MENDEN NÄME GALAR...
Giň asmanyň arasynda,
Birje ýyldyzym-da ýok.
Onlar gezek görünsem-de,
Hiç kim meni tananok.
Ýüregmiň bukjasyn açyp seretseň,
Bir döwüm gussa bile,
Bir çüýşe ýaş görersiň.
Pahyrlygyň silleri,
Bir otagly öý arzuwmy ýykypdyr.
Umytsyzlygyň ody,
Ak öýümiň hyýalyny ýakypdyr.
Ne ýaz wagty hoşalaryň pyşyrdaýşyn eşidýan.
Gezip ýören däli men,
Çöllerden çöle gidýan.
Ne atym bar çapmak üçin,
Ne okum bar atmak üçin.
Bu dünýäniň içinde,
Barym diňe dutarym.
Her günde, gün,
Gyzyl gana bulaşyp,
Barýarka assa ýaşyp,
Gamgyn tukat bir saz çalyp,
hiňlenip aglaýan.
Dym-dyrs gyzaryp ýatan deňze göz aýlaýan.
Aglap, çalyp, assa ýuwaş ýeňleýip,
Giň deňizi ýüregimde jaýlaýan.
Emma bir gün bet ykbal,
Gara geýinip geläýse,
Ýalňyz ýeke guwanjym,
Dutarymy-da alaýsa,
Onda menden
Näme galar näme galar, näme galar?...
Hiçbir zaman,
Tükenmejek,
Nala galar, nala galar, nala galar…
Abdyrahman DÜÝEJI.
Goşgular