18:00 «Çyn bedewler meýdanynda bellidir» / çeper publisistika | |
«ÇYN BEDEWLER MEÝDANYNDA BELLIDIR»
Publisistika
atly ýöriş hakda söhbet Almagöz, keýik böküşli, ýyldyrym çalasynlykly, gözel görnüşli türkmen atlary giň jahana meşhurdyr. Aşgabat-Moskwa aralygy iki gezek geçen (1935, 1989) bu çyn bedewler biziň türkmen halkymyzyň adyna uly abraý getirdi. Şu kitabyň awtory ýazyjy Öwezdurdy Nepesow hem 89-yň atly ýörişine gatnaşdy. Ol öz kitabyna Aşgabat – Moskwa menzili ýörelende, görkezilen edermenlikler, geň-enaýy wakalar, türkmen atlarynyň ajaýyplygy, geçmişi we gelejegi barada gyzykly söhbet açýar. • AWTORDAN Hormatly okyjy! Sen 1935-nji ýylyň edermenlikli atly ýörişi barada eşidensiň? Hawa, menem eşidipdim. Ýöne gynansam-da şol ajaýyp ýöriş barada höwes bilen okar ýaly, şol ýörişiň kynçylyklaryny, artykmaçlyklaryny süňňüň, ýüregiň bilen duýar ýaly anyk ýol ýazgysy ýa-da jikme-jik gündelik galmandyr. Bu bolsa şol ýörişiň durmuşylygyndan hyýalylygyny güýçlendirýär, şol bir wagtyň özünde bolsa ony doly ýagdaýda göz öňüne getirmäge päsgelçilik döredýär. Hut şonuň üçin bolsa gerek, Aşgabatdan Moskwa ikinji atly ýöriş guralanda, oňa žurnalistleriň, suratçylaryň gatnaşmagy barada-da alada edildi. Beýle žurnalistler bilen bir hatarda, men hem ýazyjy, žurnalist, hökmünde bu sözüň manysyndaky ýörişe başdan aýak gatnaşdym. Ine, bu altmyş üç güne çeken şeýle kyn, azaply, aladaly ýol yzda galdy. Köpetdagyň eteginden ýurdumyzyň ýüregi bolan Moskwa çenli uzalyp gidýän menzil üstünlikli geçildi. Ýöne şol ýoluň, şol altmyş üç günüň argynlygy süňňünden heniz-henizler çykar ýaly däl, Garagumyň depäňi gaýnadyp, ganyňa ornan jöwzasy, Üstýurduň synalaryňy söküm-söküm eden epgeginiň ýüregiňe salan gazaply gowşaklygyny, galpak, gazak sähralarynyň uzak ulgamlaryndan galan jebirli argynlygy eziz Aşgabadyň sapasy-da, öýüň, maşgalaň höziri-de, il-günüň, dost-ýaryň mähribanlygy-da sabadyp biläýenok. Heniz-henizlerem irkilseň şol ýol, ýol şol tükeniksiz ýol bolup dur. Türkmen ýigitleriniň, olaryň ajaýyp bedewleriniň Moskwa baryp, soň Aşgabada öwrülip gelenlerine ep-esli wagt boldy. Şeýle-de bolsa hyýal aýlanýar, dolanýar-da ýene şol edermenlikli, kynçylykly, jebirli günlere baranyny bilmän galýar. Onsoň şol uly ýörişiň, uzakdan uzak menzilleriň tamamlananyna öz ýanyňdan diýseň begenýärsiň hem-de ýüregiň çuňlugyndaky yza bilen gynanýarsyň. Begenýäniň sebäbi, Watanyň, halkyň tabşyran jogapkärli ýumşuny kemini goýman berjaý etdik. Şol altmyş üç günde ynsanyň kyn gününde bolýan agyr ýagdaýlarynyň bary başdan geçdi. Ýöne ýigitler hem, bedewler hem ölüm-ýitimsiz, gepsiz-gürrüňsiz barmaly pellehana baryp ýetdiler. Şonuň özem ullakan abraý, buýsanmaly, guwanmaly ýagdaý. Dogrudan hem häzir şu ýörişe gatnaşýanlaryň gözüne gören görgüleri, çeken, döz gelen azaplary, kynçylyklary birjigem görnenok. Olar: «Sag-aman, abraý bilen baryp geldik» diýip, buýsanç bilen aýdýarlar. Moskwa şäherine giren wagtymyz, dogrusyny dogry aýtmaly, «Sag-aman Moskwa geldik!», «Gözüňiz aýdyň!» diýşip biri-birlerini gujaklanlarynda olaryň gözündeki begençmi, guwançmy, ýa başga bir ýagdaýdan döränmi, gözýaşy görüp, durup bilmän, özümiň hem bokurdagym dolupdy. Onsoň, olaryň şeýle kynçylyga döz gelip, dolanyp gelmeklerine nähili begenmejek. Gynanýan zadym bolsa, altmyş üç günläp bir saçakdan duz-çörek iýip, nätanyşlykdan tanşa, agyr ýolda, kyn-kyn synaglarda dosta, soň bolsa dogana öwrülip giden ýoldaşlaryňdan aýrylyşmak juda kyn. Ýene bir kyn ýeri, tebigatyň ajaýyp didary! Bu ýol bizi diňe bir adamlar bilen däl, tebigat bilenem badaşdyrdy. Biz onuň bilen bir düşekde ýatyp, bir ýol bilen öňe gitdik. Türkmen bedewleri bilen hem hut şeýle bolupdy. Biz olaryň, olar biziň biri-birimize öwrülip gidipdi. Indi bu gün Aşgabadyň sapaly goýnunda ýaşap, şol bir hözirli işiňe gidip-gelip ýören çagyňda, olaryň her biriniň didary süýjülik bilen ýadyňa düşüp gidýär. Şonda şol bedewleriň mähri, olaryň çapyksuwarlarynyň ýüreginden çykmajak mähriban keşbi kalbyňa süýji ýatlamalar salyp, tutuş süňňüňe gozgalaň berip goýberýär. Onsoň sen adamlaryň arasyndan, ýoldan-yzdan şolary gözläp ýörsüň, Emma olar bu şäherde ýa bar, ýa ýok. Çünki, olaryň hersi bir ýerdendi. Oturyp-oturyp atly ýöriş döwründe ýazan ýolýazgylaryma, habarlaryma, zarisowkalaryma haýran galýaryn, Şolaryň ählisi jöwzaly, ýagyşly-ýagmyrly ýollarda, ajy deriň damyp duran kagyzlarynyň ýüzünde, ýolugruna, dyzlarymyň üstünde goýlan galyň žurnalyň gatlarynda döräpdi. Olary Aşgabada, redaksiýa aşyrmak üçin ýüz-ýüz elli kilometre gidip, telegrafda telim sagatlap garaşmaly wagtlary-da az bolmandy. Ýa şondan, ýa uzak ýoluň ýadawlygyndan, ak kagyz meni biçak berçikdirdi. Meniň gaçgynym galam, kagyz boldy. Ine, bu gün bolsa göwnüm ýene-de galama ýapyş diýýär. Uzak ýola hemra bolan doganlarymyň didary meni ýene-de gozgalaňa salýar. Ähli oý-pikirim, umydym şolaryň ýanynda. Hyýalymda ýene-de geçilen uzak-uzak menzillere at salyp gidýärin... Ine, bu gün bolsa şol ýöriş, oňa gatnaşanlar baradaky ýürek aýdymymyň owazy kagyzyň ýüzüne geçdi. Men ony mähriban okyjylar, size ak ýüregim bilen bagş edýarin. Ol indi meniňki däl, siziňki. * * * «At juda duýgur haýwandyr, ol seniň dyzlaryňdan mertligiňi, namartlygyňy tanap durandyr. Berk duruň mert duruň köşekler! Atalarymyzyň mukaddes däbini ärlerçe dowam ediň! Ýoluňyz ak bolsun! Moskwaly doganlarymyza biziň tüýs ýürekden iberýän salamymyzy saglyk bilen ýetiriň!» Ýazyjy Seýitnyýaz Ataýewiň bu sargydy Moskwa barýan ýigitleriň gulagynda şirin mukam kimin ýaňlanyp durdy, olary alys menzillere hyjuwlandyrýardy. Beýleki ýaşulylaryň aýdan öwüt-nesihatyny hem her kim aňynda aýlap barýar. Men ýigitler aç-suwsuz ýola düşensoň, olaryň keýpi bolmazmyka diýip oýlanypdym. Emma olaryň ählisi ata münensoň başga keşbe giripdi. Häzir, Garagumuň ilkinji alalarynyň arasyndan barýan ýigitleriň ýüzünde üýtgeşik bir ýagtylyk, gözlerinde täsin bir röwşen lowurdaýardy. Olaryň münüp barýan atlaram uçaýjak-uçaýjaga meňzeýärdi. Bu ýöne ýere däl bolsa gerek. Olar-a Moskwa atly barýarlar. Men gapdalda maşynly ýöresemem atalarymyzyň taýsyz edermenligini gaýtalajakdygyma birhili ýüregim joşýardy. Atlarymyzyň şöhratyny ýene-de belende göterjekdigimize, halkymyzyň ýürek salamyny beýik Moskwa alyp barjakdygymyza buýsanýardym. Dogrudan hem, häzir diňe meniň däl, hemmämiziň göwnümize atly Moskwa barmakdan mukaddes ýol, maksat ýok ýaly bolup görünýärdi. Onsoň neneň begenmejek, neneň buýsanmajak. Onsoň nädip agşamky açlyk seniň ýadyňa düşsün. * * * Ýigrimi kilometrden düşelge guradyk. Iki maşynyň arasyna çadyr gerdik. Ýadap gelen oglanlara konserwden edilen çorba, goýaldylan süýt, çaý, gant paýlanyldy. Olar iýip-içenden soň ýigdelen ýaly bolaýdylar. Her kim özüne berlen sport geýim-gejimi, juda owadan krasowkany geýip görüp, degşip-gülşüp agşamky ýagdaýy ýatlaýardy. Atlar ynjalykdan düşýärdiler. Olar sähel ýagdaýyny tapsalar biri-birini gemirjek bolşup durdylar. Ýer ýumşak bolany üçin olar gazyklaryny hem ýüzüniň ugruna goparýardy. Şonuň üçin oglanlar ýola düşmek bilen boldular. Öýlän on dokuz kilometr ýol geçildi. – Waý-weý-eý! – diýip, atyny ýerlän, beýleki işlerini birýüzli eden Narbaý aga atkeçäniň üstüne özüni goýberdi. – Näme boldy, agam, ýadadyňmy? – diýip, men oňa bermeli däl sowaly berdim. – Ýaby ýadady, ýaby. Başaryp bolsa, gündiz ýatyp gije ýöremeli. Gije ýol geçseň, ertir turanyňda gije kimdir biri şol ýoly saňa ýöräp beren ýaly bolarmyşyn. Ol mata ädigini çykaryp, dolagyny sozluk bilen, howlukman aýyrdy. Şondan soň başyny ýaýkap, aýagyny şeýle süýjülik bilen, lezzet bilen gaşap ugrady. Özem gutarar ýerde gutar ýaly däldi. Ol meniň geň galyp seredýänimi aňdy-da, elini aýagyndan aýyrdy. – Heý munuň lezzetini goýaý! Öň zamanda bir uly baý bolan – diýip ol söze başlady. – Şol baýyň çolugy bir gün meniň ýaly aryp süriden gelen. Onsoň çarygyny çykarmaga duran. Baý bolsa öz çolugyny oýnajak bolan. «Pylan çoluk diýen, – Sen-ä çarygyňy çykar, menem dolagyňy aýlap çözeýin – diýen. – Özüňem gir sürä, dolagyňy çözýän wagtym alan malyň özüňki diýen. Sebäbi aýagyňdan dolagyňy aýyrýan wagtyň dünýä malynyň gözüňe görünmeýändigine baýyň gözi ýetik. Ol çolugyny şeýdibem bir utjak bolýar. – Ýeri onsoň – diýip, gapdalda duran oglanlar hem ýaşula gop berdiler. – Güni bilen dolagyň astynda duran aýaklary ot alyp gijese-de çoluk, gaýrat edip, sürä giripdir. Barybam boýny alaja ýüpli tokla topulýar. Şol wagt. «Waý, oňa degme ol meniň toklym» diýip, baýyň uly gyzam ylgap geläýýär. Baý «Haý, boýny kesilen ýok bol!» diýänçä, çoluk baýyň gyzynam toklusy bilen agylyň daşyna oklap goýberýär. Baý şeýdip hem-ä toklusyny, üstesine gyzyny hem çolugyna bermeli bolupdyr. – Özüň näderdiň, Narbaý aga? Ýaşuly ýylgyryp, süýjülik bilen aýagyny gaşap oturşyna: – Maň-a inim, şu wagt baýyň bir süri goýny bilen bäş gyzyndan aýagymy gaşanym gowy diýdi. Garaňky ýagşy gatyşdy. Alys ýola barýan algyr bedewler, üsti ýükli belent-belent maşynlar özüniň täze başlanýan täsin durmuşy bilen çölüň asuda garaňkylygyna gark bolup başlady. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |