23:35 Üýtgeşik kesel | |
ÜÝTGEŞIK KESEL
Goşgular
Reňgi-roýum ýitip barýar ýüzümden, Sensiz - bu keseli ýeňmeli boldum. Allergiýadyr diýp, dünýäm düzünden Senden başga, ähli gülleri ýoldum. Elim gymyldanok, aýak ýöränok O nädip?! (Döweniň ýürekdi ahyr!) Şol kesel-ä barlygyňda döränok, Emma ýoklugyňda edäýdi - şahyr. Hassa deý ýatamok, ýöne barybir Gussalar görmäne her gün gatnaýar. Bu keselde geçýän günleň bary - bir, Her gün täze güneş dogup, batmaýar. Şol kesel müdümi ykbalym çözdi, Şol keseldi sekuntlary sanadan. Lukmanlar derman diýp, adyňy ýazdy, Käşgä tapyp bolsa, dermanhanadan... Ylham GURBANALYÝEW. 28.02 | |
|
√ Pyragyny okasañ! / Goşgular - 24.06.2024 |
√ Küýze döwükleri / Goşgular - 02.07.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Meniň gimnim / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Wagtydyr / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Biz üçin üýtgemez pelegiň bolşy / Goşgular - 29.10.2024 |
√ Ynan, Läläm / Goşgular - 18.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |