23:38 Guduzlan it -2: powestiñ dowamy | |
* * * Çagalar telewizoryň öňünde oturyp. "Aždarha girýär" atly kino tomaşa edýärdiler. Kinonyň gahrymany dawany öjükdirýärdi. Ýekeje özi birnäçe adamy ýykýardy. Tuwak hem onuň täsirinde ýerinden turupdy, özüni göreşde ýaly duýýardy. Çagalaryň biri: "Näme edýäň? Birden telewizoryň aýnasyny döwäýme. Oraz puluny bizden alar" diýdi. Emma Tuwagyň gulaklaryna bu sözler ilmeýärdi. Özüni häzirki daşky dünýäden üzňe ýaly alyp barýardy. Kinonyň gahrymany netijede hemmeleri ayakdan ýykdy we kino gutardy. Tuwak köşeşdi. Çagalaryň hersi gören kinolary üçin elli tümeni Orazyň eline berip, öýden çykdylar. Tuwak ýigrimi tümenden köp bermedi. Oraz gaşyny çytyp: "Ýene-de senmi?!" diýdi. Tuwak: "Men şulardan has kiçi, sen ýarym bahasyny almaly menden" diýdi. Ol çalt öýden çykdy. Oraz onuň arkasyndan: "Bu gezek iň soňkyň bolsun!" diýip galdy. Tuwak oňa gazaply seretdi. Ol kinodaky gahrymanyň durşuna girip, ony urasy gelýärdi. Sebäbi ol kinony tomaşa edenleri üçin çagalardan pul alýardy. Oraz wideony täzelikde şäherden getiripdi we onuň bilen gowy girdeji alýardy. Çagalar onuň getiren her bir täze kinosyny gelip görýärdiler. Ol köplenç uruşly we karatistli kinolary getirerdi. Tuwak çagalar bilen bilelikde ýoluny dowam etdi we howlularynyň daşynda diwary bolmadyk obanyň jaýlarynyň arasyndan geçdi. Ýanyndaky çagalaryň ýaşy on bäş - on alta ýetipdi, ýöne onuň ýaşy on iki ýaşdan köp däldi. Rejep Tuwaga seredip: "Näme Brus Li bolduňmy?". Ýene biri: "Bu başdanam Brus Lidi, onuň ýaşdaşlarynyň arasynda mundan taýak iýmedik ýokdur” diýdi. Tuwak kuwwatly bolanyny duýdy. Özüni uly hem güýçli hasap etdi. Döşüni öňe tutup, pälwanlar ýaly ýöredi. Baýram: "Serediň ýöreýşinden hem belli. Onuň öňünde durjak adam ýokdur” diýdi. Tuwak kellesini ýokary galdyrdy. Soň obanyň dükanyna ýetdiler we onuň öňündäki tagta oturgyçda oturdylar. Tuwak otyrdy welin, Baýram onuň eliniň gapdalyna urup: "Git o taraplara, ýer aç. "Aždarha girýär!" diýdi. Muňa hemmeler gülüşdi. Tuwak agras sypata girdi. Gözlerini gaty açyp, oglanlara gazaply seretdi-de, oturdy. Çagalar ümsümleşdiler. Baýram: "Waý, men hakykatdanam, gorkdum!" diýdi. Soňra ýene-de Tuwagyň üstünden güldüler. Tuwagyň ýüzi karatistleriňki ýaly sypata girende, oturanlaryň gorkup, ýüzi üýtgedi. Şol wagt Täji ýetip geldi. Täji Tuwak bilen ýaşytdaşdy, ýöne onuň müçesi Tuwakdan kiçiräkdi. Elinde on tümeni bardy. Ol dükana tarap gelýärdi. Rejep ýuwaşjadan: "Oglanlar, Täji gelýär. Onuň gara, ýanan ýüzi yzgytsyz adama meňzeýär. Men bilýän, Tuwak häzir gidip, onuň hasabyny berer" diýdi. Tuwak gymyldamady we Täjä seretdi. Oglanlaryň biri: "Waý, Täji gorkagyň haly harap, häzir gahryman baryp kimiň kimdigini görkezer!" diýdi. Tuwak ýeňijilik duýgusy bilen ýylgyrdy, aýaklaryny hereketlendirip Täjä seretdi. Rejep ýene-de: "Näme edermen, ýeriñden butnaňok?! Täjiden gorkan-a dälsiň? Sen gorkag-a däldiň" diýdi. Tuwak agras sypata geçdi. Aýaklaryny dogry goýdy. Elleri we bütin göwresi bilen kada görä görnüşe girdi we ýogyn sesi bilen: "Ýok, men hiç kimden gorkamok!” diýdi. - Bolýar, onda subut et! Tuwak wideoda gören kinosyny beýnisinde aýlady. Ekranda zalym başlyk arkaýyn hem aladasyz köçeden ýöräp barýardy. Köne gahryman bolsa köçäniň gyrasynda oňa garaşýardy. Soňra gahryman gaharly nazar atdy-da ykjam ädimler bilen öňe gitdi. Baryp onuň gaşynda gögerdi: "Bu howlukmaçlyk bilen nirä?" diýip sorady. Adam aýlyganç edip gahrymana seretdi we birden urmak üçin elini ýokaryk galdyrdy, ýöne gahryman ussatlyk bilen onuň elini saklady we onuň garnyna urdy. Tuwak şu wagt edil ekranda gören pursatyny duýdy. Ýerinden turdy. Täjä tarap ýöredi. Baýjan: "Oglanlar, horaz uruşy başlanjak bolýar!" diýdi. Olaryň birisi güldi. Tuwak öňe gitdi. Ol ýeňijilik bilen ýylgyrýardy. Iki elini guşagyna goýdy. Täji ony görüp, Tuwagyň ýene-de uruşmak isleýändigine düşündi. Ol geň galmak bilen Tuwagy synlady. Onuň ýanyndan geçmek isledi, ýöne Tuwak onuň öňüni tutdy we kinodaky gahryman ýaly: "Bu howlukmaçlyk bilen nirä?" diýdi. Täji arkaýyn sesi bilen: "Men gidip kartoşka aljak bolýaryn, näme üçin öňümi tutýarsyň?"diýdi. Tuwak uly adamlar ýaly: "Kimiň rugsady bilen?" diýdi. Täji: "Rugsat? Näme kartoşka almak üçin rugsat gerekmi?!" diýdi. Tuwak ony itdi: "Bar, başga bir dükandan al!" diýdi. Täji: "Men şu dükandan alasym gelýär, saňa näme. Süýş gyra!" diýip jogap gaýtardy. Täji ýene-de geçjek boldy welin, Tuwak ony itip, gaty şapbat ýelmedi. Tuwagyň şapbady Täjiniň doly gaharyny getirdi. Täji onuň üstüne topuldy we ýumrugy bilen ony döşüne urdy, ýöne Tuwak örän güýçlüdi. Ol çalt Täjini penjeleriniň aşagyna alyp, ýere zyňdy-da urdy. Şundan sonra Täjiniň gygyryp, agly gatyşykly gykylygy ýokary galdy. Çagalar gülüşdiler we Tuwagyň tarapyny alyp, oňa el çarpdylar. Şol wagt Tuwaga tanyş bolan adamyň sesi onuň gulagyna ýetdi: - A-heý, çagalar, näme üçin dawa edýärsiňiz?! Heý, Tuwak, goýber ony! Tuwak kellesini ses gelen tarapa öwürdi. ΟΙ daşyrajykda duran Osman ahuny gördi. Öýle namazyny okamak üçin metjide gidip barýarka Osman ahunyň olara ünsi düşdi. Osman ahuny görüp, Tuwagyň ýüzüniň reňki agardy. Çagalar hem ýuwaşap, oturdylar. Tuwak näme etjegini bilmän galdy. Täji hykkyldap, aglap, ýerinden turdy. Osman ahun çagalaryň ýanyna geldi we mähriban sesi bilen: "Näme üçin dawa edýärsiňiz, siz yigit bolduňyz-a!” diýdi. Tuwak muňa örän utandy. Ol sabyr edip bilmedi. Howlugyp, öz öýlerine tarap ylgady. Bütin obanyň adamsy Osman ahuny hormatlaýardy. Tuwak hem onuň öňünde özüni erbet görkezmek islemeýärdi. * * * Otag kiçidi we diwarlaryň hekiniň köpüsi gaçypdy. Otagyň bir çünkünde forfor çaý gaýnadylýan, jam, üýşürlip goýlan käseler, başga bir çetinde bolsa düýrülen namazlyk görünýärdi. Otaga köne keçe düşelgidi. Bir dulda haly dokalýan gural bardy. Tekjäniň üstünde birnäçe gadymy kitap bardy. Olar beýik türkmen şahyry Magtymgulynyň kitaby, "Görogly" eposy, mif gahrymany, Mollanepesiň gahrymanlary ýaly ajaýyp kitaplardy. Otagyň başga bir çünkünde türkmen dutary diwarda asylgy durdy. Tuwagyň ejesi haly dokap otyrdy. Onuň ýüzi çygjaryp, maňlaýynyň gasynlary bildirýärdi. Ol çaltlyk bilen çitýärdi. Şol arada Tuwak ýüzüni agardyp, otaga girdi we hiç zat gürlemän, gyrada oturdy. Ejesi kellesini galdyryp: "Nirä gidipdiň?" diýip ogluna ýüzlendi. Tuwak gaşyny çytdy: "Şu töwereklere” diýip jogap berdi. - Guduzlan itden habaryň barmy? Tuwak geň galyp ejesine seretdi. Ejesi: "Şu gün Osman ahunyň sadakasynda şu töwerekde guduzlan itiň peýda bolandygyny gürrüň etdiler. It, aýdyşlaryna görä, gaty howply. Seresap bol! Ýeke özüň obadan çykma!" diýip tabşyrdy. Tuwak öýkeli äheňde: "Özümem nirä gitmelidigimi bilýärin” diýdi. Ejesi sesini gataltdy: "Sen netijede bu men-menligiň bilen biziň başymyza bela getirersiň. Gitme diýdimmi, gitme. Düşünýäňmi? Eger guduzlan it seni dişlese, işiň gutardy. Ejeň sözlerini diňle! Biziň başymyza bela getirme. Şu töwerekde bol. Daş yerlere gitme, düşündiňmi?". Tuwak ümsüm oturdy. Ejesi: "Sadaka gitdiňmi?"diýip sorady. - Hawa - Nahar iýdiňmi? - Ýok. - Onda näme işlediň? Tuwak jogap bermedi. Ejesi gidip, tekjäniň üstünde goýlan jamy alyp, etli palawy getirip, Tuwagyň öňüne goýdy: "Al, iý. Men özüm saňa sadaka naharyny getirdim. Ejeň hemişe seň aladaňy edýär, ýöne sen asla maña gulak asaňok” diýdi. Tuwak jogabyny bermän gysgançlyk bilen naharyny iýmäge başlady. Heniz iki-üç bölegem iýmändi welin, daşardan bir aýalyň sesi geldi: - Haý, Gözel! Çyk daşary, göreýin, Gözel! Ejesi haly dokamasyny goýdy. Tuwak hem ýerinden turdy. Täjiniň ejesiniň sesi ýalydy. Ejesi öýden çykdy. Tuwak otagda galdy. Ol gürrüňi gowy eşider ýaly gapynyň ýanynda oturdy. Tuwak ejesiniň sesini eşitdi: - Näme, Dursun daýza, meger janyňy aldylarmy, näme gygyrýaň? - Jandan beter boldy. Ol däli ogluň ýene şer açdy. Şol wagt Tuwak hyk-hyk edip, aglap duran Täjiniň sesini eşitdi. Tuwak egildi, otagyň tagta gapysynyň deşiginden daşaryk göz aýlady. Ol Dursun daýzanyň (ol kiçi boýly, çişik aýaldy) Täjiniň elinden tutup, gygyryp durandygyny gördi. Obanyň çagalarynyň hem birnäçesi olaryň ýanyndadylar. - Täji kartoşka almaga gidipdi welin, ogluň onuň ýoluny kesip, "Sen başga dükandan satyn almaly" diýip ony urupdyr. Oňa nireden alanda näme! Güýji meniň ogluma ýetdimi?! Guduzlan ogluňa terbiýe bereňokmy? - diýdi. Tuwagyň ejesi: "Waý, waý-eý, Hudaý! Ýene-de bu oglan başyma oyun saldy. Ynan, Dursun daýza, men hem mundan bizar boldum. Nädip adam etjegimi bilemok" diýdi. Tuwak göwresini yza çekdi, ejesi Dursun daýza bilen Täjini alyp, öýe girerler öýdüp gorkdy. Ýõne ejesi: "Şu wagt öýde däl. Haýsy göre gidenini bilemok. Eger gelse özüm näme etjekdigimi bilýän. Onuň elini, aýagyny daňaryn we atýataga oklaryn" diýdi. Tuwagyň ýüregi azajyk köşeşdi. Dursun: "Bu meniň iň soňky sözüm, Gözel! Eger ýene-de bir gezek seniň ogluň meniň ogluma elini galdyraýsa, nirede bolsa-da ony tapyp, ondan aryny alaryn. Bolýar, Täji, senem indi bes et, aglama! Sen şeýle bir bigaýrat welin, hatda şol eşejikdenem taýak iýýärsiň. Ýör, gideli!" diýdi. Dursun daýza oglunyň elinden gaty tutup, ýola tarap gitdi. Ejesi yzyna döndi. Tuwak gapynyň öňünden yza çekildi. Ejesi gapyny batly açyp, otaga girdi. Ýiti hem gaharly nazaryny Tuwaga atdy. Tuwagyň ejesi uzyn boýly daýawdy. Ol Tuwaga tarap dogumly ätdi: "Wah-eý, samsyk, sen haçan adam bolarsyň. Mekdeb-ä gideňok, öýüň işinem edeňok. Diňe iliň çagalaryny urup bilýärsiň!?" diýdi. - Men dawa etmek islemedim, özi başlady. Ejesi Tuwagy itip, ýene gygyrdy: "Iliň çagasynyň öňüni gabalap, ol dawa başlady diýýärsiň. Näme üçin adamlara kartoşka almaga rugsat bereňok, saňa näme dahyly bar?!". Tuwak solak gyzyl keçäniň üstünde oturdy: "Eger islese, başga bir dükandan alardy” diýdi. - Näme üçin? Eýsem seniň dükanyňdymy? Nireden alanda saňa näme. Näme sen kethudamy?! Tuwak ümsüm oturdy. Kiçi dodaklaryny çöwürdi we kellesini aşak egdi. Ejesi elindäki keserini howada hereketlendirdi: "Sen haçan adam bolarsyň? Kakaň ornuny tutmagyň deregine, biziň janymyzyň belasy bolduň. Aslynda näme üçin sen bu işleri edýärsiň?!" diýdi. Muňa Tuwagyň özi hem düşünmeýärdi. Diňe ýüreginiň käbir çagalary urmagy we täsin işleri ýerine ýetirmegi isleýändigini bilýärdi. Onuň daşyna birnäçe adam üýşende ol edýän işlerinden uly lezzet alýardy we öz-özüne buýsanyp, özüni uly saýýardy. Esasan-da, tarapdar tapynsa öz etjek işinden başga hiç zat barada pikirlenenokdy. Ejesi şu wagt hem samyrdaýardy: "Guma gömlen. Sen meň bilen kakaň, ýatan ýeri ýagty bolsun, abraýymyzy ýere pylçadyň. Senden bizar boldum ýetimçe!". Tuwak ýüregindäki ýangyny duýdy. Ýetim sözüniň bir ajy tagamy bardy we ýüregine bir iňňe çümen ýaly boldy. Özüni kiçi we hiç zada peýdasyz duýdy. Ol indi ejesiniň sözlerini diňlemek islemeýärdi. Olaryň hemmesine ýiti jogap beresi gelýärdi. Ýerinden turdy. Gapa ýönelip, otagdan çykdy. Daş-töweregine nazar aýlady. Olaryň öýleriniň öňünde at yatak bardy. Olaryň ak atlary atýatagyň daşynda durdy we gamyş iýýärdi. At Tuwagy tanaýardy. Tuwak oňa üns bermedi. ΟΙ diňe çöle gidip, odun çöpläp getirmek islände atyň üstüne münýärdi. Kakasy dirikä nirä gidesi gelse, aty bilen giderdi, ýöne onuň ölüminden soň ata hiç kim münenokdy. Tuwak jaýlaryň arasyndan geçdi. Onuň ýüregi tutuklydy. Nirä gitjegini bilenokdy. Öýde otursa ejesi onuň kellesini agyrdýardy. Öýüniň daşynda hem bu wagt günortan onuň bilen oýnajak adam ýokdy. Onuň gözi iki sany eli kitaply mekdep tarapdan (aşaky obadan) gelýän oba çagalaryna düşdi, olar obanyň arasyndan geçýän ýol bilen öýlerine tarap gidýärdiler. Tuwak mekdebini ýatlady. Mugallym bilen dawalaşyp, gaçanyndan bäri, ol mekdebe gaýdyp barmandy. Obanyň ähli çagalary mekdebe gidýärdiler, käbirleri irden, käbirleri hem günortandan soň, emma Tuwak welin, ne irden gidýärdi, ne-de günortandan soň. Ol işsizlikden näme etjegini bilenokdy. Dogry, Tuwak çagalar ýaly okap bilmeýärdi. Yöne ol hemmelere olardan has ökdedigini görkezmek isleýärdi. Gün ýokaryk galdy we ýyly nuruny oba saçyp başlady. Jaýlaryň ýokarysyndaky demirden edilen böleklerine Güniň nury düşüp, ýalpyldaýardy. Obanyň jaýlarynyň üçekleriniň hemmesi şifirlenendi. Emma saman suwagly çig kerpiçden galdyrylan jaýlaryň hem birnäçesi bardy. Oba adamlaryň howlularynyň töwereginde haýat aýlanmadykdy. Şoňa görä adamlar biri-biriniň howlularyna arkaýyn geçip bilýärdiler. Diwarlary palçykdan ýasalan obada bir dükan bardy. Obanyň arkasynda günbatarda Hazar deňzine ýetýän suwdan doly Gürgen derýasy akyp durdy. Ol gündogardan uzaklara akyp giderdi. Derýänyň o tarapynda ekin meýdany ýerleşýärdi. Obanyň başga çetinde bugdaý ekilen uly düzlük ýerleşýärdi. Geçen ýyl bugdaý eken daýhanlar gowy hasyl alanlary üçin, bu ýyl hemme daýhanlar öz ýerlerinde bugdaýdyr arpa ekdiler. Tuwak obanyň ýetginjeklerini görüp, olar bilen güýmener ýaly oba dükanyna tarap gitdi. Ýöne dükanyň ýanyna ýetende, tagtadan ýasalan oturgyçlaryň boşdugyny gördi. Ýetginjekler gidipdirler. Şol ýagdaýda Tuwagyň gözi, dükandan kakasy Dawut aga bilen çykyp gelýän Ahmede düşdi. Onuň kakasy oba mekdebinde mugallymdy. Dawut aga dükandan ogly üçin köke alypdy we çilimi dodagynyň gyrasyna goýupdy. Olar biri- biriniň elinden tutup, gyzgyn söhbetleşýärdiler. Bir pursatlykça, Ahmediň ýerinde bolsadym diýip arzuw etdi, ýöne beýle bolarmydy. Tuwak hiç haçan kakasy bilen el tutuşyp, dükandan çykyp bilmejegine akly ýetdi. Ol şol pursat ýalňyz galmak isledi. Biygtyýar, oba golaýyndaky düzlüge tarap gitdi. Ol bagyň kölegesiniň aşagynda oturmagy, guşlaryň uçuşyna tomaşa etmegi we olaryň seslerini dinlemegi we eger towşany görse ony yzarlamagy gowy görýärdi, emma şu wagt düzlük hem howpsuz ýer däldi. Ejesiniň: "Bu taraplarda guduzlan it peýda bolupdyr. Dişlän adamsyny öldürýärmiş” diýeni ýadyna düşdi. Tuwak ýerden bir taýagy aldy we içinden: "Eger batyrlygy bar bolsa gelsin meniň golaýyma, kim bilen iş salyşýanyny bilsin. Meni haýsy it dişläp bilipdir" diýdi. Soňra azajyk pikirlendi-de, eger iti görse-de çalt yzyna dolanar ýaly, obadan gaty daşlaşmaýyn diýdi. Obadan çykdy. Tikenekli simden bökdi we gum depesine çykyp oturdy. Salkynjak ýeljagaz (şol ýerden gaty daş bolmadyk) derýa tarapdan öwüsýärdi. Guşlar çölüň käbir ýerlerinde uçýardylar. Tuwak guşlaryň uçuşyny gowy görýärdi. Tuwak al-asmandaky guşlar ýaly çar tarapa uçasy gelýärdi. Ol käte kemany bilen guşlary atyp awlardy. Ol çagalara hemmelerden özüniň ökde awlaýandygyny görkezmek isleýärdi. Ýanynda çagalar bolanda, has hem köp awlaýardy. Käwagt kellelerini gyşardyp, ýuwaşjadan jan berýän guşlara nebsi agyrardy, ýöne ýene-de awlaman bilenokdy. Tuwak balagyndan ýaýyny we köýneginiň jübüsinden kiçijik daşjagazlary çykardy. Daş- töweregine seretdi. Ak kepderileriň bir topbagy ýokarlarda uçup barýardy. Kepderiler okuň ýeterinden daşdylar. Oturan yerinden aşak seretdi. Arkasy odunly çölden gelýän Tahyry we Gurbany gördi. Olar mal yoldan oba tarap gidip barýardylar. Tuwak ýerinden turup, olara tarap ylgady. Olaryň gabadynda durdy. Ýaýy olara çenedi-de, gülüp: "Ellerinizi galdyryň!” diýdi. Tahyr bilen Gurban geň galyp, Tuwaga seretdiler. Olar güljeklerinem, gaharlanjaklarynam bilmediler. Gurbandan we Tuwakdan ýaşy kiçi bolan Tahyr güldi. Tuwak gygyrdy: - Agzyňy ýum! Gül, diýip kim aýtdy? Elleriňizi galdyryň! Ýüzi agaran Gurban: - Dawaň barmy?! - diýdi. - Hawa, dawam bar. Siz taýynmy? - Yöne biziň dawamyz ýok. Tuwak öňe süýşdi: - Hany göreýin, nireden gelýärsiniz? - diýdi. Tahyr: "Ot ýygdyk, sygyrlara we goýunlara bereris" diýdi. Eýsem siziň sygyrlaryňyzyň we goýunlaryňyzyň aýagy ýokmy. Çöle gelip özleri iýerler ýaly? Gurban: "Eger çöle gelseler guduzlan it olary dişläp biler" diýip jogap berdi. - Siz guduzlan itiň bardygyny bilýärdiňiz-ä, näme üçin bu ýerik geldiňiz? - Biz özümizi gorap bilýäris, emma sygyr we goýunlar näme edip biler?! - Hany göreýin, nädip özüňizi gorap bilýärsiniz. Tuwak ýaýynyň kirşini çekdi. Gurban titreýän sesi bilen: "Sen guduzlan it däl-ä! Ýa itmi?” diýdi. - Men guduzlan itmikäm diýip pikir edäýiň. Hany göreýin näme edip bilýärsiniz. Gurban guşagyndaky pyçagyň ujuny görkezip: "Pyçaklarys." diýdi. - Eger batyr bolsaň, gel, pyçakla! - Sen guduzlan it däl-ä! Sen adam-a! - It diýip hasap edäý, nähili oýnuň bar, göresim gelýär. - Ýok, biz seni pyçaklap bilemzok. - Onda, geliň, pyçaksyz hem ýaýsyz göreşeliň. Geliň, karate edeliň. Gurban we Tahyr: "Biz urşup bilemizok" diýdiler. Tuwak agzyny ýelden dolduryp: "Eger beýle bolsa, men hem size şu taýdan geçmäge rugsat bermerin" diýdi. - Name üçin? - Sebäbi men bu ýeriniň başlygy. - Emma biz öýümize gidesimiz gelýär. - Ýa uruşarsyňyz ýa-da meni arkaňyzda aýlarsyňyz. Hudaý bar, geçirmerin. Tahyr örän çalt gürledi: "Bolýar, seni arkamyza alaryz". Onuň ak dişleri ýylpyldady. Gurban Tahyr tarap öwrüldi: "Men arkamda aýlamaryn" diýdi. - Onda uruşmaly bolarys. Tahyr ýylgyryp: "Men Gurbanyň deregine hem seni aýlaryn"diýdi. Tuwak: "Seniň müçäň meniňkiden kiçi, meni egniňe mündürip bilersiňmi?" diýdi. Tahyr: "Hawa. Name üçin ýok” diýdi. - Onda, gel, eşejigim, seret, hol arça agajyny görýäňmi? - Hawa, görýärin. - Şol ýere çenli äkit, soňam yzyňa getir. Tahyr oturdy. Tuwak onuň üstüne münüp: "Kür!" diýdi. Tahyr ýöredi. Tuwak yzyna öwrülip, Gurbana: "Heý, sen hem öwren!" diýdi. Gurban hiç zada düşünmän, olara seredip galdy. Tahyr uly zähmet bilen Tuwagy ýoluň ortasyna çenli eltdi. Tuwagyň göwresi örän agyrdy we Tahyryň bilini döwüp gelýärdi. Tuwak iki aýagy bilen Tahyryň iki gapdalyna urup: "Kür!" diýýärdi, eli bilen bolsa onuň arkasyna urýardy. Tahyr zordan dem alyp ýetişýärdi, ol örän ýadady we birden Tuwagy ýokardan ýere zyňdy we gaçmaga başlady. Tuwak arkanlaýyn ýere ýykylyp ähledi. Tahyr gygyrdy: "Odunlary al, gaçaly". Olar gaçyp başladylar. Tuwak hem ýerden ýogyn taýagy aldy we olaryň yzyndan ylgady. Tahyr we Gurban özlerini bugdaýyň arasyna urdular we bugdaýyň içi bilen geçdiler. Tuwak bugdaý başlaryny aýagynyň aşagynda mynjyratdy we olaryň yzyndan ylgady. Birden itiň sesi bugdaýyň arasyndan çykdy we Tahyr gygyryp, aşak oturdy. Guduzlan it Tahyryň aýagyny dişledi. Itiň agzyndan suwuklyk böwsüp çykdy. Tahyr agyrysyndan ýaňa towlandy we uly sesi bilen aglady. Guduzlan it - gara çyzykly ak itdi. Ol bu gezek Gurbana topuljak boldy, ýöne Gurban çalt yza çekildi we Tuwaga tarap ylgap gygyrdy: - Guduzlan it, guduzlan it! Tuwagyň ýüregi titredi, ol: "Nirede?” diýip sorady. - Tahyry dişledi, şo taýda. Tuwak ýogyn taýagy elinde pyrlap, şo tarapa ylgady. Onuň Tahyra ýüregi agyrdy. Ol çaltrak guduzlan ite ýetip, ony aýakdan ýykasy gelýärdi. Birden Tahyry goýberip, olara tarap ýöräp gelýän guduzlan iti gördi. It dilini daşyna çykarypdy, gyzyl gözlerini Tuwaga dikdi we ony hem dişlär ýaly bugdaýlaryň arasyndan has golaýlaşyp gelýärdi. Tuwak ýogyn taýagy pyrlady we öne süýşdi, gygyryp, ol taýak bilen itiň kellesine berdi. It çyňsady we öz daşyndan aýlandy. Soňra Tuwak onuň biline urdy. It gaty ses etdi. Tuwak ýene-de bir gezek oňa topuljakdy, ýöne it çyňsap gaçdy. Gurban onuň arkasynda bukulýardy, onuň elinde pyçak bardy. Gurban oňa öwrüldi: "Ýör, Tahyryň ýanyna gideli” diýdi. Ylgap onuň ýanyna ýetdiler. Tahyr bugdaýlaryň arasynda ýykylyp, agyrydan ýaňa aglaýardy. Dyzyndan topuguna çenli aralykda bir ýerde itiň dişiniň yzy bildirýärdi. Tuwak ony yerinden galdyrdy: "Gideliň, siziň öýüňize. Tur, aglama!" diýdi. Agyrydan towlanyp ýatan Tahyr turdy we Tuwakdyr Gurbanyň goltugyna girip, agsaklap ýöredi. Tuwak Tahyry günäkärledi: "Eger meni arkaňda doly aýlan bolsaň bu güne düşmezdiň" diýdi. Gurban: "Eger yzymyza düşmedik bolsaň, bu ýagdaýa düşmezdik” diýdi. Tuwak: "Ýum agzyňy, ýum agzyňy, indi meniň boýnuma atjak bolma” diýdi. Gurban sesini çykarmady. Tahyr şu wagt hem aglap otyrdy. Tuwagyň oňa nebsi agyrdy. Oňa gynançlyk bildirdi: "Aglama! Häzir seni tebibiň ýanyna äkiderin. Enşalla, ýagdaýyň gowy bolar" diýdi. Tuwak bu sözleri kesgitli aýtdy. Dowamy bar >> | |
|
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Duşagy tisgindiren agy sesi - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Toý - 05.03.2024 |
√ Baga bagşy -8: «Niçik geçer halym Bibi...» - 08.03.2024 |
√ Sary bagşy / powest - 03.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Köşkde ýaňlanan aýdym - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powest - 29.08.2024 |
√ Guduzlan it / powest - 09.09.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň dowamy - 29.08.2024 |
√ Baga bagşy -12: «Bizden döwran geçdi diýiň daglara-a!» - 08.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |