00:15 Ömür | |
ÖMÜR
Goşgular
Elli ýyl öň ýokdum men, Elli ýyl soňra ýene ýok. Asmanda müňlerçe ýyldyz görünýär, Olar haçan dogupdyrlar, Haçana deň ýaşajaklar Asla bilemok. Millionlarça durna uçup geçipdir, Ýene millionlary toýnuklar ýasar. Bir gabrystan ýatyr şehriň daşynda, Ýyldan ýyla topragy täzelenýär, Wagtal-wagtal asmandan, Täze ýelekler düşýär oň üstüne, Hem-de sönen ýyldyzlar. Ýyldyzlaň arasynda Belki bardyr meniň-de bir ýyldyzym, Ýöne bolsa näme, bolmasa näme? Ol ýyldyzyň adyny ýa nirededigni Hiç kim bilenok! ■ ÝAPRAKLAR Bir şahada dogup, ýaşan, Şemal ýüzünden ogşan, Ýaprak gurap gaçdy ýere soňunda. Täze ýylda täze ýapraklar bitdi, Ýöne olar öňki gaçan ýapragyň Adyny-da, ýadyny-da bilmeýär. Her kim baharyň özünden başlandygyna ynanýar. Abdyrahman DÜÝEJI. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |