09:08 It, guş we ynsan | |
IT, GUŞ WE YNSAN
Goşgular
Güýçli bolanlygy üçin Zynjyra baglanypdy Töweregi gorkuzmak üçin Ömrüni zynjyrda geçirmelidi Gezmek oňa gadagan oýnamak –da gadagn Söýüşmek de gadagandy onuň üçin Diňe iýip çöregin Howlamaly gije-gündiz Şeýdibem ölüp gitmeli Zynjyrň penjesine Her gezek howlan wagty Güjükler agzyn öýkeläp Depesinden gülýärdi Ol daýaw gurt iti bolsa Çykyp bilmän zynjyrdan “ Güýçli bolmak meni dünýäň iň güýçsüzi kyldy haw...” Diýip ulap, müň bir gezek ölýärdi. * * * Guşuň bar günäsi şudy: Özi owadan! Sesi owadan! Olam öz elinde däldi Şeýle ýaradylypdy Şol üçinem bütin ömrün Gapasada geçirmeli Saýramaly Ömründe hiç görmedigi Diňe düýşünde gördügi bir söýgisi üçin Saýraýardy zaryn zaryn oýnaýardy adamlaryň köňül taryn Gargalar elhenç ses bilen Gülüp geçýärdi üstünden “Ah! Men bilbil ýerine Garga bolsam blmazdymy eý taňrym! Diýip kapasaň içinde Içi gysyp ölüp gitdi guşjagaz!” * * * Bir guşlar, bir haýwanlar däl Beýni doly adamlaram Ýatan eken türmede Akmaklar bolsa olaryň Däli diýip üstlerinden gülerler Olaň bir günäsi bar Gündizi gündiz ýaly Gijäni gije ýaly wasp ederler Ýörän wagty bir ädim ileri däl Uzakdaky daglara serederler Olar joşgun bilen ýaşap sil dörederler Şol üçinem gorkaklaryň hökmi bilen Şahalardan asylyp Säher çagy Dökülerler ýaprak ýaly... Abdyrahman DÜÝEJI. | |
|
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |