23:31 Dünýä heý... | |
DÜNÝÄ HEÝ...
Magtymgulyny öwreniş
Gündogar edebiýatynyň aýratyn bir özboluşlylygy bar. Haýsy akyldary ýa-da şahyry okasaň, ýaşap ýören dünýäňden "eliňi üzüp" göýberýär. Bu dünýädäki ähli zatlaryň – söýgüň, iýen-içeniň, perzendiň, hat-da her äden ädimiň üçin jogap soralýan ýaşaýyş mekany diýilýär. Günbatar şahyrlary bolsa munuň tersine şu güni ýazýarlar. Olar hiç kimiň gidip dönmedik, baryp görmedik ‘’dünýäsinden’’ söz açmagy dogry hasap edenoklar. Onda, “dünýäde alym adyny“ göteren, gündogarda ýaşap geçen “Öwlüýälilik derejesine çenli ýeten aryflarymyz ýalňyş düşündiripdirlermi? Eger dogry düşündiren bolsalar, onda olar “o dünýäden” nähili habarly bolupdyrlar? Gijäniň gündüziniň, dogulmagyň ölüminiň, ýaşlygyň garrylygynyň, gowulygyň-erbetliginiň bolşy ýaly, bularyň gapma-garşylygynyň elbetde bir sebäbi-de bardyr. Geometriýa ylymynyň hiç kesişmeýän parallelligiň bu dünýä bilen o dünýä arasynda düşünjede pararllel bolsa-da, kesişýän ýeriniň bardygyna gündogar alymlarynyň eserlerini okanymyzda göz ýetirýäris. Beýik türkmen aryfy Magtymguly Pyragy döwrüniň ylymly adamlaryndan bolupdyr. Onuň okan ylymlary yslam dinini öwredýän ylymyň ilkinji basgançaklaryndan ybarat däldir. Ol has ylymyň çuňňur ummanyna giren alymdyr. Şoňa görä-de, Magtymgula düşünmek üçin ilkinji nobatda din pelsepesini, tasawwuf ylymyny, ynsan psihalogiýasyny bilmek zerurdyr. Esasanda, beýik türkmen alymy Ýunus Emräniň: “Ylym ylym ylmakdyr, Ylym özüňi bilmekdir’’ – diýişi ýaly, ynsan şynaslyk ylmyňy demsaýyn ösdürmek zerurdyr. Ynsan özüni tanap başlandan soň, özüniň tebigat bilen birligine göz ýetirýär. Magtymguly Pyragyny-da düşünmek üçin, onuň ýazan her setiriniň “çöwre ýüsüni’’ ýagny zahyry däl-de batyny tarapyny bilmek diýmekdir. Magtymguly Pyragy hem gündogar edebiýatynyň özünden öň gelen ägirtleriniň edebi ýoluny dowam etdiripdir. Olaryň düşünjelerini, türkmen halkynyň kökli edebi mirasy bolan – halk döredijiligi bilen eyläp,timarlap halka hödürläpdir. Halk dili bilen – yslam pelsepesini garyp halka ýatdan çykmajak bir miras goýupdyr. Bir ýerden okapdym. “Ynsanlar ölende topraga gömülýärler, käbir ynsanlar bolsa ýüreklerde gömülip, köňüllerde jaýlanýarlar’’. Magtymgulynyň hem türkmenleriň arasynda has söýülmeginiň sebäbi, onuň halk dili bilen ýazyp, köňüllerde orun tutmagydyr. Magtymgulyda hem gündogar alymlarynyň düşünjesindäki bu dünýädäki amallaryň “hasabynyň” parallel dünýäde “jogap berilmelidigi” pikiri dowam etdirilýär. Şoňa görä-de, bu dünýäni ygtybarsyz, ýalançy, bazygär, gahba, loly ýaly sypatlar bilen sypatlandyryp, ynsanlary bu dünýäde “ ilki özüňi düzetgil, özgelere göz etgil” diýen düşünjä çagyrýar. Akyldaryň dünýä hakyndaky düşünjelerinde dünýäniň duralgadygyny, ynsanyň bolsa geldi-geçer mysafyrdygyny okamak mümkindir. Bu duralgada ynsanyň ýaşap biljek zamany-da bary ýogy ‘’bäş günlükdir” diýip ömür ölçegini-de goýýar. Dünýäniň düýbi derazdyr, Pursat kemdir, ömür azdyr, Ýa-da: Bu dünýäniň düýbi düýşdir, Işi ýagşy wagty giçdir. - diýip, şahyr dünýäni göýä düýş ýaly’’ göz ýumup,açasy salymlyk” hasaplapdyr. Dünýä Magtymgulynyň gözünde we düşünjesinde ynsany synag üçin göýberilen bir pursat jaýydyr. Bu pursatda, synagda eden emelleriň, seniň soňky ýoluňa “bakylyga” gideniňde jogabynyň beriljekdigini nygtaýar. Zulum ýagar başlaryňa, Awy gatar aşlaryňa, Munda eden işleriňe Hasap geçmeli, dünýädir. diýip, nygtaýar. ‘’Ýalan dünýäniň‘’ we ‘’Çyn dünýäniň” arasyndaky ýaşaljak bäş günlük ömüriň kesişýän ýeri-de elbetde “ bu dünýädäki işleriň hasap beriljek ýeridir”. Magtymgulynyň döredijiliginidäki dünýä düşünjesiniň halk folklory blen timarlanýan ýerleri-de, şu göz açyp yumasy salymlyk aradyr, ýagny ‘’bäş günlük’’ ömürdir. Türkmen halk döredijiligindäki “Myhman birinji gün altyn, ikinji gün kümüş, üçünji gün bürünç. Dördünji gün mis, bäşinji gün pis’’ – diýen, halk tymsalary bilen utgaşýar. Ýokarda-da aýdyp geçişimiz ýaly, ynsan bu dünýäde myhman. Myhmanyň bü dünýä gelip duralgada duran wagty-da ölçeglije, bary ýogy bäş gün. Bäş günüň: Birinji güni altyn (ynsanyň çagalykdan-ýetginjeklige çenli 0-20 ýaşy), Ikinji güni kümüş (adamyň ýetginjeklilkden-orta ýaşa çenli20- 40 ýaşy) Üçünji güni bürünç (adamyň orta ýaşdan – aksakallyk ýaşyna çenli 40-60 ýaşy) Dördünji güni mis (aksakallyk ýaşdan-gojalyga çenli (60-80 ýaşa çenli) Bäşinji gün pis (gojalykdan – ölüm ýaşyna çenli 80- 100 ýaşa çenli). Ine, dünýä bary ýogy şundan ybaratdyr. Bu "bäş günlük” ýoly kimisi agyr, güzaply käbiri-de, ölmejek ýaly ýaşap ýygyp ýygnap gidýärler. Adam ogly, bu dünýäge, Goýmaz seni, alajakdyr, Halal haram ýygan malyň Soňra senden galajakdyr. Magtymgulynyň döredijiligindäki dünýä hakyndaky pikirlenmelerinde dünýäniň göýä bir suw ýüzünde gezen gämi, ynsany bolsa gämide syýahat eden ýolagçy ýaly düşündirýär. Suw ýüzünde gezen niçe gämini, Bir gün agdarar sen saly, dünýä heý... Ynsan ene garnynda dokuz aý ýatandan soň, dünýä inende “Enemiň giň garnyndan, dar jahana indim’’ diýip aglarmyş. Bu-da elbetde, halk pelsepesi. Aslynda, ýaşadygyňça giň, gyzgalaňly görünýän ýagty jahan ynsan üçin dura-bara ýaşynyň soňlarynda ýene daralmaga başlaýar. Garradykça ynsanyň örüsi-de daralýar. Gidim-gelimi, deň duşlary-da azalýar. Dünýäni tutaryn umydy bilen ýaşan ynsanyň gözüne indi bäş garyş kepenlik bilen girjek gara toprak görünýär. Ol ýaşaýyş boýy eden amallaryny göz öňünden geçirip, pikir eleginden eleýär. Gowusyna begenip, erbedinden gorkmaga başlaýar. Magtymguly şu ýerde: Dogan günüň toýmuş, ölen günüň”waý” Başdan aýak galmagalmyş, bu dünýä Ýa-da: Magtymguly aýdar, aýyp özümde, Ölüm ýadymdadyr, gorky gözümde, Her näçe ýaşasaň ýeriň ýüzünde Adam ogly bäş gün duza myhmandyr. - diýip ýazýar. Magtymgulynyň goşgulary bir tarapdan öwüt nesihat, bir tarapdan bolsa ynsanyň bäş günlük ömründäki nebis, bahylçylyk, kine, haramlyk, duşmançylyk ýaly erbet häsiýetler bilen söweş edýär. Şahyr ahlak goraýyjysydyr. Edebiýatyň “dilini kesgir gylyç‘’ edip ulanyp bilen alymdyr. Magtymgulynyň tasawwuf düşünjeleri, onuň Nagyşbendilik tarykatynyň alymydygy, dünýä düşünjelerinde onuň derun dünýä we bu dünýä hakyndaky pikirleri hakynda aýry bir makalalar ýazylmalydyr, Hat-da, astral syýahat edendigini görkezýän goşgulary bolan "Turgul diýdiler”, “Bir nan getirdi” we başga-da brnäçe şygyrlary onuň tasawwuf we derun dünýä düşünjeleriniň beýanydyr. Bu elbetde, onuň goşgularyny ýüzleý okamaly däl diýdigimiz däldir. Şahyryň pespällik bilen özi aýtmyşlaýyn esasan ony ýatlamak. Onuň “söz dükanynyň alyjysy bol” bolsa hökman: Sözüm diňlän ýok diýip ümsüm oturma, Jahan giňdir çendan bilende bardyr. - diýişi ýaly hökman ony aňlan, düşünende tapylar. Magtymguly bir umman. Ol ummandan bir owurt suw içmekde bar, küýzeläp suw içmekde bar. Esas içmek, ganmakdyr... Maýa SEMIZADE-SAPAROWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |