TÜRKMENIÑ EREM BAGY
■ Türkmenleriň orta asyr seýilgähçilik sungaty barada
Türkmeniň eli degen zat inçe senet – gaýtalanmajak sungat. Oguz handan gözbaş alyp gaýdýan türkmen kowmy asyrlarlaryň dowamynda sansyz senetleri döredipdir, olary ösdürip, kämilleşdirip ajaýyp sungata öwrüpdir. Türkmeniň binagärçiligi, atçylygy, halyçylygy, dokmaçylygy, maldarçylygy, zergärçiligi, suratkeşligi… bularyň barysy inçe sungat derejesine ýetirilen senetler. Bularyň haýsysyny alsaň, tapawudy ýok, kökleri gadymy geçmişiň jümmüşlerine uzalyp gidýär.
Gözellige sarpa goýýan, tebigat bilen bir jan, bir ten bolup ýaşamaga çalyşýan halk döretmäge hem ukyply bolýar. Türkmeniň dörediji millet bolup bilmegi-de, belki, şonuň üçindir. Dürli ýurtlardan getirilen miweli, bezeg, saýalyk agaçlary, her-hili görnüşdäki güller we gyrymsy ösümlikler Garaşsyzlyk ýyllarynda seýilgähleriň görküne görk goşýar. Döwletimizde alnyp barylýan «Gökguşak» syýasaty diňe bir şäherlerimizi bezemegi göz öňüne tutman, eýsem dag eteklerindäki we düzlüklerdäki sähralyklarymyzy bagy-bossanlyga öwürmegi hem maksat edinýär. Bu syýasat türkmen tebigatynyň keşbini özgerder we onuň gözelligine gözellik goşar. Dogrusy, bu gözellikler bir zamanlar Türkmenistanda bardy, olar halkymyzyň ruhy we maddy durmuşynda uly orun eýeleýärdi. Emma soňky asyrlaryň tozgunçylyklary Türkmenistanda ösümlik dünýäsiniň garyplaşmagyna we köp sanly gülleriň we agaçlaryň öz ýurdunda ýitip gitmegine sebäp boldy.
Dörediji milletimiziň gözellik dünýäsinden kemala gelen gymmatlykla-rymyzyň biri-de türkmeniň gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýydýan gadymy seýilgähçilik sungatydyr. Seýilgähçilik sungatynyň gadymy ekerançylygyň esasynda dörändigini subut etmegiň zerurlygy ýok bolsa gerek. Jeýtundan, Änewden, Altyndepeden, Göksüýriden, Marguşdan, Uzboýdan tapylan küýzeleriň, gap-gaçlaryň ýüzündäki dürli agaçlaryň şekilleri halkymyzyň iňňän gadymy zamanlarda-da bagbançylykdan baş çykarandygyna şaýatlyk edýär. Bagbançylyk bolsa seýilgähçiligiň önüm öndürmek bilen baglanşykly bir ugrydyr. Diýmek, bagbançylyk diňe bir miwe önümlerini öndürmek maksady bilen ýola goýulman, eýsem bagda dynç almak, wagtyňy hoş geçirmek we gözellik dünýäsinden lezzet almak hem göz öňünde tutulýar.
Orta Gündogarda, şol sanda Türkmenistanda hem seýilgähçilik köplenç bagbançylyk bilen utgaşdyrylypdyr. Seýilgähler birinji nobatda dynç almak, seýil etmek üçin, baglar bolsa öňi bilen miwe önümlerini öndürmek, soňra bolsa dynç almak üçin döredilipdir. Biziň söhbetimiz türkmeniň apaly erem bagy bolan seýilgähler hakynda.
Ata Watanymyz Türkmenistanyň ýerinde ilkinji seýilgähler Oguz han eýýamynyň ahyrlarynda, türkmenleriň Beýik Parfiýa döwletiniň döwründe ýüze çykyp ugraýar. Nusaýyň, Merwiň, Köneürgenjiň we beýleki gadymy şäherlerimiziň ajaýyp seýilgähleri halkymyzyň taryhynda, edebiýatynda, dünýägaraýyşlarynda uly yz galdyrypdyrlar. Halk dessanlarymyzyň ählisinde diýen ýaly esasy wakalar köplenç bagy-bossanlykda, gül-gülüstanlykda, çarbaglarda bolup geçýär. Şonuň üçin hem milli dessanlarymyz türkmeniň gadymy seýilgähçilik sungatyny öwrenmekde möhüm çeşmeleriň biridir. Dessanlarymyzda gürrüňi edilýän seýilgähleriň gurluşy, olarda ösdürilip ýetişdirilen her dürli bezeg we saýaly agaçlar, güller we gülleýän gyrymsy ösümlikler taryhy çeşmeleriň üsti bilen tassyk edilýär.
Sözümiz gury bolmaz ýaly dessanlarymyzda gürrüňi edilýän seýilgähler hakynda mysallar getirmegi makul bildik. Şabendäniň «Gül-Bilbil» dessanynda Bilbil, hyzmatkäri Zelili, dosty Sala beg üçüsi Bilbiliň atasynyň bagyna seýile gidýärler. Bilbil dostlaryna ýüzlenip: «- Eý Sala we Zelili, atamnyň bu ýerde seýilgäh üçin bina galdyrgan bir çarbagy bar turur, göýäki behişde meňzär, anda unnap, hurma, alma we nar – dünýäde bihasap miweler bar turur. Geliň, bizler ol baga seýr-tomaşa kylyp, ýagşy ýetişgen miwelerden iýip gaýdalyň! - diýdi».
Üç dost tirkeşip baga seýle gelýärler. Olar «Derwezäniň gulpyny açyp, bagyň içine girdiler. Görseler güller açylyp, al-elwan miweler bişip, şirin-şerbetler, durnagözli bulaklar her tarapga akyp, bilbiller çah-çah urup, ol agaçdan ol agaja uçup, gonar erdiler». Baga seýil edip ýören wagtlary Bilbil azaşýar we öz dostlaryndan aýyrlyşýar. Bu wakany Şabende şeýle beýan edýär: «Bilbil hem Sala bilen Zelilini tapmaý, bagyň nagyş-nigärine tomaşa kylyp ýadady. Görer kim, gyzyldan-kümüşden bezelip ajap munakgaş kylyngan, arguwanly serhowuz bar erdi. Bilbil ol howzuň başyda, serwi agaçnyň saýasyda haly düşekli, degresi lälezar şasupanyň üstide olturyp erdi». Dessanda beýan edilişine görä, şu ýerde Bilbil uka gidýär. Düýşünde onuň ýanyna bir goja gelýär we Bilbile «seniň ataň bu bagyndan hem bir bag bolarmy, men seni Dilaram bagyna äkideýin» diýip ony gözaçyp-ýumasy salymda Dilaram bagyna eltýär. Dessanda aýdylyşyna görä Dilaram bagyny Stambulyň hökümdary gurduranmyş. Şabende ýazýar: «Görse [Bilbil] bir bagyň içide olturmyş erdi, göýäki jennet deý. Ol kişi [Goja] Bilbilniň golydan tutup, bir ymaratga alyp bardy, başy asman-çelekde erdi».
Bag gözelligi «yşk mülküniň şasy» Mollanepesiň «Zöhre-Tahyr» dessanynda hem inçelik bilen beýan edilýär.
- Baglarynda täze güller açylmyş,
Gel, Zöhre jan, bag seýline gideli,
Bilbiller mest olmuş, şebnem saçylmyş,
Ýör, Zöhre jan, bag seýline gideli.
Dessanda şahyryň Zöhräniň bagy baradaky berýän maglumatlary has-da ynandyryjy: «Zöhräniň atasynyň bir bagy bar erdi, ony Zöhre jana bagyşlap erdi. Bagyň adyna Bagymeýdan diýer erdiler. Bu bagyň sypatyny taryp edip bolmaz erdi, misli behiştiň baglary dek erdi. Gamgyn bolanlar barsalar, hoşwagt bolup, aglanlar gülüp çykar erdiler».
Eserde Mahymyň Tahyr bilen ilkinji duşuşygy hem bag içinde bolup geçýär:
«… Mahym gyz doganlaryna:
-Bagy-Ryzwana [seýilgäh] we Fyrat derýasyna tomaşa etmäge gideýliň – diýip, bir kenizden hat iberdi. Özi hem säher turup, hammama girip, tawus guş dek tellerini her ýana pytradyp, zerrin lybaslaryny geýip, syýa sürmelerini gözüne tartyp, zülplerini gözleriniň üstüne goýberip, özüne araýyş berip, doganlary bilen baga seýil etmäge gider boldy. Gören adamlar akyl-huşlaryny ýitirip, haýran galar erdiler. Baga bir çadyr iberdiler we atalarynyň gowy bir gaýygyny bagyň gyrasyna getirdiler. Olar bag içine girip, tomaşa kylyp ýörer erdiler. Bagyň ýanyndan Fyrat derýasy geçer erdi».
Bilşimiz ýaly, Mahym gyz öz joralary bilen içi Tahyrly sandygy hem şu ýerde derýadan çykarýar.
Türkmenleriň Beýik Parfiýa döwletiniň döwründe Nusaýda, aýratyn hem bol suwly Merwde baglar, seýilgähler köp bolupdyr. Ýöne, gadymy taryhymyzyň ähli döwürleri üçin häsiýetli bolşy ýaly, bu döwürde-de baglar şäher eteklerinde – «rabatda» ýerleşipdir. Sebäbi daşyna beýik galalar gurlan Nusaýda we Maryda bag ekmek üçin ýerler bütünleý diýen ýaly bolmandyr. Belli türkmen arheolog alymy, professor A.Gubaýewiň aýtmagyna görä, Nusaýdaky köşgiň ýanyndaky howzuň töwereklerine dynç alyp, seýil eder ýaly agaçlar we güller ekilipdir. Taryhçy alym häzirki Köşi obasynyň töwerekleriniň paýtagt şäher bolan Nusaýyň «rabaty» bolandygyny we şol ýerleriň öz döwründe gür baglyga we gül-gunça beslenip oturandygyny belleýär.
XI asyrda meşhur şahyr Fahreddin Gürgeni tarapyndan ýazga geçirilen, beýan edilýän wakalary esasan Merwde bolup geçýän Parfiýa döwrüniň meşhur eseri bolan «Wis we Ramin» dessanynda Merw şäherinde «Ot ybadathanasynyň» bolandygy we onuň ýanynda iňňän baý ybadathana hojalygynyň, şol sanda ajaýyp çarbaglaryň bolandygy barada aýdylýar.
Biziň eýýamymyzyň başlanýan döwürleri Merw ägirt uly şäher bolup, ol şäher merkezinden 3-3,5 km uzaklyga çenli giňäpdir. Şäheriň eteginde ýerli häkimleriň we begzadalaryň bag-bakjaly uly howlulary ýerleşipdir. Belli arheolog-alym T. Hojanyýazowyň şaýatlyk etmegine görä, Merwiň etegindäki Gyzgala, Ýigitgala we Nagymgala köşkleri seýilgähleriň içinde ýerleşip, olar täsin gözelligi bilen tapawutlanypdyrlar.
VI-VII asyrlarda Türkmenistanda seýilgähçilik has hem kämilleşipdir. Sasanylaryň zor salýandygyna garamazdan Türkmenistanyň ýerleri umuman alanyňda syýasy taýdan özbaşdak bolupdyr. Aýdylanlary şol döwürde ýerli hökümdarlaryň göteren unwan-derejeleri hem tassyk edýär. Merwde –mahyýa, Sarahsda – zadyýa, Nusaýda – obraz, Köneürgençde (Horezmde) –Hysrow Horezm, Gürgende – sul. Bu döwürler ömrüniň köpüsi bagy-bossanlykda geçen, gözellik dünýäsinden ylham alan meşhur adamlaryň hem döwri. Anuşirwan Adylyň meşhur weziri Buzurg-Mähir, öz döwrüniň iňňän sowatly şahsyýeti, hekim, pelsepeçi, diplomat we syýahatçy Barzuýa, sazanda hem aýdymçy Barbed – atlary bütin Gündogarda meşhurlyga eýe bolan bu üç kişiniň üçüsi hem Merwde ýaşapdyr. Bu şahsyýetleriň ýaşan we döreden döwürleri Türkmenistanyň ýerinde bagbançylygyň has hem ösen döwri hasap edilýär. Merwden demirgazyk tarapa gidýän suwaryş ýaplarynyň ugrunda, Köpetdagyň etegindäki zolakda, gadymy Köneürgençde (Horezmde) bir-birinden 10-30 km aralykda daşy berkitmeli onlarça köşkler emele gelýär. Ekerançylygyň dürli ugurlary bilen bir hatarda bu köşkler özleriniň sümme tokaýy ýatladyp duran gözel çarbaglary bilen tanalypdyr.
IX asyrda Merw has hem ösüpdir. Sebäbi şol asyryň başlarynda «1001 gijäniň» baş gahrymany Harun-ar-Reşidnniň ogly Amin az wagtlyk halyf bolýar, Merw bolsa halyflygyň merkezidi. Taryhy çeşmelerde Merwde gülzarlyga çümüp oturan hökümet köşkiniň bolandygy, onda ilki Abu-Muslimiň, soňra bolsa Aminyň arz sorandygy barada aýdylýar. Geografiýaçy al-Istahrynyň sözi bilen aýdanyňda bu döwürde «Merw şäheri arassaçylygy, ýerleşiş gözelligi, binalaryň we mähelleleriň [kwartallar] ýaplaryň aralygynda ýerleşdirilişi we baglary, dürli ugurlaryň senetçileriniň bazarlarda bölüşdirilişi bilen Horasanyň ähli şäherlerinden aýratyn tapawutlanýar».
Merkezi Aziýanyň, şol sanda Türkmenistanyň hem orta asyr şäherleriniň hemmesiniň daşyna beýik we berk diwarlar-galalar gurlupdyr. Galalaryň içinde biri-birine degip, gysylyşyp oturan dürli maksatlar üçin gurlan her hili görnüşdäki ymaratlar, öýler, köşkler, bazarlar, senetçilik we hünärmentçilik ussahanalary, metjitler, medreseler ýerleşipdir. Bu ymaratlar şäheriň içinde seýilgähler hakynda gürrüň ýok – iki-ýeke saýalyk agaçlaryny ekmäge-de mümkinçilik bermändirler. Ýöne galalaryň «rabat» diýlip atlandyrylan suwarymly ekerançylygyň başlanýan ýeri bolan şäher eteginde ýa-da şäherýaka ýerlerinde lälezarlyga bürenip oturan ajaýyp bagy-bossanlyklar döredilipdir. Bagy-bossanlygyň içindäki hökümdarlaryň, begzadalaryň köşkleri, ybadat edilýän dini ymaratlar-bularyň diňe beýik minaralary ýa-da gupbalary bolaýmasa, gür baga bürenip oturan bossanlyklaryň içinde görünmändir. Bu çarbaglar ýöne bir girdeji getirýän ir-iýmişli baglar bolman, binagärçilik sungaty bilen sepleşip gidýän ajaýyp seýilgähler hem bolupdyr.XIII asyrda Çingiz hanyň wagşyçylykly ýörişlerinden soň Köneürgenjiň, Merwiň, Sarahsyň, Nusaýyň, Amulyň, Maşady-Misirýanyň we beýleki şäherlerimiziň etegindäki ajaýyp seýilgähler mongol nökerleriniň at otladýan örüsine öwrülýär. Ençeme onýyllyklar şol ajaýyp seýilgähleriň ýeri çölüstana öwrülip, olaryň üstünden hazan ýeli öwüsdi. XV asyrdan başlap Türkmenistanyň ýerinde ýaşaýyş ýene-de janlanyp, oba-şäherler dikelip ugrady. Şäherleriň içinde, aýratyn hem olaryň daşynda Teýmir Agsagyň XIV asyrdaky ýykan-ýumrançylygyna garamazdan gözel seýilgähler ýene-de peýda bolup başlady. Ýöne, olaryň kämilligi hiç haçan hem türkmenleriň Beýik Seljuk we Köneürgenç döwletleriniň döwründäki ýaly derejä ýetip bilmändir. XIV asyrda Merwiň eteginde ajaýypseýilgähleriň bolandygyny arheologlar ýüze çykardylar. Şu döwürde döredilen seýilgähler «çarbag» diýlip atlandyrýardy. Çarbaglar öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdyp, ösümlükleriň ekilmegi, binalar, gurluşyklar, ýaplaryň we howuzlaryň ulgamy, olar binagärçilik esasynda akylly-başly işlenip düzülen, belli bir kada-kanunlara esaslanyp döredilýärdi. Türkmen arheologlary XV-XVI asyrlarda Üstýurtdaky Döwkesen galada we Sarygamyşyň töwereklerindäki Akgaladaky uly seýilgähleriň bolandygyny anykladylar. Döwkesengala bu orta asyr Wezir şäheri bolup, onuň gözel seýilgähi bütin Merkezi Aziýada meşhurlyga eýe bolupdyr. Daşyna berk haýat aýlanan, göni dörtburçlyk şekilinde döredilen Wezir şäheriniň seýilgähi berk geometriki hasaplamalaryň esasynda 16 sany bölege bölünipdir. Akgalanyň seýilgähi hem edil şunuň ýaly esasda gurlup, Wezir seýilgähinden tapawutlylykda, onuň inedördül gurluşy bardyr. Seýilgähiň yzlary mongollardan soňky Merwde-de (Abdyllahan gala) görünýär. Meşhur şahyr Alyşir Nowaýynyň buýrugy boýunça Merwde gurlan Hysrowyýa medresesiniň öňündäki howuz, onuň töweregindäki kölegeli agaçlar we güller bu ýerde gözel seýilgähiň bolandygyna şaýatlyk edýär. Emma belli taryhçy Hafizi-Abru «Merw Şahruhyň döwründe öwşün atýardy» diýip aýtsa-da, bu döwrüň ymaratlaram, seýilgählerem gadymy Merwiň gözelligini we beýikligini berip bilmändir.
Türkmenleriň Beýik Seljuk, Köneürgenç, Osmanly, Garagoýunly, Akgoýunly we Sefewi döwletlerinde seýilgähçilik sungaty amaly ylymlaryň aýratyn bir ugruna – ösen ekerançylyk medeniýeti bilen binagärçilik ussatlygynyň özboluşly jemine öwrülýär. Seýilgähleri döretmekligiň belli kada-kanunlara esaslanýan ýörite düzgünleri bolupdyr. Şol kada-kanunlar düzgünler gündogaryň beýik şahyry Nowaýa bagyşlanyp XV asyrda döredilen «Irşad az-Zera`a» («Ekerançylygyň kadalary») eserinde öz beýanyny tapypdyr. Eseriň «Nahallaryň, gülleriň, agaçlaryň, hoşboý ysly ösümlikleriň ekilişi, çarbaglaryň gurluşy we onuň gurluşygynyň yzygiderliligi hakynda bap» atly bölüminde seýilgähiň döredilişiniň yzygiderliligi, şitilleriň, agaçlaryň oturdylyşy, gülleriň ekilişi, seýilgähiň baş binasy bolan «ymaratyň» galdyrylyşy yzygiderlilikde beýan edilýär. Eserde çarbagyň hökman inedördül ýa-da dörtburç görnüşde bolmalydygy, onuň demirgazyk tarapynda çarbagy ikä bölýän ýodanyň başlanan ýerinde bolsa, esasy bina bolan ymaraty (köşk) gurmaklyk maslahat berilýär. Soňra eserde çarbagyň gurluşy jikme-jik beýan edilýär:
«Çarbagyň daşyna, diwardan üç zer [1 zer - 50 sm] daşlykda bir zer giňlikde joýa çekilýär we joýanyň diwar tarapyna örän owadan derek agajyny ekýärler. Joýanyň çarbag tarapynda gyrymsy ösümlik bolan susan [iris] ekmeli we üç zer giňlikde ýodajyk goýup, onuň hem gyrasyna bir zer aralykda susan ekmeli. Joýanyň diwar tarapynda ekilen derekleriň garşysynda bäş zer daşlykda erik agajyny ekmeli. Her düýp erik agajynyň arasy sekiz zer daşlykda bolmaly. Erik agaçlarynyň arasynda bolsa gyzyl gülli şetdaly ekmeli we ýene-de öňki ekilen erik agaçlarynyň her birinden bäş zer daşlykda ýene-de erik agaçlaryny oturtmaly, olaryň arasyna bolsa gara üzüm ekmeli. Çarbagyň içindäki ymaratyň öňünde serhowuz gurmaly we çarbagy deň ikä bölýäň uzyn boşlugyň ortarasyndan joýa geçirip, ony howuz bilen birleşdirmeli. Joýanyň iki tarapyna her hili gyrymsy gülleri we susanyň göräýmäge örän owadan ýönekeý we «hünjüri» diýlip atlandyrylýan görnüşlerini ekmeli. Agzalan joýanyň iki tarapynda gezim eder ýaly ýodajyk galdyrmaly. Şundan soň ýodajyklaryň çarbag tarapyndan uzyn zolak goýup, ýorunja ekmeli. Ýorunjaly zolakdan aňyrda «çar-çemen» [dört çemenlik] diýlip atlandyrylýan dört sany gyradeň mellek etmeli. Birinji mellekde üzüm, ikinjisinde – beýi, üçünjisinde – şetdaly, dördünjisinde – armyt ekmeli. We, dört mellegiň her biriniň daşyna agaçdan germew edip, birinji mellekde gök benewşe, susan, zagpyran, nerkes, adaty we üýtgeşik bägülleri oturdýarlar; beýleki mellekde bag we dag çigildemini, durdiguş, göküli, adaty we ak meýdan susanyny, anemon [dürli reňkdäki güllije ösümlik], üçünjide - mawy jasmin, sary pion [bezeg ösümligi], sary benewşe, gül ýaprakly çigildem we gijegözelini ekmeli. Ýene-de, dördünji meýdançada biri-biriniň yzyndan yzygider gülleýän sary jasmin, gümişaş-mahy, zenbuk, liliýa, gülleýän burç, limon susany, hatmy-hataýy, ak jasmin, jamany-afruz, hytaý çigildemi we mahmalgül oturtmaly. Agaç germewleriň gündogar we günbatar taraplarynda itburun ekilýär, howzyň demirgazyk tarapynda ýene-de iki sany itburun oturtmaly.
Howzyň ölçegini ýigrimi zer edýärler ýa-da nähili oňaýly bolsa, şonuň ýaly ölçegde gurýarlar. Eger-de çarbagyň içindäki köşk bagyň has içiräginde gurulan bolsa, onuň töweregine çynar bilen bidäne tut oturtýarlar, köşgüň gündogar tarapyna golaý ýerde ülje bilen alça, köşk bilen howuzyň aralygyndaky meýdançada bolsa gyzyl pion ekilýär».
«Irşad az-Zer‘a»-da orta asyr nusgalyk seýilgähleriniň atlary hem getirilýär: «Bagy-Nagşyjahan», «Bagy-Behişt», «Bagy-Boldy», «Bagy-Şemal», «Bagy-Belent», «Bagy-Zagan», «Bagy-Çynar», «Bagy-Meýdan»…
Taryhy çeşmeden görnüşi ýaly seýilgähi döretmek üçin birnäçe şertleriň bolmagy aýratyn zerur bolupdyr. Şol şertleriň birleşip emele getirýän umumylygy bolsa çarbagyň bitewi bir zat hökmünde kemala gelmegine ýardam edýär.
Türkmenistanda çarbagyň döredilmeginde we onuň ýaşamagynda akar suwuň bolmaklygy esasy şert hasap edilýär. Içine we gyralaryna daş örülen joýalar seýilgähiň içinde özboluşly bir gurluşyk desgasy bolupdyr. Türkmenistandaky çarbaglaryň aglabasy düzlükde ýerleşendigi üçin suw çuwdürimleri seýrek gurlupdyr, ýöne oňa derek serhowuzlaryň her hili görnüşleri döredilipdir. Serhowuzlar hakykatdan hem Türkmenistanyň ýerinde we türkmenleriň höküm süren dürli ülkelerindäki seýilgähleriň ählisinde bardyr. Şu ýerde «Şasenem-Garyp» dessanyndan bir setir ýada düşýär: «Bagyň ortasynda bir howuz bardy. Onuň degre-daşy gülşen lälezarlykdy». Şeýdaýynyň «Gül-Senuber» dessanynda-da şeýle setirler göze ilýär: «… Senuber bulardan rugsat alyp gitdi, birnäçe gün ýol ýörip barur erdi, nägäh gözige bir serhowuzly çarbag göründi»
Türkmenleriň Sefewi we Osmanly döwletleriniň seýilgählerinde suw çüwdürimleri köpçülikleýin gurlupdyr. Osman türkmenleriniň paýtagty Stambulda soltanlar tarapyndan ýerasty suw akabasy arkaly köpsanly çüwdürimler döredilipdir. Aýratyn hem Topgapy köşgüniň içindäki seýilgäh suw çüwdürimleri bilen tapawutlanypdyr. Sefewi türkmenleriň döwletinde hem seýilgähçilik sungaty ýokary derejelere ýetipdir. Bu döwletiň taryhynda onuň üç sany paýtagty bolup, olaryň üçüsi hem gözel çarbaglary bilen şöhratlanypdyrlar. Döwletiň birinji paýtagty Töwrizdäki «Döwlethana», ikinji paýtagty Kazwindäki «Kyrk sütün», üçünji paýtagty Yspyhandaky «Kyrk sütün» köşgi-seýilgäh toplumlary görenleri aňk edipdir. Sefewi türkmenleriň döwletinde seýilgähleriň ýapgyt görnüşleri hem döredilipdir. Olary adatça baýyrlyk ýerlerde ýapynyň ýüzünde döredýärdiler. Şa Abbasyň Yspyhandaky «Hazar-Jerib», Şirazdaky «Bagy-tagt», Aşrafdaky bagy ýapgyt seýilgählerdir. Şeýle baglaryň ortarasyndan ýokardan aşaklygyna suw akdyrylypdyr. Akar suw kä ýerde çüwdürimleri, kä ýerlerde bolsa serhowuzlary emele getirip, ekerançylyk ýerlerine tarap akyp gidipdir. Şa Abbasyň Aşrafdaky seýilgähi ýokardan aşaklygyna gaýdýan ýedi sany egniň üstünde ýerleşip, onuň serhowuzlary, çüwdürimleri, goýy kölegeli baglary we gülleri uzaklardan görnüpdir.
Çarbaglaryň gaýtalanmajak gözelligine olaryň içine her hili guşlaryň we jandarlaryň goýberilmegi hem aýratyn täsir edipdir. Türkmen seýilgählerinde saýrak bilbillerden başga-da Hindistandan getirilýän totyguşlar hem köp bolupdyr. Türkmen baglarynda totyguşlaryň bolandygy XIV-XVII asyrlaryň türkmen suratkeşlik mekdebiniň eserlerinde görýäris. Käbir seýilgählerde towşanlar, keýikler, sülgünler, tawus guşlar hatda şir-peleňler hem bolupdyr. Bagy bag edýän ýene-de bir möhüm şertleriň biri-de onda her hili maksatlar üçin gurulýan binalardyr. Şeýle binalar adatça iki görnüşde bolýarlar. Olaryň biri baglaryň içinde gurulýan haýbatly köşkler, ikinjisi hem aýnaly, aýnasyz eýwanjyklar, telärler, basdyrmalar, ýüpek çadyrlar, tagtajyklar we şasupalardyr. Bagyň aýratyn gözel künjeklerinde bezegli, tutuly, tutusyz tagtajyklar we supalar köp gurlupdyr. Orta asyr türkmen suratlaryndaky gahrymanlaryň köplenç şeýle eýwanjyklarda, tagtajyklarda we şasupalarda şekillendirilmegi ýöne ýerden däl.
Şeýlelikde, nusgalyk çarbagda ösümlikler, haýwanlar, binalar we suw aýraylmaz bir bitewiligi emele getirýärler. Gülleriň we baglaryň ekilişi geň galdyryjy inçelik bilen ýerine ýetirilipdir. Bu ýerde maksada laýyklyk açyk görünýär: miweli agaçlar ep-esli hasyl bermeli, çynarlar we tutlar gyzgyn howada saýa bolmaly, ýorunja ep-esli mukdarda mallar üçin iým bermeli. Çarbagda ýorunjanyň ekilmeginiň ýene-de bir sebäbi bolupdyr: ýorunjanyň wagtal-wagtal orulup durulmagy bagyň içine serginligiň aralaşmagyna täsir edýär we salkyn gijelerde bagyň içine orulan otuň göwnüňi göteriji ýakymly ysyny ýaýradypdyr. Aýratyn hem agşamara orlan ýorunjanyň ýakymly ysy bolýar. Şol bir wagtyň özünde bolsa gözellik hakyndaky aladalar hem göz öňüne gelýär. Deregiň we serwi agajynyň oturdylmagynyň sebäbi daşyndan seredeniňde-de, golaýdan göreniňde-de göräýmäge olar örän owadan görünýär. Joýalaryň gyralaryna «gaýma çekmek» üçin ekilýän özboluşly gül-gunçalar, dürli görnüşli we reňkli güller bolsa ynsan aklyny haýran edýär. Mellejikleriň içindäki köp sanly we dürli görnüşli gülleri şeýle bir akylly - başly ekipdirler welin, olar ýylyň ýyly pasyllarynda biri-biriniň yzyndan yzygiderli açylyp durupdyrlar.
Çarbaglaryň aýratynlygy, olarda bezeg ösümlikleriniň we miweli agaçlaryň iňňän sazlaşykly ekilýänligindedir. Sebäbi çarbaglaryň diňe bir amaly maksatlary (miwe öndürmek) bolman, ol esasan adamlarda gözellik duýgularyny döretmelidi, olara lezzet bermelidi. Aslyýetinde, diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem bütin Gündogarda hem miweli baglaryň bahar gülleriniň gözelligine ýa-da tomus günleri miwelerini güjeňläp oturan goýy ýaprakly baglaryň gözelligine aýratyn sarpa goýulýar. Aýdylanlary XIV-XVII asyrlaryň türkmen suratkeşleriniň eserlerinde beýan edilýän durmuşy we gözellik pursatlary hem tassyk edýär. Gür baglyga bürenip oturan meýdançanyň töweregindäki serhowuzlar, her dürli güller we miweli agaçlar onuň aýdyň mysaly.
Bag hakynda gürrüň edilende taryhy çeşmelerde köplenç miweli ekinler göz öňünde tutulyp aýdylýar we köşgiň aýrylmaz bir bölegi we oňa degişli ýer hökmünde ýatlanylýar. «Çarbag» sözi W.W. Bartoldyň ýazmagyna görä «dört bag» manysyny, has dogrusy «dörde bölünen bag» diýen manyny aňladýar. «Irşad az-Zera-a» eserinde gürrüňi edilýän çarbag hem edil şunuň ýaly seýilgähdir.
Seýilgähleriň ölçegi dürli-dürli bolupdyr. Irki döwürlerde çarbaglaryň umumy meýdany 3-4 ga bolan bolsa, giçki döwürde, meselem, Soltan Söýüniň Hyratdaky «Bagy-Jahanara» seýilgähiniň meýdany 53 ga barabar bolupdyr.
Seýilgähçilik sungaty diňe bir Günorta Türkmenistanda däl eýsem ýurdumyzyň demirgazygynda hem ösüpdir. 1946-njy ýylda belli rus alymy S.P.Tolstow Demirgazyk Garagumda we Üstýurtda arheologiki barlaglary amala aşyrýar. Şonda ol taryhy ýadygärlikleri ýüze çykarmakda uçarlary hem peýdalanypdyr. Geçirilen barlaglaryň netijesinde alym Demirgazyk Türkmenistanyň gadymy we orta asyr şäherleriniň golaýynda ençeme seýilgähleri ýüze çykarypdyr. Şasenemgalada, Döwkesengalada, Akgalada geçirilen barlaglaryň netijesinde S.P. Tolstow diňe bir orta asyrlarda däl, eýsem gadymy döwürlerde-de bu şäherleriň eteginde ajaýyp seýilgähleriň bolandygyny subut etdi.
S.P.Tolstowyň gelen netijesine görä, Şasenem galasy Ýakutyň we Ibn al-Asiriň ýazmagyna görä Suburly şäheri bolup, kemala geliş taryhy boýunça Oguz han eýýamynyň ahyrlarynda ýüze çykypdyr. Şaher aýratyn hem XII-XIII asyrlarda gülläp ösüpdir. Galanyň 200 m çemesi günorta - günbatarynda meýdany 345X370 m bolan orta asyr seýilgähi ýerleşipdir. Elbetde, ýerüstünden seredeniňde ol görünmeýär, emma uçaryň üstünden alnan surat göz öňünde ençeme asyr mundan öň bu ýerde gözel çarbagyň ýerleşendigini görkezýär. Alymlaryň pikirine görä, seýilgäh öz döwründe gazylan kiçijik joýajyklaryň ulgamy bilen ýere edil gaýma çekilen ýaly edilip döredilipdir. Seýilgähi gurşap alan gala diwarlarynyň iç ýuzünden çarbagyň bütin boýuna we inine dürli maksatlar üçin niýetlenilen ymaratlar gurlupdyr. Seýilgähiň demirgazyk - günbatar we günorta-günbatar çüňklerinde, günbatar diwaryň ortarasynda, onuň garşysynda we çarbagyň ortarasynda köşkleriň harabalyklary saklanyp galypdyr. Şasenemiň seýilgähi ony döredijiler tarapyndan 16 sany inedördil bölejiklere bölünipdir we olaryň her birine joýalar çekilipdir. Biziň pikirimizçe bu seýilgäh «Şasenem-Garyp» dessanynda tarypy edilýän Şasenem gyzyň çarbagy bolmaly. Dessanyň bir ýerinde birnäçe wagtlyk aýralykdan soň iki ýaş juwanyň bagdaky duşuşygy beýan edilýär:
«… bu sözden soň Şasenem bagbany çagyryp:
-Eý bagban, bagy arassa kylgyl, men erte ir bilen bag seýiline gelermen – diýdi.
Bagban bagy arassalap, onuň etrapyny keseki adamlara gadagan etdi. Garyp bu işlere düşünip, daňdan baga seýle geldi.
… Elkyssa, ertir irden Şasenem garyndaşlary hem kyrk kenizi bilen baga geldi. Gyzlary topar-topar bölüp, güllere seýil etmäge iberdi. Özi hem bagny seýil etmäge başlady. Birden bir gyz Garybyň gizlenip ýatan gül petdesiniň ýanyna gelip, Garyby görüp gaçdy.
Bagyň ortasynda bir howuz bardy. Onuň degre-daşy gülşen lälezarlykdy».
Şasenem galasyndan 90 km demirgazykda ýerleşýän Döwkesen galasynyň hem gözel çarbagy bolupdyr. Döwkesengala XVI asyrda bu ýerde bolan iňlis syýahatçysy A.Jenkinsonyň gürrüňini berýän türkmenleriň Wezir şäheridir. Wezir şäheri hem Türkmenistanyň gadymy şäherleriniň biri bolup, saklanyp galan şäher ýadygärlikleri, şol sanda bizi gyzyklandyrýan seýilgäh, bu şäheriň Gündogaryň gözel merkezleriniň biri bolandygyny güwä geçýär. Wezir şäheri we onuň ajaýyp seýilgähi alym M.A.Orlow tarapyndan öwrenilipdir. M.A.Orlowyň hasaplamalaryna görä, Weziriň çarbagy XIV-XV asyrlarda esaslandyrylypdyr. A.Jenkinsonyň şaýatlyk etmegine görä, Wezir şäheri XVI asyryň ortalarynda Hywa hanlarynyň Uzboýyň öňüni baglamaklary bilen pese düşüp başlaýar we ahyr soňunda harabalyga öwrülipdir.
1947-nji ýylda nobatdaky gözlegleriň netijesinde S.P.Tolstowyň baştutanlygyndaky topar Sarygamyşyň töweregindäki Akgalanyň golaýynda alnyp barylan uçarly barlaglaryň netijesinde ýene-de bir seýilgähiň yzlaryny ýüze çykarýar. Akgalanyň seýilgähiniň yzlary Şasenemdäki we Wezirdäki seýilgählerden has gowy saklanypdyr we uçardan onuň gurluşy açyk görünýär. Seýilgähiň daşyna çig kerpiçden beýik haýat gurlup, onuň umumy meýdany 210Х220 m barabar bolupdyr. Akgalanyň inedördül seýilgähi hem öz içinde 16 sany inedördüle, olaryň käbirleri bolsa öz içinde ýene-de ownuk inedördillere bölünipdir. Seýilgähiň ortarasynda, bagy ikä bölýän uly ýodanyň ugrunda serhowuz görünýär. Howuzyň meýdany 12Х12 m barabar bolupdyr.
Siwilizasiýanyň ösen ojaklarynyň biri bolan gadymy Daşoguz topragynda başga-da Şemaha, Şirwan, Diýarbekir ýaly ençeme şäherler bolup, olaryň hem eteginde ajaýyp seýilgähler ýerleşipdir.
Umuman aýdylanda, seýilgähçilik sungaty gadymy hem baky juwan ýurdumyz Türkmenistanda Gadymy Nusaýyň, Merwiň, Köneürgenjiň, Sarahsyň, Amulyň we köp sanly beýleki şäherlerimiziň gözel çarbaglaryndan häzirki – Altyn asyrymyzda esaslandyrylan Garaşsyzlyk seýilgähine çenli köp müňýyllyk taryhy ýoly geçipdir. Çingiz hanyň we Agsak Teýmiriň ýykgynçylykly ýörüşlerinde ýandyrylan köşkler, öri meýdana öwrülip, gölüstanlyga gark bolan seýilgähler ençeme asyrlardan soň indi gaýtadan dikelýär. Altyn asyrmyzda gurlan köşkleriň haýsy birini alsaň tapawudy ýok, olaryň daş-töweregi gözel çarbag – ajaýyp seýilgäh.
Hawa, seýilgäh gurmak niredendir bir ýerden nusga alnyp, täze döredilen nysak däl eken. Ol halkymyzyň gadymyýetde döreden, asyrlaryň jümmüşinden gelýän inçe sungaty.
Jumadurdy ANNAORAZOW,
taryh ylymlarynyñ kandidaty.
Ösümlik dünýäsi