13:57 Sary bagşy / powest | |
SARY BAGŞY
Powestler
• Sözbaşy Saz sungaty hakda söhbet açylanda meşhur Sary bagşynyň ady ilkinjileriň hatarynda guwanç bilen agzalýar. Sebäbi, ol ýöne-möne bagşylaryň hilinden bolmandyr. Özüniň ilhalar bagşyçylyk sungaty bilen ulus-ile tanadanlaryň biri Sary bagşy bolupdyr. Meşhur Sary bagşy 1871-nji ýylda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Bamy obasynda dünýä inýär. Türkmen saz sungatynyň bagty, onuň rowaçlanmagy üçin dünýä inen ussadyň ýaşlygy özüniň dogduk obasynda – Bamyda geçýär. Ol ýaşlygyndan başlap, Ahalyň men diýen bagşy-sazandalary bilen oturyşyp, olaryň birnäçesi bilen aýdym-saz bäsleşiklerini guran adam. Sebäbi, Sary bagşynyň aýdym-saz örüsi örän giň bolupdyr. Bamydan başlanýan aýdymlar tutuş kese Arkajy aýlanyp, Aşgabat şäherine gelip ýetipdir. Garrygala, Etrek, Balkan sebitleri Sary bagşynyň aýdymlarynyň mesgeline öwrülipdir. Sary bagşynyň sungat darkaşyny eden bagşylaram onuň edil özi ýaly uly ussatlardyr. Garadäli gökleňler, Alyseýitler, Çowdur körler dek özleriniň päk sungatynyň gudratyna guwanyp, güýjüne daýanyp Sary ýaly il içinde meşhurlyk gazananlar bolupdyr. Sary bagşy ýigriminji ýyllaryň aýaklarynda Aşgabada ilkinji gelen bagşylaryň biridir. Oňa ilki-ilkiler Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Mylly Täçmyrat, Hanmämmet Allanur dagy sazandarlyk edipdirler. Ahalyň toýlaryny olar bile toýlapdyrlar. Sary bagşy Aşgabada sazanda ogullary Pürlini, Orazy, Nuryny hem bile alyp gelýär. Ol Aşgabada gelip, güneşli ülkämiziň dürli künjeginden gelen bagşa-sazandalar bilen tanyşýar. Olar bilen gowy gatnaşyk saklaýar. Marydan, Daşowuz, Sarahs, Pendi taraplaryndan gelen bagşylaryň birnäçesi bilen Türkmenistan sazçylyk tehnikumynda ýaşlara aýdym öwredip gezýär. Sazçylyk tehnikumynda Türkmenistanyň Halk bagşysy Nobat Amansähet, Garly Ilaman, Magtymguly Garly dagy bilen bile işleýär. Magtymguly Garly, Nursähet Halsähet, Oraz salyr dagy bilen bile ýoldaş bolubam gezipdir. Sary bagşy köpleriň halypasy bolupdyr. Ol dutar çalmaga-da örän ökde eken. Ahalyň mukamlaryny edil sazandalaryň özleri ýaly ussatlyk bilen çalarmyş. Sary bagşa Nobat bagşy, Täçmämmet Suhanguly dagy bilen bir hatarda onuň öz ogly Pürli Saram sazandarlyk edipdir. Şeýlelik bilen Sary bagşynyň ussatlyk göreldesi ogly Pürli Sarada täsirini ýetirýär. Ol ökde gyjakçy hem dutarçy bolup ýetişýär. «Sataşdym», «Saryýa», «Şirmaýy darak» ýaly çeküwli aýdymlar Sary bagşynyň uly halypalygyna güwä geçipdir. Olar nusgalyk aýdymlar bolup, milli aýdym-saz taryhymyza giripdir. Meşhur Sary bagşy Aşgabatda, Moskwada geçirilen aýdym-saz bäsleşiklerine-de gatnaşypdyr. Ýöne, onuň aýdan aýdymlarynyň ýazgylary galmandyr. Sary bagşy 1934-nji ýylda aradan çykýar. Onuň dogduk mekany bolan Bamyda ýatlama güni geçirildi. 1991-nji ýylda bolsa ol ýerde Sary bagşynyň doglan gününiň 120 ýyllygynyň toý-dabarasy guraldy. Sary bagşynyň kowumlary Aşgabat şäherinde we Bäherden etrabynyň Bamy obasynda ýaşaýarlar. * * * Bu dünýe bir täsin dünýedir. Adam atanyň aýdyşy ýaly, bir tarapdan girilýändir, beýleki tarapdan çykylýandyr. Sen oňa gireniňde aglap girersiň, ondan çykanyňda bolsa, gör, niçeme bendäni agladyp çykyp gidersiň... Bu dünýä adamlaryň dünýäsidir. Bu dünýäni guranam, ony ýykýanam adamdyr. Kim bardyr, iline-gününe beýik sütün bolar, kim bardyr, şol sütünleriň aýagynyň astyny köwer ýörer. Emma ahyrynda olaryň ählisiniň geçip gitjek derwezesi bardyr. Ahyrynda olaryň ýatjak baýry bardyr. Hany, onsoň bu baýyrlary ýassanyp ýatan tümmekleriň arasynda belent bilen pesi saýgar-da, saýgarybilseň... Iň bärkisi, Aşgabatdan günbatara gidýän gatnaw ýoluň gyrasynda, Köşiniň ilersinde, Mahmyt işan gonamçylygynda ýatan, indi ýere siňiberen kiçijik mazaryň astynda ýatan bendäniň halyndan habar al-da, onuň kimdigini bir aýt-da. Aýdyp bilmersiň, goja dünýä, bu aznawur zemin adamy: merdi, namardy şeýdip goşup goýberýändir. Onuň özünde, belendem, pesem birdir. Bir wagt Aşgabat pristawynyň baştutany, general Kurapatkin Gökdepä tarap geçip barýan eken. Şol açyk sährada goýun bakyp ýören gojanyň duşundan geçipdir. Şonda demi dag ýarýan general bu pukara türkmeniň üstünden gülmek üçin, onuň deňinde atyny saklapdyr. – Eý, türkmen, sen maňa aýdyp ber. Ýakynda bolan uruşda Gökdepede näçe türkmen öldi?! – diýipdir. Goja elini gözüne kölegelendiripdir-de: – Üç adam öldi! – diýip jogap beripdir. Bu jogapdan generalyň göwni suw içmändir. Ol sowalyny ýene gaýtalapdyr. Ýaşuly ýene-de şol jogaby beripdir. – Gaty köp bolaýmasyn! – diýip, general janagryly aýdypdyr. Ýaşuly dogumly sözläpdir. – Generalyň diýýäni dogrudyr. Ýöne, olary türkmen aýallary bireýýäm dogurdy. Emma meniň aýdýan üç adamymy türkmen aýallary indi hiç haçan dogurup bilmez!.. General sesini çykarmandyr-da, öz ýoluna sürüberipdir. Belki, şu mazaryň astynda ýatanlary hem türkmen aýallary bir eýýäm dograndyr. Emma bu pukaraja mazaryň astynda ýatan beýik älemi gaýtadan dogurjak ene ýokdur, ýokdur. Eger ol bu goja äleme ikinji saparam gelen bolsady, ony älem bilerdi. Ol ýok, ýok! Oňa Sary bagşy diýerdiler!.. Sargyt ...Duşak obasynyň gaýra başynda, demir ýoluň boýuragyndaky külberäk jaýyň agyr dagdan işigi jygyldap açyldy. Girilýän ýerdäki dälizde goş-golam, çapylyp, tertiplije basylyp goýlan ojar oduny, onuň gapdalyndaky uly küýzedäki içimlik suwy, dula söýelgi kädileri, duldan asylgy burçdur, sogany diýmeseň, bu öýde adam-gara bara meňzemeýärdi. Içerki jaýyň işigi-de agyr jygyldady. – Sary jan! – How, jan! Essalowmaleýkim, halypa! Aýak sesimden tanaýdyňmy, halypa?! Gelen kişiniň gözleri alagaraňky otagyň içinden çalaja gymyldaýan sudury tapdy. Ol ýerinden kynlyk bilen turdy-da, işige bakan yranjyrap ugrady. – Hany, men seni bagryma basaýyn, köşegim! Iki kişi garsa gujaklaşdy. Goja saňňyldaýardy. Bu duýdansyz dşuşygyň oňa nähili täsir edendigini şondan aňybermelidi. Şol sarsgynyň arasyndan: – Gelen aýagyňa döneýin, köşegim! Gaty gorkdum, görşüp bilmezmikäm öýdüp gorkdum. Bu sokur gözleri arman bilen ýummaly bolar öýdüp gorkdum. Bolsa-da, armanda goýmadyň meni. Aýak sesiňe döneýin seniň... – Ine, Myllam bar, ýanymda! Onam alyp geldim! – Wah, wah, janyňa döneýin, janyňyza döneýin. Men diýip azap çekip gelen aýagyňyza döneýin. – Ol gujaklaryny açdy. – Hany Myllym. Olar tör geçdiler. Içeri ýylydy. Köne pejiň içinde ojar ody ýyldyraýardy. – Hany, Patma enemiz? – diýip, Sary bagşy sorady. – Unumyz tükendi – diýib-ä zeýrenýärdi. Oglanlaryň ýanyna giden bolmasa, şu töwerekde bolmaly. Hany, geçiň törden oturyň. Ine, geler, olam. Sary bagşy agyr çäkmenini egninden sypyrdy-da, dula bakan süýündirip goýdy. Soňra bilguşagyny çözdi. – Halypa, rugsat berseň, men-ä ýazylyp-ýaýnap oturyberjek. Öýdenem düýünki çykanymyz. Otlam gijä galyp geldi. – Ýaýnap otur, oglum, ýaýnamaly öýdür. Düýünden bäri ýüregim atygsady durdy. bu nämäniň alamatyka diýsem, mähribanlarymy görjek ekenim. Bu pelegiň ajy-ajy öwrümleriniň süýjüje sowulganlary-da bar-da, jan ogul. – Mylly, sen bir çaýyň ugruna çyk! – diýip, Sary bagşy horjunyny öňüne çekip durşuna aýtdy. – Halypa, ine, bu ha saňa Ejeligiň iberen serpaýy. – Ol täzeje hywa donyny gojanyň egnine atdy. Goja ýüpegiň, reňkiň petlije ysy gelip duran täzeje dony näzikje sypalady. – Haý, bala, azara galyp. Maňa indi täze geýmek ýaraşarmyka? Çagalara täze zat almaň, ýyrtyp ýetişmerin diýip ýörenime bäş-alty ýyl boldy. emma men diýsem-de, sanalgy dolmasa, seniň diýeniň ýöränok, oglum. Taňry ýalkasyn, Ejelikden tamam şeýledir. Meni sylasaňyz, Sizi Alla ýalkasyn! Sary bagşy bir garyn gowurmany, bir tamdyr çöregi, bir tüňňür toşaby çykaryp goýdy. Soňra ýoldaşynyň pejiň başynda gydyrdanyp ýörşünden göwni suw içmedimi ýa-da çaý-suw içini çaltlandyrjak boldumy, oňa habar gatdy. – Mylly, gopuşyň haýalrakmy ýa-da çemini tapaňokmy? Tüňçäň gaýnabermedi-le. – Ol gowurmaly garna bakan gözüni aýlady. – Al, garyndan gowurma, al-da eret. Halypa bilen guşluk çaýyny içeli. Goja nämäniň-nämedigini seljerip oturşyna degişdi. – Sary jan, sen Mylly jany kän bir gyssabermegin. Ol ojagyň-beýlekiniň golaýyna eltibermeli ogul däldir. Sary bagşy gep alyp galmady. – Şükür bagşynyň öýünde Saryňam birdyr, Myllyňam. Bu öýde biziň barymyz hyzmatkärdiris, öz halypamyzyň törüni eýelän bolsagam. Şu wagta çenli türkmen kowmunda dutary gylyçdan ýokary goýan bagşy bolan däldir. Dutar hemişe gylyjyň guly bolmaly diýip gelmedikmi. Dutary bilen bir ynsanyň ömrüni halas eden, külli türkmeni halas edip biler, halypa. Biz şol kişiniň, eline gaty kädi alan türkmen şol äriň hyzmatkäridir. Türkmende beýle ýoly goýan ýokdur, halypa, bolmazam. Goja birhili düwlüp, uzyn kaddyny içine salaýjak ýaly bolup otyrdy-da: – Ol bir başyňa düşen ýagdaýdyr. Siziň başyňyza düşse, mendenem mertebeli baş alyp çykardyňyz. Ýöne, näme, meniň paýyma düşen ahwaldyr-da. Ondan bir edermenligem bolmaz, ondan ýolam bolmaz. Ýol, enşalla, seniňkidir. Sen külli türkmeniň imanyny oýardyň. Sen külli türkmeniň hüwdüsini arşa çykardyň, ogul. Bir salym hiç kimden ses çykmady. Sary bagşy owadandan dik kaddyny, nurana ýüzüni güjeňleýän ýaly bolsa-da, ýaşulynyň bu sözleriniň manysyny inine siňdirmejek bolup, indi ony güwläp ýanyp başlan peje bakan garady. Orta saçak ýazyldy. Goja kişi tagamyň, ýylyjak çöregiň, beýleki naz-nygmatlaryň ysyndanmy ýa-da Sary bagşy gelende hemişe kiçeňräk bir toçulygyň bolýanyndan çen tutupmy, başyny razylyk bilen atdy. – Sary jan, özüň bir han ogulsyň – diýdi. - - Gelen ýeriňe köňül ýagtylygy däl, yrysgal köki düşen ogulsyň. Alla tagala seni bi rrehmetli gün ýaradypdyr-da – diýdi. Sary bagşy hem kem galmady. – Halypa, diýýän-ä, bu gürrüňleri häliden tapaňokdyň. Orta saçak ýazylansoň, Görogly begiň Köse agasy ýaly, mylaýymdan ýagşy sözler tapyberdiň-le. Şükür bagşy myhmanyň sözüne loh-loh edip güldi. Soň yşgalaňsyz gözlerini işige bakan dikdi-de,başyny atdy. – Sözüň süýjüsini ýeňňeň gelende görersiň. Baý, onuň diliniň şirinligini. Meni ýaşadyp ýören, Sary jan, ýeňňeň şirin dili. Baý, öz-ä, gyzylbaşyň diliniň ähli balyny alyp gaýdyberipdir. – Är garrasa aýalyny öwer – diýipdirler, halypa. Görýän welin... Şol pursat işik açyldy. Etli-ganly, ýüzi nurana zenan içeri ätlän ýerinde doňup galdy. soň ol ýaşly gözlerini balkyldadyp, gursagyna ýeňiljek urdy. – Atam ogly, babam ogly, atam ogly, babam ogly, sary jan, boýuňyza döneýin, Şükür bagşyny göreýin diýip, idäp gelen aýaklaryňyzyň tozuny öpeýin, aýaklaryňyzyň yzyny gözlerime sürme edäýin. – Ol ýorgalap gelip Sary bagşynyň syrdam boýuny giň, kuwwatly göwsüne basdy-da, onuň maňlaýyndan ogşady. – Janym, jigerim. Janym, jigerim, öýüm-ilim, ýüregimiň bagy, gözümiň agy. Balam diýip aglanym, göresleri gelip, maýa bolup bozlanym. Neneň edip geldiňiz, neneň edip ýadyňyza düşdük, goşa balam, goşa didäm. – Ol baryp Myllynam gujaklap ogşady. – Soň olaryň garşysyna geçip dyz epdi. – Ejelik-de, gurgunmy? Balalarym amanmy? Ýüzügara boldum, baryp bilemýoh. Şükür bahşy sypdyranok, oglu-um. Gabanýa-ýaýa. Wah, wah, janym, jigerim, ýürehlerim aglady. Bagyrlarym para-para boldy, göreslerim gelip. Eý, Allam, geleniňizde bolmaýşymy? Ol ýerinden çaga ýaly ýeňil turdy-da, işige bakan ylgady. Soň töre topuldy. – Şükür jan, mallaryň birini kesdir diýdiňmi? Goja loh-loh güldi. – Aý, how, ýeňňeňiziň gulagy agralyp ýörmi, meniň diýmedigimi diýiberdi-le. Ýa ony ogşan bolup, gujaklan bolup azdyryp ýörmüň, Sary jan. – Patma enemiz tarhandyr, halypa. Iki sany goç-goç ogly gelen güni onuň badyny gaýtaryp bolmaz. – Şeý diý, diliňe döneýin, Sary jan, boýuňa döneýin, diýdäm, şeý diý. Sary bagşy Patma ejäni saklady. – Ene, bir salym towakga et. – Ol horjunyndan çykaran zatlaryny orta süýşürdi. – Ine, şulary ejelik iberdi. Me, bu-da saňa serpaý! Patma eje ýene-de gursagna tapbatlady. – Wa, Alla, pirim Aly, heý beýle-de bir zat bolarmy! Munça zady iberip, Ejeligi ne döw urmuşdy, eý-ýa! – Näme, ol? – Şükür jan, bir gör, bir garyn gowurma, bir tamdyr çörek, bir depbe bal, bu. Galan zatlary sanamaýynam, men. Bu ne bela, oglum, Sary jan. – Meniň diýjek bolýanym, biziň üçin azara galma. Biz bir myhman, onsoň, halypa-da, biz gaýdansoň saňa azar berip ýörmesin. Goja loh-loh güldi. – Baý, Sary jan, oňardyň-ow, meniň biçak gaharymyň geljegini bilip dursuň. – Şükür jan, ýa şeýlemi? – diýip, Patma ene-de gözlerini güldirdi. – Aý, indi dilenip otursalar, başga nätjek, häliden gelmeli ekeniň-de şu akla, zalym parsuwanyň gyzy. Bular onuň ýaly hoş söz eşitseler heý gaýdarmy. Getirenje gowurmalarynam iýerler, seniň ol arryk toklyňam Görogly begiň ýahna iýişleri ýaly ederler. Sen näme, bulary tanaňokmy, Myllynyň bir naharyna gerek bir tokly! Gojanyň degişmesine Sary bagşynyň göhi geldi. Ol has hem öz şägirdi, ýanynda boýnuny ýygyryp oturan Mylla degilmegine hezil edip güldi. Dogrudan hem onuň bu piiri aýdylanyça bardy. Şonuň üçin ol Bamyda-da «Mylly geljek» diýseler, «Myllyny garşy alyň, ejeňize-de aýdyň, gazanyny ulaltsyn» diýerdi. Özi bolsa Myllynyň iýermenligine begenerdi. Öz çagalarynyň şumçörekligini halamaýardy. Patma ene şol bady bilen çykyp gitdi. çaýyny olaryň özi ýene gaýtaladylar. – Sary jan, köşegim, bu günler nämäniň başyndasyň? – diýip, Şükür bagşy onuň öýüniň, içersiniň abadanlygyny sorap bilenden soň sorady. – Aý biziňkem, halypa «Garynja gara günde, gurbaga saz söhbetde» diýişleri ýaly, Mylly bilen Kakamy (Ol Pürlä kakam diýýärdi) yzymyza tirkäp, nirede ýüz berilerkä – diýip, entäp ýörüs. Şükür bagşy batyl gözlerini Sary bagşa bakan dikdi. – Sary jan, men Handan «Sary jan gelip gitsin» diýip, sargyt edipdim. – Aýtdy, halypa, aýtmasa-da Mylly bilen bir, halypadan baş çekip geleli diýip aýdyşyp ýördük. Şükür bagşy ýagşy bil beren çynar ýaly, gojalan kamatyny bolşuna görä dikledi. Häzir onuň köňlündäki niýetini, goja serindäki pikir-duýgusyny aňmak mümkin däldi. Agras ýüzi, durşuna ýygyrt bolup duran maňlaýy, misli, daşyndan garasaň bir harsaň töňňä meňzeýärdi. Emma Sary bagşy ondan kän ýigit görünýärdi. Myllynyň oglansypat ýüzi, gan damaýyn diýýän dolmuş ýaňaklary, ýeňiljek sakaly ony oglansow görkezýärdi. Emma Şükür bagşy olaryň bu sypatyny göz öňüne getirerden ejizdi. Onuň bar myrady dilidi. Asyl, indi kän bir daş-iç hem çykyp baranokdy. Ony daşky dünýä bilen diňe Patma enemiziň habarlary baglanyşdyrýan ýalydy. Herneme, onuň Hudaý diýen ýeri bar eken. Alla ony oňlapdyr. Oňa Büjnürt ilenden şu zenany peşgeş beripdir. Soňam, şol gara gazmany. Meger, şol gara gazma bolmadyk bolsady, onda ol bu mähriban zenan ýa ýeterdi ýa ýetmezdi. Sary bagşy Şükür halypanyň Patma enemize ýetişini hut halypanyň öz agzyndan eşidipdi. Ol bir sapar Büjnürdiň obalarynyň birinde aýdym aýdyp, saz çalypdy. Toýdan soň ony bir garry aýal ýanyna çagyrdy. – Oglum, seni bir dohtor soryýyr – diýipdi. – Özi çoh guzal dohtordyr, göwnüne degmegil. Şükür ol gözeli görüp agzyny açyp galdy. – Aga, meni özüň bilen alyp git, gyrnagyň bolup, ölünçäň aýagyňy ýuwup gezeýin! Şükür ýaýdandy. Ol aljyrap durşuna: – Meniň aýalym bar. Ýoluma garap oturandyr. Men oňa biwepalyk edip biljek däl – diýdi. – Aýalyň ölenden soň meni alarmyň? – Bilmedim. – Çekinme, aýt! – Onda alaryn. – Sözüň söz bolsun. Şol gürrüňden ýigrimi ýyl dagy geçipdi. Şükür bagşynyň başdaşy dünýäsini täzeledi. Günleriň birinde bolsa bir eşekli aýalyň Şükür bagşyny gözläp, oba-oba aýlanyp ýörendigini aýtdylar. Şükür bagşy bu gürrüňe kän bir pitiwa-da bermedi. Bir günem öýle çaglary bir zenan maşgala: «Şükür bagşy şu ýerde ýaşaýarmy?» diýip gapa geldi. Ine, şol hem Patma enemizdi. Gojanyň galan ömri şu mähriban zenandandy, galyberse-de Hudaý bardyr. – Men Gökdepe jeňinden öň Göni halypanyň eline suw akyzyp, onuň işiginde hyzmatyny etdim. Pahyr, maňa pata bermäge ýetişmedi. Emma onuň elini görenleriň iň soňkysy men boldum. Arada, düýşüme giripdir, görgüli. «Gel-de, ýöri, jeňe gideli-dä» diýýär. Başyny ak bogma bilen bogupdyr. Bilinde göwher gylyjy lowurdap dur. Aňyrsy giden jeňmiş. Ol meniň elimdäki dutarymy kakyp aldy-da ýüzugra bir heňi çalýarmyşyn. Soňam: «Seniň wezipäň, ine, şu heňi ile ýetirmek bolsun». Sary bolarmy, Mylly bolarmy, çagyrt, gelsinler, soňam ile ýetirsinler. Hemişe beýle bela alyp durmaz-a türkmeniň başyny. Oňa sazyň, söhbetiňem gerek ýeri bolar-a. Ol elini endigi boýunça uzatdy-da, çep tarapynda dula söýelgi dutaryny eline aldy. Soň onuň daşynyň gabyny howlukman çözdi-de, köke dönüp giden köne, uzyn barmaklary bilen birki gaýta sypalady. Dutar gümmürdäp gitdi. Sary bagşy tisgindi. Soň şol guran köklere jan biten ýaly boldy. içeri eşret owazy ýaňlanyp gitdi. – Eý, Allam! Beýle owazy Sary bagşynyň ömründe eşiden owazy däldi. Ol demiňi tutup barýardy. Ol ölüm bilen diriligiň arasynda çarp urýan üýtgeşik keramatyň iňňildisidi. Ol bagryňy paralap barýardy. Ol ynsan balasynyň kalbyna Allatagalanyň salan duýgusynyň ählisini mynçgylap, on iki süňňüňi eläp barýardy. Ol permanmy, ajalmy, dirilikmi, yşkmy, didarmy ýa Ýaradanyň demimi, biler, duýar ýaly däldi. Saz tamam boldy. Sary bagşy gark bolan bendäniň suwuň ýüzüne öldüm-öldüm çykyşy ýaly, howpurgap dem aldy. – Nähili gördüň? – Men-ä halypa, görenem däldirin, eşidenem. Alla abraý bersin-dä. – Şeýledir. Menem şol düýşi görüp, kyrk günläp ýerimden galyp bilmän ýatdym. Bu ne gudrat, bu ne apat. Beýle heň, beýle owaz görlen däldir. – Hany, ýene çal, halypa- diýip, Mylly ysgynsyzja seslendi. Soň turup, işigiň agzynda, dula söýelgi dutaryny alyp, ýene öňki ýerinde oturdy. Şükür bagşy ýene çaldy. Ýene çaldy. Saz telim sapar gaýtalandy. Emma ondan ganma ýokdy. Ýogsa, indi Mylly halypany kowup başlapdy. – Dur. Myllym, Sary jan otyrka sen saklan. Ýolag onuňkydyr. Sary bagşy halypany kowalady. Soň bir özi çaldy. Şondan soň Bol diýen äheňde Mylla başyny ümledi. Bu öý uçmaha döndi. Megerem, mukamyň Hudawylyk ruhuna garylyp beýle gülläni şoňa çenlem, şondan soňam türkmen gören däldi. Olar orta saçak ýazyp, täze ölen işegiň buglamasynyň orta geleninem, aslynda hakykaty aýtsaň, öýle namazynyň geçip gideninem duýman galypdylar. Sary bagşy birden ukudan tisginip oýanan ýaly boldy. ol arada Gaýgysyz Atabaýewiň Bäherdende gumuň içindäki obalaryň birinde toý bolanda beren sagadyny jübüsinden çykaryp, seretdi. – Namaz wagtymyz geçip gidipdir, halypa, indi onuň sünnetini okaýmasak... – Okaber, Kaka ili öwlüýäler ummanydyr. Bu ilde Allatagala öz bendelerini geçirjekdir. Şükür bagşy ýerinden turdy-da, assaja ýöräp, pejiň gapdalyna bardy. – Täretim bar, onda-da namazyň hormaty üçin el-ýüzümizi päkläli. Sary bagşy iki zada haýrfan galdy. şükür bagşy elini-ýüzüni ýuwsa-da aýagyna suw almady. Onuň aýagyny Patma enemiz ýuwdy. Soň bu beýik halypa öl ellerini süpürmedi. Onuň gözleri bir pursat gerilgi durdy. – Halypa, bu näme boldugy? – diýip, Sary bagşy geň galmasyny gizlemän sorady. – Biz-ä ullakan ýelýyrtan ýaglyk bilen ellerimiziň, ýüzümiziň hamyny sypyraýjak bolup süpürip durus. Sen bolsa... Onsoňam, eliňizi, ýüzüňizi özüňiz ýuwduňyz-da, aýagyňyzy enemize ýuwdurdyňyz. Ýa eliňiz ýetmedimi?.. – Wah, didäm, Sary jan, men heniz gyz wagtym «Şu eziz adam meni aýallyga alsa, ömrüm ötýänçä aýagyny ýuwaýyn» diýip äht edipdim. Meniň jennetimiň açary onuň mähriban aýaklarynyň aşagyndadyr. Jennetiň açaryny saklaýan aýaklaryna gurban bolaýyn... Şükür bagşy dogrudyr diýen manyda baş atdy. – Ellerem näme, suwdan arassa näme bar. Arassa zady süpürip oturmagyň geregi ýokdur. Sary jan. Naharyň soňy aýdym-saza ýazdy. Gadymy Duşak obasy giç agşama çenli aýdym-saz bilen üwrelip, ukynyň goýnuna çümüp galdy... ...Şükür bagşy bilen Sary bagşy uklamady diýen ýalydy. Patma enemiz bolsa pursadyň indi hiç haçan beýdip gaýtalanmajakdygyny aňýan ýaly, ojagyň başynda bir gysym bolup, bu iki eziz adam özüne näme ýumuş salarka diýip, tamakinje garap, söhbete gulak salyp otyrdy. Bu ýagdaýy görüp, Sary bagşynyň ýadyna Ejelik düşdi. «Ol görgülem, gije diýmän, gündiz diýmän, ojagyň başynda şeýdip oturandyr. «Wah, dünýäde bagşynyň, sazandanyň maşgalasy bolmakdan jebirli zat ýok bolara çemeli...» – Sary jan – diýip, halypa sarsgyn bilen gepledi. Onuň bu sözünde uly aýgyt ýbardygy bildirip durdy. – Sen diňle. Seniň eliňe, diliňe gurban bolaýyn. Sen biziň ýaly dälsiň, biz öz güýjümiz bilen çytraşyp bagşy, sazanda boljak bolýandyrys. Bizde ne ugur bardyr, ne utga. Biz ne bir ýola sygarys ne-de ýoda. Emma sen başgasyň. Saňa bu senet Hakdan berlendir. «Gökdepäniň siltenilen, entedilen halkynyň köňlüni köşeşdirip, türkmeniň köňlüni hüwdüle» diýip, Allatagala seni bize berendir. Sen iş bitirdiň. Türkmen kowmunda seniň ýyldyzyňa çykjak dil-de, owaz-da, el-de bolan däldir, indem bolmaz. Ýöne sen bu senedi harlama. Türkmeniň senedini sen harlasaň türkmenem, senedem baýnamaz. Sen şägirt ýetişdir. Sen öz ýoluňy halkyňa goýup git. Sen ölseň, men ölsem, bu ýoly kim dowam etdirmeli?! Men saňa şu gepi Şükür bagşy bolup aýdýan. Senden çallyk geçi tamakinçiligim ýokdur. Emma seniň sungatyňa, senediňe dahylym bolup aýdýan, bu sözleri. Men ölsem, owarram. Yzymda Patma eneňden başga galjagym ýok. Olam kyrkymy sowup öz iline gider. Men oňa rugsadyny berendirin. Emma sen ölseň, seniň sungatyň, seniň ýoluň ölse, türkmen näder? Men şonuň hasratyny çekip gijeler ýatyp bilemog-a. Seniň bolsa azaryňa däl. Ömüre ynam ýokdur, salymam ýokdur. Ine, men şu sözi aýtmak üçin saňa sargyt etdim. Bu akly çaşan goja meni çagyryp, öljekligimi ýüzüme basdy, maňa agyr-agyr sözleri rowa gördi – diýme. Men aýtmasam, aýt, kim aýtsyn saňa. Hany, Garadäli gökleň barmy, Göni halypa barmy, Kepeläň Köri barmy ýa-da Berkeli halypa barmy?! Olar bolsa seni has berk tutardylar. Meniň ýüregim sen. Men öz ýüregime erk edip bilýänmi?.. Söhbet guşluga çenli dowam etdi. Soň Sary bagşy Myllyny galdyradyp, özi otla mündi... | |
|
√ Baga bagşy -4: Halypanyň demi - 07.03.2024 |
√ Taraşa -2/ powestiñ dowamy - 01.02.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -4: powestiň dowamy - 07.08.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan goşundaky ot başyndaky geňräk myhman - 03.07.2024 |
√ Baga bagşy -7: Ýatlamalaryň ýumagy - 07.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -3: powestiň dowamy - 04.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Uspen halypa - 03.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Kesel - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Pürli - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |