AKWARIUMDAKY BALYJAK
Akwariumda ýaşap ýören balyjak,
Seniň dünýäň şeýle kiçi, şeýle dar.
Sen nädip ýaşaýaň bir garyş ýerde,
Men seni göremde ýüregim gysýar.
Akwariumda ýaşap ýören balyjak,
Iýip-içip ýörsüñ guýrugñy bulap.
Her gün iýmitjigiň berilýär saňa,
Iýip aýlanyp ýöň, daşyňa garap.
Howuzda doguldyň, tüňçede galýañ,
Bu dünýä nämedir hiý, soradyňmy?
Näme üçin doguldy, nämä ýaşaýaň?
Jogabyn tapmaga bir ýaýnadyňmy?
Hiç bir deňiz düýşün görüp gördüňmi?
Ömrüňde deňizden söz eden barmy?
Ýa seniň arzuwyň ölçegleri-de,
Şu çüýşe tüňçe dek gysgaja, darmy?
Men seniň ýeriňe darygyp durun,
Men ýurda sygamok, sen sygýäň çüýşä!
Men uzakda ýitip gidesim gelýär,
Sen nädip ýaşap ýöň şunda hemişe!
Gerek dälmi saňa deňizde ýüzmek,
Tolkunlarda oýnap suwdan ýol almak.
Bir günjügem bolsa berilen ömür,
Deňizde ýaşamak, deňizde ölmek.
Akwariumda ýaşap ýören balyjak,
Ne höwrüň bar seniň, ne ýoldaş, ne ýar.
Sen nädip ýaşaýaň kiçijik ýerde,
Men saňa seredip ýüregim gysýar.
Belki darykýansyň senem, kim bilýär,
Seniň de janyň bar, seň de kalbyň bar.
Belki-de başyňda bardyr hyýallaň,
Aýdyp bilmän sözüň bardyr, kim bilýär.
Gel balyjyk bile derýa gideli,
Bu ýerde ölersiň doňup bir bada.
Gel, gideli, giň deňizi göreli,
Ölsegem öleli giň bir dünýäde.
18.01.2017 ý.
Abdyrahman DÜÝEJI.
Goşgular