02:25 Türkmenleriňkide ýesirlikde -2: Uruş | |
URUŞ
Taryhy makalalar
Ýörişe gatnaşýan goşunlaryň ugramagy (Maşatdan Kujakuma) Eýranda pälä alnyşy (Guragyra garşy ýeke-täk serişde) Türkmenler bilen ilkinji duşuşyk. Men Maşatdakam elimdäki permany ýörişe gatnaşýan goşunlaryň beýemçisi bolan gubernator Hemze Mürzä eltip görkezdim. Ol meni güler ýüz bilen garşy aldy we şäheriň merkezindäki öýleriň birinden otag berdi. Goşunlar bu gün-erte ugramakçy bolansoň men ondan, şertnamadaky bellenilişi ýaly, ýola müner ýaly gatyr tapyp bermegini soradym. Emma ol netikazalykdanmy ýa-da hatdaky düşnüksizlik sebäplimi, gatyrlaryň bahasyny diňe öz kisämden tölänimde tapyp berjekdigini aýtdy. Meniň üç aýa ýetmeli çöregim, arpam, tüwim, kakadylan iýmişlerim eýýäm gutarypdy, indi bolsa ýükümi götermäge dokuz sany gatyr, olaryň hersine-de gününe bir gyran iki şahy (pul birligi) gerekdi. Men hernäçe nägile bolsamam, näme üçindir darykmaýardym. Galanja birnäçe günümi ýol şaýymy tutup geçirdim, esasanam surat alynýan enjamlarymy tertibe saldym. 1860-njy ýylyň 19-njy maýynda goşunlar Akhowut atly suwarymly we otlar dyzyňa ýetip duran ýere ugradylar. Akhowut galasy Maşatdan üç mil uzaklykda, Arderbent ýaýlasyna barýan ýoluň ugrunda ýerleşýär. Hernäçe dogumly hem bolsa, ýörişe ýolbaşçylyk etmegi başarmaýan Hemze Mürzäniň ýolbaşçylygy astynda goşuny iki tarapa böldüler. Wezir Gowam-ed-Döwle goşunbaşynyň gözegçisi we serenjamçysy edilip bellenildi. Ol juda sapalakçydy, Horasandan gelmeli ähli atlylaryň deregine ýygnanyşyk meýdançasyna bary-ýogy bäş ýüz atly gelipdi. Gelenleriň hem ählisi diýen ýaly Gowam-ed-Döwlä para bermäge gurby çatmadyklardy. Ýakynda Horasana göçürilip getirilen türkmen tireleri hezretler bilen temirlerden hem ýekeje adam ýokdy. Goşunyň düzülişi we taýýarlygy barada hem käbir bellikleri agzap geçsek, artykmaçlyk etmezmikä diýýärin. General ýa-da goşunbaşy (bu wezipeler hem welaýat hanlygy ýaly satyn alynýar) goşun gullugyna serbazlyga çagyranda ilki bilen urşa gatnaşmakdan öler ýaly gorkýan tütjar baýlara ýüzlenýär. Olar bu borçdan azat bolmak üçin tapan para-peşgeşlerini berýärler. Ondan soňra ýaňkylardan gurby pesräkleri çagyrdyp ugraýarlar. Olaram öz gezeginde lomaýja çykdajy etmeli ýa-da öz ýerine garry-gurty, ýaş-ýeleň diýmän birini tapmalydylar. Iň soňundan bolsa garyp-gasarlary birýan ujundan, islemedigini güýç bilen serbazlyga alyp ugraýarlar. Eýran goşunynda 12-13 ýaşly oglanjyklar bilen birlikde 50-60 ýaşan gojalaram duş gelýär. Ýene-de bir ýatlanyp geçilmeli zat, ol-da häkimiýet serbazlara niýetlenilen hak-heşdegi goşun bölüminiň ýolbaşçylaryna ynanýarlar; ýolbaşçylaram serbazlara göýberilen pullary öz jübülerine urmak üçin olary topar-toparlaýyn öýlerine göýberýärler. Bu emel il içinde "Munda kel" diýlip atlandyrylýar we öňräkden bäri ähli eýran edaralarynda ulanylýar. Bu urdym-şalyga bolsa göz aýlaýanam ýok, haý-küş diýýänem. Şonuň üçinem otyz müň serbazy bolmaly goşunyň nöker sany ýörişe ugralaýmanka 12-15 müňden artyk däldi. Düýekeşleriň we ofiserleriň öz ýanlary bilen alyp barýan hyzmatkärleri-de şu sanyň içinde. Polk boýunça alanyňda, her müňlükde dört-bäş ýüz adamdan artyk nöker ýokdy. Emma bu ýagdaý hemmeler üçin, hamala, bolaýmaly zatdy, geň görüp geňirgenýän ýokdy. Meniň barýan birinji bölümime Jahansuz Mürze ýolbaşçylyk edýärdi. Biz Akhowut galasyndaky esasy goşumyzdan çykyp, Arderbent sährasyna tarap ugradyk. Öňler bu sähra Saragt etraplarynda oturýan türkmenleriň temir (ýa-da tumar) tiresiniň ýeridi. Olar häzir Eýrana raýat bolup, baglaşylan şertnama boýunça Horasanyň merkezine çekilmeli boldular. Polşaý ýa-da Tus derýasy Maşadyň töweregindäki daglardan gözbaş alyp, adyny dakynýan köne şäheriniň harabalygynyň gapdalyndan akyp geçýär. Suwunyň köp bölegini ekin suwarmak üçin ýitirensoň, ol Arderbent düzlügine akýar. Ýolda birtopar çeşmäniň suwy goşulyp, derýa ulalýar we onuň tagamam üýtgeýär. Ondan aňryk bu derýa gündogarlygyna akýar we Tejen derýasyna guýulýar. Bu inçejikden çuň derýanyň kenarynda daşyna türkmenleriň çozuşyndan gorar ýaly berk diwar aýlanan Garabagyr obasy ýerleşýär. Biraz aňyrrakda edil şuňa meňzeş, ýöne ýumrulan we ilaty birki aýlykda türkmenler tarapyndan ýesir äkidilen ýene bir oba bardy. Biziň öňümizden diň yzyna diň çykýardy: Çargümmez, derýanyň kenaryna ýakynjakda ýerleşýän harabalyk; dagyň gerşinde ýerleşýän Mazanderan galasy derýanyň kenaryndan hem görünýär. Bu gala dagyň üstünden geçýän ýoly türkmenlerden goraýar. (Bu ýol Saragta hem barýar, özem Nowruzabadyň üsti bilen gidenden has ýakyn), Arderbent dag geçelgesi we kert gaýalar bilen daralan derýanyň kenaryny goraýar. Biz deňinden geçip gidemizde Arderbent galasyny kyrk-elli nöker bilen iki sany top goraýardy. 1861-nji ýylyň dekabrynda yzyma geçip gelýärkäm, harap bolup, taşlanan galanyň üstünden bardym. Ýöne biraz aňyrrakda, pesräk ýerde öňkä meňzeş iki ýüz adamlyk atyşhanaly Surja atly kiçeňräk gala gurupdyrlar. Derýanyň kenaryndaky gamyşlyklardan ýaňa suwuň gyrasyna barar ýaly däldi. Suwa ýetmek üçin serbazlara gamşy otlamak buýruldy. Guran gamyşlara pagta ot berlen ýalydy. Ýekegapan, keýik we beýleki şu ýerde ýaşaýan haýwanlar otdan gorkularyna gamyş jeňňelinden atylyp çykýardylar-da, zymdyrylyp geçmek üçin biziň goşumyza tarap okdurylyp gaýdýardylar. Ýöne olary bu ýerde hem gülledir gylyç bilen garşy alýardylar. Ilkinji gezek şular ýaly awa gatnaşanymda men awlan ýekegapanymy ýykylan ýerinde taşlap gaýtdym. Sebäbi musulmanlar bu haýwany halamazlar, olar ýekegapanam doňuz ýaly hapa görýändirler öýdýärdim. Men awlan awumy soýup, etiniň iň gowurak ýerinden kesip almak üçin çadyryma gezlik-pyçak almaga gitdim. Men öwrülip gelinçäm ýaňky janaweriň daşy adamdan dolan eken. Men elimdäki golboýy pyçakdyr ýüpüm bilen bilesigelijileriň arasyna sümüldim. Öňdäki duranlardan üstaşyry ýekegapanyň göwresinden şarlap akýan gany görenimde, haýran galmakdan ýaňa doňup galdym. Men näme üçin bu adamynyň, musulman hem bolsa, haram haýwanyň ganyna bulanyp ýörendigini soradym. Onda duranlar maňa pürsiýan tebipleriniň ýekegapan etini guragryny bejermekde ulanýandyklaryny düşündirdiler, ýene biri bolsa "Bu zatlar hiçle jenap, eger siziň şuň etinden iýesiňiz gelýän bolsa, arkaýyn alyberiň" - diýip üstüne goşdy. Men taňryýalkasyn aýtdym-da, ol ýerden bahymrak garamy saýlamak bilen boldum. Ýekegapanyň etinden garnymy gözemek hyýalymy ýene-de bir amatly pursada goýdum. Amatly pursat diýýänimem uzak garaşdyrmady, bu haram haýwanyň etini meniň işdämiň alýandygyny bilensoňlar, üstüme getirip başladylar. Saragtda bolsa, iki sany keýikden ötri, alty sany jojuk getirip berdiler. Men şu ýerdäki ýaly süýji ýekegapan etini galan ömrümde görmedim. Biz Surjadan aňryk Nowruzabada barmak üçin dagyň üstünden beýikli-pesli ýol bilen gitdik. Nowruzabat iki ýüz töweregi serbazly gala bolup, Tejen derýasynyň çep kenarynda, Saragt düzlügine düşäýen ýeriňde ýerleşýär. Bu derýa Hyrat şäheriniň golaýyndan gözbaş alyp gaýdýanlygy üçin "Hyrat derýasy" diýlip hem atlandyrylýar. Tejen ady onuň kenarynda ýaşaýan tire bilen baglanyşyklydyr. Nowruzabat Horasanyň serhedi hasaplanýar. Saragt galasy eýranlylara degişli hem bolsa, onuň daş-töweregi degişli däldir, nehä ekin ekip bilýärler, ne-de içindäki gornizon, oduna-çöpe bolaýmasa, daşyna çykyp bilýär. 1-nji iýunda ýörişe gatnaşýan goşun bölümleri Serbende ýetdiler, şol ýerde-de goş ýazdyrylyp, çadyr guruldy. Maşatdan şu ýere çenli aralyk bary-ýogy otuz farsak töweregi bolupdyr. Irki döwürlerde Tejen derýasynyň bir goly demirgazyga akýan eken. Saragtdan Kujakuma çenli meýdany suwaran ýapdyr gazylaryň yzy henizlerem ýitmändir. Öňdäki toparyň serbazlary birnäçe günläp bu ýerde pürsdir daş oklap, üstündenem gum atyp gaçy (bent) gurdular. On-onki ýyllykda pürsiýanlaň salan täze Saragt galasynyň daşyna berk diwar aýlanyp, onuň daşyndan hem garym gazylypdyr. Galanyň küňrelerinde (käbir türkmen taryhçylarynyň aýdyşy ýaly, galanyň küňrelerine "söweş diňleri" hem diýilýär) on sany top otyrdylypdyr. Ikinji topar hem iýunyň ýedisine gelip ýetişdi we biziň gapdalymyzda goş ýazdyrdy. Şol günden başlap biz ýörişimizi bilelikde dowam etdirdik. Gaçynyň gurluşygy iýunyň onkisine çenli dowam etdi. Suwuň akdyryljak bolýan ugruna akýandygyny ýa-da akmaýandygyny barlamak üçin iki sany salyry ugratdylar. Ýöne biziň ähli hereketlerimize gözegçilik edip ýören türkmen atlylary olaryň birini öldüripdirler, ikinjisi bolsa yzyna ýaraly dolanypdyr. On dördünji iýunda ir bilen goşun deýanyň ýalpagrak ýerinden aňyrky kenara geçdi. Şular ýaly uly goşunyň üç aýlyk azygyny gatyrdyr, eşege, ýabydyr düýelere ýükläp, ýene-de bir süri goýun-geçini ýany bilen sürüp barýandygyna gözi bilen görmedik ynanmaz. Onuň daşyndanam serbazlar goş-golamlaryny ýükläp, sansyz eşegi süýräp gelýärdiler. Bu zatlaryň hemmesi derýadan geçiljek bolnanda bulam-bujarlyk döretdi. Bir çägesöw meýdanyň içi bilen üsti-başymyzy çägä gömdürip, birnäçe gysgajyk we hupbatly marşlardan soň 28-nji iyunda Gurtdepä ýetdik. Ýarygijeden soň birden ala-zenzele gopdy. Müňe golaý türkmen biziň goşymyza aralaşyp, ukuda ýatanlary oka tutupdyrlar. Olar üç serbazy öldürip, eslisini ýaralansoňlar ýene-de yza çekildiler. Bu atyşyk göz açyp-ýumasy salymda bolup geçdi we ukudan ýaňy oýanan serbazlar nämäň-nämedigine düşünibem ýetişmediler. Ertesi gün olar ýene-de geldiler, güýçli hüjüm edip, biziň birnäçe "azykçymyzy" äkitdiler. Ýöne, biziň atlylarymyz olary derrew yzyna gaýtaryp getirdi; Bu çaknyşykda üç sany türkmen öldürildi, olaryň kellelerini naýzaň ujuna çümdürip, goşuň ortasynda dikip goýdular. Şol kelleleriň biriniň ýüz keşbi örän täsindi: Ýeňseden giren gülle maňlaýdan çykypdyr. Naýzanyňam demir çişi şol deşikden bilgeşleýin oturdylan ýalydy, onuň kellesi syrylgydy, uzyn sakaly bolsa naýzanyň agaç sapynda galgaýardy. Ýüzündäki tyg yzlarydyr ýaralara garamazdan, onuň bilimli adam bolandygyny bilmek bolýardy. Onuň ýüzünde ýaňsylama bar ýalydy. Agyzsuwyndan ýükümizi tutamyzsoň, ikinji iýulda çadyrlary ýygnap, goşlarymyzy daňmaga başladyk. Öýle namazy okalandan soňra bolsa Kujakuma tarap ýola düşdük. Kujakum. Teşnelik. Merw. Goşunbaşylaryň biagyrlygy. Şowsuz ýörişler. Açlyk we garahassa keseli. Ýeňiliş. Iki mile çenli aralyga pytyrap, başly-barat bolup gelýän goşunyň serdarsumaklary hem 3-nji iýulda daňdan sagat ýedilerde Kujakuma geldiler. Bir kerwensaraýda iki sagada golaý dem-dynç alamyzsoň, serdarsumaklaryň iň gysga ýol diýip görkezen çägesöw ýoly bilen ýolumyzy dowam etdirdik. Ol gün howa diýip-aýdardan yssy boldy. Bir takyrrak ýere ýetdik welin, adamlar suwsuzlykdan ýaňa gaýynyň gazylyp bolaryna hem tagapyl etmeýärdiler. Biri öl gumy ýaglyga dolap gysyp, şondan çykan nemi sorup ýatsa, ýene biri çygly ýere bagryny berip ýatyrdy. Öýlän sagat üçlerde çukuryň düýbünde az-owlak bulanyk suw göründi welin, duranlar gyzyl gören ýaly biri-birini itekleşip başladylar. Ýeke damja bulanyk suwam ýetmedikler, gazyp alyp, ot-çöpüň köküni çeýnemäge başladylar. Menem şolara öýkündim. Ýöne nemsizlikden diliň aýlanman durka, barmaklaryňam diýen etmejek eken. Serbazlaryň köpüsi kök çeýnäp, ýedi ýoluň üstünde serlişip ýatyrdylar. Gürlemäge mejaly galmansoň, yşarat bilen bir owurt suw dileýärdiler. Şol günem, şol günüň ertesem türkmenler bir eýlämizden-bir beýlämizden çozup, ynjalyk bermediler. Olar biziň birnäçe serbazymyzy öldürip, goş-golam we ok-däri ýüklenen onbäş sany düýämizi äkitdiler. 6-njy iýulda agşam sagat altyda türkmenleriň Murgabyň çep kenaryndaky berkitmesiniň çat-maňlaýynda özümize çadyr gurnup, goş tutundyk. Ertesi gün biz öz aramyzda garşydaş lagerine has ýakyn barmagy maslahat etdik. Süýşüp ugramyzdan türkmenler üstümize çozup, aýak çekmäge we goranmaga mejbur etdiler, bu kiçijik çaknyşykda biziň birnäçämiz wepat boldy. Biz şu ýagdaýda ýarysy orlup, desselenen bugdaýlygyň içinde üç günläp oturdyk. Serbazlaram galladan kemsiz ýüküni tutdular. Ýöne türkmenleriň daşyny gabap, ähli gallany otlajakdygyňy aýdyp, olary boýun egmäge mejbur etmegiň deregine, Merw galasyna özüňi atmaly diýen karara gelindi. Kezzap ýolbaşçylaň bu maslahatyna eýerip, biz özümiz ilkinji we düzedip bolmajak hatamyzy göýberipdiris. Merwe çenli 6 farsak aralygy geçmek üçin bize pesinden dokuz gün gerek boldy. Biziň ýolumyz uly-uly ýaplardan, suw basyp ýatan meýdanlardan doly bolansoň, önjeýli ýol geçdirmeýärdi. Käýerdäki garymlary gömmek üçin pürs-tagta, pildir kerkimiz bolaýmasa, köpri gurmak üçin hiç zadymyz ýokdy. 1860-njy ýylyň 19-njy iýulynda pürsiýan goşunlary deprek kakyp, surnaý çalyp şähere girdi. Tekeleriň saryklar tarapyndan galadan kowlup çykarylyp, Murgabyň çep kenarynda goş tutandyklaryna we şäherde ýekeje tekäniňem galmandygyna garamazdan, "Şöhratly goşunyň" Merw şäherine ýeňiş bilen girendigi bellenip, bütin Eýranda toý tutuldy. Dogrusy, men bu barada has gijräk eşitdim. Merwiň daşyna berk diwar aýlanyp, ol laýdyr çig kerpiçden salnandyr. Gala diwarynyň berkitmesi küňreler bilen güýçlendirilip, diwaryň daş ýüzündenem çuň garym gazylypdyr. Galanyň içinde otuz müň töweregi oraça bar. Murgap derýasynyň bölünip gaýdýan bir goly onuň içinden dikligine kesip geçýär we Garaýap diýlip atlandyrylýar. Isgenderiň düýbüni tutan, soňra Antiohus Nikatoryň gelşigine getiren we giňelden (ol öz adyna ýanap bu şähere Antiohia adyny-da dakypdyr) gadymy şäheriniň ýerine laýdan galdyrylan külbelere bişen kerpiçden düýbi tutulyp, gödeňsi çyg kerpiçlerden bolsa ýokarsy örülen diwaryň galyndylaryna we türkmenleriň mal ýataga öwren pessejik palçyk diwaryna gözüň düşýär. Bu harabalygyň birwagtlar gözellikde ady äleme dolan şäherleriň biri bolandygyna ynanar ýaly däl. Biziň goşunbaşymyzyň buýrugy boýunça diňe iki sany derweze açyk galdyryldy. Galan derwezeleriň ählisi örülip beklenensoň, her kimiň aladasy gyşaryp dynç almakdy. Goşunyň serkerdeleri gijelerini bolgusyz şady-horramlyk bilen geçirmäge başladylar. Her gün mallara ot-çöp getirmäge gidilýärdi, her gezegem gatyrdyr ata gidenleriň özleri ogurlanýardy. Ot ýygýanlary goramaly nökerler aw gözleşen bolup, käwagt özleri tekelere şam bolýardy. Türkmenler näçe gaýduwsyzam bolsalar, tilki sapalagyny atyp, gündiz gözüňe görnenokdylar. Gije düşdügem bes, kirpigi çalşan garawullaň kellesini alyp ýa-da onlarça ýaragymyzy ogurlap gidýärdiler. Serbazlaryň ýataklygy we emelsizligi goşunyň ketdeleriniň jebesini darykdyrýardy; degerli çäre görülmese ýaragymyzyň artykmaçlygyndan peýdalanmaga däl, bu artykmaçlygy uzak saklamagam bize başartjak däldi. Men goşunbaşylarymyza indiki ýyl ýene-de ähli zady täzeden başlamaly boljakdygymyzy duýdurdym. Olar meniň aýdanlarym bilen razylaşýardylaram-da, ýene-de "Enşallah, ahyry tekeleri ýeňeris, soňam Buhara ugrarys" - diýip jogap berýärdiler. Hereketsiz ýatmagyň öz gabryňy özüň gazan bilen deňdigine hijisiniň akyly çatmaýardy. Goşuna birigen iki-üç ýüz saryk atlylary bolaýmasa, ýerden ýatan çöpi galdyrýanda ýokdy, goşunyň ykbaly hakda alada edýände. Kiçiräk ýörişlerde hem adamlarymyzy galdyryp, mallarymyzy ýitirip, biderek ýere ok zaýalaýardyk. Onsoň uzakdan bir gara ýa-da bir türkmen göze ildigi, onuň ok ýeterdigine ýa-da däldigine garamazdan, serbazlar küňreleriň üstünde oturdylan toplardan atyp ýatyrdylar. Biziň azyk-suwlugymyzam gün-günden azalyp barýardy. Öldürilen düýäň bahasy bedewiň bahasyna deňleşipdi. Serbazlar goňsy oturan salyrlardan iýer-içer ýaly zatlary güýç bilen almaga durdular. Olaryň bu eden-etdiligi şu wagta çenli hiç kime goşulmam oturan salyrlary bize duşman edip goýdy. Biziň goşumyzdaky haram ölen mallardyr hapa üýşmekleri howany hapalap, garahassa meňzeş kesel döretdi. Imany göçen goşunbaşylaryň bar pikiri sag-aman yzlaryna - Maşada gaýdyp barmak boldy. Olar öňümizdäki ýetip gelýän gyş ýörişi üstünlik bilen tamamlatmaz diýip hasaplaýardylar. Arman, baş goşun-başy Hemze Mürzede ýörişi nähili alyp barmalydygy barada şanyň permany bardy. Ýörişe gatnaşýan goşun bölümleri 10-njy sentýabrda Merw galasyny taşlap, ýene-de ýapdyr batgalyklaň içi bilen türkmenleriň üstüne ugrady. Sentýabryň onüçine biz türkmenlerden günortada, derýanyň gyrajygyndaky kenarda goş ýazdyrdyk. Biziň ýerleşen ýerimiz türkmeleriň galasydyr öýdülen ýerden top oky ýeterlik daşlykdady. Türkmenleriň esasy berkitmesi bolsa ýaňky haýat bilen biziň aramyzyň ýarpysy ýaly aňyrda eken. Garşydaş bolsa, tersine, bärki diwaryň iki sany küňresiniň hersiniň üstünde bir top oturdypdyr-da, top oklaryny biziň çadyrymyzyň üstünden düşer ýaly edip atyp oturypdyr. Olar toplary işletmäge-de ezberleşip, atýan oklary biziň goşumyzyň ortarasyna gelip düşýärdi. Biziň ketdelerimiz öz çadyrlarynyň demirgazygyndan ýarymaýlaw palçyk haýat galdyrtdylar; ol haýatjyklaryň galyňlygy 20 sm. Töweregi bolup, atylýan gülleden we top okundan goramalydy. Bir gezek men general Hasan Aly han bilen gybat edip otyrdym. Şol wagt top sesi eşidildi-de, ýörişe ýolbaşçylyk edýänleriň biri bolan şanyň jylawdary öz haýatynyň ýeňsesine bukuldy. Men saklanyp bilmän, gülmage başladym. Bujagaz diwaryň top okuny saklap bilmejekdigine men ony zordan ynandyrdym. Diňe şunuň özem eýran goşunyny we onuň serdarlaryny suratlandyrmaga ýeterlikmikä diýýärin. On altynjy sentýabrda ähli goşun herekete gelip, Murgabyň boýuny syryp, garşydaş berkitmesine ýakynlaşyp ugrady. Haýat bilen şol iki küňräni nyşana alyp, ähli toparlardan ot açylýardy. Türkmenlerem güýçli ok ýagdyrma bilen jogap berdiler, biziň duran ýerimiz derýadan geçmäge amatly bolansoň, olar öz goşlaryna ýöriş ediler öýdýärdiler. Türkmenler depelere, gazylara duwlanyp gelip, güýçli hüjüm etdiler. Olar biziň gapdalymyzdan hüjüm edip, üstlerine eltmejek bolýardylar. Sag ganatymyzda eýranlylar tarapyndan hormatlanýan general Mämmet Hüseýin öldürildi. Öýlän sagat dörtlerde atyşyk bes edildi we eýran goşuny öz lagerine dolandy. Ençeme serbazyny ýitirip, ummasyz därisini haraplasa hem eýran goşuny jinnek ýalam üstünlik gazanmady. Türkmenler pürsiýanlaryň söweş usulyna uýgunlaşyp, gitdigiçe gaýduwsyzlanýardylar. Soňabaka olar bizi iňňäň üstünde oturana döndürdiler. Ýanyňda bäş-alty atly bolmasa goşuň iki ädim daşyna ot getirmäge-de çykyp bolanokdy. Şular ýaly atly toparlarymyzyň biri bolsa, türkmenlere üstlerini basdyryp, iki sany topy ýanynyň ok-därisi bilen giderdi. Türkmenler ýaňky toplary öz goşlaryna ýetmäge howlugýan pürsiýanlara tarap öwrüp, olaryň özlerini topa tutmaga durdular. Bu waka öňki bulam-bujarlygy güýçlendirip, pürsiýanlaryň ýüregune öňküdenem beter dowul saldy. Oktýabryň ikisinden üçüne geçilýän gije lageri taşlamak karar edildi; goşun iki topara bölündi. General Hemze Mürzäniň ýolbaşçylygyndaky, tylyň howpsuzlygyny üpjün edýän ikinji topar daňdan sagat dörtlerde ýola düşdi; menem şu toparyň hataryndadym. Biziň ähli hereketimizden habarly türkmenler Merwe barýan ýoldaky biziň geçmeli meýdanlarymyzy tutuşlygyna diýen ýaly suwa basdyrypdyr. Ýol ýöremesiniň agyrlygyna garamazdan, gün doganda biz eýýäm hiç zatdan ätiýaç etmän barýan gosunyň bary-ýogy bir kilometr yzyndan barýardyk. Biziňkileriň üstüne duýdansyz çozulanda, ok-däri bilen goşlarymyzy alyp barýan ýaragly otrýad birinji toparyň yzyndan ýeteňkirläpdi. Çärýek sagat geçip-geçmänkä bizem başly-barat bolup, birinji toparyň yzyndan eňdik. Edil şol wagtam ok-därini, goşlary alyp, batgalykdyr gamyşlygyň içi bilen barýan ýaragly otrýadyň üstüne türkmenler döküldiler-de, olary ýesir aldylar. Pürsiýanlar bu görlüp-eşidilmedik bulam-bujarlykda ýüzlerçe adamsyny ýitirdi we bu çaknyşygyň soňy "Gaçan - gutular, duran tutulara" öwrüldi. Türkmenler malmy, at-ýaragmy islän zatlaryny alyp bilýärdiler. Serbazlaryň uly topary bir depäniň ýakasynda ýygnanyşdylar. Ol ýerden ähli betbagytçylygy - taşlanan ýaralylary, leýis bolup ýatan jesetleri görmek bolýardy. Garymlaryň içi daşyna dyzaýan gatyrlardan doludy, toplar näme bolsa şol bolsun edilipdi, biziň goşumyz bolsa türkmenleriň arasynda galypdy. Ahyrsoňy ýaraglara baş galdyranam tapyldy, birki sany serdar serbazlary toplaryň we ýaraglaryň yzyndan gitmäge yrjak bolýardylar. Biraz özümizi dürsämizsoň, ýaňky toplarymyzyň yzyndan ugradyk. Ýöne, ýoluň kynlygy we onuň üstesine-de bukuda oturan türkmenler bizi bu hyýalymyzdan gaty basym el çekdirdi. Biz biri-birimize ýakynlaşyp, atyşmaga we gylyçlaşmaga durduk. Depäň üstünde garawulçylyk çekýän serbazlaram olary atmaga başlady welin, biz iki oduň arasynda galan bolaýdyk. Biz ýaplardan aşyp, lüýk ýer bilen gaçmaly bolduk. Indi biziň ýekeje maksadymyz bölünişip, bir sagatlyk uzaklykdaky suwa basdyrylmadyk ýola çykyp, şol ýerde hem birikmekdi. Merwe barýan şol ýolda ýöremegem aňsat düşjekdi. Ýene-de ýarym sagatdan biz aramyzda goşunbaşylaryň ýokdugyny bilip galdyk - uzakdan Merwe tarap haýdap barýan atlylary gördük. Serbazlar ýagdaýyň çykgynsyzlygyna hem-de serdarlaryň özlerini taşlap gaçandyklaryna düşündiler. "Gaç, başyňy gutar!" - diýen çagyryşyň önüni hiç kim alyp bilmedi. Ýigrimi töweregi atly bilen birlikde menem ýol gözläp başladym; biz iki sany garymdan geçdik. Türkmenler biziň söbügimize münüp, ýeňsämizden gülle baryny ýagdyryp gelýärdiler. Men bir giň garymdan böküp geçmäge synanyşanymda atym bilen bile ýykyldym. Eglenmäge wagt ýokdy, atdyr ýaraglarymy taşladym-da, dördünji garyma tarap pyýadalap gaçyp ugradym. Şol ýerden bir başyna göýberilen at tapdym. Maňa ol aty batgadan çykarmak we bir ýapgytlyga çykmak başartdy. Emma meniň gaçmaga bolan umydym uzaga çekmedi, biraz aňyrrakda ýene bir ýapdan geçmekçi bolanymda, men ikinji gezek ýykyldym. Men bir topar adamynyň arasyna, döşüňe çenli boýlaýan suwuň içine ýykyldym. Bu kanalyň kenary dik bolansoň, adamlar toplumrak ot görselerem, dyrmaşyp çykaryn diýen niýet bilen, topulýardylar. Ýöne olary hem dyrmaşmaga goýmaýardylar, suwuň içindäkiler janhowluna ýaňkylardan aslyşýardylar. Birden ýapyň ýokarsynda türkmenler peýda boldular-da, bizi nyşana alyp, golaýlaşyp başladylar. Biziň ýagdaýymyzda galanja ýaraglarymyzy ulanar ýaly mümkinçiligem ýokdy, ahli ok-därimizem öl-myžžyk bolupdy. Onsoň bize boýun egmekden başga çykalga galmady. Türkmenler bize bu uly ýapdan çykmaga kömek etdiler we öz yzlaryna ata artlanmagy buýurdylar. Biz bu buýrugy teklip deregine kabul etdik, sebäbi pyýada ýöremeli bendileriň gollaryny bogunlaryňy ýolup barýan düwün bilen arkalaryna daňyp, goýun süren ýaly alyp barýardylar. Goşun dargap, diri galan serbazlar aýagaldygyna gaçdylar. Türkmenlere näçe eýranlynyň ýesir düşenini aýtmak çetin, ýöne olaryň sanynyň ummasyzdygy welin aý dogan ýalydyr. Nasreddin şanyň daýysy Hemze Mürzä, şeýle hem wezir Gowam-ed-Döwlä Merw galasyna özlerini atmak başardypdyr. Olar şanyň permany boýunça Tährana getirilipdir. Ýöne bu howpsuzja durmuşa ýetmek üçin olar lomaýja çykdajy etmeli bolupdyrlar. Nätjek, bela-beterden şu usul bilen sypmaklyk Eýranda däbe öwrülipdir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |