23:39 Guduzlan it / powest | |
GUDUZLAN IT
Powestler
Obanyň adamlary howluda jemlenipdiler. Osman ahun sadaka berýärdi. Altmyş üç ýaşynyň sadakasyny. Ol pygamber ýaşyna ýetipdi, şol mynasybetli "Ak aş ak goýun" toýuny belleýärdiler. Tuwak uly begenç hem şatlyk bilen oňa seredip durdy. Arryk, garry Osman ahun bu gün tutuş ak eşik geýipdi, onuň kellesinde ala sellesi bardy. Tuwak ony gowy görýärdi, sylaýardy. Osman ahun hemişe Tuwagy görende onuň bilen gyzgyn salamlaşýardy. Tuwagyň elini gysardy, ýürekden ýylgyrardy. Tuwak bolsa her gezek muňa gyzarardy. Tuwak Osman ahuna tarap birnäçe ädim ätdi. Şol wagt Aman gelip: "Tuwak, göreş hem tutjaklar ýaly-la?!" - diýdi. Tuwagyň gözi höwesli ýylpyldady. Ol: "Çynyňmy?" - diýdi. - Hawa, näme üçin ýalan bolsun? - Haçan? - Nahardan öň. - Heýjanelek, gowudygyny! Pälwanlar hem hökman bolarlar. Hawa, birnäçe pälwan gelipdir. Islän adam olar bilen göreşip bilerler. - Biz göreşip bilemzog-a, çaga görýärler. - Hawa, bize rugsat berilmez. - Eger rugsat berseler, ulular bilen hem göreş tutmaga taýyn. - Sen onda ýykylarsyň. Muňa Tuwagyň uly gulaklary gyzardy. Ol: "Hiç kim meni ýere ýykyp bilmez!” diýdi. Oglanjyk ümsüm oturdy. Tuwak belent sesi bilen: "Şeýle dälmi?” diýip oňa seretdi. Tuwakdan gorkýan Aman äheňini üýtgedip: "Dogry aýdýarsyň. Saňa ýöne ýere "Tuwak karate" diýen däldirler-ä. Hiç kim seni ýykyp bilenok" diýdi. Tuwagyň ýüzüniň reňki açyldy. Ol bedeniniň güýjüni görkezdi. Soňra agzyny ýellendirip: "Arman, çagalara göreş tutmaga rugsat bermeýärler-dä, ýogsa hiç kim meni ýeňip belmezdi" diýdi. Ol: "Käşkä çagalaryň arasynda hem göreş geçirilsedi" diýip arzuw etdi. Şonda ol öz deň-duşlary bilen göreşip, adamlara kimdigini görkezerdi. Soňra ol: "Karate ýaryşmasyny geçirseler has-da gowy bolardy" diýip pikir etdi. Şonda ol birnäçe urguda hemmeleri aýakdan ýykardy we çagalar hem ulular onuň bir edermendigini bilerdiler. Ol öz içinden: "Araçydan bize hem ýaryş gurap bermesini haýyş ederin" diýen netijä geldi. Ol, dogrudan-da, göreşe garaşýardy. Her pursatda myhmanlaryň sany köpelýärdi. Başga obalardan we Bänder Türkmen şäherinden gelen myhmanlaryň käbirleri kiçi awtobusly, birnäçesi motorly, käleri bolsa eşeklidir atly gelýärdiler. Osman ahun iki gat jaýynyň öňünde durdy we myhmanlara "Hoş geldiniz!” diýýärdi. Ýoldan gelen her kim ony gujaklap gutlaýardy. Ahun olary açyk ýüz bilen gowy garsy alýardy hem-de ýoldaşlaryndan myhmanlara çaý, gatlama we pişme ýaly nygmatlar bilen hyzmat etmeklerini haýyş edýärdi. Bu zatlaryň biri hem onuň gözünden düşmeýärdi. Iki adam ak goýny ahunyň öýüniň öňüne getirip, ony soýdular. Onuň derisini sypyrdylar we aýagyna ýüp daňyp, jaýyň öňündäki bagdan asdylar. Soňra pil bilen iki çukur gazdylar, çukuryň her biriniň içini odundan doldurdylar. Çukurlaryň her birine uly gazanlary goýup, hemme zat nahar bişirmäge taýýar edildi. Duranlaryň birisi: "Biz süzme taýýarlamaly. Biziň naharymyz hem ak hemme zat ak bolmaly. Ak goýun, ak palaw bagtyň nyşany” diýdi. Tuwak olaryň sözlerini diňläp, gözüni bolsa olaryň hereketlerinden ayyrmaýardy. Birnäçe sagatdan soň bürünç we et taýýar boldy. Tuwak hem uly adamlaryň arasynda naharlanmalydy. Gözi hem ýüregi doýýança iýmelidi. Birden adamlaryň üýşmeleňi oňa ýol bermese näme? Ol ýagdaýda jamy alyp gaçaryn diýen karara geldi. Onuň et we bürünç iýmedigine köp wagt bolupdy. Onuň ejesi bilen bar nahary köplenç kartoşka hem ýumurtgady. Ejesi haly dokaýardy, ýöne ondan gelýän pul hiç zada ýetenokdy. Gün ýuwaş-ýuwaşdan ýokary galýardy we obanyň üstüne mylaýym nuruny ýaýradýardy. Mylaýymja ýeljagaz, obanyň günbatar tarapynda bolan deryadan öwsüp, meýdandaky otlaryň, gülleriň, bugdaýlaryň hoşboý ysyny adamlara ýetirýärdi. Toýa ýygnanan märekäniň bu beýhuş ediji ysa has hem göwünleri joşýardy. Obanyň hiç bir jaýynyň daşynda haýat ýokdy we olaryň arasyndaky ýer bütinleý açykdy. Önden gelýän däbe görä, bir jaýda aýallar üýşüp oturandyrlar, başga bir jaýda bolsa erkekler. Kelleleri ala selleli hem deriden edilen türkmen telpekli birnäçe ýaşulular Osman ahunuň öýüniň ýanynda ýere bir palasy oklatdylar-da, geçip oturdylar. Olaryň öňüne ýaňy demlenen çaý getirildi. Oturanlaryň biri farfor çäýnekden käselere çaý guýup töweregindäkilere berişdirdi. Çaý içilip başlandan hem söhbetdeşlik gyzyp başlady: - Hawa, Amandurdy, indi sen aýt! Ýokarky obadan näme habar? - Alla bar, gowy habar-a ýok. - Hudaý erbet etmesin, eýsem näme boldy? - Nä bileyin. Çopanlaryň biriniň iti guduzlapdyr, gören adamysyny dişleýär diýýärler. - Dilim lal bolsun welinim, birini dişledimi? - Hudaýa şükür, şu wagta çenlä hiç kimi dişlemedi, ýöne sygry dişläp, ony ýykypdyr, diýmek onuň awusynyň howpludygy belli zat. - Hany göreli-bakaly, şol guduzlan it şu wagt nirede? - Belli däl. Eşidişime görä, birnäçe obanyň arasynda gezip ýörene meňzeýär. Ony şu çaka çenli tutmandyrlar. - Onda biz adamlary habardar etmeli, seresap bolsunlar. - Hawa, ýöne şu wagt sadaka-dabara, ony habar bermek gowy däl. - Enşalla, sadakadan soň aýdarys. ...Ahyr göreşiň wagty ýetdi. Kellesi telpekli, gyzyl donly, bili guşakly Allaberdi jarçy jemagatyň arasyna gelip gygyrdy: "Eý, jemagat! Jemleniň. Osman ahunyň altmyş üç ýaş toý dabarasynda ýerli pälwanlar göreş tutarlar. Eý, jemagat, geliň, meýdanda halka ýasaň, pälwanlaryň göreşine tomaşa ediň!". Allaberdi jarçy şol töwerekde geçirilýän her sadakadadyr toýda bardy. Onuň işi jar çekmekdi, ol işine görä hem sadaka edýänden hak alýardy. Ol sesi bilen, toýa, sadaka, gelin toýa şatlyk- şowhunlyk goşýardy, onsuz toý gyzyksyzdy, toýuň bir zady kem ýalydy. Adamlar ahunyň jaýynyň ýanynda açyk meýdanda halka bolup durdular. Tuwak we beýleki ýygnanan çagalar göreşe gowurak tomaşa eder ýaly öňräkden oturdylar. Allaberdi jarçy meýdanyň merkezinde durdy. Ol hemişeki ýaly göreşe gözegçilik etmekçidi. Belent sesi bilen gygyrdy: "Bu gün biziň göreşimiz erkin. Özüne göwni ýetýän her bir pälwan mynasyp garşydaş tapar ýaly göreş meýdanyna girip biler". Şondan soň gyzyl köýnekli, asman reňkli köwüşli, daýaw yigit göreş meýdanyna girdi. Allaberdi jarçy ony öwüp başlady. - Buýsançly, özüne göwni ýetip aýagyny meýdana goýan ilkinji pälwan Nyýazberdi Hüje. Hany, göreýin, kim onuň garşydaşy bolup biler! Soňra meýdanyň başga tarapyndan, uzyn boýly, murty sallanyp duran yigit göreş meýdanyna girdi. Bu gezek Allaberdi ony öwüp başlady: - Kaýys şir erkek. Uzyn boýly, ýaş ýigit. Hany, göreýin, bu pälwanlaryň haýsy biri garşydaşynyň arkasyny ýere degrip biler!? Allaberdi jarçy olaryň hersiniň biliniň daşyndan guşak daňdy. Soňra pälwanlar biri-biriniň guşaklaryndan tutdular. Allaberdiniň eliniň nyşany bilen göreş başlandy, şol wagt gykylyk, galmagal, jemagatyň owazy ýokaryk galdy. Her kim bir pälwany goldaýardy. Pälwanlar käwagt biri-birini ýerden galdyrýardylar, käwagt aýaklaryny biri-biriniň aýagyna çolaşdyrýardylar. Olaryň elleri göreşiň düzgünine görä biri-biriniň billeriniň guşagyndady we eginler hem biri-birine degip durdy. Çagalaryň arasynda oturan Tuwak höwes bilen olara seredýärdi. Özi hem göreşýänleriň edýän hereketine görä kä o tarapa, käte-de bu tarapa süýşýärdi. Onuň özi şol meydanda ýalydy. Birnäçe wagtdan soň Nyýazberdi pälwan ýeňdi, süýreşme usuly bilen garşydaşyny ýere zyňdy we Kaýysyň arkasyny yere degirdi. Tomaşaçylaryň şatlyk-şagalaňly sesleri töweregi gurşap aldy. Allaberdi ýeňiji hökmünde Nyýazberdi pälwanyň elini ýokary galdyrdy we ony baýragyny alar ýaly, olaryň synçysy Osman aganyň ýanyna ugratdy. Ol baryp, ahunyň elinden bir çaý gaýnadylýan sowgat aldy. Şondan soň ýene alty pälwan göreşdi. Düzgüne görä, göreşmek isleýänleriň hemmesi gutarýança geçirilmelidi. Tuwak hem göreşmegi, ýagny Allaberdi jarçynyň çagalar üçin ýaryş guramagyny isleýärdi, ýöne pälwanlar biri-biriniň arkasyndan gelip gidýärdiler, oňa hiç hili mümkinçilik berenokdylar. Netijede, örän güýçli, göwresi gaty daýaw Gylyç pälwan agras ädimläp, aýagyny göreş meýdanyna basdy. Oňa garşydaş tapylmalydy. Allaberdi jemagata öwrüldi-de, gygyrdy: "Pälwanlaryň pälwany, ýene bir gezek güýjüni görkezmek üçin Gylyç pälwan geldi. Göreli-bakaly, kim onuň garşydaşy bolup biler!?". Jemagaty ümsümlik gurşap aldy. Hemmeler bilesigelijilik bilen bu wakanyň soňuna garaşdylar. Köp wagt geçdi, ýöne hiç kim aýagyny meýdana goýmady. Tuwagyň ýanynda oturan ýaş ýigit Rejep gülümsiräp: "Tuwak, sen onuň bilen göreşesiň gelenokmy?" diýdi. Tuwak geň galyjylyk bilen pälwana seretdi-de: "Bize - çagalara göreş tutmaga rugsat berýärlermi näme?" diýdi. Rejep: "Saňa rugsat bererler. Eýsem, sen Tuwak karate dälmi?” diýdi. Tuwak agraslyk bilen: "Näme üçin?” diýdi. - Onda tur görkez. Hudaý bar başga hiç hili peýdaň ýok. Tuwagyň ýüzi gyzardy we ol şübhe bilen pälwana seretdi. Baýram, Tuwagyň ýanynda oturan başga bir ýaş yigit: "Tuwak, eger sen, hakykatdanam, edermen bolsaň, bar meýdana çyk- da, subut et! Hudaý bar, seniň sözleriňiň bahasy ýok" diýdi. Soňra Tuwak görmez ýaly, Rejep gözüni gyrpdy. Allaberdi jarçy ýene-de gygyrdy: "Hiç kim ýokmy?!". Ýetginjekler Tuwaga tiňkesini dikip: "Git-dä indi, saňa garaşýar. Git." diýdiler. Tuwak ygtyýarsyz ýerinden galdy. Jarçy ýene gygyrdy: "Onda Gylyç pälwan üçin garşydaş ýok-da?!". Tuwakdan üç-dört ýaş ulurak bolan Rejepdir Baýram ony öňe itdiler: "Çyk, öňe, pälwan!" diýdiler. Tuwak bu sözleri eşidip, hakykatdanam, pälwan bolan kimin ganatlandy. Kiçijik döşüni öňe sürdi, bar güýjüni jemledi. Allaberdi jarçy bir gezek öz daşyndan aýlandy-da, daş-töweregine seretdi we soňra: "Eger garşydaş ýok bolsa, Gylyç pälwan göreşsiz baýrak alar” diýip gygyrdy. Onuň elini ýeňiji hökmünde ýokaryk galdyrmak isledi welin, duýdansyz çykan ses ony özüne getirdi: "Men göreşmäge razy". Hemmeler şol tarapa seretdiler. Adamlar meýdanyň ortasynda duran Tuwagy gördüler. Allaberdi jarçy ony görüp, geň galyp: "Sen samsykmy?" diýdi. Muňa duranlaryň käbiri uly ses bilen güldüler. Obanyň çagalary bolsa Tuwaga el çarpdylar hem-de "Heýjanelek!" diýip gygyryşdylar: "Berekella, berekella, Tuwak-karate!" diýdiler. Tuwak özünde kuwwat duýdy we ynançly ädimler bilen öňe çykdy: "Eger hiç kimiň batyrlygy yok bolsa, meniňki bar!” diýdi. Allaberdi uly ses bilen "Bar çagajyk, git kakaňy getir" diýdi. Tuwak: "Meniň kakam ýok, ýöne özüm baryn"diýip jogap berdi. Adamlar ýene uly ses bilen güldüler. Allaberdi jarçy: "Howlukma, oglanjyk, seniň gezegiň hem ýeter" diýdi. Rejep Tuwagyň arkasyndan: Tuwak! ... Karate et.... Karate!" diýip gülüp başlady. Tuwak ellerini karatistler ýaly tutdy: "Men karateleşmäge taýyn. Eger isleseňiz çagalar bilen ýaryşaryn” diýdi. Ýene-de jemagatyň gülküsi galdy. Allaberdi jarçy: "Git, oglanjyk, bu ýer gülki ýeri däl. Git, biz işimizi edeli” diýdi. Pälwanyň elini ýokaryk galdyrdy. Pälwan öz baýragyny almak üçin Hajygeldiniň ýanyna gitdi. Tuwak: "Onda men näme?" diýdi. Şol wagt Osman ahun ýigrimi tümeni jübüsinden çykardy-da: "Gel, bu hem seniň baýragyň!" diýdi. Tuwak begendi we howlugyp, onuň tarapyna gitdi. Osman ahun gülüp, hemişeki ýaly onuň elini ykjam gysdy we soňra puly eliniň aýasyna goýdy. Tuwak ýigrimi tümeni balagynyň jübüsine goýdy. Osman ahun heniz hem gülýärdi. Tuwak hem ýylgyrdy. Şol wagt çagalaryň birisiniň sesi ony özüne getirdi. - Aý-how, Tuwak! Oraz täze bir kino getiripdir. Karate kinosy. Gel, gidip göreli! Tuwak begendi. Kellesini öwürdi. Ony çagyrýan Baýjan obanyň ýetginjekleriniň biridi. Tuwak oňa tarap ylgady. Çagalaryň sesini eşiden ýaşuly: "Oraz hem ol wideosy bilen çagalary erbet zatlara öwrenşdirdi" diýdi. Başga bir ýaşuly gülüp: "Birnäçe ýyl mundan ozal oba telewizor getirilende geň galmakdan şah çykardyk. Indi wideo hem getirdiler, biz guýruk çykaraýmaly” diýdi. Birinji ýaşuly: "Şähere gatnaw köpelenden bäri, ýyl-ýyldan has täsin we ajap zatlar oba gelýär" diýdi. Täsin günler. Göreş gutardy, jemagat dagady we ahunyň öýüniň tarapyna nahar iýmek üçin gitdiler. Emma Tuwak nahary ýadyndan çykardy. Ol obanyň çagalarynyň birnäçesi bilen ylgap, Orazyň öýüniň tarapyna gitdi. Dowamy bar >> | |
|
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Bamy - 05.03.2024 |
√ Baga bagşy -5: Halypa-şägirt - 07.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň soñy: Bamyny agladan aýdym - 06.03.2024 |
√ Ene / powestiñ dowamy - 14.01.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Atyň ürken ýeri... - 06.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -3: powestiň dowamy - 04.08.2024 |
√ Baga bagşy -7: Ýatlamalaryň ýumagy - 07.03.2024 |
√ Baga bagşy -11: «Mekge däl, Meskew diýip, çaldy milletler heň. .» - 08.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Pürli - 06.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Bagyñ içinde täsin sahnalar - 05.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |