20:22 Aýra düşen doganlar / powestden bölek | |
AÝRA DÜŞEN DOGANLAR
Powestler
Türkmen bagşyçylyk sungatynyñ ägirtleriniñ biri bolan Nurberdi Gulow soñky nesillere uly miras galdyrdy. Ol ata-baba gelýän milli sungatymyzyñ ösmegine özboluşly goşant goşan, "Nurberdi aganyñ ýoly" diýen aýdym aýdylyş ugruny emele getiren bagşydy. Ýazyjy Nurmuhammet Aýlakow bagşynyñ ömür ýoly bilen içgin gyzyklanyp, irginsiz gözlegler netijesinde, Nurberdi aga hakynda baryp 1994-nji ýylda dokumental powestleriniñ birini döredipdi. Kitapçylar saýty ýazyjynyñ şol powestinden bir parçany okyjylar köpçüligine ýetirmegi makul bildi. * * * 1937-nji ýyl doñup, 1938-nji ýyl başlandy. Öñ "halk duşmanlarynyñ" tutulýandygy, jezalandyrylýandygy baradaky habarlary daş gulakdan eşidip ýören gum içindäki çet obalaryñ adamlary indi beýle zatlary öz başlaryndan geçirýärdiler. Haýsy obadan tutsañ, "Öten agşam pylanynam alyp gitdiler", "Obadan äkidilen adamynyñ sany pylança ýetdi, hijisinden habar düşenokdan" başga gep az eşidilýärdi. Bu elhençligiñ bir çeti Şahmana-da ýetdi. Bu ýerden-de birläp-ikiläp adam äkidilipdi, esli wagt bolanam bolsa, olaryñ soñky ykbaly nämälimdi. Bu bolsa geçýän zatlar sada çarwa ilatyny alasarmyk ýagdaýa saldy, olaryñ howsalasyny artdyrdy. Obadan gije göçüp gidip, tutuş maşgalasy ýa-da ýeke özi serhediñ añyrsyna geçýänleriñ sany köpelýärdi. Kolhozda brigadirlik edip ýören Gurbanberdiniñ başynda-da nähilidir bir ünjüniñ, howsalanyñ dörändigini Nurberdi añýardy. Ol beýle ýagdaýyñ sebäbini soranda-da, Gurbanberdiden açyk jogap alyp bilenokdy, sebäbi agasy gümmi-sümmä urýardy. Ahyry Gurbanberdi iç syryny dädesine aýtmaly boldy. Ýagdaýyny ýaşula düşündirip, maşgalasy bilen Eýrana geçmeklige onuñ razyçylygyny aldy. Ertir irden Garadegişe gitmeli bolansoñ, Nurberdi bu gün işden ir geldi. Gelenem Gurbanberdi ony öýüne çagyrdy, çaý-nahar edinensoñlaram, ol inisine garap, birhili howsalaly söze başlady: - Bally, Garadegişe gitmelo bolsañ, sen ertir diýip durma, şu gije ýola düşeli, şol tarapa menem gelnejeñ bilen gitmeli... Sebäbi?.. - Sebäbini ýolda aýdaryn, bally... Sen git-de, ýol şaýyñy tut. Ýöne dädemden başga hiç kim duýmasyn. Şunluk bilenem gep gutardy. Nurberdi öýe gelip, bu ýagdaýy dädesine gürrýñ berende, onuñ-da jogaby gümürtik boldy: - Dogrudyr, habarym bar. Gurbanberdiniñ aýdanlary bilen bol-da, ýol şaýyñy tutuber. Galanynam ýolda onuñ özünden eşidersiñ. Bu wagt gürrüñi uzaldyp durmaýly... Olar iki ulagda üç adam bolup, ilkagşam ýola düşdüler. Gurbanberdi atyñ ardyna maşgalasy Akbäbegi aldy, Nurberdiñem bir özi, esli wagt dymyşyp gitdiler. Obadan sesýetim aralyk daşlaşanlaryndan soñ, Gurbanberdi dillendi: - Nurberdi, bally, ýurt birhili bulaşýar. Düşüner ýaly bolmady. Günälimi sen, günäsizmi sen saýgarylanok, tut-ha tut, bas-ha bas. Öz obalarymyzyñ gürrüñini edemok. Ony özüñ-de bilýäñ, Akýaýladan, Baýathajydan, Madawdan bir-iki günlükde birnäçe adamy tutupdyrlar. Köpüsini tanaýan, dönüklik, ikiýüzlilik etjek adamlar däl. Şu wagt üstlerinden düşseler, ýagşylyga garaşmaly däl. Golaýda men barada-da hyşy-wyşy gürrüñ bolupdyr, onsoñ menem müñküllili ýaşamaýyn diýdim, bally. Şu barşyma Garababanyñ ýanyna Eýrana geçip gitjek. - Gurbanberdi däde, senden näme günä tapyp biljekler ahyry? - diýip, Nurberdi janygyp gepläp ugrandan, Gurbanberdi onuñ sözüni böldi: - Özümde çigit ýaly günäñ ýokdugyna menem ynanýan, bally. Ýöne, men ýañyja aýtdym-a, günäli günäsiz saýgarylyp durlanok diýip. Adama ýok ýerden günä ýöñkäp, ony güm etmäni eşekden palan agdarança-da görenoklar şu wagt. Elbetde, bally, Watandan, il-günden aýra düşmek maña-da ýeñil däl, gelnejeñe-de. Aýdypdyrlar-a geçenlerimiz: "Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan ölünçä" diýip. Meñkem şeýle bolmagy mümkin. Ýöne alaç ýok, bally, men gideýin. Saña nesihatym, ýaşululary hor etme, hiç göwünlerine degiji bolaýmagyn! Ýeke zürýadymyz Bagtygüljigi-de goýup barýas bärde, bally, ol menden size galan ýadygärlik bolar. Ony-da gözden salmagyn! Öñ-ä ony alyp gitmekçidik, ýöne öñümizde-de bize nämäniñ garaşýandygy belli däl, çagany horlamaly diýdik. Gelnejeñ ikimizem, näme, başa gelenini görübereris. - Bolar, Gurbanberdi däde, bizi gaýgy etmesene - diýip, Nurberdi söze başlasa-da, damagy dolup, mundan artyk gepläp bilmedi. Ara düşen dymyşlygy ýene-ds Gurbanberdi bozdy: - Bally, ýaşulynyñ aýdym aýdýañ diýip, käwagt käýeýänini kyn görüp ýörme. Ýaşuly adamdyr, ýuwaş-ýuwaşdan ýumşaşar. Onsoñam señ arkañda halk bar ahyry. Il-gün señ bagşyçylyk ukybyña göz ýetirip, seni gadyrlap ugrady. Şonuñ üçin hem olar irde-giçde ýaşulyny yrarlar. Galyberse-de, menem ýaşula bir zatlar barada sargandyryn. Atabal aga-da, Araz aga-da günde-günaşa onuñ gulagyna öwüt-nesihat baryny guýup durlar. Dädemiñ köpçüligiñ öñünde durumy bolmaz. Saña bagşyçylyk etmäge hökman rugsat berer, bally! Seniñ irde-giçde uly bagşy boljagyña bil baglaýandyryn, ynanýandyryn, bally, şuny ýadyñda bek saklagyn! Gurbanberdi sözüne biraz dyngy, berdi-de, ýene-de gürrüñini dowam etdirdi: - Ýogsa-da, bally, dädemiñ özüniñ-de ýaş wagty birneme aýdym-saza, bagşyçylyga baş goşandygyny bilýänsiñ. Şu wagtlaram eline tamdyra alyp, hiñlenibermesi bar-a! Ýöne soñ bu zatlardan oñ el çekmesiniñ sebäbini weli, sen bilýän dälsiñ. Bilýän, ol saña häzir gürrüñ berenok, maña bolsa irräk aýdypdy. Gulak goý, ol şeýle bolupdyr. Ikimiziñ kakamyza Berdi diýýärler eken, onuñ "kör" diýen lakamy-da bolupdyr. Şoñ üçin oñ ady il arasynda Berdi kör diýlip tutulypdyr. Dädemiñiziñ ady-da şu wagtky tutulyşy ýaly Gul ýa-da Gul mergen däldir, Annaberdidir, munam ýeri gelende aýdaýyn. Onuñ adynyñ Gul bolmagynyñ sebäbini-de bilip goýaý! Berdi körüñ, ýagny kakamyzyñ iki aýaly bolupdyr - biri ig, biri gyrnak. Dädem onuñ gyrnak aýalyndan bolupdyr, kiçijikliginden akyllyja, düşbüje bolansoñ, kakam onuñ Annaberdi adyny tutmandyr-da, gowy görüp: "Gulum!" Gulum!" diýipdir. Şeýdibem oñ Annaberdi ady ýatdan çykypdyr-da, ýörgünli ady Gul bolupdyr. Mergen goşundysyny bolsa, awanda bolup, okuny kän boş geçirmänsoñ, halk goşupdyr. Şeýdibem, ol indi Gul mergen bolup ýör... Hawa, indi gürrüñimiziñ başyna öwrülip geleýli. Günlerden bir gün kakamyzyñ kazasy dolýar-da, dünýäden ötýär. Dädemiz-de ol wagt oglanlak bolmaly, özi-de onuñ tamdyra çyny bilen ýapyşyp ýören wagty. Kakamyzyñ kyrky sowlup, bir-iki gün geçer-geçmez, dädem tamdyrasyny ele alyp, çalaja öýde tyrñyldatmaga oturýar. "Aý, indi geñlenip, kyn görlüp ýörlesi ýok-la" diýipdir-dä oglan. Ine, şo wagtam onuñ üstüne enesi başga agasy geläýýär. Dädemiñ tamdyra çalan bolup oturşyna onuñ girre gahary gelýär-de, elindäki duşak bilen bir-iki gezek ýagyrnyna syrykdyrýar-da, käýemäge durýar: "Häý, bedasyl diýsäni, dädeñ kyrky ýañyja geçdi, mazarynyñ gumy guranok, näme tamdyrany onuñ ölenine begenip çalýañmy?" Duşak bilen ýagyrnyna ýene bir-ikisini suñşurýar-da, tamdyranam elinden alaga-da, gapydan çykaryp zyñyp goýberýär. - Heý, bidöwlet, seni ýene-de bir eliñ tamdyraly göreýin, şonda görjek oýunlaña, şonda bir syn et, haramzada! Ine, şondan soñ dädemom tamdyrany eline känbir alasy gelmändir. Aýtjak bolýanym, bally, dädem saña käýese-de, özüni ýenjişleri ýaly ýenjenok ahyry, şonuñ üçin-de, dädemiñ kän bir gaharyny getirme, ýöne ol kyn görýä diýip tamdyradan, aýdym-sazdan daşlaşma! Bilýän-ä Hudaýdyr weli, sen ahyr bagşyçylykdan abraý alaýsañ gerek! Agasy şu sözleri aýdandan, Nurberdi oña sorag berdi. - Sen gidil, ara aýralyk düşensoñ, ele tamdyra alyp, ile çykyp, aýdym aýdyp bolarmyka, Gurbanberdi däde? - Agzyña alýan sözleñ dagy näme señ? Biz nä ölüme barýasmy? Oba baranyñdan aýdym-saza başlabergin, emma şeýtmedigiñi eşitsem, ýaman kyn görerin. Özümiñ añry baryp, nähili ýerleşendigimiñ habaryny alajyny tapsam, size ýetirjek bolaryn... Wagt geler, bally, bi zatlar hökman düzeler. Dilegde boluñ, bizem bolarys. "Ýagşy niýet - ýarym döwlet" diýipdirler danalar. Saglyk bolsa ýene biri-birimize gowşarys, bu bulagaýçylyklaryñ ahyry soñuna çykan tapylar. Nurberdi ara düşen dymyşlykdan peýdalanyp, gepläp ugrady: - Gurbanberdi däde, Garababa golaýlady, onuñ añryýanam serhet. Häzirem bir çenek, pikiriñden dänseñ nädýär? Gurbanberdi inisine sözüni dowam etdirmäge maý bermedi: - Ýok, bally, "Är ürken ýerinden..." diýipdirler. Men gideýin. Senem şundan häzir Güdrioluma git, bu wagt Garadegişde işiñ ýok, ertir barsañam bolar. Öñüñden çykana-da meniñ Eýrana geçenimk gizlemäni aýtgyn, sorasalar soramasalar aýtgyn, başartmany gitdi diýgin... - Gurbanberdi däde, beýtsem namartlyk bolmazmy? Men muny başarman... - Ondan namartlyk bolmaz. Sen muny hökman başarmaly. Seniñ habaryñ degişli ýerine barýança, biz aşmaly ýerimize aşarys, bizi gaýgy etme! Ýöne sen habar etmeseñ weli, seni kän süýrärler, köp azar bererler. Hökman habar bergil, bally, hökman... Bolýar onda hoş, bally! Aýdanlarymy ýatdan çykarma! - Bolýar, Gurbanberdi däde, gelneje sag-aman baryñ - diýen Nurberdiniñ damagyna lokga bir zat dykylana döndi. Dili tutuldy, iki gözünden ýaş togalanyp, ýañaklaryndam syrygyp ugrady. Şol wagtam gelnejesi golaýrak gelmegini Nurberdiden haýyş etdi, soñam onuñ mañlaýyndan taýly gezek ogşady-da, bozulanyny gizläbem durmany, agy gatyşyklyrak gepläp ugrady: - Hoş gal, ýürek ýagym, ýüwürjim! Toýuñda baş ýeññe bolup dik durmak, ak kejebe bilen gelin getirip bermek, eltä guwanmak nesibämde däl ekeni, arkadagym! Ýalñyz, naçar ýeññeñden razy bolgun, boý syratyña guwandygym! Agañ aýdanlary, meniñ-de aýtdygymdyr, ýalñyz galjak howandarym! Saña-da ýeñil düşmez, gaýrat etgin, Nurberdijan! Allam saña kuwwat bersin, ýüwrük atym - ýüwürjim! Ýeññesiniñ bu sözlerinden soñ-a Nurberdiniñ geplemäge-de mejaly bolmady, ony şagga der basdy... Şol duran ýerinden butnabilmän, agasydyr ýeññesiniñ giden ugruna seredip, doññaradaş bolup esli wagt esli wagt durdy. Eziz agasy, mähriban ýeññesi bilen hoşlaşyk Nurberdä agyr degdi. Göwnüne dünýä gapyşana döndi. Ýüregi sanjyp gitdi. Ysgyny gaçdy. Gözi garañkyrady. Kellesinde dörän agyry çekip çydardan çökderdi. Şu ýagdaýda-da ol atynyñ başyny gündogara - Güdrioluma tarap öwürdi-de, ýola düşdi... Bu obadaky daşkyrak garyndaşlarynyñka baryp, dañ ukusyny almak üçin gyşardy. Gözüne uky gelmedi. Ymyzganyp ugrandan basyrgandy... Hon-ha agasy bilen ýeññesi gözden gaýyp bolup barýar. Özlerem hiç bir ýapyşalgasy bolmadyk çuñluga siñip barýarlar. Naýynjar garaýyşly göreçlerini Nurberdä gönükdirýärler. Ondan delalat isleýärler. Nurberdi olara hemaýat etmäge hyýallanýar, emma başa baranok, olar barha daşlaşýarlar. Gözden ýitýärler. Nurberdi tisginip oýandy, dikelip biraz oturdy. Ýene-de gyşarybam bir ymyzganjak ýaly etse-de, şol öñki ýagdaý gaýtalandy. Arasynda samyrdabam goýberýärdi, öz samyrdamasyna-da özi tisginip gidýärdi. Ne itiñ güni bilen dañyny atyrdy. Ertir çaýyny öñe alanlaryndan, öý eýesi ynjyly nazaryny Nurberdä dikdi-de: - Nurberdijan, bu bolup ýörşüñ eýgilikmi, bally? Geleñde näme edip ýöreniñi özüñ bileñok. Şu wagtam ýüzüñ üç ýuwulan ak esgä dönüpdir, gözleriñe gan öýlüpdir. Ukyñy-da düzüwli alyp bilmediñ, yñradyñ, samradyñ - diýdi. Nurberdi garyndaşyna Gurbanberdidir ýeññesi barada howul-hara gürrüñ berdi-de, hoşlaşyp, Garadegişe ugrady. Barşyna-da Gurbanberdiniñ başartmany Eýrana geçip gidendigini oba şurasyna habar etdi. Nurberdiden gijesi bilen sorag etdiler. Özlerem aralaryna az salym salyp, 5-6 adam bolup, dürli sowallar berdiler. Nurberdi han şol başky aýdan sözlerini üýtgetmedi. Oña ahyry daña golaý rugsat berdiler. Nurberdi ertesi Garadegişlik işlerini birýüzli edip, oba gaýtdy... Ýarym asyrdan gowrak wagt mundan öñ aýra düşen doganlaryñ hersi ara çekilen tikenekli simiñ bir tarapynda galyp, ömürleriniñ soñky gününe çenli bir-birini zarlap gezdiler. Emma aýatda dirikäler didarlaşmak weli, olara nesip etmedi... | |
|
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Halypa - 04.03.2024 |
√ Guduzlan it / powest - 09.09.2024 |
√ Baga bagşy -8: «Niçik geçer halym Bibi...» - 08.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powest - 03.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Atyň ürken ýeri... - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Synag - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Uspen halypa - 03.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Melek kebelek - 03.07.2024 |
√ Taraşa -2/ powestiñ dowamy - 01.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |