WATANNAMA
Watan,
Seniñ üçin ýollarym açyk,
Kynçylyk kerepdir,
Kesip giderin.
Gujak germek üçin gollarym açyp,
Topragyñy bagra basyp geçerin.
Seždegäh bolupdy türkmeniñ däbi,
Ruha jan berdi gowşanda taby,
Gazanaýyn diýip haýyr-sogaby,
Halallara gulak asyp giderin.
Giderin,
Oñarsam sarpamy saklap -
Özüme edilen ynamy haklap,
Şer işe şärigiñ ýoluny bekläp,
Bet pygyla böwet basyp giderin.
Işlesem ýagyrnym derli bolaryn,
Ertä gönezlikli, gorly bolaryn,
Özüme yhlasyn bergi bilerin -
Goldanyñ goluny gysyp giderin.
Sana söýgi-ýüreimde-göwnümde,
Saña söýgi-pederimde-kowmumda,
Işläp, gurup, Watan, seniñ goýnuñda
Men ösüp giderin,
Ösüp giderin!
* * *
Watan!
Buýsanjy saýdy Tuguñy
Bu döwürde ogul-gyzyñ.
Keşbini gördüler onda
Gadam goýan baky ýazyñ.
Saýasynda çekip zähmet,
Tapdylar ondan rähnet.
Parlap misli Gün deñinde,
Tanaldy dünýäñ öñünde -
Äleme düşüp ýalkymy,
Tanatdy türkmen halkymy...
Şonuñ üçin mukaddesdir,
Şonuñ üçin keramatdyr!
Watan!
Seniñ ýaşyl Tuguñ
Şan bolup siñer taryha.
Ähli zatdan eziz görler,
Jan bolup siñer taryha!..
Seýitmämmet HYDYROW.
# garagum_97
Goşgular