15:32 Tutanhamonyñ kosmosdan gelen hanjary | |
TUTANHAMONYÑ KOSMOSDAN GELEN HANJARY
Geň-taňsy wakalar
Gadymy Müsüriñ juwan ýaşda ölen faraony Tutanhamonyñ hanjarynyñ Ýer togalagyndan bolmadyk adatdan daşary elementden ýasalandygy mälim edildi. Hanjary mumyýalanan jesediñ sag tarapyndan tapandygyny aýdýan alymlar: "Geçirilen barlaglar Gadymy Müsürde gymmatbahaly gurallar ýasalanda meteor demirine has köp üns berlendigini görkezýär" diýdi. Meteor demiri gadymy siwilizasiýalaryñ durmuşynda möhüm rol oýnapdyr. Grenlandiýanyñ inuit halkynyñ meteor demirinden birnäçe gurallary ýasandygy, "Demir adam" diýip tanalýan gadymy buddistik heýkeliñ* we Polşada geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde iki sany bilezikdir paltanyñ meteor demirinden ýasalandygy öñdenem mälim. “Meteoritics & Planetary Science” žurnalynda çap edilen makalada alymlaryñ Tutanhamonyñ hanjary bofunça geçirilen barlaglarynyñ netijesi beýan edildi. Maglumatlara görä hanjaryñ üç böleginiñ esasy düzümi demirden we az mukdardaky nikelden hem-de kobaltdan ybarat. Bu görlüp-eşdilmedik element bileleşmesi hanjaryñ biziñ dünýämiziñ daşyndan gelen serişdelerden ýasalandygyny görkezýär. Çünki, bular ýaly bileleşme diñe meteoritleriñ düzüminde gabat gelýär. iñlis arheology müsürşynas Goward Karter 1925-nji ýylda mumyýalanan jesediñ daşyna saralan biýzleriñ arasynda goýlan iki hanjar tapypdy. Olaryñ biriniñ demriniñ şunça müñýyllyklar geçse-de poslaman biziñ günlerimize gelip ýetmegi şol döwrüñ Müsüriniñ metal işläp bejermek işinde juda seýrek duş gelinýändigi üçin alymlary haýrana goýupdy. Hünärmenler hanjara zeper ýetirmezlik üçin demire hiç hili zyýan etmeýän rentgen şöhlesi arkaly metalyñ himiki düzümini öwrendiler. Seljermeler hanjaryñ metalynyñ içindäki ýokary derejeli nikel mukdarynyñ we hanjaryñ meteor demirinden ýasalandygyny subut etdi. Hanjaryñ analizi onda 10% nikel we 6% kobalt bardygyny görkezdi. Hanjaryñ demiri Gyzyl deñiziñ kenaryna düşendigi bilinýän meteoritlediñ himiki sostawy bilen garyşdyryldy we içinde Aleksandriýanyñ 240 km günbataryna düşen meteortiñ düzümine mümkingadar meñzeş mukdarda nikel we kobalt tapyldy. Alymlar demirdäki nikel we kobalt mukdarlaryny ölçände hanjaryñ "bu dünýäniñ" guraly däldigini aýtdylar. __________________________________ * Maglumat üçin seret: http://www.kitapcy.ga/news/kosmosdan_gelen_demir_adam/2019-04-28-6691 # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |