ÝITIREN GYRATYMA
Ah, Gyratym, gaýdyp seni tapsadym,
Erkiň bile giň sahrada çapsadym.
Aglap, eňräp, Gyrat diýip sözlär men,
Ylgap-ylgap, aýak yzyn gözlär men.
Ah, Gyratym, sensiň meniň syratym,
Ah, Gyratym, söweş güni, haýbatym,
Gel, Gyratym, üstünlikden sözlaliň,
Ýitip giden beýikliği gözlaliň.
Goç ýigitleň bar guwanjy atydyr,
Türkmen aty, Türkmeniň ganatydyr,
Şalar meniň ganatymy kesdiler,
Gaýratymy tutup, dardan asdylar. Taladylar, "Gurhanymy", dinimi,
Otladylar, taryhymy synymy.
Gyrmyz donum para-para üzdüler,
Ak öýümi oda nara düzdiler.
Syndyrdylar, dutarymyň taryny,
Diňlesene, bagşylaryň zaryny.
İlim, bu gün öz keşbine zar boldy,
Gyrat, bu gün dünýa maňa dar boldy.
Gel, Gyratym, daga-düze çapaýyn,
Eziz agam Göroglyny tapaýyn.
Gyratsyz, gör, çöller duman görüner,
Gyratsyz, giň dünýa zyndan görüner.
Bagülleriň ýüzi gansyz görüner,
Türkmenleriň düzi, hansyz görüner.
Gyratymda joşgun tupan görersen,
Azatlykdan, erkden nyşan görersen,
Gel, Gyratym, daga-düze çapaýyn,
Ah, nirde sen, nirden gözläp tapaýyn.
Ýalbarýaryn, çykmaz emma ganatym,
Heý, bu çöle gelermikän Gyratym?!...
Abdyrahman DÜÝEJI.
Goşgular