06:30 Köne mülk -15: romanyň soňy | |
ÜÇÜNJI BÖLÜM
Romanlar
1. Mergen täze jaýynyň ikinji gatyndaky eýwanyndan Günüň dogşuny synlap durdy. Iýul aýynyň dogumly Güni özüniň altynsow şuglasyny ýaş ýigidiň üstüne sahylyk bilen seçeleýärdi. Aşakda, mellegiň içinde Rejep aga egnine kiçijik kätmenini atyp, ekinlere aýlanyp ýör. Nobaraly aga sekiniň üstüne ýazylan düşegiň üstüne taşlanan ýassyga gyşaryp ýatyr. Howly tertipli görünýärdi. Çukurdan tä köne jaýyň depesine çenli dalbarlanyp, çekilip, agaç germewlerde galdyrylyp çekilen uzum urganlaryndan sallanyşyp duran akly-garaly bol salkymlar zynç bolup, asylyşyp dur. Erikler bolsa, Gün nuruna tylla ergini sepilen ýaly lowurdaýardy. « – Bu ýyl erigem, üzümem görülip-eşidilmedik miwe getirdi. Ony, nesip bolsa, sag-aman ýerläp bolaýsa!» – diýip, Mergen Rejep aganyň häli-şindi gaýtalaýan sözlerini içinden guwanç bilen gaýtalady. « – Indi mallary birneme azaldaýsagam boljak, Olar Rejep agany halys azara goýýar» Rejep aga bu ýyl öz diýenini edip, iki öküzçä derek dört öküzçe, iki sany saglyk sygyr saklaýardy. Towuklara, mallara ot-iým çydaşmanam owarram diýseň, ýaşulynyň özi halys bolýardy. Ýöne bu mellek, bu mallar, towuklar, tutuş köne mülk bimöçber hazynady. Mergen geçen ýylyň aýagyna çenli bergilerinden doly dyndy. Jaýlary haly bilen düşekledi. Otaglara aşhana, ýatyş, diwarlyk garniturlar alyp goýdy. Nobaraly aga täze otaglara gaty gymmat hrustal lýustralar satyn alyp asdyrdy. Jaýlara turba, kran çekip. Howlynyň uly ýol tarapynda üç sany demir pürsüň üstüne iki tonnalyk demir gap goýduryp, ony çeşme suwundan doldurtdy. Onyň gapdalynda iki tonnalyk demir gaba salýarka guýdurdy. Ondan suw gyzdyrýan peje turba çekdirdi. Indi iki gat jaýda islän mahalyň ýyly suwam, sowuk suwam, gyşyna ýylylygan bardy. Häzirem ol ikinji gatdaky hammamda ýyljak duşa düşünip, eýwana çykypdy. «Howa gyzansoň, suw gyzdyrýan peji öçüräýseňem boljak» diýip, ol ýüzugra oýlandy. Soň kabinetine bardy. Mergeniň kabineti, onuň göwnüniň isleýşindenem gowy boldy. Nobaraly aga Moskwa göçüp barýan goja general tanşyndan gaty gowy iş stolyny, ullakan kreslony, ullakan stol çyrasyny, dört sany nagyşly oturgyjy, «Dünýä edebiýatynyň kitaphanasyny», arzanjak, bary-ýogy iki müň bäş ýüz manada satyn alyp, getirip, Mergeniň kabinetine gurdurypdy. Aslynda ol general «Men Ýugaslawiýada gulluk eden wagtym bu mebeli on müň manada satyn alypdym» diýipdir. Ýöne, indi Mergeniň kabinetini görmäge göz gerekdi. Düşegi ullakan türkmen halysy bilen ýaýylyp ýatan kabinete bu mebeller ajaýyp görk berýärdi. Ine, Mergen köne mülkdeiki sany ynsaply, mähriban gijänyň hemaýaty bilen bary-ýogy ýekeje ýylda baýap gitdi. Ol geçen ýylyň ahyrynda bu gojalaryň hersine alty müň manat puly nagtja berdi. Şonda-da onuň özüne ýigrimi müň manat arassa pul galdy. Ondan bäri Rejep aga oňa ýene on müň manat girdeji getirdi. Indi bolsa, kartoşka, sogan, sarymsak ýygnalsa, erikler, üzüm ýerleşdirilse, mallar satylsa, azyndan ýüz müň manat girdejä garaşýardylar. Mergeniň indi pulam, jaýam, ulagam, mellegem, iň esasysy, işem bardy. Deňräk uniwersiteti tamamlap, beýleki mekdeplerde okaýan kursdaş oglan-gyzlary arada Mergene duşdular. Olar şonda Mergen barada «Uçitelskaýa gazetada» çykan, soň «Mugallymlar gazetinde» göçürilip çap edilen «Synag döwri» atly oçerk bilen gutladylar. Soňam, eýýäm uniwersitetde diplomyň berlip başlandygyny aýtdylar. Olaryň biri, ikisi eýýäm gidip, diplomyny alybam gelipdir. Onuň üçin raýon bilim bölüminden iki ýyl işländigi barada kepilnama gerek eken. Mergen şol kepilnamany almak üçin etrap bilim bölümine baranda Çaçy Çaýtyýewa ýanynda gap-gara bir aýal bilen bilim bölüminiň öňünde hunybirýan aglap otyrdy. Ol Mergeni görüp möwjäp başlady: – Hal-ha, şolar ýaly ýetime, ýetimçä iş tapýaňam, iş berýäňem. Meniň arkam barka, 3-nji mekdebe müdir edip, soň 12-nji çagalar bagyna müdir edip jan, Çaçy jan!» diýip üzeňňimden günde bäş aýlanýady-la-a. Indi näme, maňa it degdi. Sen iş bermeseň, arz ederin. Başyňa babalynyň gününi salaryn. Siz meniň arkamyň ýokdugyna bakýaňyz. Baýram Nuryýew bolsady, gözüňizde ot ýakardy. – Atda Mergenow ýazyp oturan hatyndan başyny galdyrdy. – Şol barka, baý, buladyň-ow. – Ol Mergeni görkezdi. – Hana, şol ýigidi, sen ne günlere saldyň?! Hakykatyna seredeniňde, «ussat mugallymy» şol oglan almalydy. Hany, seniň eden işiň, Ataýewiň çeken azabyny «men etdim» diýip, gapy-gapy tentiräp, özüňi mazamlap, ol oglanyň üstünden arza baryny ýazyp, töhmet baryny gönderip, arz etmedik ýeriň galmady. Ahyry yzyňdan ýetdirdiň. Şol ýazan töhmetçilikli arzalaň, hana, meniň çekerimde ýatyr. Eger şolary prokuratura geçirsem, seniňem, edil äriň ýaly, gözüň türmede açylar. Çaçy Çaýtyýewa möwç alyp haýýar gepledi: – Näme, dagy ýalanmy, şol öwüp arşa çykarýanyň okuwçylardan pul alanyna, Ejeş bilen gezenine, okuwçylary gorkuzyp sapakdan başga wagt mekdebe çagyranyna, ýaş gyzlaryň elinden-aýagyndan tutup, haramylyk edenine, mekdebe ýumurtga getirip, pol ýuwýanlara satdyrýanyna, öýünde mekdebiň öňki hojalyk müdirini gul edip saklaýanyna meniň özüm şaýat. Öz gözüm bilen gören zatlarymy näme üçin ýaşyrmaly men. Meni prokurora berseňiz, prokuror siziňem ýüzüňizi sypalamaz. Ol oglany özüňiz azdyrýaňňyz... – Tur, ugra, maňa şumjaryp, şerraýlyk eden bolma. Saňa iş ýok! Ol oglan ýaňy işe başlasa-da, eýýäm, ýylyň mugallymy boldy. Bar, onuň okuwçylaryny gör. Respublika höwes edýär. Sen utançsyz, ak girse-de, aň girmedik bihaýa aýal. Öwlüýä ýaly çaga nähili töhmetler atdyň. – Ol çekerinden gazet çykardy. – Ine, gör, «Uçitelskaýa gazeta» ol barada uly oçerk berýär. Ine, Türkmeniň abraýy! Mergen daş çykdy. Atda Mergenow onuň yzyndan çykdy. – Mergen mugallym, gutlaýan, gaty begendik. Mergen onuň ýüzüne seretdi. – Mugallym, maňa diplomymy almak üçin iki ýyl okadanym barada Siziň kepilnamaňyz gerek. Müdir onuň ýüzüne dikanlap seretdi. – Aşgabada gitjekmi?! – Diplomymy almaly-da. – Ýöri, kätip gyza özüm tabşyraýyn. Ülňüsini taýýarlap goýupdyk. Mergen haty aldy, oňa müdiriň goluny çekdirdi. Ol öýe baryp birküç bedre erik, şonça bedre ýumurtga, üzüm, ep-eslije sogan, sarymsak aldy. Rejep aganyň ogullarynyň salgysyny sorady. Şeýdibem, sagat eddil dokuz bolanda maşynyny otlady. Nobaraly aga Mergeniň näzikden nurana ýüzüne, ýagty şugla pürkülip duran pyýala ýaly gözlerine uzyndan gujurly didaryna seredip doýup bilmän durşuna – Alla seni gözden, dilden goragaý, bally. Sag aman gidip, aman gelgeý – diýdi. – Aman kitgeý, aman kelgeý, bala! Mergen ýaşular bilen gujaklaşyp hoşlaşdy-da, ýola düşdi. Mergen öz-özüne beren sözünde mertlerçe durdy. Ol «Iki ýylla çenli Aşgabada barman, iliň saçagyna el uzatmaryn, kişä zar bolmaryn, adam oglundan tamakin bolmaryn, bolar-bolgusyz zada ýeke köpügem sowmaryn» diýipdi...» Ol eden ähtinde tapyldy. Bu gün ýaş oglanyň begenjiniň çägi ýokdy. Ol mundan iki ýyl öň umytsyzlygyň ummanynda garyp, hossarsyz, ýalňyz bolup gelipdi. Bu gün bolsa, ondan bäri, bary-ýogy iki ýyljyk soň, dünýäsi, köňli, ruhy, nebsi dolulygyna, parlak umytlaryň beýik galkymynda özüniň akja «Wolgasyny» sürüp, söýgüli Aşgabadyna barýardy. Ol uly ýola düşen ýerinde maşynyny saklady. Ýoluň gyrasynda Annabike daýza, Şepi aga, Remezan aga ýene birki sany ýaş-ýeleň durdy. Olara gapyny açdy. – Daýza, salowmaleýkim, hany geliň-äni. Nirä? Annabike daýza uzyn, hor göwresini yrandyryp hor ýumrugyny agzyna tutup, köneje börükli başyny içeri salyp, Mergene degiräýjek bolup: – Ýegen jan, şähere-le – diýdi. Mergen keýpihon ýylgyrdy. – Haýsy şähere? Aşgabadamy! – Wah, Aşgabat bolarmy, ýegen jan, şu öz Garrygalamyza-la. Mergen degişme bilen: – Aý, ýok-la, daýza, Aşgabada bolsa äkideýin, men bu ýakyn ýerlere adam äkidemok – diýdi. – Men Garrygala barjagam däl, äkitjegem däl. Annabike daýza kellesini maşyndan çykaryp, ýakasyny tutdy. – Ýegen jan, sen Aşgabada şu gara daglaryň üstünden uçup geçjekmi?! Öň-ä, Aşgabada Garrygalanyň üstünden gidilerdi. Mergen hezil edip güldi. – Wiý. Şeýlemi? Onda müneweri. Garry maşyna münen soň, horja elini gapdalda ýüzüni torsardyp duran Şepi aga bakan uzatdy. – Ýegen jan, olaram alawoýsan-a. Mergen keýpihon: – Olaram münsün! – diýdi. Ýaşulular, beýlekileriňem sygyşany maşyna mündi. – Daýza, ýol bolsun, nirä barmakçy? – diýip, Mergen garrydan sorady. – Ýegen jan, mellegime eken käşirlerim ýetişdi. Indi towuklaram guzlap dur-a. Şolary, birtike, bazara äkitmesem, ýalaň, mätäç bende gelip alyp dur-a. Özüme-de bäş şaýy bolup dur. Gezelençd-ä ýegen. Ind-ä öwrenişibem barýan... Mergen bu obada mellek açyp onda ekin ekip, halyny satyp, sygyr saklap, süýt-gatygyny satyp, towuk saklap ýumurtgasyny satyp başlandan soň, obadaşlary ilk-ä, oňa «ýer gemren» diýip at dakdylar. Soňam ony «sogan-sarymsak ekýär» diýip tutuş oba bolup ýazgardylar. «Aý, ol dünýä baky gelen ýaly, gözi-garny doýar ýaly däl. Duran bir harsydünýä...» diýip, özi ýok ýerinde gybatyny gyýyp, göz-gülban etdiler. Şu ýazdanam, tutuş oba birden dilleşen ýaly bolup, gatap, gamyş, ot, çöp basyp ýatan melleklerini depip, dersläp, edil bir mesge ýaly etdiler. Soňam oňa adyny tutan otuny, çöpüňi ekip çykdylar. Suwuny gaýgyrman berdiler. Ine, indem hasyl ýetişip başlady. Ýetişen hasylyň ujundan bazara çykaryp ugradylar. Mergen obadaşlarynyň bu işine begenip, iki bolup bilenokdy. Iň bärkisi, maşynyň yzyndaky oturgyja çümüp, ýüzüni kese sowan bolup oturan Şepi aga-da bazara bir bedre ýumurtga, ot-çöp baryny alyp barýardy. – Näme, daýza, seni iberip, näme Berdi daýymyň özi ýatyrmy? Annabike daýza buýsançly ýylgyrdy. – Aý, ýegen jan, ol Çalabek indi öýe myhman bolar ýaly etdiň-ä. Çalabek bilen Mamgulyny, baryp, Çendire çagyrdylar-a. Ondanam Madawa toýa barmalymyşlar. – Nä, o ýerlerde näme işleri bar olaryň? Ýa şol awy-zäherden içmägemi? Annabike daýza Mergene gözüni alartdy – Näme üçin gider, aýdym aýtmaga çagyrdylar! Onuň aýdan aýdymlaryny adamlar diňläp, aglaşyp otyrmyşlar-a. – Tüweleme. Onsoň, oňa el haky, beýleki berýärlermi, ýa-da?! Annabike daýza maşynyňyzky oturgyjyna gözüni aýlady. – Ýegen jan geçen sapar Mamguly bilen bir maşyn mal getirdi. Ep-eslije pulam «Mamaş, şunu sakla» diýip maňa berdi. Gulça bilen Bally has köp gazanýamyşyn. Mergen ýola garap oturyşyna: – Men-ä gaty begenýän, daýza – diýdi. Hemmämiziň abraýymyz ol. Annabike daýza Mergeniň ýüzüne dikanlap seretdi. – Ýegen jan, Aşgabada köp wagtlyk gidýeňmi? – diýip, ynjalyksyzlyk bilen sorady. – Hä, näme, daýza? Annabike gap-gara, inçejik kesewi ýaly bolup duran elleriniň aýasy bilen durşuna ýygyrt bolup duran edil repide ýaly gap-gara ýüzüni syldy. – Berdi daýyň öýlenme-pöýlenme gürrüňjagaşam-a ýok däl. Sen bolsaň ýegen arkamda dagym bar ýal-a. Ýogsa, ýegen, biziň senden başga kimimiz bar ahyry. – Bow, daýza, gowy habaryň bar eken, kimiň gyzyna öýlenjek bolýar. – Onçasyn-a bilmedim ýegen, ýöne hol mekdepdäki gijeden gije tirkeşip ýören mugallym gelin bar-a. Şolmuş öz-ä. – Bolubilýär, daýza. Berdi daýym öýlense, menden müň manat goşant! Müň manadam toý paý bolar. Başga-da ýetmedik zadyň bolsa, aýdarsyň. Annabike daýza Mergeniň bu sözüne tä bazar jaýa barýança gözleriniň begenç ýaşyny sylyp gitdi. 2. Mergen duralgada geçýän maşynlara elini galdyryp duran ýaş gelni görüp, maşyny saklady. Soň kabinany açyp: – Geliň! Münüň! – diýdi. Ol bir gujagyndaky çagasyna, birem el bulaýan şofýora seretdi-de, gelip: – Men Aşgabada barýan. Meni alarmysyňyz – diýdi-de, birdenem garaluw ýaly owadan gözlerini balkyldadyp, aňňalyp galdy. Birhaýukdanam: – Mer-ge-en! – diýip, howsalaly aýtdy. Sen-mi?! Mergen maşynyndan düşüp, birneme kirlek görünýän holpuk, ýygyrt-ýygyrt köýnegiň içinde ejiz, biçäre görünýän gelin bilen howlukmaç elleşdi-de, baryp onuň goşa, agyr çemodanyny getirip, maşynyň yzky oturgyjyna goýdy. – Mün, Oguljan. Menem Aşgabada barýan. Bileje gidibereris! – diýdi. Hawa, ol gelin Oguljandy. Mergeniň nijeme ýyllar gijeler ýatmanlar zaryny çeken Oguljanydy. Mergen ony bu halda görüp, gaty aljyrady. Şonuň üçinem serhet sakçylarynyň «ala agaç» diýip, pasport barlaýan saklawyna çenli sesini çykarmady. Olara geçmäge rugsat berdiler. – Mergen, öýlenjek bolaňokmy? – diýip, Oguljan ilki habar gatdy. Mergen onuň ýüzüne seretdi-de, başyny ýaýkady. Oguljan elindäki çagajygyny ynjalykly ýatyryp, demini gussa bilen uludan aldy. Soň gaýraky depelere seredip goýberdi. – Menem, şeýdip, yzyma gaýtmaly boldum. – Ol aglaýardy. – Bary biderek eken. – Hä, näme boldy? – diýip, Mergen howsalaly sorady. Ýöne soranyna ökündem. – Gaty gowy günümiz bardy. Göz boldumy, dil boldumy?! Hemmesi puç boldy. Baryna-da Şanazaryň dädesi günäkär. Ol adam kolhozyň ýarym million manatlyk zadyny ogurlapmy?! Ýok edipmi? Onam bilip, kolhozyň giden ammaryny otlajak bolanda tutulypdyr. Ody öçürip, ol adamam milisiýä tabşyrypdyrlar. Şeýdip, ol ele düşdi. Jenaýatynyň üsti açyldy. Sud etdiler ogurlan zatlarynyň baryny pula öwrüp, töläp ýerinde goýmaly etdiler. Nireden tölesin. Kolhoz başlygyny, raýonyň wezipeli adamlaryny iýdiripdir. Şolar üçin ýok edipdir. Indem jaýlarynam, maşynlarynam, ybaly goş-golamlarynam ellerinden alyp, degerine, degmezine satdylar. Özüne-de ep-esli ýyl iş kesdiler. Bizem işden çykardylar. – Hany, Şanazar?! Hany, Tuwak?! – Olaryňam soňy puç boldy. Tuwaga dädesini barlamaga gelenleriň biri «Men dädeňe kömek ederin» diýse, myhmanhanada şol adam bilen masgara bolup ýatyrka üstlerinden baryp, wejera halda tutupdyrlar. Suratlatyny alypdyrlar. Indi onuň-a ile çykara ýüzi ýok. Ol-a öýdenem çykyp bilenok. Şanazar-da, raýkomda instruktordy. Bize «Gaýynsyz obadan» iki otagly jaý beripdiler. Ýaňyja bir gowy ýaşap başlapdyk. Şeýdip, höwürtgämiz bozuldy. Şanazaram «Indi obada durarlygym galmady» diýip, bizi taşlap, Jebel diýen ýere daýysynyň ýanyna gidip, şol ýerdäki Awtotransport kärhanasynda nobatçy dispetçer bolup işe ýerleşipdir, haçan jaň etse, serhoş. Gepinem düşündirip bilenok. Menem raýkomkomsomolda bölüm müdiridim. Menem işden çykardylar. Onsoň, men şol porsy mekdebe işe bararynmy?! Öýde oturdym, çagam bilen. Boram boşluk. Şu çaga berere ýeke çemçe kaşa tapylanok. Maňa «Sen otyrsyňmy, günüňi görýäňmi, saňa näme kömek gerek diýýän ýok. Ahyry, çydamadym. Barja goş-golamlarymy alyp gaýtdym. Seniň maşynly Aşgabada gitjegiňi bilen bolsam, olardan gizläp goýanja el halym bardy. Şony ýüklärdim... Mergen başyny galdyrdy. – Seniň «şol porsy mekdebe» barmanyň gaty gowy bolupdyr, Oguljan – diýdi. Mekdep juda mukaddes, keramatly ýerdir. Ol köňli, lebzi çigi kabul temez. Soň ol tä Gyzylarbat şäherine çenli onuň bilen gepleşmedi. * * * Mergen Aşgabada sagat ikilere gelip girdi. Oguljan ýüzüni-gözüni turşudyp, Oguljan nämüçindir, Gyzylarbat şäherindäki awtobus duralgasynda, hoşlaşman, sag boluşman düşüp galdy. Mergen oňa Aşgabada çenli alyp gideýin, diýip näçe özelenipler aýtsa-da, ol gelni raýyndan gaýtaryp bilmedi. Şonuň üçin Mergen tä Aşgabada çenli içini hümledip geldi. Bu oňa kemem bolmady. Mergen ýolboýy Marlen, Anna kel aga barada oýlandy. Ol Marleni başda kän bir halamasa-da, soň oňa gaty öwrenişdi. Rejep aganyň «Ol katty mojuk bala» diýmesine seretmän kän sapar öýüne alyp geldi. Marleniň özem soň Mergeniň öýüniň düzgüni, mal-gara, Rejep aga bilen öwrenişdi. Mergen ýolboýy Marlenden geçilýän sapaklary soraýardy. Oňa türkmençe gürlemegi, adamlar bilen gatnaşyk etmegi öwredýärdi. Onuň ýollardaky taky-takysyny Marlen aldy. Kem-kemden mugallymynyň raýyna girdi. Ol klasda däl, tutuş mekdepde saýlanyp başlady. Şu çärýegiň başynda ol mekdebe bir aýal bilen geldi. – Mugallym, Nebitdagdan ejem gelipdir. Ol meni alyp gitjek bolýar. – diýipdi. Mergen Marleniň ejesi bilen gürleşdi. Ol aýal özüni Moskwa, ýokary komsomol mekdebine okuwa iberýändiklerini aýtdy. – Men oglumy bu ülhit garrylaryň ýanynda goýup gidip biljek däl, alyp gitjek. Mergen näme diýsin? – Aý, görüň! – diýdi. Özi welin gynandy. Ine, indem, Marlen oňa «Mugallym, men yzyma alyň» diýip zol-zol hat ýazýardy. Ýöne Mergen bu ýere ýaman niýet bilen getirilen oglanjygyň ýüreginde mähribanlyk yşgalaňjagazyny ýakandygyna begenýärdi. Marlene bolsa «Biz tutuş klasyň bolup seniň tomsuna ýene gaýdyp geleriňe garaşýarys, Marlen!» diýip hat ýazdy.... Mergen maşynyny uniwersitetiň garşysynda goýup, özi okuw jaýyna girdi. Bu uly okuw jaýynda geçen iki ýylda üýtgän zat ýokdy. Ol kadrlar bölümine girip mundan iki ýyl öň bu okuw jaýyny tamamlanlara diplomy nirede berýändiklerini sorady. Tanyşmy, nätanyşmy, bir rus aýaly «Ikinji gatda. Okuw bölüminiň garşysyndaky 24-nji otagdadyr» diýip salgy berdi. Mergen ikinji gata çykyp, diýilen otaga bardy. Adam kän däldi. Mergen nobata durdy. Bir gyz goluny çekdi-de, diplomyny alyp gapa bakan ýöneldi. – Salam! Mergen ziňkildäp gitdi. Ol bu tanyş sese ýalt edip gyza seretdi. Onuň ýüzi gyzyň ýüzüne düşenden, ol gyzyň pyýala ýaly gözlerinden Mergeniň ýüregine nähilidir bir kuwwatly zarba atylyp, ýigidiň kükregine zalp bilen urlup giren ýaly boldy. Mergen bir salymlap deminem alyp bilmedi. Ol iki egnini titredip dem aljak boldy. Bolmady. Onuň ysgyny gaçdy. Gözleri garaňkyrady. Ýüregi tutuş otagy tarkyldydan dolduryp atygsady. Ol öňde duran stoluň ýanyna ölümiň öýünde baryp, ondan ýapyşdy. Ol öz adyny, atasynyň adyny aýtdy. Emma onuň diline hiç kim düşünmedi. Ýöne onuň uzadan haty bilen, gol çekdirip, diplomyny, ýokary bilimliligini aňladýan ýaşylja rombigi berdiler. Ol zatlar üçin puluny töledi. – Hany, hälki gyz, puluny tölemändir-ä! Baryň, aýtsaňyzlaň, gelsin, tölesin. Ol nyşanynam almandyr-a. Mergen az-kem açylyşdy. – Menden alaýyň. Nyşanynam beriň. Mergen işikden çykyp barşyna diplomyny açyp, maňlaýyna degirdi. «Filolog, dil-edebiýat mugallymy!» Onuň bar hyýaly, pikiri-zikiri hälki gyz bilen giden ýalydy. Ol aşakky gata ylgady. Hälki gyz diwardan asylan suratlary synlap duran eken. Ol Mergeni görüp, oňa bakan ýöneldi. – Salam – diýip, Mergen edil ýüregi agzyndan çykyp barýan ýaly, haşlap aýtdy – Siz nyşanyňyzy alman gaýdan ekeniňiz. Ine, maňa berdiler. Alyň! Bu-da oňa tölenmeli puluňyzyň kagyzy. – Näçe tölediňiz – diýip, ol gyz Mergene seretdi. – Sähelçe-le! – Taňry ýalkasyn! – Bolýar! Mergen ol gyza ýene seretdi-de doňup galdy. Uzyn boýly, ak ýüzli, gara gözelek gyz tanyş ýylgyrdy. – Senem biziň kursumyzdanmyň? Ol gyz ýylgyrdy-da başyny atdy. – Näme, meni tanamadyňmy? Ol gyz ýalançyny ýaz edip ýylgyrdy. – Salam berip geçeniňde sesiňden tanadym. Ýöne sen gaty üýtgäpsiň. – Gowulygamy, ýa tersine?! – Gowulyga! Öň ýüzüňizi asyp, Oguljan bilen tirkeşer ýörerdiňiz. – Indi nähili? – Indi, nurana, syrdam, şadyýan! Ýanyňyzda-da Oguljan ýok. Mergen baş atdy. – Onda adymam bilýänsiňiz?! – Ýok, adyňyzy bilemok. – Menem siziň adyňyzy bilemok. – Meniň adym – Göwher! – Gyzyň ýaňaklary nar ýaly boldy. Mergen ýylgyrdy. – Men Mergen Ataýew. Oba mugallymy! Göwheriň owadan gözleri maral gabaklarynyň astynda gizlendi. – Men işläp bilmedim! Mergen geň galyp, gyzyň gussa çökmeden az-kem kölegelenen ýüzüne seretdi. Soň onuň yzy bilen uniwersitetiň jaýyndan daşary çykdy. – Näme boldy?! Göwher diplomydyr torjagazy tutup duran akja, uzyn barmaklary bilen, misli ýüzündäki hesret kölegesini sylýan ýaly,sag ýaňagyny sypap goýberdi-de, owadan gabaklaryny aşak goýberdi. – Näme diýsemkäm! Okuwy gutaranymyzdan soň meni Ýasmansalygyň mekdebine dil-edebiýat mugallymy edip işe iberdiler. Men işe başlan badyma-da, kakam bir ýarawsyzlyk tapyp, iki ýyllap düşekde, agyr ýatdy. Ejem golaýymyzdaky bakjada aşpezdi. Onsoň, men kakama seretmeli boldum. – Mergen başyny gynançly silkdi. – Indi kakaň nähili, gutuldymy? Göwheriň dolan Aý ýaly ýüzüne ýene kölge indi. – Kakam jan, ýogaldy. Düýn alty aýyny belläp, sadaka berdik. – Yzy ýarasyn, bolmandyr! Ejeň gowumy?! Göwher gussasyndan açylyşman: – Kakam ýogalansoň, ejemem birhili sus bolup galdy. Gijeler ýatyp bilenok. Beýle bolar öýtmändik-dä. Doly dünýämiz boşap galdy. Indem, hiç kimimiz ýok. Ejemem indi işläp bilenok. Menem ony taşlap işe çykyp bilemok. Güzeranam aňsat däl. Indi, Ýasmanam bolsa, işe giräýmesem. Diplomym-a aldym. Ýöne, ejemem gaýgy-da. Men-ä, birhili aljyrap galdym. Mergen oýa batdy. – Häzir sen nirä gitjek? Göwher eline seretdi. – Bazara degjek. Ejem, «Üzümjagaz, erik, ýumurtga bolaýsa» diýip otyr. Sadakadan soň hiç zat iýip bilenok. – Bazardan soň nirä gitjek? – Öýe – diýip, Göwher Mergeniň ýüzüne geň galyp seretdi. – Öýňüz nirede? – On altynjy mekdebiň gündogaryndaky howluçylykda. Mergen elini günbatara salgady. – Ýörüň! Mergen ýoldan geçip barýan Göwheri saklady. – Göwher, ýoldan geçme, gel! Ol öňe düşüp, baryp maşynynyň öň gapysyny açdy. – Göwher Mergeniň ýüzüne begençlje bakdy. – Maşynyňyzam barmy? Özüňiziňkimi? Gutly bolsun! Täzeje eken! Göwher Mergene howlularyny görkezdi. – Maşyny howla salyp bolarmy? – Bolar-la! Duruň, men derwezäni açaýyn. Mergen maşynyny howla saldy. Soň maşynyň yzyny açyp durşuna: «Maňa kömekleş» diýdi. Göwher maşynyň yzyndaky bedre-bedre ir-iýmişi görüp begendi. – Kime? Satmagamy? Mergen ýylgyrdy. – Alyberiň. Öz mellegimizdendir! Ol bir bedre üzüm, bir bedre erik, bir bedre ýumurtga, üç litrlik bankada gaýmak, ep-esli süzme, sogan, kartoşka çykaryp gapdala goýdy. Göwher munça zady görüp, birhili aljyrady. – Ýok, Mergen, men munça zady alyp biljek däl. Ejem näme diýer. Içerden inçesagt, ýüzi solgun aýal çykdy. Ol Göwhere: – Göwher, kim ol – diýip dözümli ses bilen habar gatdy. Göwher bedre-bedre bolup duran zatlara ajyraňňy seredip durşuna: – Kursdaşym, Garrygaladan diplomyny almaga gelipdir. Maşynymy howluňyzda goýaýaýyn – diýýär. – Ol elini ýerde ýaýylyp ýatan zatlara uzatdy. – Bize goýýar! Ol Mergene nirede, nädip duşanyny, aralarynda näme gürrüň bolanyny ejesine bir demde gürrüň berdi. – Bulary nädeli, eje?! – Gadyr edilip berlen zadyň ýüzüne urmak bolmaz. Soň bahasyny beräýeris. – Ol aýal Mergene garady. – Öýe giriň, köşek! Bi käse çaý iç-ä. Mergen boýun gaçyrdy. – Sag boluň, gelneje. Meniň ýene barmaly ýerlerim bar. Soň, öýe ýetmeli. Mem: «Şu gün gelerin» diýipdim. Ol birhili özelendi. – Sen Garrygalaly bolsaň, menem alyp git Garrygala, ölmänkäm. Mergen ýylgyryp, başyny atdy. – Bolar! Onda men birki ýere baryp gelýänçäm, siz taýýar bolup oturyň, derrew gelerin. Men seni Garrygala alyp gideýinem, gezdirip, haçan diýseňiz ynjytman yzyňyza alybam geleýin... Ol Jümmi mugalymynyňka, Rejep aganyň oglunka baryp, olara melleginde biten miwelerden dadyrdy. Dükanlara aýlanyp, öýe gerek-ýarak zatlary alyşdyrdy. Garrylara kişmiş, kişde, süýji, köke satyn alyp, Göwherlere geldi. Mergen Göwheri göreli bäri, birhili ýüregine kuwwat gelen ýaly bolup gitdi. Onuň häzirem şol gyzy göresi gelip, ýüregi atygsap durdy. Özem, ýüreginiň teýinden bir buýsançly begenji bar ýaly duýgy güsürdäp-güsürdäp, aňyna urýardy. Tutuş duýgusy, pikiri Göwhere tarap dyzaýardy. Göwherleriň derwezesem, işigem açykdy. Içerde Göwheriň ejesiniň bir özi şaýyny tutup, garaşyp oturan ekem. – Geldiňmi, Mergen jan! Mergen ony gyssady. – Gelneje, taýýarmysyňyz? Hany, meniň kursdaşym görünenog-a? Göwheriň ejesi gussalyja gepledi. – Mergen jan, Göwheriňem gidesi gelýä. Menem: «Öýi ýeke goýmaly, gyzym» diýdim. Onsoň, ol «süýji-köke bir alaly» diýip, dükana çykdy. Näme diýseňem, oba ýeridir-dä, eli boş barmaýyn-da. Mergen dogumly gepledi. – Sizem, Göwherem gitmeli, gelneje. Men size ýüregimi açaýyn. Meniňem başga hiç kimim, ne eje, ne kaka, ne dogan, ýokdur. Begenen günüm, ýekeje gün öýüme baryp, soň, halamasaňyz, ine, maşyn, gaýdyberiň. Göwheriň ejesiniň gözüniň owasy ýaşdan doldy. – Wah, bizem özüň ýaly, onda. Bizde-de, ne ogul, ne hossar, ne howandar bar. Göwher dükandan geldi. – Göwher, gyzym, hany geýin. Mergen jan «Göwher gitmese bolmaz» diýip otyr. Bolýa-la, gidibereli-le. Hudaý bardyr-la. Öýüň, howlynyňam bir zady bolar. Men goňşulara jaň edip tabşyrdym. Göwher öýe bakan guş bolup uçdy... Maşyn ugrady. Şäherden çykylansoň Göwheriň ejesi Mergeniň ýüzüne seretdi. – Onsoň, Mergen jan, sen ol ýerde näme kär edýäň?! Mergen aýnadan maşynyň yzky oturgyjynda oturan Göwheriň Aý ýaly näzikden eziz ýüzüne buýsanç bilen seretdi. – Men obada mugallym, gelneje! Göwheriň ejesiniň agzy gyşaran ýaly boldy. – Wah, wah, oba-da gursun, şu mugallymçylygam gursun-da, Mergen jan, özüň gül ýaly çaga, bu ýaş başyňa nämäňe derkardy, o zulum kär. Bu gyzyň kakasam, mugallymdy-da, görgüli. Mugallym dileniň itiň garyby, iliň sansyzy bolýan eken! Olar oba barýançalar Göwheriň ejesi mugallymçylykdan, obadan zeýrenip gitdi. – Wah, ondan-a, düşewüntlije ýerde garawul bolanyňam ganymat-da.. Meniň bu çakyzamam ýene gaýtalajak bolýa-da, men bu ýerleriň obasynda, gijeler ýatman nädip gezerkäm, dogan?! Gijesine ilkinji sapar ýola düşendigi üçin maşyny ýuwaşja, ynjytman sürýärdi. Olar sagat onlara oba geldiler. Myhmanlara aşakky gatda çaý-nahar berdiler. Soň olara ikinji gatdaky iki adamlyk krowatdan ýer salyp berdiler. Nobaraly aga ikinji gatam edil öňki otaglar ýaly, gowy, Marynyň haly fabriginde dokalan, on metr kwadratlyk, türkmen halylary, gowy tutular bilen bezeme kemini goýmandy. Indi bu otaglary görmäge göz gerekdi. Mergen myhmanlaryna hajat jaýyny, hammamy görkezip, özem ýatmaga gitdi. «...Ol irden turup, ýuwunyp, kabinetine geçip işläp oturka, işik ýuwaşja açyldy. Ýigit pikirli başyny galdyrdy-da: – Göwher! – diýip, ýaýbaň kreslosyndan syçyrap turdy. – Ejeň nähili? – Göwheriň uýaljaň, begençden buldurap duran gözleri pynhanlyk bilen balkyldady. – Ejem, indi näçe aýlap ýatyp bilmeýän halyna, ýatan-turan ýerini bilmän, guş ýaljak uklap ýatyr-a. Ol soň öňünde tolgunmakdan ýaňa uçaýjak bolup oturan ýigidiň elinden tutdy-da: – Otaglary, mellegiňi, mallaryňy gördüm, gaty ajaýyp, eken, gutly bolsun! Bary özüňkimi?! – diýdi. Ýaş ýigidiň kalbynyň düýbünde bilniksiz otly wulkanlar ýaly bolup, çyrpynyp ýatan yşk apaty duýdansyz parlap gitdi-de, özüni duýman gyzy bagryna basyp: – Göwherim, bary seniňki – diýdi. Göwher bolsa algyr bürgüdiň demine düşen sarç sülgün ýaly, zygyrdap durşuna, demi-demine ýetmän, üzlem-saplam: – Ikimiziňki bolsun! – diýip ýetişdi. – diýip, Mergen indi köpden bäri ýazyp ýören «Oba mugallymy» eserine iň soňky nokady goýdy-da, gyzyň çykyp giden işigine bakan ylgady. Aşgabat, 31-nji mart, 2009 ý. sagat 1830. | |
|
√ Köne mülk -2: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
√ Duman daganda: Söz bilen işiň arasynda dag ýatyr - 05.06.2024 |
√ Gala -7: Oýlanma pursady - 16.02.2024 |
√ Derbi-dagyn: Meçik - 05.08.2024 |
√ Dirilik suwy -3: romanyň dowamy - 26.04.2024 |
√ Bäşgyzyl -29: romanyň dowamy - 12.12.2024 |
√ Ak guwlary atmañ -3: romanyñ dowamy - 29.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -3: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Janserek -5: romanyñ dowamy - 26.03.2024 |
√ Dirilik suwy -25: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |