06:20 Köne mülk -10: romanyň dowamy | |
5.
Romanlar
Mergen sagat dörtde sagadyň sesine oýandy. Mergen üçin indi kyn günler başlanypdy. Ol işikdäki süýt berip duran göleli sygyry, her gün kyrk-elli ýumurtga berip duran elli towugy idetmelidi. Her günde iki bedre süýdi raýon merkezindeäki bazara eltip, çigit satyp oturan Bibi daýza eltip gaýtmalydy. Okuwdan çykanyňdan soň gabyňy, puluňy alyp gaýtmalydy. Satyn alnan towuklar her günde kyrk, kyrk bäş ýumurtga berýärdi. Gündeki ýumurtganyň özi tutuş bir bedre bolup durdy. Mergen ýumurtgany mekdebe alyp gidýärdi. Şol ýerde klaslary syryp-süpürýän aýallar ony ýerleşdirip berýärdi. Mallary günortan gelip suwarmak iýmlemek hem onuň üstünedi. Olaryň üstüne işikde dört ussa agyr işläp ýördi. Olaryň hem günortanky çaýyna, çöregine göz-gulak bolmalydy. Rejep aga bolanlygynda, bu işleri Mergene ýetirenokdy. Emma arada ýaşulynyň Büzmeýinde ulurak işde işleýän kiçi ogly, ony maşynyna mündirip, alyp gidipdi. Ýaşulynyň nirä, näme üçin alnyp gidilendigini, ondan bäri on-on bäş gün geçse-de, Mergen henize çenlem bilip bilenokdy. Ýöne Mergeniň begenýän zady, Nobaraly aga, ýüz halta sementi, ýigrimi kub tagtany, elli sany boýy 7 metrlik pürsi, elinje iberipdi. Ussalar häzir jaýyň esasy bolmaly çukuryny gazyp, onuň gyralaryna beton guýup ýördüler. Mergen ussalary naharlamagy öz üstünden aýyrdy. Ol olara her aýda kolhozyň skladyndan bir goýun alyp berýärdi. Ol işden soň çörek dükanyna baryp, bäş buhanka çörek alyp gaýdýardy. Ussalara öýüni, gazy, gap-gajy ynanansoň, olar öz günlerini özleri görýärdi. Emma Mergeni heläk edýän zat başgady. Bir topar, henize çenli äre baryp bilmedik gyz Mergene azar berip ugrapdy. Şolaryň ilkinjisi bolsa, goňşy gelin Agagüldi. Ol Mergen işden geldigi, edil şol öýüň ýasawyly ýalydy. Aslynd-a, Mergeniň tebigaty ýumşagam welin, emma aýal-gyz meselesinde, ol alaçsyzdy. Ol Agagüle ýeke agyz «Göteril, şu öýden» diýip bilenokdy. Ol gelin bolsa, indi Rejep aganyň ýokdugyny bilensoň-a, öýüne gaýtmagam islänokdy. Ony ol diýseň, Sonýa Babaýewna-da her gün oňa telim jaň edip, Mergeni gaty aljyradýardy. Maýa Meredowna bolsa, ol aýala jaň etdireni bilenem kanagat etmän, her gün bir salkyn mekdebe aýlanyp gidýärdi. Ol gidýärem welin, Ejeş mugallym gelip, Mergeniň gulagyny gazap başlaýardy. – Mergen Ataýew, gül ýaly gyz-a, öýlen-de, hezil et-de ýör-dä. Mekdebiň gykylygyndan, çagalaryň porsusyny ysgap ne azaryň. Ol gyz seni söýüp, ölüp-öçüp barýar-a.. Iň agyr ýeri, oktýabr aýynyň birinden agşamky mekdebiň tutuş ene dili, edebiýat sapaklaryny okadyp başlapdy. Agşamky mekdep, posýologyň merkezindäki 1-nji mekdebiň jaýyndady. Bu mekdebe ýazylan ep-esli bolsa-da, gatnaýan azdy. Gelýänlerem, ýalaň, okuwa girip bilmedikler, ýa-da öň okap bilmediklerdi. Olaram okanlaryndan çilim çekişip, warsaky aýdyşyp, bir salym oturan bolup, gaýdanlaryny gowy görýärdiler. Olaryň bary «agşamky mekdebe bir ýazylyp bilseň bolany, barmanyňda-da, okamanyňda-da, klasyňda-ha goýanoklar» diýlip, ýoň bolan gadymy ynanç dowam edýärdi. Mergen tigiri bolmany üçin, paý-pyýadalap hepdede 3-nji mekdebe üç sapar agşamlaryna bolsa 1-nji mekdebe iki sapar sapagyna barýardy. Ol «bäşinjileri az-kem ýola salandyryn» diýse, agşamky mekdebiň okuwçylary ony äsgermän, halys aljyradýardy. Mergen düşeginde oýa batyp ýatyşyna, birden çalnyp turdy. Ylgap duşa düşüp geldi. Soň çalak-çulak süpürindi-de, süýt bedräni alyp çukura düşdi. Mallar ony görüp örüşdiler. Mergen ullakan çanagy dolduryp, oňa iým, suw gatyp tirt etdi. Soň ýagşy ezilen samanyň üstüne ep-esli kepek, ýarym kilo ýaly harpyk guýup, ýene suwlap, ony ýagşy garyşdyrdy. Mallaryň aşagyny arassalaşdyrdy. Şondan soň demini alan tirti mallaryň öňündäki çanaklara bölüşdirdi. Towuklara iým berip, olaryň suwuny täzeledi. Şondan soň süýt bedräni alyp, Rejep aganyň ala donuny egnine geýdi-de, howlukman sygryny sagdy... Çukurdan çykandan soň gazany ojakda ataryp, ýuwdy. Süýdüni süzüp, aşagyna ot saldy. Soň, agşam sagyp goýan süýdüniň çig gaýmagyny süzüp, tabaga aldy-da, onam süzüp, gazana guýdy. Süýt bişýänçä işikleri suwlap, süpürişdirdi. Daýzasynyň gowurma salan pitisi boşapdy. Ol onam ýuwup, düňderip goýdy. Mergen indi bazara süýt çykarmazlygy ýüregine düwdi. Sebäbi süýt kän bir hyrydarly däldi,haýal geçýärdi. Sähel ynjasa, çüýreýärdi. Çigit satýan Bibi daýza-da: «Sen süýt getireniňden, gatyk, süzme edip getir» diýipdi. – «Süzmäni soraýan kän... Şonuň üçin ol pitide gatyp basyryp, gatygy süzme halta guýmagy niýetine düwüpdi. Eger süzme geçmäberse, ony ýaýyp, mesgesini alybam boljakdy. Süýt bişdi. Mergen süýdi pitä guýdy-da, göterip, içeri saldy. Diňe şondan soň ol sekiniň üstüne saçak ýazdy, Ýaňy çaýyny öňüne alanda ussalar geldiler. Güýzüň ikinji aýy ortalap baransoň, daňdanyň çigregi bardy. – Salowmaleýkim! – diýip Mergen Kolka müjüge salam berdi. – Salýam, başlyk. – Geliň, çaý içeliň. Kolka müjik onuň gapdalyna gelip, aýagyny sekiden sallap oturdy. – Başlyk aga maslahat bar! Mergen çig gaýmak bilen çörek iýip oturşyna ýylgyrdy. – Indi size aýlyk gerekdir! – Da, pul kerek, ikinji mesele, bu kün biz podwala beton kuýdy, kutardy. Mergen geň galdy. – Gutardy?! – Ýok, akşam kutardy, bu kün beton kuýdy. Mergen baş atdy. – Onsoň, biz kyrk beş kün işleri, soň koýdy. Mergen düşünmedi. – Beton kuraýmak üçin, berk bolmak üçin kyrk bäş kün kerek boldy! Biz kyrk beş kün başka iş etdi... Mergen käsesine çaý guýdy. – Hakykatdan hem, betonyň gatamagy üçin kyrk bäş gün gerekmi? – Kereg, kereg. Sen ussa üçin, hersi ýetmiş manat berdi! Hemsi boldy ikki üz seksen manat. Mergeniň pul dawasy ýokdy. Ussalara ondan hem köpräk bermäge taýýardy. Ýöne Rejep aganyň «dat-bidat» edip ussalar bilen şertnama baglaşyp, gol çekişip gelen nyrhy şoldy. Onsoňam, ussalar Mergeni aldaman, gurluşygy wagtynda alyp barsalar bolanydy. Aslynda ussalaryň işleýşini göreniňde, olara bu pulam az däldi. Olar irden gelişlerine, ýata-tura işleşen bolup ýördüler. Emma Mergen üçin mekdebiň işi beýle däldi. Ol edil bir ot gysymlan ýalydy. Sähel haýal-ýagallyk etseň, eliňden tyrpyp barýardy. Mergen Kolka müjügiň diýeni bilen razylasşdy. Ol ussalara puly agşam bermegi ýüregine düwdi. Sebäbi şu gün aýlygyňam beriläýmegi ahmaldy. Mergen Kolka müjük turup gidenden soň saçagy ýygnady. Süýde gönezlik çaldy. Soň çukura girip göläni enesinden aýry daňdy. Mallara ot-suw berişdirdi. Içerä, daşara birlaý seredişdirip, işe gitmäge taýýarlandy. Bu gün onuň agşamky mekdepde okuwy bardy. Şol mekdepdäki baş-başdaklyk Mergene tutuş gijesi bilen ynjalyk bermändi. Gijeki mekdebe okuwa diýip gatnaýanlar okuwça däl-de, köçe şypanalaryna meňzeşdi. Olar «Goýsan-aý, mugallym!» özleriniň ýüzleýje garaýyşlaryny ýüzüňe ýelmejek bolup durdylar. Olar mugallymyndanam, ekzameniňdenem, direktoryňdanam çekinip duranokdylar. Sähel bahana tapdyklary hem gyzyl ýumruga girişip, ganjaryşyp uruşýardylar. Mergen olaryň ýanynda beter ýumşakdy. Olary saklabam, köşeşdiribem bilenokdy. Olara ýaýaplap günüňi görmegem mugallyma gelişjek zat däldi. Ýöne ol Ysmaýyl däli diýen ýigitden oglanlaryň gaty gorkýandyklaryna göz ýetirdi. Yslam eýýäm iki sapar türmede oturmaga ýetişipdi. Onuň üçin üçünji sapar gitmek gorkuly däle meňzeýärdi. Ol ýüzi edil awulygyň sapy ýaly, juda hyrsyz oglandy. Onuň ýedi klas bilimi bolup, şu ýyl sekizinjide otyrdy. Mergeniň hyýaly, şu gün Yslam bilen gürleşmekdi. Ol depder, kitabyny, bir bedre ýumurtgany alyp ýola çykdy. Ony Aşgabada barýan maşynly oglanlaryň biri mekdebe düşürip gitdi. Mergen bara-barmana ýumurtgaly bedräni tam süpüriji aýallara gowşuryp, mugallymlar otagyndan klasynyň açaryny aldy. Oňa bir hatyň hem-de ep-eslije galam hakynyň gelendigini aýtdylar. Mergeniň elinde redaksiýalaryň bäşisinden gelen galam haky bardy. Birinden on ýedi, birinden on, birinden sekiz, birinden ýedi, birinden on iki manat. Oňa şu gün aýlygyň beriljekdiginem aýtdylar. Ol galam hakyna-da, aýlyk aljagyna-da begendi. Elli-altmyş manat onuň üçin hut häziriň özünde az pul däldi. Hiç bolmanynda özüne köýnek, beýleki gerek zatlary almaga het edip biljekdi. «Men galam hakymyň bir bölegini haty ýalňyşsyz, owadan ýazmakda tapawutlanýan okuwçylary höweslendirmäge harçlasam näderkä?» Ol diňe bäşlik aljak okuwça altyn peroly ruçka baýrak bermegi wada edipdi. Wada edilen baýragy almak üçin okuwçylar azap baryny edendigini ol duýup durdy. Görsene, iň ýokary baýraga mundan bir aý öň hem harp tanaman oturan Atabaý mynasyp boldy. «Ol duranja hazyna!» diýip, Mergen buýsanç bilen ýatlady. Ol baryp klasyny açmakçy boldy. Onuň gözi koridoryň ugrunda duran täzeje tigire düşdi. Baryp görse, tigir özüniňkidi. Ýöne tigiriň käbir ýerleri çalşyrylypdy. Mergen okuwçylaryň özünden bir habar eşidýänçä tigire üns bermezligi ýüregine düwüp, klasyna girdi. Ol Marleni indi erbet görenokdy. Onuň diýenini edip ýaş oglany öýüne-de alyp gidipdi. Ýolda, öýde onuň bilen ýürekdeş gürrüňjagazy ýola goýupdy. Bileje iýip-içip, bileje mallara seretdi, bileje-de mekdebe gaýdypdy. Şonda ol Marlene uly adamlaryň mähriniň, ýürekdeşliginiň ýetmeýändigini duýupdy. Ýöne Marlende çaga garagollygy, bir zada üns bermezlik ýaly endikler berkäp gidipdir. Ol towuklaryň ketegine girip,ýumurtgalary döwüşdirende-de, elini ýuwanda açan kranynyny ýapmagy ýadyndan çykaranda-da, Mergen bu häsiýetini oňa gatyrganyp duýdurypdy. Sebäbi Rejep aga mallara suw bereýin diýip barsa, pelleriň aralygyndaky çykurlar agzy-burny bilen suwdan dolup durmyş. Käbir ýerlerde suw kartoşka joýalaryna-da ýetipdir. Şol gün ýaşuly duşuň suw pürkülýänje jüründeginiň döwülendigini, çukura girilip, çykylýan merdiwanyň döwülendigini, synja kylynýan kündügiň ýitendigini Marlenden görüp, günibilen käýinip gezipdi. Ahyr çydaman, oglanjyga gaharly käýindi. – Nime, sen bala, eliňde, aýakyňda çüý barme! Ugra öýüňe. – diýipdi. Şondan bäri oglanjyk klasda mugallymyndan ýüz-gözüni sypjykladyp, öýkelän bolup ýördi. Öýne ol indi az-kem açylyşyp başlapdy. Okuwyna zordy. Haty bijaý owadan ýazýardy. Mergeniň şu geçen bir aýda ýeten derejesi, okuwçylar, özüne ynanylan üç sany bäşinji klasyň ähli okuwçysyna harp tanamagy, sözlem okamany, sözlem derňemegi, diktant ýazmagy, labyzly okamagy öwredip bilenligidi. Ol bu işleri diňe, diňe sapakdan daşary okuwyň hasabyna etmäge ýetişipdi. Mergeniň ýene bir höwes edýän ýagdaýy bardy. Ol özbaşdak pikirlenmegi, islendik pikiri pesden belende, belentden pese aýlamagy okuwçylaryň aňyna salmakdy. Onuň Marlen bilen baglanyşygy bolan bir wakajyk barada özleriniň pikirini aýtmagy öýe ýumuş tabşyrmagy ýöne ýere däldi. Ýöne okuwçylar bu meseläni göwnejaý işläp bilmediler. Ol okuwçylaryň heniz çagalyk, ýüzleýlik edip, birden özüm şeýle ýagdaýa düşsem nähili bolar diýen ýaly pikirlere uýandyklaryny duýdy. Ol şu gün Mollanepesiň «Ner gezgin» diýen goşgusynyň bir bendini öwretmegi niýetine düwdi. Mundan başga-da, onuň islendik sözlemi ýazmakda, beýan etmekde, belent pikir bilen beýan etmegi öwredesi geldi. Ol şu niýet bilen tagta «Ner gezgin» goşgusynyň bir bendini ýazdy. Iki adam uruşsa, geçer ýaly ýol berme, Ol birine dil berip, ol birine al berme, «Jan aga, özüň bil» diýp, her näkese ýalbarma, Kyrk ýyl maýa gezýänçäň, ýekeje ýyl ner gezgin. Ol bu bendi daşynda on sapar okady. Goşgynyň diňe gazaply, parasatly äheňi kabul edendigini anyklady. Okuwçylar gelip başladylar. Olar nämüçindir begençli ýylgyrjaklaşýardylar. – Mugallym, tigiriňizi gördüňizmi?! – diýip, Atabaý buýsançly aýtdy. Mergen olara duýgudaşlyk äheňinde ýylgyrdy. – Hawa. Men-ä öz tigirim däldirem diýip otyryn. Has başga, has gowy tigir bolupdyr. Atabaý onuň ýanyna geldi. – Mugallym, men aýtdy diýmäň. Ony biziň klasymyzyň oglanlary pul ýygnap bejerdi. Bizden size ýadygärlik bolsun!.. – diýýek. – Mugallym, tigiriň gutly bolsun! Klasa girýänler: – Gutly bolsun, mugallym! – diýýärdiler. Mergen okuwçylaryň bu çaga çözgüdine begenmänem durmady. Ol bu on-on bir ýaşlyja oglanlarda gele-gelmäne belent ynsanperwerlik duýgusyny dörederin diýip, ýatsa-tursa aňyna-oýuna-da getirip bilmezdi. Ýöne ol bu barada ýeri gelýänçä dil ýarmazlygy ýüregine düwdi. – Okuwçylar, men şu gün biraz gyssanmajyrak, sapagy gyssanmajyrak geçeliň. Hany, tagta serediň. Häzir men Mollanepesiň «Ner gezgin» goşgusyny okap bereýin. Ol bu bendi belent labyz bilen okady. Ol goşgyny diňlän okuwçylaryň gözünde buýsanç şuglasyny gördi. Ol bendi gaýtalap okap okamanka okuwçylar ellerini galdyryp başladylar. – Mugallym, menem okaýaýyn! – Mugallym, menem okaýaýyn. – Menem, mugallym! – Mugallym... Ol bir ujundan, okuwçylaryň ählisine bu bendi okatdy. Soňra bu bendi diktant edip depdere ýazdyrdy. Ýazgyly listi ýygnap alandan soň, okuwçylaryň ünsüni özüne çekdi. – Biz indi okabam, owadan, ýalňyşsyz ýazybam bilýäris! Indi biz özümiziň pikirimizi akylly, paýhasly, adamlaryň garaşmaýan görnüşinde manyly beýan etmegi öwrenmegimiz gerek. Muny näme üçin etmeli? – Akylly gürlemeli. – Dogry. – Gysga gürlemeli. – Dogry. – Mugallym, nakyl goşup gürlemeli gerek. –Dogry.. Ýöne bir ýagdaýy alyň. – Ol tagtany süpürip, ilki ullakan tegelek çyzdy. – Islendik tema barada gürläň. – Mugallym, Magtymguly barada. – Ýok, mugallym, at barada. – Aýdym-saz barada... – Geliň, ilki Magtymguly baradaky temany alalyň! Birinjiden, uly tegelek näme? Dünýä boýunça öz pikiriňi aýtmak. – 1-nji tegelek. Dünýäni, adamzady beýik, akyldar ýazyjy-şahyrlaryňň paýhasy saklaýar. Nowaýynyň, Puşkiniň, Baýronyň eserleri tutuş adamzadyň paýhas hazynasydyr. Ol uly tegelegiň içindeondan kiçiräk tegelek çyzdy. – 2-nji tegelek. Öz ýurduň, ýagny Türkmenistanyň ýazyjy-şahyrlar, olaryň eserleri hem öz halkynyň akyl hazynasydyr. Meniň ülkäm beýik akyldar şahyrlaryň watany. Magtymguly, Mollanepes, Kemine, Seýdi, Zelili, Mätäji indi telim asyr bäri türkmen halkyny beýik parasatlylyga çagyryp ýör. Ol ikinji tegelegiň içinden ondanam kiçiräk tegelek çyzdy. – 3-nji tegelek. Diňe Magtymguly barada. Magtymguly halky agzybirlige çagyrýar. Magtymguly ili-güni bir döwlet gurup, ony şirin janyň bilen gorap, şol döwletde eşretli döwranda ýaşamagy ündeýär. Mugallym üçünji tegelegiň içinden dördünji tegelegin çyzdy. – 4-nji tegelek. Magtymguly we men. Men Magtymgulynyň goşgularyny söýýärin. Magtymguly meniň obadaşym. Ol özüniň goşgusynda: «Bilmeýen soranlara aýdyň bu garyp adymyz, Asly Gerkez, ýurdy Etrek, ady Magtymgulydyr» diýipdir. Ol dördünji tegelegiň içinden kiçijik tegelek çyzdy. – 5-nji tegelek. Magtymgula obamyzyň garaýşy. Raýonymyzyň merkezinde, Gerkez obasynda Magtymguly muzeýi bar, Magtymgula ýadygärlik guralan, Magtymguly barada kinofilm döredildi Hudožnik onuň suratyny çekdi. Bagşylar onuň goşgularyny saza goşup, aýdym edip aýdýarlar. Obamyzyň iň gowy köçelerine Magtymgulynyň ady dakylan, Jemleme: Magtymguly – akyldar, ony dünýä tanaýar. Meniň Magtymgula meňzäsim gelýär! Düşnüklimi! Mugallym şu aýdanlaryny dört-bäş sapar gaýtalady. Soň okuwçylary ýekän-ýekän tagta çykaryp öz aýdanlaryny olara gaýtalatdy. Her tegelege mysal getirtdi. – Indi okuwçylar, «Mekdebiň howlusyndaky agaç» diýen temada gysgajyk diktant ýazyň. Şonda birinji, ikinji, üçünji, dördünji, bäşinji tegelek boýunça pikir ediň. Soňundanam diňe bag barada jemleme ýazyň... Ol okuwçylara diňe bäşlik baha goýdy. Sag boluň! Mergen üç klasa şeýleräk görnüşde sapak geçenden soň, ýerine geçip, stoluň üstünde ertirden ýatan bukjany eline alyp, açdy. Soň ondaky haty okap suw içen ýaly, bir demde okap çykdy. Hat Maýa Meredownadan gelipdir. Oňa bu gyzdan öňem iki hat gelipdi. Bu hatda-da, edil öňküler ýaly, Maýa öz söýgüsini bildirýärdi. Gyz maşgalanyň mertebesini saklaman «Men söýýän, köýýän» diýip ýörmesini Mergen hiç aňyna siňdirip bilenokdy. Ol özüni oýnalýan hasap edýärdi. Edil şol wagt klasa Sonýa Babaýewna hasanaklap girdi. Onuň ýüzi howsalalydy. Ol klasyň iň ahyrky partasyna geçip oturdy. – Mergen, gurdunmyň? – Sag boluň, Sonýa Babaýewna, men-ä birazajyk aljyrap ýörün, şu günler... Gelin güldi. – O näme ýaş başyňa işden basyljak bolýaňmy. Näme, aljyrap dagy... Mergen onuň ýüzüne garady. – Öýd-ä, göläm, ýaňy guzlan sygrym, elli sany towgum, ekinim eýesiz galýar. Bu ýerde-de işim, bölek-büçek. Sonýa Babaýewna gyrkylyp, owadan bejerdilen saçyny enaýy ýaýkap, nurana, owadan ýüzüni enaýyja ýaýkady. – Gözüň aksyn, Mergen Ataýewiç. Men saňa başga näme diýeýin. Maýa jan ýaly hazynany harlap ýörşüňe, basym seniň aklyňam üýtgär. – Ýok, ýok, men harlamoga. – Mergen ör-gökden gelen boldy. Sonýa Babaýewna tasyrdap ýerinden turdy-da, partany şakyrdadyp, ondan çykdy. Soň Mergene bakan ýöräp gelişine: – Giden baýlyk, mal diýseň, onda bar, pul diýseň, weşeň-weşeň, onda bar, wezipe gowusy onda bar, bal ýaly nahar bişirýär. Sen ony nikalap alyp, bagryňa basyp ýatmaly halyňa, göläm, sygyrym diýen bolýaň... Men saňa dogrymy aýdaýyn, sen yrsgal kakan, Mergen. Depäňe gonan bagty bileňok, meniň şoňa gaharym gelýär. Özüm-ä erkek bolan bolsam, şu gün öýlenjek. – Ol agyr myşlady. – Hany, sen ýa bar diý, ýa «ýok» diý. O gyzy iki jahan owarrasy edip ýörme. Mergen başyny aljyraňňy ýaýkady. – Meni gyssama. Meni gyssama çydamok, Soniçka... Sonýa Babýewna Mergeniň ýanyna gelip, onuň döşünden itdi. – Edil häzir jogap bermeseň, şu klasdan çykarjak däl. Hany, aýt!... Ejeş mugallym içeri boýnuny uzatdy. – Sonýa, seni soraýarlar... Sonýa Babaýewna yza çekildi. – Kim? Kim soraýar? Ejeş mugallym sesini çykarman, dodaklaryny yşaratly gymyldatdy. – Bol, gyz! Sonýa Babaýewna hoşlaşman, onuň yzy bilen çykyp gitdi. Mergeniň dünýäsi giňän ýaly boldy. Ol şakyr-şukur klasdan çykyp, işigi gulplap, tigirini aldy-da, mekdepden çykyp gitdi. Ol ýolboýy bu yrga meseläni nädip çözmelidigi barada oýlanyp gitdi. Mergen Maýa Meredowa bada-bat «Ýok» diýmäni üçin özüni kötekledi. Ony obada goňşy gelinem aljyradyp gidýärdi. Mergen oňa-da, näme üçindir, «ýok» diýip bilenokdy. Maýa uzagrakda bolup, hat üsti bilenmi, adam iberipmi, azar berýän bolsa, goňşy gelniň özi häli-şindi gelip, ony depeläp durdy. Onsuzam Mergeniň aladasy az däldi. Towuklary iýmlemek, mallara ot-suw berip, sygyry sagyp, süýdüni bişirip, jaýba-jaý etmek, ýumurtgalary satmaga çykarmak öň görmedik adam üçin kiçi iş däldi. Onuň üstesine, gurluşykçylar, mekdep, okuwa taýýarlanmak, günde iki-üç sapar ençe ýoly geçip, etrap merkezine gelip-gitmek ýene bir uly alada. Şu işleriň özi Mergene tutuş ömrüne, öýlenmese-de, başagaý bolup geçer ýaly güýmenje kemi ýokdy. «Süýd-ä bişirip, gatyk edip, halta guýup, bazara alyp giderin. Ýumurtgalary mekdepde aýallar minnetsiz ýerläp berip durlar. Ýöne şu agşamky mekdep, halys meniň elimi-aýagymy baglaýar. Üçünji, bäşinji günler men agşam sagat ýediden ona çenli daňylgy ýaly. Şol işimi bir gündize geçirip bolsady...» Mergen 3-nji mekdepde işini gowy ýola goýupdy. Onuň başda iň kyn, halys geň gören zady. Bäş ýyllap mekdebe gatnap, okadym adyny alan okuwçylaryň harp, hat tanap bilmezligi bolupdy. Hat ýazmak barada gürrüňem ýokdy. Bolsa-da, Mergeniň bagtyna bu mesele bäşinji klaslarda aradan aýryldy. Oňa wagtam, usulam, gaýratam, zähmetem tapyldy. Indi Mergen özüni barlajak komissiýadanam, aşakdan, ýokardan geljek barlagçydanam çekinip duranokdy. Duýman durkalar güpbasdy ediläýende-de, dilden ýazuwdan, edebiýatdan, onuň okuwçylarynyň diňe bäşlik baha aljakdygyna Mergeniň berk ynamy bardy. Indem, şol tegelekler meselesini okuwçylarynyň aňyna siňdirip biläýse, onda-ha dildenem ýazuwdanam, labyzly okaýyşdanam, pikirlenme ýaryşyndanam, okuwçylarynyň diňe şu mekdepde däl, tutuş raýonda birinji boljagynyň ujy iki däldi. Emma şu agşamky mekdep meselesi Mergene, edil agyrly diş ýaly, gije-gündiz ynjalyk bermeýärdi. Mergen tigirine atlanyp öýüne gelende, birden aňyrdan ýyldyrym çakan ýaky boldy. Ol sekiniň üstünde Rejep aganyň donuny görüp, ýüregi duýdansyz böküp gitdi. Ol: – Atam gelipdir! – diýip gele-gelmäne begençli gygyrdy. Tigirini jaýa söýäp, içeri ylgady. Öýiň içinde hiç kim ýokdy. Mergen ylgap çukuryň gyrasyna bardy. Ol başyna özbek tahýasyny geýen, bili ak ýaglyk bilen guşalan ýaşulynyň kortoşka hatarlarynyň arasynda eli kündükli aýlanyp ýörendigini gördi. – Ata, Ata jan, salowmaleýkim! Ýaşuly kündüksiz, çep eli bilen bilini tutdy-da dikeldi. – Haý, bala-how! – Mergen mellege düşüp, ýaşuly bilen gujaklaşyp görüşdi. – Ata jan, geldiňmi? – Kelip kaldym. Mergen ýylgyrjaklap boýnuny gaşady. – Ata, öýkeläýen-ä dälsiň-dä. Aýtman, birden gürüm-jürüm bolaýdyňyz-a. – Ýok, ministr ogul geldi. «Ata, bir hepde öýüme garawul bolup ber, men bir hepdelik Amirkä gidip gelmeli» diýdi-de, maşynyna mündürip, zut alyp gitdi... Olar Amirkadan gelen badyna bäri gaýtdym. Mergen ýylgyryp durşuna baş atdy. – Sen bolmasaň maňa gaty kyn boljak, Ata. Indi bir gitmeli bolma. – Ýok, indi bolmaz. Ýaşuly ýaňy ýerde goýan kündügini ýene eline aldy. – Bu näme, Ata? Ýaşuly kündügiň içini Mergene görkezdi. – Nurdan goýaltma... Kartoşka, pyýaza, sarymsaga iýmit beremen. Soň suw bermeli. Mergen ýaşula sygyr sagyşyny, towuklary iýmleýşini, öküzçelere ot-suw berişini gürrüň berdi. Soň ýumurtgalary, süýdi ýerleşdirişini aýtdy. – Näçe boldy? Mergen başyny geleňsizje ýaýkady. – Aý, men-ä şony hasaplabam göremok, ata! Ýaşuly nägile boldy. – O näme bala, somy hasaplamak gerek. Çaga olmaň. Mergen ylalaşyjylyk bilen başyny atdy-da, çukurdan çykdy. – Ata, men agşam mekdebe işe gitmeli. Häzir çaý-çörek iýip, ugraýyn... Ýaşuly işine berlip durşuna, başyny galdyrman – Meýli! – diýdi. Menem häzir baraman. Mergen gaz peçde çaý goýup, duşa girip çykýança, ýaşuly sekä geçip oturdy. Ol Mergeni görüp: – Nahar iýermiň? – diýdi. – Häzir, häzir, ata. Oturyň, özüm taýýarlaryn... Ýaşuly oňa gulagam asman nahar, çaý, çörek alyp gelip, sekiniň üstüne ýazan saçagynyň üstünde goýuşdyrdy. Soň saçak başynda agyr oýa batyp: – Wagt boldy! Keýin, zerdaly ekme kerek – diýdi. – Zerdaly – erik dälmi? – Erik, erik, men pitownigiň direktury bilen kepleşdim. Şenbe güni baryp ikimize alma kereg. – Bor, ata, ýerimiz-ä taýýar. Näçesini almaly bolsa, özüň aýdarsyň... Ýaşuly öňden baryny ölçäp, biçip goýan borly. – Kyrk däne zerdaly nahaly, on däne üzüm, iki däne alma, iki däne behi!.. Her tänesi beş som. Mergen razylaşdy. – Ata, men häzir sygyra tirt edip bereýin-de gideýin, ýöne sygyry özüň sagaweri... – Meýli!.. Sagat alty bolanda Mergen tigirine atlanyp, ýola düşüp, heniz ak öýlän mahaly 1-nji mekdebe geldi. Mekdep gum-guklyk. Ol oktýabryň birinden bäri gelip bäş-alty sapar okuw okadyp gidensoň, bu mekdebe belet bolarça bolupdy. Oňa sekizinji, dokuzynjy, onunjy klaslaryň dil-edebiýat dersini bir ölçeg edip beripdiler. Ýöne bu ýerdäki geçen okuwlary onuň okatdygy däldi. Her klasda on bäş, on alty okuwçy bolmaly bolsa, häzir her klasda alty-ýedi okuwçy otyrdy. Mugallym bolsa gelmedikleriň barysyna «gm» goýup bilenokdy. Ol žurnal temanyň adyny ýazyp, goluny çekäýmelidi. Şeýtse, mugallymyň tutuş klasy okatdygy bolýardy. Beýle ýagdaýy Mergeniň ynsaby göterip biljek däldi. Şonuň üçin ol öýünden mekdebe gelýänçä: «Okuwçy mekdebe näme üçin gelmedi?!» diýen meseläniň pikirini edip geldi. Ahyrynda, onda bu temany gowy öwrenip, «Sowet Türkmenistany» gazetine, ýa «Türkmenskaýa iskra» gazetlerinde ýiti makala bilen çykyş etmek pikiri emele gelip ugrady. Munuň üçin, temany iş edinmelidi. Haýsydyr bir klasyň okuwçylarynyň iş, öý, okuw ýagdaýyny ilik-düwme öwrenmelidi. Edip bolsa, tutuş oblastyň işçi-ýaşlar mekdepleriniň ýagdaýyndanam maglumat almalydy. Mysal üçin, tutuş respublikada işçi-ýaşlar mekdebinde näçe adam okaýar, şu gün olaryň näçesi mekdebe gelmändir diýen ýalyrak maglumaty hem alyp bolsa, almalydy. Iň esasy, bu niýetiňi gaty gizlin saklamalydy. Ol şol niýet bilen mugallymlar otagyna girip dokuzynjy klasyň žurnalyny alyp ýerine bardy. Žurnalyň yzyna ýazylan ýazga seredip, şu mekdebiň dokuzynjy klasyna gatnaşýan okuwçylaryň öý salgysyny, iş ýerleriniň salgysyny ýazyp aldy. Soň gidip, mekdebiň garawulyny çagyryp geldi. Ol ýaşuly aýaldy. – Annabibi daýza, meniň klasymyň çyralary juda körek ýanýar. Oňa 120-lik çyralary goýmaly. Şony ertir ýolbaşçylara ýetirewer. Annabibi daýza gargynjyrap başlady. – Şulara şolam kän, çagam. Bular adam çagasy däl-ä. Çyra-da bolsa döwüm-döwüm, parta-da bolsa döwüm-ýenjim, aýna-da bolsa döwüm-döwüm. Bular özleri ýaly çaganyň atasy bolsa-da, duranja äjit-mäjidiň bar-eý. Sagat ýedi boldy. Mugallymlar ygam-sagam bolup gelip başlady. Olaryň asla okatmak niýetleri ýok ýalydy. – Sen-ä ahyryna çenli okadýaň diýýeller-eý – diýip, Bekgeldi mugallym ýylgyran bolup aýtdy. – Näme, siz okadaňyzokmy? – Juk, näme üçrib okatçak. Maňa üç-dört oglan gerek. Kerpiç daşatçak. Şoňa geldim. – Ol ýüzüni berke tutdy. – Goý, okamasynlar. Kör galsynlar. Näme, höküwmet adamyň agyr işden soň okamajagyny bilmeýendir tiýýeňmi, bu-uw, bilip, aňyrsyna geçýee. Bilibem, mektep açýa?! Biýem olary okatmalymyştyk. Bu-uw! Ol açyk penjireden nasyny daşary tüýkürdi. Soň naskädisini eline alyp, oňa pitikledi. – «Ne çiş köýsün, ne kebap» bolýa bularyňky. Bir topar guwkelle, zehiniňi näçe döküber, bary beýderek. Ýöne, serewne, gelse, gelmese-de, bilse, bilmese-de, okasa, okamasa-da, klasdan klasa geçiräýmeli. Attastatam beräýmeli. Sebäbi Leýlin babaň sistemasy şeýle. Hany, sen oňa garşy gitjek bolup bir gör. Gözüňde ot ýakyljagyny bilip duransyň. Şonuň üçin ol galypdan çykyp bilenok. Onsoň, bizem, «ölüşüňe görä gömüşim edip, işläberýek. Mergen žurnalyny alyp ýerinden turdy. Mugallymlar otagyna giren Annabibi daýza: – Gapyda duran tigir kimiňki? – Ony kül etdiler-ä – diýip howsalaly gepledi. Mugallymlar topar bolup, daş çykdy. Ýaşy bir çene baran epeý pyýada tigiri ýaňyrak depilen peliň içinde sürüp ýördi. Bekgeldi mugallym saklanyp bilmedi. – Aý, pormyň gursun, Taýjyk. Sen indi mugallymyň zadyny münmäniňde, syrtyňdaky gurtlar müňküldeşip dullarmy. Goý, ýerinde, iliň zadyny, sen-ä bir utançsyz ekeniň-eý. Özüň bir topar çaganyň atasy bolup, şeýle edepsiz. Seniň çagalaryň nätüýslikä? Epeý pyýada tigiri şol ýerde taşlady-da, löp-löp edip, bäriligine gaýtdy. – Salamballek. Me-äýt, oglanaň biriniňkimikä diýdim-dänni. Bagşylla, how, mollam. «Tanamadyk – sylamaz» diýipdirler-dänini. Indi etmerik dänini. – Bar, bar, tigri mugallymlar jaýyna sal. – diýip, Bekgeldi mugallym ol epeý pyýadany gyssady. Taýjyk diýilýäni asyl, görlüp oturylsa, dokuzynjy klasda okaýan eken. Onuň yzy bilen bir topar okuwçy gülşüp, klasa girdi. Mergen klasa girdi. Klasda dokuz okuwçy bardy. Emma Yslam ýokdy. – Okuwçylar, öýe näme ýumuş berildi? – Edebiýatyň maksady. – Ol how, öňki tema bolaýmasyn. – Hany, kim aýtjak? Ýaş ýigit elini göterdi. – Aýt. – Öýe «Edebiýatyň taryhylygy» diýen temany gaýtalap gelmek tabşyryldy. – Dogry, otur. Indi kim aýdyp berjek. Mugallym Taýjygy tagta çagyrdy. – Hany, Sowhozow, sen temanyň adyny tagta ýaz. Okuwçylar, sizem yzarlaň. Taýjyk hyk-çok eden bolup tagta çykdy. Okuwçylar pyňkyryşdylar. – Nämä gülýeň-eý. Näme bir ýerim açylypmy? – Ýuwaş. Hany ýaz! Ol tagtanyň öňüne, penjiräniň aşagyna seredişdiren boldy. – Mollam, mel ýok-laý. – Mugallymyň tigirini sürmeli bolanyňd-a, baý ylgaýaň. Hany, ýaz-da... – Otur-ow, kirpi, otuz ikiňi kül edýän. – Ow, onuň agzynda protezi bar. Taýjyk sögüne-sögüne mel getirmäge gitdi. Gelibem eli bilen tagtany süpürdi. – Mollam, esgem ýo-laý. – Bar getir-deý, ýöne gatnap dursuň-la, Taýjyk löp-löp edip klasyň ortasyna bakan ýöneldi. – Men getirdim, bar indi özüň getir. Men-ä getirjegem däl, ýazjagam dä... – Ol ýerine geçip, ýüzüni kese-kese sowan bolup oturdy. – Seniň işleýşiňem edil şular ýaly, kişä minnet eden bolup. Taýjyk zarp bilen ýerinden turdy. – Seniň bir boýnuňy soguraýyn-la. Ol kirpi diýilýäni iki bökende gelip mugallymyň arkasyna gyssyryldy. – Däde, däde, oýun edýän, how... Däde, dur Emma Taýjyk mugallymyňarkasynda busup duran ýaş ýigide ýumruk salman ynjalmady. Şol wagt klasa Yslam girdi. Ony gören Taýjygam, onuň oglam edil, gyrgy gören serçe ýaly boldy. Tutuş klas tertibe geldi. – Hany, Taýjyk, çyk tagta, öýe berlen ýumşy ýaz bakaly. Taýjyk ýüzüni sypjaklyk eden boldy. – Saňa diýilýär. Taýjyk janagyrly gepledi. – Men çykamak, mugallym. Çykjagam däl, ýazjagam däl. Yslam oturan ýerinden: – Çyk. Ýaz diýlende bar-da ýaz-da, näme, bu ýere özüňi görkezmäge geldiňmi? Seniň Taýjyk bolaýşyňy!... Mugallymy geň galdyryp, Taýjyk epeý göwresini ýeňiljek göterip ýerinden turdy. Soň sesini çykarman tagta çykdy-da, eline meli alyp, ejizlän adam ýaly töweregine delminip garanjaklady-da: – Näme ýazmal-aý? – diýdi. Mugallym klasa ýüzlendi. – Öýe näme ýumuş tabşyryldy? Okuwçylaryň biri oturan ýerinden jogap berdi. Mugallym Taýjyga ýüzlendi. – Hany, bol, ýaz! Taýjyk hykylap-çokulap durşuna, meli tagtanyň ýüzünde birki gaýta aýlady-da, gyra çekilip, ýüzüni sortduryp durdy. – Men ýazyp bilemok, mugallym. – Ol dikgerildi. – Men asla, hat bilemok! – Men bolmasa gidäýeýin-le, mugallym. Mergen ony ýerinde oturtdy. Soň okuwçylaryň birine esgini ölläp gelmegi tabşyrdy. Ol gelen soň tagtany arassalap, oňa «degirmen», «bagbam» diýip ýazdy. – Hany, şu sözleri depderiňize ýazyň. Ol klasa aýlanyp, ýapyrylyşyp, aýagy çernile batyrylan düşdüşiniň yzy ýaly edip hat ýazyp oturanlary synlady. Mergen klasa ýüzlendi. – Hat, bilim Allatagalanyň ynsany bagtly etmek üçin oňa ýapan in mukaddes serpaýy. Adam her näçe owadan, mertebeli, abraýly bolsa-da, haty ýakymsyz bolsa, ýalňyşdan doly bolsa, iliň öňünde mertebesiz, özüni oňarmaýan ysnat ýaly görünýändir. Şol kemçiligiňi her näçe gizleseňem, ahyr bir gün açylar. Geliň, mem size şol ýaman aýypdan dynmagy öwredeýin. Ol hälki tagta ýazan sözlerini täzeden juda owadan egip ýazdy. Soň tutuş klasa her harpy owadan ýazmagyň usulyny telim ýola öwretdi. Klasda bar bolan okuwçylary ýeke-ýekeden tagta çykaryp, bu sözleri harpma-harp ýazdyrdy. Soň içinde şu sözler bolan iki sözlemi diktant edip ýazdyrdy. – Indi şu sözleri öýde ýüz sapar ýazyp geliň. Indi bolsa, täze temany geçeliň. Ol «ХIХ asyr türkmen edebiýaty» diýen temada gysgajyk gürrüň berdi. Gökdepe urşy barada ýatlady. Soň şol urşuň öňüsyrasynda, uruş döwründe, uruşdan soň dörän edebiýat barada gürrüň berdi. – ХIХ asyr türkmen edebiýaty» diýende Gökdepe uruşyny bek belläň. Ol okuwçylary bahalandyrdy. Jaň boldy. Okuwçylar hoşlaşyp, turup ugradylar. Mergen Yslamy saklady. – Näme, mugallym?! – Yslam, sen indi gijä galma. Şu sapar iň soňkusy bolsun, Bu bir, ikinjiden, men bir ýaş oglan, okuwçylar meni känbir äsgermejek bolýarlar. Men senden haýyş edýän, olar bilen gepleşip ber. Maňa okatmaga päsgel bermesinler. Özüňem birneme jan et. Bilim hiç wagt artkmaçlyk etmez. Adam bütin ömrüne ýalňyşyp ýörmeli bolmaz-a. Senem indi bagtly bolmaga hukuk alarça bolupsyň. Sen okuwçylar maňa päsgel bermez ýaly et, men sizi janym bilen okadaýyn. Gaýrat edip, maňa kömek et!... Yslam Mergeniň ýüzüne minnetdarlyk bilen seretdi-de, başyny atdy. – Sen arkaýyn bol, ýoldaş mugallym. Oglanlar bilen özüm gepleşýen, biriniň jympy çyksyn, göreýin. 6. Şenbe güni Rejep aga Mergeni ýanyna alyp, miweli baglaryň nahalyny ýetişdirýän edara geldi. Bu edaranyň ýolbaşçysyna Arjyk aga diýýän ekenler. Ol Rejep agany gadyrly garşylady. – Akim, Baris gurgunmy? Menden köp salam aýdyň. Rejep aga saglyk-amanlykdan soň, näme ýumuş bilen gelenini aýtdy. – Bolýar, bolýar, gürrüňi bolmaz. Arjyk aga agranomyny çagyrdy. – Rejep agamyza şol goýup ýören dört-bäş ýyllyk erik nahalymyzdan elli sanysyny ber. Ýigrimi düýbem gowy sortlardan üzüm, alma, behi, hoz, garaly nahallaryndanam näçe islese ber. Soň maňa hasabat berersiň. Rejep aga bada-bat olaryň bahasyny sorady. – Saňa mugt, Rejep aga, ýöne Baris jan geleninde, ýarym litr berseň bolar... Rejep aga onuň bilen razylaşmasa-da, şitilhana baryp, olaryň boýuny, ýaýrawyny görýänçä razy boldy. Ol bäş ýyllyk nahallardan saýlap-seçişdirip alandan soň welin, Mergeniň elinden tutdy. – Bala, bu heýç dogry kelmeýdi. Bahasyny bermeseň halal bolmaz. Haram bizge nige gereg. Men kança-da bolsa, somyny beremen. Ol Arjyk aganyň ýanyna girip çykandan soň razy bolup gepledi. – Juda ýagşy bag aldyk. Hemmesi bahar miwe berer... Olar oba gelip, nahallary öňden taýýarlanan çukurlara ekip çykdylar. Rejep aga her düýp nahalyň oturdyljak çukuryna ders, gyrmança, ýabyň raýyşynyň gumy Annabike daýzalaryň tamynyň günbatar ýüzündäki taşlanan haýatyň gumy bilen garyşdyryp guýýardy. Erik nahallaryny oturdanda bolsa, ýerli guma ders garyp şoňa gömýärdi. Ol üzümleri, alma, hozy, behini hem şeýdip ekdi. Soň ol ýaltanman, ekilen nahallaryň her biriniň düýbüne birki bedre suw guýuşdyrdy. Olary ekip bolandan soň bag gaýçysy bilen gyrkyp, timarlap goýberdi. Agşam ara bolsa bag ekilen joýalara täzeden suw goýberdi. Indi çukuryň içi gelşigine gelen ýaly boldy. Kartoşka hatarlary ep-esli bolup, ýaşyl maýsalap otyr. Sogan, sarymsak iýmäge ýarapdy. Işikde maşyn düýdüldedi. Rejep aga hasanaklap çukurdan çykdy. Ol kimdir bir nätanyş adam bilen gürleşip, oňa süzme haltalary görkezýärdi. Ol Mergene nätanyşy görkezdi. – Bu bala Gyzylarbadyň awtobusyny sürgen. Ol çekize almak isteýir. Garaýagyzdan keltejik pyýada baş atdy. – Çagalaryma «Süzme bar» diýsem, «Getir, biz satyp bireli» diýdiler. Eger razy bolsaňyza men äkideýin. – Satjak bolsaň, ýumurtga-da bardyr. – diýip, Mergen Rejep aganyň ýüzüne seretdi. – Ýa ony satdyňmy? – I-iý-diýip, myhman galkyjaklady. – Getiriň, ýumurtga-da bolsa äkideýin, erkek dogan. Başga-da nämäňiz bolsa bahajygy bilen beriň, Men ony arkamda çekemog-a, bary bir maşyn alyp gidýä. Rejep aga iki bedre ýumurtgany, hersi on-on bäş kilogram çykjak süzme haltalary awtobusa ýükleşdi. – Bahasy näçe bolmaly, erkek dogan? Ýaşuly murtlaryny sypalady. – Çekizäniň bitde kilosy ikki som. Ýumurtganyň bitdesi – bir tin. Çekize katyknyňky. – Düşündim, erkek dogan, düşündim... Awtobus ugrandan soňam, ýaşuly gaýraky gara daga çöňňelen gözlerini dikip, agyr gara barmaklaryny bir büküp, bir ýazyp, nämedir bir zady hasaplap, ep-esli durdy. Mergeniň elleri bag ekse-de, bar pikiri mekdepdedi. Ol bar pikir-hyýalyny «Okuwçy näme üçin mekdebe gelmedi?» diýen makalasyny işleýärdi. Bu gün ol sentýabrdan bäri geçen döwrüň içinde ilkinji sapar dersden daşarky sapagy okatmaga mekdebe gitmändi. Düýn ol şenbe güni işi çykanlygy üçin mekdebe gelip bilmeýändigini okuwçylara duýdurypdy. Häzir onuň ýadyna düýn mekdebe gelen hat düşdi. Ol şol haty «Edebiýat» kitabynyň arasyna salyp goýupdy. Indi nahal getirilip, olar oturdylandan soň, indi hata-beýlekä güýmense-de boljakdy. – Ata, häzir menlik iş barmy? – diýip, ekine güýmenip ýören ýaşula ýüzlendi. Ýaşuly gök peljagazlaryň arasyndan «ýok» diýip gygyrdy. Mergen çukurdan çykdy-da, duşa girdi. Ol duşdan plotensasyny egnine atyp çykanda, sekiniň üstünde oturan Kolka müjigi gördi. Onuň ýanynda şu etraplarda belli kerpiç örüji hasaplanylýan Allaberdi pişik diýilýän adamam otyrdy. Mergen olar bilen güler ýüzli salamlaşdy. – Näme, Kolýa daýy, nämeden razy däl sen? Kolka müjük elini silkdi. – Men şaltaý-paltaý bilen sögüşdi. Mergen güldi. – Sögüşmek bolmaz. Rejep aga seni gaty gowy görýändir. – Sen aýlyk ber diýdi. Ol bermedi. Men «Seniň bilan işleçek dal diýdi. Men Mergen bilen işlejek» dyýdy. Sekiniň başyndaky hümür-hümüre Rejep aga-da çukurdan çykdy. Ol Kolýa müjügi görüp begendi. – Kolka müjük, kel owkat iýeliňler. Çaý içeliň! Kolka müjük öýkleli ýylgyrdy-da, Hudaýberdi pişigiň ýüzüne seretdi. – Ýoh, şaltaý-paltaý çaltyraçyk aýlyk berdi. Men kaýtçak. Kolka müjük onuň garşysyna geçip oturdy-da duran ýerinden ellerini silkeledi – Kolka müjüg-aý, üç metr nagym kazyş kereg-aý. – Ol ýerinden turdy-da, ýorgalap gidip, günbatardan ikinji hüjre bilen ýaňy guýulan aralygyny aýagy bilen çyzdy. – Karaň-aý, mana,ikki metr. Mundan kapy açyş kereg. Mundan nagym kuruş kereg. Ýaşuly öň janyny ýakyp düşündirse-de, Mergen onuň näme diýjek bolýanyna kän bir üns bermändi. Şonuň üçin ol gaýtadan soramaly boldy. – Ata, nagym nämä gerek? Ýaşuly rusça düşündirdi. – Nagym, koridor, perehod bolady. – Ol nämä gerek? Ýaşuly Allaberdi pişigiň ýüzüne seretdi. – Bala, mallary bu çukura saljak bolsaň, ondan çykarjak bolsaň. Sementiňi, kerpiçleriňi çykarjak bolsaň, ýetişen mahaly kartoşkany, erigi, beýlekini çykarmak gerek bolar. Şonda olary nireden çykarjak, nähili çykarjak? Eger häzir nagym gursak, jaýyň podwalyna barar. Ondanam daşyna çykararsyň. Podwaldan çykmak kyn däldir. Kolka müjük ylalaşdy. – Ýakşy, ýaman, biz koridor çekdy. Sen bize aýlyk berdi. Mergen içeri girip pul alyp çykdy. Üç ýüz otuz manady Kolka müjüge berip, içeri girdi-de, puluny sanady. Onuň dört müň alty ýüz elli manady bardy. Onuň üstüne aýlygyndan ýygnan pulunam goşup, tegelek bäş müň manat edip, ýaglyga dolap pul ýygşyrýanja ýerinde goýdy. «Bu gün oktýabryň on bäşi, erte-birgün hakujam beriler. Elli manada golaý galam hakymam bar. Nesip bolsa, puldan hor bolmaryn...» Onuň ýadyna çemodanynda ýatan, öňden aýap ýören alty ýüz manady düşdi. Mergen çaga ýaly begendi. Ol şu ýaşan ýigrimi üç ýaşynyň içinde puldan çekinişi ýaly, hiç zatdanam çekinenokdy. Oňa şu döwürlerde ýetmedik zat, elini, dilini gysga eden zat iýeýin diýende iýdirmedik, geýeýin diýende geýdirmedik – puldy. Ol pulsuz, goldawsyz halyna jaýyna goşmaça otag saldy. Onuň gumy, suwy, azaby özünden diýseňem, polluk pürsi, polyň tagtasy, bir gapy, iki penjire, jaýyň ýokarsy üçin kese tagtalary, çüýi, reýkalary, şiferi agyr pul berlip satyn alnypdy ahyryn. Olam az pul däl-ä. Tutuş bäş ýüz manat!.. Rejep aganyň karz beren pulunyň ujundan sygyr, iki öküzçe, elli towuk satyn aldy. Tigirem onuň üstesine. Olam az pul däl. Başga bir wagt bolanlygynda, bu pul sowuşyny görüp, Mergeniň ýüregi üýtgese-de üýtgärdi. Ýöne, Hudaýa şükür, «Hudaý diýen hor galmaz» diýişleri ýaly, Mergene özi ýetirip dur. Indem, towuklary guzlap dur. Sygyry göle berdi. Onuňam, her gije gündizde on-on bäş litr süýdi bar. Ine,ol ýene bir uly işe başlady. Iki etažly uly jaýyň gurluşygy gidip dur, oňa-da puly nireden alarkam diýmeli däl. Bu jaýyň ýüz halta sementi, on kub tagtasy, elli sany pürsi eýýäm satyn alyndy. Olam az pul däl. Mergeni Alla ýalkady. Nobaraly aga oňa Hydyr ata bolup sataşdy. Ol adam tagtany, sementi, şiferi bahasyndan birneme bärräk iberip dur-a. Rejep aga bolsa Mergeniň atasyndan, enesinden boş galan ornuny dolduryp otyr. Oňa bu ýaşululara näçe alkyş aýtsa, hol bärden gaýdýar. Ýöne Mergen düýn Amanmämmet daýyny görüp, ondan Nobaraly agany soranda. Ol: – «Ýegen, ol-a ýaranok, men saňa aýdaýaýyn. Işe-de çykyp bilenok» diýipdi. Şol ynjyly habar Mergeniň ýüreginiň başynda durdy. Ol Rejep aga bir zat aýdaýyn diýse-de, hiç ýadyna salyp bilenokdy. Häzir ol ýadymdan çykmanka diýip, daş çykdy. Ýaşulular sekiniň üstünde çaý içip otyrdylar. Mergen Rejep aga Amanmämmet daýyny görenini aýtdy. – Şopurymy? – Şopury! – Meýli... – Ondan Nobaraly agany soradym. «Ol ýaranok, indi işe-de çykyp bilenok» diýdi. – Ýaşuly başyny galdyrdy. – Men ertir şony sorap gaýtjak! Gyzylarbatdan näme gerek bolsa, aýdyň! – Meýli! Mergen çukura tarap seretdi. – Şoňa bir bedre ýumurtga, süzme äkidip bolaýsa... Rejep aga Mergeniň sözüne «ýok» diýmedi. Mergen ýene otagyna girip, ýazuw esbaplaryny eline aldy. Öňde Mergen üçin agyr hepde garaşýardy. Ol birinji günden başlap agşamky mekdepde okaýan okuwçylarynyň ählisiniň iş ýerlerine baryp göresi gelýärdi. Olaryň okuwa gatnamazlygyna işleriniň täsir edip, etmezligini bilmek zerurdy. Alyp bolsa, olaryň iş edarasynyň telefonyny almalydy. Mundan başga-da, ikinji günden başlap kitaphana baryp, SSSR Ministrler Sowetiniň, SSSR magaryf ministrliginiň agşamky işçi ýaşlar mekdeplerini açmak baradaky Kararynyň haçan çykandygyny, munuň näme zerurlygynyň barlygyny, bu mekdepleri açmak bilen nämeleri göz öňünde tutandyklaryny bilmelidi. Döwlet bu möhüm iş boýunça şunça serişde, mugallym, okuw jaýlaryny, okuw esbaplaryny, kitaplary harçlaýarka, ýerli edaralaryň, okuwçylaryň bu okuwlary äsgermezçilik etmegini, bu meselä tutuş etrap, welaýat bolup, biparh garalmagyny Mergen öz ýanyndan hiç bagyşlap bilenokdy. Onuň üstesine, mugallym hem az-küş zähmet çekenok ahyryn. Mundan gijäniň bir wagty näçe ýol söküp, syňsyryklap gidip, oňa taýýaryk görüp, yhlas edip,barybam ýigrimi adamyň diňlemeli dersini bäş-alty adamyň diňlemegi, akla sygjak zat däl ahyryn. Agşamky mekdeplerde «Okuwçy ýok, okuwçylar başdan ahyryna gatnanog-a» diýip, begenýän mugallymlar hem barsa bardyr, okatmak meselesine «Aý, agşamky mekdepdir-däýt» diýip, sowuk-sala garaýanlaryňam bolmagy mümkin. Ýöne Mergen hak alyp, saňa hormat bilen ynanylan işe beýle garamagy asla makullamaýardy. Şeýle bir güýçli makala ýazmaly! Diňe agşamky mekdebe gatnamaýan okuwçylaryň däl, tutuş Türkmenistanyň Magaryf ministrliginiň injigi saňňyldasyn. Bu makalada agşamky mekdepleriň mugallym kontingentini güýçlendirmek baradaky mesele-de esasy ýeri tutmaly. Biziň mekdebimizdäki ýaly, garry-gurty, eli, ýüregi bir wagt sowap, professional ýitiligini unudaňkyrlan halkymyzyň ylymly, bilimli, ýokary medeniýetli, düşünjeli bolmagy üçin jemgyýetiň, ynsabynyň öňünde jogapkärçilik çekmeýän, özüniň ownujak bähbidiniň guly bolup ýören mugallymlary ýaş, zehinli, talapkär mugallymlar bilen çalyşmagyň hem meselesini goýmak gerek. Mergen indi bu makalasyny ýazaýanda-da haýsy redaksiýa iberjekdigi barada-da oýlanýardy. – Aý, ýok, «Mugallymlar gazetine»-hä iberibem oturmaly däl. Olaryň beýle makalany çap etmäge injigi ysmaz. Ony «Sowet Türkmenistany» gazetine – Ol sakga durdy. –Ýok, ýok, «Türkmenskaýa iskra» gazetine ibermeli. Bu gazet batyrgaý makalalary kän berýär. Ony ministrlerem, beýleki ýolbaşçylaram okaýandyr. Onsoňam, Çeleken, Nebitdag, Krasnowodsk, Mary, Çärjew ýaly ýerler hem senagat ugurlary bolansoň, «Türkmenskaýa iskra» gazetini köpräk okaýan bolmaly. Bolmanda-da bu gazetde-de çykyş etdigim bolar-da. Özünem «Maňa galam haky gerek däl, galam hakyny çagalar fonduna geçiriň « diýibem ýazmaly. Goý, olar meniň şujagaz makalanyň üsti bilen bir bäş şaýy gazanjak bolmaýanyma düşünsinler». Mergen bu tema boýunça ýadyna düşen meseleleriň kellesine häzir gelen meselelerini, berkiräk, ýumşagrak aýtmaly ýerlerine çenli depdere geçirdi. Ol öten agşam agşamky mekdepde okaýan okuwçylaryň iş ýerleriniň salgysyny görmek üçin žurnalyň arkasyna göz aýlanynda, okuwçylaryň esasy köplüginiň etrap nebit bazasynda, «Merkezi keselhananyň Tiz kömek» bölüminde Bütinsoýuz bagçylyk institutynda, gurluşykda, suw edarasynda ilata durmuş taýdan hyzmat edýän kombinatda işleýändigini bilipdi. Bu edaralaryň ählisinde-de iş sagat altyda gutarýardy. Onuň üstesine-de, agşamky mekdepde okaýan okuwça okuwy bar güni işden bir sagat ir gaýtmaga rugsat berilýärdi. Şonuň ýaly gowy mümkinçilikler döredilen wagty okuwçy näme üçin okuwa gelenok? Mergen munuň esasy sebäbini ýaltaçylykdan, kşiniň azabyny, döwletiň döredýän ummasyz mümkinçiligini äsgermezlik endiginiň kök urup gidenliginden görýärdi. Etrapda nebit bazasynyň direktory, nahal ýetişdirýän sowhozynyň başlygy, partiýanyň etrap komitetiniň birinji sekretary, näme ilki agşamky ýaşlar mekdebini gutaryp, soň ýokary okuwa gidip, ony gutaransoň, gelip, azap edip, häzirki eýeleýän ýokary wezipelerine bellenmedilermi, näme?! Mergeniň heniz ýazylmadyk makalanyň meselesiniň dişliliginden, gozgaýan meselesiniň juda wawwalylygyndan, hörpüniň ýokarylygyndan, ýitiliginden çen tutubrak, onuň soňunyň gepli, gürrüňliräk bolaýmagynyň mümkindigi barada oýlandy. Ýöne ol bu barada mundan artyk pikir edip bilmedi. Saý-sebäp bilen «Edebiýat» kitabyny portfelinden çykaranda şol hatly bukja öňünden çykdy. Ol bukjany açdy-da, haýran galdy. Hat Oguljandandy! «Salam Mergen!» Mergen Oguljanyň hatyny tanady. Ol ak kagyzyň birinji ýüzüne ýazylan haty bir demde okap çykdy. Ikimiz Aşgabatda aýrylyşanymyzdan soň, ykbal meniň başyma haýran galaýmaly günleri saldy. Sen meni söýmeseňem, meniň täleýimde, şu etraplaryň, Sumbar jülgesiniň duz-çöregini iýmek bar eken. Seniň dostuň, obadaşyň Şanazar maňa söz aýtdy. Men saňa göwün besläp, beýleki oglanlara ünsem bermän bäş ýylymy geçirdim. Sen menden ýüzüňi sowaňsoň, men dagy näme edeýin? Şanazaryň ýaman oglan däldigini özüň maňa aýdypdyň. Onuň bilen bileje toý tutduk. Işe ýerleşdik. Häzir raýon merkezinden iki otagly jaý alyp, ýaşap, işläp obada gül ýaly jaýymyz, işigimizde aňrybaş ulagymyz bar. Şanazar raýkomda instruktor, men raýkom komsomolda bölüm müdiri! Kem zadymyz ýok. Arada ejem jan gezmäge geldi. Ol seni sorady. Senden habar tutup durmaýanym üçin maňa käýýedi. Şonuň üçin saňa hat ýazýaryn. Eger mümkin bolsa, maňa iki barmak hat ýazyp iber. Men saňa bir maslahat bereýin. Mergen, Şanazaryň aýal dogany Tuwak seni erbet görenok. Gowy işi bar. Basym ösdürjekler ony. Gurply ýeriň çagasy. Wezipesi, jaýy, puly, egin-eşigi seniň ýaly ýer urup, ýerde galan garyp, ýetimçe ýigidi goldap biljek. Şony alsaň, senem biziň ýaly bagtly bolup, ömürboýy eşretli durmuşda ýaşarsyň. Eger razy bolsaň, hatyňda ýaz... Men araňyzda duraýyn. Seniň gazetlerde çykýan makalalaryňy hemme kişi halaýar. Şanazardan başgalar – degişme. Seni mekdebiň porsy deminden gabanýaryn. Salam bilen öz Oguljanyň. Hatyňa sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn, garaşýaryn...» Mergen Oguljanyň hatyny gaýtalap-gaýtalap okady. Soň ony öz bukjasyna saldy-da, kitaplaryň biriniň gatyna oklady-da, sekiniň üstünde ýazylan düşegine geçdi. Mergen irden sagatyň jyňňyrdysyna oýanyp, duşa girip, ýuwundy. Mallaryna, towuklara ot-iým berişdirdi. Gelip, düşeklerini ýygnady-da, çaý goýunyp, içeri garap: – Ata, turduňmy? – diýdi. Rejep aga turup, ýuwundy, soň sygyryny sagyp geldi. Saçaga düýp käsäni dolduryp, çig gaýmak äberdi. – Öjegimiz süýtli, süýdi ýagly. Eger kir ýuwulýan maşyn satyn alsak, mesge edemiz. – Ol bu barada Mergene birki gaýta aýdypdy. Emma Mergen gatygyň ýanlykdan başga ýaýylyşyny bilmeýärdi. Onsoňam, onuň kellesi häzir makalalar bilen Nobaraly agadan başga hiç zady alanokdy. – Ata, men süzmäni nämede alyp gitsemkäm, ýa bazara süýt alyp gidýän bedonymyzda alyp gidäýeýinmi? Rejep aga agşamdan ýumurtgany bedrä, süzmäni akja bedona guýup goýan ekeni. – Men sarymsak, noş pyýaz ýygaýyn. Ýarawsyz kişi aşa karyp iýse, daran bolady. Mergen begendi. – Ata, awtobus sagat näçede geçerkä? – Akşam şopurga aýtyp koýdum. Ol seni almaga gelejek. Howlukma, men bu kün kärtişgee suw açaman. Ýaşulynyň aýdyşy ýaly boldy. Gyzylarbada gidýän awtobusyň şofýorynyň özi işige geldi. Ol Rejep aga bilen alan harytlarynyň bahasyny hasaplaşdy. Soň awtobusa barýança Mergeniň goşlaryny göterişdi. – Sen, erkek dogan, Gyzylarbatda kimiňkä barmakçy? Mergen Nobaraly aganyň adyny agzady. Şofýor ony tanady. – Nä, ol bazaryň hataryndaky howlularda ýaşaýan bolmaly. Men onuň öýüne bardym diýsem-ä, ýallançy. Ýöne ýaranak diýib-ä eşidenim çyn, erkek dogan. Mergen: – Meni şolara elt. Öýlänem alyp gaýt – diýip, haýyş etdi. Şofýor ýigit şähere barandan soň, birki adamdan salgy alyp, Nobaralyaganyň öýüni tapyp, Mergeni onuň öýüne elinjek eltdi. Mergen düşensoň: «Men öýlän gelerin» diýip öz ugruna gitdi. Mergen baranda ýaşuly haly harap halda ýatyrdy. Içeri sowukdy. Ýaşuly gyzdyrmadan ýaňa, ýorganyň içinde titireýärdi. Ol Mergeni tanamady. Mergen özüni tanatdy. Emma ýaşulynyň aňy almady. Mergen: – Men Garrygaladan, Ata seýsiň ogly Mergen!.. Ýaşuly başyny çala ýaýkady. Mergen ýaşulynyň düşegini düzetdi. Çaý goýdy. Ýaşulynyň sowatgyjynyň içi boram boşdy. Ol çaý demläp, ýaşula birki käse çaý içirdi. – Aýyr çaýyňy. Meniň içim baýtalyň içi ýaly. Maňa iýmäge bir zatjagaz bereweri. Mergen bazara ylgady. Iki sany çörek, kartoşka, sogan, pomidor, tagamly gymmat kolbasa, ýumurtga, gaýmak satyn alyp, yzyna gaýtdy. Ýaşuly başyny galdyryp-galdyrmanka, kolbasany pomidor, sogan bilen gowyryp, üstüne üç-dört sany ýumurtga çakdy. Ýaşuly ýerinden turdy. Daş çykdy. Ol gelýänçä Mergen içerini tertibe salyp, orta saçak ýazdy. Nobaraly aga Mergeni tanady, ol saçagyň başyna geçdi. – Sizi Amanmämmet daýydan soradym. Ýaranok diýdi. Şu gün «sorap geleýin» diýip ýörite gaýtdym. Nobaraly aga garbandy. Çaý içdi. Soň dermanlaryndan içen boldy. Mergene agyrly aýagyna derman çaldyrdy. – Gelip, oňarypsyň, bally. Halym harap bolup ýatyrdym-da! Edil, Hydyr ata bolduň. Mergen ýaşulynyň ýaşly, biçäre gözlerine dözümsizlik bilen garady. – Däde, men seni oba alyp gitmäge geldim. Bu ýerde sen hor bolarsyň. – Mergen beýle pikire birden nädip geleninem duýmady. Ol içinden «Obada Rejep aganyň ýanynda hor bolmaz. Iki adama ýeten rysk üç adama-da bolar. Bile bolsak hor etmeris» diýip oýlandy-da, daşyndan. – Obada süýt berip duran sygyrym bar. Guzlap duran elli towugymyz bar. Iýmek-içmekden, derman-däriden özüm hor etmen. Öýümde bir özbek ýaşulusy ýaşaýar. Jany sag, eli süýji, ikiňiz hümürdeşer güýmener ýörersiňiz. Nobaraly aga böwrüne doňuz diňini salsa-da, razy bolmady. – Ýok, bally. Obadyr, galyň dili şerebeliler: «Men diýen wagty öýüni, ilini taşlap, gaçyp gitdi. Indem, ebgarlansoň, gaýdyp gelipdir» diýip, ýok ýeriň gürrüňini ederler. Men seniň obaňa belet, bally. Mergen ýaşulynyň ýanyna alyp bolaýjak geýim-gejimine göz aýlady. – Bar gorkýan zadyň şol bolsa, ony gaýgy etme. Birki aý öýdenem çykarman saklaryn, halyň ganymatlaşansoň, gaýdyber. Nobaraly aga sesini çykarmady. Mergen has batyrgaý daraşdy. – Öz obaň. Açyk howa. Zada zar etmäýin. Tanyş ýerler, sähel bäri baksaň. Sadaka diýdi, toý diýdi,, oba üýşmeleňlerine gatnaş. Ol obalarda indi saňa gyjalat berjek bolup duran adamam galan däldir. Menem: «Gezmäge geldi» diýerin. Näme obaňa, iliňe gezmäge gelmek gadaganmy?! Onsoňam, seniň eliňden, aýagyňdan daňyp saklajak bolup duran adam ýok. Ýaramasa, gaýdarsyň. Hiç bolmanda bir hepdejik elin seredeýin. Ýaşuly sesini çykarmady. Ol ep-esli içini hümledip oturdy-da, Mergeniň ýüzüne ilgezik seretdi. – Bir hepde, ýarym hepde gitsemem gidäýerin. Ýöne goňşy gapyny kak, Maşany çagyr... Mergen goňşy gapyny kakdy. Ondan garryja, zordanjyk ýöreýän aýal çykdy. – Saňa kim gerek? – Sizi Nobaraly aga çagyrýar. Garry aýal zordan gymyldap içeri girdi. – Nobaraly, näme gerek? Ýaşuly Mergeni oňa tanatdy. – Meni oba alyp gitjek diýýär. Jaýa özüň göz-gulak bol. Garry aýal aglady. – Hudaýa şükür, gördüňmi, dünýäde ýagşy adamlar heniz tükenen däldir. Git. Gitseň, Allaýaryň bolsun. Mergen bir bedre ýumurtgany, bir bedon süzmäni, gök sogany, sarymsagy ol aýalyň otagyna eltip berdi. Garry Mergeniň elini eline aldy-da, ony öpdi. – Meniň pulum ýok, oglum, munça zady nädip maňa berýäň. Mergen jübüsinden elli manat çykardy. – Ene jan, alyň şuny. Garry aýal bu jomartlyga ynanjagynam, ynanmajagynam bilmän, minnetdarlyk bilen ýylgyryp, Mergeniň beren zatlaryny otagyna daşady. Soň bedräni, bidonjygy boşadyp yzyna berdi. – Görgülini ýalkadyň, bally. Özi garrap sandan galan garry bolsa-da, ýene, maňa-da hemaýat bolan şu garry. Alladan gaýtsyn... Agşamara Mergeniň ýoluna çykyp, garaşyp duran Rejep aga Mergeniň gelenine begendi. Mergen şofýor ýigit bilen göterip diýen ýaly, Nobaraly agany awtobusdan düşürdiler. Soň Mergen ony arkasyna aldy-da, işige eltip, sekiniň üstünde oturtdy. – Däde, hany, aýakgabyňy çykar, eşikleriňi ýeňlet. Gyşar-da, dynjyňy al! – Hany, bally bir çaý ber... Ýaşuly sekiniň üstünde özi üçin ýazylan düşege geçip, başyny ýassyga goýdy. Bu ýagdaýy synlap haýran galyp duran Rejep aga Mergeniň ýüzüne geň galyp seretdi. – Bala, bala?! – diýdi. Mergen Rejep aganyň geň galmasyna düşündi. – Ata, barsam, haly harap ýatyr, iýere-içere-de hiç zat ýok, bolaýanda-da ony alyp berjegi ýok. Onsoň, alyp gaýtdym. Bärde özüň bar, men bar. Göz-gulak bolarsyň. Iki sakaldaş bolup, hümürdeşip gezer ýörersiňiz, arkalaşar geziberersiňiz – diýdim. Rejep aga ýylgyrdy. – Hop maýli! Mergen ýylyjak suw taýýarlap, Nobaraly aganyň elini ýuwdurdy. – Däde, şol-a hajathana, gapdalyndakam, duş. Özüňem meniň bilen bir otagda bolarsyň. Ýaşuly razylaşdy. – «Göwün sygsa, göwre sygar» diýipdirler. Meni dowzahdan alyp çykdyň, şolam az-küş zat däl, bally! Olar üç bolup, ümmüldeşip, çaý, çörek iýdiler. Soň Mergen ýaşkiçilik edip, gidip mallaryň otuna, suwuna seredip geldi. Rejep aga sygyry sagyp geldi. Ol gelende Nobaraly aga oturan ýerinden töweregine nazar salyp nähilidir bir aýdymjyga hiňlenip otyrdy. – Köne mülke döneýin, köne mülke! – Ol sähel soňurak Mergeniň jaýynyň gurluşygyna aýlandy. Soň çukuryň ýokarsyndan gadym atýatagy synlady. – Bäri gel, bally! – diýip, özüne seredip duran Mergene ýüzlendi. – Muny arasalan mahalyňyz, atýatak şu durşuna duran ekenmi? Mergen bu çukuryň aý ýarym mundan öňki ýagdaýyny gürrüň berdi. Soň gapdalda depe bolup ýatan gap-gara gumy görkezdi. – Bir aý gijesi-gündizi bilen azap ýamanyn-a berdi. – Hany, düýbüne patyşalyk kerpiç ýazylan bolmal-a! Mergen eli bilen çukuryň gyrasyny görkezdi. – Bar, bar kerpijem, beýleki zatlaram bar eken. Olary aşakky hüjra ýygşyrdyk. – Ony goýma. Jaýa ulan. Heýwere gawy kerpiç bolmaly. Mergen başyny atdy. – Ulanarys, däde. Mergen gezegi Rejep aga berip, aýak ýygnanansoň, öz otagyna gitdi. Rejep aga köne tebipligini bildirip, tä ýary gijä çenli Nobaraly aganyň dertli aýagyna, ýoňlamasyna däri-derman etdi. | |
|
√ Dirilik suwy -2: romanyň dowamy - 24.04.2024 |
√ Bäşgyzyl -32: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Dirilik suwy -21: romanyň dowamy - 21.05.2024 |
√ Janserek -4: romanyñ dowamy - 15.03.2024 |
√ Köne mülk -8: romanyň dowamy - 16.06.2024 |
√ Duman daganda: Aýyrdygyňça wezipe bahasy gymmatlaýar - 23.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -14: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Ýola taýýarlyk - 23.08.2024 |
√ Duman daganda: Döwüljek araba kyrk gün öňünden jygyldar - 19.06.2024 |
√ Köne mülk -4: romanyň dowamy - 11.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |