15:19 Owganystan ýol ýazgysy -3: Kabulda | |
KABULDA
Ýol ýazgylary
Biz Heratyň hiç hili şerti bolmadyk, mundan 30 ýylky öň Gyzylarbat şäherara Awtobus duralgasyny ýada salýan aeroportynda. Bu aeroportda gelenimizde az sanly adam bardy. Bize bir gün öň pişge murtly komandir biletimizi alan eken. Ir sagat 9-da uçuş wagty diýilip satylan bileti elimize aldyk. Wagt azalýar. Emma, ýolagçy gaty az. Bary ýogy 7-8 adam. Buz ýaly sowuk oturgyçlaryň birinde oturdym (oturgyçlar hem az sanlydy). Şol wagt salona başy gara bagana telpekli (hindileriň ýa-da pakistanlylaryň geýýän telpegi ýaly) bir ýaşy 70 töweregi ýaşuly adam bilen, yzynda başy çal perenjeli bir aýal gapydan girdi... Perenjeli aýal maňa ýakyn bolan ýerde otudy. Ony mazaly synlamaga mana has aňsatlaşdy. Aýalyň çal erenjesi onuň bütin kaddyny tutup duransoň, bu aýalyň ýüz tarapynyň ýa-da arka tarapynyň haýsydygyny, diňe öňe ýa-da yza ýöreýşinden biläýmeseň biler ýaly däldi. Ol aýal gelip oturandan soň, töwerege garanjaklady. Salondaky erkek adamlar daşary çykansoň birden perenjesini ýokary galdyrdy. Onuň perenjesiniň içinde çagasy hem bar eken. Ol çagasyna süýt çüýşesinden süýt berdi-de, ýanyndaky bile gelen ýaşulysyna bir zatlar diýişdirdi. Aýal gaty ýaşdy. Onuň, sypatyndan çen tutup, bolaýsa 15-16 ýaşdygy bilse boljakdy. Olaryň biri-birine ýakyndyklaryndan çen tutup, bularyň är-aýaldygyny aňdym. Aýal ýene ýüzüni perenjäniň içinde gizledi. Wagt geçdi. Hiç kim howluganok. Baryp soraly diýsekde, hiç kim ýok. Bilet satylýan ýer bolsa gelelimiz bäri açylmandy. Elimizde biledimiz, sagat bolsa 12 bolupdyr. Uçaryň gijikýändigini habar berýände ýok. Ýöne ýolagçylar köpeldi. Diýmek hökman şu gün Kabula uçar bardygy bellidi. Ahyry aýallar aýry, erkekler aýry barlag kontrolyndan geçip başladyk. Biziň çemodanlarymyzy, ýanymyzdaky el goşlarymyzy çala-çula barlaşdyryp geçirdiler. Men indi töwregimizdäki perenjelilerden gorkup ugradym. Sebäbi olary barlamaýardylar diýen ýalydy. Birden gören filmlerimidäki uçuşa bombaly girýän terroristler göz öňüme gelip başlady. Uçuşa münmän galmak islegimi hiç kime aýdyp bilmän, göwünli-göwünsiz mytdyldap ugradym. Öňde Didar güýjüniň ýetdiginden biziň goşlarymyzy göterýär. Ol töwerekdäki, aeroportyň uçuş bölegindäki amerikan esgerlerini we olaryň egnindäki tüpeňleri synlaýar (amerikan filmlerindäki görnüşleri janly görmek onuň üçin uly bir açyşdy). Biz arassa we täzeje bir uçarda jaýlaşdyk. Sagat 1 de bolsa uçar howa galkdy. Uçarda 1 sagatdan gowrak wagt garly, ýalaňaç daglaryň üstünden geçip biz Kabula ýetdik. Uçar pessaýla ugrandan, ýolagçylar hereketlenip ugrady. Uçar ýere gonandan, ýolagçylar uçaryň araýoluna düzüldi. Biz hem ýuwaş-ýuwaşdan düşmek üçin olaryň arasyna sokulduk. .. Kabuluň aeroporty hem beýleki ýurtlaryň aeroporty ýaly aýna ýaly