20:44 Üç inçe üç ýogyn... | |
Üç inçe, üç ýogyn…
Goşgular
Üç inçe, üç ýogyn, üç ak, üç gara… (Kemine) I. Akar suwyň bady galar belende, Derýalar meňzärler çalymtyk daňa. Atyr ysy bilen bahar gelende, Duýgular inçeler bahardan ýaňa Muňa belentdirler ýazy görenler, Üç inçe diýerler muňa ýaranlar. Daglaryň egniniň gary düşende, Ýaz düwen miweler kemsiz düwende, Güller başyn egip, ülpülleşende, Damjalar daş bolup, dagy deşende, Muňa belentdirler tomus görenler, Üç ýogyn diýerler muňa ýaranlar. Söýgülim, dünýäni nädeýin sensiz, Söýgimiz güýz bolup eçilse kemsiz, Tomus eken gülüm açylsa kemsiz, Ömrüme güýz bolup seçilse kemsiz Hemem maňa eziz bolsa syrdaşym Ine, muňa ak diýerler, gardaşym. Meniň ýüregimde bir arzuwym bar, Ine, ýetip geldi gara gözli ýar, Zeminimem ak gar, asmanam ak gar. Üç gara gül berdi ak donly diýar, Dört pasyp deň-duşum, dost-ýarym bilen, Ýyldan-ýyla geçýän hossarym bilen. II. - Üç inçe näme? – diýip soradym ýardan: - Şol üç inçäň biri bilimdir – diýdi. - Ikinjisi näme? – soradym ýardan: - Ikinjisi meniň bilimdir – diýdi. - Üçünjisi meniň bilimdir – diýdi. - Üç ýogyn näme? – diýip soradym ýardan: - Üç ýogynlaň biri haýbatym – diýdi. - Ikinjisi meniň gurbatym – diýdi. - Üçinjisi meniň gybatym – diýdi. - Üç ak näme? – diýip, soradym ýardan: - Ol aklaň birisi bilegim – diýdi. - Ikinji ak näme? – soradym ýardan: - Meniň saňa edýän dilegim – diýdi. - Onsoňam dünýäde ýene bir ak bar, Ol meniň jepakeş ýüregim – diýdi. - Onsoň gara näme? – soradym ýardan – Uýalma, jogap ber bakma-da aňryň. - Sürme, wesme bilen üýtgetsem reňkim, Özüň bagyşlawer, gudratly taňrym. Onsoň ýene şeýdip soradym ýardan: - Ak näme? - Ak meniň dabanym – diýdi. - Akdaban!… Ýanyňdan daşlaşdym çakgan, Allahym saklasyn muň ýaly akdan. Onsoň ýene şeýdip soradym ýardan – Gara gözli, gara gaşly garadan: - Seni söýmek bormy? - Ýit-ä ýer çeken… Bu ne gyzlar – bu ne bela, ýaradan! …Gyzlar Ezizi gyzlar, şahyrlara hem Alkyşlar aýdalyň uly il bilen. Hem şahyrlar üçin, Hem gyzlar üçin, Onki syn ýaraşmyş inçe bil bilen. (1976) HALYL KULYÝEW. | |
|
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ «Dañ ýyldyzy» «Ömrüzaýa» öwrülip / Goşgular - 22.08.2024 |
√ Ölmeli bolsam / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Eý, dynç bilmeýän şemal... / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Daglar we adamlar / Goşgular - 10.12.2024 |
√ Aňmamysyň sen şol güni, jümle älem haýran ola... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Bize geçi bersene / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Hijri-zulmydan niçe kim, eýlesem men dat oňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |