17:47 Ýagşyny ýatlap | |
ÝAGŞYNY ÝATLAP
Aýdym-saz sungaty
Segsen ýediñ ýanwarynyñ başynda, Juwan wagty - otuz sekiz ýaşynda, Şagadam şäheri - Kaspiñ duşunda, Baky ýurda giden Nyýazmämmet bagşy... Gyzyletrekli şygyrýet muşdagy, lukman Mämmet Salyhowyñ sözlerine onuñ ildeşi zehinli bagşy, ökde gyjakçy N.Gulow adyndaky çagalar sazçylyk mekdebiniñ mugallymy Meret Abdyreýimow her gezek, şu aýdymy aýdanynda, oglanlyk ýoldaşym, klasdaşym, dostum, merhum bagşy Nyýazmämmet Orazowyñ syrdam syraty,hoşgylaw häsiýeti, bugdaý reñkli ýylgyryp duran keşbi göz öñümde janlanýar. ....1962-nji ýylda Gyzyletregiñ M.Ý.Hamzaýew adyndaky 1-nji orta mekdebiniñ 9-njy klasynda okap ýörkäk biziñ aramyza Esenguly raýonynyñ Garadegiş obasyndan bir okuwçy goşuldy. Klasdaşlar bilen doly tanyşyp, öwrenişip ýetişmänkä-de, ol Nurberdi bagşynyñ kružogy (raýon pionerler öýüniñ ceper höwesjeñler öýüniñ çeper höwesjeñler kružogy) bilen gyzyklnyp ugrady. Bir günem okuwdan soñ ol şol ýere bardy. Şol wagt Nurberdi aganyñ ýeke özi haýsydyr bir işe gümra bolup oturan eken. 13-14 ýaşly, bugdaý reñkli, uzynak, inçesagat oglanyñ beren salamyny gadyrly alyp, saglyk-amanlyk soraşdy. Emma ýañky oglan beýleki oglanlar ýaly gazet-žurnala güýmenmedi-de Nurberdi aganyñ ýanynda saklandy: Nurberdi aga: - Bally, Nyýazmämmet jan, biziñ gözläp tapabilman ýöränimiz sen ýaly oglanlar, Dädeñ -- Gara başlygy gowy tanaýan - diýeninde oglan: - Nurberdi däde, meni dädem Garadegişde doly orta mekdep bolmansoñ Etrekde okamana ugratdy. Özümem tamdyra çalyp halk aýdymlaryny aýdan bolýan, Garadegişde Söýün dädem, Gulmämmet dädem dagy öwretdiler. Şu wagt okuwdan boş bolamyzsoñ, siziñ yanyñyza gaýdyberdim... ..Bujagaz dogumlyja oglanjygyñ aýdan sözleri ussat bagşyny begendirdi. Şonuñ üçin hem: --Oñarypsyñ, Nyýazmammet jan- diýdi-de, Nurberdi aga golaýyndaky şkafda duran tamdyralaryñ birini özi alyp, ýene birini ýañky oglana uzadyp: -- Hany, Nyýazmammet jan, bilýänje aýdymlaryñdan maña-da birki sanysyny aýdyp ber bakaly, diñläp göreýli - diýdi.. Ýaş bagşynyñ iki üç aýdymyny diñläp görübem, halypa bagşy içki duýgusyny daşyna çykardy: --Berekella, Nyýazmämmet jan, sen-ä hakyky bagşy ekeniñ, bally! Ýöne biraz elini, diliñi düzlemeli. Bu duýdigim, çalýan sazyñy aýdýan aýdymyñ bilen ýagşy utgaşdyrmaly, sazlamaly diýdigim bally. Ertirden başlap, şu ýere gatnap ugrarsyñ. Şeýlelik bilenem, täze gelen klasdaşymyz gün yrman pionerler öýüne - Nurberdi bagşynyñ kružogyna gatnap ugrady. Köp wagt geçmänkä-de,ol dürli konsertlerde aýdym aýdyp, çykyş edip il-günüñ alkyşyny aldy. Şonuñ ücin bolsa gerek, klasymyzda onuñ adyny "Bagşy" diýip tutuldy. Orta mekdebi tamamlanymyzdan soñam ol biz bilen aragatnaşygy üzmedi. Häli şindi Etrege gelerdi, özem sataşman, çaýlaşman gitmezdi. Onuñ gelen güni etrekli deñ-duşlary üçin ala-ýaz, şowhundy. Oglanlaryñ biriniñ öýüne üýşerdik, hezil edip aýdym-saz diñlärdik, degişerdik, oglanlyk, okuwcy ýyllarmyzy ýatlaşardyk Bagşycylygynyñ daşyndan Nyýazmämmet neressäniñ toylarda orta cykyp biline guşak guşanyp, göreş tutubermeside bardy,päliwandy, ýagyrnysy kän ýere degenlerden däldi. Mañlaýyna baýragy kän sylypdy neresse.. 1985-nji ýylyñ tomsunda orta mekdebi tamamlamagmyzyñ on bäş-ýyllygy mynasyply dabara geçirdik. Klasdaşlarymyza, mugallymlarmyza joşup-joşup aýdym aýdyp berdi neresse şonda-da. Bir gezegem Nyýazmämmet aýdym aýdanynda asly Balkanyñ arkajyndan Akguýy obasyndan Nebitdaga taksi sürüji bolup işleýän Geldi Baýlyýew bar eken. Ol bagşyny halapdyr. Toý gutaran dessinede golayda boljak toýa çagyrypdyr, bagşy oñ bilen ylalaşypdyr. Soñ ol adam ýörüte gelip bagşyny uzak aralykdaky obalaryna toýa alyp gidipdir. Akguýa toýa baryp uzakly gije aýdym aýdypdyr. Şondan soñ Balkanyñ gaýrasyndaky obalaryñ toý cakylygynyñ yzy üzülmändir. Ol bir gezek işi cykyp Aşgabada gidipdir. Ol ýerdäki tanyş-biliş oglanlara aýdym aýdyp hezil beripdir. Oglanlaryñ biri Nyazmämmet neressä sesini radio ýazgy etdirmegi maslahat beripdir. Beýlekiler hem bu pikiri makullaýarlar-da geçýärler neressäniñ daşyna. Nyýazmämmede olar bilen ylalaşmakdan başga ýol galmaýar. Şondan soñ ol oglanlaryñ biri Nyýazmämmedi göni Türkmenistanyñ halk artisti, "Gaýrat" medalynyñ eýesi Akmyrat Çaryýewiñ ýanyna eltär. Ussat sazanda alys ýerden gelen ýaş bagşynyñ bir-iki aýdymyny diñländen oña syny oturýar, göwni ýetýär. Şol ýerdenem sesini ýazgy etdirmek üçin ony radio alyp gidipdir. Bu ýerde-de Akmyrat Çaryýewiñ özi dutarda, Türkmenistanyñ at gazanan artisti, merhum Alladurdy Çaryýarowyñ gyjakda sazandalyk etmeklerinde Nyýazmämmet neressäniñ aýdymlaryny ýazgy etmäge başlaýarlar. Ýazgyny-da şol gezek Türkmenistanyñ halk artisti, merhum aýdymçy Annaberdi Atdanow edýan eken. Bagşydyr sazandalar birinji aýdymy tamamlapdyram welin añyrdan Annaberdi neresse ylgap gelip: --A-how, Akmyrat, seniñ bu günbatarly bagşyñ aýdym aýdanda ökjesini ýere urýar-la- diýipdir. Görülip oturylsa Nyýazmämmet neresse sesi ýazylyp durka-da öñki endigi boýunça ökjesini ýere urup oturypdyr. Ol hem ses ýazyjy güýçli aparatura düşüp güñlenç ýañlanýar eken. Onsoñ atly ussatlar ýerli ýerden Nyýazmämmede aýdyp, düşündirip onuñ "Bolmasa" "Ýigidiñ" "Hoş gal indi" "Ýarym galdy" "Bolgaý sen" diýen aýdymlaryny ýazgy edipdirler. Sesini ýazdyrmaga ýene-de gelip durmagyny ak ýürekleri bilen sargapdyrlar. Häzir şol ýazgy edilen aýdymlaryñ bäşisi türkmen milli radiosynyñ fondunda saklanyp, häli- şindi efire göýberilýär. Olar halk köpçüligi tarapyndan uly söýgi bilen, lezzet alyp diñlenilýar, sarpalanýar. Nyýazmämmet neressäniñ toý-tomaşalarda, şagalañlarda, aýdan aýdymlary magnit lentasyna edilen ýazgylary, etrekli, esengulyly balkanly adamlaryñ birnäcesinde bolup, olar gymmat bahaly zat höküminde aýap saklanylýar, eý görülýar. Aýatda diri gezip ýörkä sesini köpüräk ýazgy etdirmegi barada kän aýdypdyk neressä. Emma ol känbir gulak gabartmazdy-da neresse, mydam aramyzda gezip ýörjek ýaly: - Aý häzir garrap baramzok-la, ses ýazdyrmaga ýetişetis-le, enşalla- diýerdi-de bir güläýerdi. Emma Hudaý tarapyn mañlaýna ýazylan ýazgyt başga bolup çykdy. 1987-nji ýylyñ ýanwarynyñ başynda otuz dokuz ýaşynyñ içinde Krasnowodsk şähetinde oblast hassahanasynda biwagt ýagty jahan bilen hoşlaşdy. Nyýazmämmet neressäni soñky ýoluna ugratmaga Garadegişe Nurberdi aga pahyr bilen bileräk gidipdik. Şondan soñ Etrege gaýdyp gelenimizde bolan gürrüñdeşlikde ussat bagşy şeýle diýipdi: --Bally, siziñ dostuñyz çyn bagşydy. Ondan tamam uludy. Onuñ hakyky aýtmaly aýdymlary entek öñdedi. Aýdymy jany-teni bilen aýdardy, ýasama zady ýokdy. Aýdym aýdanda hemme zady ýerbe ýer, jaýba-jaý ederdi. Kähalatlarda käbir bagşylaryñ edişleri ýaly aýdymy ýeñil kakyp göýberjek bolmazdy. Bu zatlar bolsa onuñ hakyky kämillige ýetip ussatlyga gol bereniniñ nyşanydyr. Arman ömri gysga ýazylan eken-dä neressäniñ.. Nyýazmämmet neresse ýatlanylyp, onuñ ady agza alynanda meniñ gulagumda Nurberdi aganyñ şol sözleri ýañlanyp duran yaly boluberýar. Sebäbi bu sözler geljegi uly ýiti zehiniñ wagtyndan juda ir solmagyna halypa bagşynyñ çäksiz gynanjydy, ýürek gyýylmasydy: -Nyýazmämmet jan ýagşy kämilleşip, ilhalar bagşycylyga ýetişipdi, ondan yssatlygam daş däldi. Arman aramyzdan ir gitdi. Onuñ hakyky aýtjak aýdymlary entek öñdedi. Üns berseñ Nyýazmämmet bagşynyñ aýdym aýdyşy, bokurdagynda gaýnadyp-gaýnadyp joşgun bilen cykarýan sesi üýtgeşikdir, özboluşlydyr. Özem aýdymy birhili, şähdiacyk, şowhunly şüweleñli aýdýandyr. Aýdym aýdýanyñ kimdigini görmeseñ-de, hiç kimden soramasañ-da, onuñ Nyýazmämmet bagşydygy mese-mälimdir. Bu sözler bolsa Türkmenistanyñ at gazanan bagşysy Aşyr Gurbanowyñ ýüreginden syzdyryp aýdan sözleri Golaýda Nyýazmämmet neressäniñ göbek gany sinen mähriban obasy Garadegişe bardym. Onuñ öýünde duz dadyp, caý içdim. Nyýazmämmet bagşynyñ mukaddes ojagyny abraý bilen saklap oturan söwer ýary Ymsagül, Nyýazmämmet neressäniñ maşgala agzalary, golaý-garyndaşlary bilen gürrüñdeş boldum. Çaý başynda Nyýazmämmet neressäniñ maşgalasyna galdyryp giden şahsy arhiwindäki zatlara ser saldym. Özüniñ zähmetde, bagşyçylykda gazanan üstünlikleri üçin berlen köp sanly sylaglaryñ icinden ikisine Nyýazmämmet neresse aýratyn sarpa goýýar eken. Olaryñ biri oña 1964-nji ýylyñ awgustynda şol wagtky TSSR-iñ we TKP-nyñ döredilmeginiñ 40 ýyllygy mynasybetli gecirilen ceper höwesjeñleriñ respublikan gözden gecirilişinde ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy üćin berilipdir. Şol Hormat Hatyna Türkmenistanyñ önki medeniýet ministri G.Seýitliýew gol cekipdir, gowşurypdyr. Şol sylaglaryñ biri bolsa gazanan ýokary zähmet üstünlikleri mynasybetli Nyyazmämmet neressä SSSR-iñ lýotçik-kosmonawtlarynyñ adynda 1985-nji ýylda iberilen gutlag haty. Ona kosmos gahrymanlarynyñ biri gol cekipdir Bu sylaglar barada gürrüñ edip otyrkak, Nyýazmämmet neressäniñ zähmet ýoly bilen baglanyşykly bir waka meniñ hakydama geldi. Muny öýdäki oturanlara-da aýdyp berdim. Ol Garadegiş obasyndaky şol wagtky " Sowet Türkmenistany" kolhozynda otçulyk brigadadyna ýolbaşçy bolup işlärdi. Ol işgärlerden talaby güýçlendirip, tertip-düzgüni berkidip brigadanyñ işini gowy ýola goýmagyñ hötdesinden gelen ýolbaşçy bolup, etrapda öñdebaryjylaryñ hataryndady. Şonda bir gezek ol neresse duşuşygymyzda janygyp: --Garry dost, ( ol neresse ikimize "dostuñ könesi" diýen äheñde biri birimize şeýle ýüzlenerdik) bu iş meniñ işim däl, Ýaman dilegçisi köp, meninem dost-ýarym, tanyş-bilişim kän. Ot hem ähli kişä gerekli bolsa-da açyk satylyp duran zat däl. Onsoñ galýan bir görgä, düzgüni bozup-da bilemok, gelýan dilegçilieriñ ýüzlerine urubam. Sürüji bolaýsam-a hezil bolardy. Çopanlaryñ arasynda ilatyñ agyz suwuny, mal suwlaryny ýetişdirip dursañ, onsoñ olar senden razy bolardylaram, aljagymam alkyş bolardy.. Onsoñam garry dost, çopan goşunda, arassa açyk howa-da gara kündigi lakyrdadyp caý başynda hiñlenip, aýdym aýdyp berip, çopanlaryñ göwnüni awlap alkyş almagyñ lezzetem başga görûnýar..- diýip işini üýtgedesi gelýänini aýdypdy neresse. Hawa, merhum bagşy Nyýazmämmet Orazow, zehinli, ilhalar bagşylygynyñ daşyndan şeýle kiçi göwünli, ak ýürekli, pes pälli adamdy. Olar ýaly adamlar bolsa ýatdan cykmaýarlar, mydama ýagşylykda ýatlanýarlar. Özleri aýatda diri bolmasalar-da il-ulusyñ ýüreginde mydamalyk ýaşaýarlar. Nurmuhammet AÝLAKOW. "Balkan" gazeti, 1995 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |