16:38 Hem ýaramyň hem döwügmiň seýigi / hekaýa | |
HEM ÝARAMYÑ HEM DÖWÜGMIÑ SEÝIGI
Hekaýalar
Ogulhan gelin ysgynsyz aýaklaryny süýräp zordan öýüne ýetdi. Özüni goşma keçäniň üstündäki goşa ýassyga oklady. Bütin obanyň içinden geçip gelşine, aglamajak bolup dolan ýüregini, uly sesi bilen gygyryp boşatdy. Ilki başda haýkyryp aglasa-da, soňa-baka horkuldap aglady. Boş öýüň içinde onuň sesi aýlanyp, ýaňlanyp gidýärdi. Hiç kim ony diňdirmedi, ahyryn hem özi aglap-özi diňdi... Ogulhanyň soňky döwürde ile çykyp, aglaman gelýän gezegi az bolansoň, daşarda öz işine gümra bolup ýören adamsy hem bu gezek öýe gelip aýalyny köşeşdirjek hem bolmady. Ol indi tä aýalynyň özi çykyp ony agşam şamyna çagyraýmasa, öýe aýagyny hem ätmejege meňzeýärdi. Biraz wagtdan Ogulhanyň sesi tapba ýatdy.``Ýataýdymy-ka?! Ýa-da ýene-de düwünçeklerini açyşdyryp güýmenýärmi-kä? Ýa-da şam-şor bişirmegiň aladasyndamy-kä?``- diýip Muhammet içini gepletdi. Ol öýüň penjiresinden bukdaklap görünmän, egilip geçdi-de, diňşirgendi. Öýdäki agy sesi ýatypdyr. Ses üýn ýok... Howa garaňkyrap ugrady... Muhammet örklenen sygyrlaryny ýataga salmak üçin mallara tarap ugranda, alagaraňky-da Ogulhanyň inegi ``güžürt-güžürt``edip sagýandygyny we pessaýja sesini eşitdi. Höwlüm-höwlüm inegim, Süýtli bolsun dilegim, Her kim gelse el etmez, Bahasyna pul ýetmez. Etrekde otun iýer, Sumbardan suwun içer Höwlüm –höwlüm höwlüm –heý`` Inek Ogulhanyň ``hoşamaýlap hiňlenmesine `` gözlerini süzüp meýmiräp durdy. Ogulhan elindäki bedräni köpükli süýtden dolduryp, ýerinden galdy. Inegiň öňüne gujagyny dolduryp ot oklady-da, öýe tarap ugrady... Muhammet Ogulhanyň her gün gaýtalanýan hereketini bu gün ilkinji gezek görýän ýaly ony garaňkylykdan ogrynça synlady. Onuň inegi hiňlenip sagyşy, ol janaweriň bolsa ene gujagynda hüwdülenýän bäbejik ýaly meýmiräp durmasy Muhammediň ýüregini dilim-dilim etdi ``Haý bolýar-da! Hudaý bermese basyp aljakmy diýsene! Ýogsa seniň bu owadan owazyň bilen sygry söýmeli däl-de, sallançak üwräp perzent söýmeli ahyryn. Seniň mähriň on çagany terbiýelemäge ýeterdi... `` Ogulhan hiç zatdan bihabar sagan süýdüni süzgüçden süzdi-de, gazanda atardy. Süýt bedresini ýuwup düňderdi. Adamsynyň çaýyny, suwuny taýýarlap saçagy ýazdy. Är-aýal saçagyň başynda oturup gepsiz- gürrüňsiz şam edindiler. Göräýmäge olaryň on bäş ýyllykda gepi gürrüňi gutaran ýalydy. Diňe her wagt käseden içilýän çaýyň ``hoorp `` edilip ýuwdulmasy diýäýmeseň we daşardan üýrýän itleriň hawlamasy bolaýmasa gum-gukluk höküm sürýärdi. Olaryň ikisi-de öňlerindäki tabakdan bir zat gözleýän ýaly şol tiňkelerini dikip otyrdylar. Dymyşlygy ýene Ogulhan bozdy. --Meniň hol günki aýdanymy pikir etdiňmi? Ýerden ses çykdy Muhammetden ses çykmady. Elindäki demir gaşygy tabagyň gyrasynda goýdy-da, saçakdan çekildi. Bu onuň ``işdäm tutuldy`` diýdigidi. Bu häsiýete Ogulhan on bäş ýyl bäri beletdi. Nahar başynda diňlemek islemeýän gürrüňi bolaýsada, çala-çula nahar töwürini galdyrardy-da , doýmanka sessiz jogapsyz çykar gider. Onsoň Ogulhanyň uzyn günläp Muhammede ýüregi awar ýörer. --Saňa diýýän aý oglan ! Meniň ol günki aýdanlarym hakda ýaşulylar bilen maslahat etdiňmi? Näme diýdiler? -- Ýok pursat bolmady. -- Näme pursat bolman? Maslahat saljak ýaşulylaryň ýanyna dag aşyp gitmeli bolsa aýry gürrüň. Oba arasyna çykanyňda baraýarlar-da. Muhammet Ogulhanyň näme üçin gaharlanýandygyna düşünmedi. Has dogrusy Ogulhan hem düşünmedi öz-özüne. ``Maňa näme bolýar diýsene! Özüm diýýän, özüm hem bu görgülä gaharlanýan. Hany hemme zada dözjekdim-le, dag hem bolsa göterjekdim-le?! Haý bagty ýatan Ogulhan.Ogulhan!`` Ol içinden gepläp eliniň aýasy bilen maňlaýyny tutdy. Muhammet bolsa häzir kem kellesini ýerden galdyrman gülli keçäniň güllerini dyrmalap tüýt –müýt edip barýar. Ogulhanyň onuň bolup oturşyna hem nebsi agyrdy, hem-de jany ýandy. ``Wah sen hem illeriň äri ýaly bir göwnüme degsediň! Ýa-da iň bolmanda birje şarpyk çalsadyň! Han-ha Jereniň äri ýaly şähere gidip köýnekleri egri dyzyndan bolan bozgak aýallaryň toruna düşüp, iň bolmanda biwepalyk etsediň -meniňem senden biraz ýüregim sowasady. Ony-da etmediň ne men seni ne-de sen meni terk eder ýaly bir sebäp tapman şoool gugaryp otyrys baýguş ýaly``. Ýüregi başga zat diýse-de dili başga hili sözledi. --Muhammet şu gün ýokarky obadaky toýda bir bagşy aýdym aýdýardy. Bagşyny her kim bir gulak bilen diňleýär. Her kim öz ýüregine görä ýorýar.Ýöne bagşynyň şu gezekgi aýdanlary meniň göwnüme diňe maňa saňa ýagny ikimize niýetlenen ýalydy. Diňle näme diýdi. Magtymguly okap kitabyn açsa Kyrk çilten ýygnanyp şerabyn içse Mal tapan goç ýigit zürýatsyz geçse Elmydam yzynda talaň ýalydyr. Bak ýene-de Magtymgulynyň sözüne ýene bir aýdym aýtdy bagşy: Dagymda bent aldy siller Gitdi huşum egri biller Magtymguly aýdar iller Yzymda zürýat galmady... Ogulhan Muhammede dikanlap seretdi-de: -- Bu setirlere düşünmedik düşünen däldir emma Döndi garry maňa kakdyryp `` Yzynda zürýat galmasa ne bir ýigitleriň ojagy öçüp küli galýar-da`` diýip gepledi. Näme diýeýin.? Göni ýüzüme gelip diýende hem dilim gysga meniň. Öňki gezek toýa baranymda hem ýüzüme basdylar heleýler.`` Günä sende bolsa, äriň günäsine galmagyn, Ogulhan gelin. Goý onuň daragty ýaýrasyn.! Biz saňa aýrylda git diýmeýäs ýöne eger adamyňy söýýän bolsaň onuň yzynda at galar ýaly öz ganyndan öz janyndan perzent öner ýaly ony öz eliň bilen öýer`` diýip maslahat berdiler. Men Allanyň öňünde hem, bendäniň öňünde hem günäkär bolup galmaýyn. Senden razydyryn. Şoňa görä, sen doganlaryňy üýşürde maslahatyňy ediber. Seniň ojagyňy öçürip külleriň galmagyny islemeýän. Men hem doganlarymyň ýanyna gideýin. Men bir gury agaçdyryn. Ýanaryn-sönerin. Sen bolsa öl agaçsyň-senden hasyl öner... Ogulhanyň gözlerinden togalanyp gaýdan iki damja ýaş ýere gaçmanka ýaňaklara siňdi. Muhammet bolsa şol sessiz sedasyz doňup oturşyna ahyry gyşaryp ýatan ýerinden bat bilen dyzyna şapbatlap urdy. Ogulhan tisginip gitdi. -- Bolşuň nähili Ogulhan! Men öň aýtdym-a! Seni saýlap seçip aldym obadan. Yşkyňda ýedi ýyl köýdüm. Indi hem seni kowup başga bilen ýaşamak gözümiň öňüne hem gelmeýär. Maňa perzentden öňünçä sen gerek. Perzent gerek bolsa-da ýene gideris doktora. Elimiz biraz giňese men seni daşary ýurt doktorlaryna äkiderin.Meniň perzendimiň ejesi sen bolmalysyň. -- Dilde hemme zat aňsat Muhammet! Meni görkezmedik doktoryň galma-da!? Hatda ömrüňe ynanmajak palçylaryňa-da tebipleriňede äkitdiň meni. Öň palça ynanmaýan halyňa hool bazarda pal atýan aýala pal atdyran günüň ýadyňdamy? Ol saňa 2 ýyly wada beripdi.Onsoň sen hem şoňa ynanyp iki ýyllap ökjäň ýere degmedi. Bazardan jyňňyrdaýanja oýunjak hem getirdiň-ä. Ondan bari hem gör näçe ýyl geçdi. -- Ogulhan indi başga ýerlere gideris. Meniň umydym bar... -- Meniň umydym bolsa tükendi. Belki-de seniň eneň äkiden şol tebibine gitmesedim, meniň hem umydym gyl ýalyja bolsa-da, bolardy. ``Bilmez tebip jan alar`` diýmänmidirler köneler, ol tebip meniň işimi gör-dä? Häzir ýadyma düşende garnymda ot ýanýarmyka diýýän. Wah seniň ýüzüňi güldürjek bolup özüme etmedik sütemim galdymy näme? -- Ol-a dogrudyr. Adam umydyny ýitirmezlik üçin her bir zada ynanyberýän eken. Allanyň öňünde günäkär hem bolýas jahyllygymyzyň derdinden. Ýadyňdamy hool Enegaryn çeşmesiniň ýakasyndaky injirde kiçijik çaga sallançagyny ýasapdyk yrym edip. Çagasy bolmaýanlar şeýtse basym çagasy bolarmyş diýseler. Sen ol kiçijik sallançagyň içine höwas bilen kiçijik düşek, ýassyk dikipdiň. -- Wah derdimi gozgamasana. Käbir bolşumdan häzir utanýan. Maňa öliniň çilesi düşüpdir diýseler, hakyt jynazany göterip barýan gölegçileriň öňüni kesip ylgap hem geçdim-le. Şeýtseň çiläň açylyp, bäbekli bolarsyň diýlensoň. Muhammetjan gara gözüm! Indi edere zat galmady. Iň gowusy sen öýlende öýi bazara dönder. Ine görýäň-ä ``çagaly öý bazar-çagasyz öý mazar`` diýleni. Biziň öýümiz mazarlyk ýaly gum-gukluk. -- Seni ataň öýüne iberip men bir günem ýaşap bilmen-ä... -- Men atamyň öýüne öýkeläp gidemog-a.Ýa-da senden göwnüm galyp ynjap gidemok. Her mahal gelerin. Özüňe meňzäpjik duran çagajyklaryňy görmäge gelerin. -- Ýok-la men seniň bişiren naharyň bolmasa iýip hem bilmerin. Aç ölerin. Öten ýyl şahere 5 günlik gideniňde ýöne gatyk bilen çörek iýip soňra-da başym aýlanyp 1 aý özüme gelip bilmedim. Men başganyň elinden tagam iýip bilmeýän-ä. Sensizlik meniň üçin ölmeden öň ölmek diýen ýaly bir zat bolýar-a. -- Öwrenişersiň-dä. Doktoryň menden aýyp tapanyna hem eýýäm 10 ýyl bolupdyr. Indi isleseň islemeseň hem öýlenmeli sen. Men il günden utanýan. Hem seniň ýaşyň hem gidip barýar-a. Gör indi saçyň agaryp maňlaýyňa gasyn düşüp ugrapdyr. Ogulhan adamsynyň çekgesindäki ak saçlary ýuwaşja sypady. -- Bolmasa bir perzent alsak çagalar öýünden hä?! -- Ýok ozal hem sen ýerden ýeke çykan. Ataň babaň neslini ýitirmäge meniň wyjdanym ýol bermez. Muhammet Togtamyşyň nesliniň ýitmegine men sebäp bolup bilmen.. Muhammet gepsiz gürrüňsiz bir salym oturdy. --Onda..... onda özüň tap. Goý ol seniň hem göwnüňe degmejek adam bolsun. Seniň ornuň meniň depämiň üstündedigini kabul etjek aýal tap. ... başga näme diýeýin.Ýöne sen hem meniň ýanymdan aýryl-ma. Muhammediň sesi titräp tolgunma bilen çykdy. Ogulhan Muhammediň agzyndan bu sözi eşidenden doňup galdy `` Haý haý öýlenjek däldiň-de sen. Hany sen menden başgany gözüň görmeýädi. Indi näme? Özüň tap diýip meniň başyma agyr ýüki atýar... Wiýý bu bendäniň näçe gün bäri başynyň etini iýip, indi hem muny günäkärlemäm näme gyz? Gysganýanmy, gabanýanmy? Her näme-de bolsa 15 ýyllyk ýassykdaşym ol meniň. Agyr zat eken adamyňa öýlenäý diýip ýalbaryp oturmak. Ýöne nädeýin ikimiz hem biçäre. Indi bir ýyldyr oturanyna turanyna bakman ýalbaryp ýörşüm. Ahyry razy etdim. `` -- Bolýar. Ogulhanyň jogaby gysgaja boldy. Ondan soň är-aýal ikisinden hem ses çykmady. Ikiside ýazylan düşekde her haýsy bir tarapa öwrülip ýatdylar. Ogulhanyň göz öňüne öz ýerinde ýatan başga bir aýaly we ol ýat aýalyň gollaryny ýassanyp ýatan Muhammedi getirdi. Özüniň bolsa başga bir otagda çugutduryp, iki bükülip ýatyşy göz öňüne gelende bokurdagy doldy, çep gözünden syrygan ýaş sag gözüne girip erbet awady. Daňa golaý ymyzgansa-da ,ol ýene ir turdy. Ýorgandan emaý bilen sogrulyp çykyp eline bedresini alyp ineginiň ýanyna gitdi. Iki aýlyk kiçijik tanasyny göýberip biraz emişdirdi. Soň derrew çekip aldy-da, tanajygyň ýüpüni enesine ýeter ýetmez edip daňyp süýt sagmaga durdy. Bu gezek has has naýynjar has ynjyly hiňlendi. Meniň ýarym uly iliň beýigi Hem ýaramyň hem döwügmiň seýigi Ýar bolmasa men nädeýin bu ýeri Ýara dönem saňa dönem garagöz.... Inek bolsa Ogulhanyň halyndan habarly ýaly iki tarapa depirjikläp süýtli bedräni dökdi. ``Aý janawereý.`` Ogulhan tanany boşatdy. `` bar eneňi emde hezil etsene``. Ogulhan boş bedräni sallap gaýtdy. * * * .... Ondan bäri alty ýyl geçdi. Muhammedi Ogulhan öýerdi. Bir obadan ýaşap oturan bir gyzy alyp berdi .Edil ogul öýeren ýaly toý edip gelini kejebeläp getirdi. Oglum bolsa öz kürtämi gelinimiň başyna ataryn diýip niýetlän bukjasyny çözdü-de günüsiniň başyna atdy. Bilini guşap toý pişmesini bişirdi. Bu gaýrata galanyny özi hem haýran galdy. Oba-da hiç kimse ony geňlemedi. Ýüzi duwakly gelin bolsa bir aý geçer geçmez bolandan`` agzy üýtgäp aş saýlady``. Muhammet täze geline ``guşuň süýdi`` diýseň hem tapdy. Ýuwaş-ýuwaşdan Muhammet täze geliniň otagyndan çykmazak hem boldy. Alty ýyldan bäri Muhammede meňzeşje çagalaryň üçisi dünýä indi. Indi Muhammediň öýi bazar ýalydy. Çagajyklaryň sesi öýi göçürere getirýär. Ogulhan gelini gören ýaşulylar bolsa arkasyna kakyp ``berekella sogap gazandyň gelin`` diýdiler. Çagajyklara-da Muhammediň çagalary diýilmän oba arasynda Ogulhanyň çagalary diýildi. Ogulhan gelin hem gün uzyn çagalar bilen deň oýnaşýar, gülüşýär. Daň agarar agarmaz adamlar örmänkä Muhammede meňzeşje çagalar üçin sagýan süýdüniň güžürt-güžürdine goşup aýdýan zaryn hiňlenmesi welin häzirem eşidilip dur, eşidilip dur... Hem ýaramyň hem döwügmiň seýigi... Hem ýüregmiň hem öýümiň diregi........ Ogulmaýa SEMIZADEH SAPAR GYZY. | |
|
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||