ýalpyldap duranok. Kiçijik salondan çykmak üçin bize bary-ýogy 2 minut wagt gerek boldy. Bizi garşylamak üçin öňümizden çykan Haýretdin hany biz diňe telefonda ýa-da internetde sesini eşitmesek, özüni görmändik. Daýaw murtlaryny ýeňsesine çataýmaly uzyn bir türkmeni gözümiz bilen gözläp ugradyk. Birden... biziň ýanymyza boýy gysgajyk (hatda menden-de gysga) ýaşy 40-42 ýaşlarynda gözleri kiçijik (hytaýlylara meňzeş tipli) biri geldi-de “Salamaleýkum! Men Haýretdin han” diýdi. Onuň ýanyndaky iki sany garagözelejik gyzjagazlar bolsa ellerindäki gülleri maňa we Didara uzatdylar. Biziň aňymyzda “Han” diýlende gabarasyndan çekiniljek biri bar bolansoň, biz birbada aňkaryp özümize gelip bilmän durduk. Ol maňa “Sizi görenime örän şat. Hoş geldiňiz Kabula” -diýeninden soň telefondaky tanyş gyryljagrak sesi tanadym. Haýretdin han bizi maşyna tarap alyp gitdi. Biz Kabulyň edil merkezinde ýerleşen Haýretdin hanyň öýüne bardyk. Öý iki otag we bir salondan ybarat bolup kiçiräk howlusy hem bar. Bize türkmen däbi bilen el ýuwdurdylar. Saçak ýazyldy. Saçagyň üsti näzi - nygmatdan doldy. Biz saçak başynda Haýretdin hanyň maşgalasy bilen tanyşdyk. Onuň aýaly Gülala garaýagyzdan daýaw, ýüzi gülip duran maşgalady. Onuň biz peştu milletindendigini bilip haýran galdyk. Sebäbi ol türkmen dilini her bir türkmenden gowy bilýärdi. Hatda, onuň çagalary 4 gyzy we Umyt atly kiçijik ogullaryda türkmen dilinde suwara gepleýärdiler. 7-8 ýaşlaryndaky garagözelejik gyzjagazy meniň ýanyma gelip “Apam siz “Şasenem Garyp” diýen türkmen dessanyny bilýärsiňizmi?”- diýip garaşmadyk soragymy berdi. Men onuň başyny sypalap “Hawa. Ýöne sen nireden bilýäň bu dessany?” diýenimde gyzjagaz “Meniň adym Şasenem. Atamyň dogany hem Şybyrganda oglunyň adyna Garyp goýdy. Bize bu türkmen dessanynda goýlan atlary atam dakdy” - diýip gözlerini güldürdi. Şu galmagalyň, gowganyň, urşyň içinde iýjek çöreklerini, ýakjak odunlaryny gaýgy edýän türkmenleriň ruhynyň belentlig, bu söýgi dessanymyzyň gahrymanlarynyň adyny, çagalarynyň adyna dakyşlaryndan bellidi. Türkmen her hili kynçylykda bolsa-da öz miraslaryny, edebiýatlaryny, taryhlaryny gursaklarynda göterip nesline ýetirýändigini, ýene bir gezek öz gözüm bilen gördüm, buýsandym... Biz Haýretdin hanyň öýünden çykman oturdyk. Gülala gelin bolsa agşam şamyny gyzlary bilen taýýarlady. Kabulda her üç günde bir gezek ýanýan elektrik bu gün ýanmaýardy. Biz nebitli ýanýan çyranyň ýagtysyna saçagyň başyna üýşdik. Ýene-de tagamly, süýji naharlar saçagy bezedi. Biz elimizi nahara uzadanymyz hem şoldy welin, birden penjireler şakyrdap gitdi, golaýdan atylan top sesi geldi. Ellerim saçagyň üstünde doňup galdy. Gyzjagazlar we Gülala maňa bakyp “iýiberiň bizden daşda” diýip ýylgyrdylar. Haýretdin derrew el telefonyny alyp işleýän ýerine Goranmak ministrligine jaň etdi. Ýagdaýy öwrendi. Talybanlar Goranmak ministrliginiň binasyny nyşanalap atypdyrlar. 6 sany owgan esgeri ýaralanypdyr. Geň zat ynsanlar uruş bilen, ölüm bilen hem öwrenişip gidýän ekenler. Olar hiç zat bolmadyk ýaly, top sesini eşitmedik ýaly bolup agşam şamlaryny edinmäge başladylar. Men welin, ilkinji gezek topuň sesini eşidemsoň, häli-häzirem özüme gelip bilmän ýörün. Men gürrüňdeşlikde Haýretdinden gyzjagazlaryny näme üçin okatmaýandygyny soradym. “Men Kabulda gyzlaryň mekdebine talybanlaryň top atylmagy netijesinde ölen gyzjagazlary görenimden soň, öz gyzlarymy okuwa göndermezligi makul bildim. Beýle ýagdaýlar häli-şindi bolýar we bigünä çagajyklar ölýär. Ölen çagalaryň ene –atalarynyň ahy-zarlaryny eşidenimden soň, dogrusy men “bisowatlylygy” saýlap aldym- diydi. Gije ýatypdyryn. Uzak ýoluň ýadawlygy (has dogrusy gapdalymda top atylan hem bolsa duýmandyryn) nerwileriniň dartylyp durmagy, ýürek awudujy hadysalar meni ýadadypdyr bolmalydy. Ertesi ir bilen Kabulyň uruşdan aýňalmadyk şäherine aýlandyk. Şäheriň sowuk howasynda üşäp ugradyk. Serhetden geçenimde gyş eşiklerimi goýanyma begensemde, indi biraz gynanyp başladym. Nowruzdan bir aý geçse-de, Kabulyň töweregini gurşap duran beýik daglaryň gary agaryp ýatyrdy. Öýler sowuk bolsa-da, peçler bireýýäm aýrylypdyr. Näler, peçi ýene guraýyň diýjek welin, köçelerde at arabalarynyň üstünde satylýan agaç odunlarynyň bahalaryny eşidenimde “ot ýakyň” diýmäge utandym. Sähel salymdan küle öwrüljek odunlaryň kilosy ep-eslije bardy. Has dogrusy her kim bu ýurtda bütin gyşy bilen ot ýakmagy başarmasa gerek. Men daş töweregimdäki aýaklary ýalaňaç ýa-da köýnekçeň gezip ýören adamlary görüp üstümdäki galyň jemperime kaýyl boldum. Haýretdin Kabul bazaryna aýlanmagy teklip etdi. Biz höwes bilen kabul etdik. Bazar diýseň gyzyşypdy. “Guşuň süýdi” hem tapyljak bu bazarda meni has geňirgendiren zat, bazaryň ortasynda horaz uruşdyrylýardy. Horazlaryň boýunlaryndaky ýelek perleri ütülip-ütülip inçe boýunlary görnüp durdy. Onda-da heşerilişip uruşmaga taýýar boluşyp, aýlanyşyp duran horzalara gygyryşýan adamlar meçew berýärdiler. Olaryň sesi bütin bazaryň galmagalyny ýatyrýardy. Biz ol ýerden ýuwaşjadan aýrylyp, beýleki zatlaryň satylýan ýerlerine gitdik. Şol wagt iki sany esger gelip Haýretdin hana birzatlar diýişdirdiler. Haýretdin hem (ol elmydama harby eşikdedi) biziň bu ýerden basym çykmalydygymyzy, bedenine bomba daňan “janly bombanyň” bazara girendigi hakynda habar berilendigini aýtdy. Bazaryň mazasy gaçdy. Tizräk bu taýdan saýlananymyzy kem görmedik. Biz şähere aýlanyp ýörşümize, Kabulyň merkezindäki “Türkmen enjümeni” diýen bir gurama gitdik. Palçykly köçelerden batyp, çümüp barşymyza biz giň bir howla girdik. Howlynyň ortasynda agaçlar ekilipdir we iki gatdan ybarat bir bina hem-de bir gatdan ybarat uzyn jaý bardy. Öňümizden guramanyň başlygy Aşyr han çykyp garşy aldy. Öňümize düşüp barýan Aşyr han enjümen bilen tanyş etdi, bizi ikinji gata çykardy. Bu ýerde çap bolýan türkmen jurnaly bolan “Güneş”-den birnäçe sanlaryny uzatdy. Biz “Güneş” bilen tanyşyp durkak, bu enjümeniň maliýa işlerini dolandyrýan Gurban aga hem geldi. Ikinji gatyň üstüne çykyp, töwerege ser saldyk, indi Kabul aýagyň aşagynda ýaly görünýärdi. Honha, Zahyr şanyň köşgi. Ony hem ruslar ýa-da talybanlar ikisi iki ýerden eleme deşik edipdirler. Başga täze gurlan birnäçe binalar diýäýmeseň ýa-da NATO-nyň ýurtlarynyň her haýsy özbaşyna döwlet guran ýaly edip daşyna demirtikenli simler bilen baglap goýan ýerleri bolaýmasa, şäher düýbünden ýykylypdyr diýäýmeli. Şäheriň içinde dürli ýurtlaryň esgerleri maşynly, bronotransportýorlar bilen aýlanyp ýörler. Tüýs uruşyň içine gelen ekenik. Dogrusy inim düýrügip, titräp gitdim. Gümrükden geçip gelýärkäm maňa sereden nazarlaryň sebäbine şu ýerde düşündim dogrusy. Binanyň daş ýüzündäki goňşy howluda azyndan 10-12 maşgala çadyr gurupdyrlar. Bütin gyşy belki-de, birnäçe ýyly bu çadyrda ýaşap geçiren bolmaly bular. Daş töweregine akly gyzylly köneler bilen basyrlan bu çadyrlaryň içindäki ýaşaýşy göz öňüme getirýän... Her çadyrda iň bolmanda 7-8 adam ýaşaýandyr. Olaryň kilolap odun ýakyp bilmejegi bolsa “köre hasa”. Belki-de olar üçin bu polietillen çadyrlaryň bolmagy hem “uly bagtdyr”. Agyz suwyny bolsa olar ýagyş, gar suwlaryndan peýdalanýardylar. Sebäbi, çadyrlaryň töweregi agyz suwy saklanýan köne - küşül gaplardan doludy. Biz tamyň üstünden düşüp, ýene ikinji gata geldik. Aşyr han bizi jemgyýetiň işi bilen tanyşdyrdy. Jemgyýet Kabuldan uzakdaky obalardan gelýän näsaglara ýa-da paýtagtda bitirilmeli işleri bar bolan alysdan gelýän oba adamlaryna kömege ýetişýändiklerini, umuman her bir türkmeniň duralgasydygyny aýtdy. Şonuň üçin olar ýörüte 8-10 adamlyk kiçijik bir awtobus maşyn satyn alypdyrlar. Umuman türkmenleriň her işde kynçylygy bolsa ýa-da daşary ýurtdan baran türkmen myhmanlary hem özleriniň garşy alyp, bu jaýda myhman alýandyklary hakynda gürrüň berdi. Kabulda göwnejaý we ynamly otelleriň ýoklugy sebäpli, türkmenler bu taýda isledigiçe galyp bilýärler. Aşakda şu wagt Marçakdan gelen saryk bagşylarynyň bardygyny, olary Kabulyň merkezi telewideniýesiniň çagyrmagy bilen konsert bermäge gelendiklerini guwanç bilen aýtdy. Biz Kabulda Aşyr hanyň, Gurban aganyň bitirýän “är işlerinden” hoşal bolup hiç ýatdan çykmajak hatyralar bilen “Türkmen enjümeni” bilen hoşlaşdyk. Bizi Gurban aga öýüne nahara çagyrdy. Biz Gurban aganyň göwnüni ýykman oňa myhman bolduk. Onuň bereketli saçagy ogul-gyzlarynyň maşgalasynyň mähir mylakaty biziň hiç ýadymyzdan çykmasa gerek. Olaryň öýüne gelenimizde ýagyş ýagmaga başlady. Meniň sowga çydamymyň ýoklugyny bildiler bolmaga çemeli, (her näçe özüm hakdaky aladadan utansamda, öz-özüme “özleri hem üşändir” diýip göwünlik berip) olar derrew peçlerini gurup gury odunlardan ýakmaga başladylar. “Meniň bahanam bilen maşgala hem ýylanaýdy gerek”- diýip öz-özümi köşeşdirýärdim. Biz Gurban aganyň öýünden çykyp ýene Haýretdin hanyň öýüne geldik. Bizi myhmançylyga çagyrmak üçin eýýäm Haýretdin han bilen wadalaşanlar bolupdyr. Bizi Kabuldaky türkmen dilindäki neşir edilýän “Güneş” jurnalynyň baş redaktory Mejid Turan öýüne çagyrýar”- diýensoň biz ýene ýola düşdük. Mejid Turan bizi uly ýoluň gyrasynda ogly bilen bile garşy aldy. Biz uly ýolda düşüp pyýada Mejid Turanyň öýüne ugradyk. Uzyn belent diwaryň ýanyndan 15-20 minutlap ýöredik. Bu uzak we belent diwaryň Kabuldaky ozalky SSSR-iň ilçihanasy bolandygyny, häzirki wagtda bolsa öýsüz öwzarsyz ynsanlaryň ýaşaýan ýeridigini aýdansoň, men üns berip bu diwaryň käbir top oky bilen urlup ýykylan diwaryndan içerini synlaýaryn. Beton bilen galdyrylan birnäçe gat jaýlar. Olaryň biriniňde ne gapysy ne-de penjiresi bar. Gör bu ýere mojahidler, talyplar hüjüm edipdirler bolmaly. Men Mejid Turandan “10 gektara golaýa bardyr. Ilçihana üçin gaty uly dälmi?” diýip soradym. Mejid aga ýylgyryp “Eger SSSR şol wagt islese Kabulyň ýarysyny hem ilçihana edip bilerdi”-diýip ajy ýylgyrdy. Owgan halkyny goramak üçin nije-nije juwanlarymyzy sürüp gaýdan Sowet goşuny asyl bu ýerde öz gamyny iýýän eken-dä diýmek, göz görmese barsy ýalan diýjek dogrusy... Biz Mejid Turanyň täzeje agardylan, bejerilen arassaja öýüne bardyk. Üç otagdan ybarat öýüň biri iş otagy bolmalydy. Kitaphanasyny görenimden keýpim ýerine geldi. Mejid Turanyň aýaly Aýnabat we ogullary Siýawaş –Rawiş –Ýawaş üçüsi “Güneşiň” çykmasy üçin ellerinden gelen ýardamy etýärdiler. Men Mejid Turanyň Kabul uniwersitetiniň jurnalistika fakultetini gutarandygyny, Owganystandaky uruş sebäpli 16 ýyllap Päkistana gaçyp gidendiklerini, ýat ýurtlarda horlukda ýaşandyklaryny öwrendim. Mejid aga maşgalasy Aýnabat bilen 16 ýyllap Päkistanda ýüpek haly dokapdyr. Olar hiç kime el sermejek bolup, oglanlaryny okatmak üçin, är-aýal haly dokamagy maslahat bilipdirler. Ýokary bilimli jurnalist we ussat halyçy Mejid aganyň türkmeniň söz ussatlary Magtymgulynyň, Keminäniň, Mollanepesiň goşgularyny türkmen arap elipbiýsine öwürip, çap edip, halka elýeterli etmesi meni begendirdi. “Wah elimden gelsedi şu adamlara Türk dünýäsinde bitiren hyzmaty üçin iň uly baýragy bererdim” diýip içimi gepletdim. Mejid Turan Kabulyň merkezi telewideniýesinde her gün 20 minutlyk türkmen dilinde habarlar proggrammasyny taýýarlap, alyp barýan ekeni. Biz Mejid aganyň türkmen dilini Owganystanda ýaýratmakda bitirýän hyzmatlaryny görüp guwandym. Myhmansöýer öýde iki gün galdyk. Oglanlar basym biziň bilen gürrüňdeşlige howlugyp okuwlary gutaran badyna gelýärdiler. Olaryň bilesigelijiliginiň aňyrsy bärsi ýokdy. Ortanjy ogly Rawiş Ata Köpek Mergenden, Hoja Nasreddinden, Kemineden şorta sözleri aýtmagy halaýan eken. Biz gijäniň birmahalyna çenli, gyzykly gürrüňleri edip oturdyk. Bizi Mejit aganyň goňşusy Welnazar hajy myhmançylyga çagyrdy. Welnazar hajynyň öýüne baranymyzda, gapyda duran maşynlary görüp geň galdyk. Dürli modelli maşynlar hatara durlar. Welnazar hajy oglunyň Dubaýda maşyn satýandygyny, arasynda hem özüne maşyn iberip durýandygyny aýtdy. Häzirlikçe özünde 9 maşynyň bardygyny aýdyp, ýüzi mydama gülüp duran ýaşuly sakgalyny razylyk bilen sypalady. Onuň gözlerinde ýat ýurtdaky oglunyň işbaşarjaňlygyna buýsanjyny okap bolýardy. Welnazar hajy we onuň mähriban maşgalasy bizi şunça saklajak bolsalar-da, Haýretdin hanyň özdiýenliligi bilen biz ýene myhman öýümize gitdik. Biz tä gaýdýançak Welnazar hajy hem biziň ýanymyzdan aýrylman gezdi. Kabuldaky meşhur haly bazary hakda öň gaty köp eşidipdim. Bu haly bazary Germaniýada ýaşaýan türkmen Akmyrat baýyň eýeçiliginde eken. Bazaryň içi güllän çigildemli meýdany ýadyňa salyp durdy. Türkmen halylarynyň dürli reňkleri başyňy aýlaýar. Alyjylar halylary elleri bilen sypalap, sypalap bahalaşýardylar. Türkmen gelin-gyzlarynyň on barmagynyň hünärini, men her ýerde görsemde biraz dikelen ýaly bolýan. Öz-özümden temegimi göge tutanymy bilmän galýan. Bu buýsançdandy elbetde. Biziň türkmen aýal-gyzlarymyzyň eliniň gudratyna bolan buýsanjymdy, dünýäni aýlanýan GUDRATA bolan guwanjymdy... Kabulda biz birnäçe gün galyp türkmenleriň ýaşaýan ýeri bolan Mazaryşerif şäherine gitmek üçin şaýlandyk. Bizi Kabulda myhman alan Haýretdin hanyň Russiýanyň paýtagty Moskwada okandygyny hem ýeri gelende ýatlamalydym. Ol bize Moskwada, Daşkentde, Duşanbede, Aşgabatda bolan wagtlaryny duýgy doly gözleri bilen ýatlap gürrüň berdi. Haýretdin gülüp “men türkmen diýäýmesem maňa elmydama wetnamly ýa-da çinli diýip pikir ederdiler. Hatda Aşgabatda bazarda bir gezek söwda edip oturan aýallaryň biri” hytaýlylar hem bela gyz, eýýäm türkmençäni ýat tuaýypdyrlar. Hany, bize hytaýçany ýedi gün aç goýsalarda, bir sözüni ýat tut diýsinler başarmarys” diýip aldandylar”- diýip gülüp hezil etdi. Dogrusy men hem ilki görenimde Owganystanyň urşyny ädimme, ädim başdan geçiren bu türkmen gerçek ogluna asla “Han” däldir öýdipdim. Emma ony içgin tanadygymça, onuň tüýs türkmen gany joşup duran Görogly neslidigine, Oguz neslidigine aňryýany bilen gözüm ýetdi. Haýretdin bizi her näçe ugratmak islemese-de, aýrylyşmak agyr degse-de, hoşlaşyp biz Mazaryşerife tarap ýola düşdük... (Dowamy bar...) Ogulmaýa SEMIZADEH SAPAR GYZY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |