22:28 Türkmeniñ Gara Seýitlisi | |
TÜRKMENIŇ GARA SEÝITLISI
Edebi makalalar
Ýigriminji asyryň şygryýetiniň belent gaýalarynyň biri Gara Seýitliýew hakyndaky gürrüňimi onuň galamdaşlarynyň jaýdar bir sözi bilen başlamak isleýärin. Okyjylar bilen geçen duşuşyklaryň birinde ýazyjy Gurbandurdy Gurbansähedow şeýle diýipdir: «Men şu şahyra aşyk». Bu söz şahyr Kerim Gurbannepesowa ýaran bolarly. Ol soň şu pikiri şeýleräk ösdürdi: «Şol şahyra menem aşyk. Gyz-geline aşyk bolmak — adaty zat. Emma erkek kişiniň erkek kişä aşyk bolmagy, onda-da şahyryň şahyra aşyk bolmagy — ullakan zat. Bütin okyjylar köpçüliginiň aşyk bolmagy — bu hasam belent zat. Ony gazanmagy başarmak gerek». Bu ýerde gürrüň türkmeniň meşhur şahyrlarynyň biri Berdinazar Hudaýnazarow hakynda barýar. Ýöne şu ULY SÖZÜŇ tutuşlygyna Gara Seýitliýewe-de degişlidigini men yzymyzdan gelýän nesliň öňünde çekinmän aýdyp biljek. Onuň döredijiligine-de, özüne-de aşyk bolmazlyk mümkin däldi. Baryp- baryp «Pogonly gyzdan» başlap, «Gaşy sürmelä» çenli beýik şahyryň döredijiliginiň şa derejesi ýatyr. Hindistanda ýyl aýlanýar ýaz bilen, Hindi gyzy, ömrüň seniň ýaz bolsun. Hindistanda ýaşaýarlar saz bilen, Hindi gyzy, ömrüň seniň ýaz bolsun. Ýa-da: Ýörişiň messan-messan, Her bakyşyň bir dessan. Seni dünýä bagş eden, Gözel ülke Hindistan. Ýa-da: Seniň röwşen gözleriň Gözlerimde saklansyn. Gara saňa aşyk diýip, Goý, çaklansa çaklansyn. Geliň, şu nurana sözleriň üstüne türkmeniň owadan ýürekli kompozitory Aman Agajykowyň hiç wagt könelmeýän «Süýji arzuwlar», «Guwlar gelipdir» diýen aýdymlarynam goşalyň! Kompozitor Daňatar Öwezowyň göni ganyňa dolýan meşhur aýdymlaryny ýatlalyň! Hojaw Annadurdyýewiň mahmal sesine gulak gereliň! Indi pikirimizi ösdüribereliň! Ýigriminji asyryň şygryýetinde ol, lap edip aýtdygym däl, Gürgenjiň diňi ýaly belentlikdi. «Arzuwlap», «läleläp», «tumarlap», «ezizläp» diýip başlanda, ony hiç kim bilen garyşdyrjak gümanyň ýokdy. «Milli şahyr» diýen gürrüň orta atylsa, biz, elbetde, hemişe Magtymgulydan başlaýarys. Soňy uly sanaw bolýar. Şol sanawda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýewiňem ady hökman bolaýmalydyr. Asyl onuň näderejede milli şahyrdygyny subut etmek üçin onlap mysal ýa deňeşdirme hökman däl. Mysal üçin, ýekeje goşgusyndan ikije setir ýeterlik. Zülpleriňi ogşap-ogşap örmeli. Ýa-da: Gülabyň gaýmagy dodagyň seniň. Şu setirleri hamyryň türkmen bolmasa, ene hüwdüsini ene diliňde diňlemedik bolsaň, ömürem ýazyp bilmersiň. Yzyny diňläň! Onuň uly poeziýasynyň ruhy howasy, belent galkymy, ene topraga, il-ýurduna wepadar- lygy, kalbynyň jomartlygy geçen asyryň Kerim halypanyň aýdyşy ýaly, kyrkynjy-ellinji ýyllarynda türkmen edebiýatynda täze şahyrana nesli orta çykardy. Bar eneler garraýarlar dünýäde, diňe sen garraňok, ene topragym. Ine, şu setirlere-de siňňin aralaşjak boluň! Meni başga hiç bir ataş ýakmady, Hijranyň oduna ýanyp agardym. Meni başga hiç bir saky ýakmady, Hijranyň meýinden ganyp agardym. Onuň doglanda aýdym bolup dogulýan şygyrlary (şu ýerde başga söz diýmek asla mümkin däl!) irki baharlar ýaly öz-özünden owazlanyp, uçup-uçup gidýär. Bagyr obasynda gördüm özüni, Bir maral kürt gyzy güldi-de gitdi. Ýa, ynha şu setirler: Daň şemaly öper oýnar zülpüňi, Men oýnasam, sen oýnama diýýärsiň. Alla berende şeýle bolýandyr, meger. Munda, şu setirleriňözünde, sazam bar, bilbil owazam bar. Şonuň üçin juda bir kör göwün bolaýmasaň, öz-özi aýdylyp dur. Şol akaba Daňatar Öwezow bolup girseň, ol sözler durnalar ýaly belent uçar! Annaberdi Atdanow ýa Aýdogdy Gurbanow bolup girseň, adyňy Halkyň HAKYDASYNA ýazdygyňdyr! Biz, türkmenler, buýsanmaly zada milli ruhumyz bilen guwanyp bilýändiris. Men şu sözleri öz neslimiň adyndan arkaýyn aýdyp biljek: derejeli şahsyýet hökmünde-de oňa gözüň gitmezligi mümkin däldi. Islendik ýerde: «Ine, türkmen diýeniň şuň ýaly bolmaly» diýip görkezäýmelidi. Sowatly-zehinli, nazarkerde, on iki süňňi türkmen. Ýurduň, iliň bähbidi onuň üçin iň uly mukaddeslikdi! Birwagt «Puşkiniň dostlary» diýen nurana kitap okanym ýadyma düşýär. Ynha, owadan jiltli iki kitap. Puşkiniň wepadar dostlary. Russiýanyň Puşkini bolsaň, wepadar dostlaryň iki tomluk bor. Ine, şonda dünýä inen setir. Ýogsa-da Gara Seýitliýewiň golaý dostlary hakynda nähili kitap çykarmak mümkin? Onsoňam diňe Gara Seýitliýewiňmi näme? Hany goja Kerbaba, Ata Gowşut, Nurmyrat Saryhanow, Beki aga, Hydyr aga, Kerim aga, Mämmet aga ýene-de bir topar agalar. Şeýle kitaplar biziň bagtyýar döwrümiz üçin şa hazynasy bolardy. Biz nesil yzlap gidýäs ahyryn. Onsoňam biziň halkymyzda: — Dokan halyňy ýaz, men seniň kimdigiňi aýdaýyn — diýen ýörgünli düşünje-de bardyr. Ata-baba ýörelgämizi dostlara geçirsek, hemmesi düşnükli bolar. Dostuň bürgüt bolsa daglara elter! Şu meselede Gara Seýitliýew bagtly kişidi. Onuň dostlarynyň hemmesi diýen ýaly bir halkyň SÜTÜN adamlarydy. Şu ýerde munuň düýp sebäbine düşünmek gerek: ONUŇ ÖZI DOST BOLMAGY başarýardy. Şahyryň ýagşy sözi, owadan ýüregi hat-da duşmanyndanam dost ýasap bilýärdi. Türkmeniň tutumly toýlarynda onuň çal başyny silkip aýdan owadandan-owadan sözleri şindem gulagymdan gidenok. Geliň, indi ouň dostlaryna dolanalyň. Sahy Jepbarow, Berdi Kerbabaýew, Daňatar Öwezow, Hojaw Annadurdyýew, Allanazar (Baý aga) Rejebow, Aman Agajykow, Kerim Gurbannepesow. Bu dostluk gol-pudak ýaýradan uly dostlukdy. Aň edýän bolsaňyz, «Nusgawy edebiýat» diýen düşünjä metbugat sahypasynda kän gabat gelýänsiňiz. Gara Seýitliýewiň, Daňatar Öwezowyň, Hojaw Annadurdyýewiň, Aman Agajykowyň döredijilik dostlugyny eger şeýle diýmek bolýan bolsa, men NUSGAWY DOSTLUK atlandyrardym. Olaryň zehin geňeşi türkmeniň aýdym-saz sungatyny täze bir belentlige göterdi. Hormatly okyjym, gel, bir pursat geçen asyryň ellinji-altmyşynjy ýyllaryna dolanaly. «Hally gözel», «Daň şemaly», «Balykçynyň aýdymy», «Süýji arzuwlar», «Guwlar gelipdir», «Leýla». Olaryň yzysüre «Gaşy sürmeli». Nusgawy diýseň, nusgawydyr, heý, kemi barmy? Şularyň üstüne beýik Sahy Jepbarowyň «Şahyrymynam» goşsaň, gözelligiň giden birbossany emele geler. Ine-de aýdymçylar: Hojaw Annadurdyýew, Aýdogdy Gurbanow, Annaberdi Atdanow. Zehinler il-ýurt derejesinde birleşende gudrata aýlanýar. Bu gezegem şeýle boldy: Kämile ýeten sene tutuş bir nesli terbiýeledi. Çünki ol Sözler çyndy! Çünki ol Sazlar çyndy! Çünki ol Mahmal sesler çyndy! Çyn ýürekden çykan söz-de ölenok. Çyn ýürekden çykan saz-da ölenok. Ýürekden çykmasa söz-de bolanok. Ýürekden çykmasa saz-da bolanok. Şeýledir, halypa, ýürekden çykan sözüň oýny başgadyr. Özüňiz bilýäniz-ä: diňe ýürekden çykan söz ýürege «Ylkam» seýilgähinde ýol salyp bilýär! Ýürek odunyň howry «kagyzy tutaşdyryp», «eliňdäki döwedi titredýär!» Gara Seýitliýew bilen Kerim Gurbannepesowyň uly dostlugy hakynda bolsa Mukaddes kitaby — Kurany-Kerimi orta goýup gürläsim gelýär. Meniň bu sözlerimiň birbada birhili geňräk görünmegem mümkin. Ýöne geň görüp oturasy iş ýok. Kitap Gara Seýitliýewiňki. Özi okandan soň dosty Kerim Gurbannepesowa sowgat beripdir. Sowgatlyk ýazgynyň astynda şu sene dur: 1963-nji ýylyň 30-njy oktýabry. Soň iki şahyryň goly. Şol döwürde Gara Seýitliýew Türkmenistanyň medeniýet ministri eken. Şol döwürde Kerim Gurbannepesow Ýazyjylar birleşiginde işleýän eken. Iki dost, iki kommunist, iki şahyr. Ine-de, Kurany-Kerim. Türkmeniň iki sany beýik şahyry şol döwürde birek-biregi Kuran bilen hatyralapdyr. Şeýdip, Gara Seýitliýew iň kämil goşgularyna — «Adam we dünýä» tapgyryna ýetipdir! Şeýdip, Kerim Gurbannepesow «Ýazmasy agyr düşen goşga» ýetipdir! Gara Seýitliýew ýaly guýmagursak şahyrlar hiç haçan öz mähriban halkynyň ykbalyndan gitmeýärler. Onuň ajaýyp aýdymlary, durşunaowaz şygyrlary Arkadagly beýik zamanamyza öz sesini goşup, ýaşap ýör. Olarda güýç bar, olar il-güne gerek. Ine, muňa ýalkanmak diýerler! Ýene-de bir buýsanmaly ýagdaý hakda bir oýnam ýagşy söz aýtmasam, şu ýazgymda dolulyk bolmaýar. Nähili buýsançly: beýik zamanamyz diňe dirilere däl, eýsem, jahandan gaýdanlara-da hossar çykdy! Goja Kerbabadyr Ata Gowşut geldi bir ýerden, hanha-da, Kerim Gurbannepesdir Mämmet Seýit gelýär! Ýoluň aýdyň, halka howandar BEÝIK ZAMANAM! Baýram JÜTDIÝEW, Türkmenistanyñ halk ýazyjysy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |