18:24

Uklatmañ meni!

Goşgular
Категория: Goşgular | Просмотров: 336 | Добавил: Remezan | Теги: Remezan Mämetgurbanow | Рейтинг: 5.0/6
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Jadyly duýgy / Goşgular - 18.06.2024
Hoş örütdüň / Goşgular - 29.05.2024
Ýaşa dünýäni gujaklap / Goşgular - 15.11.2024
Kooperatiwiñ puludyr / Goşgular - 22.09.2024
Täze rubagylar / Goşgular - 29.09.2024
Sadalyk / Goşgular - 28.08.2024
Ýediñde ýazylan goşgy / Goşgular - 26.06.2024
Ýaşlyk / Goşgular - 14.11.2024
"Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024
Goşgular / Goşgular - 15.10.2024

Teswirleriň ählisi: 10
0
1 Gumlygelin0700  
1545
Gübürdäp ýyldyrym ýyrtsa kürtesin...
Bu ýerde kürte ýyrtmak gelşiksiz bolupdyr.

0
2 Remezan  
1397
Belki gyrksa diýseñ nähili bor?

0
3 Gumlygelin0700  
1545
Gübürdäp ýyldyrym, gataltsa sesin... diýseñem bolardy...
Zenanlygym sanmyka??? Kürtäni ýyrtdyrasymam, gyrkdyrasymam gelenok birhili :)

0
4 Remezan  
1397
Mümkin Nobatguly Rejepowyñ
Eý gudraty güýçli, Allam, sen kaýda?
Häzir ýyrtyp gök atlazyn asmanyň,

Şu setirlerine seretseñ, ýyrtmak gödegrägem bolsa, ýerlikli gelişipdir.

Men gowy gelişendir diýip biljek däl, ýöne birhili ýakynrak ýaly

0
5 Remezan  
1397
Uklatmañ -göçme manyda alanyñda gipnozlamañ, (köçe gürrüñinden geleli planyny ukladyp gaýtdym.
Aý, şony ukladyp bir zat almaly).

Jyklatmañ bah, indi öz öýüñden çykmaga gorkan derejä ýetmek, hakyky nalajedeýinlik.
Dogry belläpsiñiz nalajedeýin diýip. Şol sebäpli goşgy döreýärde...
Başga düşündirer ýaly hiç sözem tapamok
Sagboluñ örän minnetdar teswiriñiz üçin

0
6 sylapberdimuhamov  
1428
Goşgy gowy. Gowy bolany üçinem bellik edilipdir birazajyk. Aslynda hem kommentler dürli-dürli bolýar...
Goşgy ýüregiň önümi. Şahyr aýtmyşlaýyn "Nämä degseňizem ýürege degmäň")
Gumlygelin agzanyň belligi bilen ylalaşmajak bolýan) Sebäbi ol ýerde şahyrana meňzetme gidip dur. Onsaňam men awtoryň kalbyna düşünmesemem, ýazyş tehnikasyna, ýeten kämilligine "Haý berekella" diýesim gelýär. Duýgular hakda aýtmanda hem "örtse perdesin-ýyrtsa kürtesin" ýaly içki kapyýalar ussatlykdan nyşan. "Men şu ömrümi ýele berdim" diýlişi ýaly goşgynyň tehnologiýasy meň ömrümi iýen zat. Özümi mahabatlandyrjak bolamok, käte gowy-erbet zat hakda biraz çuňňurrak oýlanmaly biz!
Haweran agza hem goşga ullakan atanak çekipdir. Atanagam her dürli bolýar. Ýer ölçenýän atanak bar mysal üçin. Goşgynyň kemçilikli taraplaryny siz beýlesine öwrübem bir görüň. Awtor gargalaryň gagyldaýşyny erbetlige ýorýar yrym edýär. Türkmençilikde baýguşyň sesi gowluga ýorulanok. Ine, şu ýerini menem tankydy bellik edip bilerdim. Wehem... aý garaz şeýle...)
Indi, awtora aýtjak zadym. Sen goşgy ýazdyň. Aňsat-aňsat eýtseň bolarmyka, beýtseň bolarmyka diýip ikirjiňlenme. Beýlekileriň pikiri bilen işiň bolmasyn. Sen goşgy döretdim öýdýänsiň. Ol seňki däl. Sen diňe Geçiriji. Gelen ylhamy Geçiriji.
Goşgy ylahy bir zat. Hekaýa, proza bolsa eýlesi eýle eken, beýlesi beýle eken diýseň.
Umuman sag boluň!

0
8 Remezan  
1397
Minnetdar! Men bir wagtlar ýaş wagtym sakawlaýardym, şony ýeñmek üçin özüme zor salyp sakawlygy ýeñdim elbetde doly dereje däl bolsa gerek emma sakawlap ýöremok. Elbetde siziñ şu aýdan kiçirakjik höweslendirmäñize begendim. Elbetde men poeziýa giç geldim... Ýene bir gezek minnetdar!

0
7 Mähriban  
607
Düýn bu goşgyny okanymda gowy goşgy diýip ýazasym geldi. Ýöne ýazyp bilmedim. Sebäbi goşgyny mazaly "redaktirlemek" gerek eken. Onsoň awtoryň sözlem düzmekde kynçylyk çekýändigine düşündim. Belki, dilçi mugallymlardan kän zat öwrenip biler.
Üstünlik.

0
9 Remezan  
1397
Minnetdar! Entek öwrenmeli zadym kän, köp zatda yza galanlygym üçin indi ökünenimiñ peýdasy ýok. Öwrenmek üçin jan edýän. Bu ýagdaýda-da öwretmeklikden geçen göniden tankytlanýar (elbetde tankyda mynasypdyryn, emma öz ýaşyma görä birhili kabul etmejek bolýan) Käbir ýaşulularyñ biljek bolup höwes edişine gülkinji ýagdaýda kabul etýänleriñki ýaly...
Minnetdar!

0
10 Mähriban  
607
Biz-ä bir diletant hökmünde pikirimizi aýdyp bilýäs, professional tankytçylaryňam örän çynlakaý işleri bar bolaýmasa. Öwrenibermeli, öwrenibermeli, dowam etmeli.
"Bulutlar goýalyp gaýmak bolanda"... şeýle şahyrana setir üçinem ýazanyňyza degýär.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]