bolany AÝAZIT— SÜM SÜM näme? BAŞYBOZAR— Goýsana, onuň adyny şu wagt tutma. Gözüni göremde aňrym bärime gelýär. Kellesi dagy gatan kesek ýaly, agzyny aýtsana opan ojak ýaly. Gözi dagy guş keseklejek ýaly bir gözi mydam gypyk, Ýok etsene,şol gözi çorbalynyň adyny tutma. AÝAZIT – Onda meniň iki gyzymy almaga gelipsiňiz-dä ÝERLIGIŇ aýagyny elini owkalamaga? BAŞYBOZAR— Hawa, perim ilki aýtman aljakdyk, aldap aljakdyk. Ýöne seniň hem göwnüň mende bolansoň, aýdyp alaýyn diýdim.Eýýamdan bir birewi aldasak, bolmaz-a. Onsoň TAŇRY bolsam bu taýda galmasam bolmaz-a. Bu ýerleri Taňrysyz goýmak maňa gelişmez. AÝAZIT— Dogry, dogry sen içiňdäki bar isleg arzuwyňy aýdyber. Etsem goýsamlaryňy aýtmasaň, men nireden bileýin seniň arzuwlaryňy. Hökman, arzuwyňa ýetersiň, aýdyber. Sahnada Bagşy görünýär. BAGŞY – AÝAZIT BAŞYBOZARA her wagt, her wagt göz güldürdi, gaş kakdy, näz bilen seretdi. Saçlaryny darap darap goýberdi. Başybozaryň bolsa, huşy başyndan uçdy. Özüne Taňry tagtynda oturdymmyka diýdi. ÝERLIK bilen SÜM SÜM bilen ähli eden we etjek işlerini aýtdy. AÝAZITE, içini dökdi, AÝAZIT ahyry çydaman ellerini bar güýji bilen çarpdy. AÝAZIT— Bu päliýamany eşitdiňiz. Indi bu ikisiniň maňlaýyna gara çalyp, GÖK TAŇRYNYŇ Huzuryna baralyň . Bu ikisine-de ogly ÄRLIK hana-da , goý özi jeza bersin! Sen şaýatsyň TULPARYM. BAŞYBOZAR— AÝAZIDIM, Perim bu nä boluş.!? Hany, sen meni söýýädiň, mensiz köýýädiň. Göz güldürdiň, gaş kakdyň. Hany men TAŇRY boljakdym. Barsy ýalanmy?? AÝAZIT - Ejize ganymdan, arabozardan, öý ýykandan ,iliň namysyna göz dikenden TAŇRY bolarmy? Göz gypdym ,gaş kakdym ýöne , hemmesi seniň niýetiňi bilmek üçindi. Meniň mekanyma näme niýet bilen geleniňi bilmek üçindi. Gyzlarymy tutup, aldap äkidip ÝERLIGE keniz etjekdiňiz. Razylyk bar, närazylyk bar diýmän zorluk edip dakjakdyňyz.bolsun. Päliňiz başyňyz iýsin siziň, niýetiňiz ýar bolsun size ölerin, seniň ýaly BAŞYBOZARA ýar bolman men. Daňyň ellerini arkasyna. SÜM SÜM – Aýazitjan, bu il arasyny bozan haýyny äkidiň GÖK TAŇRYŇ garşysyna, meniñ näme günäm bar. Günäliň oduna meni ýakma ahyryn. TULPAR AT— Seniň günäň mundan hem köp.Onuň elini daňsalar, senin hem eliňi hem aýagyňy daňmaly, agzyňy-da daňmaly. Sahnada sesler, galmagallar, gykylyklar köpelýär.Her kim ellerine ilen zady bilen SÜM SÜMI ýe BAŞYBOZARY urýar. Bir ýerlerden atyň kiňşeýän sesi gelýär. TULPAR AT arkasynda GÖK TAŇRYNY ýe UMAÝ ANANY alyp gelýär. Adamlar oňa ýol berip baş egýärler. Aýazit we gyzlaryda baş egýär. Ýene-de, ýokardan kiňşeýän TULPARYŇ sesi gelýär. AK ANA, SUW GYZ, TOPRAK OGLAN gelýärler.AK KAM jaňyny kakyp gelýär. GARA KAM depini kakyp sahna girýär. Orta-da, SÜM SÜM HATYN bilen BAŞYBOZAR gorkularyna iki tarapa gaçmak isleýärler. Dep gümmürdisi güýçlenýär. Bir ýerden ÝERLIK han peýda bolýar. Adamlar iki tarapa serpilip ondan gorkup gaçýarlar. Ol ýogyn sesi blen gygyrýar. ÝERLIK HAN— Dostlarymy kim bu hala getirdi. Kimiň hetdinde olary urup sögmek. Hany, olary goýberiň. Ellerini çözüň derrew. Sahnanyň ortasy ýagtylýar. Mylaýym saz çalynýar. Ortada gözi ýaşly Umaý Ana görünýär. UMAÝ ANA— Ogul, ogul han ogul!. Ak süýdümi berip, kökregimi gerip ulaltmadymmy seni? Ogul,ogul, jan ogul ! Bir golumy ýassyk edip, o bir golumy ýorgan etmedimmi saňa? Sen ne beýle, ile zulum eden boldun? Iki uýany bir ýorgany nädip saljakdyň sen? Sende utanç ýokmudy? Içeniň zäher,iýeniň awymydy? Zäherli sözden başga söz çykmazmyşmy agzyňdan. Suw gyz seni söýmedi diýip Topragy Suwsuz goýduň. Toprak gurap, ýagmyr ýagmaz boldy. Topragyna, suwuna, haýynlyk eden ynsany Ogullykdan red edýän. Seni gözüm görmez olsun! Gulagym sen hakda eşitmez olsun! BAGŞY— DOKUZ GAT GÖK ÝÜZÜNDÄKI, ÝEDI GAT ÝER AŞAGYNDAKY YNS U JYNSLARA, RUHLARA, TÜRKÜŇ OTUZ ÝEDI TAŇRYSYNA GÖK TAŇRYDAN PERMAN BAR. WATANYNA, IL GÜNÜNE, TOPRAGYNA,SUWUNA, DEŇIZINE, AR NAMYSYNA HAÝYNLYK EDENI ÜÇIN GÖK TAŇRYŇ OGLY ÄRLIK HANA we SÜM SÜM HATYNA,BAŞYBOZARA ÝEDI GAT ÝERIŇ AŞAGYNA ÖMÜRLIK IBERILÝÄR. BU HÖKÜM GÖK TAŇRYŇ NESILLERI TÜKENINÇÄ , ÝER GÖK TAPYŞYNÇA GÜÝJÜNDE GALJAKDYR. HAÝYNA ARAMYZDA ÝER ÝOKDUR. HAÝYNYŇ JAÝY ÝERIŇ AŞAGYDYR. GARA KAM depini çaldy, AK KAM jaňyny jyňňyrdatdy. Haýynlary öňüne salyp, GARA KAM ýola düşdi. SAHNADA TOPRAK OGLAN bilen SUW GYZ göz göze, el-ele, ten tene durdular. AÝAZIT gyzlary bilen ýene şadyýan gülüşýärdiler. UMAÝ ANA bilen GÖK TAŇRY uzaklara seredip durlar. TULPAR AT bolsa çarpaýa galyp olary uzaga götermäge taýýar. PERDE YAPYLYAR... | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |