01:11 Türkmenleriňkide ýesirlikde | |
TÜRKMENLERIÑKIDE ÝESIRLIKDE
Taryhy makalalar
• Annotasiýa ýerine awtordan Men Eýrana döwlet edaralarynyň birine gullukçy bolup ýerleşerin diýen niýet bilen gelipdim. Ýöne, meni gyzyklandyrýan harby wezipeleriň ählisi eýýäm eýelenen eken. 1860-njy ýylyň mart aýynyň aýagy. Nasreddin şa öz jylawdarlarynyň birini iberip, Horasanyň gündogarsyndaky Türkistan welaýatlaryna ugradyljak ýaragly ýörişe habarçy hökmünde gatnaşmaklygy maňa teklip edeninde, men başga ýurda ugramak üçin taýýarlyk görüp ýördüm. Bu ýöriş türkmenleriň pürsiýan welaýatlaryna häli-şindi edip durýan yzygiderli çapawulçylygyndan dynmak üçin guralýardy. Bu teklibi kabul etmek bilen, men söweş meýdanynda toplajak ähli habarlarymy, belliklerimi, çyzgylarymy we eksizlerimi, şeýle hem geografiki kartalarymy şanyň huzuryna iberip durmaga borçlanýardym. Öňräkden bäri Eýranda ýaşap gelýän ýewropalylaň maslahatyna eýerip, ýörişe ugralmazyndan öň men şertnama baglaşylmagyny gazandym we ol şertnamany Fransiýanyň Tährandaky wekilhanasynda resmi bellige aldyrdym. Bu şertnamada Eýran hökümeti, bilip bolmaz, men ýesirlige düşäýsem, meni bendilikden boşatmak üçin gerek boljak pul serişdesini çykarjakdygyna kepil geçýärdi. Şu kepilnama bolsa, meniň ýatlamalarymda ýazylyşy ýaly, uzak wagtlap bendilikde oturmakdan meni halas etdi. l. SYÝAHAT Tähran -Maşat. Reýiň minarasy. Parslaryň gonamçylygy. Pürsiýan gatyr ýurtlary. Minaraly oba. "Semnanyň gyşyk" diňi. Şahrut. Russiýa bilen söwda. Abbas abat hakynda rowaýat. Mazinan. Nädip gubernator bolmaly. Salgytlar. Bir minara üçin alnan ar. 12 müň siýadan. Uçýan tagt. Lagly-merjenli derweze. Ganly çynarlar. Maşat. Iň soňky tapgyrlar we pars obalaryndan ýörişe gatnaşmak üçin gelen toparlar 1860-njy ýylyň 31-nji martynda Tährandan çykyp, Maşada ugradylar. Munuň özi - pyýada polky bilen kürtleriň toparyndan, şahsöwenlilerdir topçular batareýasyndan ybarat. Dört günden soňra menem ýabyly, bäş sany gatyra goş-golamlarymy ýükläp, gatyrçynyň we iki sany hyzmatkäriň ugratmagynda ýola düşdüm. Maňa üç sany perman ýazyp beripdiler: birini ýörişe ýolbaşçylyk edýän generala we goşunbaşylara, ikinjisini Maşatdaky Ymam Ryzanyň guburynyň müjewürlerine, üçünjisini bolsa, Alyhezretleri şanyň jylawdarlaryna görkezmelidim. Men Tähranyň "Abdylazym şah" derwezesinden çykdym. Daş-töweregi ýykyk-ýumruk daş diwarlardan, hek ýakylýan peçlerden we kerpiç zawodlaryndan doly şäher yzda galansoň, men Horasanyň ýoluna düşdüm. Bu ýol kert gaýalaryň üsti bilen Elburz dag bölegine çenli uzaýardy. Men bu dagyň eteginde birnäçe kw.mil meýdany tutup oturan Reýiň harabaçylygynyň suratyny çyzga geçirmek üçin aýak çekdim. Harabaçylygyň ortasynda bir mongol şasynyň guburynyň üstüne galdyrylan, il arasynda "Reýiň diňi" diýip atlandyrylýan gümmez seleňläp otyrdy. Ondan biraz aňyrda, daga has ýakyn ýerde "Reýiň dňine" meňzeş ýene-de bir diň görünýärdi. Gadymy arap ýazgysyna seredeniňde, onuň hijri ýyl hasabynyň irkiräk döwürlerine degişlidigini bilmek bolýar. Ol ýonulmadyk daşlardan galdyrylyp, ýokarlary kerpiçden örülendi. Onuň ýokary başynda şeýle ýazgyny okamak bolýar: "Ýaradan Rahman Allanyň haky üçin Safel Seýit Fare ogly şu gümmezi galdyrmagy buýurdy. Goý Hudaý onuň özüniň, atasynyň we enesiniň günäsini geçsin". Ýoluň golaýynda, gadym wagtlarda köne Reý şäheri ýerleşen dagyň ýapgydynda parslaryň gonamçylygy bardy. Bu gonamçylyk 50-60 metr giňlikdäki we beýikligi 5 metre golaý minaradan ybarat. Içi bolsa töweregine daş örülen kiçijik çukur şekilli böleklere bölünen. Her çukuryň göwrümi bir adamyň göwresine barabar bolup, içinde gödeňsi daşlar düşelipdir. Çukurlaryň biri ýerzemine girelge bolup hyzmat edýär. Jesetleri güne guradyp etleri kakansoň ýerzemine ýerleşdirýärler. Ölülere jalbar, köýnek geýdirilýär, başyna-da bir ýaglygy selle oran ýaly oraýarlar. Ýaglygyň uçlary onuň eginlerini hem ýapmaly. Merdiwanyň kömegi bilen ol gonamçylygyň diwaryndan içine aşyrylýar we ýokarda agzalýan uçastoklaryň birine ýerleşdirilýär. Şeýle hem merhumyň jesedini günorta bakdyryp, özünem aýaklaryny aýbogdaşyňy gurlup oturlandaky ýaly çilşirip, ellerini döşüniň üstünde goýup, kellesini guburyň diwaryna söýäp ýatyrýarlar, ýüzüni bolsa ýyrtyjy guşlar gelip, gözüni çokup biler ýaly ýapman goýýarlar. Jaýlap bolanlaryndan soňra parslar guburyň üstüni gapa meňzeş gapak bilen ýapýarlar. Olar ýaňky gapagy daş bilen örüp bekleýärler we diwaryň ýokary gyrasyna berkidilen ýogyn ýüp bilen aşak sallaýarlar. Merhumy getirenler, onuň haýsy gözüni maslykçy guşlaryň birinji çokanyny görmek üçin, birnäçe günläp gonamçylygyň golaýragyndaky beýikligiň birinden seredip durýarlar. Gadymy zoroastrizm dinine uýýanlaryň köre-kör ynanjyna görä, hamala öliniň haýsy gözüniň öňürti çokulanyny bilseň, onuň jennete ýa-da dowzaha düşjekdigini aýdyp bolýarmyş. Dogrusy, diwaryň beýikligi ol ýerde ýatanlary fanatikleriň masgaralamagyndan gorap duranok: çopanlaryň ýa-da ötegçi musulmanlaryň beýigiň üstüne çykyp ýa-da diwardan içine aşyp, ölüleriň ýatan öýjüklerini daşlaýan pursatlaryna seýrek duş gelinmeýär. Gepiň gerdişine görä aýtsak, Eýrandaky hristian gonamçylyklary-da şu keselden azat däldirler. Musulmanlar haçlary nyşana alyp atýarlar, guburyň üstündäki ýadygärlikleri döwüp-ýençýärler. Şeýle gürrüňleriň biri depe saçyňy üýşürse, mundanam beter masgaraçylyk barada gürrüň ýaýraýardy. Şirazda jaýlanan Prussiýanyň ilçisi L.Minutoliniň jesedi gazylyp çykarylyp, eşikleri sypyrylansoň, köçä taşlanypdyr. Men bu gürrüňi şu wakanyň şaýady bolan iki sany ýewropalydan eşitdim. Musulmanlar ölini sylaýarlar, ýöne diňe ol öz dindeşleri bolsa. Tomsuna hem başy garly, Elbruz dagyna çenli uzaýan Tähran düzlügi dagyň üstünden eliň aýasyndaky ýaly görünýärdi. Biziň ilkinji goş ýazdyran ýerimiz bäş farsaklykdaky Hatynabat obasy boldy. Meniň çadyrymy gurduk, ýanymdaky goşlar ýerleşdirilip, gatyrlar gazyga daňyldy. Men bilesigelijilikden we ýene-de käbir duýgulary başdan geçirmek bilen çarwa durmuşyna öwrenişip başladym Dördünji aprelde men kiçijik kerwenim bilen jahan ýagtylyp ugranda ýola düşdüm. Ýolda iňlär siňek ýokdy, ýöremek kyndy, yssa-da çydar ýaly däldi. Ýöne tebigat özüniň gözelligi bilen gözüňi dokundyrýardy. Çep tarapymyzda Elbruz daglary uzalyp gitse, sag tarapymyzda oňa görä kiçeňräk daglar duzly çöllük bilen serhetleşýär. Öýleden soň men alty farsak ýol geçip, Iwanekif obasyna ýetdim. Bäşinji aprelde daň saz berenden ugradym. Üstünden aşmaly dagymyza seredip barşyma, gözümde bir hili agyry duýuldy. Munuň nämedendigine özümem düşünemokdym. Ganym depäme urup, gözüm garaňkyraýan ýaly bolýardy. Men bu hadysany ap-ak ýeriň günüň şöhlesini yzyna gaýtarmagyndan gördüm. Ýere edil gar düşelen ýalydy, şoň üçinem men gözýetimdäki daglara seretmegi bes etdim. Haçan-da biz dagyň ýapgydy bilen ýokaryk galyp başlamyzda, daş-töweregimizde çaşyp ýatan dag kristallaryna gözüm düşdi. Ine şonda, men hälki ýakymsyz duýgynyň nämedendigini bilip galdym. Men özüme bütin ýoluň dowamynda ýoldaş ýolan salgymy öňüme salyp, ýolumy dowam edýärdim, käbir ýerlerde galyňlygy 4 santimetre ýetýän duz gatlagyny görmek bolýardy. Men gygyrsan sesiň dört gezek ýaňlanýan ýerine ýetdim. Ol ýeriň golaýynda alty sany minara daşyna aýlanan dörtburç galanyň ýa-da kerwensaraýyň harabasy bar eken. Ol gowy ýonulan daşlardan salnyp, gurluş usuly boýunça örän seýrek duş gelýän ymaratlaryň hilindendi. Men ýene bir gezek göz gezdirenimde, diwaryň ýüzündäki gadymy arap hatyna gözüm düşdi. Dagyň içinden geçýän geçelge bilen bir sagada golaý ýörämizsoň, biz gurak, iňlär siňeksiz ýerden ötüp, ýüz öýli töweregi ýaşaýjyly Gyşlak obasyna ýetdik. Şular ýaly daşyna diwar aýlanan, birnäçe minaradan ybarat gorag nokady bolan obalar "gala" diýlip hem atlandyrylýar. Şor suwly çeşmejikler bilen bölünýän şorluk ýerden geçip, altynjy aprelde biz Dehinemek obasyna ("Duzly oba") ýetdik. Geçen ýolumyz alty farsaga dagy ýetipdir. Agyzsuwynyň ýetmezçiligi, içiňden geçip barýan ýalyn ýolda biziň burnumyzdan getiripdi. Biziň ýükçi gatyrlarymyzam ysgyndan gaçypdy, şonuň üçinem ýolumyzy gije dowam etmeli diýen karara geldik. Gije sagat onbir: men gatyrçymy turuzjak bolup itiň gününi gördüm, turansoňam oňa mallary suwa ýakdyrtmak maňa iş boldy. Ol yzyny üzmän meni ýarpy ýolda taşlap gitjekdigini aýdýardy. Ýöne ahyrsoňy ol meniň diýenimi etmäge boýun boldy. Döwlet gullukçysy tarapyndan ugradylmak hemişe gowy däl. Olar ýoldaky ähli kynçylyklary deň çekişmeli hem bolsalar, olaryň abraýy ugradylýanlaryň ýaramaz hyzmat edilmegine öz täsirini ýetirýär. Käbir ýagdaýlarda olaryň aýratyn hukuklary bar. Mysal üçin: gatyrçy paç tölänok, ondan başga-da ony harby gulluga-da mejbur edip bolanok. Ýol-transport hyzmatynyň kyn bolan ýurdunda şu agyr käri ýerine ýetirýän adamlara şeýle artykmaçlyklary bermek dogry edilýär. Olar döwlet tarapyndan goşun gullugyna diňe käbir ýagdaýlarda, özünem diňe hakyny öňünden tölemek şerti bilen çagyrylyp bilinýär. Biz ahyry ýarygije ýola düşdük. Kümüş aýyň yşygyna daş-töwerek juda owadandy welin, geçen ýedi farsak ýolumyz öňkilere garaňda, baga seýil eden ýalydy. Gün doganyna iki sagat töweregi wagt geçensoň, baýyrly-dagly ulgamlaryň arasyndan Laskerdiň depesi seleňläp göründi. Laskert özboluşly bir geň oba. Ýaşaýyş jaýlaram ini 200 metr, beýikligi bolsa 20 metrlik minaranyň içinde. Adamboýy girelgeli gapydan içine juda darajyk, gümmez şekilli geçelgejik uzap gidýär. Ol taýda bolsa biri-biriniň üstünden başly-barat gurlan külbeler ýerleşýär. Olaryň deňagramlygy saklap, ýykylman durşuna haýran galaýmaly. Aýagyň bilen ýeri tarpyldatsaň ýeterlik, bütin daş diwarlar sandyrap, aňryňy bärik getirýän porsy ys gelýärdi. Minaranyň ýokary başlarynda onuň ýaşaýjylary pürsdir agaçlary diwaryň daş ýüzüne berkidipdirler-de, üstünden balkon gurnupdyrlar. Laskerdiň ilaty ýüz ýigrimi maşgala bolup, beýlekileriňki ýaly üsti-üstüne tam galdyrynyp başarmadyklar ilatyň sanyna goşulmaýarlar we ýerde gurlan tamjagazlarda ýaşaýarlar. Minaranyň ne içinden, ne-de daş ýüzünden basgançak bardyr. Gün ýaşandan soň çagalaryň bir aýagyndan ýüp daňyp, balkona oýnamaga göýberýärler. Gijelikde çagalaň biri aşak gaçaýsa, onuň sesine ene-atasy gelip, ýaňky ýüpden çekip çagany ýokaryk çykarýarlar. Minaraň gapdallaryndan keseligine haşamly çyzyklar geçirlenligi we onuň aga ýakyn reňkli laýdan salnanlygy üçin Laskerde "Päk gala" ("Kaşaň gala") hem diýilýär. Minaraň girelgesiniň öňünde gurlan kiçijik metjit töweregine özbolyşly görk berýär. Bu howalasy belent galanyň haçan gurlandygyny hiç kim bilenok. Obanyň ýaşaýjylary bolsa, bu galany şu ýerlerde ir wagtlar ýaşan ýagşyzadalar guranmyşyn diýýärler. Ýöne, bir zat welin ap-aýdyň: laskertliler bu gürrüňi ýaýratmak bilen, şu etraplarda ýygy-ýygydan duş gelýän alamançylardan goranjak bolýarlar. Töweregindäki meýdandyr baglardan, daglaryň gögümtil suduryndan saýlanyp duran bu mähnet ak minara diýseň gözel. Bu ýerleri özüniň örän uly, süýji we dänesiz narlary bilen meşhurdyr. 7-nji aprel. Semnan, 7 farsak, göze ýakymly, daşyna diwar çekilgi kiçijik şäher. Ol bir topar ýapjagaz akyp geçýän, ýap-ýaşyl öwsüp oturan meýdanda ýerleşýär. Dagdan akyp gaýdýan ýapjagazlar degirmenleridir baglary, köçelerdir bakjalary suw bilen üpjün edýär. Şäheriň esasy ymaraty syrçaly kerpiçden örülip, täze biçüwde salnan metjitdi. Onuň golaýynda köne minara ýerleşýär. Minaraň ýokarsyna çykmak üçin hersi 37 santimetrlik 90 sany basgançagy öz aýagyň bilen sanamaly. Kiçiräk sütün görnüşinde tutulan düýbüni hem hasap etseň, umumy beýikligi 36 metre ýetýär. Ol demirgazyga tarap gyşarypdyr we ýel-ýagmyryň astynda ýagşyja zaýalanypdyr. Ol kerpiçden, daş ýüzüne dürli nagyşlar çekilip salnypdyr. Men golaýdaky sekileriň birine çykyp, onuň gowurak saklanan ýazgylaryny öz depderçäme belläp aldym. Meniň "Gadymy ýazgylar we ylymlar akademiýasyna" iberen ýazgylarymyň arasynda Semnan minarasyndan göçürip alan ýazgym hem bardy. Şol akademiýadan M. Reýnaudyň iberen habaryna görä, bu minara biziň eramyzyň X-XI asyrlaryna degişli bolup, ony Hezreti Alynyň ogly Hasan saldyrandyr diýlip çak edilýär. Semnanyň ilaty hem edil laskertliler ýaly goňşy welaýatlardaky dilleriň hiç birisine-de meňzemeýän şiwede gepleşýärler. Bu barada şeýleräk bir rowaýat bar: Bir pürsiýan şasynyň öz ýurdundaky ähli şiweler üçin dilmajy bolupdyr. Günlerde bir gün ol semnanlaň dilini terjime edip biljek dilmaçly bolmagy ýüregine düwýär. Şu maksat bilen ol öz mürzeleriniň içinden saýlap-seçip iň bilimlisini Semnana birnäçe wagtlyk ýaşamaga iberýär. Aradan esli wagt geçensoň, şa ony yzyna getiripdir-de, bu dili nähili öwrenendigini sorapdyr. Akyldar goltugyndan içi daşdan doldurylan kädini çykaryp, ony silkeläp şygyrdadypdyr-da şeýle diýipdir: "Şu üýtgeşik şygyrdy ýa-ha semnanlylaň hakyky dili bolmaly ýa-da diňe meniň öwrenenjäm". 9-njy aprel. Semnandan çykyp, dag ýoly bilen dört milräk geçseň, düşlemäge amatly ýere baryp ýetýäň. Ol ýerden şäherdir obalar her ýerräkde bir ýaşyl nokatjyk bolup görünýär. Ýaz gelip Semnanyň bag-bakjalary güllände-de Ahawan geçidiniň töwereginde gar bilen buzdan başga zada gözüň düşmez. Bir kerwensaraý, "Japar han" garawulhanasy we ýene-de bir, bir wagtlar kerwensaraý bolan harabalyk bolaýmasa, bu beýiklikde hiç kim ýaşamaýar. Bärde suwam gyt, onuň üstesine hem duzly, agaç-ugaç ýoklugy üçin biş-düş edinäýmegem hyllalla. Bir çeşmäň gözbaşyna golaý ýerden men guran agaç tapdym. Meniň ýanymda bir ýogyn ýüp bilen palta bardy, onsoň ýaňky agajyň ýogynjak şahalaryny çapyp alyp, ýüp bilen berk saradym. Ýoldaşlarym bolsa ony aşak düşürdiler. Indi biziň nahar bişirmäge-de, mümkinçiligimiz bardy. Kerwensaraýyň garawulyndan bolsa birazrak saman, ýowşandan gaýnadylan ajymtyk toşabyň löderesi bilen sarun çöregini aldyk. 10-njy aprel. 6 farsak juda ýaramaz ýoly geçip, Gonşe geldik, ondan aňrygam üç farsak ýol ýöräp Döwletabat obasyna ýetdik. 11-nji aprel. Damgana çenli aralyk 4 farsakdan uzak bolmansoň, gün gyzmanka baryp ýetdik. Bu şäher Elburzyň bir çeşmeli jeňňeliniň golaýyndaky depede ýerleşýär. Onuň käbir ýerleri juda galyň diwarlary ýykylyşyp ugrapdyr. Bu şäherde bir müň bäş ýüze golaý öý bolup, olar ähli pürsiýan öýleri ýaly çig kerpiçden salnandyr. Ýaz aýlary gök öwüsýän bag-bakjalar jaýlaryň gözgyny halyny basyryp, töweregi gözel görkezýärler. Ýöne gyş gelip tamlaryň ýüzünden nikabyny syranda welin, öňüňde duranyň gonamçylyk däl-de, ýaşaýyş jaýlarydygyna ynanasyň gelmeýär. Gözýetimlik daş-töwerekde ýykylan jaýlardan, käbir ýerräkde bolsa bir wagtlar ekin ekilen meýdandyr gala diwarynyň galyndylaryndan başga hiç zat ýokdy. Bu ýerde önler parfiýalylaryň paýtagty bolan Hekatompil şäheri ýerleşipdir. Damganda ýene-de iki sany minara bolup, olaryň biri şäheriň merkezinde, beýlekisi hem daşynda ýerleşýär. Bu iki minara we beýleki harabalyklar şäheriň araplar basyp alandan soňra hem pajarlap ösendigine şaýatlyk edýär. Damganyň demirgazygyndaky daglykda Çeşme-Aly atly bir çeşme bar. Bu ýerli ýaşaýjylar eger şu çeşmä hapa düşse, Hezreti Aly bimaza bolýar we gazaba münüp, iki-üç günlük, käwagt bolsa hepdeläp ýel bilen ýagşy ar almak üçin şu ýere iberýär diýýärler. Gowy ýeri, gapdalyndaky jeňňel şäheri ýelden ykjam goraýar. Damganyň daglary pisse agajyna basyrynyp otyr. Ol ýeriniň pisseleri hoz ýaly iri bolansoň, hyrydaram köp bolýar. 12-nji aprel. Gije gowy ýörämizsoň, gowy ýerde ýerleşen, ir-iýmişli baglara bürenip oturan Daýmolla obasyma ir bilen baryp ýetdik. Ol ýerde maňa ekspedisiýanyň Şahrutdaky bölüminiň erte-birigün ýola düşäýmeginiň ahmaldygyny habar berdiler. Men ol ýerde birnäçe sagatlap gatyrlara dynç bermek üçin eglendim. Sebäbi olaň ýüküni ýazdyrman geçen ýolumyz öňkülerden iki esse uzakdy. Daýmollalaň aýdyşyna görä, Şahruda çenli 3 farsakdan uzak bolmaly däl. Ýolda men birnäçe daýhana duşdum. Olar menden: "Bu ýerden ýene-de goşun geçermi?" - diýip, soradylar. Men olara Şahrutda yzlaryndan ýetmeli bölümimiň iň soňkulardygyny aýdanymda, olar begenişip, öz aralarynda "Howul bela, sowul bela" - diýen ýaly bir zatlar hümürdeşdiler. Meniň habaryma olaryň näme üçin beýle şatlanýandygyny soranymda, olar maňa şeýle jogap berdiler: "Indi biz apy-tupan sowuldy diýip, arkaýyn öýli-öýümize dolanyp bileris". Ýola ýakyn obalaryň ähli ilaty goşunyň sanynda barýan aňtawçylaryň talaňyndan gorkup, mal-garasy bilen aýagaldygyna daga gaçan eken. Gaçyp ýetişmän, duýdansyz üstüni basdyranlar mal soýup, söwüş edip sypsalar kaýyl bolupdyr. Ahyry garaňkam düşdi, meniň hasabyma görä Şahrut indi hä diýmän öňümizden çykmalydy. Ýöne salgyma çapan ýaly farsaklaryň yzy görnenokdy. Gije sagat 11-de bir batgalyk ýere baryp ýetdik, bu ýerde biziň gatyrlarymyz birnäçe gezek batga batyp, büdüräp egledi. Gije ýarymdan agansoň, Şahrudyň kerwensaraýlarynyň birine zordan özümizi atdyk. Şahrudyň daşyna diwar aýlanyp, iki müň töweregi öýlini içine alýar. Şäheriň diwarlarynyň daşynda hem ýene-de şonçarak jaý bolup, meýdanda bag-bakjalaň içinde ýerleşýärler. Şäheriň günortasynda we gündogarynda ekerançylyga ýaramsyz hiç kim ýaşamaýan daşlyk meýdan ýaýylyp ýatyr. Köp ilatly goňşy oba hem şähere meňzeýär. Daglaram, ýerem ak reňkde bolansoň gözüňi gamaşdyryp, tomsuna dagy çydar ýaly bolmaýar. Şäheriň iki farsak gaýrasynda, kiçeňräk sähralyk ýerde Bestam şäheriň harabalygy bar. Şäheriň esasy gurluşyk desgalary birnäçe ymaratdan ybarat bolup, iň esasysy "Yranýan diň" - dir. Şahrut Astrabada (häzirki Gürgen şäheri - terjimeçi) gidýän ýoluň golaýynda ýerleşip, Russiýa bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar. Rus täjiri we şol bir wagtyň özünde Russiýanyň ygtyýarly wekili M. Potşakow meni güler ýüz bilen garşy aldy we iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklary barada takyk maglumatlar berdi. Russiýadan demir, çoýun, polat, mata, farfor we her dürli monjuklar getirilýär-de, deregine Horasanda öndürilýän pagtanyň köp bölegi, ýüň, eýlenmedik deri, bagana we beýleki zatlar äkidilýär. Bu ýeriň pagtasy Russiýanyň Hywadan, Buharadan, Hotandan alýany ýaly gowy hilli bolmaly. Maňa aýdyşlaryna görä, kerwenleriň düşelgesi bolan Orenburgdan her ýylda beýleki harytlardan başga otuz müň düýe ýüki pagta geçýär. 14-nji aprel. Şahrut bilen Meýameýiň aralygy 12 farsaga ýetýär. Bu aralygy geçmek üçin kerwenlere 14 sagada golaý wagt gerek bolýar. Eýýäm ugran hataryň yzyndan ýetmek üçin, biz daňdan sagat dörtde ýola düşdük. Mundan aňryk Sebzewara çenli ýeke özüň gider ýaly däl. Horasanda türkmenleriň çozaýmagyndan ätiýaç edip, ýolagçylary iki sany toply, birnäçe atlysy bolan pyýada goşun ugradýar. Ýogsam olar (türkmenler) birnäçe derýalardan, Elburzyň jeňňellerinden assyrynlyk bilen geçip, gatnawsyzrak ýollarda bukup oturýarlar we gaýtawul bererden kiçiräk kerwenleriň üstüne duýdansyz dökülýärler. Garşylyk görkezeniň kellesini kesip, göterip bilenlerini hem alyp daga siňýärler, ol ýerden türkmenleri gözlemek çägä gaçan iňňäni gözlän bilen deňdir. Biziň hatarymyzda özüniň alty sany topy bilen pyýada polky, şahsöwenli atlylar, kürtler we bahtyýarlar bardy. Kaspi bilen Gilan aralygyndaky ýerlerden gelen şahsöwenler çatmada ýaşap, mal-garalaň önümi bilen oňňyt etmäge öwrenişipdiler. Olar çapawulçylyk bilen ogurlygy edil enesiniň içinde öwrenen ýaly. Bular gylyç, tüpeň we sapança bilen ýaraglanan. Pars-Kürdüstanly kürtler eşikleriniň bollugy we dürlüligi bilen gözüňe dürtülýär, olar orta boýly, eginlek we özboluşly birhili adamlar. Öz aýdyşlaryna ynansaň, olaryň atlary arassa arap tohumyndan bolmaly. Kürtleriň ýaragy gylyç, sapança, naýza we galkandan ybarat. Käwagt goňşularynyň üstüne çapawula gidenlerine garamazdan, olar häsiýetli we beýleki taýpalara garanyňda düşünjelidir. Ýarym çarwa taýpa bolan Şirazly bahtyýarlar özleriniň arassa arap atlarynda gaýym oturýarlar we tüpeň, sapança, gylyç, naýza ýaly öz adaty ýaraglary bilen ýaraglanyp, juda çalasyn galyp-gopýarlar. Biz Meýameýe juda giç geldik. Ýalynly howadyr tozan bizi ýagşyja tebsiretdi. Agyzsuwyly gatyrym Şahrudyň ýolunda büdüräp ýykylanda, suw küýzelerimiz döwlüpdi. Men gatyrlary ýetişibildiginden gyssaýardym. Öýlän sagat dörtlerde men ilkinjileriň biri bolup bir çeşmä geldim, ýöne ol suw juda hapa ekeni. Menden öň gelen atlylar öz atlaryny suwa ýakypdyrlar. Her näme-de bolsa, men bokurdagy ölläp boljakdygyna begendim. Şahrut bilen Sebzewaryň aralygyndaky ähli obalar ýaly, Meýameý obasynyň daşyna hem beýikden berk diwar aýlanypdyr. Bu töwereklerden salgyt hem ýygnalmaýar. Tersine, hasyl önmeýän ýerde hiç hili ekin ekip bolmaýanlygy we galaň daşynda bir zada güýmenmek hatarly bolany üçin bu ýeriň ilaty şalykdan juda köp galla, ep-eslije serpaý alýarlar. Olaryň bu ýerden geçýän ähli ötegçileri duşman saýmaklary ýöne ýere däl, sebäbi bu ýurtda özüni oňaran-oňarmadyk ýanyna bäş sany atlyny toplap gelip, başyňa şir bolşup durlar. Onsoň diýen zatlaryny berip sypaýmasaň, urup-ýenjip masgaralamakdan hem gaýtmaýarlar. Şular ýaly kiçijik obalaryň (berkitmeleriň diýseň has jüpüne düşjek) ýaşaýjylary ulurak kerweniň ýa-da sypaýylaryň gelýänini görseler, ur-tut şäher diwarynyň derwezelerini ýapýarlar. Soňra diwara çykyp aşak ýüp sallaýarlar. Ötegçi gerek zadyny soraýar, bahasyny gürleşýär. Bahasyny oňuşsalar, ol bir gaba ýa-da halta gürleşilen nyrhy salýar-da, ýüpüň ujuna daňýar. Şondan soňra ýokardakylar oňa odun, saman, arpa ýaly zatlary oklaýarlar. Ol ýüp bilen süzme, gatyk ýaly beýleki gerek zatlarynam alyp bilýär. Meýameýiň golaýyndaky uly kerwensaraýdyr poçta bölüminde haly düşelen otag berip bilmeseler-de, hiç zatdan heder etmän, arkaýyn dynç alar ýaly ýer-hä berýän ekenler. 15-nji aprel. Meýameý bile Miandehiň aralygy 7 farsak. Ol ýerde iki sany şahsöwenli meniň gatyrymy ogurlady. Men olaryň yzyndan kowup ýetdim, ýöne ýeňsäme degen ýumruk meni ýere ýazdy. Meniň hyzmatkärim ahyry gatyry ele saldy. Bu waka uzaga çekmedik hem bolsa, beýleki şahsöwenlilere birleşmäge we ikinji gatyrymyzy alyp gaçmaga mümkinçilik berdi. Men ikinji ogrynyň söbügine mündüm, ýöne ol eýýäm goşlaryna ýetipdi. Men ony ýapa ýarmaşyp barýarka tutdum, şol wagt bäş-alty sany pyýada maňa tarap topuldy. Olaryň biri taýak bilen ýagyrnymdan salganynda, zordan öňünden sowlup ýetişdim. Ýaňkylar hyzmatkärim bilen meniň daşyma aýlanyşyp başladylar. Men rewolwerimi sogrup aldym-da, topulyp gelýänleri aýak çekmäge mejbur etdim. Şundan bärik ýakynlaşsalar, ýarag ulanjakdygymy yşarat bilen düşündirdim. Olar rejäniň geň däldigini bilip biraz yza çekildiler. Yzymyza kerwensaraýa gaýdyşyn men hataryň ýolbaşçysyna arz etdim. Kynlyk bilen hem bolsa, ol meniň gatyrlarymy yzyna alyp berdi. 16-njy aprel. Alty farsak. Abbasabat obasy gum-gukluk, zeýtun ýagy çalnan ýaly üýtgeşik birsydyrgyn reňkli ýerde ýerleşýär. Bu obanyň düýbi Şaabbasyň höküm süren döwri tutulan. Şaabbas öz welaýatlaryndan şu ýere ýaşamaga razy bolan ýekeje adamyny-da tapmandyr. Onsoň ol gylla ýary aýal, gylla ýary erkek bolan 200 sany gruzin satyn alypdyr, olara şu ýerden obadyr kerwensaraý saldyrypdyr. Şa ýaňky gruzinlere gerek-ýarak zatlary bilen üpjün edip durmagy we her ýylda belli bir mukdarda pul berip durmaga wada beripdir. Dogrudan hem Abbasabadyň ýaşaýjylary beýleki obalaryňka meňzemeýär. Men şol obada bolanymda onuň ilaty segsen öýlüden geçmeýärdi. Türkmenleriň bu obadan iň bolmanda bir adamyny ýesir alyp gitmeýäni juda seýrek bolýardy: üstesine-de bu ýeriň howasy ýaramaz, ölüm-ýitimem beýleki ýerlere garanyňda köpdür. Men öýleriň birine sowuldym. Men öz myhman jaýymyň hojaýynyna atýatagyň juda hapadygyny we oňa atymy salyp bilmejekdigimi, iň bolmanda özümi bir gowurak ýerde ýerleşdirmegini isleýändigimi düşündirenimde, ol birahatlyk tapyp, basgançak bilen ikinji gatyň beýikligine galdy, gözlerini gyrpman penjireden daşyna seretmäge durdy. Maňa süýtdir ýagly çörek getirdensoň, hojaýynym gyzykly gürrüňe başlady: "Biziň musulmanlygymyz dogry, ýöne biziň Watanymyz - Gürjüstan. Şonuň üçinem biz pürsiýanlar däl-de, russiýalylardyrys". Ol meni rusdyr öýdüp, gowy garşy aldy, ýöne menem özümiň rus däldigimi aýdyp durmagy uslyp bilmedim. Ol näme hyzmat bolsa, çekinmän aýdybermelidigimi aýdyp, bular ýaly ýerlerde köp pula satyn alyp bolmaýan zatlary hem tapyp biljekdigini ýaňzytdy. Düşlänime birki sagat geçensoň, men özüme tarap gelýän on-oniki sany çagany gördüm. Olaryň içinde naşyjasy we daşyndanam akyllyrakdygy görnüp durany beýlekilerden biraz öňe saýlanyp gelýärdi. Onuň elinde kagyzdan ýasalan pyrlampaç bardy, ol maňa gündogarlylaryň salamlaşyşy ýaly salam berensoň, bir gazal aýtmaga durdy. Arasynda beýleki çagalaram onuň aýdanlaryny alyp göterýärdiler. Bu gazal Abbasabatlylaryň gelip-çykyşy, olaryň başyndan geçen hasratly wakalar we olaryň bu gargyş siňen ýurtdaky ykbaly hakynda rowaýatdy. Eýýäm igleşip ugran çagalaryň guran bu tolgundyryjy sahnasyndan soňra, olaryň hemmesi "Gruzin çagajyklaryny ýadyňyzdan çykarmaň!" - diýip, hor bolup gaýtaladylar. Ondan soňra olar meniň beren sowgadymy öz aralarynda dawalaşman paýlaşmaga durdular. 17-nji aprel. Mazinan (7 farsaklykda) - Horasanyň ilkinji obasy. Mazinan suwarymly gowy ýerde ýerleşendigine garamazdan, henizlerem şol kiçijik obalygy. Niräňe seretseň, göçülen obalary, taşlanan galalary görmek bolýar, olaryň arasynda käýerde musulman ýadygärlikleriniň galyndylary hem göze ilýär. Obanyň ýaşaýjylarynyň aýtmaklaryna görä, şu ýerden bir sagatlyk uzaklykda bir gadymy şäher ýerleşipdir. Parslaryň döwründe, hatda has gijiräk araplar basyp alandan soň hem bu şäher pajarlap ösüpdir. Şu etraplarda parslar döwrüne degişli, daş kerpiçden örülen ymaratyň, onuň diwarynyň ýüzünde bolsa, düýbünden okap bolmaýan ýazgynyň bardygy hakyndaky gürrüň meniň gulagyma ildi. Men şol ymaratyň ýüzündäki gowurak saklanan ýazgylar bilen birlikde meniň öňümden çykan iň uly harabalyk bolan kerwensaraýdaky ýazgylary özüme belläp aldym. Ol ýerdäki harabalyklar bu şäheriň ägirt uly bolandygyna, juda ussatlyk bilen salnandygyna şaýatlyk edýär. M. Reýnaudyň tassyklamasyna görä, bu ymarat biziň eramyzyň X-XI asyrlaryna degişli. Bular ýaly gadymy ymaratlary bärde dikeltmäge synanyşmaýarlar, olar ýykylsa onuň ýerinde şol çig mallardan täze, ol diýen berk bolmadyk ýaşaýyş jaýlaryny salýarlar. 18-nji aprel. Maýre obajygy ýedi farsaklykda bolup, göräýmäge juda gadymy bolan harabalaň arasynda ýerleşýär. Hakykatda bolsa bular, Eýrandaky köp sanly harabalar ýaly, taşlanyp gidilen obalardyr. Bu obalar alaryny bilse, Allasyna garamaýan ýer eýeleriniň eden-etdiligi sebäpli taşlanypdy. Eline susagyň sapy ilen başa gelen towky bolup döreýärdi. Öňki hökümediň ýolbaşçylary halky häzirki bolşy ýaly ezenokdy. Şanyň daşgyrak garyndaşlarynyň ýa-da öňki şanyň agtyk-çowluklarynyň her biri (diňe Fath Aly şahyň iki ýüz gowrak ogul-gyzy bolupdyr) düşewüntliräk emele dalaş edip bilýär. Onsoň ýaňkylaryň biri bir emeldaryň susak başyndan aýryljakdygyny eşidäýdigi, şol wezipäni almaga kömek edip biläýjek adamyň yzyna düşüp ugraýar. Gönümel aýtsak, ýaňka para-peşgeş berýär. Bir yşjagaz göründigi, dileýän emeliniň agramyna görä on müňden ýigrimi müňe çenli tümeni şaga sowgat berýär. Berim gökden ýol ýasar diýleni, ýaňkyň maksadyna ýetmejek gümany barmy?! Köplenç halatda ýaňky welaýat hany (gubernator) öz wezipesinde 3 ýyldan artyk oturdylmaýar. Şu döwrüň içinde ol özünden ýokardakylara her ýylky salgydyny tölemeli. Ondan daşgary hem wezipä geçmek üçin çykaran çykdajysyny ödemeli we ýene-de işden pyzylaýanda (barybir ol bäş-alty ýyldan artyk emelsiz oturmaz) özi ýalylardan kem ýaşamaz ýaly aňyrsyna bir zatjagaz basmalydyr. Gubernatora salgyt ýygnaşmaly köpsanly gullukçylaryň elleriniň egriligi üçin ilata salynýan salgyt bolmalysyndan juda galady. Şu sebäpli hem daýhanlar galanja maly talanmanka, eken ekininem taşlap, bolanja goş-golamydyr çaga-çugalaryny alyp, daga gaçýarlar. Onsoň küren obalar taşlanyp, ekine ýaramly ýerlerem çaňap galýar. Käwagt birdir-ýarymdyr daýhan gelip, harabalaň golaýyndan çalamydar tam salnyp çatma gurunýar. Olaram ekinini ýygnap, göçensoňlar bu mekan ýene-de iňlär siňeksiz çöllüge öwrülýär. Kimde-kim ýurt tutunyp oturmakçy bolaýsa-da, ol ýerde satyn alara kesekden başga zat ýok: hakykat ýüzünde bu ýerde oturymlylygam ýok, hiç kimiň mülkem. 19-njy aprel. Sebzewara çenli aralyk dokuz farsak bolup, düzlügiň içi bilen gönüden tekiz ýol barýardy. Bütin ýoluň dowamynda diýen ýaly bir mähnet minara görünýän bolsa-da, oňa ýeter ýerde ýetip bolmaýar. Bu minara meýdanda, Sebzewardan iki mil uzaklykda ýerleşýär we edil golaýyndaky oba ýaly Hosrowgert diýlip atlandyrylýar. Onuň düýbi beton gatlagyň üstünde bolup, ýeri az-azdan opurýan suwaryş ulgamy zerarly, indi düzlügiň derejesindenem ýokary galýar. Öň birnäçe depim ýeriň aşagynda bolan guburlaram indi minaraň düýbi ýaly ýeriň ýüzüne çykypdyr. Daşyndan seretseň, minara juda gowy saklanypdyr, men ölçäp görmek üçin basgançak bilen ýokaryk galmakçy boldum, ýöne merdiwanyň gözgyny ýagdaýy bu pälimden el çekmäge mejbur etdi. Minaraň ýüzündäki ýazgyny okap göçürerden has ýokardady. Ymaratyň golaýynda il içinde sarpasy tutulýan Ymam Ryzanyň dogany Seýit Ysmaýylyň gubury hem bar. Bu guburyň töweregindäki pukaralar güri jaýlanypdyr. Gürrüň berişlerine görä, bu minaraň edil ýanjagazynda ikinji bir kiçeňräk minara bolupdyr. Şur-e-Dilbart atly goňşy obaň ýaşaýjylarynyň hosrowgertlilere içleri garalypdyr we olaryň elinden minaralaň birini gaňryp almaklygy ýüreklerine düwüpdirler. Günlerde bir gün ýaňkylar ýygnanyşyp, tapanja ýabydyr öküzini, eşekdir gatyryny we ýüplerini üýşürip, güýçlerini birikdirip, minarany süýräp äkitmäge synanyşypdyrlar. Ýöne ol minara gaty köne eken, onsoň bir topar adam bilen bir süri haýwanyň yrgyldatmasyna çydaman, ahyrsoňy olaryň üstüne gaýdyp, köpüsini mynjyradypdyr. Bu paşmadyk synanyşyk ýatlaryna düşende, heniz-henizlerem beýleki duran minaraň gapdalyndan geçmäge Şur-e-Dilbartdan gelenleriň bogunlary ysmaýarmyş. Başga bir rowaýatda Şaabbasyň syýahaty barada gürrüň berilýär. Bir gezek şa günartanlar Maýrä gelse, Hosrowgerdiň minarasynyň depesi görünýär diýýär. Şaabbasam "Barjak ýerimiz golaýam eken" diýip, ýük ýazdyrman geçiberenmiş. Näçe ýöreselerem, ýoluň soňy gelmändir, garaňkam düşüpdir. Hosrowgerde daň saz berende ýetipdirler. Başyny-gözüni aýlan bu minara Şaabbasyň gaharyny getiripdir, şoň üçinem şa oba girip-girmän bu minaraň düýbünden we depesinden esli bölegi çapyp aýyrmagy buýranmyş. Hosrowgert yzda galansoň, Sebzewaryň palçykdan galdyrylan ak diwarlary görünýär. Aga ýakyn diwarlar mele reňkli ýeriň üstündeligindenmi nämemi, göze hasam ak bolup görünýärdi. Sebzewaryň daş-töweregi bag-bakja ekilen ýa-da sürlüp goýlan meýdanlardy. Iki müň ýaşaýyş jaýynyň ýagdaýy daşyna aýlanan haýatlarynyňka görä juda ýaramazdy. Şäheriň iň beýik ýerde ýerleşýän esasy ymaratyna bolsa düzedip bokmajak derejede zeper ýetipdir. Hosrowgerdiň orruk-ortasynda şol ýarsyndan ýokarsy ýykylan minara dur. Biri-birine basdaş pürsiýanlar şular ýaly ymaratlary halamaýarlar, sebäbi mollalar azan aýtmaga, namaz wagtynyň bolandygyny jar etmäge onuň depesine çykanlarynda, gapdalyndaky heremhana bilesigelijilik bilen göz gezdirip bilýärler. Sebzewaryň ýakasyna dürli bag-bakjalar ekilipdir. Ol ýeriniň çakyry juda gowy bolýar. 1380-nji ýylda Teýmirleň bu şäheri talaýar we ilatyň bir bölegini diriligine gömdürýär. 21-nji aprel. Alty farsaklykda Safraýy atly bir kiçeňräjik oba ýerleşýär. 1860-njy ýylda hem ol ýerde gurluş usuly boýunça juda täsin kerwensaraý bardy, ýöne ol soňrak ýykylypdyr we onuň galyndysyndan täzesi salynypdyr. Obanyň esasy girelgesinden ätläniňden, ýumrulan howuz bilen bir wagtlar bazar bolan meýdança gözüň düşýär. 23-nji aprel. Şorýap, dag içinde ýerleşýän oba. Bu ýerde gözüň dokunara zat ýok, onuň üstesine-de howasam, ýeräm, suwam ýaramaz. Bu ýerde birnäçe ýewropaly keselledi. 1860-njy ýylyň aýagyna Maşada barýan biziň ildeşimiz, Eýran hökümetiniň, gullukçysy M. Kollas garahassa keselinden aradan çykdy. Onuň guburynyň üstünde ýüzi ýazgyly ak mermer daş bar. Şu ýoldan saý-sebäp bilen geçýän her bir ýewropaly onuň guburynyň üstünden hapany, ot-çöpi we bilgeşleýin taşlanan taşlantgylary aýyrýanlara sowgat berip geçýärler. 24-nji aprel. Nişapur hasylly ýerde ýerleşen daş-töweregi dagly şäher. Bir topar maglumatlara görä, onuň düýbüni Teýmur tutýar, Isgender Zülkarneýn ýumurýar, Sapor I bolsa täzeden saldyrýar we oňa öz adyny dakýar. 548-nji hijri ýyly Nişapur türkler tarapyndan ymykly ýumrulýar, hatda daga gaçan ýaşaýjylar yzyna gelenlerinde öz külbeleriniň nireräkde ýerleşendigini hem bilip bilmändirler. Käbir awtorlar bu ýerde birwagtlar Nusaý ýerleşipdir, onuň nähili ýerleşendigini dürs bilip bolmaýar diýip ýazýarlar. Munuň şeýledigine olar Horasanyň serhedindäki juda köp bolan öwrenilmedik galalara salgylanyp, olaryň adynyň nämedigini we nähili gelip çykanlygyny bilinmeýänligi üçin aýdýarlar. Nişapury Saporyň täzeden saldyranlygy belli bolsa-da, onuň öňki adynyň nämedigi bilniksizdir. Ýaşaýjylaryň aýdyşyna görä 350 ýaşan bu täze şäher galaň içinde ýerleşip, üç müň öýlüden ybaratdyr. Nişapur düzlüginiň külli Horasanda iň şowhunly we gözel ýere öwrülmegine köpsanly obalaram öz goşantlaryny goşdular. Köne şäheriň ýeri harabadan dörän depe bilen bellidir. Ol täze şäheriň iki mil günortasynda, düzlük meýdanda ýerleşýär. Nişapuryň gülläp ösen wagty (VII-VIII asyrlarda) şu töwerekleri 12 müň çeşmedir ýaplar suwarypdyr. Bu ýerde sungatdyr hat-sowadyň sarpasynyň iňňän uly bolandygyna güwä geçýän şeýleräk bir ýomak bar: Şäheriň bir özünde on iki müň metjit bilen medrese bolanmyş. Günlerde bir gün Ymam Ryza şäheriň bir çetine gelipdir we birki söz ýazmakçy bolup, şäherlilerden syýadan sorapdyr. Öz syýadanyny ymama bermek ullakan abraý hasap edilensoň, yzdaky duranlar öz syýadanyny öňdäkileň üsdaşyry zyňypdyr. Göz açyp-ýumasy salymda 5-6 müň syýadan depe döräpdir. Men syýadanlaryň sanyny azaldyp aldym, emma öz ýurdunyň taryhyny gowy bilýändirin öýdýänler maňa Ymam Ryzanyň öňünde depe döreden syýadanlaryň sanynyň on iki müň bolandygyny aýdýarlar. Gepiň gerdişine görä aýtsak, bu san Nişapur hakdaky ähli rowaýatlarda hem agzalýar. Ýene-de bir örän täsin ýomak keýaniler dinastiýasynyň ikinji şasy Keýkawusa degişlidir. Nişapura dürli ymaratlar gurduryp, bezäp-besläp, öz paýtagtyna öwren şa öz raýatlarynyň ony hudaýa deňäp, sežde etmeklerini isläpdir. Özüniň keramatlylygynyň alamaty hökmünde ol üýtgeşik bir tagt ýasadypdyr. Bu tagt birnäçe bürgüt daňylan ýeňiljek kürsiden ybarat bolanmyşyn. Şa ujuna bir bölek et daňylan syryk alyp tagtyna münýärmişin. Aç saklanan bürgütler ýaňky lukmaň yzyndan ýetjek bolup, arasyny üzmän uçýamyşlar. Içi şaly tagt hem uçup ýör diýýär. Sežde edip ýatan raýatlarynyň arasyna dolanyp barmak üçin Keýkawusa syrygyň ujuny aşak egmek ýeterlikmişin. Mundan basga-da bu şanyň Nişapuryň golaýynda bir bagy bolupdyr, görenler ony erem bagyna meňzedipdirler. Hudaýtagallanyň bu baga gözi gidip, bu baga girmegi gadagan etmek üçin Jebraýyl perişdäni iberipdir. Ine, onsoň günlerde bir gün Jebraýyl şanyň huzuryna barypdyr-da, gymmatbaha daşlar, lagly-merjenler we altyn-kümüş bilen bezelen äpet derwezäni görkezipdir. Şa bu derwezäni näçe nyrha durýan hem bolsa satyn almagy ýüregine düwýär: Jebraýyl oňa "Eger sen öz bagyň hözürini biziň bilen deň görmäge razy bolsaň, bu gapyny saňa bereýin" diýip aýdanmyşyn. Keýkawus bu derwezäni öz bagynyň girelgesine oturtmaga Jebraýyla rugsat beripdir. Şol günden beýläk ne şanyň özi, ne-de başga biri bagyň işiginden içine ätläp bilipdir. Elburz dag massiwini dowam etdirýän daglaryň demir we mis känleri, galaýy, duz bilen birlikde pöwrize (türkize) ýaly lagl daşlar çykýan känleri bar. Bu känleriň ählisi diýen ýaly ulanylman ýatandyr, sebäbi olary özleşdirip başlan adamlara uly howp abanjakdy. 25-nji aprel. Gadamgäh obasy iki ýüz öýlüden ybarat bolup, bir baýryň üstünde daga gysylyp otyr. Alty farsaklykdaky bu obanyň ýaşaýjylary pygamberiň neslinden bolmaly. Baýryň aýak ujunda başy gupbaly bir metjit bar. Girelgäniň çep tarapynda diwara berkidilen daşy görmek bolýar. Bu daşyň ýüzüne iki sany aýak yzy ýonulyp çekilendir. Ymam Ryzany hormatlaýan adamlaryň Gadamgähe gelip, bu daşa maňlaýlaryny degrip, ýüzlerine sylýandyklary üçin daşyň ýüzi ýylmanypdyr we haçan görseň ýalpyldap dur. Süleýman pygamber (şa) gurdurypdyr hasap edilýän metjidiň daş-töweregine owadan baglar ekilipdir. Bagyň ortarasyndan durnaň gözi ýaly dury suwly çeşme çogup çykýar we hatar-hatar ekilen ýolka agaçlarynyň içinden akyp geçýär. Töwerekleýin salnan diwaryň girelgesinde, baglaň daragtyna çenli gyrkmak ýaly Eýranda ýaýran ýaramaz däbe garamazdan, iki sany heniz gyrkylmadyk owadan çynar agajy ösüp otyrdy. Men indi esli wagt bäri şeýle owadan bagy görmändim. Şu wagta çenli olara ne ötegçiniň, ne-de bir kerweniň degmeýşine haýran galdym. Soňra maňa çynary çapan ýeriňden gan çüwdürilip çykýandygyny, onuň şahasyny çapanyň bolsa şol wagt ölýändigini ýa-da bir ýyldan artyk ýaşamaýandygyny aýtdylar. Göwün açyjy tebigaty, baglardyr desgalary Gadamgähi (Gadamgäh - "aýak yzy" diýmekligi aňladýar) hasam gözel görkezýär. Men ol ýerde iki gün bolup surat çekdim we bellikler etdim. Ýöne men garamaňlaý ol ýazgylary başyma düşen uzak we agyr syýahatymda ýitiripdirin. 28-nji aprel. Şerifabat sekiz farsak uzaklykda ýerleşip, onuň 40 öýlä ýakyn ilaty bar. Bu oba Hyrada barýan ýoluň ýakasynda, daglaryň içinde ýerleşendir. 29-njy aprel. Maşada çenli alty farsak ýol galypdy. Men Şerifabatdan ýarygije ugradym. Men düzi bolmadyk, beýikli-pesli, gün doganda Hure-Salama eltmeli ýol bilen gitmelidim. (Hure-Salam sözi "Eşret dagy" diýmekdir). Bu dagyň depesinden Maşadam, onuň töweregi hem eliň aýasyndaky ýaly görünýär. Keramatly şäher goýy dumana bürenip otyr. Günüň şöhlesine gözüňi gamaşdyrýan, syrçaly kerpiçden örülen metjitler bilen birlikde diňe Ymam Ryzanyň üstüne galdyrylan altyn gümmez we minaralar bu goýy dumandan ýokary saýlanýar. Dowamy bar >> | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||