17:40 Watan | |
Juma ILMYRADOW
Goşgular
Şahyryñ sowet döwründe çap edilmän galan goşgulary ▶ WATAN Ene başy dik bolsa, balasyna bagtdyr, Arşa ýeten bagtyña bu janym gurban, Watan. Zürýadynyñ wepasy ata güýçdür-kuwwatdyr, Damarymda öz pendiñ gaýnap duran gan Watan. Hyzmatyñda ýadasam, çeýnesin wyždan, Watan. Külün göge sowurdyñ zulmuñ ~ ýowuz külpetiñ, Tapdy sende bagtyny by agzybir milletiñ. Suwuñ - bal, topragyñ zer, yranmazdyr döwletiñ, Çar tarapdan eñip dur goýnuña myhman, Watan, Ak Güneşi şypaly, howasy derman, Watan. Berk bedeniñ taplandy göreşleriñ odunda, Zarbaña duçar bolan saklar mydam ýadynda, Parahatlyk şygary diliñde her ädimde, Hossarsyza gamhor sen, syraty pälwan Watan. Uzaklarda, ýakynda her kese aýan Watan. Pyragyñ mähri siñen doganlygyñ diregi, Adamzat ykbalynyñ ähtibary, goragy, Bu gowgaly dünýäniñ sende sagdyn ýüregi, Nuruñ bilen günsaýyn ýagtylýar zaman, Watan. Arassa asmanyñda görünmez duman, Watan. Kamatyña şan berip öwsende dañ şemaly, Gör, neneñsi görkana her künjegiñ jemaly, Gözellige görk berýär çölüñ mele kanaly Heý, bolarmy baryny aýdyp sanma-san, Watan Göwsüñ dply desgadyr ~ san ýeterden kän, Watan. Toýuñ toýa ulaşyp, bu gün dolduñ ýaşyñy, Gutlag aýdyp dostlaryñ, gurşap durlar daşyñy, Gür ber bagt ýolundan, silkip belent başyñy, Türkmenistan adyñ bar, baky bagtystan, Watan, Agzybirlik şygary ~ sowulmaz döwran, Watan. ▶ GYŞ Gaýmala, gar, Gaýmala, gar, Gökden ýere eñ-de dur, Ereme hiç, Ýaza deñiç Ýere düş-de, doñda dur. Meýdana ak ýorgan bolup, Ýazyl, akja garym, ýazyl. Señ üstüñde ogar-ogar Oýnamak, gör, neneñ hezil. Doñ, kölümiñ üstünde sen, Ak düşekçe bol-da ýazyl. Ak düşekde typyp-typyp, Oýnamak, gör, neneñ hezil. Kä gaýmala, Ak gaýmaly Kä dürsäp ýag, käte syrap. Sen deý päklik küýseýärin, Äpişgämizden garap. ▶ PAGTA Köp goşgular ýazdym pagta hakynda, Köp çaýlar sowatdym meñzetme gözläp. Köp gyjytlar berdim öz zehinime: "Körçeşmä döndüñ-le, joşmazmyñ dyñzap". Bu ýazýan zatlarym göwnüme jaý däl, Galyp bolmazmyka belendräk perdä?! Şu owadan zadyñ waspy ýetmese, Men senden nägile, ýagdaýñy gör-dä! Zehin joşa gelýär bolup bilşinden, Men ýazýaryn ony düre meñzedip. Kamatyny tämiz gara meñzedip, Gymmatyny altyn-zere deñ edip. Şeýdip, köp goşgular ýazdym o hakda, Köp çaýlar sowatdym, güýçli söz gözläp. Ahyr paýhas ýetip geldi kömege, (Beýle ahwalaty bolarmy gizläp?). Dogry, şahyrçylyk kesbi belentdir, Pagtanyñan şonça waspy belentdir. Belentdir ol bir meñzetmä sygardan, Çünki, onuñ özi tüýs şygryýetdir. Ine, şeýle eken pagtanyñ syry, Eýsem, näme goýjak onuñ deñinde?! ...Ir säherden ýüzlendim-de meýdana, Tagzym etdim pagtaçynyñ öñünde. | |
|
√ Liwanda şu pursat kyýamat gopýar / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Eý, dynç bilmeýän şemal... / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Geçmişden bir ahwal ýa-da Sanjar hekaýaty / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Быть блондинкой... / Goşgular - 26.07.2024 |
√ Söýer ýaly / Goşgular - 21.10.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 09.07.2024 |
√ Oglan wagtymyz... / Goşgular - 17.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |