06:28 Köne mülk -14: romanyň dowamy | |
11. Mergeniň gökdäki dilegi ýerde gowuşdy. Mart aýynyň ýigrimi bäşine, onuň öýüne del myhman geldi. Täze jaýyň birinji gatynyň giň otaglarynyň birinde aýdym-sazyň owazy ýaň berýärdi. Ýaşy bir çene baran dolmuş pyýada çakgynyň çüýi ýaljak, kiçijik ýiti gözjagazlaryny ligirdedip, batly, gyryk sesi bilen «aldyň, aý, ýaş-şa» diýip şüweleň berýärdi-de, birdenem, "al, bally, şunyň-a bolmady. Hany, şeýleräk, şeýleräk edibem bir al bakaly, haý berekella" diýip, aýdym aýdýanyň gapdaly bilen bir «şirwana» galýardy. Bir ýapbyldaga düşýärdi. – Çekre, heýwere çekre! Sen içiňden aýtmasan-a, bally, maňa-da aýdyp ber-ä, bol, berekella, ataňa rehnet, häýt! – diýýärdi. Aýdymdan soň dutar, gyjagyň kä alyşýan, kä alyşmaýan sesi jaýy göçüräýin diýýärdi. Şol wagt täzeje «Gaz-69» maşyn işige gelip saklandy. Maşyndan ýüzi durşuna maňlaý bolup duran, atan-satan pyýada düşdi. Onuň yzy bilen gara saçy yzyna gaýtarylyp, daralan, gözi äýnekli, ak ýüzi hyrsyz adam maşyndan düşdi. Üçünji düşen bolsa Wadim Sergeýewdi. Mergen Wadim Sergeýewi tanady. Baryp onuň bilen, soň beýleki myhmanlar bilen salamlaşdy. Wadim Sergeýew Mergeni myhmanlar bilen tanyşdyrdy. – Bul-a öz raýkomyňyz, ýoldaş Bähbidow. Bu äýnekli «ýigidem» «Prawda» gazetiniň Türkmenistan boýunça habarçysy Esenow – Ol myhmanlara garady. Ýaş mugallym, Mergen Ataýew! Myhmanlar iki gat owadan jaýa, täzeje «Wolga» gyzyklanma bilen seredişdiler. – Özüňkimi? – diýip, Esenow sorady. – Hawa! – Karz zat alansyň-da. – Otuz müň manat kjrz aldym. On bäşini eýýäm üzdüm. Esenow gözlerini Mergene dikdi. – Nämäň hasabyna üzdüň? Mergen olary çukura tarap alyp gitdi: – Ine, mellegim. Sygyr sagýan, elli towuk saklaýan, her günde elli ýumurtga berýär. Iki öküzçe bakýan. Ýerime kartoşka, sarymsak, sogan, kartoşka ekip, satýan. Özüm üç-dört aý mekdepde işlemedim.... Olar birinji gatyň çetki otagyna girdiler. Rejep aga edil mähetdelini bermän iki çäýnek çaý, käse, çörek, gowurma alyp geldi. Soň arada Gyzylarbada gidilende satyn alnan hoz, kişde, kişmiş ýaly zatlary saçagyň üstüne üýşürip başlady... Soň: – Bala, munda keliň! – diýip, Mergeni koridora çagyrdy. – Mymanlar az salym dynç alsynlar. Men horaz soýup, palow bişiremän. – Bolar, ata, ýöne häzirem kolbasa, çig gaýmak, çörek alyp geliň. Mergeniň içeri girerine mähetdel, Rahymow sumkasyndan ruçkasyny, bloknotyny çykardy-da, bada-bat sowala tutduryp başlady. – Seniň adyň – Mergen. Kakaň ady näme? – Kakama Ata, Ata seýisçem diýer ekenler. – Özüň uniwersitetiň türkmen filologiýasy fakultetini tamamladyň?! Tapawutlanan diplom bilenmi? – Mergen ýylgyrdy. – Aý, ýok-la, zordan, neme ortaça diýseňem bolar. – Şu ýere naprawleniýe boýunça geldiňmi, geldiň? Sapagyň bir ölçeg bar? – Bir ýarym ölçeg! – Indi sen aýt, näme üçin mugallym bolasyň gelýär? Mysal üçin, beýlekiler kän bir isleg bildirip baranog-a. Mergen «Ýaşuly gaýmak getirmed-ow» diýip, saçaga seredip oýlandy-da, soň beren sowalynyň jogabyna garaşyp äýneginiň ululygynda göziň içine hyrsyz seredip oturan pyýada garady. – Size çynymy aýtsam, meniň oglanlykdan tebigatym gowşagrak. Çagalykda, soň keselbent boldum. Ýöne aňym, pikirim, logiki pikirlenişim, erjelligim, ýatkeşligim gowy. Şonuň üçin özümiň mugallymçylykdan başga käre ýaramajakdygymy aňdym. Ikinjiden, özüňiz görüp dursuňyz, nesilleriň ynsap, ahlak, edep, adamkärçilik ýörelgeleri weýran bolup gidip otyr. Adamzat ownaýar, nesiller ownaýar, zaýalanýar. Adamzadyň şol weýrançylygyny, zaýalanmasyny, onuň öňüni diňe mugallym, mugallymyň beýik göreldesi halas edip biler diýip pikir edýärin. Bilimli, sowatly berk edepli, ynsaply, mähriban medeniýetli, owadan, arak içmeýän, çilim çekmeýän, nebsini saklap bilmeýän, haram nebse çapmaýan, ýaranjaňlygy, namartlygy golaýyna getirmeýän, aklagy, lebzi, haty, äheňi, didary gowy mugallym özem, erkek adam, okuwçylaryň öňünde baýdak ýaly bolup, edebi, sowady, adamkärçiligi bilen dursa, okuwçylar, nesiller oňa uýar. Şoňa meňzäsi geler – diýip pikir edýärin. Meniň ömrüm boýy, oba ýerinde şeýle mugallym bolup işläsim geldi. – Sen, bir özüm çüýräp barýan tutuş nesli halas ederin – diýip, pikir edýärsiň-ä?! Mergen ýüzüni ýerden galdyryp, «Bu adam özüni ýaňsylaýan bolaýmasyn» diýen pikir bilen onuň ýüzüne garady. Ýöne ol adamyň çynlakaý garaýşyny görüp, oňa jogap berdi. – Ýok-la, meniň bir özüm tutuş adamzady, giden nesiller halas edip bilesim ýok-la! Ýöne Isa pygamber: «Bir adamy halas etmek, tutuş adamzady halas etmekdir» diýipdir ahyryn. Men ömrümiň her ýylynda ýekeje okuwçyny beýik edepli edip bilsem, sowatly, ahlakly edip bilsemem özümden razy bolardym. Eger olar iki bolsa, oňa ýetesi zat ýok. Mergeniň aýdanlaryny Wadim Sergeýew hem ýazýardy. – Sen näçe aý okatdyň?! – Dört aý! – Şu dört aýda netijäň nähili boldy? Mergen ýylgyrdy. – Men şu dört aýda on prosent netijä garaşyp, ýüz on prosent netije gazandym. – Ol nämeden?! – Okuwçylar meni ykrar etdiler. Meniň yzyma düşdüler. Öwredenlerimi aldylar. Esenow äýnegini eline alyp, «Bu nähili bolýar-aý?» diýen manyda ony süpürip durşuna, buza dönen çaýyndan birki sapar owurtlady-da: – Onsoň, şu geçen dört aýda näme öwredip bildiň? – diýip, ýumşak äheň bilen sorady. – Şu geçen dört aýdamy? Şu geçen dört aýda her klasda bäş-alty okuwçy harp tanamaýan eken, alty-ýedi okuwçy okap bilmeýän eken, bäş-alty okuwçy hat ýazyp bilmeýän eken. Özümiň okadýan klaslarymyň üçüsiniňem okuwçylarynyň gaty gowy okamagyny, haty ýalňyşsyz, owadan ýazmagy öwretdim. Labyzly okamagyň, özbaşdak pikirlenip, pikiriňi suhanber – aratorlarça aýtmagy, sözlemegi öwretdim. Gündiz okadýanlarymda-da, gije okadýanlarymda-da, her klasda ýüz sany beýannama, ýüz diktant, ýüz düzme ýazdyrdym. Şolaryň ählisini barlap, iň göreldeli, haty juda owadan ýazýan, goşgyny, islendik teksti labyzly aýdyp berýän okuwçylara altyn peroly ruçka bermek endigini ýola goýdum. Heniz hiç bir mekdepde ulanylmadyk bäş tegelek taglymatyny ornaşdyrdym. Edebiýata ulgamlar boýunça düşünmegi öwretdim. Türkmen klassyk edebiýatynyň wekilleriniň döredijilik maňzyny ýat tutdurdym. Her okuwçynyň öz abraýyna düşünmegini, öz abraýyny belent saklamagy öwretdim. – Bu ýaman köp bolanok-maý, Wadim Sergeýew? – diýip, Esenow ýassyga bagryny berip ýazyp ýatan ýoldaşyny ýüzlendi. – Heý, netije boldymy? – Netije boldy! Men okuw başlanda täzeje tigir satyn alyp mekdebe gatnap başladym. Nebitdagda betligi üçin bu ýere getirilen Marlen atly okuwçy klasdaşlaryna görünjek bolup, klasyň aýnalaryny döwüp, tigirimiň kamer, pokrişkasyny kesim-kesim edip, tigirleriň ýenjim-ýenjim edip, gaçyp gitdi. Okuwçylar öz aralaryndan pul ýygnap, maňa bildirmän, tigirimi özleri bejeripdirler. Ol ýaramaz, ikilikçi okuwçy bolsa, diňe bäşlik alyp okaýar. Onuň hatyny, goşgy okaýşyny bir görsediňiz. Duranja bir hazyna! Bu bir, ikinjisi, men her okuwçyny özbaşdak okuwa çagyrdym. Olaryň ýekejesem galman ertir bilenem, sşnbe, ýekşenbe günlerem okuwa geldiler. Meniň okadýan klasymyň okuwçylary şu geçen dört aýda, ne bir ýaramazlyk etdi, ne bir okuwdan galdy, ne-de beýleki derslerden pes baha aldy. – Şol dogrumy?! – Şol-a dogry! – diýip, partiýanyň raýkomynyň täze birinji sekretary gürrüňe goşuldy. – Ideologiýa boýunça sekretarymyz Ejeş Kürräýewa ýaňy siziň öňüňizde aýdyp durd-a. Onuň gyzjagazy Ataýewiň klasynda okapdyr-a. Mergen baş atdy. – Hawa, mende okady. Esenow iň soňky sowalyny taýýarlap durşuna, sagadyna seretdi-de, şol wagt bir iş bilen içeri girip, ýene daş çykan Rejep aga bakan ümläp goýberdi: – Bu ýaşuly kim?! Mergen ol adamyň ellinji ýyllarda şu raýona prokuror bellenen bir garyndaşy bilen bu ýere gelip, aýaly ýogalansoňam iki ogluna bilim-terbiýe berip, onda-munda işläp galyberendigini, soňam 3-nji mekdepde hojalyk işleri boýunça orunbasar bolup, ýakynda pensiýä çykyp, öz ýanyna ymykly göçüp gelendigini gysgajyk gürrüň berdi. Soňra Nobaraly aga barada aýtdy. Esenow baş atdy-da: – Siz özüňize kast edilmesiniň, Aşgabatdan ýörite, diňe sizi barlamak üçin komissiýanyň gelmeginiň, işden çykarylmagyň sebäbini nämeden görýärsiňiz? Mergen işige seretdi. Ony Rejep aga koridora çagyrýardy. Mergen işige çykdy-da, ýene gelip, öňki ýerinde oturdy. – Men öz mugallymym Wadim Sergeýew bilen «Okuwçy näme üçin mekdebe gelmedi?» diýen makalany ýazdyk. Belanyň körügi şol makala bolaýmasa! Esenow dikelip oturdy. – Ony ilki seniň özüň ýazdyň ahyry. Ol ilki «Turkmenskaýa iskra» gazetinde çykdy. Şeýle dälmi? Men ony okadym. Makala güýçli eken. Mergen Wadim Sergeýewe seretdi. – Mugallymlar, nahar-a taýýar! – Ýok, ýok, azajyk howlukmaň. Meniň ýene bir düşünmeýän zadym bar. Mergen, sen şoňa-da jogap berip, maňa düşündirsen-e. – Soraň, soraň. Esenow bloknodyny açyklygyna halynyň üstünde goýdy. – Her klasyň okuwçysynyň häsiýet aýratynlygyny aýdyp bersen-e. Meselem, birinji klas nähili, ikinji, üçünji, dördünji nähili? Dokuzynjy, onunjy klas nähili häsiýetde? Pedagogika, metodika, tejribe olary nähili häsiýetlendirýär. Men gidip-gidip «şol nähilikän» diýip oýlanýan. Mergen jaýlaşykly oturdy. – Mugallym, meniň tejribäm gaty az, bary-ýogy dört aý okatdym. Siz ony tejribeli mugallymdan sorasaňyz kanagatly jogap alarsyňyz. – Esenow äýnegine ýapyşdy. – Ýok, ýok, siz öz pikiriňizi aýdaýyň. Maňa beýle çuňňur bolmasa-da bolar. Pikiriňi biljek bolýan... Mergen ýere garady. – Ony şeýle-de aýtsaň bolar-la. Elbetde, birinji klas, gorky bilen ynamyň arasynda äm-sämiräk ýaşaýar. Birinji klasda kim bir ýyl ir okuwa berilýär, kim bir ýyl giç okuwa berilýär. Bir ýyl-a däl, birje aýam tapawut berip durýar. Şonuň üçin birinji klaslara baha bermek aňsat däl. Olar umumylykda, bir zat öwrenseler begenip, bilmedigini «aý» diýip okaýarlar. Heniz matlaplaýyn betçilik, garagolluk oýunda, pikirinde bolmaýar. Durşuna gujur, gaýrat! Käsi ejeçi, öýdeçi bolup, aýtman, diýmän mekdepden gaçyp gidýär. Mugallym gaty sak bolmaly. Ikinji klasyň okuwçylary erkin bolýar. Mekdebe, mugallyma birinji klasda gowy öwrenişen. Ýazuwy, okuwy parhsyz alyp barýar. «Men ony bilýän-ow» diýip öwünmegi gowy görýärler. Köplenç ýokary klas okuwçylarynyň täsirine gidýärler. Entek matlaplaýyn garagol däl. Ýöne eýýäm geleňsizlik başlanýar. Mugallym berk tutup başlamaly. – Dogry! – Üçünji klasyň okuwçylary batyrgaý bolýar. Onuň mekdepde eýýäm iki ýyl tejribesi bar. Mekdebiň, mugallymyň gowşak ýerini bilýär. Ýaltalyga göwün berýär. Bir iş buýursalar, edesi gelmezlik endikleri ýüze çykyp başlaýar. Mugallym şu klasdan başlap, gowy bilen gowşagy aýyl-saýyl edip başlamaly. Gowşaklardan talaby güýçlendirmeli. Dördünji klasyň okuwçylarynyň erkinlige islegi artyp başlaýar. Olaryň özünden göwni hoşlugy artýar. Olar «biziň itimiz, ýa-da eşegimiz obada iň güýçlüsi. Meniň kakam uly işgär. Ony hemmeler sylaýar.» – diýip öwünmegi gowy görýärler. Olarda okamak höwesi gowşaýar. Bäşinji klasda watançylyk, öz watanyň kuwwaty, ýaraglary bilen öwünmek häsiýeti güýçlenýär. Olar özleriniň mekdebini, mugallymlaryny öwmegi gowy görýärler. Emma garşydaşy bir zat aýtsa, kes-kellämi ylalaşmaýarlar. Öz sözüni tassyklamak üçin ýalan sözläp başlaýarlar. Garşydaşy bilen şuňa meňzeş meselelerden uruş, dawa. Oňşuksyzlyk başlanýar. Mugallym bäşinji klasyň okuwçylaryny ýekeje minudam gözünden salmaly däl,. Olary köpräk işletmeli... Altynjy klasyň okuwçylary öz essinde bolmaýarlar. Oglanjyklarda erkeklik mäzleri kämmilleşýär. Gyzjagazlarda aýal bolmagyň tebigy möwsümi başlanýar. Olar özlerinde öň hiç haçan bolmadyk geň-taň ýagdaýlar bilen başagaý bolup geçýärler. Okuwçylar juda ýalta, geleňsiz, ýalançy bolýarlar. Olar özleriniň ýalançylygyny ýaşyrmak üçin, uly adamlaryň oýuna, pikirine gelmeýän pyrryldyklary tapýarlar. Mugallymy ata-enä garşy goýýarlar. Mysal üçin, mugallym bir temany düşündirende, «dogry, dogry» diýen bolup başlaryny ýaýkap otursalar-da, mugallym olara «bulara gaty gowy düşünip, diňläp otyrlar» diýip aldanaýmaly däl. Sebäbi olar «dogry, dogry» diýip otyrkalar başga bir mojuk, garagol pikiri kellelerinde aýlap oturandyrlar. Mugallym altynjy klasdaky okuwçylaryň hilesine aldanman, gaýta olary şol ýaşdan başarjaň alyp çyksa, olara diňe ýagşylyk eder. Ýedinji, sekizinji klasyň okuwçylary bedenleriniň güýjüne bäs gelip bilmeýärler. Olary diňe talap, talap, mugallymyň sabyrlylygy, ýürekdeşligi saklap biler. Olaryň mertebelerini saklamaly. Olaryň matlaplaýyn betçiliginiň öňüni alyp, kellelerini galdyrtma, diňe ýazdyrmaly. Dokuzynjy klaslar kämil adamlar. Olarda söýgi ýaly näzik duýgular başlanýar. Mugallym olar bilen juda seresap bolmaly. Köpräk geçirimlilik etmeli. Olaryň söýgi, namys, ar duýgularyny aýamaly. Şol wagtda öz pikiriňem ornaşdyrmaly. Onunjy klasyň okuwçylary hemişe agyr pikirde bolýar. Olarda «Nirä okuwa gitmeli? Haýsy gyzy saýlap, söýmeli, öýde, obada öz mertebäňi nädip päk saklamaly? Nädip gowja okap, döwlet synaglaryny gowja tabşyrmaly?» diýen ýaly müňde bir pikir, müňde bir alada başlarynda bolýar. Mugallym bu klasyň oglan-gyzlaryny dost tutunmaly. Diňe bular däl, mugallym her klasyň oglan-gyzlary bilen ot-elek bolup işlemeli. Meniň bujagaz aýdanlarym umumy psihologik ekskursiýa. Esenow başyny galdyrman ýazyp oturyşyna, – Sen bu aýdanlaryňy bir ýerden okadyňmy, ýa-da, çen-çak bilenmi? Mergen açylan işige seretdi. – Okadymam, halypalaň tejribesem bar. Öz pikirimem bar. Ýöne hemmesi däl. – Awkat iýeliň! – Içeri palowyň tagamly ysy kürsäp urdy. – Getiriberiň, atam! 12. «Prawda» gazetiniň öz habarçysynyň, Wadim Sergeýewiň olar bilen raýkomyň birinjisiniň Mergeni yzarlap, ýörite gelmegi, olaryň ýaş mugallymdan pedagogikanyň meseleleri barada sud soragyny soragyny edip, gyzyklanmagy, onuň bilen bile 3-nji mekdebe, agşamky mekdebe gidip, klasyny görmekleri, okuwçylardan ýaňy işe başlan ýaş mugallym barada ilik-düwme soramaaklary, gaýdyşyn, Esenowyň ýolda gelýärkäler: «Senden gaty gowy mugallym bolar, inim. Kesbiňden kemal tap» diýmegi Mergeniň synan göwnüni seýikledi. Indi Mergeniň öýi aýdym-sazyň owazyndan ýaň berýärdi. Soltan akga oglanlary gijesi-gündizi zarp bilen taplaýardy. Gulça, Berdi Çalabek, Bally ýene dört-bäş oglan dutar, gyjak çal, aýdym aýt diýseň, Sünt dagynyň depesinden togarlanyp gaýdan gara daş ýaly eňaşaklyyna bir togalanyp gaýdýardylar, Indi olary saklabam boljak däldi. Bularyň üstesine mellekdäki erikler şeýle bir düwdi welin, edil, şahalar zynç ýalydy. Rejep aganyň keýpi gaty kökdi. Ol çaýyny-çöreginem mellekde ekinleriň arasyndan mallara seredip iýip-içýärdi. Ol bagşylary, sazandalary diňe gaýmak bilen bakýardy. Nobaraly aga bilenem, nähilidir bir hymmy-symmyjyklary bardy. Ýöne öz gizlin syrlaryny hiç kime açaýanokdylar. Bu öýde bir sussy pesi Mergendi. Sebäbi, ony işden çykaranlary bilenem kanagat etmän, «Mugallymlar gazetinde» «Ministrligiň kollegiýasyndan» diýen rubrika bilen, Mergeni barlan komissiýanyň hasabatyny beripdiler. Ol hasabatda bolsa Mergen ýerden alnyp, ýere salynýardy. Onuň zehinsizligini, bisowatlygyny, okatmagyň metodik usullaryndan bisowatlygyny ýanjap-ýanjap ýazypdylar. «Şeýle bisowat mugallymlar türkmen bilim ulgamynyň adyna ysnat getirýär. Beýle adamlary mekdebiň golaýyna getirmeli däl!..» Mergen üçin başga bir garaşylmaýan zat, Çaçy Çaýtyýewanyň 3-nji orta mekdebiň direktory bolmagy boldy. «Mugallymlar gazetiniň» geçen sanynda Çaçy Çaýtyýewanyň ullakan makalasy bardy. Şol makalanyň aşagyna Garrygala raýonynyň 3-nji orta mekdebiniň direktory, Türkmenistanyň ussat mugallymy» diýip gol çekipdir. Özem makalasynda: «Ýaş, sowatsyz, körzehin, mugallymlar mekdebiň mertebesine zeper ýetirýär. Olar ýaşlara ters görelde görkezýär» – diýip, kimedir kakdyryp, ministrligiň kollegiýasynyň gelen netijelerini makullapdyr. «Men beýle masgaraçylykdan soň, mekdepde işläp bir bilermikäm?» diýip, Mergen burnuny sallady. Ýöne, esasy zat, galplyk edilýär. «Galpyň gazany uzak gaýnamal-a däl»... Mergen her gün bolşy ýaly, häzirem sagat dörtde turýardy. Ol esasy zehinini, güýjüni «Oba mugallymyna» berýärdi. Bu eser indi düýbünden täze, gyzykly esere öwrülip barýardy. Onuň puldan, iýmek-içmekden kem zady ýokdy. Jaýynyň puly bilen üzlüşipdi. Nobaraly aganyň bäş müň manadyny beripdi. Şondan başga-da, özünde häzir alty müň manat bardy. Mergen işe gitmese-de, her gün maşynyny otlap, Rejep agany ýanyna alyp, bazara, dükanlara aýlanyp gaýdýardy. Maşynyna ýangyç guýýardy. Rejep aga bu gün irden öýüň ýanyna bir «lökgüniň» gelip, sorap, garaşyp durandygyny aýtdylar. – Häzir ata! – diýip, Mergen öňündäki hat-petegini bir ýan süýşürip, çalnyp turdy. Soň köne jaýyň arka ýüzündäki «Gaz-69-yň» ýanyna bardy. – Geliber, geliber! – diýip, maşyndan Tuwak çykdy. Ol gülümsirän bolup: – Näme indi sen meni tanamajak bolýaňmy?! – diýip güldi. Mergen Tuwagy tanady. Ýöne ol indi öňki Tuwaga meňzemeýärdi. Gülüm-ýalym eden bolup, gaty şelaýyndy. Ol Mergeniň öňki gören Tuwagy däldi. – Salam! Tuwak elini uzatdy-da, Mergeniň elini berk gysdy. Täze jaýa, işikdäki maşyna gözlerini lowurdadyp seredip durşuna: – Bular gutly bolsun! – diýdi. – Özüňkimi! – Özümiňki! – Nesip etsin, bizem Şanazar, Oguljan dagy bolup gutlamaga geljek bolup otyrys. Maňa «Haçan barsak gowy?» diýip sora diýdiler. Mergen ýere garady. – Geliberiň! Tuwak ýaňagyny sag aýasy bilen sypalady-da, agyr ýuwdundy. – Meniň seniň bilen bir gürrüňimem bar. Haçan wagtyň bolar? Mergen ýylgyrdy. Nämüçindir, onuň bu gyz bilen arasyny üzesi gelmedi. Onuň üstesine Oguljanam bu gyzy «Gaty gowy maşgala» diýip öwýän bolsa, öýdäki iki ýaşulam Mergene ümleşip, pynhan-pynhan hymmyrdaşýan bolsa, iň esasysy, dünýäniň ähli gep-gürrüňinden habarly Annabike daýza-da, «Beghanyň şol gyzy bijaý gow-a» diýip, nämüçindir, Mergeni gördügi ýaňzytmany çykarypdy. Ondan başga-da, Mergen Aşgabatda bäş ýyl okanda bir gyza gabagyny galdyrmandy. Ol oba gelip, öýüni, işigini, üst-başyny düzedensoňam, onuň göwni gyza-geline galkyberenokdy. Öz ýagdaýy barada ýigidiň özem pynhandan pynhan oýlanýardy. Ol ahyr soňunda Tuwak barada oýlananyny duýman galdy. Ýöne onda bu gyza pikirden başga, hiç hili yşk, söýgi duýgusynyň düşnügem ýokdy. Şonda bu maşgala bilen aragatnaşygy üzesi gelmän: – Duşuşyk wagtymy?! Wagty tapylar-la. Men häzir işlämog-a. Tuwak ullakan gara, kirpikmen gözlerini balkyldadyp, Mergeniň ýüzüne seretdi. – Seniň telefonyň nomeri näçe? – Bir, ýigrimi! – Onda özüm jaň edeýin. Sag bol. Maşyn gidensoň, Mergen yzyna gaýdyp, täze jaýyň ikinji gatyna çykdy. Kemsiz pollanan, reňklenen gül ýaly otaglary ýekän-ýekän açyp, girip gördi. «Bu otaglara indi gowy haly düşekler gerek». Ol her otagy ädimläp, ölçäp gördi. «Ýene-de dört sany onluk haly gerek. Koridora iki üçlük haly gerek». Ol ikinji gatyň çepden törki otagyny özüne kaşaň kabinet edesi geldi. – Meniň kabinetime aňrybaş stol, kreslo, kitap şkafy, ullakan abažuraly ak stol çyrasy, gaty gowy telefon apparatyny alyp, onam iş stolumyň üstünde gurduraryn. Myhmany şol ýerde kabul ederin. Onuň üçin myhman üçin dört kreslo, žurnal stoly, ýa-da gowy diwan, eşik asylýan satyn almaly. Häzir kabinet – otagy boşam bolsa, Mergen onuň doly boljak wagtyny gördi. – Nobaraly aga diňe bäşje müň manat bergim bar. Şony bir üzsem, men bütin ömrüme gazanjak pulumy nämä sowaýyn?! Edil häzir iş bermeselerem, birki ýyldan-a ýolum açylar. Kem-kemden işlärin. Gazanaryn. Häzirem zada zar däl-ä, men. Alty-ýedi müň manat pulum-a häzirem ýok däl. Nobaraly aga Soltan akga bilen içeri girdi. – Salowmaleýkimler! Ýaşulular hal-ahwal soraşdylar. – Bally, bir mesla-at ba-i! – diýip, Soltan akga owadan, boldumly ýüzündäki ýumjuk gözlerini Mergene dikdi. – Az-awlajyk hakjagaz berseň, men şu günki awtobus bilen öýe aşyp, ertiki awtobus bilenem gaýdyp geläsem diýýen. Mergen başyny razylyk bilen atdy. – Bolar, bolar ýöne, biziň bu azaplarymyzdan heý, bir netije çykjakmy, özi. Soltan akga ýüzüne gelişip duran gara, silkme telpeginiň burmalaryny seçelendirip, başyny yrady. – Tap, bally, şugün işe başlanymyza on gün bolup, ýene-de öňde ýigrimi günüň bolýan bolsa, baýam bolar. Bolmanam bir görsün hany?! Onuň eddil, jeňkini ýakaryk. Eddil, häzir getir diýseňem bäş bagşyny orta çykaryp berýen-daýt. – Tamdyra-gyzjak çalmalary nähili bolar?! – Äýt, nätdiň-däýt, bally, olar tutary, gyjagy menden gawy çalýallar-deýt. – Soltan akga, meniň pulum bar. Men seni nadyl etmerin. Ýöne, şonda-da, oglanlaryň bir öňümizden geçsin, On günlügi bir jemläli. Soltan akganyň kän bir keýpi bolmady. Şonda-da ol göwünsizräk äheňde: – Bo-o-da! – diýdi. Gün guşluga çykan badyna aýdymçy bagşy, sazandalar ýygnandy. Saçak giňden ýazyldy. Oglanlar garbandylar. – Ballylar, şu gün indi biziň aýdym-saz öwrenip ýörenimize tap, on gün boldy. Hany, Mergen jana öwrenip, goýan zatlarymyzy bir görkezeliň. Täze jaýyň birinji gaty bir salymdan türkmen halk sazynyň owazyndan ýaň berýärdi. Soň şu obanyň öz oglanlarynyň dutar-gyjaga goşup aýdýan aýdymlarynyň owazy tutuş töweregi gaplady. Soltan akga dutar, gyjaga goşduryp, her bagşa iki aýdymdan, ýöne Balla, Gulça, Mamgula üç aýdymdan aýtdyrdy. Iň soňundanam, oglanlar ansambl bolup, «Tüni derýa» diýen sazy çaldylar. – Bally, men-ä müň-de-bir razy – diýdi. –Ýurduň ýanyp duran bagşy-sazandalardan baslygyp ýatan eken. Ine, görşüň ýaly, meniň-ä onja günde barja alyp bilen hasylym. Galan ýygrim günde-de, alyp bilenimiz özümiziňki. Mergenem razy halda Nobaraly aganyň ýüzüne seretdi-de ýylgyrdy. – Däde, men-ä bäşlik goýdum, sen nähili? Nobaraly aga başyny atdy. – Elleriňe güller bitsin, Soltan. Mundan gowyny men-ä gören däldirin. Soltan akganyň mähri açylyp gitdi. – Sylag, hormatyňyz, Alladan gaýtsyn. Häli näme görýäňiz. Nesip bolsa, ýene bir ýigrimi gün türgünleşeýli. Soň aýt, bu sözleriňi. Toýlarda aýdarys. Mergen halypa hakyny berip, ony razy etdi. Soň ony duralga çenli ugratdy. Soltan akga öýünde iki gün bolup, täze hyjuw bilen gaýdyp geldi. Soň ol tä martyň ahyryna çenli gije diýmän, gündiz diýmän, oglanlara elinde baryny ýaltanman öwretdi. Indi oba oglanlarynyň özlerine-de, «munda gel» diýip oturmaly däldi. Olaryň özleri agşamda, ertirde Mergeniň öýüne gelip, ikibir, ikibir bolup, täze saza, täze bir aýdyma hiňlenip otyrdylar. Iki gözleri bolsa, Rejep aganyň gara gazanyndady. Rejep aga-da olaryň aýdym-sazyna hoşnut bolup, bagşy, sazanda oglanlara ýüregini beräýjek bolýardy. Mart aýaklady. Mergeniň hasaby boýunça, ertir mart kanikuly tamamlanyp, okuwçylar dördünji çärýege başlamalydy. Mergeniň demligi doldy. Onuň okuwçylaryny göresi gelip, ýüregi hürleýärdi. «Men eýýäm, bir çärýekläp okatmaga gidemok. Okuwçyjyklarym nähilikä?» Ol gussa batdy. Öýdäki aýdym-saz, şady-horramlyk, üç ýaşulynyň üç ýerden edýän hoşamaty köşk ýaly iki gat owadan jaý, işikdäki ilde görülmedik maşyn, gül ýaly mellek, mal-gara. Rejep aganyň her aýda getirip berýän müň manady, onuň gözüne çöpçe-de görnenokdy. Mergeniň çyn yhlasy çagajyklaryň derläkän aýagynyň ysy, her kimiň iýen nygmatyndan çykyp, bir bitewi müşki-anbara öwrülýän ysy, ýazyň, klasyň reňki bilen gatyşyp, garyşyp emele getirýän heniz ady, mazmuny anyklanmadyk ysyny öýkeniniň düýbüne çenli çekesi gelýärdi. Onuň üçin ähli ruhy, psihologik, pelsepe, ömür rahatlygy, mekdebiň klaslarynda, ondan gelýän şol tanyş, tanyş däl ysyň dünýäsindedi. Ol indi iki-üç aý bäri mekdepsiz, klassyz, okuwçysyz ýaşap bilmejegine düşündi. Ol aýlyk, günlüksiz, bir köpük hak almanam bolsa, mekdepde işlemeli diýip pikir etdi. Ýöne, nädip, kime arzyňy aýtjak. Ol ertir turanyndan bäri, ýene-de aýlanyp, dolanyp şu pikire baglanyp galdy. Ol indi kime, nirä arz etmeli bolarka?! Aýdym-sazyň täp-täzeje otaglaryň açyk işiginden, penjirelerinden pürkülip çykýan owazy indi onuň pikirlenmegine päsgel berýän ýalydy. Mergen ýol, alaç gözleýärdi. Onuň käse ýaly owadan gözlerinde gussadan başga hiç zat ýokdy. Ol özüne derdinişere syrdaş isledi. Içiňi ýakaýyn diýen ýaly, indi onuň hemme zady bardy. Emma içiňi döküşer ýaly, syrdaşy welin ýokdy. Korudoryň ugrunda ýogyndan haýbatly hümürdi eşidildi. Mergeniň ady tutulan ýaly boldy. Ýöne, häzir hiç kimiň ýüzüni göresi, sesini eşidesi gelenokdy. Işik açyldy. Gapynyň aňyrsynda Rejep aganyň hortap, güne garalan ýüzi, mellekde işläp, bişiň-düşüň ortasynda bolany üçin az-kem kirjigen uzyn, ýeňiljek dony göründi. Ol birhili müýnli ses bilen koridora gygyrdy: – Kiriň! Mergen äm-säm bolup işige garap durşuna, goňşusy Şepi aganyň bir epeý adamy yzyna salyp, içeri girip gelýänini gördi. Gelenler köwüşlerinem çykarman, Mergeniň ýanyna süssürilip bardylar. Mergen edip oturan hat işlerini gyra süýşürip, ýerinden turdy-da, olar bilen iki elleşip salamlaşdy. – Geliň, geçiň! – diýip, gülälekli meýdan ýaly bolup ýatan halynyň törüni görkezdi. – Menim ministrim keldi! – diýip, ýaşuly buýsançly ýylgyrdy. Mergen bolsa, özüni burça gabap ýören şol magaryf ministri gelendir öýtdi. Onuň adyny bada-bat ýadyna düşürip bilmedi. «Hä, Baýram, Baýram, ýadyma düşdi, «Ministr bolmaly!» – diýip, öz ýanyndan pikir öwürdi. «Ahyry, özi gelipdir-ow!». – Senmi bu jaýyň, mellegiň hojaýyny?! Mergen baş atdy-da gelen epeý adamyň öýkelimi, kinelimi, hyrsyz ýüzüne seretdi. «Ýa, ol dälmikä?» – Ispolkomyň, kolhozyň prawleniýesiniň rugsat haty barmy? – Bar-la! – diýip, Mergen myhmanyň bolşuna-da, sowalyna-da düşünmän aýtdy. – Hat gabryndan bolsunmy? Bu bir gezip ýören jüwlükl-leý. – diýip, Şepi aga gahardan ýaňa ganguýma bolan gözlerini alardyp aýtdy. Epeý pyýada tumşugyny galdyrdy. – Ol «çýort snim»! Seniň gapyňda gul saklamaga rugsat hatyň barmy?! Mergeniň zähresi ýaryldy. – O nähili gul! Kim gul saklaýar? Siziň gepiňiz nähili? – Hany, pohuňy iýme-de, gönüjäňden gel. Ony guldanam ýaman saklyýaň. Mergen egnini gysdy. – Meniň özüm gul. Maňa gul nämä gerek? – Pohuňy iýme! Myhman gözlerini alartdy. – Şol garrynyň kimdigini bilýäňmi? Bilýäňmi diýýän men saňa?! Ol meniň dädem. Men şonuň ogly! Mergen ýalňyş pikir edeni üçin müýnli ýylgyrdy-da, myhmanyň ýüzüne garady. – Ol meniňem atam. Ol meniň däl-de, men onuň guludyryn. – Sen, han ogul, hany, jögüligiňi goý-da, boýun al. Sen ol garrynyň elindäki-aýagyndaky puljagazyny gaňyryp alyp, özüňe jaý salynyp, «Wolga» satyn alyp, indem ony gapyňda gul edip saklaýarsyň! Azajyk garaş, men özüňi gul ederin. Mergen myhmana hormat bilen garady. – Men ýaşulynyň hiç zadynam alamok. Nämedir bir zatlar karzyna alan bolsam, bir wagtlar «Taňry ýalkasyny» bilen gaýtarandyryn. Meniň öz pulum, maşynym, mellegim, mal-garam onuň elindedir. Gaýta, ol meni malyň, mellegiň ýanyna goýberenok. Men ondan dilegç-ä! Şepi aganyň gözleri hanasyndan çykara geldi. – Gör, onuň jüwlükligini! Ýene sypjak bolýar. Ol saňa on müň manat bermedimi? Ony giden oba bilýe-ýä. Ol saňa maşyn alyp berdi. Ol saňa köşk ýaly jaý gurup berdi. Seniň çukuryňdan çykman, bili büküldi, görgüliniň. Mergen baş atdy. – Men kimden näme alan bolsam, bir wagt üzlüşdim. Meniň bir Nobaraly aga bäş müň manat bergim bar. Galan zatlar meniňkem bolsa, indi umumy. – Gördüň dälmi? – diýip, Şepi aga gahar bilen myhmanyň ýüzüne möwç alyp bakdy. – Munda iman ýok, iman. Ýaş başyna ýer gemirýe, ýer. Içeri Rejep aga girdi. – Däde, seni bu oglan gul edip saklaýarmy? Ýaşuly Mergeniň salyk ýüzüne dözümsizlik bilen seretdi. – Nime! Kul? Sen nime aýtasyň. – Ýaşuly duýdansyz gelen gazaby bilen gygyrdy. Sen nime aýtasyň, doňuz ogly! Özüň kul! Sen katynyň kuly! Karry ataňy taşlaý kitdiňiz. Şu bala meni halas kylgan. Kit! Sen meniň ferzandim däl. – Ol meniň balam. Sen kim? Sen kit, kelme!.. Myhman beýle ýagdaýa garaşmadyk borly. Ol gözüni alardyp, elini silkdi. – Sen, gör dädemi ne günlere saldyň? Ony durşuna nerwi edip taşlapsyň-a. Şepi aga-da gapdaldan goşulyp galdy. – Bu imansyza şu ýerde menden ýakyny ýok. Men munuň ejesiniň ilkinji äri. Duldegşir goňşusy. Ýene men munyň ýekinde ýigrendigi. Mundan her haýsysy çykar. Munuň öňüne häzirden taýak taşlamasaň, soň giç bolar. Ýaşulynyň ogly Şepi agany otagdan çykardy-da, Mergeniň ýanyna geldi. – Sen, han ogul, gaty gowy bol. Meniň garry dädemi aldap-ogşap gapyňda gul edip saklamagyň kanuna sygjak zat däl. Men Ýokary suduň aklowjysy. Kanuny bäş barmagyň ýaly bilýändirin. Gözüňi gözenegiň aňyrsynda açdyraryn. Düşdüňmi?! Mergen çytyk gaşlaryny galdyrdy. – Ýaşuly, sen kanun ylmyndan sowatly bolsaňam, adamkärçilik, ynsap ylmyndan bisowat ekeniň. – O nähili? – diýip, myhman heserli tisginip garanjaklady. – Onuň ýaly ylymam bolmaz, bilimem. – Sen garry ataňy ýyllarboýy ýeke taşlap gidip, bu günem bir bihepbäniň gepine gidip, gelip, hal-ahwalyny soraman, sähelçejik baýlygyna göz dikip, bigünä adamyň üstüne her-her edýäň. Men saňa bir ýagdaýy aýdaýyn, Ýaşuly ýarawsyz boldy. Onuň agzyna bir owurtjyk suw tutara adam tapylmady. Ol şol halyna Aşgabada, siziň öýňüze gitdi. Emma aýalyňyz: «Sen kirli garry myrtar, häzir öýde ogluňyz ýok. Men seniň keseliňi çagalaryma ýokuşdyryp, seni kabul edip biljek däl» diýip, ony şol halyna kowup goýberipdir. Soň ol Büzmeýindäki oglunyňka gidipdir. Onuň aýalam garryny öýe salman, kowup goýberipdir. Ol soň işindenem çykyp, aglap, meniň ýanyma geldi. Ony men getirmedim. Puluna-da el degiremok. Öz pulum özüme näçe sowsamam ýeterlik. Indem, han-a kakaň. Al, git. Bu ýerde gatygyň, süýdüň, towuk ýumurtgasynyň içinde, açyk howa oňa derman boldy. Ol boş oturanok. Güýjüniň ýetdiginden ekin-dikiniň içinde, açyk howada gymyldap ýör Meniň malymam, mellegimem, pulumam şu iki garrynyň elinde. Gaýta, men olardan öz pulumy diläp alýan. Indi meniň özümem öýde. Maňa indi hiç hili kömegem, goldaw-hemaýatam derkar däl. Gowy jaýymam, maşynymam bar. Maňa indi başga hiç zat gerek däl. Siz mazaly, öz aýagyňyz bilen geldiňiz, kakaňyzy äkidiň. Eger şu sapar äkitmeseň: «Kakasy garransoň, seretmän, iliň üstüne atyp ýör» diýip, men seni suda bererin. Ýokary suduň başlygyna-da ýazaryn. Men Muhammetgulyýewi gowy tanaýan. Häzirem kakaňy çagyraly. Ondan näçe pul alypdyryn, haçan yzyna beripdirin, sorajak... Rejep aganyň ogly ellerini daldalatdy. – Ýok, ýok, men saňa ynanýan. Aladaňa sag bol. Meniň heleýim ukrain gyzy. Üçünji gatda jaýym bar. Bir gowy itimem bar. Meniň çagalarym it diýip ölüşip barýarlar. Saňa dogrymy aýdaýyn, onsoň, dädem biziň bilen oňuşanok. Şonuň üçin men ony nirä alyp gideýin. Siz maňa dogry düşüniň. Nirede saklaýyn. Bu ýerde bolsa, gül ýaly güni bar eken. Meniň hiç hili garşylygym ýok. Ýöne ata mirasy ogullaryna galmaly. Bu kanun boýunça şeýle! Galanlary siziň hälki diýişiňiz ýaly. Men, men hiç zada dawa edemok. Ol kakasy bilenem hoşlaşman «Agşam gelerin» diýip. edil, zym uçan ýaly bolup gitdi. Jaýlardan bolsa şirin mukamyň, çeküwli aýdymlaryň näzik, heniz eşidilmedik bir gowy habaryň buşlukçysy ýaly bolup, jahana ýaýylyp gidýärdi. Birsalymdan Rejep aga bilen Nobaraly aga ýüzlerini sallaşyp, içeri girdiler. Mergen olary görüp: «Geliň, oturyň» diýen äheňde gapdala süýşdi. – Bally, näme boldy? Ol gelen kim? Mergen boýnuny burdy. – Gelenä, däde, atamyz Rejep aganyň «ministr» ogly. Aşgabatdan okuny-ýaýyny häzirläp, gazap atyna atlanyp gelipdir. Ýaşuly öňem gyzaryp duran şakäse ýaly gözlerini gazaply mölertdi. – Onsoň, onuň gykylygy näme? Nämäniň dawasyny tutýar? Rejep aga heniz gürrüň başlanmanka, misli agyr zarba duçar bolan ýaly, ýegşerildi. Onuň gubarly, pukara gözleri namys bilen balkyldady. – Ol maňa ogul del! Ol kapyr! Mergen zat gizlemän, ol adam bilen arada bolan gürrüňi aýdyp berdi. – Ata, ol seniň ogluň. Meniň ata bilen ogluň arasyna düşmäge hakym ýok. Siz menden näçe pul gerek bolsa, näçe mal gerek bolsa, eger isleseňiz «Wolga» maşynymam alyň-da, gidiň. Eger il «Mergen bir ýaşula zor bilen zulum edýändir» diýip pikir edýän bolsa, ol erbet zat. Maňa abraý, zatdanam, puldanam gymmatly! Meni alada etmäň. Men eýderin, beýderin, öz günümi görerin. Nobaraly aga ör gökden geldi. – O nähili maşyny alyp git! Hany, maşynyň gürrüňini bir etmäň. Ony men Garabogazly Köçek çopandan on alty müň manada özüm aldym-a. Sen maňa on müň manadyny berdiň. Ýene bäş müň manadam dur-a onuň. Ýöne, näme etseňem, men ile maşyny berip goýberip bilmen, ballym. Rejep aga agyr hesretiň astynda galypdy. Nobaraly aga oňa dözümli darady: – Sen näme şaltaý-paltaý, sesiňi çykarman, äri argyşdan ýaňy gelen boz gelin ýaly, sülmürän bolup otyrsyz? Karzyňy üzlüşen bolsaň, günde-günaşa arassaja ýerde ýatyp-turup, iýip-içip ýören bolsaň, saňa başga merk gerekmi?! Ikimiz näme iş edýes. Biziňki bir ýöne güýmenje dälmi? Şol güýmewnjämizi elimizden alsalar, ýeke sagadam ýaşap bilmeýes. Rejep aga süýrenip gelip, goja başyny Mergeniň dyzlaryna goýdy. – Bala! Siz menge kitiň diýmeňler. Han-a öwlüýä – Ol günbatar ýüzdäki depelikde ýaýylyp ýatan mazarlyga elini uzatdy. – Äkitiň-de, öz kollaryňyz bilen kömüň. Ýöne «kitiň» diýmeňler. Ol silkinip, sojap-sojap aglady. Soň Nobaraly aganyň ýanyna süýşenekläp baryp, onuň dyzlaryna başyny goýdy. – Dede, bala aýdyňlar. Meni kowmaňlar. Işik açyldy-da, ondan Ejeş mugallymyň ýüzi göründi. Ol dabaraly ses bilen: – Weý, Mergen sen bärdemidiň?! – diýdi-de, yzyna gaňrylyp: – Geliberiň, geliň, bular bärde! – diýip gygyrdy. Mergen bilen ýaşulular ýerlerinden turdular. Soň gelenler bilen el berişip, görüşdiler. Mergen gelenleri tanady. Olar Ejeş Kürräýewa bilen Atda Mergenowdy. Olaryň ýanynda bilim bölüminiň sürüjisi bardy. Gelenler otagynyň töründen oturdylar. Ejeş mugallym ýylgyrjyklaýardy. – Näme, öýüňde filormoniýa açdyňmy, Mergen – diýdi. Mergenem boýnuny ýygyryp ýere garady. – Gutly bolsun-aý, atdaş! Iki gatly köşk ýaly jaý, işiginde ap-akja «Wolga» maşyn. Otaglar türkmen halysyndan doly. Aşakda aýdym-saz, saz-da, söhbet. Biz-ä sen işden kowsalar gedaý gezip ýörensiň – diýsek, asyl, ministrleňkiden gowy günüň bar eken. Nobaraly aga galkyjaklap gepledi. – Siz baryp çukury, mellegini bir görüň-ä! Asyl, soň näme diýersiňiz. Atda Mergenow makullaýjylyk bilen baş atdy. – Şony göremsoň aýdýan-da, näme ministrleňde bular ýaly baýlyk barmy?! – Ol Mergeniň ýüzüne begençli seretdi. – Ol «ministr dostuňam» masgara edip işinden kowupdyrlar. «Seniňem mejbury işlemedik döwrüň hakyny tölemek bilen öňki işine ýerleşdirmeli» diýip, telefonda buýruk geldi. Mergeni duýdansyz halda tok uran ýaly boldy. Onuň ýüregi urmasyny goýdy. Dem almasy galdy. Ýüzi telim ýuwulyp, şyrrygy çykan ak esgi ýaly boldy. Onuň gulaklary hiç zat eşitmedi. – Mergen! Ol ziňkildäp gitdi. – Ýuwmal-a bolarsyň! Mergen kem-kemden jana geldi. Ol naýynjar ýylgyryp, Ejeş mugallyma elini uzatdy. – Ejeş mugallym ýuwsun. Onuň aýdany boldy. Mugallymy gaýdyp geldi! – diýip, ysgynsyzja aýtdy. Atda Mergenow Mergeniň halyndan habarsyz halyna: – Sen-ow, Ejeş mugallym diýen bolýaň welin, onuň partiýanyň raýkomynyň üçünji sekretary bolanyndan habaryň ýok öýdýän. Mergen olaryň ýüzüne geň galyp seretdi. – Haçan?! Atda mugallym aty aýlawda çykan ýaly keýp edip güldi. – Basý-bo-ow, sen-ä bejerdiň-ow. Onuň ideologoýa sekretary bolanyna indi üç aý bolup barýar-a. Mergen begendi. Juda gaty begendi. – Ata, ata jan, hany, düýnki ýaly gowy palow bişirsen-e. Rejep aga sallanyp duran ýüzüni az-kem açyp, turup gitdi. Ejeş mugallym Mergene seretdi. – Biz işli, Mergen! Sen bize raýon medeniýet bölüminiň müdiri bolup ber! – Ýok, siz beý diýmäň, mugallym jan, men mugallym bolup işläýin. – Goýsan-a, onda raýon gazetine redaktor bolup ber! – Mugallym, maňa beý diýmäň, jan mugallym! Mergeniň göwni ganat baglap asmana uçup gitdi. Ol bu gürrüňlerden soň, dördünji çärýegi mekdepde, öňki klaslarynda mugallym bolup başlady. Özem görlüp-eşidilmedik yhlas, hyjuw, zehin, täze güýç bilen görenleriň aklyny haýrana goýup, işläp başlady. | |
|
√ Köne mülk -8: romanyň dowamy - 16.06.2024 |
√ Dirilik suwy -15: romanyň dowamy - 15.05.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -10: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -3: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -25: romanyň dowamy - 09.11.2024 |
√ Janserek -4: romanyñ dowamy - 15.03.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Şam ilinde - 17.08.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap: roman - 06.06.2024 |
√ Duman daganda: Düýn düýn bilen gitdi - 26.05.2024 |
√ Duman daganda: Baýguşyň rysgy agzyna gelermiş - 10.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |