TÄJIR ÝIGIT WE DANA GOJA
Günlerde bir gün bir işi ugrugyp başlan ýaş täjir ýigit maslahat soramak üçin obanyň kethudasy bolan dana gojanyň ýanyna barypdyr. Ýaş täjir ýigit öz eşretli ýaşaýşynyň gadryny bilip, ýalňyşman ýaşar ýaly özüne durmuşda bir dogry ýol salgy bermegini dana gojadan haýyş edipdir. Şonda dana goja ony penjiräniň öňüne eltip, oňa daşaryny synlamagy we aýnanyň aňyrsynda görýän ähli zatlaryny ýekeme-ýeke özüne sanap bermegi tabşyrypdyr. Penjiräniň öňünden daşaryk seredip duran ýaş ýigit biraz wagtdan soň, öz görýän zatlaryny birin-birin aýdyp beripdir. Goja onuň aýdanlaryny diňläp, soňra ony otagyň içinden diwardan asylyp goýlan ýüz görülýän aýnanyň öňüne eltipdir we ondan:
– Indi saňa näme görünýär? – diýip sorapdyr. Täjir ýigit bolsa aýnada özüniň keşbini görýändigini goja mälim edipdir. Parasatly goja bolsa ýigide seredip:
– Seniň ýaňky öňünde durup, daşaryny synlan penjiräňdäki aýna bilen şu seredip, öz keşbiňi görüp duran aýnaň ikisi-de bir çig maldan emele getirilen zatlar, ýagny olaryň ikisiniň hem asly bir çig maldan emele getirilen zatlar, ýagny olaryň ikisiniň hem asly çüýşedendir. Emma bu ýerde olary tapawutlandyrýan başga bir zat bar. Saňa penjireden seredeniňde, onuň aňyrsyndaky zatlaryň görünmeginiň sebäbi, ol aýnanyň arassalygyndadyr. Bu aýnada bolsa diňe öz keşbiňi görüp bolýandygynyň sebäbi-de, onuň bir tarapynda ýukajyk kümüş erginiň çalnandygy netijesinde aýnanyň arassalygyny ýitirendigindendir – diýip ýylgyrypdyr. Täjir ýigit şol pursat gojanyň bu syrly ýylgyryşynyň aňyrsynda bir parasatly pähimiň bardygyny aňsa-da, onuň näme diýjek bolýandygyna doly düşünip bilmändir. Şonda dana goja ýaş ýigide ýüzlenip:
– Oglum, adamyň gözleri-de şu aýna ýaly bir zatdyr. Emma gynansak-da, köplenç işi şowuna düşen mahaly adamyň gözleriniň öňünde şol ýüz görülýän aýnadaky ýaly «gatlak» emele gelýär. Şondan soň ol öz arassalygyny ýitirip, öňki görýän zatlaryny görmän başlaýar, bu bolsa onuň betbagtçylyga uçramagyna sebäp bolýar. Eger-de adam hemişe öz «gözlerini» şol penjiräniň aýnalary ýaly arassa saklamagy başarsa, onda ol hemişe öz ýöreýän ýoluny aýdyň görüp biler – diýip, oňa diňe halal işläp, eşretli durmuşyň hözirini görüp bolýandygyny düşündirip, gymmatly nesihat beripdir.
Şu hekaýadan şeýle netije çykarmak bolýar: eger-de adam her bir işde özüne halallyk bilen adalatlylygy ýol-ýörelge edinse, onda onuň işleri hemişe ugruna bolar.
Pars dilinden terjime eden: Döwletgeldi HALLYGYLYJOW,
filolog.
Halk döredijiligi we rowaýatlar