WATANÇYLYK DUÝGUSY
Watansöýüjiligiň, edermenligiň nusgasy bolup, taryhda yz goýan beýik türkmen serkerdeleri öz goşunlaryna kabul edýän ýigitleriniň watançylyk duýgularyna örän uly üns berip, olary dürli synaglardan geçirip, içinden has eserdeňlerini saýlap-seçip, goşun gullugyna alypdyrlar. Goşuna kabul edilen ýigidi bolsa, «Eserdeň gerçek» diýip atlandyrypdyrlar. «Eserdeň» sözüniň manysy — «ägä», «hüşgär», «seresap», «pähimli hereket edýän» diýmegi aňlatsa, «Gerçek» sözi — «edermen», «batyr», «çyn är» diýen manylary bolan gadymy türkmen sözüdir. Türkmen serkerdeleri wagtyň geçmegi bilen bu söz düzümini gysgaldyp, ondan «Esger» diýen çuň manyly harby adalgany döredip, türkmen diliniň söz baýlygyny kämilleşdirmäge-de öz goşantlaryny goşupdyrlar.
Türkmenler dünýäniň dürli künjeklerinde döwlet gurmagy başaran halk. Olar özleriniň goşunlaryndaky esgerleriniň edermenlikleriniň hem gaýduwsyzlyklarynyň netijesinde, agyr söweşlerde duşmandan üstün çykmagy başaryp, meşhurlyk gazanypdyrlar. Şeýlelikde, türkmen esgerleriniň gaýratyna haýran galan dünýäniň ençeme halklary hem öz dillerine «Esger» sözüni ornaşdyryp başlapdyrlar.
Şu aýdan taryhy maglumatymyzdan çen tutsaň, onda «Esger» diýen belent manyny özünde jemleýän bu ady buýsanç bilen göterýän her bir Watan goragçysy özüniň esgerdigine guwanmaga haklydyr. Çünki ol — mukaddes Watanyň goragçysydyr. Watany goramak bolsa, iýen halal duzuňy ödemekdir. Mukaddes Watanyňy goramak, ene süýdüni haklamak, ata sarpasyny saklamakdyr. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Watan goragçylaryna aýratyn uly ynam bildirýär.
Aslynda watançylyk duýgusy bize ata-babalarymyzdan miras galan milli ruhumyzyň özeni bolup durýar. Watançylyk duýgusynyň merdana pederlerimize, edermen serkerdelerimize badalga beriji güýç bolup hyzmat edendigine biz taryhy çeşmelerden hem anyk subutnamalar esasynda göz ýetirip gelýäris. Halkymyz ähli döwürlerde hem ata Watany mukaddeslik hökmünde gorapdyr we bu mukaddesligi özüniň ar-namysy hasaplap arzylapdyr.
Şeýlelikde, «Watan» sözi — gadymy türkmen sözi bolup, ol türkmenleriň öz taryhynyň gözbaşyny uzak geçmişlerden alyp gaýdýandygyny we örän gadymy halkdygyny alamatlandyrýan, türkmenleriň milli duýgularynyň düýp esasyny şöhlelendirýän mukaddes söz hasaplanýar. Şonuň üçin hem, bagtyýar geljegiň eýesi bolan türkmen ýaşlarynyň Watanymyza, halkymyza bolan egsilmez hem çäksiz söýgüleri olaryň her biriniň gursagynda şu aşakdaky setirlere beslenip, mydama ýaňlanyp durmalydyr:
Watan seniň beýniňdäki aňyňdyr,
Ýüregiňdir, damardaky ganyňdyr,
Tutuş bedeniň hem şirin janyňdyr,
Watan, seniň namysyň hem aryňdyr,
Mukaddeslikdir hem päklikdir Watan,
Çalşyp bolmaz ýeke-täklikdir Watan!..
Döwletgeldi HALLYGYLYJOW,
filolog.
Edebi makalalar