06:22 Köne mülk -11: romanyň dowamy | |
7. Mergen üçin aladaly günler başlandy. Ol üçünji mekdepde-de, agşamky mekdepde-de çärýegi jemlemelidi. Ol öýüň aladasyndan dynypdy. Iki goja hümmüldeşipjik, iş-aladany Mergene ýetirenokdy. Nobaraly aga öýe, oba ýagşy öwrenişdi. Indi onuň aýagy Rejep aganyň edýän emleriniň zarbyna, düýbünden aýrylyp gitmese-de, gowulaşypdy. Ýöne onuň bu ýerde öwrenişip bilmeýän bir zady bardy. Olam, hemişe Moskwa wagty bilen, ýerli wagty çalyşýardy. Eger äwüp-säwäp sagat soraýsaň, hökman iki sagat kem aýdýardy. Rejep aga üçin-ä sagat boldy, bolmady, onuň parhy ýokdy. Onuň ýekeje hasaby bardy, olam – puldy. Ol her aýda Mergene müň manat bermese, edil, çöregini gury iýen ýalydy. Mergen indi jaýynyň gurluşygyna-da, gurluşykçylara-da kän bir üns berenokdy. Olaryň piri Nobaraly agady. Ýaşuly ýekeje çüýden başlap kerpiji, pili, paltany, bir gysym sementden başlap, bölejik tagta çenli, edil eşrepi ýaly tutýardy. Görlüp oturylsa, onuň pikiri, maslahatlary-da, elen gyzyl gül eken. «Ýerde oturyp bilemok» diýip, hajathana ortasy deşik oturgyç ýasap goýdy. «Çukura girmek, çykmak hyllylla» diýip, giň, berk merduwan ýasady. Mergene hatyny işlär ýaly stol, oturgyç ýasady. Özi sekiniň gapdalynda oturar ýaly oturgyç ýasady. Ol Rejep agadanam, Mergendenem otursa, tursa razy bolýardy. Emma gurluşykçylardan welin razy däldi. Birinji gaty baýramçylyga gutarmasalar aýlyk ýerine daşyň gatysyny alarlar – Ýaşuly, işleýäs-ä, görüp dursuňyz-a, boş-a oturylanok – diýip, Hudaýberdi pişik jozzuk ýaly ýüzüni ýaldyradyp, ýaşyla hoňur-hoňur edýärdi. Nobaraly aga bolsa: – Hudaýberdi, bally, ataň ýaly adam ýalan sözleýemmi. Gatyjak içip, çaljagaş içip, ýaglyja, süýjüje naharlar iýip, mesje ýaşaýanyňyz-a görnüp dur. Emma ýagyrnyňyzy derledip işleýäniňiz-ä göremok. Enwelidem bolsam, dört bolup, on günde eden işiňizi bir günde etmesem, «tüf» diý ýüzüme. – Bilemok, işleýşimizden Mergen-ä razy. Ýaşuly elindäki hasasyny gütüledip ýere urdy. – Mergen poh bilýärmi? Ýer onuňky däl, toý onuňky däl, jaý onuňky däl. Ol bir öz ugruna eňip ýören mugallym ahyryn. Onuň özünem kowup goýberjek şindi. – Onda jaýkimiňki? – diýip, Hudaýberdi kirpiksiz gabagyny galdyryp, pişigiňki ýaly mawdar gözlerini mölertdi. – Ýerem, jaýam, pulam meniňki! Uruş inwelidi bolanym üçin ony maňa berdiler bu ýeri. Indi ählisine özüm jogap berýändirin. Baryň eşidip goýuň. Sähel sypjyklyk etdigiňiz, küşdüňizi bererin. – Ýaşuly, şertnamany Mergen baglanşandyr! Ýaşuly çyna berimsiz gaharlandy. – Men bilmen. Şu gelýän baýramçylyga çenli birinji gat bitmesin. Men şertnamaňyzam bilmen, aýlygyňyzam. Baryň-da başga ýerden iş gözläberiň. Ine, şertnama meniň goltuk jübimde ýatyr,Şertnamada «Işlemeli däl, eden işiňi menden saňa barýança, elujy etmeli» diýilip ýazylan ýeri-ä ýok.. Men Gyzylarbatdan gowy ussalay getirjek. Ol bendeler «Nobaraly däde meni al-da, meni al» diýişip durlar. Ellerem, edil gyzyl gülüň bar. Bular ýaly «täp-läp» zadyňy olar hasabam etmeýeller... Kolka müjük Nobaraly agany iki elläp makullaýardy. Sebäbi Hudaýberdi pişigiň nepinden gepi käniräkdi. Ol onuň bilenem sanaşyp, beýleki işlejeklerem sandan çykarýardy. – Gije işläň, ýeriňize adam tutup işlediň, men bilemok. Sözüm sözdür, şu birinji gat baýramçylyga taýýar bolmasyn, eddiljek garaňyzy saýlaryn... – diýýärdi. Ýaşulynyň haýbat atmasynyň haýry degýärdi. Ussalar indi birinji gatyň kerpijini örüp, aýnalary, gapylary oturdyp ýördüler. Mergeniň bolsa bar aladasy okuwy, makalasydy. Ol agşamky mekdepde okaýanlaryň barysynyň iş ýerlerine aýlanyp, ýolbaşçylary bilen gürleşip gaýdypdy. Her okuwçyny başlygynyň ýanyna eltip, ýüzleşdirip çykdy. – Işgäriň Meredow Juma bilen Aşyrow Gurbanberdi agşamky okuwa baranok. Soňky gün size gep gelse, menden görmäň – diýýärdi. Ýolbaşçysam: – Işden-ä edil sagat bäş bolmanka «Okuwym bar» diýişip, sypyrlyp gidýär olar. – Okuwa bir sagadam baranoklar. «Bizi başlygymyz goýberenok. Işden soňa galyp işlemeli bolýarys» diýýärler. Ine özleri, ine ýüz-gözleri. Edaranyň ýolbaşçysy: – Näme-how, sen ýalan sözlän bolup, näme meniň üstüme adam getirýäň. Şu bar-a, okuwa gitmejek bolsaň, meni adamlaryň arasynda maty-masgara etjek bolsaň, eddil, şu günüň özünde işden gümüňi çekeri. Näme beýle, äsgermejek bolýaňmy?! Mergen şeýdip, okuwçylaryň ýolbaşçylarynyň ýanyna elin baryp, olaryň telefonyny alyp, işleýän okuwçylaryň ählisi okuwa barar ýaly etdi. Soňam «Okuwçy näme üçin okuwa gelmedi» diýen makalasy üçin Kanunlary, Kararlary, Magaryf ministrliginiň buýruklaryny öwrendi. Makalanyň elde ýazylany on üç sahypa boldy. Ol maşinkada ýazylanda alty-ýedi sahypa boljakdy. Iň gyzykly ýeri, Mergen bu makalany on günde ýazyp, on dört saparam täzeden göçürdi. Soň gaýta-gaýta okady. Ony durşy bilen ýat tutdy. Diňe şondan soň «buýrma» görnüşde «Türkmeskaýa iskra» gazetine iberip, ynjaldy. Mergen gündizki mekdepde-de, agşamky mekdepde-de, klassik şahyrlaryň belli şygyrlarynyň iň täsirli bentlerini diktant edip ýazdyrmasyny arman-irmän dowam etdirýärdi. Ol bäş tegelegiň many-mazmunyny okuwçylaryň aňyna, ýüregine siňdirmek üçin azabyny gaýgyranokdy. Okuwçylar bäş tegelek boýunça ýüz temada kiçeňräk beýannama ýazdylar. Tegelekler boýunça işlemekden, diktant, beýannama, düzme ýazmakdan ýaňa okuwçylar indi şahyra dönüp barýardy Iň esasam, okuwçylaryň hatyny görmäge göz gerekdi. Mergen şonda-da arkaýynlaşanokdy. Hakyky edebiýat sapaklarynam, edil sapaga düzülen ýaly, tertipli, manyly, pedagogikanyň kadalaryny ýekeje ölçegem gyşartman geçýärdi. Şonda-da çärýegiň ahyryndaky pedmaslahatda «Ataýew taýýar okuwçylary alyp, hiç iş geçirmän öwünip ýör. Okuwça-da, mekdebe-de peýdasy degenok» – diýip Çaçy mugallym çykyp geplände aýtdy. – Biz-ä erkek adamyň, onda-da ýaş mugallymyň heleý ýaly bolup, mekdepde ýumurtga satyp ýörenini göremizok. Direktor, orunbasarlar näme diýp görmediksirän bolýar. Näme üçin Ataýew ýalylara çäre görülenok. Men edeýin, şony, derrew ştanyňyzy boýnyňyza aljagyňyzy bilip durun». Şol pedagogik maslahatda öňki terbiýeçilik orunbasar Dessegül Durdyýewa göwreliligi üçin rugsada gidýäni üçin Çaçy mugallym onuň ýerine bellenildi. Ol aýal orunbasar bolan gününden bäri her gün Mergeniň üstünden düşüp ugrapdy. Gazetlerde Mergeniň makalasy çykan güni ol aýal bir çylkaly gepini aýdyp, mekdepde makalanyň täsirini gaçyrmaga çalyşýardy. – Bolgusyz tentek. Ondan-mundan göçürip, makala ýazan bolup, ýör – diýip, raýon bilim bölümine çenli günde-günaşa gep eltip ýördi. – «Mugallymlar gazetiniň redaktorynyň kellesi niredekä? Şular ýaly tentegiňem makalasyny çap edip ýör. –diýýärdi. Ol arada uly klaslaryň okuwçylaryny ýygnap, tertip-düzgün barada gürrüň etdi. Şonda ol Mergeniň ýakynda «Mugallymlar gazetinde» çap edilen «Edebiýat sapagynda watançylyk terbiýesi» atly makalasynyň ep-esli bölegini okap beripdi. Şonda Ejeş mugallym – Näme, Ataýew mugallym erbet makalalar ýazýar diýen bolup, özüňem-ä şonuň ýazan makalasyny okap berdiň – diýende, Çaçy mugallym ýüzüne-de alman: – Ýerimi alar diýip içiň köýmesin heleý. Näme alanymda näme. O tentegem bir ýerlerden göçürendir-dä. Ogrudan ogurlamak halal bolmaly – diýip bihaýa gülküsini edipdi. Mergen özi hakynda bolýan beýle gürrüňlere gulak gabardyp ýörenokdy. Ol okadýan her okuwçysynyň ýazuwy, gepleşigi, bilimi, haty, edebi boýunça, edil düzülen dutar ýaly zarňyldap durmagyny isleýärdi. Şony öz gyzynyň bolşundan gürrüňlerinden, hatyndan, okaýşyndan bilýän bir Ejeş mugallym Çaçy mugallyma: – Sen Mergene degme, Mergen bilen işiň bolmasyn – diýip, her gün aýdýardy. Pedagogik maslahatda-da ol: «Eger Mergen Ataýewiň özi razy bolsa, men oňa şu gün ýerimi bermäge taýýar!» – diýenini tutuş mekdep eşitdi. Ýöne, il özi barada näme diýende-de, Mergen özünden razy däldi. Oňa diňe edebiýat sapagyny beripdiler. Ol okuwçylarynyň edebiýaty bilişinden, elbetde, razydy. Emma olary dilden Çaçy mugallym okadýardy. Mergen bu mugallymyň öz bäşinji klaslaryna näme tema geçýändigini bilip bilenokdy. Klas žurnalyndaky ýazgylaram bulam-bujardy. Okuwçylaryň bolsa türkmen dilinden duran ýerleridi. Emma ol aýalyň şerraýlygyndan çekinip, hiç kim oňa «edeniň bolanok»diýibem bilenokdy. Indi mekdep direktorynyň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary bolansoň, ol okuwçylary dilden okatmagyny goýar öýdüp, Mergen inçejik tama edipdi. Gaýta, ol aýal okuwçylardan diktant alyp:»Meniň okuwçylarymyň hatyna, ýazuw depderine bir serediň!» diýip, bilim bölümine, raýonyň beýleki wezipeli ýolbaşçylaryna ýeke-ýekeden görkezip çykypdy. Üçünji mekdebiň bäşinji «B», «W», «G» klaslarynyň ýazan diktanty tutuş raýony haýran galdyrdy. Çaçy mugallymyň ady Garrygala raýonynda iň güýçli dil we edebiýat mugallymy hökmünde uly abraýa eýe boldy. Onuň suraty indi gazetlerden düşenokdy. Emma bu mugallym 5-nji «A» boýunça ýüzigarady. – Iň nejis okuwçylar 5-nji «A» ýygnanypdyr. Bajyjan, okamaýallaýam, ýazmaýallaýam. Alýanlary diňe ikilik, diňe ikilik. – diýip, 5-nji «A»-ny ile metgi edip gepleýärdi. – Ýok bolsun-la, sentýabrdan o klasy ýok edip taşlajak-la, jähennem bolsun-a... Mergen sesini çykaranokdy. Eýsem, Mergen näme diýip biler, olam okadýar, olam okadýar. Onsoňam, Mergen özüne abraý geler, ady çykar, bir bähbitjagaz bolar diýip okadanokdy. Ol hakyky mugallymyyň tutuş nesilleriň beýik şahsyýet, sowatly, bilimli bolmagy üçin jan çekmelidigine ýaşlygyndan düşünipdi. Özüniň okuwçylary bu gün Çaçy mugallymyň eline düşer, ertir ýokary mekdepleriň biriniň mugallymlarynyň eline düşer, şonda, olary men okatdym, olar diňe meniňki» diýip bilmez-ä. Hut häzirem şeýle bolmaly... Elbetde, mugallymyň her hilisi bolýandyr. Olaryň azabyny aýry-aýrylykda ölçäp, netije çykaryp, baha kesip bolmaz. Mergen öňki usulyny dowam etdirmek bilen utgaşyklylykda, okuwçylarda dilewarlyk sungatyna agram berip ugrapdy. Ol 3-nji mekdebiň üç bäşinji klasynyň okuwçylaryna Magtymgulynyň, Keminäniň, Mollanepesiň, Seýdiniň, Zeliliniň, Mätäjiniň, Misgingylyjyň, beýlekileriň belli şygyrlarynyň bentlerini dildenem, ýazuwdanam gaty berk öwretdi. Okuwçylaryň haty ýalňyşsyz, gaty owadan ýazmak endiklerini dola ýola goýdy. Indi onuň gije-gündizki ýeke-täk arzuwy okuwçylaryna bäş tegelekli meseläni ürç edip okadyp, olaryň aňyna ruhuna girizmekdi. Ol indi bu ugurda sözleşmekden ýazuwa geçip başlapdy. Ol bu meselede durmuşyň dürli meselesi boýunça temalaryň ýene ýüzüsini diktant edip ýazdyrdy. Şol diktantlaryň esasy talaby– haty owadan ýazmak, haty ýalňyşsyz ýazmak, haty manyly ýazmak. Öz pikiriňi aýdyň we manyly beýan etmegi başarmakdy. Soň ol diktantlaryň örüsini kem-kemden üýtgedip başlady. Onuň pikiriçe, 5-nji klasyň okuwçylary islendik ýerde, diktanty, beýannamany, düzmäni ýüzüniň ugruna, diňe bäşlige ýazyp biljekdi. Mergen onda-da ynjalanokdy. Ol her gün okuwçylaryna bäş tegelek boýunça bir esasy temany aýtdyrýardy. Şol gürrüňleriň iň ähmiýetlisini, täsirlisini okuwçylaryna ýazuwa geçirdýärdi. Okuwçylarynyň işini günüň dowamynda barlap, bahasyny goýup, hökman yzyna paýlap berýärdi. Okuwy bolsun, okuwy bolmasyn, baýramçylyk bolsun, toý bolsun, tapawudy ýok, ol bu düzgünini her gün dowam etdirýärdi. Okuwçylar bolsa, her gün diňe bäşlik alýardylar, Ol bu usulyny agşamky mekdepde-de girizipdi. Özüniň okadýan klaslarynyň okuwçylaryny her agşam mekdebe çagyrýardylar. Ol bu düzgüni başda girizende itiň gününi görüpdi. Işleşip ýören, maşgalaly, çagaly-çugaly, kakasy ýaly adamlaryň igenmesi ony pälinden gaýtarmandy. Neneňdir, bir aýdan soň, okuwçylar edil, eldeki bolan mal ýaly, indi kowsaňam gaýdanokdylar. Olar sapaga girişip, owadan, ýalňyşsyz, manyly ýazyp, joşgunly, parasatly, suwara gepleşip başlansoňlar özleriniň orta mekdeplerde okaşyp ýören,ýetginjek çagalaryny hem ýanlary bilen alyp gelesleri geldi – Ýoldaş mugallym! – diýip, kellesi gazan ýaly ullakan görünýän, şonuň üçin başgaby depejiginde hekgerip duran Nedirbaý Weliýew elini galdyrdy. Mergen oňa söz berdi – Mugallym, biziň tutuş klas boýunça sizden bir towakgamyz bardy. – Aýdyber. Nedir baý aga gürrüňi daşdan aýlap, özleriniň gündiz işde, agşam okuwda bolup, çagalarynyň terbiýesine elleriniň degmeýändigini düşündirdi – Ine, indem, çagalarymyz adynam ýazyp bilenok. Gündizki mekdepde okuw ýok. Şonuň üçin, biz öz çagalarymyzy seniň okuwyňa alyp gelsek bolarmyka? Mergen Nedirbaýy tassyklaýan okuwçylaryň äheňinden, okaýanlaryň ählisiniň şol pikirdedigini aňyp, olara çagalaryny getirmäge rugsat berdi. Ine, indi şondan bäri Mergeniň ýükem agralypdy, klaslaram dolupdy. Öňki boram-boş klaslarda okuwça parta tapylanokdy. Özem, bir wagtky ala-gykylyk bolup oturan klaslarda, okaýan adam bara meňzänokdy. Bu gün Mergen Ataýew üçin aýratyn buýsançly bir gün boldy. Onuň «Okuwçy näme üçin mekdebe gelmedi?!» diýen makalasy «Türkmenskaý iskra» gazetinde ýalpyldap çykypdy. Mergeniň öz-hä «Türkmenskaýa iskrany» mekdebe alanokdy. Ýöne hat-petek getirýän poçtalion oglan oňa gazet getirip berdi. – Agam, şunda gowy makalaň çykypdyr. Bu makala Mergeniň rus dilinde çap edilen ilkinji makalasydy. Ol bu makalany türkmen dilinde ýazyp gazete iberipdi. Mergen begendi. Makalany her klasa açyp görkezip çykdy. – Gijirägem bolsa. Şu gidişiňize gitseňiz, siziňem makalaňyz gazýtlerde, hökman çykyp başlar. – Hemmämiziňkemmi? – diýip, Gülsüm sorady. – Hemmäňiziňki!.. Sähel günden, ýekşenbe güni «Mugallymlar gazeti» şol makalany türkmen diline terjime edip çykardy. Çarşenbe güni Mergeni sorap, Aşgabatdan iki adam geldi. Mergen olaryň birini tanady. – Salam, ýoldaş mugallym! Jylk sary, rus adamsy türkmençe suw ýaly gürleýärdi. Ol adam Mergeni unwersitetde daşary ýurt edebiýatyndan okadan mugallymy Wadym Sergeýewdi. Ol häzir «Uçitelskaýa gazetanyň» Türkmenistan boýunça habarçysydy. Ol gülmän, ýylgyrman: – Ýör-ow, Mergen kaka, Türkmenistanda ala-goh edip ýören, asyl, senmidiň – diýdi. Mergen ýylgyryp oňaýdy. – Ýöre, hany, klasyňy görkez. Mergenem ýylgyrdy. – Gündizki klasymymy, agşamky klasymy?! – Ikisinem. Mergen bu gün agşamyna okadýardy. Ol Wadim Sergeýewe öz klasyny görkezdi. – Haýsy klaslary okadýaň? – Bärde üç bäşi edebiýatdan, agşamky mekdepde sekiz, dokuz, ony edebiýatdan, dilden... Wadym Sergeýew klasy synlap: – Klasyň gaty garyp, görkezme esbap ýok. Hany, Magtymguly, Kemine. Diwar gazetleriň ýok... Mergen baş atdy. – Mugallym, men uniwersiteti şu ýyl gutardym. Gyş kanikuly döwründe klasy täzeden gül ýaly edip oňarjak. Mugallym geň galdy. – Bary-ýogy iki aý ýarym okadýaňmy?! – Hawa. – Ýazýan makalalaň-a otuz ýyl okadýan ýaly. Makalaňy okap, men sen bir özümiz ýaly ýaşulusyň öýdýärdim. «Şundan bir zatlar öwrenip boljak» diýip bäri gaýtdym. Bu ýoldaşam suratçy Kakabaý Nazarlyýew. Onam alyp gaýtdym. Olaryň awtomaşyny bardy. Olar Mergeni maşynlaryna mündürip, 1-nji mekdebe bardylar. Şol ýerde-de, Mergeniň yzyna düşüp, klas žurnallaryny ýekän-ýekän görüp, okuwçylaryň işleýän ýerlerini,näçe wagtdan bäri okuwa gelmeýändiklerini, näçe sapagy goýberendiklerini gördüler. Agşam Mergeniň sapagyna girdiler. Mergeniň klasy agzy-burny bilen doly bolsa-da, beýleki klaslarda, bary-ýogy bäşdir, üçdür adam bardy. Myhmanlar olar barada-da maglumat aldylar. Okatmaga gelen mugallymlar bilen gürrüňdeş boldular. Okuwyň ahyrynda Wadym Sergeýýew Mergeniň gulagyna: – Nirede bir çüýşe gatyk bilen bir çüýşe arak içip bolar? – diýip pyşyrdady. Mergen sagadyna seretdi. – Ýöriň, mugallym. Men ýekeje ýeri bilýän – diýdi. Olar üç tirkeş bolup, golaýdaky dükana bardylar. Mergen iki çüýşe arak aldy. Soň maşyn Mergeniň öýüne bakan gitdi. Wadim Sergeýew Mergeniň boýy ýeten jaýynyň owadan binýadyny, mallaryny, towuklaryny, tertipli mellegini synlap, akly haýran bolup birsalym durdy. Soň Mergene: – Sen, Mergen molla, iki ýerde agyr işiňden, ýazýan makalalaryňdan, munça ýola günde iki sapar kä tigirli, kä pyýada gatnamalaryňdan daşary, munça mal-mülke, nädip ýetişip bilýäň?! – diýdi. Mergen olary ýylgyryp, saçak başyna çagyrdy. Olaryň bolsa agşamky uzak oturyşmadan soň, bu eşrepi ýaly howada, süňňüýeňillikden ýaňa uçaýjak bolup duruşlaryna, saçak başyna geçesleri gelenokdy. – Sen hakynda hut häzirem gowy oçerk ýazmak bolýar. Men Türkmenistanyň müň mekdebine aýlandym, ýöne seniň ýaly mugallym görmedim. Mergen olary gyssady. – Ýöriň, çaýy sowatmalyň, garbanalyň. Ol saçaga gowurdak bilen gowurylan heýgenek, uly şakäse çig gaýmak, çaý-çörek, başga-da, şirin nygmatlary goýuşdyrdy. Saçak başynda mesawy gürrüňçilikden soň Wadim Sergeýew başyny ýaýkady. – Mergen molla, seniň bu mellegiňden jennetiň ysy gelýär. Men-ä, walla, agşam näçe iýip, içen bolsamam, ertir ediljek guş ýaljak ýeňil turdum. Seniň bu ýeriňde bir keramata bar. Olar gaýtjak bolup hoşlaşanlarynda Rejep aga olaryň hersine bir bedre ýumurtga, üç litrlik bankany dolduryp süzme berdi. – Ýene bitte aýdan kerteşkämiz ýetişer. Şonda keliň, paýyňyzy koýaman. Mergen olar bilen mekdebe gitdi. Dekabr aýnda Mergeniň hasyl ýygnaýan aýy boldy. Rejep aga kartoşkalary ýygnap, olary kagyz haltalara gaplady. Hasyl ýygnalanda iri kartoşkalaryň özi ýüz halta boldy. Galan ownuk-uşak kartoşkada kiçiräk harman bolup ýatyrdy. – Bala, bulary ozüm sataman. – diýip, Rejep aga otursa-tursa tekrarlaýardy. Ondan başga-da, geçen üç aýda balyk ýaly semrän öküzçeleri Aşgabatdan gelen mal alýanlara gowja bahadan ýerläpdi. Gyşyň düşmegi bilen onuň sagýan ýagly süýdüne-de, ýumurtgasyna-da, şu obanyň özündenem hyrydar tapylyp ugrady. Mergen üçin Wadim Sergeýew bilen bilelikde «Okuwçy näme üçin gelmedi?» diýen makalalarynyň Moskwada «Uçitelskaýa gazetada» çykmagy gaty uly şatlyk boldy. Özem makalada onuň ady «Garrygala raýonynyň 1-nji işçi-ýaşlar mekdebiniň dil we edebiýat mugallymy Mergen Ataýew» diýip ilkinji gelýärdi. Soň Wadym Sergeýewiň ady gelýärdi. Ýöne tutuş raýonda bu makaladan hiç kimiň habary ýok ýalydy. Ony diýseň şol döwürde «Prawda» gazetinde «Mugallyma ikilik» atly dişli makala-da çap edilipdi. Ol makalany radioda-da okadylar. Respublikan gazetleriň ählisi ony terjime edip, öz sahypalarynda berdi. Türkmenistanda bilimiň ýagdaýy barada Moskwada çap edilen bu iki dişli makaladan soň, raýonlaryň bilim bölümlerinde, bilim ministrliginde, pedagogik ylmy-barlag, mugallymlary kämilleşdiriş institutlarynda ala-goh edilip ýygnaklar geçirilip başlady. Soňam, yzy hiç zat bolmadyk ýaly bolup kesildi. Ýöne onuň soňky tomaşasyny Mergen görmeli boldy. Ikinji çärýek jemlenip, okuwçylar gyş kanikulyna çykdylar. Mergeniň gurdurýan jaýynyň birinji gaty doly gurlup, gutaryldy. Nobaraly aga gurluşykçylardan bu jaýyň her garşyny uly söweşler bilen kabul edip aldy. Jaýyň poluny-penjire, gapylaryny dört-bäş sapar reňkletdi. Ine, ynha, indi dört sany syrçaly jam ýaly polly, potolokly ajaýyp otag lowurdap dur. Ussalar Nobaraly aganyň «berekella» aýdaryna mähetdel, şertnama laýyk almaly haklaryny talap edip başladylar. – Každomu beş üz altmyş manat bermeli! – diýip, Kolka müjük Allaberdi pişigiň mawdar gözlerine garap aýtdy. – Ikkinçi etaž fewral aýy başlçak. Mergende Rejep aganyň kartoşka satyp beren iki müň bäş ýüz manadyndan diňe iki ýüz elli manady galypdy. Gurluşykçylar bilen hasaplaşandan soň Mergende on müň iki ýüz elli manat galdy. Şonuň içinde süýt-gatygyňam, ýumurtgadyr, öküzçeleriňem, sogandyr, sarymsagyňam, iki ýerden alýan aýlygynyňam, galam haklary, okuwyny gutaranda jemlänje pulam, aý, garaz, ähli jemlänjesi bardy. Agşam işden gelensoň, Mergen pully düwünçegini goltugyna gysyp, eýwana çykdy. – Ata, däde, bäş minutjyk meniň ýanyma gelip gidiň. Gojalar sekä geçip, Mergeniň garşysyna geçip oturdylar. Mergen pully düwünçegini açdy. – Ine, şular biziň bar pulumyz. – Ol düwünçekden alty müň manady topbagy bilen aldy-da, Rejep aganyň öňünde goýdy. – Ata, Taňry ýalkasyn! Amanadyňyzy alyň! Rejep aganyň çöňňelip ugran gözleri elek-çelek boldy. – Onça som zyýat deýilmi? Zyýat! Zyýat! Mergen ellerini daldalatdy. – Ata, goýuň. Allanyň haky üçin alyň karz beren puluňyzy. – Ol haýran galan ýüzüni Nobaraly aga öwürdi. – Men sentýabr aýynda Rejep agadan alty müň manat pul karz aldym. Indi, işlerimiz ýola düşdi. Bergene beren ýagşy. – Onsoň, indi boldumy, bally. Sen jaýyň ikinji gatyny näme etjek. Jaýlaryňa näme düşejek. Satylan öküzçelere derek iki sany öküzçe almaly. Mergen düwünçegi görkezdi. – Ine, ine, dört müň manat pul. Müň manadyna iki sany öküzçe satyn alarys. Iki ýüz manadyny iýeris. Entejik satmaga kartoşkamyz bar-a. Atam ýumurtga bilen süýt satybam, bizi baýadar. Men basym iki ýüz manat aýlyk almaly. Nesip bolsa, indi horlanmarys. Ýaşuly ýüzüni sallady. – Bally – diýdi. – Sen mendenem birnemejik pul karz alsana! Mergen amanat ýaly bolup oturan Rejep aganyň agyr, pikirli ýüzüne garady. – Men senden pul karz alyp, ony näme edeýin? Nobaraly aga güldi. – Wah, bally, bally! Şular ýaly iki gat köşk gurýarkaň, şular ýaly mülküň barka Erejep şaltaý diýen ataň, Nobaraly diýen dädeň barka, köne tigirçegiňi şakyrdadyp, ile çykmaga utanaňogammy?! Mergeniň hortap ýüzi duw gyzyl boldy. Uýalmakdan hersi şapbat ýaly gulaklary gymyldaşyp gitdi. – Dädeňde elli müň manat pul bardyr. Şonuň ýigrimi müň manadyny bir ýyllyk karz bereýin. Sen git-de täzeje «Wolga» maşyn satyn al. Näme, jaýyň ikinji gaty üçin, sementiň, kerpijiň, armaturyň, tagtaň, şiferiň aňry ýany bilen ýeterlik. Ussalary üzer ýaly puluň taýýar. Diňe maşyn alaýmaly! – Ol Rejep aga sala saldy. – Şaltaý agam, ýa meniňki nädogrymy? Rejep aga owadan ýylgyrdy-da, ozalam işim-işim bolup duran murtuny burumlap goýberdi. – Meý-leý, meýli!.. Nobaraly aga Mergeniň ýatsa-tursa ýadyna, oýuna düşmeýän pikiri aýdandan soň, oňa maşyn diýen närsäniň özüni oňarýan adam üçin hem abraýdygy, hem ulagdygy, hem mertebedigi barada bir sagatlap takal okady. – Özünem, ballym jan, täjizle-hä. Giç galsa, gelýän dynç güni işigiňde täzeje «Wolga» dursun-ha! Şu gün bir Gyzylarbada gidäýsem-ä, düşeklik halyňam, maşynly meseläňem düzedip gelerdim welin, edil şu mal gitmejek bolup du-un-daýt! Rejep aga gapdaldan at goşdy. – Kidiň-eý, nige korkasyňyz. Kidip kalyň-aý. Nobaraly aga güldi-de, çyna berimsiz gaharlanan boldy. – Aý, gutaran şaltaý Ata, Gyzylarbadyň gyşy seniň pikir edişiň ýaly şaltaý-baltaý gyşlardan däldir. Gyzylarbadyň gyşynda Sibirden uçuşyp gelen guşlaram doňup-doňup galýandyr-ha. Ol gyş adamyň kyrk ýyl öňki bitip giden derdinem gozgap goýberýändir. Indi men şol pohly maşyn diýip, ýaňyja el-hal bolan ýagdaýymy üzükdireýinmi?! Goý, ballynyň özi gitsinem, getirsinem. Rejep aga ýekeje tutaryk galdy. – Som kanda, som! – Som bilen adam oglunyň işi bolmasyn! Ýöne bu meseleler Mergeni az gyzyklandyrýardy. Ol kanikulyň şenbe, ýekşenbe günlerini Rejep aga bilen çukurdan çykman işledi. Olar kartoşkanyň yzyna ýene kartoşka ekdiler. Erik, üzüm nahallarynyň üstüne kartoşkadan boşan haltalary geýdirip, ýagşy dolap. soň agaçlaryň düýbüni gömdüler. Soňra her agajyň düýbrägini köne-küşül esgi bilen dolap daňdylar. Soň olaryň tabajygyny dersden dolduryp, iki bedre, iki bedre suw guýdular. Rejep aga kartoşkalary bu sapar, günortadan demirgazyga joýalap ekmän, günbatardan gündogara joýa çekip ekdi. Ol her kartoşka düýbüni çukurjagaz gazyp ekýärdi-de, üstüne toprak sürýärdi. Soň ekilen ýerleriň üstüni sygyryň aşagyndan çykan samanly ders bilen basyryp çykdy. Mergen ýaşulynyň raýyny ýykanokdy. Ol näme buýursa ylgap edişdirip ugruna ýykylyp ýördi. Ýogsa, ol gyşyň içinde kartoşka ekilýänini birinji sapar görýärdem, eşidýärem. Şonda-da ol içindäki şeýtanja sowaly daşyna çykarman oňup bilmedi. – Ata, gyşyň içinde kartoşka ekýäs welin, munymyzdan bir zat çykarmykan?! Ýaşuly çoýun tüňçe bilen soganyň, sarymsagyň düýbüne ders bulamagyny guýup ýörşüne: – Bolaýdy, bolaýdy. – diýip mydyrdady. Soňam işini goýup, Mergeniň ýanyna geldi. – Bala, ortag Miçurin aýtgan: «Ýaman ýer ýok, ýaman hojaýyn bar» diýip. Ýerge azap eýlegen aç kalmaýdy. – Dogry, ata, azap reýgan bolmal-a däl. Mergen şol iki günden soň tutuş kanikul günlerini, agşamlarynam mekdepde geçirdi. Ol günortana çenli tutuş üç klasda edebiýatyň temalarynda tegelekler boýunça güýçli gaýtalamak işlerini geçirdi. Her günde hem diktant, hem beýannama ýazdyrdy. Okuwçylarynyň dil baýlygyny, labyzly söhbetdeşligi, özbaşdak pikirlenişi gaýtaladaý, gaýtaladaý berkitdi. Ýazylan diktantlary, beýannamalary şol bada barlap bahasyny goýdy. Täzeden-täze temalary geçýärdi. Okuwçylaryny gaýtaransoňam, klasyny bezeýärdi. Ol Türkmenistanyň kartasynyň ikisini, türkmen klassyk şahyrlarynyň portretler toplumyny, tuş, plakat ýazylýan perolaryň toplumyny, batman listlerini, ýelimleri, reňk, çotgajyklar, beýleki gerek bolaýjak zatlary satyn aldy. Türkmenistanyň kartasyna klassyk şahyrlaryň kiçijik suratlaryny ýelmäp, olaryň dogulan ýerlerine çyzyk çekdi. Şeýdip, kartanyň ýüzüni suratdyr çyzyjyklardan doldurdy. Her şahyryň suratynyň aşagyna onuň adyny, tahallusyny, doglan, aradan çykan ýylyny, owadan edip ýazdy. Soňra asyrlar boýunça şahyrlaryň atlaryny, belli eserleriniň atlaryny ýazdy. Başga bir batman listine «Diktanty nähili ýazmaly?», «Beýannamany nähili ýazmaly?», «Düzmäni nähili ýazmaly?» diýip uly-uly harplar bilen ýazdy-da, olara üç-dört sözlemde jogap berdi. Mergeniň pikiriçe, şolary okan her bir okuwça başga düşündüriş gerek däldi. Ol klas tagtasynyň garşysyndaky diwara klassyk şahyrlaryň uly-uly portretlerini hatarlap, deňje edip kakdy. Öz döwrünň syýasy çagyryşlaryny, Uşinskiniň, Makarenkomyň, Magtymgulynyň edep-terbiýe baradaky parasatlaryny, partiýanyň çagyryşlaryny ýazyşdyryp, ýerbe-ýer edip asyşdyrdy. Edil şular ýaly ýazgylary agşamky mekdepdäki klasyndanam asyşdyrdy. Okuwçylar bu görkezme esbaplaryna begendiler. – Mugallym, klasymyzyň penjirelerine-de güllije küýzeleri goýaýyn! – diýip, Sülgün bilen Annatäç gowy teklip aýtdy. – Olary soň idetjek bolsaňyz getirip goýmaly. – diýip, Atamyrat garşy çykdy. – Serederis-le, beh, näme seretmän. Mergen okuwçylaryň ählisiniň meňzeşje suratyny getirtdi. «Biziň hemmämiz otliçnik!» diýip ýazdy-da, her suratyň aşagynda ol okuwçynyň ýazuw işleri ýazylan listleri asyp goýdy. Indi bu klas okuwçylar üçin keramatly ýere öwrüldi. Ol agşamky mekdepde-de, edil şeýle stent asdy. Onda işçi-ýaşlaryň suratlary, olaryň aşagynda okuwçylaryň ýazuw işleri asylyp durdy. Mekdepleriň ýolbaşçylary, mugallymlar, okuwçylar Mergeniň klaslaryny synlap, onuň bezegine haýran galýardylar. Bu gürrüňler tutuş raýona ýaýrady. – Özüň ýazdyňmy? – diýip, Ejeş mugallym begenip, Mergenden sorady. Mergen jogap berip ýetişmänkä – Gowy bolupdyr, gaty gowy bolupdyr! – diýip, gitdi. Şondan soň, tä kanikul gutarýança, Mergen gündizki mekdepde-de, agşamky mekdepde-de, täze temalar boýunça hem diktant, hem beýannama ýazyp, tegelekler boýunça işläp geçirdi.. Indi ol gündizki mekdepdäki okuwçylaryndanam, agşamky mekdepdäki okuwçylaryndanam gaty arkaýyndy. Mergeniň okuwçylarynyň haýsy birini ukuda ýatyrka-da turuzyp, edebiýatyň islendik temasyndan soralsa-da, diktant, beýannama ýazdyrsaňam, sorasaňam, aljagy diňe bäşlik baha boljakdy. Ol ýazuw meselesinde-de diňe ýalňyşsyz ýazmak däl, owadan ýazýan okuwçylary taýýarlap bilipdi. Bu meselede mekdep Mergene boýundy. Ol şonda-da arkaýynlaşanokdy. Öz okuwçylaryny ýeke-ýekeden gaty berk talap bilen çärýeklik hasap ýüküni aldy. Şonda ol okuwçylary ýeke-ýekeden tagta çykaryp, hem hat ýazdyryp, hem gürrüň berdirip, iň soňunda-da «Bäş tegelek» boýunça tutuş bir temany uly talap bilen sorap çykdy. Okuwçylar mugallymdan hiç hili egilişigiň ýokdugyny duýdular. Olara egilişigem derkar däldi. Olar bilimleriniň ýetikligine göz ýetiripdiler. Mergen indi klasynyň bezelişindenem arkaýyndy. Ol klasyň gyzjagazlaryndan haýyş edip, tagtany süpürer ýaly edil eliň aýasy ýaly, gyrajygy halkalyja kiçijik, güllüje güpjejikler tikdirip, tagtanyň aşagyndaky çüýjagazlardan asdyrypdy. Şeýle güpjejikleriň birini agşamky mekdebiň tagtasynyň aşagyndanam asdy. Indi Mergeniň okadýan klaslarynda tagta süpürilýän esginiň, meliň gürrüňi ýokdy. Ol ullakan sübse, kagyz taşlar ýaly sebetler satyn alyp klaslarynyň burçlarynda goýuşdyrdy. Okuwçylaryň taşlan kagyzlaryny, hapa-hupalaryny ýygnap sebede salmaga, klasy sübseläp goýbermäge Mergen ýaltananokdy. Şonuň üçin Mergeniň klasy hemişe gül ýaly, arassajady. Şonuň üçinem: «Täze gelýänlere gowy klaslary berip, öňden işläp ýörenlere bolgusyzja klaslary berýeň» – diýip, Ejeş mugallym bilen dawalaşjak bolup duran mugallymlar ýok däldi. Ýöne, sag bolsun müdir! – Berjek, berjek, janyňyz çyksyn! Mergen Ataýew meniň iki dogup, bir galanym-da–diýýärdi. Soňundanam: – Kimiň berlen klasa göwni ýetmeýän bolsa, barsyn, Mergen mugallym bilen çalyşsyn! – diýip, gaty arkaýyn aýdýardy. | |
|
√ Ak guwlary atmaň -14: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Duman daganda: Agyr hassalyklaryň biri - wezipeparazlykdyr - 22.06.2024 |
√ Duman daganda: Geçä jan gaýgy, gassaba ýag gaýgy - 11.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun / roman - 03.07.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -9: romanyň dowamy - 05.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -23: romanyň dowamy - 08.11.2024 |
√ Ak guwlary atmañ -3: romanyñ dowamy - 29.05.2024 |
√ Atbaýrak: Ýylky çopan - 09.09.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -6: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -15: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |