10:59 Türkmenistanym | |
TÜRKMENISTANYM
Goşgular
Ak jerenler ymgyr çöllerde joşar, Ýaşylbaş sonalar köllerde joşar, Men bilbilem, göwnüm güllerde joşar, Güldür, gülüstandyr Türkmenistanym. Aýdym gury sesdir, sazy bolmasa, Toýlar joşmaz, gelin-gyzy bolmasa, Bossanlar bark urmaz, ýazy bolmasa, Bahardyr, bossandyr, Türkmenistanym. Adamlar tanalar akyl-duýgudan, Myrada ýetenler dynar gaýgydan, Ylham joşa geler tämiz söýgüden, Dilimde dessandyr Türkmenistanym. Geýim görki öñi bilen ýan diýrler, Öýleriñ bezegi ak juwan diýrler, Adam diriligi tende gan diýrler, Damarymda gandyr Türkmenistanym. Belent çykar barly öýüñ tütüni, Gaýratly är müner bagtyñ atyny, Munda azatlygyñ mermer sütüni, Keýp-sapasy kändir Türkmenistanyñ. Mertler äşgär bolar synag düzünde; Ýalpyldap ot ýanar gara gözünde, Ýeriñ gatlarynda, gögüñ ýüzünde At alan pälwandyr Türkmenistanym. Ýeke däl, jana-jan dosty-ýary bar, Pähimli-paýhasly howandary bar, Watan dawasynda arslan-şiri bar, Şöhratdyr hem şandyr Türkmenistanym. Saýra sen, şeýda bol, Juma Ilmyrat, Böwsülip, basyldy gaýly harasat, Bu toý saba ylham, güýç bilen gaýrat, Döwletli döwrandyr Türkmenistanym. 1944 ý. Juma ILMYRADOW. | |
|
√ Söýer ýaly / Goşgular - 21.10.2024 |
√ «Bolanok — diýipdiň — bir ýylda iki...» / Goşgular - 23.10.2024 |
√ Zehi zatyň nahany, ol nahandan masewa peýda... / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Eşraget min felekil-behjeti şemsun we biha... / Goşgular - 26.08.2024 |
√ Ýarym degişme / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Naýynsap / Goşgular - 01.11.2024 |
√ Yşarat / Goşgular - 10.10.2024 |
√ "Söýüň gül roý ajap enelerimizi" / Goşgular - 19.07.2024 |
√ Biz üçin üýtgemez pelegiň bolşy / Goşgular - 29.10.2024 |
√ Sadyk her guly / Goşgular - 02.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |