07:05 Watan yşky | |
Berdinazar Hudaýnazarow
Goşgular
▶ WATAN YŞKY Eý, ezizim, Ene ýurdum, Guşlar gaýsyn asmanyňda. Aňrysynda Sen ýatansyň Guwanjymyň, gussamyň-da. Günler gelsin, günler geçsin, Ak bulutlar gonsun, göçsün. Miweleriň bulduraşsyn Göz güjeňläp bossanyňda. Daýhanlaryň çeksin azap, Gaýdyp gelsin gadym ynsap. Meýdanlarda joýa ýasap Ýagmyr ýagsyn isläniňde. Ak alaňlar, gök derekler Gözden gitmez eger-eger. Bolsun edip ak pata ber Göwne hyýal beslänimde. Gün depäňden eglip dursun, Nur-bereket guýlup dursun. Ene mähriň duýlup dursyn Ýazan, ýazjak dessanymda. Barlygyňda belent sussum, Waspyň edýän bassys-bassyr. Saňa söýgüm mukaddesdir Arzuwymda, yhlasymda. Ak çagbalar ýüzüň ýuwar, Daglar gökden ak süýt emer. Ruhy golda, güýç-kuwwat ber, Takdyr bizi gyssanynda. | |
|
√ Pikir / Goşgular - 25.08.2024 |
√ Gaplañ ölümi / Goşgular - 22.08.2024 |
√ Meniň gimnim / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Ömrümde / Goşgular - 05.07.2024 |
√ Ýörter siz / Goşgular - 13.07.2024 |
√ Eý, nebiler serweri, eý, nury-aýnym, Mustapa... / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Jam içre meý ki daýyra salmyş hubap aňa... / Goşgular - 31.10.2024 |
√ Eý, aşyklar, aşyklar, bu gün biz, siz barsyňyz... / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |