06:24 Köne mülk -12: romanyň dowamy | |
8. Kanikul tamam bolup, okuwa başlanan güni gar ýagdy. Beýle agyr gary bu ýakynlarda görnändiklerini Rejep aga-da, Nobaraly aga-da tekrarladylar. Mergen lap edip aýtmasa-da, bu gar çukuryň gap bilinde barýardy. Bu gary görüp, agyr howsala batan Rejep aga sygyryny sagyp, süýtli bedresini asdy-da, nirädir bir ýerlere gürüm-jirim boldy. – Bally, peç oturtmasaga, heýwere sok boljak. Nämşetsek diýýeň? – Nobaraly aga howsalaly gepledi. Onsuzam, Mergen bu gary görüp: «Ýaşululary üşedäýmesem ýagşydyr. Pejiň ugruna çykaýyn» – diýip pikir edipdi. – Däde, men şu gün aşak gidip, durmuş hyzmaty kombinatyndan peç alyp gelerin. – diýdi. Şonda onuň ýadyna bu ýere ilki gelende ejesinden galan köneje pejiň turbalarynyň bardygy düşdi. Ýöne jaýy abadanlaşdyrjak, agartjak bolanda, olary daşary çykarypdy. Şondan soň, peçdir, turba-da, ejesiniň ýüň daragy-da ýom-ýok bolupdy. Ol böwrüne diň salyp, Annabike daýzalara bardy. Olar heniz turmandylar. Ol işigi gaty-gaty kakdy. – Kimsiň? – Men – Mergen! – Daýza, açaweri! Garry ukuly gözlerini owkalap gapysyny açdy. Ol Mergeni görüp begendi. – Ýegen jan, gel, geçiber. – Ol daşarynyň agyr garyny görüp haýran galdy. – Waý-eý, gar ýagypmy, ýegen?! – Ol içeri ylgady. – Çala-bek, aý, Çalabeg-ä «gar ýaganok, gar ýaganok» diýip, bizar etdiň. Adamboýy gar ýagypdyr. Ýet, awuňa, tur, çaltyrak ugra! – diýdi-de, ýene yzyna geldi. – Ýegen jan, Turak ganymatlaşýammy? – diýdi. Mergen oňa düşünmedi. – Daýza, Turak diýeniňiz kim? Garry Mergeniň ýüzüne gözlerini mölerdip seretdi. – Hol Gyllarbatdan getiren maýybyň Turak-da! – Nobaraly agamy? Garry güldi. – Oba oňa Turak diýýendir, ýegen jan. Düýn bitike süzme alawaýyn diýip bardym. Şomda «Howa üýtgejek öýdýän, aýaklarym ýene agyryp, janymy alyp barýar» diýip, burulyp, uwlap ýatan eken. Soň oňa bir jam unaş bişirip äkitdim. Çukurňyzdan sarymsak getirip, içine dograp hezil edip içdiler. Şondan soradym-a. Mergen esasy gürrüňe geçdi. – Daýza, Berdi daýym pejimizi alypdy, şony bermeseň boljak däl. Garry mürrük kartoşka ýaly ýumrugyny agzyna tutdy. – Ýegen jan, seniň pejiňi özümiz oturdwoýdyk-da. – Ol oýurgandy-da, müýnürgäp, içeri bakan gygyrdy. – Çalabek, hany şol öz pejimiz? Tur, hany, bol, tapyp ber. Men saňa şo mahal diýdim «Iliň zadyny oturtmaly» diýip. Sen şonda: «Alyp gaýdanymy görenok» diýip, maňa ýeň bermediň. Oturtdyň, hany, indi ýegen seniň alyp gaýdanyňy görüp, indem «Berdi daýym pejimizi alyp gaýdypdy, şony beriň» – diýip gelip sorap dur-a «Tapan begener, tanan alar» diýipdirler. – Mamaş, senem-äý! Alanymy görenok, şol. «Ýok» – diý! Kowup goýber! – diýip, içerden Berdi daýynyň sesi geldi. Annabike daýza ýanynda, oglunyň bu sözlerini eşidip duran Mergene gülüm-ýalym eden boldy. – Ýegen jan, sen häli git, men özüm, oňa hajyk-hujuk edip, pejiňi özümjik eltip bererin. Bar, sen gaýdyber. Mergen öýüne gelip, Nobaraly aga çaý-nahar berdi. – Däde, men işe gitjek... Ýaşuly ýassyga gyşaryp çaý içip ýatyşyna Mergene begençli garady. – Mergen jan, ballym, maşynyňdanam, şu günde, ertede habar gelmelidir.. – diýdi. Mergen geň galyp seredip durşuna: – Nädip, däde? Näme, çen eýýäm Gyzylarbada gidibem geldiňmi? – Arada öýe Amanmämmet daýyň soramaga geldi, meni. Şonda «Gyzylarbadyň «Tutly» obasynda Köçek çopan diýen biri bar» diýdi. Aralarda Gurban Agaly diýen bir raýkom bolmadymy Gyzylarbada. Şol raýkom Köçege «peredowoý çopan» diýip bir täzeje «Wolga» beren eken, öz bahasyna. Yz ýanyndanam «Beren «Wolgamy» özje bahasyna yzyna bersin» diýip başga birini iberipdir. Köçegem oňa maşyny bermändir. Inden Köçek çopana pul gerek diýýär. Şol «Maşynyň bahasyny ylalaşyp bilsem, satmak hyýalym ýok däl» awtoparka gelip, sürüji oglanlaryň ýanynda gürrüň edipdir. Menem Amanmämmet daýyňa «Köçek bilen men bol-da kepleş» diýdim. «Arada duranyň üçin bäş ýüz manat baýragyň bar» diýdim. Amanmämmet daýyň ondan şu günde, ertede elin habar getirmeli. – Elbetde, bäş ýüz manady kim berjek bolup dur oňa... Nobaraly aga Mergene «hä» diýmedi. – Amanmämmet ýigidiň gowusydyr. Ol bäş ýüzüň, bäş müňüň adamsy däldir, bally. Mergen jaýdan çykdy-da, mallara, towuklara ýene bir göz alýap, student döwründen galan paltosyny, papagyny daragam bolsa geýip, işe ugrady. Ol mekdebe baryp, heniz jaýa girmänkä, ony aýnadan görüp, oňa garaşyp oturan mekdep müdiri ylgap öňünden çykdy. – Mergen, hany çaltyrajyk gel. Seniň bilen gürrüň bar. Ejeş mugallym onuň öňüne düşüp barşyna, öz kabinetine däl-de, Mergeniň kabinetine bakan geçip gitdi. – Hany, çaltyrajyk gapyňy aç! Mergen klasyň işigini howlukman açdy. – Gir, çyraňy ýakma! – Ejeş mugallymyň ýüzi as göreniňki ýaly duw akdy. Ol erbet titredi. – Mergen jan, men bir zat aýdaýyn welin, sen gorkma. – Aýdyň, aýdyň. Ejeş mugallymyň sesi sandyrady. – Bir näkes seni hut ministriň özüne ýamanlap ýazypdyr öýdýän. Ministrligiň kollegiýasynyň karary bilen seni barlamaga ministrlikden bäş adam, oblastdan bir, özümizdenem bir, jemi ýedi adam gelipdir. Aga Mergenowiçem şolary ýerleşdirmegiň ugrunda. Bizem her mugallymdan on bäş manatdan pul ýygnap taýýarlyk görüp otyrys. Senem, on bäş manadyň-a bir ber. Okuwçylaryň klas, aýlaw, ýazuw depderlerine, žurnalyňdaky ýazgylaryňa ýene bir gowja seret. Klasyň arassa bolsun. Gelip sorasalar diňe soraglaryna jogap ber. «Uniwersiteti awgustda gutardym. Şu sentýabrdan bäri, ýaňy üç ýarym aý işleýän» diý. Eddil, öldüräýselerem, başga hiç zat aýtma. Mergen müdire aýdan puluny çykaryp berdi-de, öz ýerine geçip, arkaýyn oturdy. Ol bir hilije howsalaly oýa batdy. «Meni näme üçin barlasynlar? Uniwersiteti gutaryp, işe başlanyma ýaňy dört aýam bolanok. Planym, konspektlerim gül ýaly. Plandan çykyp okadan ýerim ýok. Klasymy gül ýaly edip abadanlaşdyrdym. Klasymy bezedim. Okuwçylarymdan razy. Näme bu zatlar işe başlanyna ýaňy dört aý bolan bir ýaş mugallymdan azmyka? Han-a okuwçylardan alnan ýazuw işler. Dilden, edebiýatdan näme soraslary gelse, sorabersinler. Görsünler, diňlesinler, ýazuw iş alsynlar, goý özleri baha bersinler. Men näme üçin olardan gorkmalymyşym. Kemçiliklerim bolsa. Günä iş eden bolsam, jezasyny çekerin. Ýöne her zat etselerem,mekdepden-ä gitmerin. Men ömrümiň ahyryna çenli, her zat ederin welin, mugallym bolup galaryn...» Birdenem, Mergen aklyna aýlanan ýaly boldy. « – Biriniň arza ýazany üçin-ä meni ministrligiň kollegiýasynyň karary bilen diňe meni barlap bilmeli däl. bilmez, bular. Türkmenistanda azyndan iki müňe golaý mekdep bar. Her mekdepde-de, bolmanda bäş-alty dil-edebiýat mugallymy bardyr. Şeýle hasap edeniňde, on müň dil-edebiýat mugallymyny beýläk goýup, gelip ýaňy işe başlan, synag döwrüniň dört aýam geçmedik bir ýaş mugallymy barlamaly däl bular. Bu barlag has düýpden gaýdýan gaýdýan bolaýmasyn!? Olar «Prawda» ýazylan «Mugallyma ikilik», diýen makala üçin, soňam «Turkmenskaýa iskra» gazetinde öz adym bilen çykan, soňrak «Uçitelskaýa gazetada» çap edilen makala üçin, meniň gözümi gorkuzmak üçin derejeli topar düzüp, barlan bolýandyrlar. Onsoňam, goý, barlasynlar, belki bähbit bolar! Jaň kakyldy, Illi Amanowiç klasa girdi. Ol edil uly gyz ýaly sülmüräp, salyhatly habar gatdy. – Ata, näme, daşyňa geçýellermi? Mergen ýylgyrdy. – Kimiň kimiň daşyna geçýändigini durmuş görkezer, ýoldaş mugallym. Özüm-ä, şeýdip barlap, kemçiligimi, ýetmez ýerimi açyp, maslahat berseler ýaman görmerin. Ýöne gyşyň içi-dä, sowga galyp, diňe meniň üçin gelişlerine dözemok. Illi Amanow ýympyjak ýüzüni ak elleri bilen dözümli sypalan boldy. Soň egnindäki owadan kostýumyny güjeňleýän ýaly, ýakalaryny kakyşdyran bolup, it ýylgyryşy bilen: – Seniň göwnüň Kap dagynda-o-ow! Olar näme seni oýnamaga barlamaga gelýändirler öýdýäňmi. Mergen içinden «hop, indi ýüzüň perdesini syryp başladyň, mugallym jan» diýip oýlandy «aýdyber bakaly». – Olar ministrligiň azy ýaran barlagçylar-a. Olar otuz ýyl işlän tejribeli mugallymlar däliredip gidýärler. Sen bolsaň, kemçilegimi maslahat bersin diýen bolup... Olar şahany timarlamaga däl-de, agajy köki damary bilen omur-jomur, omur-jomur etmäge gelýen bolaýmasynlar. – Ol mys-mys edip güldi. A sen bolsaň! Hi-hi-hi! Düşdüňmi?! – Düşdüm, düşdüm, kemini goýman düşündirip bildiňiz, ýoldaş mugallym... Illi Amanowiç işige bardy-da, ýzyna öwrüldi. – Dek gezen, dok gezer diýipdirler. Sen dek gezmediň. – Ol çykyp baryşyna: – Hany, direktoryň ýanyna barmaly, düş yzyma!.. – Soň ol «Siz-ä pohlamaly, azabynam biz çekmeli...» diýdi. Ol gidensoň, Mergen klasyň işigini gulplap, çagyrylan ýere ugrady. Koridoryň ugrunda Çaçy mugallym şilýapaly, poltoly, elleri agyr sumkalyy birnäçe adam bilen ala ýaz bolup gülüşip durdy. Olar Mergeni görüp, müdiriň kabinetine girdiler. Mergen yzyna gaýdyp, klasyndan depder, ruçka alyp geldi. Soň olam müdiriň kabinetine ýöneldi. Oňa pete-pet çykanam Çaçy mugallym boldy. Ol Mergen görüp, edil aýy gören ýaly ýüzüniň terzini üýtgetdi. – Girme, girme, ministrlikden gelenler bar. Olar birje käse çaý içsinler. Entek girme... Mergen ýene-de yzyna gaýtdy. Ol ikinji tapgyryň okuwçylarynyň okuwy başlanýança, klasyndan çykmady. Okuw başlandy. Mergen bu gün»XX asyr edebiýaty « diýen temada sapak geçmelidi. Ol öňdäki nobatçydan kimiň barlygyny, kimiň ýoklugyny sorady. Okuwçylardan Amanmyrady tagta çagyryp, täze temanyň adyny ýazdyrdy. Aman myrat heniz ýazyp bolmanka, Ejeş mugallym işigi kakman, klasa girdi. Okuwçylar gürre örüp, ýerlerinden turdylar. – Salam! Ejeş mugallymyň yzy bilen bäş adam klasa girdi. Okuwçylar dik durdy. Mergen olara «oturyň» diýdi. Ejeş mugallym beýleki klaslardan oturgyç getirtdi. Myhmanlar tagranyň öňünde ýüzlerini okuwçylara öwrüp oturdylar. – Hormatly mugallymlar, siz biziň mekdebimiziň iň ýaş mugallymy, mugallym bolup, işe başlanyna ýaňy dört aý bolan Mergen Ataýewiçiň okadýan bäşinji «B» klasyna geldiňiz. Biz Mergen Ataýewiçiň edebiýatdan täze temany geçişini göreris. – Ol okuwçylara ýüzlendi. – Okuwçylar, hany Aşgabatdan ministrligiň tabşyrygy bilen biziň mekdebimize gelen hormatly myhmanlar bilen salamlaşalyň! Okuwçylar ýene ýerlerinden turup, salamlaşdylar. – Hany, indi, nobatçy, bize kimiň gelip, kimiň gelmändigini aýdyp ber. – Okuwçylaryň hemmesi sapaga gatnaşýar. – diýip, nobatçy hasabat berdi. Mergen öňe geçdi. – Hany, indi öýe näme ýumşuň berlenini kim aýtjak? Okuwçylaryň bary elini galdyrdy. Mergen Selbini turuzdy. – Öýe «Annagylyç Mätäjiniň döredijiligi» berildi. Mergen okuwçylaryň aglabasy sapaga gatnaşar ýaly: – «Annagylyç Mätäji haýsy döwrüň şahyry» diýen sowaly orta atdy. – Ol nirede dogulýar? – Mätäjiniň «Elden gider» goşgusyny ýazmagynyň sebäbi näme? – Mätäjiniň sözlerine türkmeniň haýsy bagşysy kän saz döredipdir? – Hally bagşy haýsy bagşylaryň halypasy? – diýen ýaly sowallary berdi. Soňam okuwçylaryň jogaby esasynda öýe berlen ýumşuň jemini jemledi. – Hormatly myhmanlar, öýe berlen ýumuş, ýa-da, oňa berlen jogaplar boýunça okuwçylara ýa-da maňa sowallaryňyz bolsa aýdyberiň. Olardan ses çykmady. Mugallym klasa ýüzlendi. – Okuwçylar şu gün biz haýsy temany geçeris? Okuwçylar ellerini galdyrdy. – Hany, Gözel, sen aýdyp ber. Gözel häzir geçiljek temanyň adyny aýdyp berdi. – Berekella, otur. Mergen öňki tema bilen häzirki geçjegini baglanyşdyryp, XX asyr edebiýaty barada gysgajyk gürrüň berdi. Bu döwürde täze edebiýatyň döreýşi barada aýtdy. Jahan urşy, rewolýusiýa, adalat temasynyň edebiýatda beýan edilişi barada, Bu temalaryň has ýaýbaňlanmagynda Ata Salyhyň, Körmollanyň, Durdy Gylyjyň, Berdi Kerbabaýewiň, Garaja Burunowyň has işjeňlik görkezendigini, olaryň şygyrlary boýunça aýdyp berdi. Goşgy bentlerinden mysallar getirdi. Soň bu temalaryň edebiýatyň kyssa görnüşinde döreýşini mysal aldy. Oňa Agahan Durdyýewiň «Bolşewik topunyň sesi», Berdi Kerbabaýewiň «Annagözel hak-hukugynyň eýesi» ýaly eserleri mysal getirdi. Ol bu temany geçmäge on-on bäş minudyny harçlady. Soň ol ýene-de on-on bäş minutlap bu temany berkitdi. Täze tema boýunça jemi on okuwçydan sorady. Birden onuň kellesine geň sowallar geldi. – Hany, okuwçylar, aýdyň! Mätäji haýsy asyryň şahyry? Ol XX asyryň şahyry! Ýok, ol XIX asyryň şahyry?! Mätäji iki asyryň şahyry. Hany, kim jogap berjek. Okuwçylar «Mätäji iki asyryň sepgidinde ýaşan şahyr» diýip jogap berdiler. – Berdi Kerbabaýew ilki haýsy žanrda goşgy ýazdy? a) Goşgular, poemalar ýazdy. b) Hekaýalar ýazdy. ç) «Aýgytly ädim» romanynyň ilkinji böleklerini ýazdy. – Hany, Juma sen aýt. – Mugallym, Berdi Kerbabaýew ilki goşgy ýazmakdan başlady. Onuň ilkinji goşgusynyň ady «Iç ýene-de, iç ýene». – Dogry, ýene kimiň nähili pikiri bar? Okuwçylaryň ählisi Jumanyň pikirine goşuldy. Mergen Molamurt barada-da şeýleräk soragnamalar esasynda sorady. Soňundanam sapagy jemläp, öýe geçilen temany gaýtalap gelmegi ýumuş berip, okuwçylary bahalandyrdy... Jaň kakyldy. Mergen ýylgyryp oturan Ejeş mugallymyň ýüzüne seredip: – Sag boluň. Ikinji, üçünji sapagymyz hem şu temadan sapak geçmek bolar – diýdi. – Maňa näme sowalyňyz bolsa, aýdyberiň. Ejeş mugallym ýerinden turdy. – Meniň kabinetime baryp, bir käse çaý içiň. Emma ministrlikden gelen barlagçylara ýolbaşçylyk edýän tatar mugallym ör-gökden geldi. – Ýok-eý, bolmaýdy. Biz kollegiýanyň karary bilen barlakga kelip, munda çaý içi-ip otursak, ministr bize nime diýer? Ol «Arak, parak, oturma soň» diýdi. – Najyp Abdulhanykow dogry aýdýar. Indiki iki sagadam gowy diňläp, soň ara alyp maslahatlaşalyň. Şondan soň çaý-çörek. Najyp Abdylhahanykow ýerinden turup gerindi. – Ýoltaş Külbekow togry aýtasyň. Direktor bizi çaý-nahar bilen aldaýjak bolýar. Mergen ikinji sagadam, üçünji sagadam talaba laýyk geçdi. Gaýta ol bu sagatlaryny has mazmynly, şüweleňli, gyzykly, erkin gurady. Sapak tamam boldy. Ol myhmanlara ýüzlenip, «Maňa, okuwçylara näme sowalyňyz bar» diýip sorady. – Ýo-gaý, bolady. Boşadyňlar bolalary... Okuwçylar çykyp gitdiler. Mergen öz ýerinden turup, ortaky parta geçip oturdy. – Žurnalyňyzy beriň. Aýlaw tetradyňyzy-da. Diktant depderleriňizi-de, berip goýuň. Mergen olaryň soran zatlaryny getirip, stoluň üstünde goýdy. – Klasy özüň bezediňmi? – diýip, saçy buýralanyp duran ýaşuly sorady. – Şu klas öň sklad jaýydy. Klas ýetmäni üçin Mergen mugallym muny arassalap, suwap, agardyp, reňkläp, agardyp, özüne kabinet edindi – diýip, Ejeş mugallym öňürtiledi. – Şunuň içindäki görkezme esbaplary özi ýasadam, ýazdy. – Gowy kabinet bolupdyr – diýip, ýaşuly öwdi. – Amanly sen entäk öwme. Barlag keýin kutarmaýdy. Entek aralayş, maslahatlaşyş kereg. Ýumşa gaýym bolup duran Mergen ýene ýerine geçdi. – «Kazir ker kim oz minenýesingi korkmaý, togry aýtsyn. Külbekow, sen protokol ýaz» diýmäge mähetdel, Külbekow ýapyrlyp, protokol ýazmaga başlady. Ilki bilen Nejip Abdykanypowiç ýerinden turdy. – Ýoltaş mugallymlar, siz Ataýyp tiýgen mugallymnyň üç kläste keçgen urokyna kördüňiz. Indi halypa barlagçy bolup, ökde mugallym bolup, tejribeňizi körsedip, maslahatyňyzy beriň. Sapak ýakşy boldy. Ýöne mundanam ýagşy bolmak üçin nime etme kereg. Amanly aga söz aldy. – Men Mergen mugallymyň üç sany bäşinji klasynda edebiýat dersinden geçen sapagyny gowy gördüm. Ýaş mugallymyň üç sapagy-da pedagogikanyň talabyna laýyk guraýşy gowy. Ol sapagy guramaga dört minut wagt berdi. Öý işini barlamaga on minut berdi. Täze sapagy geçmäge on alty minut wagt berdi. Sapagy berkitmäge on minut wagt berdi. Öýe iş tabşyrmaga, okuwçylary bahalandyrmaga bilelikde bäş minut berdi. Jemi kyrk bäş minut. Munuň ýaly takyk wagty otuz ýyl tejribesi bolan mugallymam alyp bilmez. Onsoňam, mugallym ýaşam bolsa, merkezden gelen uly komissiýanyň öňünde özüni erkin, işjeň alyp bardy. Sapaga klasyň okuwçylarynyň aglabasy gatnaşdy. Mugallymyň özem, okuwçylaram taýýarlykly. Mugallym bilen okuwçynyň gatnaşygy ýokary derejede. Sumbar jülgesinde şeýle klas, şeýle mugallym bar diýseler, ynanmazdym. Men ony öz gözüm bilen gördüm... Soňra Magaryf ministrliginiň Mugallymlary kämilleşdiriş institutynyň direktory Durdy Gylyjow söz aldy. – Adaty sapaklar. Menä üýtgeşik täzelik görmedim. Häzirki wagtda Orsýetiň Kaluga şäherinde Tblisiniň mekdeplerinde okatmňagyň täze-täze usullaryna geçildi. Hany, şol usullar. Emma bu ýaş mugallymyň sapagy juda içgysgyç. Edil, bir, klasdan çykyp gidiberesiň gelýär. Köne usul. Men woobşe köne usula garşy. Şonuň üçin men-ä sapakdan woobşe kanagatlanmadym. Klasyň bezelişi-de, gülkünç. Oba ýeri diýselerem, edil, beýdäýmeli däl-ä – diýip, ol töweregine gollaryny alaçsyz ýaýdy. Soňra Krasnowodsk oblast bilim bölüminiň başlygynyň orunbasary Satlykgulyýew çykyş etdi. – Sapaklar, ministrlikden gelen komissiýanyň gelen netijesi ýaly, gaty gawşak. Mugallym şu komissiýanyň geljeginden habarly bolup, okuwçylary nädogry taýýarlapdyr. Klasyň bezelişiniň howul-haralygy bildirip du. Özüm bolsam-a bu sapag ikilikden ýokary baha goýmazdym. Soňra raýon bilim bölüminiň wekili Ýoldaş Abdyllaýew söz aldy. – Ýöne birhillli-läý. Özüm bolsam-a, ýokardan gelen şeýle uly adamlaň öňünde şuň ýalak sapak geçmäge utanardym. How, beýle gömük bolsaň, biz dagy bar, soramaly ekeniň-dä. Sen gazetlere birki sanak biderek makala ýazyp, bizden soramagy özüňe kiçilik bilýeň. Menem, sapak juda gowşak diýen pikire goşulýan. – Kany, ýuldaş Külbekow, siziň-te pikiriňizi tiňleýli!. – Külbekow synasynyň bir ýeri çydap bolmajak derejede awap duran ýaly, ýüzüni erbet çytyp ýerindwen turdy. – Menem Amanly aganyň-da pikirine-de goşulýan, Durdy Gylyjowa-da ýok diýip biljek däl. Näme, aýdyp. Özüňiz gördüňiz-ä, sapak bulam bujar. Hany iş plan, hany kitap, hany beýleki görkezme esbaplar. Mugallym sapak geçip durka klasy, okuwçylary, bizi äsgerenok. Bu ýaş oglana beýle klasy, taýýarlykly okuwçylary başda bermeli däl ekeni. Biz kör däl-ä. Bu ýerde başga bir mugallymyň azaby ýatyr. Häli Çaçy Taýçyýewnanyň aýdyşy ýaly, taýýar aşyň eýesi boljak bolýar, ol. Ol beýle gitse, bu okuwçylary kör goýar. Men ýüz görüp, gapyrga syrjak däl. Sapak juda gowşak, protokolda-da şeý diýip ýazýaryn. Soň Najyp Abdylhajypowiç söz aldy. – Mugallym ýaş. Sapak kowşak. Tema bulam-buçar. Eý-wa-aý, Nime etme kereg. Eh, mugallym, bolmaýdy. Sengä öwreniş kereg. Raýon bilim bölümi günäkär. – Ol ýoldaşyň ýüzüne seretdi-Mugallyma diňe edebiýatdan sapak bermek bilen düzgüni bozsaňam, nige metodik kömek bermeýsiz. Nige parlag keçirmeýsiz. Eger siz ýüz körüş işleýseňiz, biz bu sokda Aşkabatdan munda kelmezdik. Mekdepniň müdiri günäkär. Nige kontrollyk etmeý siz. Biz ministrligiň kollegiýasynyň ýörite topary. Bu mugallymyň sapagyna ikilik koýamyz. Ol oturyp, oturmanka Ejeş mugallym ýerinden turdy. – Ýoldaş mugallymlar, sizi Türkmenistanyň Magaryf ministrliginiň kollegiýasy ýaş mugallym Mergen Ataýewi sud etmäge iberen eken. Siz «aý, bular oba adamlary, hiç zada düşünmeýändir» öýtmäň. Bizem gowy näme, erbet näme gowy bilýändiris. Siz, Durdy Gylyjowyç, Kalugadaky, Tblisidäki usuly täzeligi ilki öz kämilleşdiriş institutyňyza salyň. Biz siziň geçirýän kurslaryňyzda bäş sapar bolduk. Özüm-ä dogrusy, şeýle institut üçin, mukaddes bilimiň öňünde utanýan. Siziň institutyňyzyň mugallymlary ol-a metodika eken, iki sözüň başyny çatyp bilenog-a. Ýene bu ýerde akyl satan bolýarsyňyz. Siz, Külbekow, nämäňize gepleýäňiz, siz araky leksiýaňyzda klasy saklap bilmän iki sapar masgara bolduňyz-a. Men Satlykgulyýew, Ýoldaş Abdylla bilen soň gepleşerin. Ýöne men Mergen Ataýewiň sapak geçişine-de, klasy saklaýşyna-da, özüni erkin alyp baryşyna-da juda buýsandym. Sag boluň, Amanly aga. Siz nähilem bolsa, sapaga dogry baha berdiňiz. Biz siziň ýalylaryň bahasyna mätäjem däl, öz bahamyzy özümiz keseris. Ýöne gerekli ýerinde utanman şu pikiriňizde durup bilseňiz bolar... Nejip aga siz indi otuz ýyl bäri mugallymlara akyl öwredýäňiz. Emma şu döwrüň içinde mugallymlar siziň çalgyrt diliňizde ýekeje agyz hoş söz eşiden däldir. Men mugallyma töhmet edýän iki ýüzli içalylary mekdebimde saklap biljek däl. Edil häziriň özünde mekdebi, klasy boşadyň!.. Mergen doňup galdy. Ol bu mekdebe işläp başlany bäri, Mekdebiň müdiri Ejeş mugallymy kim näme diýse, oňa agzyny öwweldip, «bolýar» diýip ýören, gowşak aýaldyr öýder ýörerdi. Ýöne ol bu gün ondan gaty razy boldy. Ejeş mugallym gapynyň agzyna bardy-da, soň Mergene bakan, yzyna öwrüldi. – Ataýew, häziriň özünde klas žurnalyňy al-da, meniň ýanyma gel. Özüňem, çaltyrak gel. Mergen barlagçylar ygam-sagam bolup, klasdan çykandan soň, gapyny gulplar müdiriň kabinetine bardy. Ejeş mugallymyň ýaşly gözleri dym gyzyldy. Ol gözlerine süpürdi.. . – Mergen, sag bol, dogan. Men seni beýlesiň öýtmeýärdim. Sen ýaňkylaryň aýdanlaryna üns berme. Olar nähilidir bir ýaman matlap bilen zor edilip iberilen adamlar. Sen şuny ýadyňda sakla, eger şu mekdepden gitmeli bolsa, ikimizem bile gideris. – Näme üçin beýle edýärler. Heý, beýle-de bir töhmet bolarmy? Işikde uly adamyň üsgülewügi eşidildi. Içeri sekretar gyz girdi. – Barlagçylar geldi. Ejeş mugallym agyly ses bilen: – Olardan barlagçy bolmaz. Töhmetçiniňem baryp ýatany olar. Güm bolsunlar. Ýok bolsunlar mekdepden. – diýip, agyly ses bilen gygyrdy. Mergen şondan soň boýnuny sallap, dyzyna ýetýän garyň içi bilen öýüne gaýtdy. Ertesi raýon bilim bölüminiň öňe düşmegi bilen Mergeniň okadýan üç klasy 1-nji mekdebe çagyryldy. Şol ýerde olardan diktant, beýannama, edebiýatdan geçilen temalar boýunça ekzamene meňzeş, ýöne ondanam berk talap bilen barlag işi alyndy. Ýöne bu işlere Mergeniň özi gatnaşdyrylmady. Mekdepden diňe Çaçy mugallym beýemçilik edýärdi. Mergen agşamky mekdebe sapagyny okatmaga bardy. Ol sekizinji, dokuzynjy, onunjy klasda programma laýyklap edebiýat sapagyny geçdi. Onuň üç sapagyna-da Aşgabatdan gelen barlagçylar, raýon bilim bölüminiň wekilleri, 1-nji mekdebiň dil, edebiýat mugallymlary gatnaşdylar. Okuwdan soň geçilen sapaklar 3-nji mekdepdäkiden gowşagrak hörpde ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýöne. Şonda-da barlagçylar toparynyň pikirinde kän bir üýtgeşme bildirenokdy. Barybir, olar klasyň bezelişindenem beter, sapagy püçege çykardylar. Bilim bölüminiň müdiri Aga Mergenowyň sapaga beriýän bahany az-kem ýumşatjak bolmasynyň peýdasy degmedi. – Men-ä bular ýaly barlagam, barlagçam gören däldirin – diýip, ol Mergen ýeke galandan soň, onuň ýanynda derdindi. – Ýöne, atdaş jan, gül ýaljak sapak geçdiň. Berekella! Mergeni geň galdyran zat ol däldi. Olar her okuwçynyň edebiýatdan aýdanlaryny diňlemek bilen oňman, olaryň sesini magnit lentasyna-da ýazdyrypdyrlar. Ol şoňa geň galýardy. Toparyň şol agşam Çaçy mugallym öýüne çagyryp, myhman alypdyr diýen gürrüň ýaýrady. Soňam ertesi awtobusa mündirip, Aşgabada ugradypdyr. Ýanwar aýynyň ýigrimisine ministrlik tarapyndan henize, bu güne çenli bolmadyk bir ýagdaý bolup geçdi. Ministrligiň kollegiýasynyň karary bilen Garrygala raýonynyň edebiýat mugallymy Mergen Ataýew hünärine laýyk gelmeýändigi üçin mugallymçylyk kärinden boşadyldy. Ol gün Mergeniň keýpi kökdi. Araky ýagan agyr gardan soň, howa birenaýy açyldy. Rejep aganyň kaliý dökünlerini döküp, aýazly gijelerde, sörtükli gündizlerde tüsse tütedip, ýyly suwlyja bulamak guýup, goraglan kartoşkasy paşyrdap ösüp başlady. Iküç günlük yssyda tutuş dünýä ýazylyp, ýaýnap gitdi. Şondandyr-da, Kolka müjük ýoldaşlary bilen Nobaraly aganyň alyna geldi. – Kurluşyk başlaçak, däde. Nobaraly aga olara kes kelläm garşy boldy. – Ýok, ýok-la, men-ä size gurluşyk ynanyp biljek däl, ballym. – Näme üçin diýip, Allaberdi pişik mawdar gözlerini elek-çelek etdi. –Hana, jaýy bir gör, näme kemi bar? Ýaşuly gazan ýaly kellesindäki pyrsýan telpegini eline alyp, gep nokatlady. Maňa siziň alty aýda gurup beren el ýaly jaýyňyz gerek däl. Men nowruzda bu oglan öýli-işikli etmekçi. Ýeri, men ony nirä salaýyn?! Bu akgan-dökgenlikde, toýy nirede edeýin! Men Gyzylarbatly ussalar bilen kepleşdim. Olar dört adam bolup, nowruza çenli jaýyňy gutaryp bereli diýip boýun aldylar. Men şolary getirjek. Sag boluň, siz gaýdyberiň... Usssalar Nobaraly aganyň sözüni yzyna almajagyny bilip, Mergene tutunyp başladylar. – Mergen jan, byzam saňa nouruza çenli jaý kurup bereli. Ýöne bize pul kereg. Egar islesen, kiçe-de bu ýerde ýatyp işleçek. Sen razy bol. – Eger, nowruza çenli işlejek bolsaňyz, agşamlaryna işlejek bolsaňyz, onda men agam bilen gürleşip göreýin. Mergen Nobaraly agany öýe çagyrdy. – Däde, olara näme diýýäň. Nobaraly aga köşeşer ýaly däldi. – Bally, olary berkiräk tutmasaň, jaýyň geljek ýylyň nowruzyna –da bitmez. Galanynam özüň bil. Hakykatynda, jaýyň esasy bölegi bitipdi. Podwal, basgançaklar, aralyk sütünler guýulypdy. Indi diňe ikinji gatyň kerpijini örüp, pol, patalok, gapy, aýna goýaýmalydy. Gurluşyga gerek enjamlar artygy bilen ýeterlik taýýardy. Nobaraly aga olara juda berk daraşdy. – Näme iş bar. Alty gapy, alty aýna. Bar kerpiji bir günde örüň, iki günde aýna, gapyny goýuň, iki günde pol uruň, bary-ýogy bäş alty günlük iş-ä ol. Siziň öňüňizde bolsa altmuş gün bar. Size hem hak bermeli, hem üç wagtyna nahar bermeli. Onuň üstesine-de, ýarym ýyllap näziňizem çekmeli. Halys Mergen jan «Däde, goý, şular işlesin» diýip duransoň, oňa dözemän, nalaç razy bolýan. Ýöne bilip goýuň, çala buýtar-suýtar, hallaň-sallaň bolsa, menden gowulyga garaşmaň. Bu elinje gazançlyja kärlerinden tamalaryny üzeňkirlän ussalar, bu işiň şowly çözülmegine begenişip, höwes bilen işläp başladylar. Mellek, mallar, towuklar barysy gül ýalydy. Rejep aga özbaşynajyk hiňlenip. Mal garalara, ekinlere özmaýdalyna esewan bolupjyk ýördi. Mergeniň göwnüne bolmasa, Rejep aganyň ýüz-gözüde doluşyp, ýigdelen ýaly bolupdy. Ol indi her ýekşenbe güni raýon merkezindäki öýüne gidip gelmäni çykardy. – Şu şaltaý-paltaý aşak ýöne ýere gidenok. Ol özüne bir gelinjik tapyp ýör öýdýän – diýip,Nobaraly aga Mergen bilen ikiçäk galanda gülüp aýtdy. –Bolmasa, öýeräýmeli şuny. – Jaý ýetişsin, nesip bolsa ikiňizem öýerjek. Şükür, ýagdaýymyz-a bar! – diýip, Mergen çyny bilen aýtdy. Ol iýip-içenden soň kagyzlaryny dörüp,. öňden bäri ýazyp ýören gündeligemi, nähilidir bir kyssa eserine meňzeş ýazgysyny eline aldy. Ol öňki ýazanlarynyň üstüne bu bolup geçen wakalary gyzykly edip ýazdy. Esasan hem ol Külbekowyň gazaply keşbini, Najyp aganyň çalgyrt gepläp sözleri, sözlemi, pikiri düýt-müýt edişine köpräk gyzyklanma berdi. Ahyrynda, Çaçy mugallymyň Aşgabatdan gelenleriň öňünde boluşlaryny, Ejeş mugallymyň merdana keşbini usullyk bilen beýan etdi. Soň depderini ýapdy. Daşyna «Oba mugallymy» diýilip ýazylan bu uly depder indi dolup barýardy. Mergen işi näçe başyndan agdyk bolsa-da, bu ýazgysyny goýanokdy. Şonuň üçin bu depdere ýazylan ýazgylar onuň her gününiň şaýatnamasy bolup biljekdi. Ýöne oňa birneme çeperçilik ýetmeýän bolmagy mümkindi. Mergen häzir diňe ýazýardy. Ol başga niýeti golaýyna getirmeýärdi... Ol hat-petek işlerini tamamlap, goş-golamlaryny alyp, tigirine atlanyp, mekdebe bakan ugrady. Bu gün birinji gün bolansoň, onuň diňe gündizki mekdepde okuwy bardy. Häzir bolsa ol, öňden gelýän däbine görä, okuwçylara ýazuwdan, dilewarlykdan sapak bermelidi. Onuň «bäş tegelek» kadasy boýunça sapak berýän okuwçylary indi şahyrlyk hetdine golaýlap barýardy. «Nesip bolsa, okuwçylarym, onunjy klasy tamamlaýançalar duranja bir keramat bolarlar. Ynha, ýene on ýyldan olaryň her biri bir deräniň şiri bolar. Iň bolmanda, gaty gowy adamlar-a bolarlar. Şolam, az däl ahyryn. – diýip, Mergen tigiriň üstünde süýjüje oýlandy. Mekdep gum-guklukdy. Ertirki okuw ýaňy başlanyp, okuwçylar birinji arakesmä çykmandy. Klaslaryň birinden Çaçy mugallymyň iniňi tisgindiriji sesi gelýärdi. Mergen «şular ýaly ýakymsyz sesli mugallymy mekdebe, okuwçylaryň ýanyna ýanaşdyrmaly däl-ä» diýip oýlanyp barşyna, klasyny açyp, oňa girip gitdi. Jaň boldy. Işik kakyldy. Uly klasyň okuwçylarynyň biri klasy açyp, içeri boýnuny uzatdy. – Mugallym, Çaçy mugallym siz müdiriň kabinetine barmaly – diýdi – diýip, işigi daşyndan ýapdy. – Näme beýle gyssag iş barka? Häzir meniň okuwçylarym gelmel-ä – diýip, Mergen närazy halda hümürdedi. Soň klasyny gulplaman: «Okuwçylar gelse, girip oturybersin» diýip, oýlandy-da, çagyrylan ýerine bakan ugrady. Sekretar gyz işigiň daşyndan kabinetde bolýan gürrüňi diňläp duran eken. Ol Mergeni görüp, ýüzüni-gözüni kürşerdip, gaýra çekildi. Mergen: – Aýyp bolar, iliň gürrüňini diňlemek – diýdi. – Ol gyz dodagyny burdy. Mergen ony görmedi. – Giribermelimi? – Ol gyza seretdi. – Giriberiň. Ol içeri girende Ejeş mugallymyň aglap oturanyny gördi. – Men näme edeýin, ministriň buýrugy şeýle. – diýip, bilim bölüminiň müdiri Aga Mergenow janygýardy. – Salam mugallymlar! Aga Mergenow agyr ýüzüni kese sowdy. – Salam, geç, otur. – Onuň sesi janagyrly çykdy. Hiç kimden ses çykmady. Birsalymdan Aga Mergenow resmi gepledi. – Ýoldaş Mergen Ataýew, sen ministriň hut özüniň, şeýle hem komissiýanyň karary bilen, hünäriňize laýyk gelmeýändigiňiz üçin, şu günden, ýigirminji ýanwardan işiňizden boşadylýarsyňyz. – Ol öňündäki ýüzi ýazgyly listi Mergeniň öňüne süýşürdi. – Alyň, okap, «Tanyşdym» diýip, goluňyzy çekiň. Okaň, soň... Mergen okaman goluny çekip goýberdi-de ýerinden turdy. Ol Ejeş mugallymyň hasratly ýüzüne seretdi. – Onda, mugallym, sag boluň. Ejeş mugallym atylyp ýerinden turdy. – Mergen, dogan, gynanma! – Onuň sesi gazaply eşidildi. – Seni kowsalar, menem işden gidýän. Men beýle töhmede, beýle adalatsyzlyga çydap biljek däl. – Ol çekerini açdy-da, ýazgyly kagyzy Aga Mergenowyň öňünde goýdy. – Ine, arzaň, ine kabinetiň, han-a mekdebiň, nesip etsin! Aga Mergenow aljyrady. – Ejeş, Ejeş, sen beýtme! Dur. Hany, dur-sa-na. Ejeş mugallym kabinetinden Mergeniň yzyna düşüp çykdy-da, onuň kabinetine girdi. Klasda okuwçylar bardy. Ejeş mugallym şonda-da Mergeni gujaklady. – Dogan, men seniň kyn günüňde kyýamatlyk doganyň bolaýyn. Sen ýüregiňe alma, sen gynanma. Tutuş ministrlik bolup, şol samsyk ministr bolup, garawsyz, hossarsyz, howandarsyz ýetim oglana garşy durýan bolsalar, menem seniň tarapyňda. Ýöne sen gynanma, dogan. Ol çykyp gitdi. Mergen gözlerini mölerdişip, hiç zada düşünmän oturan okuwçylara seretdi. – Sag boluň, çagalar. Meni şu günden işimden boşatdylar. Ýöne siz meniň öwreden zatlarymy ýadyňyzda berk saklaň. Geljekde türkmeniň beýik ogullary bolup ýetişip, adalatsyzlyga, ikiýüzlülige, adamçylykdan çykma garşy siz göreşmelisiňiz. Bolýar, sag boluň. Gaty gowy okaň! Okuwçylar klasdan çykdylar. Mergen kitaplaryny, depderlerini howlukman ýygnady. «Görkezme esbaplarym menden ýadygärlik galsyn». Ol gowy okuwçylaryň bäsleşiginiň netijelerine niýetläp öz satyn alam ruçkalaryny, sagatlaryny, bloknotlaryny howlukman howlukman, tertiplije ýygnady. Soň tigiriniň arkasyna daňyşdyrdy. Öz eljagazy bilen guranja klasy bilen özüçe hoşlaşdy. Indi gapyny gulplap, açary mugallymlar otagyndan asaýmak galdy. Gapy kakyldy. Mergen ýerinden turdy. – Geliberiň! Işikde Maýa Meredownanyň owadan didary göründi. Ol girip gelişine: – Salam, girmek bolarmy? – diýdi. – Ol işigi ýapdy. – Geçibereýinmi ýa-da şu ýerde durmalymy? – Geliň, geçiň. – Mergen Maýa Meredowanyň ter, näzik ýüzüni, kirpikleri çogup duran pyýala ýaly gözlerini ýakyndan synlady. – Näme, ýüzüň salyk-la, ýa gelenimi halamadyňmy, ýa başga zatmy? – diýip, ol çalt-çalt gepläp Mergeniň howuny basdy. – Ýok-la, hemmesi gül ýaly. Maýa Meredowna başyny stoldan galdyryp bilmän oturan ýigidiň üstüne abanyp durşuna: – Men näme üçin geldim diý? – diýdi. Mergen oňa gözlerini mölerdip seretdi. – Gepiň keltesi – diýip, Maýa Meredowna hökümsiräp gepledi. – Sen meniň näme üçin gelenimi bilýäň – diýdi. – ... – Sen meniň bäş-alty hatymy aldyň. Aldyňmy? Aldyň gerek. – Aldym. – Mergen baş atdy. – Sen Sonýa Babaýewanyň, Ejeş mugallymyň men barada aýdanlaryny eşitdiň? – Eşitdim. – Hany, jogap! – Maýa Meredowanyň sesi has hökümli çykdy. – Her bir sowalyň jogaby bolmal-a, Mergen. Mergen hor, edil bir seçek ýaly uzyn barmaklary bilen keltejik bejerilen saçyny yzyna darady. Soň öz häsiýetine, mylaýym sesi bilen: – Maýa Meredowna – diýdi. Maýa Meredowna güýçli gollary bilen howany salgylady. – Maňa jog-ap gerek, jogap! Mergen penjirä tarap seretdi. – Men öýlenmäge taýýar däl! Jogap şol. Maýa Meredownanyň öňem pyýala ýaly gözleri hanasyndan böwsülip çykarly göründi. Ol içiniň bar ýangyjyny Mergeniň üstüne pürkene döndi. – Sen näme, erkek dälmi? Ýa gezip ýören tüntawmy? Mergen ýerinden turdy. – Maýa Meredowna, bagyşlaň, Çyzykdan geçmäliň. Men siziň teýenäňizi çeker ýaly hiç zadyňyz däldirin. – Men onda näme etmeli? Ömrüm ötýänçä garaşyp ýörmelimi? – Ony maňa näme üçin aýdýaňyz. Öýlenmek meselesinde sözi oglan ilkinji aýtmaly dälmidir. Maýa Meredownanyň ýüzi-gözi üýtgedi. – Hany ol diýýän oglanlaryňyz? Nirede? Men seni arassa, ýetim, ýokary bilimli diýip haladym. Söýdüm! Özüm sawçy iberdim. Hat ýazdym. Ine, indem, gyz boýumy masgaralap, üstüňe geldim. Meni gujak açyp garşylamaga derek, ýüzüňi sallan bolýaň, meniň başyma. Ýa indi meniň özüm, şeýdip: – Ol Mergeni duýman durka gujaklap, ogşady. Soňam gujagyndan sypdyrmady. – Ogşap, gujaklamalymy! Mergen atylyp ýerinden turdy. – Bes ediň. – Ol işigi görkezdi. Çykyň. Men işigi gulplajak... Maýa Meredowna iň öňdäki parta geçip, aglap başlady. – Meniň näme günäm bar. Söýdüm, haladym. Gowy wezipäm bar. Baýlygym, jaýym, malym, enem-atam bar. Men olary özüme dözemok. Bary seniňki. Baryny al, Mergen, ýöne meni ýakma. Ol hem aglady, hem ýüregini dökdi. Onuň sözi boýunça bu gyza söz aýdýan ýigitleriň sany-sajagy ýokmuş. Wezipeli adamlar hem: «Sen razy bolsaň, aýalymy, çagalarymy günibirin taşlajak» diýenlerem känmişin diýen manyny aňlamak bolýardy. Ýöne Mergen sesini çykarman, bu gyzy diňledi. Iň soňundan hem: – Siz, Maýa Meredowna, maňa bil baglamaň. Häzir-ä meniň öýlenme niýetim ýok, bolaýanda-da, siz däl! – diýip gygyrdy. Bu söz Maýa Meredownany wagşyýana bir keşbe getirdi. Ol ýüz-gözüni hyrsyzlandyryp, Mergene topularly göründi-de yzyna gaýtdy. Şol gelşine-de Mergen üçin ýat bir şerraý ses bilen gygyryp başlady: – Sen, ýetim ýer çeken, Özüňi kimdirin öýdýäňmi? Men aýdaýyn, seniň kimdigiňi. Sen ýedi gapyda ýer tapmadyk ýetimçe, gedaý betbagt! Senmi, indi maňa at dakjak. Bar, bar, gümüňi tap. Seniň ýaly porsy ýetimçä baranymdan, ite baranymy gowy görerin. Porsy meýit diýsäni. – diýip, gapyny güpürdedip, ýapyp gitdi. Mergen klasyň gapysyny gulplap, açaryny asmaly ýerinden asyp, tigirlije mekdebiň howlusyndan çykanda Gün dik depä galypdy. Nämüçindir, Mergeniň häzir öýe gaýdasy gelmedi. Onuň kimiňdir biriniň ýanyna baryp, derdinişesi geldi. Içiňi ýakaýyn diýen ýaly, onuň şu uzyn, giň jülgede ýekeje-de dosty, syrdaşy ýokdy. Ol tigiriniň şahyny merkeze tarap öwürdi. Poçta bardy. Ol baryp noýabr aýynyň ortalarynda «Sowet Türkmenistany», «Türkmenskaýa iskra», «Edebiýat we sungat», «Ýaş kommunist» gazetlerine, «Sowet edebiýaty» žurnalyna abuna ýazylypdy. Bu gün ýanwar aýynyň ýigrimi bäşi bolsa-da, oňa ýeke gazetem baranokdy. Ol şol meseläni anyklaşdyrmaga wagt tapman ýördi. Onsoňam, ol öýüne telefon çekdirsem diýýärdi. Dogry, Mergeniň özüniň telefon etjek ýeri ýokdy. Ýöne öýdäki ýaşulularyň «wah» telefon bolsady diýýän wagtlary bolaýýardy. Ol poçta bölüminiň başlygynyň ýanyna bardy. Başlyk ýok eken. Ýöne aragatnaşyk bölüminiň başlygy poçtanyň howlusynda köw-söw edip ýördi. Ol Mergeniň salamyny zordan aldy. Mergen salam berdi. – Ýöri, näme? – diýip, uzyndan daýaw pyýada it ýylgyryşyny etdi. – Maňa aragatnaşyk bölüminiň başlygy gerekdi. Ol pyýada sowuk ýüzüni kese-kese sowup durşuna: – Men – başlyk! Ýöri, näme edersiň? Mergen bu pyýadanyň özüni alyp baryşyny halamady. Şonda-da öz niýetini duýduryp galdy. – Men öýüme telefon çekdirjekdim. Arzany kimiň adyna ýazmaly? Ol pyýada köçeden geçip barýanlaryň birine elini galdyryp durşuna: – Biz telefon üçin arza alamyzok – diýdi. – Telefon diňe ýolbaşçylaryň, uruş inwalidleriniň öýüne çekilýär. Onsoňam, ispolkomyň başlygynyň görkezen adamsynyň öýüne çekilýär. Bizde artykmaç nokat ýok. Mergen ýaş ýigide golaýrak bardy. – Siziň adyňyz näme? – diýdi. – Adymy näme etjek? – Mergeniň agzyna siňek gonduryp, her görene hakyny iýdirip ýöresi gelmedi. Men şu ýyl uniwersiteti gutaryp şu raýona işe geldim. Maňa gulluk wezipäm boýunça, öýüme gyssagly telefon gerek. Ol pyýada Mergeniň hor, şilliň ruhy könelip, keýpi gaçan ýüzüne, boýuna-syratyna göwniýetmezçilik bilen seretdi-de. Güldi. – Sen uniwersiteti şu ýyl gutaryp gelen bolsaň, bizde uniwersiteti on ýyl öň gutaranlaryň arzasy leýis bolup ýatyr. Mergeniň gahary geldi. – Sen onda meniň adymy belle. Maňa Mergen Ataýew diýýändirler. Gazetlerde tankydy makalam häli-şindi çykyp durandyr. Şujagaz sözüň, bu bolşuň bilen işjagazyň bilen hoşlaşmaly bolaýma. Men telefon çekdirmän-ä goýman. Ol pyýada: – Barsan-aý! – diýd-de, kabinetine geçip gitdi. Mergen onuň yzyna düşüp, başlygyň kabinetine bardy. Ol sesini gataltmasa-da, dogumly gürledi. – Siziň bolşuňyz nähili? Şu edara döwlet edarasy. Konstitusiýa boýunça ýurdymyzdaky her bir döwlet edarasy ilatyň arzasynam almaly, arzynam diňlemeli. Oňa jogabam bermeli. – Men şony edemok-da. – diýip, başlyk Mergeni äsgermän aýtdy. Saňa telefon gerek bolsa, bar ispolkoma. «Şuňa telefon çekmeli» diýip, hat bersinler. Mergen başlygyň garşysyna geçdi-de, onuň öňünde duran kagyzdan birini alyp, arza ýazmaga oturdy. Ýaş başlyk işigiň agzyna bardy. – Çyk, men kabineti gulplajak. Mergen arzasynam ýazmaga ýetişmän, alaçsyz kabinetden çykmaly boldy. Ýöne bu gün onuň depesinden inen «gara daşyň» awusy ýüreginden hiç çykmaýardy. Ol darajyk koridorda bir salym boýnuny sallap durdy-da edaranyň telegraf bölümine bardy. Şol ýerden ýörite kagyz alyp, ýazyp başlady. Türkmenistanyň Magaryf ministri Baýram Nuryýewe: «Meni tankydy makala ýazanym üçin Siziň buýrugyňyz bilen, ýanap, mugallymçylyk işimden boşatdylar. Meni öňki mugallymçylyk kärimde işlemäge hemaýat etmegiňizi soraýaryn». Garrygala raýonynyň 3-nji orta mekdebiniň dil we edebiýat mugallymy Mergen Ataýew.» Ol şeýleräk haty «Prawda» gazetiniň, «Uçitelskaýa gazetanyň» Aşgabatdaky habarçylyk punktyna, «Türkmenskaýa iskra» gazetiniň redaksiýasyna ýazyp, telegraf kabul edýän geline gowşurdy. Puluny hasaplaşdy. Soň tigirini münüp, öýüne gaýtdy. Ol ýolboýy: «Her iş etselerem, mugallym bolup işlärin. Olara özümiň dogrulygymy subut ederin» diýip, öz özüne göwünlik berip geldi. Şeýdibem, ol Güni ýaşyryp, öýüne geldi. Ony Nobaraly aga ýylgyryp garşy aldy. – Geldiňmi, bally?! Mergeniň haly harapdy. Ol şonda-da ýylgyran boldy. – Synladyňmy? Muny nähili gördüň? Mergen ýaşulynyň elini uzadan ugruna garady. Täze jaýyň işiginde lowurdap duran täzeje «Wolgany» ýaňy görüp galdy. – Myhman geldimi? Ýaşuly Mergeniň bu sowalyna ýylgyrdy. – Gutly bolsun, bally. Işigiňe ak «Wolga» geldi. Mergeniň aňy akyr-ukur pikirlerden boşap galdy-da, olaryň barynyň ýerine begenç şuglasy çaýylyp gitdi. – O-ho, o-ho, biziňkimi, geldimi, däde! Ýaşuly begendi. Misli, onuň kalbyna Mergeniň şatlykly tolgunmasy guýulan ýaly boldy. – Seniň «Wolgaň» ogul! Garry mülke ýene döwran dolandy. Köne mülke ýene «bedew at» dolandy. At arkasy gutly bolgaý, aýagyň astynda tozgay, omyn! Mergen ýaşula goşulyp, elini ýüzüne syldy-da, gaýmak reňk, maşynyň ak ýüpek ýaly lowurdap duran süňňüni sypady. – Gowy maşyn, täzeje, akja maşyn! – diýip pyşyrdady. Eli süýt bedreli, çukurdan çykyp gelýän Rejep aga-da ýylgyrdy. – Bala, mübärek bolsun! Gutly bolsun, toýly bolsun! – Bile bolsun Ata, däde bile bolsun! Olar keýpiköklük bilen saçagyň başyna geçip agşam şamyna başladylar. Köne mülk ilkinji şirin miwesini berip başlady. | |
|
√ Ojak -2 -nji kitap -5: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Ýolbars bilen towşanyň duşuşygy - 30.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -15: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -6: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Agyr hassalyklaryň biri - wezipeparazlykdyr - 22.06.2024 |
√ Köne mülk -12: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Gala -3: Är garrar, ar garramaz - 11.02.2024 |
√ Bäşgyzyl -19: romanyñ dowamy - 01.11.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -18: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -29: romanyň dowamy - 12.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |