06:26 Köne mülk -13: romanyň dowamy | |
9. Mergeniň işe gitmeýänine bu gün eýýäm on gün bolupdy. Ol şu on günde Nobaraly aga bilen Gyzylarbat şäherine baryp, maşynyň hakyny hasaplaşyp geldi. Gyzylarbadyň haly fabrigine baryp, birinji gatdaky dört otag üçin dört sany ýedilik türkmen halysyny, koridor üçin iki üçlük türkmen halysyny satyn alyp geldi. Maşyny Köçek aganyň hasabyndan çykaryp, şu raýonuň içeri işler bölümine baryp, awtoinspeksiýada, öz hasabyna geçirdi. Öýi üçin telefon çekdirmek üçin Maral Meňliýewa «M.Ataýewiň öýüne telefon çekmeli» diýen hat alyp, eltmeli edarasyna eltdi. Indem, ondan dynç adam ýokdy. Ol her gün gurluşykçylara kömekleşýärdi. Mellege girip Rejep aganyň buýran ýumuşlaryny edýärdi. Rejep aga bolsa indi mellegiň, mallaryň tabyny ýagşy ele alypdy. Mellek, mallar, towuklar onuň janydy. Ol indi melegiň, mal-garanyň, towuklaryň ýanyna-da, olardan gelýän girdejä-de hiç kimi goýbermeýärdi. Her aýyň başynda Mergene köpem däl, azam däl, müň manat puly sanap berýärdi. Kim gaýmak süýt iýjek bolsa, gowurmadyr çekdirmä meýli bar bolsa, Rejep aga onuňam kemini goýanokdy. Ol indi her anna agşamsy özbek palowyny bişirip başlady. Ol nygmatyň ysy tutuş aşakky Garaganlyny gaplap alýardy. Mergen Rejep agadanam, Nobaraly agadanam razydy. Ýöne bu iki goja-da Mergenden müňde bir razydylar. Nobaraly aga gurluşykçylaryň arasyndaky Arguly atly ýaltarak, ýalançyrak oglany hiç halamaýardy. – O-how. Bally, onyň seniň ho-ol goňşy gelni ýanyna getirip, küýi iş bilen däl-ä onyň. Men-ä şony kowup goýberjek. – diýip, zeýrenme zeýrendi. Ertesi gün Arguly Mergeniň ýanyna geldi. – Ýaşuly meni işden kowup dur-laýt. Gaýrat et, men ol gelne öýlenjek bolýan. Aýalym ýogaldy. Iki çagam ýetim galdy. Öýde iýmäge ýeke dişlem çöregim ýok, onsoň, men işlemesem, çagalary kim eklesin. Mergen ýüzüni sallap gürledi. – Arguly, men seni şu sapar alyp galjak bolaýyn. Ýöne abraýyňy sakla-da gaty gowja işle. Arguly gaty begendi. – Bor, agam, janym bilen... Şonda Mergen ýaşula «Argulyny yzyna al» diýende, Nobaraly aga boýun bolupdy. Şeýle-de bolsa gurluşygyň eýesi Nobaraly agady. Gurluşykçylar näme etjek bolsalar, ertir näme ediljek bolunsa, ýaşula hasabat berýärdiler. Ýaşuly wagtynyň ep-esli bölegini gurluşykçylar bilen geçirýärdi. Şolar bilen iýip-içýärdi. Şonuň üçinem, ikinji gatyň daşky aýlawyna kerpiç örmek işi gutarypdy. Basym gapylaryň, penjireleriň goýulmaly ýerleriniň depesine beton guýulmalydy. Soň jaýyň üstüni basyraýmalydy. Oňa-da pürslerem, sementem, opalowkalaram ýeterlik bardy. Ýöne iki maşyn ýuwlan çäge gerekdi. Mergen işi bolsa, bolmasa-da daňdan sagat dörtde turýardy. Soň sowuk duşa düşünýärdi Soňam gelip, çyranyň yşygyna «Oba mugallymyny» tä Gün dogýança işleýärdi. Onuň bu ýazgysy Mergeniň özüniň ýürek depderine öwrülip barýardy. Sebäbi ol oba gelen gününden tä şu güne çenli wakalary, adamlar bilen gatnaşygyny, özüniň jebir-jepaly duýgularyny howlukman «Oba mugallymynyň» süňňüne siňdirýärdi. Ol her gün ýekeje ak kagyzy ýazgydan dolduryp, soň ýazmasyny bes edýärdi-de, sözleri, sözlemleri, pikirler has çuňlaşdyrmaga çalyşýardy. Adamlaryň häsiýetini çuňlaşdyrýardy. Olary obraz derejesine ýetirmäge jany bilen dyrjaşýardy. Ertesi ýene bir kagyz yzyny ýazýardy. Şu gün ol ýazan kagyzlarynyň altmyş yedä ýetenini gördi. Mergen şol ýazgyny gaýtalap-gaýtalap okady. Ýazgy akgynly okalýardy. Dili saüýjüdi, ýazylyşy Mergeniň pikiriçe, çeper çykypdy. Okap bolandan soň, Mergeniň ony bir eli oşyň ýazgysynyň derejesinde galdyrasy gelmedi. Ol kitaplaryny dörüp, Agahan Durdyýewiň «Bagtly ýigit», Nurmyrat Saryhanowyň «Şükür bagşy» Ata Gowşudowyň «Köpetdagyň eteginde» eserlerini tapdy. Şolaryň üçüsiniňem, başlangyjyny okady. Gün dogan badyna Mergen kagyz, depderlerini ýygnap öýden çykdy. Howanyň öwzaýy ýene bozulýardy. Ol «Şu gün yrym edip, çaý-çöregimi täze jaýymda iýeýin» diýip oýlandy. Ýaşulular heniz ýatyrdy. Mergen tördäki otagyň işigini açdy. Onuň burnuna reňkiň, hekiň hem-de täzeje türkmen halysynyň bozganç ysy urup gitdi. Içeri ullakan owadan türkmen halysy ýazylansoň, içeri gül-gülälekli meýdan ýaly owadandan ýakymly görünýärdi. Nobaraly aganyň gazaply zarbyna telim sapar reňklenen polam ýakymly görünip, gülälekli meýdanyň ruhuny näziklik bilen dowam edip gidýärdi. Belent, ýagty penjirelerden ýaňy atyp gelýän tyllaýy ruhy ak süýt ýaly bolup dökülip dur. Mergen jaýdan çykyp, gaz peçde çaý goýdy. Saçagy, gowurmaly pitini alyp geldi. Soň baryp, sowutgyçy açyp, ondan gaýmakly, konfetli gaplary alyşdyrdy. Çäýnek-käseleri çaýkaşdyrdy. Onyň şykyrdysyna ýaşulylar hem oýandylar. Rejep aga ýuwunyp, sygyryny sagmaga gitdi. Ol birsalymdan Mergen bilen Nobaraly aganyň orta alyp oturan saçagynyň üstüne şakäse doly çig gaýmagy getirip goýdy. – Däde, kartişkäni kaçan ýygaýmyz? – Seniňki, şaltaý-baltaý, «Oýnap ekseň, boýnap biter» diýenleri boldy. Gyşyň içinde»Kartoşka ekjek» diýseň, gülüpdim. Seniň-ä onyň Tejen turuzypdyr. Ony mähetdel etmän ýygnäýly. Mergen ýylgyrdy. – Atamyň eli gyzyl güldür! Onuň gum diýip garbany gyzyl bolýandyr. Rejep aganyň özem saçagyň başyna geçdi. – Bitde bazar! Ýene bir bazar karaşamyz. Çaý-çörekden soň ýaşulular omyn edip turmak bilen boldular,Mergen saçagyň üstündäki gaplary, çäýnek-käseleri ýygnamak bilen boldy. Soň owadan el halynyň üstüne süýnüp, az-kem meýmiredi. Ony çaý-çörekden soň süýjüje agyrlyk basmarlaýardy. Ol irkildi... Gün dogup gelýär! Ol Gün däl. Mergeniň Gündür hasap edeni ap-akja şugla bolup, täze jaýyň işiginden girýär-de, kem-kemden topbaklanyp, jemlenip, ergin altyn keşbe öwrülýär. Mergen şol tyllaýy erginiň içinde ak sakally, ak selleli garryja gojany gördi. Ol ýerinden galmak isledi. Emma galyp bilmedi. – Injalykdan gaçma. Men şu garry mülküň eýesidirin. Sen bir wagt gömlüp galan mülküň mübärek ýüzüni ýene açdyň. Indi bu köne mülk seniňki boldy. Saňa nesip etsin, haýryny görersiň, enşalla! Goja elinde tutup duran zadyny Mergene uzatdy. – Me, ine şu köne mülküň açary! Muhammet essalamyň zamanyndan bäri arkama-arka ruhlaryň, perişdeleriň, şehitleriň ruhlarynyň nazary bilen ýalkanan, ýedi sapar Hydyr gören mülkdür bu! Sen mundan alan yrsgalyňdan olara-da degsin etginiň! Omyň! Ak şugla yzyna öwrüldi. Mergeniň täzeje haly ýazylan, özi oturmaga dözmän oturan jaýyna syçrap duran gyr bedew girdi. – Tur, al, bu bedew seniň peşgeşiň bolsun. Mergen ýerinden turup, gyr atyň uýanyndan tutdy-da, onuň buldurap duran maňlaýyndan ogşady. – Taňry ýalkasyn, atam! Şugla kiçeldi-kiçeldi-de, Mergeniň ruhuna girdi. Mergen syçyrap özüni isläp duran sarç bedewe atlandy-da, töweregine garady. Birdenem özüniň bu bedew at bilen bileje uçup barýanyny duýdy. – Uç, gyr atym, uç!.. – Bala, bala! Mergen tisginip oýandy. Ony Rejep aga yralap durdy. – Tur, bala, myman soraýdy. Mergen hälki açar tutan ellerine garady. Açar bolmasa-da, onuň sag eli açarly ýaly, agyrdy. Mergeniň ruhy täzelenipdi. Kalby ýakymly duýgudan dolup durdy. Misli, ol henizem hälki bedew atyň üstünde oturan ýaly, ýeňildi. Tutuş dünýäsi çirksizdi, päkizedi. – Myhman!? – Ikki kişi geldi. Seni soraýyrlar. Mergen işden çykarylandygy barada iberen tellegramalaryndan bir habar gelendir öýdüp, ykjamlanyp, daş çykdy. Işikde iki sany erkek adam boýurganyp durdy. – Salowmaleýkim, geliň. – Mergeniň ol eden tamasy çykmady. Işikde duranlar onuň halyndan habar aljak adama meňzemeýärdi. – Ataýew Mergenlermi? – diýip, işikde duranlaryň gulakjynlysy sorady. – Hawa, hawa, geliberiň. Ýerne hälki adam gürledi. – Size telefin çekmeli! Mergen duýdansyz, şatlanyp gitdi. – O-ho, o-ho, geliň, geliň. Gowy habaryňyz bar eken, geliň! Başy gulakçynly, hortap adam hoşamaý gepledi. – Adyň näme? Mergen diýdiňmi? – Mergen! Ol adam ýoldaşynyň yüzüne bakyp ejizje ýylgyrdy. Soň düşündirip başlady. – Mergen jan, bize birküç sany göni pürs agaçlary gerek. Soňam, telefon apparaty bolmaly. Eger, şolar tapylýança, «garaşyň» diýseňiz, biz indiki hepdede aýlanaly. Eger, häzir tapylsa, biz işe başlajak. Telefon üçin, biziň zähmet hakymyz üçinen, biziň düýp edaramyza otuz manat pul tölemeli. – Onuň gürrüňi bolmaz. Töläris. Pürs agaçlaram, däde, haýsyny islese beriň. Ýöne, şu telefon apparatyny nireden tapyp bolar? Gulakçynly pyýada elini aşak tarapa uzatdy. – Aşakda, woenni dükanda bardyr. Dükança Aba diýerler. Gurban aýtdy diýäý. Edil, düýn gördüm. Bahasy ýigrimi dört manatdyr. Gulakçynly daş-töweregine garady. – Maşyn özüňkimi? – Özümki! – Özüňki bolsa, häzir gidip geläý. Ýöne pürsi biz alaly. Telefiny nirede goýjagyňam görkez. Telefon ulgamy gurulýan täze jaýdan elli-altmyş ädimräk gapdaldan geçýärdi. Mergen geýinip, maşynyny otlady. Oňa çenli Rejep aga-da donuny çalyşyp geldi. – Bala, meniňem işim bardy. Mallara iým kereg. Mergen gaty kän eglenmän geldi. Onuň elinde gutujyk bardy. – Bar ekenmi, aldyňmy? – diýip, ol sütün üçin çukur gazyp ýören gulakçynly pyýada sorady. – Bar eken, aldym. Poçta baryp aýdanlaryňyzam töländirin. Şol wagt poçtolýon ýaşuly gelip, bir desse gazet-žurnal goýup gitdi. Telefonçylar günorta çenli törki jaýa telefon çekdiler. Aşak, ýokary jaň edip, telefony sazladylar. Gulakçynly adam Mergeniň ýanyna geldi. – Mergen jan, öýe täze telefon çekilende, bir litr arak alnyp, gowja bir nahar bişirilip, ol «ýuwulýandyr», ony sen bilmeseň, bilýän dälsiň. Senem iliň şol däbini syla. Tüweleme, ine, täzeje «Wolga» alypsyň. Köşk ýaly jaý gurup otyrsyň. Gutly bolsun, olar barada soň, ýöne häzzir telefonyňy bir ýuw. Mergen ýene raýon merkezine gitmeli boldy. Ol barybir bazarda odur-budur almak üçin galan Rejep agany alyp gelmelidi. Häzir ol arak almak üçin ýörite gitmeli boldy. – Bolar seni beýle goýmaz diýip otyrdym, bally. Sen aragy bäş-alty çüýşeläp alagaý. Goý, öýde dursun. Çörek bilen iki tokga kolbasa-da al. Sen gelýänçäň, naharyň ugruna özüm çykaryn. Telefon çekmäge gelenler işlerini bitirip, iýip-içip, agşamy düşürip gaýtdylar. Nobaraly aga telefonly jaýa girdi. Ol bagryny ýassyga berip, nämedir bir zatlar ýazyp-pozup oturan Mergen oň ýüzüne garady: – Bally, sen bärdemidiň? Mergen ýazyp oturan zadyny bir gapdala goýdy. – Häzir, däde. Menem, indi atamyň yzyndan gidibermesem, onuň iým skladyna açylarça wagt bolandyr-a. Ony alyp gaýdaýyn. Ýaşuly telefon apparatyny sag eli bilen sypalady. – Bally, şuny welin, çekdireniň gaty gowy boldy-da! Munuň belli bahasy ýokdur. Onda-da meniň ýaly, aýagyny göre sokup oturan inwalid garryň dagyň bar bolsa. Indi munyň nomury näçe boldy. Däde, belle. Biziň telefonymyzyň nomeri bir ýigrimidir! – 1-20. Ýaşuly gözüni depesine dikdi. – Bir ýigrimi, bir ýigrimi. Äýt, bally, aňsadam eken-le. Nesip etsin, hernä. – Hemmämize, däde, bile nesip etsin. Men-ä, häzir atamy alyp gelip, Gyzylarbatdaky goňşyňa jaň edip, halyndan habar alaýaýynam bir diýip durun. Mergen sähel salymdan gaýdyp geldi. – Atamy alyp geldim! Nobaraly aga hälki gürrüňlere maýyl bolup şol bor oturan ýerinde otyrdy. Ol Mergeni görenden soň ukusyndan açylan ýaly boldy-da, Mergene golaý süýşüp, jaýlaşykly oturdy. – Bally, men senden bir zat soraýyn-la. – Soraň, däde. – diýip, Mergen ýaşulynyň ýüzüne seretdi. Ol öz sowalynda göni degişlilik ýa-da bir göwne degiji niýet ýaly ýakymsyzlyk bolmasyn diýen manyda az-kem içini hümledip durdy. – Meniň göwnümemi, ýa-da şeýlemi? Sen bäş-on gün bäri öýderäk. Ýa bu günler kanikulmy ýa sen işi goýbolsun etdiňmi?! Ýa başga bir zat sebäp boldumy?! Eger meniň bilen bagly bir azap görýän bolsaň, ýa-da ýakymsyz gep eşidýän bolsaň-a gelip göni aýtgyn. Men seniň gül ýüzüňi solduryp, hiç haçan özümi bagtly etmen. Mergen ör-gökden geldi. – Ýok, däde, beý diýmäň. Meni gazete tankydy makala ýazdyň diýip, ýanap mugallymçylykdan çykardylar. – Soň Mergen bolan wakany bolşy ýaly gürrüň berdi. Men indi adalatyň gelerine garaşaýmasam, başga näme edeýin? Ýaşuly gözlerini agyr pikirli agdardy. – Käriňem mugallymçylyk. Özüňem oglan okadýaň. Şon-nam saňa kän görýärler dälmi?! – Hawa. – Güni bilen klasda. Iliň öýe, köçä, ile sygmadyk bir topar bibaş çagasyny adam etjek. Olara bilim, terbiýe berjek bolup, azap iýýäň?! – Hawa. – Ölçeg ýarym okadanyňda-da, bolaýsa, zordan iki ýüz manat töweregi. Ýaşuly Mergeniň ýüzüne nebsagyryjylyk bilen seretdi. – Onsoň, seni şolar ýaly zulumly işdenem çykarýarlarmy? – Onda-da, ýanap, kast bilen. Ýaşuly ýetim oglanyň kellesi ýaly ýumrugy bilen üstne gül ýaly haly ýazylan poly urdy. – Sen «alyň». Işiňizi başyňyza ýapyň» diýdiň dälmi. – Ýok, däde. – Päheý, bally, gümüne gitsin. Şol porsy mugallymçylygyň. Ýör, men seni Gyzylarbada äkidip, öz ýerime goýaýyn. Üç günden-ä bir gün işlärsiň. Her aýyňa galmady diýende, on müň manat halalja pul galar jübüňe, aýagyň aşagynda täzeje «Wolgaň» bar. Git-de, gel-de, rahatja işle-de ýör. Mergen başyny ýaýkady. – Däde, men saňa bir rowaýat aýdyp bereýin. – Ýaşuly sesini çykarmady. – Öň bir şäherde derwüş känmiş. Bir adamyň hem bu derwüşleriň bolşup ýörüşlerine gaty gahary gelýär eken. Ol gören ýerinde derwişleri utandyryp, olary masgaralap, adamlary olaryň üstüne küşgürip gezer ekeni. Derwüşlerem bu adamdan bizar bolup, ahyry özleriniň başga şäherdäki pirlerini şikaýat edipdirler. Olaryň piri derwüşleri halamaýan adamyň ýanyna gelipdir. Onuň näme üçin derwüşlere azar berýändigini sorapdyr. – Olar ýigrenji, muguthor. Ýalta bir topar hapysa mahluk. «Hudaý, Hudaý « diýen bolup sümsünip ýören mugthor mahluklar. Şäherleri şol mahluklardan näçe çalt arassalasaň, ýurt şonça çalt arassa, rahat bolardy – diýipdir. Pir sesini çykarmandyr. Ol barmagyndaky düşnükiz bir ýüzügi çykarypdyr-da, ol adama ugradypdyr. – Hanym, sen gaýrat et-de, bazara baryp, şu ýüzügi bäş dirheme (ownuk pul) satyp gel – diýipdir. Ertesi ol adam bazara baryp ol ýüzügi ilki bäş, soň, üç, soň bir dirheme satjak bolupdyr. Emma onuň satjak bolýan ýüzügini bir dirhrme-de almandyrlar. Ol lapykeç gaýdyp gelýär. Onda hälki pir: – Şäheriňizde zergärler barmydyr? – diýipdir. Ertir şolara-da bir görkezip gör – diýipdir. Ol adam ýüzügi göwher ussalarynyň biriniň ýanyna eltipdir. Ol bu şäherde belli zergär adam eken. Ol bu ýüzügi synlapdyr-da, ýöne titiräp duruberipdir. – Ogul, seniň bu ýüzügiň belli bahasy ýok. Eger gyssansaň, ýanymda diňe ýigrimi bäş müň tyllam bar, eger ertire garaşsaň, men seniň ýüzügiňi ýüz elli müň tylla satyn alaýyn – diýipdir. –Olam «bolýar, men ertir gelerin» diýip gaýdypdyr. Ol adam ýüzüni ak tam edip, gelip bolan wakany derwüşleriň pirine aýdypdyr. Şonda ol pir: – Oglum, ine, şu derwüşlerem edil şu ýüzük ýazlydyr. Bazarçyl iliň içinde ol bir dirheme-de geçýän däldir. Emma bileniň ýanynda onuň gadry, bahasy ölçärden gaty ýokarydyr – diýipdir. – Ine, däde, köp adam üçin mugallymçylygam edil şol ýüzük ýaly, ýeke dirheme-de geçmez. Emma meniň üçim mugallymçylyk hem şol soňky ussanyňky ýaly, dünýäniň ähli baýlygyny, ähli abraýyny goýsaňam, şonda-da azdyr. Ýaşuly başyny ýaýkady. – Wah, wah, bally, bally. Sen bu ýaş başyňy ne otlara, ne dertlere salan ekeniň. Wah, wah!... – Men, däde, tä ölýänçäm mugallym bolaryn. – Wah, bally, gadyrly tutar ýaly, näme ol beýle... Iliň-ä gaçgyny şol porsy mugallymçylyk. Sen şu käri saýlaşyňa haýran men-ä. Ol bir heleý iş-ä. – Däde, sen meniň göwnüme degmejek bolsaň, mugallymçylyga dil ýetirme. Mugallymçylyk kärine şek ýetiren meniň din duşmanymdyr! – Weýt, bally, näme beýle? Men düşünmedim. Hany, aýt. Mergen ýeke dyzyna galyp oturdy. – Däde, häzir adamzadyň başyna agyr apat indi. – Düşünmedim-le, bally. O ne apat!? – Häzir adamzat ownap, ynsapsyzlaşyp, çüýräp barýar! – O diýýäniň-ä dogry, bally! – Indi adam adamdan, dogan dogandan, ata oguldan, ene gyzdan, ogul-gyz, ata-eneden halys bizar bolunýan zamana geldi. – Olam dogry. – Arak, şerap, neşekeşlik, parahorluk, pul, baýlyk diýip namys-aryňy, weýran etmek, nebis, açgözlük adamzadyň hakyky maksady bolup galdy. Adam ynsaby, adamkärçiligi, mähri unutdy. – Onyňam dogry. – Arak, şerap, ogurlyk, orramçylyk, ýalançylyk, ikiýüzlülik güzeran dolamak kärine öwrüldi. Dünýäde erbet bolmagyň, haramzada, açgöz, ikiýüzli, zalym bolmagyň ýekeje-de mekdebi ýok. Emma adamzat gün-günden däl, sagat saýyn pese gaçyp, ynsapsyzlaşyp, çüýräp barýar. Aýt, ony bu zulumly beladan kim halas etmeli?! Ony kim boýnuna alyp, öňe çykyp:»Saklan, adamzat!» diýmeli? Nobaraly aga gözlerini mölerdip, agzyny açyp, aňňalyp Mergeniň ýüzüne garady. – Men-ä bilmedim, bally! – Ony, däde, diňe mugallym halas edip biler! Mugallymyň beýik göreldesi! Mugallymyň asyllylygy, ynsaplylylygy, gözel ahlagy, nurana keşbi, mähribanlygy halas edip biler! Ine meniň diňe şonuň üçin mugallym bolasym gelýär. Men harsydünýä bolmasam, ýaşanda namartja ýaşap, geplänimde mertlerçe sözläp, içim birhili, sözüm birhili, özüm birhili bolmasam, ýaş nesil ýaş nesil meni görer, ýaş nesil maňa uýar. Meniň ýaly bolasy geler. Goý, diýeli, her ýyl ýekeje okuwçy maňa uýsun, şolam az däl. Pygamberleriň biri:»Bir adamy halas etmek, adamzady halas etmek» diýipdir. Häzir meniň ýigrimi bir ýaşym bar. Men häzir şeýle pikirde, Men otuz üç ýaşanymda, kyrk ýaşanymda meniň bu pikirim on esse, soň ýigrimi esse beýgeler-ä. Men şu ýyl bir okuwçymy özüme uýdursam, geljek ýyl ýene bir okuwçyny özüme uýdursam ol soň üç bolar, soň dört, bäş bolar. Kem kemden on, ýüz, müň, tutuş oba, şäher bolar gider-ä.. – Berekella, bally. Nobaraly aga Mergeniň ýüzüne dikanlap garanda ýaş ýigidiň gözlerinden, ýüzünden nurly şuglanyň akýandygyny görüp, birhili gorkdy. Bally, özi seniň janyň bir sagmy?! – Janym tut ýaly sag, däde, näme kesel görünýänmi? – Ýüzüň sargarypdyr, sen sarylama dagy bolan bolaýma – diýip, ýerinden turup, Mergeniň elini, maňlaýyny elläp gördi. Soň: – Gyzgynyň-a ýok – diýip, Mergeniň pikiri ne goşuldy. –Dogry aýdýaň bally, men bilmändirin, Seniň juda ýagşy niýetleriň bar eken. Sen çilim çekeňok, arak içeňok, tirýek-pirýegiň derýa bolup akanda-da, bir damjasyny diliňe degirjek adam däl. Sende nebis ýok, pula-baýlyga ölme, öçme ýok. Sen heýwere gawy mugallym bolarsyň-a. Özüň adama bakna däl. Aýagyň aşagynda gowy maşynyň bar. Gowy jaýyň, mellegiň bar. Mergen närazylyk bilen başyny ýaýkady. – Däde, şol sanan zatlaryň maňa geregi ýok. Ýöne, ikiýüzli namartlara zar bolmajak bolup, onsoňam, iki sany Hydyr ata ýaly ýaşulynyň göwnüni ýykmajak bolup «bolýar» diýen bolup ýörendirin. – Onsuzam, seni öldürjek diýseňem, ýalan sözlejek, haram, şübheli lukma datjak gümanyň ýok. Senden hiç haçan awnyk, ikiýüzli kep çykmaz. Sen her näçe ýaşasaňam, bir söz, bir ahlak,bir lebiz adam bolarsyň. Seni gören ýaş-ýuş däl, ýaşy bir çene baranlaram ýüzüne sylar. Hakykatdanam, sen mugallym, bally! Şol pursat işik açyldy. Içeri Annabike daýza, bir zatdan erbet gorkan ýaly, titiräp girdi. Onuň gözleri giň, ýagty otaga düşensoň, elek-çelek bolup durdy. Ol elindäki boş tabagy döşüne basyp, içeri gygyrdy. – Ýegen, ýegen jan. – Daýza, salowmaleýkim! Daýza töre geçiň. – diýip, Mergen ýerinden turup, oňa töre geçmegi mürehet etdi. – Ýegen jan, bu jaýyň-a gül ýaly bolowopdyr, nesip etsin, içi gelinli bolsun. – Garry gözi öwrenişensoň Nobaraly agany görüp: ýaşmagyny agzyna çekdi. – Turak aga jan, salam elik. Ýaşuly bu aýalyň edil kürsäp, içeri girmesini halamady. Gyňyr nazar bilen: – Näme habar, Annabike? – diýdi. Annabike daýza biçäre gözlerini balkyldadyp, delminip Mergene bir seretdi-de, duran ýerinde çöküp oturdy. – Ýegen jan obada bir kep bar. Habaryň barmy, ýokmy. Mergen garry aýalyň ýüzüne seretdi. – O nämäniň gepi? – diýip,Nobaraly aga gahar bilen sowal berdi. – Habary şol. Goňşyňyz Şepi tentek bara. Şol obanyň bir topar agsak, towsak garry-gurtusyny sürüp, süýrekläp siziň üstüňize alyp gelýe. Men şony aýdaýyn diýdim. Birteke süzme-de gerekdi, maňa. Olar jaýdan çykdylar. Işikde hakykatdanam, Şepi aga, Ybraýym aga, Oraz aga, Täçmyrat, Atabaý aga durdy. Mergen olar bilen iki elleşip görüşip çykdy. Bu hümürdä ussalaram, geldiler. Çukurdan Rejep aga-da çykdy. Gapdaldan seretseň, Mergeniň täze jaýynyň işigi ýöne adam bolup durdy. – Men, adamlar, bolan zady diýýen. – diýip, Şepi aga gepi başlady. – Ýylyň başyndan bäri obamyzyň gözi emgekden açylmady. Asyl, nämekä diýsem, «bu ýeksurun ýetimek» mellegine sogan, sarymsak ekip ýörse näme. Onam maňa hol, goňşy heleý, Annabike gara gelip diýýe-how. – Ekende näme? – diýip, Nobaraly aga gaty gaharly aýtdy. Aýt, ekende näme! – Sen bir gelmişek, Turak. Sen bu obanyň içki işine goşulma. Nobaraly aganyň gahary möwjedi. – Haý, gurrumsak, men şu obadan gidip, saňa derek fronta saňa derek gidip, aýagymy aldyryp gelmedimmi? Aýt, haram it ogly. Onsoň, men neneň saňa gelmişek bolýan. Şepi aganyň sesi onyň sesini basdy. – Sen prontyň golaý ýanyndanam baraňok. Gyzylarbatda bir topar ýeňil heleýiň syrtyny gujaklamaga gitdiň sen. Biz bilmeýendir öýtme. – Ah, seniň bir... Nobaraly aga erbet sögdi. – Ine, sarymsagy, sogany ekdirýänem şol betbagt tüntaw. Ol näme şol zatlaryň bu oba düşmeýänini bilmeýärmi? Baýam bilýe. – Pyýazy, sarymsakgy men ektim. Näme bolsa maňa bolar. Sizge nime?! Mergen ara böweşeňlik düşenden: – Adamlar, ötünç soraýan. Mellek meniňki. Sogan, sarymsagy ekdirýän men. Ýöne meniň ekenim bilen oba kösenjek bolsa,indi ekmerisem. Ýöne meniň öz mellegime halal pulum bilen alyp eken sogan, sarymsagymyň oba zyýan getirýändigine kepil geçýän birje delil getiriň. Men Şepi agany her näçe sylaýanam bolsam, onuň bu bolgusyz gepine ynanyp bilmen-ä. Ol meniň bilen başdan bäri «Şu mellek, şu jaý meniňki bolmaly» diýip dawalaşyp ýör-ä. Öl milisiýada işleýän ýegenini getirip, jaýymy, ýerimi elimdenem aljak bold-a. Jaýymy ýykmak üçin getiren buldozýory işigimde bir aýlap durd-a. Şepi aga haýkyryp gepledi. Onuň şerhaýa sesi obanyň ýokary başyna baryp ýetdi. – Elbet, elbet! Seniň öňki işiňem, adamçylyga-da, din-şerigata-da, ummata-da sygmajak zat. Seni Alla urar. Sen bir dinden çykan dogman geçen bolduň! Nobaraly aga onuň sesini basdy. – Hudaý uran diýip, saňa diýerler. Ynsapsyz harap. Nädip, bu gün din-şerigat ýadyňa düşdi. Bar, getir, beýle molla bolýan bolsaň, «Sogan, sarymsak ekmeli däl» diýilip ýazylan ýeriňi. Tä şony tapyp getirýänçäň, gümüňi çek şu ýerden. Ýaşulular dargap gitdiler. Emma Şerip aga hajathananyň gabadynda durup, edil bir dälirän ýaly bolup, jany ýangynly gygyrdy. – Sen çöp düýbi, hürri, dur bakaly, seni bir edişşigime seret. Men çeniň atajygyňy ýandyraryn, ataňy. Men seniň başyňa otuz ýedinji ýyly indermesem, atamyň ogly bolmadygym bolsun! Nobaraly aga onuň haýýar sesini eşidip durup bilmedi. – Bar-san-aýt, harap, bar, bar... 10. Mart aýynyň başynda Rejep aga kartoşkany ýygdy. Öküzçeleri satdy. Şol hepdäniň aýagynda-da Mergene arassaja bäş müň manat getirip berdi. – Gaçar alaly, bala. Howa gyzmagynça kärtişkäni ekeli. Mergen oňa müň manat pul berdi. – Ata, özüň isläniňi saýla-da, alybergin. Näme kömek gerek bolsa-da, aýdyber. Gaty geň ýeri, Mergeniň Rejep aga bilen eken erikleri martyň ortalarynda edil bir ap-ak patrak bolup gülledi. Indi sekä akyp gelýän jana ýakymlyja howanyň deminde jennet ysyna meňzeş, beýan edip bolmajak bir müşki anbar ysy bardy. Mergen ilki bada kynyrak görenem bolsa, kem-kemden öýe öwrenişip barýardy. Ol öýde oturany bäri «Oba mugallymyna» çynlakaý gyzyklanyp gitdi. Ol her gün bir, gaty gitse iki kagyz ýazsa-da, bu ýazgynyň diline, adamlaryň tipleşmegine, obrazlaryň aýyl-saýyldan, aýdyňlygyna aýratyn agram salýardy. Eseri başyndan okap, obrazlaryň hereketini her gün giňeldýärdi. Mysal üçin Çaçy mugallymyň obrazyny çuňlaşdyrdy, örüsini giňeltdi. Onuň işdäki körzehinligini täsirli açdy. Şepi aganyň Mergeniň görmeýän, bilmeýän taraplaryny tipleşditip, gaty gyzykly edip açdy. Annabike daýza obrazyny obanyň şum habaryny her gün açyp, gaýtadan özüçe işläp ýene oba ýetirýän çylşyrymly obraz derejesine ýetirdi. Ejeş mugallymy ejizlere, adalatsyzlyga duçar bolanlara howandar derejesine ýetirdi. Onuň ýanyna başga mekdeplerde iterinji edilen mugallymlar hem gelýän boldy. Ol bularyň üstesine okuwy, usuly edep göreldesini gaty güýçlendirdi. Bu eseri okan her bir ýaş mugallym özüne nähilidir bir usuly goldan hem alyp biljekdi. Iň esasy ýeri eser uly, uzyn, gurak däldi. Şeýdip, ol bu eserine özi duýmazdan gyzygyp, güýmenip gitdi. Indi ony bu gyzyklyja, juda süýjüje pişesinden aýraýmak aňsadam däldi. Mellekdäki gül-gunça, işikde duran täzeje «Wolga», ikinji gatam ýetip barýan köşk ýaly jaý, jübüsindäki ýeterlik pul, iki sany perişde ýaly ýaşulynyň «balam, ballym» diýip ertir, agşam hoşamaýlap oturmagy, gulagynyň dynçlygy, kişä, zada zar dälligi Mergeniň göwnünem, süňňünem ers-mers edip barýardy. Ol bedenine üýtgeşik kuwwatyň, ýüregine öň hiç wagt bolmadyk üýtgeşik galkynyşyň gelip guýulýandygyny duýdy. Ol indi öňki owurtlary çöküp, gözleriniň öňi agyr surnukmadan çykanyňky gom-gök halka bolup duran, gulaklary çepek ýaly, burny aňňal ýaly agzy jallaryp ýatan yşarat oglan däldi. Onuň ýüzüne düýnki şugladanam birhili üýtgeşik lowurdap duran arassa nur inýärdi. Goçak gözleri altyn pyýala gyrmyzy şerap guýulan ýaly, Allahy keramat bilen balkyldap durdy. – Bally, tüweleme, alla öz penasynda aman saklasyn, sen ine indi meniň isleýän, meniň diýen ýigidiň boluberdiň – diýip, Nobaraly aga her gün Mergene hoşomaý sözleri aýdýardy. – Indi, seni öýeriberseňem boljak! Mergen ýylgyrdy. – Däde, entejik howlukmaly. Haçan öýlenmelidigini özüm aýdaryn. Ýöne, meniň bir höwes edýän zadym bar. Sen meniň şol höwes edýän zadymy bitirmek üçin näme etmelidigini maňa maslahat ber. – diýip, ol iki ýaşuly bilen sekiniň üstünde çaý içip otyrkalar dillendi. – O nime, bala!? Mergen ýokary göteren käsesini agzyna eltip bilmän oturan Nobaraly aga seretdi. – Men bir zada gaty namys edýän. – Howwa. – Garrygala Garadäli gökleňiň ili. Hanmämmet gyjakçynyň obasy. Ýöne indi ýüz ýyla golaý wagt bäri bu ilden düzügli bagşam, dutarçam, gyjakçam çykanok. Radioda, telewideniýede biziň obalarymyzdan derman diýseňem, ýekeje dutarçam, gyjakçam çykjak gümany ýok. Nobaraly aga ahyry käsesini agzyna eltip çaýyndan bir owurt ýuwutdy-da: – Onyň dogry. Näme, indi mekdebi taşlap, bagşy, ýa sazanda bolasam diýýeňmi?! Mergen başyny ýaýkady. – Meniň-ä isleýänim, däde, öz obamyň oglanlaryndan on sany dutarçy, on sany gyjakçy, on sanjagam bagşy bolaýsa! – Sen oňa onça oglany nireden tapjak, dutar-gyjagy nireden tapjak. Tapylaýanda-da, olara öwredýän gerek, halypa gerek. Bagşy, sazanda diýeniň bilen, olar «häh» diýeniň bilen «mäh» bolup durmaz-a. Niýetiň, bally, gawy... – Ilki bilen-ä, dutar-gyjak satyn almaga iki müň manat gerek. Soň, halypa gerek. Häliden bäri gürrüňe goşulman oturan Rejp aga käsesindäki çaýy bir gapdala serpip goýberdi. – Koýup oturyň-eý, bala! – diýdi. Men hol kyraga elli täne senewer ekme kereg diýew otyryn. Şoňga som tapylmaýdy. Siz ikki müň tin berip tutar, kyjak almak istorsyňyz. Ol bolmaýdy. Somy aýama kereg, bala! Mergen agyr oýa batdy. – Ata, «kesmeseň, ganamaz», türkmenler «Girdeji almak üçin çykdajy etmek gerek» diýipdirler. Pul bar-a, sosna aljak bolsaň. Men bar, aýagymyzyň aşagynda gül ýaly maşyn bar. Aýt, getiribem bereýin, çukurynam gazybam bereýin. Mergen içeri girip, pul alyp çykdy. Rejep aga iki ýüz manat aldy. Soň ol Nobaraly aga bilen maslahatlaşyp, tutuş çukuryň daş-töweregine rus arçasyny-sosna agajyny iki hatardan ekip çykmagy karar etdiler. Mergen eşigini çalşyryp, uly kepjäni eline alyp, çukur gazyp başlady. – Ata, her çukuryň arasy näçe ädim bolsun? – Beş mitr. Gapdalga dört mitr! Olar üç bolup, günortana çenli otuz çukur gazyp, çaýa çykdylar. Nobaraly aga ýogyn, gödensiz gara barmaklary bilen ýüzüni sylyp durşuna: – Bally, men saňa gowy halypa tapandyr! – diýip, begençli aýtdy. –Ýöne onuň ýanyna gitme gerek-dä. Ilki kim ol, aýdyň. Gitmäň gürrüňini etmäň, maşyn bar-a, bileje giderisem, gelerisem. Nobaraly aga sekä gelip dyz epdi. – Gyzylarbatda Soltan Atanepes diýip bir halypa bar. Onuň asly Gazanjykdan. Ýöne ol Gyzylarbatdan öýlenip, göçüp gelipdi. – Soltan Atanepesmi? Aý, ýok-la, ol aýdyp bilenog-a. Ýaşyly başyny ýaýkady. – Bilmän, tanaman, ýanynda oturyp diňlemän beý diýme. Han-a Molla Çäkli, Aşyrmämmet Dawut, Saryhan Sapa, Nebitdagly Mämmi, Gumdagly Aman Akmämmet, Gyzylarbatly Garaja şonuň şägirdidir. Men olaryň hemmesini sanap biljek däl welin, ýöne şol ulgamda aýdym-sazy turuzan halypa Soltan akgadyr. Eger oňa bir «bor» diýdirip bilseň, dutaryňam, gyjagyňam, bagşyçylygyňam öwretme kemini goýmaz. Mergen galkynyp gepledi. – Ony bir aý öýe getirip bolaýsa. Ýaşuly indi açylyşdy. – Näme getirip bolman. Gawja hak berjek bolsaň, öýüňde bir ýyllabam bolduraýyn, men Soltany. Soltan meniň kepimdem çykmaz. Bu pikir Mergeni düýrmegi bilen özüne dolap aldy. Ol şol oýlara gark bolup ýörşüne sosna-senewer ekiljek ýeriň çukuryny iki günde gazyp gutardy. Soň uly hyjuw bilen Rejep aga bilen mellege kartoşka ekmäge kömekleşdi. Gyzylarbada awtobus gatnadýan ýigit ikim ýüz düýp sosna getirensoň, olary hem ekişdirip çykdy. Onuň eli şondan soň boşaşdy. Ol gurluşykçylar bilen gygyryşyp duran Nobaraly aganyň ýanyna bardy. – Sen maňa «nowruza çenli gurluşygy gutararyn diýdiňmi?!» Sözüňde dur! Dede, maňa ýene on kün kerek. Indi gaty az kaldy. – diýip, Kolka mujigem ýaşuly bilen deň durup dawalaşýardy. Mergen şol agşam goňşularyna bardy. – Daýz-z-a öýdemisiňiz! Garry gaty-guty nan bölejigini agzynda oňaýsyzja çeýnäp durşuna, daş çykdy. Ýegen jan, gel. Öýde bolman men nirä gideýin, gel, gel. – Ol kiçijik eliniň aýasyndaky gaty çörek bölejigini uzatdy. – Iýseň-ä bereýin, al, ýöne gatydyr. Ýüregimiň suwuny sorsun diýip, agzyma ataýdym-a. Mergen eýwanda duran ýerinden içeri boýnuny uzatdy. – Berdi daýym öýdemidir? Garry aýal Mergeniň ogluny soramagyny geň gördi. Onuň kellesine «algysyny sorajakdyr» diýen pikir urdy-da, Mergeniň badyny gaýtarmak üçin: – Öýde ýeke dişlem çöregimiz ýokdur, ýegen jan, gördüň-ä, daýzaň galan gaçan gaty gutulary çöpleşdirip gün görýe. Biz-ä gedaý galdyk, ýegen... Sen Berdi daýyňy näme etjekdiň? Mergen garra düşündi. Ony köşeşdirmäge başlady. – Eýgilik, daýza, bir işi maslahatlaşjakdym. Garry şonda-da köşeşmedi. – Ol häzirem içigli. O tentekde maslahat näme işlesin, ýegen jan. – Ýok daýza, turuzaly! Garry göwünsizräk. – Hä, turuzaly? – diýdi. Işige bakan ýörejek boldy-da, ýene durdy. – Turuzaly diýseň turuzaly. – diýip. Mergeniň ýüzüne şeýle bir naýynjar seretdi welin, Mergeniň süňňi düýrülip gitdi. – Ýegen jan, hol goňşy gelin bar-a, Agagül, şol bara, seniň Arguly diýen ussaň bilen gaçyp gidewoýypdyr. – Kim? – Hol, seniň jaýyň gurluşygynda işlemeýemi-ýä, Arguly tentekdir-le. Şol hakyt, aý ýaljak gelini alyp gaçyp gidiberipdri-dä. Ýaňyja Agagülüň ejesi gelip aýtdy. «Gyzym gaçypdyr» diýip. – Onuň gaçmas-a bolmandyr. – Ana bardyň, ýegen jan üstünden. Ýaňy ejesi geldi. Birtike süzme ber – diýip. Menem, nädeýin, sizden alyp berdim. Gowy gyzdy-da, Meniň Çalabegime bararmykan diýip, tamakin bolup ýördüm-dä, ýegen jan, wah, tamakinçilik gursun-da, gynanyp otyryn-da, şoňa. Olar içeri girdiler. Ortaky jaýda, başyny elleriniň üstüne goýup, otagy boýa-boý tutup, çiň arkan süýnüp ýatan pyýadany turuzdylar. – Çalabek, aý-uw Çalabek. Ýegen gelip, seniň bilen maslahat etjek diýýer-ä. – Mamaş, sagat näçe bold-aý? – Sagat ýediniň ýary. Berdi daýy ýerinden galyp, aýbogdaşyny gurup oturdy-da, gözlerini çaşardyp ýanyp duran çyra seretdi... Mergen pikirini jemledi. – Berdi daýy, biziň obamyzdan aýdym aýdyp biljek on adam, dutar çalyp biljek on adam, gyjak çalyp biljek on adam tapylarmy?! Berdi daýy ýene ýanyny ýere berdi. – Ýigirmisem tapylar. Ýöne oňa tamdyra, gyjak gerek ahyryn. Tamdyra bolmasa nädip saz çaljak? Mergen jübüsinden kagyz-galam çykaryp durşuna: «Onuň gürrüňi ýok» diýip mydyrdady. Ol kagazyny dyzynyň üstüne ýazyp durşuna: – Hany, daýy, tamdyra çaljak oglanlary bir sana – diýdi. Berdi daýy çyra seretdi. – Ýaz, Bally. Ol aýdymam gowy aýdýar. Ýöne sesi hyňňyrajyk-da. – Bolsun. –Bally – bir! Gulça – iki. Gulça Ybraýym bu-da aýdymy şeýle gowy aýdýar. Allaş-dört. Hudy gara-bäş. Olam aýdymy gowy aýdýar. Gurban. Menem belle. Sekiz. Aman Täç – dokuz, Magtymguly. Ýöne Aman Täç aýdymy bijaý gowy aýdýar. Onuň sesi bu jelegaýlarda görlen, eşidilen ses däldir. Ine, şula sazam çalyp biler, aýdym-a olaryň ählisem aýdýandyr. – Indi, daýy, gyjakçylary sanaly. – Ol ýene çyra seretdi – Gyjakçy, gyjakçy! – Ýaz – Baýry Sary. Aýyt gök. Hally jylk. Nobat kel. Allaberdi kel. Saparmämmet. Arryk. Juma kese. Welmyrat Durdy. Öwez gyýjal. Süleýman. – Içinden barmaklaryny epip-epip, gaýta-gaýta sanady. – Onyň-a boldy. – Boldy, daýy. Indi, tur, geýin, şularyň öýüne ýeke-ýekeden aýlanaly. Berdi daýy turar ýaly däldi. – Ýegen, edil, şu wagt kelläm eddil ýarylyp barýar. Aýdan-diýeniň bolaýmasa, men ýerimdenem turup bilmeýen. Ol erbet ah çekdi. – Mamaş şu çyrany bir öçürsen-e. Ýiti yşyk deşip barýar. Öldüm-ow öldü-üm! Mergen Berdi daýynyň matlabyna düşündi. Bu adam kireýsiz kilim kakjaga meňzemeýärdi. Mergen iki gije, gündiz iş edinip, Berdi daýy bilen ady kagyza düşen adamlaryň ýekän-ýekän öýüne baryp, olaryň ählisine öz matlabyny düşündirdi. Olary gelýän ýekşenbede öýüne çagyrdy. Dynç güni öýüne gelenlere matlabyny ýene-de düşündirdi. Oglanlar, biziň ilimiz Magtymguly Pyragynyň, Garadäli gökleňiň, Çowdur bagşynyň, Durdy bagşynyň, Aly gyjakçynyň, Hanmämmet gyjakçynyň ili. Emma şeýle beýik halypalaryň bagly, bossanly mülki indi ýetim galypdyr. Indi toýlar tutulsa obada, ilde derman diýseňem bagşam, sazanda-da, gyjak çalýanam ýok. Aýdyň, heý, pikir edýäňizmi? – Biziň obamyzda aýdymy artyk gowy aýdýan oglanlarymyz-a bar. – Aý, eýe, hossar ýok-daýt. Mergen şol, sözi aýdanyň ýüzüne dikanlap seretdi. – Şu günden başlap men size hem eýe, hem hossar. Aýdyň gowy bagşyly, sazandaly oba bolmak üçin nämeler gerek? – Gowy halypa gerek. – Ugruna çykylyp, dutar-gyjak alynsa, halypa tapyp, bäş-on gün ugruna seredilseler, soň özleri alyp gitjek şu oglanlaryň. Mergen täzeje jaýyň iň gowy otagynda, täzeje el halynyň üstüde edil edep agajy ýaly bolup oturan obadaş oglanlaryň ýüzünde ýakymlyja höwesi duýdy. – Iller radyoda, telewideniýede dutarly, gyjakly aýdym aýdyp, obalarynyň, illeriniň abraý, mertebesini Türkmenistana ýaýanda, biz näme, olardan kemmi?! Biziň näme, zehinimiz kemmi, ýa namys edemizokmy/ Bizem, her zat etmeli, bir zat etmeli, radio, telewidenýä çykjak bolmaly. – Wah, biri ilki bir eliňden tutup öwretmeli-dä, how. Biziňki emeli bolup dur-da. – Heý, dutaryň, gyjagyň bolmasa-da, oklaw bilen telewizora çykyp bolýamy? Mergen ýene ara goşuldy. – Kim işleýär? Şu oturan ýigrimi adamdan diňe dördüsi kolhozda işleýän bolup çykdy. – Onda siz özüňize aýdym, saz öwrenmäge bir aý wagt tapyp bilermisiňiz? – Biz, şoňa gerek bolsa, bir ýyl wagtam tapaly. Näme, şondan gowy bähbidimiz barmy? – diýip, Gulça dogumly aýtdy. – Eger siz, bir aý wagt tapsaňyz, men size gowy halypa tapyp geleýin. On tamdyra, on gyjak satyn alaýyn. Özüňize-de, günde üç wagtyna naharam, gatyk, süýdem bereýin. Ýöne her zat edeliň welin, şu bir aýda öleliň welin tamdyra-da, gyjagam çalmagy öwreneliň. Aýdym-a hemmämiz aýdaýmaly. Özüňizem, halypa gelenden soň, her gün, her gije şu öýe ýygnanaýmaly! – Öýe gaýtmalyňmy? – Öý bolmaz. – Şol-a gowy eken. – Bilemok, kimiň maşgalasy bilen gürleşip, rugsat almaly bolsa, ony aýdarsyňyz. Mergen oglanlar bilen maslahaty bişirdim eden mahaly Nobaraly aga öýe girdi. – Oglanlar, gurgunmysyňyz? – diýip, ol oturanlar yň ählisi bilen elleşip çykdy. – Men daşarda gürrüňiňizi diňläp, begenip otyryn. Şeýdiň, indi sizden Garadäliler döräbermeli. Bir aýjyk gaýrat ediň. Onsoň, pulam, toýam, baýragam, abraýam, öwrenenje hünäriňizem özüňiziňki bolar. Bir aýdan soň, men size Mergen janyň täze jaýynyň, täze «Wolgasynyň» şanyna gowy toý tutup bereýin. Şonda şuý ýigitleriň barysy orta çykar ýaly bolsun. Biliňizi gaty bek guşaň-a. Özüm baýragyňyzy ýetirerin. Kim gaty gowy aýdym aýtsa, iki ýüz manat baýragy bardyr. Kim tamdyrany gawy çalsa-ha, gyjagy ezber çalsa, olara-da ýüz manat baýrak goýýan. Galanynam, Mergen janyň, il-günüň özi ýetirer. Şeýle dälmi, bally! – Wah, baýragyň gürrüňi ýok-la, däde. Çalyp bir bilseler. Biz-ä ummasyz hak töläp, halypa çagyrsak, bularam, gaçyp-tezip, gelmän, sallam-sajak boluşyp, masgara bolup ýörse, näderis, däde. Sen şondanam habar ber, däde. – Aý. Ýok-la, bu oglanlar, namys-ara, abraýa çirk getirjege meňzänok. – diýip. Nobaraly aga oganlaryň sesini bir barlaýyn diýen bahanajyk bilen tamdyrasyz, gyjaksyz aýdym aýtdyrdy. Oglanlaryň bäşisi bada-bat onyň gaty berk talaply synagyndan geçdi. Galan oglanlar şenbe güni gelmegi wadalaşyp, nahar-çaýdan soň, öýli-öýlerine dargaşyp girdiler. Emma ýaşulynyň Gulça, Mämguly, Aman Täç, Bally, Berdi Çalabek bilen hiç aýrylaşasy gelmedi. Olara dutar, gyjak bolmasa-da şol bir aýdymy telim-telim aýtdryp, hiç ganyp bilmeýärdi. Ol şol oglanlara aýdymyň çeküwini, pessaýlamasyny, jukguldamasyny, bokurdak gyrmasyny, hüý-hüýlemesini, burna salmasyny gündizi, gijesi diýmän gezek-gezegine öwretdi oturdy. Oglanlar gijäniň bir wagty öýlerine gaýtjak bolanlarynda olaryň hersiniň eline on manat pul berip goýberdi. – Enşalla, tamdyra-da öwrenip, onsoň gyjagyň ýany bilen bir orta çykarsyňyz welin, nädersiň, il-günüň abraýyna abraý bolup gidersiňiz. Soň, olaryň hersine erte agşama çenli, «Zöhre-Tahyr» dessanyndan sesine, başarnygyna görä, bir aýdymyň goşgusyny ýat beklemegi tabşyrdy. Şol günüň ertesi Mergen dünýäni undup, haty bilen garabaşyna gaý bolup otyrka, içeri Nobaraly aga girdi. – Bally, oýamysyň! – Däde, salowmaleýkim! – diýip, Mergen ýerinden turup, ýaşuly bilen salamlaşdy. – Ir turupsyň-a, däde, janyň bir sagmy? Ýaşuly güldi. – Men-ä bally, sen begennik etdiň goýadyň-da. Gije gözüme uky gelmese näme. Mergen geň galma bilen ýaşula üşerildi. – Ol-a bolmandyr, näme biynjalyk eden zat barny? Ýaşuly onuň garşysyna gelip, halynyň üstüne çökdi. – Binjalyk eden zat, şol. Agşamky aýdymlar, hut, kellämde ýaňlanyp dur. Bu kelle, öňem kantuziýa alyp, düzüg kelle däl-ä, bally. Mergen ýylgyryp, başyny atdy. – Ol aýdymlara. Meniň özümem gaty begendim. Indi Gazanjyga gidip, Soltan akgany bäş-alty sany tamdyrasy, gyjagy bilen getirip bolaýsa! Ýaşuly ýekedyzyna galdy. – Gazanjyk diýmesen-e. Soltan Gyzylarbatda meniň duldegşiur goňşym-a. Onuň özünde tamdyranyňam, gyjagyňam bir gideni üýşüüp, çaşyp ýatyr. Ol şäher pionerler öýünde mugallym bolup işlände, bir topar dutar, gyjak özüne galan ogşýan. Daň atdygy, gidelem, goşy, golamy bilen alybam geleli. – Däde, ol gelermikä? Nobaraly aga gusssa batdy. – Wah, bally, Soltan ikimiz öýmüzden başga nirä äkitselerem gideris-le. Olam meniň goýberen ýalňyşlygymy goýberdi. Ol Gazanjykda maşgalasy ýogalandan soň, gezdi-gezdi-de, Gyzylarbatda bir ýaş maşgala sataşdy. Soň onam aýal edip aldy-da, Gazanjykdaky öýüni-öwzaryny satyp, Gyzylarbada göçüp geldi. Bilmedim, öz-ä, şondan soň oňşug-a peseldi. Menem, gelinbibiň pahyr bolansoň, öýlenme hyýalyna mündüm. Şonda, Soltan: «Meniň ýalňyşanym tutuş ummata bolar, sen bir ýalňyşma, Turak» diýdi. Başga zat aýtmady. – Turak kim bolmaly? – Meniň lakamym Turakdy. – Ýaşuly aladalandy. – Men baryp, Rejep ataňy turuzaýyn. Sajy goýaýyn, sen ýaz, bally. Senem azara goýdum. Ýaşuly çykyp gidenden soň, Mergen agyr oýa batdy. «Soltan akgany, hut, şu gün alyp gelmeli. Oglanlaryň ýüregini bir galkyndyransoň, olary sowatmaly däl...» Mergen daşary çykdy. Düýn bulaşyp, Ýere degäýjek bolýan asman, bu gün älemiň egnine lowurdap duran mawy mahmalyny ýapypdyr. Öleňlikden öwüsýän mylaýym şemalyň deminde baharyň hem-de ajy tüssäniň ysy bardy. Mellegiň üstüne agyr duman çökene meňzeýärdi. Mallar, towuklar görünmeýärdi. Diňe gül ysy gelýärdi. Mergen mellege düşdi. Täzelikde Rejep aganyň saýlap-seçip alan öküzçeleri Mergeni görüp ýerlerinden turuşyp, mölterişip seretdi. Gölejik tamakinçilik bilen molady. Mergen mellege seretdi. Kortoşkalar eýýäm gulak görkezip başlapdyr. Mergen törki hüjräniň törüne basylan ganar-ganar samana bakan ýöneldi. – Bala, duruň! – diýip, Rejep aga Mergeni gyra itdi. – Özüm, bala, özüm. Mergen ýylgyryp mellekden çykdy-da, elini ýuwup, Nobaraly aganyň taýýarlap ýören saçagynyň başyna geçdi. Gün dogdy. Mergen maşynyny otlady. Soň. Kellesini aýnadan çykaryp, Rejep agany gyssady. – Ata, bolaweriň! Nobaraly aga donuny maşynyň içine atyp, soň aýlanyp. Mergeniň ýanyna geldi. – Bally diýýän-ä, barybir maşynly gidýäs. Ejeza bolsa, şol garryja goňşym bar-a. – Maşa daýzamy? – Maşa, şoňa bir azajyk kartoşka alasak näzeýilli bolar? – Alaly, alaly, ýumurtga-da, süzme-de alaly. Ýaşuly boýnuny burdy. – Şony şaltaý-paltaýa özüň aýtsan-a! Mergen iki bedräni ýumurtgadan dolduryp, çukurdan çykan Rejep aga baş atdy. – Ata, dädemiň Gyzylarbatda garryja ors aýal goňşusy bar. Şoňa kartoşka, ýumurtga, süzme äkidäýsek neneň bolar? – Haýyr-aý! Olar diýlen zatlary maşyna ýükläp, ýola düşenlerinde, sagat dokuz boldy. | |
|
√ Ak guwlary atmaň -14: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Duman daganda: Geçä jan gaýgy, gassaba ýag gaýgy - 11.06.2024 |
√ Duman daganda: Gelen gideni küýsedýär - 22.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -21: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy -25: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -6: romanyñ dowamy - 15.09.2024 |
√ Bäşgyzyl -23: romanyň dowamy - 08.11.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -9: romanyň dowamy - 05.06.2024 |
√ Köne mülk -8: romanyň dowamy - 16.06.2024 |
√ Hakyň didary / roman - 28.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |