TYMSALLAR
▶ HETDIŇI BILMESEŇ...
Özüni çemenzarlygyň eýesi hasaplaýan bir şerraý gögeýin golaý-goltumynda ýaşaýan jandarlara sütem edip, köp jebir çekdiripdir.
Günleriň birinde çemenzarlyga gelen kebelek güle gonupdyr-da, kinniwanja hortumjygy bilen şire sormaga häzirlenipdir.Daş-töweregine hüşgärlik bilen ser salyp ýören gögeýin muny görende dergazap bolupdyr.
-- Menden soraman-etmän gülüň şiresini datmaga neneň het edip bildiň?–diýençirkin, waňňy sese kebelek tisginip gidipdir.Şonsuzam ullakan gözleri has-da möleren kebelejik “Dawaly ýerde ýumryk bar!” diýen akyla eýerip, derrew çemenzarlykdan daşlaşmak bilen bolupdyr.
Şeýdip, hiç kimden garaw görmänsoň gögeýiniň gäbi has-da azypdyr.
Bir gün säher çagy yzy göleli äpet sygyr bu çemenzarlyga otlamaga gelipdir-de, terje gamyşlara işdämenlik bilen agyz urupdyr. Ol şeýdip arkaýyn ertirlik edinip durka, kä ol gulagynyň, kä beýleki gulagynyň deňinde gahar-gazaply wyzzyldy eşidilip başlapdyr.
“Gelmişege gep düşündirip bilmän” ýadan gögeýin onuň sagrysynda jaýlaşyp, gykylygyny dowam etdiripdir. Şonda-da “barmysyňam” diýilmänsoň, ol ýiti neşteriniň täsirini ulanmagy müwessa bilipdir.
Sagrysy gijäp giden sygyr başyny hem galdyrman, guýrugy bilen öz sagrysyny gamçylap goýberipdir. Mysapyr sygyr janaweriň etine-hamyna çörňeşip oturan naýynsap gögeýin “wah” diýmäge-de ýetişmän, bir çümmük palçyk bölegiji ýaly şypba ýemşerip, gür gamyşlaryň içine syçrap gidipdir.
Onsoň gaýdypbu jelegaýda onuň waňňyldysy eşidilmändir.
▶ OGRYNYŇ TÄLEÝI
Bir oba ogrusy köp öýlere talaň salsa-da, köp wagtlap onuň almytyny beren tapylmandyr. Sebäbi bu bet işiň abyny-tabyny kemsiz ele alan peläketi etmişiniň üstünde gören ýa tutan adam ýok eken.
Gitdigiçe beleň alýan ezber ogry bir agşam goňşy şäherçä aralaşyp, bir çetde ýeke özi ýaşaýan lukmanyň öýüniň töwereginde köwejekläpdir. Bir çakylykçy gelende lukman enjamlaryny we däri-dermanlaryny alyp, onuň bilen bir ýana howlugyp gidipdir. Muňa mähetdel ogry bolsa dessine onuň öýüne giripdir.
Ömründe kän dertlere şypa eden goja lukmanyň öýünden umyt edişi ýaly kän hazyna tapmadyk ogry lapykeşlik bilen gymmadrak zatlary saýlap, halta salyp başlapdyr. Agzy mäkäm kilitlenen bir demir gutyjykdan bir naşyja küýzejik çykanda bolsa melgunyň keýpi ýerine gelidir. “Ine, lukman agamyzyň bütin ömründe toplan altyn, göwher, dür dänejiklerini ýygşyranja ýeri-dä bu” diýip, ony goltuk jübüsinde ygtybarly gizläpdir-de, kän eglenmän bu ýerden saýlanypdyr.
Gijäniň bir wagty öýüne gelen lukman gözlerine ynanmandyr. Öýüň içinde ähli zat akan-dökän, çalam-çäş bolup ýatyrmyş.
Lukman ogurlanan ähli emläklerinden beter şol demir gutudaky küýzejigiň ogrynyň eline düşenine ahmyr edip, gaýga galypdyr. “Wah, ol garamaňlaý şol küýzejigiň dykysyna agyz urup, dişi bilen çykaraýmasa biridir” –diýip,howsalasyny goňşulary bilen paýlaşypdyr.
Birnäçe günden soň ogrynyň jesedini obanyň çetindäki harabadan tapypdyrlar. Lukmandan ogurlan emläklerini saýlap-seljermek üçin ol şol çolaja ýeri saýlan bolarly. Bendäniň çagasy ilki bilenem, hut lukmanyň gorkuşy ýaly, küýzejigi agzy bilen açmaga çytraşypdyr. Ýumşajyk agaç dykyny dişi bilen kän towlapdyr neresse: agzynyň içinden tapylan dyky gemrik-gemrikdi. Mäkäm dyky pyrkyldap çykanda bolsa, içindäki suwuklyk merhumyň agzynyň içine syçran bolarly.
“Bolsa-da, känbir horlanman amanatyny tabşyrypdyr pahyr” diýip, serrelip ýatan ogryny gözden geçirip oturan hamrak lukman hamala özi günäli ýaly müýnürgäbräk gepledi. Sebäbi, merhumyň elinden gaçyp, guma bulaşyp ýatan şol küýzejikde ol derman ýasamak üçin ulanýan güýçli zäherini saklaýardy ahyryn.
▶ UZAGA ÇEKMEDIK DOSTLUK
Birnäçe günläp awy oňman gaty horlanan gum tilkisiniň tüýleri perişan görünipdir.Ol towşanyň, sülgüniň semizini saýlap iýýän döwrüni ýatlanda gamlanýar ekeni. Häzir ol ölmezlik üçin çöl syçanyny,alakany awlap bilse müňde bir razydy. Tilki açlygyndan ýaňa çölde kaňkap ýörkä gapyrgalary derisine ýelmeşen, gözleriniň ruhy öçeňkirlän çal möjege sataşanda şeýle bir gorkupdyr welin, tasdanam zähresi ýarylan ekeni. Ol çal möjegiň öňünde guýrugyny bulaýlap, ýalynjaňlyk edip başlapdyr. Gapyrgalary sanaýmaly hala düşen tilkä möjegiň rehmi inipdir. Şeýlelikde, olar dostlaşyp bilelikde şikara çykypdyrlar. Sürüden azaşan bir toklyny awlansoňlar olar güýç-kuwwatyna gelipdirler. Günleriň birinde kowumdaşlar dowar sürüsine hüjüm edipdirler. Şonda olaryň özi tasdanam goýun itlerine aw bolan ekeni. Şonda olar başlaryny aman gutarsalar dowar sürüsiniň ýele tarapyndan geçmejekdiklerine ant edipdirler.
Bu gün dostlar tirkeşip aw gözlegine çykypdylar. Ýoluň ugrunda bir ýagly lokma ýatyrdy. Olaryň ikisi-de onuň teýinde gapanyň gurulgydygyny bilýärdiler.
--Eger muny ikimiz iýsek, agzymyza ýok hem bolmaz. Bu siziň nesibäňiz möjek aga —diýip, tilki mekirlige baş urupdyr.
--Öň bir sapar şunuň ýaly lokma aldanyp gapana düşdim. Tasdanam possunhana düşüpdim, zordan başymy gutardym. Gowusy, sen bir ýana,men bir ýana-diýip,öz ugruna gidipdir.
Hekaýalar