16:00 Köne mülk -8: romanyň dowamy | |
IKINJI BÖLÜM
Romanlar
1. Mergen tutuş ýigitlik dünýäsi bilen ýylgyryp, klasa girdi. Okuwçylar bir süri sarç käkilik ýaly boluşyp, gürre ördüler. Ýaş mugallym buýsançly dideleri bilen tutuş klasy gujaklady. Salam! – Sa-la-am! Mugallym ýylgyrjyklap baş atdy. – Oturyň. Okuwçylar şakyrdaşyp oturdylar. Mugallym öz ýerine geçip oturdy. – Geliň, tanyş bolalyň! – Ol öz ellerine seretdi. – Meniň adym Mergen! Kakamyň ady – Ata! Mergen Ataýew. Men siziň türkmen dili hem edebiýaty mugallymyňyz. – Ol klasa seretdi. – Düşünmedik ýeriňiz, soragyňyz, sowalyňyz barmy?! Hiç kimden ses çykmady. – Onda men siziň bilen tanyş bolaýyn. – Ol öňünde ýatan žurnaly açdy. – Geliň, şeýdeliň. Sag partadan başlap. Nobatma-nobat tagta çykýarsyňyz, soň adyňyzy, ataňyzyň adyny aýdýarsyňyz. Soňra adyňyzy, ataňyzyň adyny tagta owadan edip ýazýarsyňyz. Düşündiňizmi?! Hany, gyz, ilki bilen sen çyk! Okuwçylar gülüşdiler. Mugallym ýüzüni agraltdy. – Klasda mugallymyň aýdan sözüne gülmek aýyp bolar. Bu gyzjagaz on-onki ýaşynda, men bolsam ýigrimi bäş ýaşap barýaryn. Men oňa «gyzym» diýip bilerin-ä. Sebäbi men heniz onuň adyny bilemok. Onsoňam, men mugallym! Gyzjagaz tagta çykyp. Adyny, atasynyň adyny ýazdy. Soň klasa bakyp: – Taganowa Altyn! – diýdi. – Hany, ýazanyňam okap ber. Gyzjagaz okady. Mugallym: «Haty owadan, sesi dury, taby ýuwaş, gowy okuwçy bolar» diýip netije çykardy. Mugallym oňa sowal berdi. – Altyn, bäşinji klasa näçelik bilen geçdiň? Gyzjagaz gözlerini tegeledi. – Mugallym, üçümem, dördümem bar, köpüsem bäşlik. – Oturaý. Mergen klasdaky okuwçylaryň ýigrimi dördüsinem şeýle usulda barlady. Klasda bäş okuwçy öz adynam, kakasynyň adynam dogry ýazyp bilmedi. Soň görüp oturylsa, olar harpam tanamaýan eken. Şolaryň içinde Annaýew Atabaý has gözgynydy. Ol asla, okabam bilmeýärdi. – Ol Anna keliň ogl-a, mugallym! – diýip, okuwçylar ýerli-ýerden gygyryşdylar. – Ikilikçi! – Bar-aý-t! Barryň-aý-ýt! – diýip, Atabaý gözjagazlaryny gaharlyja jijjerdip, haýbat atdy. Mugallym ellerini galdyrdy. – Hany, okuwçylar, gülüşmäliň. Men her bir okuwçynyň oňarmajak zadynyň bolmajakdygyna ynanamok. Näme üçin sen diňe bäşlik alyp, men diňe ikilik almaly?! Diýmek, ýa mende, ýa Atabaýda, ýa mugallymda gowşaklyk bolupdyr. Biz häzir diňe bäşinjä geçdik. Altynja barýança, diňe bäşlik baha okamasa, men size näme diýeniňizi bereýin. Mugallym meli alyp, tagta «bagban» diýip ýazdy. Okuwçylar, bilim Allanyň ynsana bagyşlan iň gözel eşretidir. Eger bir adam haty owadan ýazýan bolsa, onuň kalbynyň gözel boldugydyr. Kim haty erbet, ýalňyşly ýazsa, onda ol adamyň Allanyň özüne bagş eden keramatyny sylamadygydyr. – Ol tagtany görkezdi. – Kim «bagban» sözüni owadan ýazsa, men oňa bäşlik goýjak. Mugallymyň özi bu sözi juda owadan edip ýazdy. – Be bilen a-nyň tegelegi deňje bolsun. G-e-ni şoňa deňläň. Ýene b, a, n deňje bolsun. Ulurak ýazyň, owadan ýazyň. Öz ýazan hatyňyza özüňiz begeniň. Hany, boluň. Soň ol okuwçylary tagta çykaryp, bagban sözüni hersine on sapar ýazdyrdy. Şolaryň arasynda Atabaýyň haty Mergeni juda haýran galdyrdy. – Indi depderiňize ýüz gezek «bagban» diýip ýazyň. Ulurakdan, harplary biri birine deňläp, owadan, näzijek ýazyň. Ol ýerinden turup, partalaryň arasyna geçip, okuwçylaryň hatyny synlap başlady. – Duruň! Ýazmaň! Maňa serediň. Ol tagta «Bagban» diýip, owadan ýazdy. – Howlukmaň! Atabaý – bäşlik! Berekellla! Selbi, Nowça, Gurban, bäşlik. – Mugallym jemi on bäş oglan-gyzyň adyny tutup, «bäşlik» diýdi. Ol tä jaň kakylýança diňe «bagban» sözüni ýazdyrdy. Onuň bagtyna okuwçylar hem özleriniň ýazan hatyndan razy boldular. – Siz uly-uly wezipeli işlerde işlärsiňiz. Şonda işgärleriňiz: «Başlyk, hatyňyz juda owadan» diýenlerinde, meni ýatlarsyňyz. Owadan, ýalňyşsyz ýazmany öwrenen bu hatyňyz, menden size ýadygärlik bolar. Siz her näçe ýalta, gowşak, geleňsiz bolsaňyz hem men gije ýatmaryn, gündiz oturmaryn, ýöne size haty ýalňyşsyz, juda owadan ýazmagy welin hökman öwrederin. Indem, geliň öýde «Edebiýat», «Edep» diýip bir ýüz bir sapar ýazyp geleň. Şony ýazanyňyzda, edebiýatyň, edebiň manysy barada hem oýlanyň. Bahaňyz diňe bäşlik boljakdyr. Men sizden başga baha garaşamok. Hemmäňize bäşlik, Berekella, Atabaý. Sen bijaý gowy işlediň. Sag boluň. Ol bäşinji «W», bäşinji «G» klaslarynam edil şu usulda barlady. Bu klaslarda-da harp tanamaýan okuwçylar bardy, ýokardaky klasdaky ýaly, okuwçylaryň köpüsi çalasowatdy. Ol «W» klasda tagta elipbiýi ýazdy. – Okuwçylar, şu näme, kim aýdyp, berip biljek? Okuwçylaryň biri elini galdyrdy. – Gel, Garýagdy. Hany, «A» bilen «B» harpyny öz düzgüni bilen tagta ýaz. – Mugallym, bu näme, türkmen dili sapagym-aý? – diýip, Çary diýen tokarja oglan oturan ýerinden gygyrdy. Mergen oňa «ýuwaş otur» diýen manyda ümledi. – Mugallym, edebiýat geçäýeliň-dä. Mergen ýerinden turdy. – Okuwçylar, siz düşüniň. Häzir siz bäşinji klas. Emma köpiňiz harp tanaman, ýeke sözlem ýazyp bilmän, okap bilmän otyrsyňyz. Men siziň üçin juda utanýan. Şu durşuňyza men size edebiýaty nähili geçeýin. Siz haty owadan ýazyp, labyzly owazly okap bileňizden soň men size edebiýat geçerin. – Ýazyp bilmesek näme? – Men size owadan ýazmagy, aýdym ýaly edip okamagy öwredýänçäm, men çöregem iýmerin. Size-de ynjalyk bermerin. Mergen adama hatyň näme üçin gerekdigini düşündirdi. – Hat adamyň ruhy gözelliginiň açarydyr. Owadan hat ýazan adam göni jennete barar. Çünki Alla onuň ýüregini mähirden ýasandyr. Ýüregi mähriban adamyň haty owadan bolýandyr. Ol Garýagdynyň yzyndan ilki Anna diýen oglany, soň Merýem diýen gyzjagazy tagta çagyrdy. Bularyň ikisem asyl, harp tananokdylar. Anna «A», bilen «B»-ni iki sapar ýazdy. – Mugallym, ýene ýazdyraýsan-a. Merýem hem ýoldaşlaryndan utana-utana harplary ýazdy. – Hany, indi «degirmen» sözüni depderiňize ýazyň. Ol bu sözi tagta ullakan, owadan edip ýazdy. – Şu sözi depderiňize ýüz sapar ýazyň. Okuwçylar ýapyrylyşyp, bir gözlerini tagtadan aýyrman ýazyp başladylar. Mugallym partalaryň arasyna baryp okuwçylaryň hatyna gözegçilik edip başlady. – Ýok, ýok, duruň! Ýazmaň! Bu bolşuňyz bolanok, nirä, nirä howlugýaňyz! Ol baryp tagtany süpürdi-de, ullakan, owadan edip «Degirmen» diýip ýazdy. – Hat juda owadan bolmaly! Kim owadan ýazsa, bäşlik goýjak. «Bäşlik» sözi okuwçylara täsir etdi. Olar ýapyrylyp, täzeden ýazyp başladylar. – Mugallym, bolupmy? – Mugallym, ýazdym. – Aý, biderek-läý. Mergen şol bir sözi gaýtadan ýene ýüz gezek ýazdyrdy. – Diňe owadan, diňe owadan... Ol okuwçylara baha goýdy. Soň öýe «Bagban», «Edebiýat» diýen sözleri ýüz sapar azyp gelmegi ýumuş tabşyrdy. – Öýde «edebiýat» diýmek näme?-diýen sowal baradaky pikiriňizi ýazyp gelersiňiz. Diňe, diňe öz pikiriňizi. Başga pikir bolmaly däl. Göçürmegem, okamagam bolanok. – Mugallym, ertir edebiýat ýog-a? – Men gelerin. Ertir hökman ýazyp getirip, maňa gowşuryň. Şu jaý Edebiýat otagy boldy. Men şu ýerde bolaryn. Hökman getiriň. Mergen «A» klasda-da şu usulda dowam etdi. Olara «Bagba», «Çoýun aşyk» sözlerini owadan, ýalňyşsyz ýazmagy öwretdi. Onuň saýlap alan sözleri tutuş elipbiýiň esasy bölegini öz içine alýardy. «Men olara harplary tanamagy, labyzly okamagy, owadan ýazmagy öwretmeli. Galan zatlary kem-kemden düşündiribererin...» Okuw tamam bolandan soň Mergeni mekdep direktory çagyrdy. Mergen ýygnak mahaly Aga Mergenow bilen Ejeş mugallymyň özi tarapa seredip, bir zatlaryň gürrüňini edýändigini görüpdi. Ýöne Mergen bu ikisinden özüne ýakymsyz gürrüňleriň bolup bilmejegini duýýardy. Sebäbi olaryň ikisem Mergeni heniz tananokdylar. Mergen: «Diňe zehinli adamlara görüplik edilýär» diýip okapdy. Ol özüni körzehin hasaplamasa-da, ýanyp duran zehin däldiginem bilýärdi. Ol uniwersitetdekä hakykatdanam ýarawsyzdy. Ol studentleriň gurluşykçylar toparyna goşulyp, Tejene, Arçmana gurluşyga gidende, özüniň hakykatdanam ýarawsyz, beýlekileriň ýanynda sansyzlygyna doly göz ýetiripdi. Onuň pikirine görä, duýgy-düşünjesem üzlem-saplamrakdy. Ol özünde kesgitliligiň bir işe arslan ýaly ýapyşyp, ony kesgitli çözmek endiginiň ýokdugyny bilýärdi. Käte onda haýsydyr bir işi etmek baradaky güýçli isleg döremänem durmaýardy. Emma şol pikiriň öňüni-yzyny derňeşdiriberende, çoçgara çolaşyp, hälki edesi gelen işini asla halaman başlaýardy. Ol uniwersiteti tamamlap oba dolanansoň işiklerindäki çukur oňa juda ýaramly täsirini ýetirdi. Mekdeplere aýlanmagy, mekdep direktorlary, mugallymlar, mekdepde işleýän dürli adamlar bilen gürrüňdeş bolmagy onuň ýüzlek, çekinjeňlik häsiýetine zarba urdy. Ol öz pikirini batyrgaý aýdyp bilýän adam boldy. Ýöne şu gün geçen şu üç sagat onuň mugallymçylyk işine çulum däldiginem aýan edip goýberdi. Ol direktoryň çakylygyna aňy, ruhy, bedeni gowşak halda bardy. Ol ýadapdy. – Salowmaleýkim! – diýip, ol kabinete girdi. Direktor telefonda gürleşýärdi. Onuň ýanynda bir görlen gyz otyrdy. Direktor Mergeni gören badyna trubkany apparata goýdy. – Mergen Ataýewiç, geliň, geçiň! – diýip, oňa ýer görkezdi. –Nädýär, okuwlar, goh edenoklarmy?! – Sag boluň. – Goh etmäge olaryň elleri ýetenok diýseňizläň. – diýip, direktor ýanyndaky gyzyň ýüzüne seretdi. Gyzjagazym bäşinjide okaýar. Häli gelip:Eje, täze mugallym bizi şeýle bir gowy okatdy» diýdi. Hiç geçen dört ýylda haty düzelmän geçdi-de, okaýşa ýamanam däl-le. Birki mugallymy «baryp görüp geliň» diýip iberdim. Olaram ses-selem çykanok diýip geldiler. Şondan soň arkaýyn boldum. Gaýrat ediber... Ejeş mugallym ýene ep-esli sakyrdady. Mergen «Şu wagt bir käsejik gantly çaý bolaýsady» diýip tamşanyp oýlandy. Oňa çenli direktor: – Bu gyz komsomolyň raýon komitetiniň ikinji sekretary Tuwak Beghanowa. Seniň bilen gürrüňi bar – diýdi. Mergen ol gyzy indi tanady, baş atdy. – Sen komsamol agzasymy? – Hawa. – Onda biziň birinjimiziň ýanyna barsaňyzlaň. – Ol ýerinden turdy. – Şonuň üçin geldim. Sag boluň. – Sag bol. Direktor ony ugradyp geldi-de, – Olar seni işe aljak bolýarlar öýdýän.. – diýip ýuwaşja aýtdy. – Bilmedim, meniň habarym ýok. Ejeş mugallym Mergene ýüzlendi. – Menem indiki sapagyňa girerin. Indi sen gaýdyber. Mergen klasyny ýapdy. Soň tigirini, goş-golamlaryny alyp mekdebiň howlusyndan çykdy. Dördünji sapaga girilipdi. Mergen Rejep agany soramak üçin, onuň öýüne bardy. – Bah, Erejep şaltaýyň Aşgabada gidenine bu gün baryp dört gün boldy – diýip, duldegşir goňşusy aýtdy. – Haçan gelerkä? – Aý-how, bu adamyň gelenine-de, gidenine-de düşünip bolmaz. Ol Buhar jöhidä. Ol biziň ýaly pöwhe türkmeni «çüw» diýip aldap gidýär. Mergen şol ýerden göni bazara bardy. Tamdyr çörek, iki kilogram pomidor, on sany ýumurtga satyn aldy. Alan zatlaryny haltajygyna salyp. Öz portfeli bilen tigiriniň arkasyna berkitdi. Soň «Demir dükana» baryp, penjire üçin aýna baryny, ýoguny gördi. – Muny kesip berip biljek adam ýokmyka? Garabeg bu sapar Mergene ýüz bermänsiredi. Ol gyp-gyzyl gözlerini ýumrugy bilen owkalap durşuna: «Bilemok!» diýip zoňtar ses bilen aýdyp goýberdi. Emma bu gürrüňi eşidip duran keseki biri: – Kombinata bar. Ilata durmuş hyzmatyny edýän kombinata. Olara ölçegiňi, salgyňy berseň, özleri biminnet baryp, aýnaňy kesibem, oturdybam berip dur. Mergen ol nätanyş adamyň ýüzüne seretdi. – Kombinat nirede ýerleşýändir. – Hal-a, şol duralganyň garşysy-da – diýip, nätanyş ispolkoma bakan elini salgady. Mergen kombinatam tapdy. Olara salgysynam berdi, nirede, näme, bahasy näçe, baryny gepleşdi. Häzir onuň ýanynda penjireleriň gözüniň ölçegi ýokdy. – Ertir öýüňizde adam bolsun, Kolko müjük barar! Mergen öýüne gyzar ikindinler geldi. Duşa girip, çaý-nahap iýip, çukura girjek bolanda Annabike daýza geldi. – Ýegen jan, sen bu gün görünmediň-le. Mergen iş eşiklerini geýinip durşuna: – Daýza, men bu gün işe gitdim. Okuw başland-a. – diýdi. Garry howsalaly gürledi. – Başlawersin, ýegen jan, bu obanyň çagasyny ýene uşkol saklaýar-eý. Ýykdylar, dargatdylar. Bular çaga däl-ä, upbat degen-ä bular. Eneleriniň garnynda nädip ýatanyna men haýran bu ot alanlaryň. – Garry bir ters aýlandy-da, düýbünden başga meseleden gep açdy. – Men onsoň, şol diýeniňe bardymam, aldymam. –Mergen düşünmedi. – Düşünmedim, daýza? – Beghanyň dükanyndan tutuş janlyny al-da, gowurma et – diýmediňmi? Galanjasam özüňki bolsun diýmediňmi? – Diýdim, diýdim. – diýip, Mergen güldi. – Diýdim. Onsoň şol berenjäňe özüme-de bir tike aldym. Ýöne diýdim «Ýegeniňkini ilki gowuraýyn» diýdim. – Hä, bolupmy? – Bolupdyr, daýza. Şony oňarypsyň. Garry Mergeniň iş eşigini geýenini görüp, öýüne bakan gitdi. Garry şol barşyna-da bir zatlar, bir zatlar samraýardy. Emma Mergen çukura girip baryşyna onuň nämeler diýýänini eşidip bilmedi. Mergen galan ýere-de çil çekdi. Indi tutuş çukuryň içi uzaboýuna, ýüz metrlik üç sany ullakan pel boldy. Mergen ikinji peliň içini depip başlady. Ýer juda ýumşakdy. Sebäbi Mergen kerpiji aýrylan ýere çukuryň demirgazyk böwründe üýşüp duran sileweli, dersli, çör-çöpli topragy pellere serpip çykypdy. Ol kepjäniň ujuny ýagşy çümdirende-de, gaty ýere ýetip bilenokdy. Mergen gijäniň bir mahalyna çenli işledi. Arasynda goňşy garrynyň «Gowurmany getirip, ýerinde goýdum» diýenini bir eşidip galdy. Ol «bu günlükçe goýaýyn» diýip durka öz adynyň tutulyp çagyrylýanlygyny eşitdi. – Mugallym, eýt muga-a-lym! Mergen çukurdan çykdy. Jaýyň işiginde nätanyş adam durdy. – Salowmaleýkim! Mergen diňe şonda Rejep agany tanady. – Ata, salowmaleýkim! Goja Mergeni gujaklady. – Bala, ketirdim! Mergen gojanyň elini eline alyp: – Ýagşy bolýaňmy? – diýdi. – Seni soramaga bardym. «Ýok, Aşgabada gitdi» diýdi goňşyň. Rejep aga başyny ýaýkady. – Haý, haý, öýi köýen. Men oňa hiç kimge aýtmaňlar dedim-eý. Ol öýi köýen tutuş şähere aýtyp çykan. Mergen içeriniň çyrasyny ýakdy. – Gel, atam, gir. Ýaşuly girmedi. – Toht-eý, bala, howlukmaň-eý. Meni tiňleň. Ol sekä baryp, onuň bir gyrasynda oturdy. – Kel munda, sen meni diňle. – Ýaşulynyň murtlary sallandy. Onuň ýüzi sütündäki ýüzlük çyranyň ýalkymyna düşnüksiz göründi. Mergen gojanyň bolup durşuna geň galdy. – Oturyň, bala, oturyň. Ýaşuly agyr elini Mergeniň dyzynyň üstünde goýdy. – Aşkebada kitdim. Meniň iki oglum «ministr». Bitdesi Ýokkary sudda. Bittdesi Büzmeýinde, awtinispeksiýasynda «ministr». Heleýleri orus. Olar menge «babaý» tiýgenler. Olar meni hapa görýeller. Bardym, meni eslemegenler. Ogullaryna aýtdym «Sizlerge ata kereg bolsa, meni idäň» diýip. Olar ýerge bakdylar. Men kaýdyp kaldym. Indi mende ogul ýok. Bir ogul bar, olam, mana – sen! Ager sen meni äsläp, ýanyňga alyp, «ata» teýip, saklaryn diýseň, onda men seniň ýanyňa köçüp kelemen. Ager, istemeýseň, hazir aýtyň, men kideman. Mergen edil çaga ýaly elenip, gözlerine ýaş aýlap oturan ýaşula düşündi. – Bolar, atam! – diýdi. – Menem ýeke, senem ýeke. Ikiijigimiz, sen bir otagda, men bir otagda ýaşar ýöreris. Işe-de bileje gider-geler ýöreris. – Ýok, bolmaýd-eý. Men birinji sentýabrdan işi koýaman. Maňa iş kerekmes. Maňa kyrk tin pensiýa berediler. Şol şundan bolady – diýip, ol elini Mergeniň dyzynyň üstünden alyp, kekirdegini syhady. Mergen ýaşulynyň açylyp başlan ýüzüne seretdi. – Atam, men işe gitsem, oba ýerinde seniň içiň gysmazmy? – Ýok-eý, seniň çukuryň maňa ýakşy iş bolaýdy. Ol ýer pyýaz, kartişke, sarymsak ekemen. Ikki ýyldan sen dünýäni satyn alasen. Onsoň bize tin kerekmez. – Bolýar, atam, bolýar. Ýaşuly ýerinden turup, jaýyň gapdalyndan haltada nämedir bir zat süýräp getirdi. – Mana, kartişge tohum. Pyýaz tohum, on kilä sarymsak tohum! Mergen çaga ýaly begendi. – Sag bol. Atam! – Ol guş ýaly ýeňil halda, duşa girip çykdy. Çaý goýdy. Çaý demläp, ýadap gelen ýaşuly bilen çaý içdi, gowurma bilen garbandy. Rejep aga Aşgabatdan boş gelmän eken. Ol kişde, kişmiş, ýumşajyk köke, tamdyr çöregini, iki sany ütülen towuk getiripdir. – Ine, bulary owkat edeman. Mergen iýip, içip, ýene çukura girdi. Rejep aga ony saklajak boldy. – Tümde iş haram. Bes etiň, uklaň. «Akşamyň haýryndan – azanyň şeri» tiýgenler, babalar. Mergen ýaşulynyň diýenini edip, täzeden iş geýimlerini çykaryp durşuna: – Ata, indi bu pelleri suwaryp ekerismi, suwarman ekerismi? – diýdi. Ýaşuly murtlaryny sypalady. – Suwuň zyýany bolmaz, bala, Suw bereli. Howa juda yssy. Ýöne sen howlama. Çil, çil olsun, soň tekiz olsun. Soň nury – ders berilsin. Soň ýene ikki gaýta depip-depip Soňra suw bermeli. Häli iş köp. Sen howlama. Mergen ýaşulyny ene ýabyň ýanyna alyp bardy. – Ata, seret, şu ýapdan mellege nädip suw geçirip bolar. Rejep aga bir ene ýaba, birem aşakky mellege seretdi. – Muny Berdi Alake biler, biz bilmeris. Azanda men ony alyp kelemen. Sen howsalama. Sen çil et. Ýer dep. Nury ber. Berdi Alakeni özüm alyp kelemen. Ýaşuly özüne içerden ýer saldy. Mergen sekä düşek ýazdy-da, bütin günläp kellesini kelejar eden işleri ýene bir sapar ýatlady. Şolaryň arasynda ýaş mugallyma güýçli täsir eden ýagdaýlaryň biri, onuň iki makalasynyň gazetde çap edilendigi baradaky habary, ikinji bolsa, bäşinji klasa çenli harp tanamadyk Atabaýjygyň öz ýazan hatyna begenişine buýsanyp seredişini ýatlap ýylgyrdy. Merhen şu gün jöwzaly günüň astynda geçirilen umumy mekdep ýygnanyşygyny-da, bilim bölüminiň müdiriniň göwünsiz çykyşyny-da, Ejeş mugallymyň «tala çykyp, talhan iýen ýaly» diýilýän sözlerini-de,beýleki şol bir galypa öwrülip galan çykyşlary-da halamandy. Ýedinji, sekizinji mekdepleriň käbir mugallymlarynyň mugallym boljak boluşlaryna haýran galdy. Ýöne özüniňem şu günki «Edebiýat» sapagyna girişinden göwni suw içmedi. – Okuwçy bäşinji klasyň edebiýatyny geçmäge taýýar däl-ä. – diýip, ol depesinden basyp duran talabyň alynda ýuwaşja pyşyrdady. – Men okuwçylar bilen sapakdan daşary işlemeli. Ýöne sapakda usuly, okuw kadalaryny doly berjaý etmeli. Mergen hyýalyndaky ynsabyny azaba goýýan çeşmäniň gözbaşyny arçap başlady. «Indi bu klaslary taşlamak bolmaz. Her näçe agyr, kyn bolsa-da, ony alyp çykmaly. Hökman!» 2. Mergen sagadynyň sesine oýandy. Ol çaý goýdy-da, duşa düşündi. Duşdan çykyp, sekiniň üstündäki düşeklerini ýygnap, orta saçak ýazdy. Çaý demläp ýörkä, «Ata, turjakmy» diýip, içki otaga boýnuny uzadyp sorady. Içerden ses çykmady. – Ýatybersin-le – diýip, Mergen çaý içip oturşyna oýlandy. Bu gün okuwyň başlananyna onunjy gündi. Şu on günde Mergeniň bäş makalasy merkezi gazetlerde çap edildi. Onuň begenen esasy zady, «Ýaş kommunist» gazetiniň birinji sahypasynda çap edilen «Salam, eziz mekdebim!» atly goşgusydy. Bu goşgy üçin ony köp adam gutlady. Mergeniň ondan hem beter begenen zady, okuwçylary onuň diýenini edip, hatlaryny juda owadan, ýalňyşsyz ýazyp başlapdylar. Ylaýta-da, gyzlaryň haty Mergeniň göz öňüne getirişindenem owadandy. – Ýok, bolanok, bolanok, şu raýonda size ýekeje-de taý tapylmasyn. Ol ýalňyşsyz ýazmagam, dürs ýazuw kadalarynyň ählisini ýekeje eýerjeňli goşma sözleme jemläp, okuwçylara ýat tutdurypdy. Ol şu gün geçmeli sapagyny ýatlady. Ol indi aýdymlar temasyna başlapdy. Birki sany aýdymy metodikanyň talabyna laýyklap geçipdi. Onuň sapagyna giren Illi Amanow-da, Dessegül mugallym-da, nämüçindir oňa bellik edip, maslahat berip durmadylar. Okuwyň başyndan bäri telim ýyllap okadyp ýören tejribeli mugallymlar bilen «Onyň bolanok-da, metodika dogry gelenok» diýişip, gyrlyşyp ýören bu adamlaryň Mergene bar aýdanlary: – Gowy, şeýleräk al-da gidiber – boldy. Ejeş mugallym bolsa bäşinji klasda okaýan gyzynyň gürrüňini dilinden düşürmeýärdi. – Eneş janyň haty şeýle bir owadanlaşdy, waýeý. Gözüm degäýmes-de ýagşydyr, gyz, tüf, tüf, ýöne gözüňi aýyrman seredip oturmaly-da – diýip, günde telim gaýta agzaýardy. – Bolýa-la, bilseňizem, şükür. Men gözümiň jöwherini döküp, olary nädipler okatdym, ýöne azap edenje zadym başga bir gelmişege ýal boldy. Ýöne Hudaý bardyr, Hudaýyň özi haklaşdyrar – diýip, Çaçy mugallym her sapar onuň gapdalyndan çykýardy. Mergen okuwçylarynyň şahyrana, dilewar bolmagynam jan, dilinden isleýärdi. Ol şu günden başlap okuwçylaryň şahyrana oýlanmagy üçin bir usuljagazy tapmak barada çyny bilen oýlanýardy. – Çaýymy bir içeýin. Soň mellege girip, diňe şol barada oýlanaryn. Ol birki käse gantly çaý içdi. Gowurdakly heýgenek bişirinip, howlukman garbandy. Soň saçagy ýygnaman iş eşiklerini geýdi-de, çukuryň içinde mesge ýaly mylgyrap ýatan mellege girdi. Mellekdäki uzaboýuna ýazylyp ýatan peller demigip ýatyrdy. Mergeni görüp, pelleriň ýüzi açylan ýaly boldy. Indi olaryň hakyky hossary Rejep aga bolmalydy. Rejep aga mekdebiň tutuş hojalygyny ilik-düwme edip, öz ýerine gelen ýaş oglana tabşyrdy. Ýöne mekdebiň hasabyna girmedik, onuň özüne degişli ep-esli şlangany, iki kätmeni, öz puluna satyn alan bedrelerini, iş gurallaryny, çekiçmidir, stol çyrasy ýaly ownuk-uşak zatlary yzyna alyp gaýtdy. Öýüniň birküç sany fabrik halysyny, täzeje holodilnigini, tikin maşynyny, ullakan ýüz görülýän aýnasyny göçürip alyp gaýtdy. Mergen işdekä, içi boş otagy düşekläpdir. Ertesi gün raýon merkezinde ýaşaýan Berdi Alaka diýen adamy getirip, ene ýapdan mellege turba çekdirip, oňa-da kran goýduryp, gömdüripdir. Indi islän wagtyň pellere ýapdan suw alyp bolýardy. Ýaşuly bir gije ýatman tutuş mellegi suwdan gandyrdy. Sow ýer taba gelýänçä, üç günläp garaşdy. Düýn-öňňin gijesi gündizi özem ýatmady, Mergenem ýatyrman mellegi depdiler. Soň özi depilen ýeri dyrmyklap çykdy. Soň bir gün goýup, pelleri özi depip çykdy. Tekizledi. Ahyr soňy düýn bir ýarym pele kartoşka, bir pele sarymsak, ýarty pele-de sogan ekdi. Ol eken ýerini günde üç wagtyna agşam, ertir, günortan çyglap çykýardy. Onuň bu boluşy Mergene juda geň görünýärdi. – Ata, heý sentýabrda-da kartoşka ekilermi – diýende, ýaşuly baş atdy. – Kartişkäni kaçan ekseň-de bolady. Ýöne sarymsakgy, peýazy sentýabrnyň on bäşi, ýigrimisi aralykda ekme kereg. Ol çygjaryp ýatan pelleri ýene dyrmyklady. Soň torf ýaly bolup çukuryň daşynda üýşüp ýatan dersli toprakan tä ýer örtülýänçe sepdi. Şondan soň goja biraz ynjaldy. – Indi nahal üçin çukur taýýarlama kereg. Mergen razy bolmady. – Ata, sen beýle agyr urunma, birneme dynç al. Howlukma, nahaly baryp mart aýynda ekseňem bolar. Ýaşuly başyny ýaýkady. – Bolmaýdy. Sen beçe bolma, bala. Güýzde ekseň, bir ýyl öň ekgen deý bolady. Martda ekseň bir ýyl giç ekgen deý bolady. Hazir, hazir ekkiş kereg. Mergeniň ýer işleriniň inçe tilsiminden o diýen habary ýokdy. Ol oba gelensoň durmuşa-da, mekdebe-de, okuwa-da çöňňeligine düşündi. Ýöne ol obadaş oglanlaryň özüçe ýokdygyna-da göz ýetirdi. Ol jaýynyň üstüni basyrmak üçin ilerki goňşulary Täçmyrat agalardan iki desse gargy-gamyş, bäş desse gyldyrgan otuny alypdy. Ine, şolar üçin «ýüz manat ber» diýip, gelni, gyzy, Meretguly diýen ogly bir günde iki sapar, aýaly üç sapar, ýaşulynyň özi iki sapar dyzaşyp gelipdiler. Rejep aga ýa olara düşünmändir, ýa onça puly kän görüpdir, ýa ýanynda puly bolmandyr, olary yzyna gaýtaryp goýberipdir. Mergen agşam işden gelende Annabike daýza geldi. Ol demi-demine ýetmän: – Ýegen jan, sen il-güni ne günlere salyp ýörsüň-ä – diýdi. Ol Mergeniň gep anyklamagyna-da garaşman: – Sen Täçmyratlardan bir topar zat alypsyň-a. Pulunam bermänsiň. Oba-goňşuçylykda ýamman pis zatdyr. – Aldym, daýza, aldym. – Alan bolsaň, ýegen jan, iliň hakyny saklama. Olar Erejep şaltaýyň ýanyna telim geldiler-ä. Ahyry, aýaly gargap otyr saňa... Mergen şo bada diýlen puly goňşulara gowşuryp geldi. – Näme boldy? – diýip, Mergen öýe gelenden soň ýaşuly sorady. – Jaýy basyrmak üçin ilerki goňşulardan gamyş, ot satyn alypdym. Şolara puluny berip geldim. – Niçe som! Kança manat? – Ýüz manat! Rejep aga agzyny açyp galdy. – Nime, hemsaýaň däliredimi? Heý, gamyşka, otga onça som bolajakmy?! Olarda Alla ýok. Onça bermeli deýl keniň, bala. Olar seni seni sylamaýdy. Olar başynda akyly bar ynsana onça som diýmeýdiler. Mergen sesini çykarmady. – Aýlyk oldumy? Mergen baş atdy. – Aýlygymyzy berdiler. Direktorymyz: «Rejep aga aýdyň, aýlygyny alyp gitsin» diýdi. – Direktur dedimi? – Hawa. Şol arada Annabike daýza ýene geldi. – Ýegen jan, berdiňmi, amanatyňy. Günbatarky goňşymyz «Mende-de gamyş, ot bar satlyk» diýdi. – Amanaty berdim daýza. Sen arkaýyn bolaý, maňa gamyşam, otam gerek däl indi. Garry gitmedi. – Ýegen jan, aýlygyňy beren bolsaň, maňa-da «Her aýda on manat bererin» diýipdiň. Şony berseň, aljak zerur zadym bardy-da. Çalabegem, «awa gitjek» diýdi. Oňa-da daga, ýany bilen götermäge çaý gerek, süýji gerek. Mergen garra on manat çykaryp berdi. Ony görüp, Rejep aganyň gözi patlara geldi. Ol saklanyp bilmedi. – Bala, somy o ýan, bu ýa dargytmaňlar. Şu kün beş som gazansaň bitde som sow. Sen ýekke. Durmuş gyn. Sen niçge som aýlyk aldyň? – Ýüz ýigirmi manat. – Bir aýamy?! – On güne. – Ýakşy. Kel munda. Men senge bir kep uraýyn. Sen kulak koý! Mergen ýaşula seretdi. – Diňleýän, ata! Ýaşuly günbatar gapdala elini uzatdy. – Şu bakadan ikki mertebe tam kuruş kerek. Mergen düşünmedi. – Ata, jaýym bar-a. Ýaşuly agyr goluny gahar bilen silkip goýberdi. – Mundan jaý olmaýdy. Muňga türkmenler «çatma» diýgendirler. Sen deý damulla bala ýakşy tamda, ikki etažly tamda ýaşamaly. Mergen boýnuny burdy. – Ata, meniň bary-ýogy üç ýüz manadym bar. Ýaşuly Mergeniň şu sözüne garaşyp duran ýaly, sesini çykarman içeri girip gitdi. Ol birsalymdan ala torbasyny göterip gelip, sekiniň bir burçynda oturdy. Mergene-de ýanyndan ýer görkezip, torbasyna elini sokup, sermeläp başlady. Torbadan bir esgi düwünçek çykaryp, ony howlukman açdy. Akja ýaglygyň içinde üç tokga ýigrimi bäşlik, başga-da ownuk-uşak pullar ýatyrdy. – Mana saňa som! – Men onça puly alyp, haçan üzeýin – diýip, Mergen puldan ýüzüni sowdy. – Sen on ýyllyk karz al! Mergen boýun gaçyrdy. – Men häli bir ýyl ýaşajagymy bilemok. On ýylyň-a agzabam oturma. Ýaşuly elini Mergeniň dyzynyň üstünde goýdy. – Bala, sen bileňýok, seniň ullakan hazynaň bar! Sen on ýylda däl, beş ýylda dünýäni satyn alasen, dünýäni! – Nirede, hazyna! Ýaşuly tüýlek, gara, kirli ullakan elini çukura tarap uzatdy: – Kara, şul mallek saňa hazynadanam zyýat. Gelejekde bul seni tüçjar baý edejek. Ol bir tokga puly Mergeniň öňüne oklady. – Mana, muňa bir ikki gaçar, bir tanaly öjek, elli sany towuk satyn al! Mergen goja geň galyp seretdi. – Ata, olara kim seretsin? Goja aýasyny döşüne goýdy. – Ataň, ataň, seretjek! Men seredemen, ýakşymy?! Mergen oýa batdy. – Onda jaýly gürrüňi nädeli?! Goja murtunyň bir taýyny towlap, oýnap durşuna: – Baýak, Kolka müjük seniň derejäňe aýna saldy. Ol «Agar jaý kurdurjak tapylsa, men işimi koýaman» dedi. Onuň öz oglanlary bar. Olar köp ýagşy ussadylar. Azanda Kolka müjüge «kel» diýemen. Olar kelse, kepleş. – Ata, entek jaý diýmäli-le. Şu jaý meselesi maňa juda garaňky görünýär. Oňa näçe harajat, näçe gurluşyk enjamy gerek... Goja öjükdi. – Koýuň-eýt! Mana kerpiç, mana torpak, mana suw, mana, som! Somuň bolsa nime isleseň tapyp bolady. Bunda olmasa Aşkebatda zyýat. – Bäş müň manat az bolmazmy? – Zyýat bolaýdy. Bolmasa ýene bereman. Bu gürrüňler Gün batar ara şu sekiniň üstünde bolupdy. Mergen gijäni çirim etmän, Rejep aganyň sözlerini gaýtalap, ölçerip-döküp geçirdi. Şonda ol her näçe tarhandökerlik edilse-de, bäş müň manada iki gat jaý gurup boljagyna hiç akyl ýetirip bilmedi. Häzir bişen kerpijiň bir maşyny altmyş manatdy. Özünem, puluny berseň, edil işigiňe getirip düşürýärdiler. Bir kub tagtaň, on iki manat. Bar, sen elli kub tagata alaý. Alty ýüz manat boljak. Ol Gyzylarbada baranda bir halta sementiň ýedi manatdygyny bildi. Bir jaýa ýeter ýaly penjire, gapy, şifer, çüý, aý, garaz, ýene-ýenesi, barysy barysy müň manada ýetjek däl. Mergeniň bäş-alty müň patyşalyk kerpiji çukurda ýatyr. Pulam, häzir-ä bäş müň manady elinde bar. Her aýda iki ýüz manat aýlyk alsa, olam bir ýylda iki müň manat boljak. Rejep aga ýylda iki sany öküzçe satyn berseň, olary semredip, satyp, ýene bir müň manat gazansaň, elli towguň ýumurtgasam ýylda bäş ýüz berse, ine, saňa üç müň bäş ýüz manat! Onsoň, nesip bolsa, men Rejep agany iki ýylda-da üzüp bilerin... Men gorkmaly däl. Hökman ýaşulynyň diýeni bilen bolmaly! Jaýyň gurluşygyna, nesip bolsa, şu gün bolsa-da başladybermeli! Dynç günem malyň, towuklaryň, ot-iýmiň ugruna çykmaly. Mergen ham-hyýallardan gursagyny dolduryp, çukura girdi. Rejep aganyň tabşyrygy bilen çeken goşa çilleriniň aralygyndan her bäş ädimden dyz boýy çukur gazyp başlady. Ol Gün dogýança kyrk çukur gazdy. Şol çukurlara dersden, çukurdan çykarlan gap-gara gumdan bir bedre, bir bedre getirip guýdy. Soň ýabyň raýyşynda telim-telim ýyl bäri küpürsäp ýatan – raýyş topragyndan her çukuryň gapdalyna bir bedre, bir bedre getirip dökdi. Şondan soň çukurdan çykyp, ýuwundy, sakalyny syrdy. Rejep aga bu wagta, eýýäm turup, sekiniň üstüne saçak ýazyp, çaý içip otyrdy. – Ata, salowmaleýkim! Goja Mergeniň salamyna ýylgyrdy. – Bala, ne iş kyldyňyz? – Agaç ekmek üçin çukur gazdym-laý. Şolara ders guýuşdyrdym. Goja baş atyp makullady-da, käsesiz eli bilen oturara ýer görkezdi. – Keýin, siz pelleri depgilemäňler. Olara ekilendir. – Ol boş käseleriň birine çaý guýdy. – Mana, çaý iç, owkat iýiň. Mergen onuň ýanyna geçip oturdy. – Ata, sygyry haçan satyn alarys? Ýaşuly saçagy Mergeniň öňüne süýşürdi. – Höjekni, gaçarny şu kün gidip, alyp gelemen. Towukny azanda alamyz.. Bu sözden soň beýle pikirleriň gojada düýn döremändigine düşündi. Ol megerem bu pikiriň ýerini, ýatagyny ýagşy jaýlandan soň, Mergene ýetiren bolmaly. – Ata, menlik näme iş bar? Goja omyn etdi. – Sen, bala, mektebe kit! Ager, razy olsalar, keýin, maniň aýlykymy al. Ager, bermeseler, ozüm kidip alaman. 3. Mergen bu gün mekdebe irräk bardy. Ol bu gün üç klasa-da aýdymlar temasyny öwretmegi dowam etmelidi. Ýöne, nämüçindir, bu temalar hem, olaryň okadylyş usulam onuň göwnünden turup baranokdy. Onuň bar yhlasy, hyjuwy okuwçylaryň haty dürs, owadan, ýalňyşsyz ýazmagyna gönügipdi. Ol indi on gün bäri, dynman, her gün okuwçylary bu okuwa çekýärdi. Nämüçindir onuň talaplaryny, okuwçylara berýän sapagynyň agramly bölegini okuwçylar çekip bilenokdy. Ata-eneleriň köpüsi öz çagalaryny ertirine, şenbe, ýegşenbe günlerinde mekdebe iberip hem durmaýardy. Muny Ejeş mugallymyň özem Mergene eýýäm iki sapar duýdurdy. – Okuwçylary mekdebe sapakdan daşary çagyrmak bolanok. Olaryň okuw mahaly alan bilimlerem aňryýany bilen ýeterlik bolar. Sen olary birinji sentýabrdan professor edäýjek bolma. Barybir, olardan professor çykasy ýok. Ýöne özüňi ýigrenji edeniň galar... – diýip, ol düýnem Mergene igendi. Mergen oňa: – Mugallym, olaryň köpüsi harp tananok. Onda men olar bilen nähili işleşmeli. Gaýrat edip, maňa şolar bilen goşmaça işlemäge rugsat beriň. Soň men olara azar bermäýin. – Näme bolupdyr, harp tanaman, hana, meniň gyzymam bäşinji klas, hatyny bir gör, onuň hatyny görüp, öz hatymdan özüm utanýan. Mergen gyňyr gepledi. – Ol ölçeg däl. Eger razy bolmasaňyz, birinj-ä «Mugallymlar gazetine» ýazaryn, soňam bilim bölümine ýazyp, komissiýa düzdürip, barladaryn. Bu söze Ejeş mugallym ör-gökden geldi. – Goýaweri, Ataýew jan, näme etseň, şeýt-de, mekdebiň abraýyny bir garalama. Mergen şondan soň birneme ynjaldy. – Meniň azaplaryma soň düşünersiňiz. Ol her gün öz klasyna baryp, okuwçylara garaşýardy. Okuwçylar jemlenensoňam, olary ýerli-ýerinde oturdyp, gysgajyk diktant ýazdyrýardy. Indi okuwçylaryň eli düzelip barýardy. Mergen ilki bilen hatyň owadanlygyna seredýärdi. Soňam dürs ýazuwyna baha goýýardy. Ol bäş-dört, dört-dört alana juda gynanýardy. – Beýtm-e, dogan, meni beýle gynandyrmasana. Azajyk üns beräý, hatyňa. Heý beýle-de bir geleňsizlik bolarmy bala! – diýip, şirin janyny çykaryp zeýrenýärdi. Düýn bolsa, bäş-bäş alyp ýören gyzjagazyň diktantyny aýasyna alyp, mynjyratdy-da, aglady. Soň agy gatyşykly: – Oňarýaňyz! Goý, betbagt boluň! Tutuş ýurdy üstüňizden güldüriň. «Sowatsyz, betbagt halk» diýdiriň. Oňarýaň, Akjagül, oňarýaň Ata jan, oňarýaň, Çary!.. Ol soňra horkuldap, ýangynly aglady. Soň bolsa: – Baryň, baryň, gidiberiň, maňa beýle işem gerek däl, beýle okuwçam gerek däl. Soň ol tigirine-de münmän, idip, öýüne gaýtdy. Emma mugallymlary gaýdansoňam, tä gün batýança okuwçylar klasdan çykman diktantlaryna güýmenip oturdylar. Hiç kimden ses çykmady. Gapy kakyldy. – Giriň! Içeri Atabaý girdi. Ol salam berdi. Mergen onuň salamyny ýüzüni sallabrak aldy. – Hany, beýlekiler? Atabaý burnuny çekdi. – Mugallym, siz bizi bagyşlaň. – Näm üçin?! – Binamyslygymyz üçin! Indikile beýle zat bolmaz. – Ol bir petde depder listini mugallymyň stolunyň üstüne goýdy. – Düýn sizden soň biz diktant ýazdyk. Şolary barlap beriň!... Mergen listleri garbap aldy. Ol «Görogly» eposynyň «Arapreýhan» şahasy boýunça ýazylan diktantlary gördi. – Maňa hetjiklenip, biri-biriňizden göçürilip, biri-biriňize aýdylyp, düzedilip ýazylan diktant gerek däl. Okuwçy dogumly gürledi. – Şyblanjan kessin, mugallym, Akjagül gaty berk durup ýazdyrdy. Ol-ow, tas biziň janymyzy alypdy. Häzir hemmämiz bagyň kölegesinde otyrys. Eger, «çagyr diýseňiz» çagyraýyn. Bolmasa-da oturarys. Mergene diktantlaryň ählisini okap baha goýmak üçin ýarym sagat gerek boldy. Ol özüne seredip, burçda doňup galan Atabaýa «bolupdyr» diýen manyda başyny atdy. Atabaý duran ýerinden «Ur-ra!» diýip bir bökdi-de, ala goh edip ylgap gitdi. Mergen açyldy. Bir salymdan okuwçylar geldi. Olar topar boluşyp, salam berdiler. Mergen olaryň bir gijede kämil ýigit çykaýan ýaly agras ýüzlerine garap, baş atdy. – Oturyň! Okuwçylar, beýik şahsyýet bolmak üçin, öz halkyňa mert, akyldar, lebzihalal serdar bolmak üçin owadan hatyň bolmaly. Bu bir. Ikinjiden näme gerek?! – Daýaw, haýbatly bolmaly... – Mugallym, köp dil bilýän owadan adam bolmaly. – Dogry, ýene näme? Hiç kimden ses çykmady. – Onuň üçin owadan, manyly sözläp öz pikiriňi halkyňa düşündirip bilmeli!Diňläň! Birinjiden, owadan, ikinjiden, manyly! Owadan bolup, manyly bolmasa, manyly bolup, düşnükli, owadan bolmasa, ondan söz bolmaz. Sözüň içi atalar sözünden, nakyldan doly bolmaly. Ýöne, aralar sözünem, nakylam ýerinde ulanmaly. Ata-babalarymyz «Aklyň bolsa akla daýan, aklyň bolmasa nakla daýan» diýendirler. Türkmen üçin iň beýik akyldar kim? – Lenin! – Ýog-ow, Stalin. – Magtymguly! – Dogry. – diýip, Mugallym tagtanyň ýokary başyna: «Magtymguly Pyragy» diýip ýazdy-da, sözüň ahyryna iki nokat goýdy. – Men häzir türkmeniň beýik akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň bir bent goşgusyny ýazýan, ol tagta: Ýaz geler, wagt-da gider, gaflatdan çykmyş gözlerim, Açaýyn diýsem açylmaz, ne agyr uýkulydyr. Bilmeýen soranlara aýdyň bu garyp adymyz, Asly gerkez, ýurdy Etrek, ady Magtymgulydyr. Ol ýazyp bolandan soň okuwçylara ýüzlendi. – Okadyňyzmy, näme düşnüksiz! Klasdan ses çykmady. – Onda men okaýan, siz diňläň! Mergen Magtymguly Pyragynyň bu goşgusyny bendiniň basymyny, äheňini, many, söz, sözlem basymyny ýerli-ýerinde goýup, ähli pikirini mana berip uly buýsançly, belent mertebe bilen üç sapar däne-däne edip okap çykdy. – Bir ýagdaýy ýadyňyzda saklaň. Bu bent beýik akyldar şahyryň özüni türkmen halkynyň ogludygyny beýan edýän ýeke-täk bendidir. Bu goşgynyň bahasyz gymmaty bardyr. Ondan başga-da beýik akyldar şahyryň filosofik dünýäsiniň ýeke-täk altyn açarydyr. Şonuň üçin bu goşgyny okanyňda, birinjiden, näme üçin «gaflata çykmyş», näme üçin gözleri ukuly», näme üçin olar açylanok, ol näme üçin aslynyň Gerkez, ýurdunuň Etrek, adynyň Magtymgulydygynyň syryny açaýjak, açaýjak bolup okamaly. Ol bu bendi ýene bir gezek okady. – Düşnüklimi? – Düşnükli, mugallym! – Hany, onda öňkülerimiz ýaly, sagdan her kim bir sapar okasyn. Okuwçylar gezek-gezegine okap, ýerlerine geçip oturdylar. Mergen oturmady. – Geliň, tutuş klas bolubam bir gaýtalalyň. Okuwçylar mugallymlaryna goşulyşyp, goşgynyň bendini jem bolubam okadylar. Mugallym olary saklady. – Okuwçylar, bu bent bolsun, başga islendik goşgy bolaýsyn, ony ýadyňyzda saklamak üçin, birinjiden, ýat tutjak bolýan goşgyňyzy on sapar sesli okaýaňyz, Hany on sapar okalyň! Okuwçylar üzlem-saplamragam bolsa, bendi on sapar okadylar. – Boldy. Indi gözüňizi ýumup, içiňizden on sapar gaýtalaň. Hany, başladyk, bir.. Mugallymyň özem içinden howluklan on sapar gaýtalady. – Boldy. Indi tagta ýazylan bendi diňe gözüňiz bilen on sapar okaň! – Boldy, indi depderiňizi çykaryň. Şu bendi diktant edip ýazalyň. Kim juda owadan, ýalňyşsyz edip ýazsa.. – Bäşlik! – Dogry, bäşlik! Mugallym sözme-söz okady. Kese çyzygyny, oturyny, nokadyny aýtmady. – Sözlemiň ahyryny, säginmäni oýlanyň. Özbaşdak oýlanyň, pikiriňizi jemläň! Okuwçylar ýazyp boldy. –Sag boluň, gaýdyberiň, beýleki klasdan gelenler giribersinler... Mergen sagat on ikä çenli üç klas bilenem labyzly okaýyş, dürs ýazuw işlerini geçirdi. Ol okuwçylaryň ýazan diktantlaryny barlap, gözlerine begenç ýaşyny aýlanyny duýman galdy. Okuwçylaryň haty görülip-eşidilmedik derejede owadan, ýalňyşsyz, arassady. Ol hakyky okuwyny metodikanyň düzgünini gylyny gyşartman geçdi. Ol edil halypa mugallym Myrat Nobatowyň öwredişi ýaly, sapagy guramaga üç minut, öýe berlen ýumşy barlamaga on on iki minut,täze temany geçmäge on bäş minut, täze temany berkitmäge on, öýe ýumuş bermäge üç, bahalandyrmaga iki minut berdi. Ol Myrat aganyň «Sapagyň özeni täze temany geçmekdir. Sapagyň ähli güýji şoňa gönükdirilmelidir» diýen sözüni her günde telim gaýta ýatlaýardy. Ol sapagyň ähli materialyny ýatdan bilýärdi. Myrat aga: «Döwlet bir temany okuwçylara öwretmek üçin otuz bäş minut wagt berýär, täze temany geçmek üçin on bäş minut, sapagy berkitmek üçin on minut, öýe berlen ýumşy ýatlamak üçin on minut, ine, jemi bolar otuz bäş minut» diýerdi. Mergen okuwçylaryň özbaşdak pikirlenmegine aýratyn üns berýärdi. Ol okuwçy owadan, ýalňyşsyz ýazyp bilse, manyly, labyzly, parasatly sözläp bilse, soňam özbaşdak pikirlenip, islendik meseleden netije çykaryp, şony durmuşa geçirip bilse, okuwçy gowy adam bolar» diýip oýlanýardy. Şonuň üçin ol her klasda sapak geçende, bu tema boýunça «Aýdymlar näme üçin ynsany agladýar?»diýen ýaly sowaly öýe ýumuş tabşyrdy. Ýöne üçünji sapagyň ahyrragynda mekdebe, bäşinji klasa täzelikde gelip goşulan Marlen atly oglanjyk bilen oturýan Ata syçyrap ýerinden turdy. – Mugallym, Ataýewe «gowy bol» diýseňizläň. Ol maňa sapagy diňledenogam, ýazdyranogam. Mugallym oňa «bolýar, sen oturyber» diýen yşarat etdi. – Marlen, hany, sen tagta çyk. Marlen mugallymyň ýüzüne jikgerip seretdi. – Çykjak däl. Mugallym ýylgyrdy. – Gel. Gel, gorkma. Sen bize aýdymlaryň görnüşlerini sanap ber. Marlen gözlerini gorkuly alardy-da, titräp durşuna: – Özüň sanaber. Näme bu ýerde seniň «şestýorkaň barmy?» – diýdi. Mergen geň galdy. – Sen mugallym bilen nähili gürleşýäň? Oglanjyk mugallyma herreldi. – Senden mugallym bolarmy? Sen heleýleň kärini saýlap alyp, samsyk-samsyk zatlary aýdyp otyrsyň. Mergeniň gahary geldi. Ol: – Hany, bes et. Çyk tagta! – diýip zarply gepledi-de, oglanjyga bakan ýöneldi. Marlen partany şakyrdadyp, Atanyň egnine basyp, mugallym deňine ýetmänkä, partadan parta basyp, açyk penjiräniň tagtasyna çykdy. – Eý, heleý. Men seniň doganyňy... Seni edişime seret. – diýdi-de daşary bökdi. Mergen penjireden, onuň yzyndan seretdi. Emma ol okuwçyny görüp bilmedi. Ol özüni dürsäp, sapagy dowam etdirdi. On-on bäş minutdan jaň kakyldy. Mergen okuwçylara ýazan diktantlaryny paýlap berdi. Öýe iş tabşyrdy. – Berekella, okuwçylar, nesip bolsa, geljekde il-günüň mynasyp ogullary bolarsyňyz. Ýöne badyňyzy gowşatmaň. Ertir irden ýene gelersiňiz. Her gün bir sagat taýýarlanalyň. Sag boluň! Hemmäňize bäşlik goýýan. Okuwçylar gidenden soňam mergen gaýtmady. Ol ertirki edilmeli gürrüňe taýýarlandy. «Gel, men ertir Mämetweli Keminäniň «Garyp» diýen goşgusynyň bir bendini labyzly okamagy öwredeýin». Ol «Garyp» goşgusynyň bir bendini ýatlady. Baýlar-a bähbidin arar, pukara hupbul watan, Diýr oňa her kim, iki gämini tutan, Göze görnen gyzy bolsa, hantamadyr öň ýeten, Il göçer, galar ýurtda, diri çüýrändir Garyp. Ol bu bendi telim sapar gaýtalady. Şol wagt işik kakyldy. – Geliberiň! – Gapy açyldy. Illi Amanowyň ýadaw ýüzi göründi. – Ataýew, sen häzir müdiriň ýanyna bar. – Ol it ýylgyryşyny etdi – Balagyňa goýberipsiň öýdýän. – Näme diýjek bolýaňyz? – Barsaň bilersiň. – Ol ýüzüni turşartdy-da gapyny daşyndan ýapdy. Mergen çykyp, klasynyň gapysyny gulplady. Onuň gözi ýere ýazylyp ýatan täzeje tigrine düşdi. Baryp ony galdyrdy. Ol tigiriň iki tigiriniň pokryşkasynyňam, kameriniň hem ýiti pyçak bilen kesilendigini gördi. Ol tigiriň daşyna üýşüp duran ogkuwçylara: – Ony kim beýle etdi? – diýip sorady. Ol sorap-soramanka: – Mugallym, hol Nebitdagdan gelen oglan bar-a, şol etdi. – Mugallym, sen bileňok, ol klasyň aýnasynam daşlap dur-a. Mergen şaňňyrdap penjire aýnalarynyň döwülýänini eşitse-de, işigi ýapyp durşuna klasyň aýnalary döwülýändirem öýtmändi. Oňa kän bir ünsem bermändi. Onuň bar pikiri özüni gyssagly çagyrýan müdiriň ýanyna gidipdi. Ol klasyň işigini täzeden açdy. Hakykatdanam klasyň penjiresiniň iki gözüniň aýnasy döwülip, stoluň üsti, pol durşuna aýna döwügi bolup ýatyrdy. Mergen işigi täzeden ýapyp, müdiriň kabinetine bakan gitdi. Müdir ony ýüzüni-gözüni sallap, torsarylyp garşy aldy. Onuň ýanynda oturan garry aýal maňlaýyny durşuna damar-damar gasyna öwrüp. Ýüzüni eňşidip tatyr-tatyr edip gepleýärdi. – Salam mugallym, çagyrdyňyzmy? Ejeş mugallym owadan, iň soňky modaly gyňaç dakynan başyny gaýşartdy. Şonda Mergen müdir gelniň boýnunyň durşyna altyn zynjyr bolandygyny gördi. Onuň ýakasyndaky altyn gülýakasam, edil käsäniň agzy ýaly bolup lowurdap durdy. – Ataýew, sen täze gelen okuwça näme etdiň?! Mergen näme diýjeginem bilmän, ellerini owkalady. – Meniň çagamy urar ýaly, näme, seniň eliňde galan ýetimçe barmy?! Garry aýal ýüzüniň damarlaryny ýaýyň kirşi ýaly dartyp, gazap bilen silkinip ýerinden turdy. – Sen meniň çagamy urar ýaly, kim bolupsyň! Ol aýal Mergene topuldy-da, kesewi ýaly gap-gara, hor elleriniň ujuna düwülen daş ýaly ýumrugy bilem Mergeniň ýüzüne birki gaýta çawlady. Herne, Mergeniň uzyn boýy ony halas etdi. Garrynyň ýumruklary mugallymyň ýüzüne degmese-de, onuň kükregine degdi. – Toty daýza, Toty daýza, dur, özüm gürleşeýin. – Müdir gelin ara goşuldy. Ýöne ol aýal daljygyp, titirekläp ýene-de topuldy. – Men, men, seniň meýdiňi ýakary-yn, meýitjagazyňy-y. – Aýryl-aýt! – Mergen ol aýalyň gap-gara, hor elini itip goýberdi. Garry aýalyň gahary, gan basyşy ýetjek ýerine ýetipdi, Ol titirekläp, agzynda akköpük syçyradyp, agza alynmaz ýaly sözler bilen düwläp başlady. – Meýit, meýdi kesilen haram köle. Senmi meniň balamy urjak. Men seniň meýdiňi ýakaryn, meýdi çüýremiş... Ol ýene elini salgady. – Şeýdip, şeýdip bir uraýyn, süýjümi, süýjümi! Mergen oturgyja geçip oturdy-da küpürsäp gargap duran garra seretdi. – Bolduňyzmy?! Toty daýza ýene möwjäp başlady. Ol göm-gök dodaklarynyň gapdalyndan çogup duran ak köpükleri seçeläp: – Sen unwirsit gutaran bolsaň, men Leýliniň on tomuny okadym. Sen çagamy urup, sendenem bir mugallym bolarmy, gara ýer çeken. Entek seni edişime seret. Raýkoma arz edip, meýdiňi ýakaryn. Müdir işikde hümmer bolup duram mugallymlara elini salgady. – Siziňki näme, baryň, klasyňyza baryň. Dessegül, ýap gapyny. – Ol öz ýerine geçip oturdy. Şol wagt ýaňy ýapylan işik açylyp, içeri başy sur gulakçynly, ýüzüni mama dişän gap-gara pyýada içeri girdi. Onuň gujagynda içi doly kagyz halta bardy. Ol garry aýaly, ýaş müdiri görüp ýylgyrdy. – Ýegen! – diýdi. Me, muny ýygna. Müdir gelin ýerinden turdy. – Goýaýyň! Goýaýyň. Ýaşuly tördäki oturgyja geçdide-de,oturanlaryň ýüzüne soragly seredip: – Näm bol-d-aý? – diýdi. Toty daýza kirli ýaşmagyny agzyna çekdi. – Häli, sen giden badyňa Marlen jan aglap barsa näme. Eli, ýüzi gara gan. – Waý, balajygym, näme kyýamat gopdy başyňa diýsem: «Babuşka, mugallym urdy» diýdi, çagajygym. Üst-başyndaky gany görüp, gutum gurady. Saňa nädip tilpun edenimem bilmändirin-de. – Garry hamsykdy. Men gaty gorkdum, Anna. Heý, çagany beýle urma bolarmy ahyry?! Zarplama bar, käýýeme bar ahyryn. Eli şel açan, Hudaýym, eliň şeller açsyn-da. Ýaşuly gözlerini alardyp, azgyrylyp gepledi. – Hany Marlen? Garry şol agyly sesi bilen: – Nirede bolsun, balam. Ganyny sarkdyryp, aglap ýörendir. Onuň aýagam agsaýar. Müdir gözlerini ýaşulynyň getiren kagyz haltasyndan aýryp bilmän gepledi. – Daýy, men Marleni uran mugallymyň meýdini ýakaryn. – Ýaşuly haýbat bilen ýerinden turdy-da, ýygnanyp, ýene oturgyja özüni goýberdi-de mugallyma seretdi. – Ýer-ow, bally, näme hekaýat gopdy, hany, senem özüňi akla, göreli. Mergen ýerinden turdy. – Beýle bir bolan zad-a ýok. – Haw-wa! Ýeri bakaly. – Hawwasy şol! – Mergen ýagdaýy bolşy bolşy ýaly gürrüň berdi. – Bar bolany şolmy? – Bar bolany şol, ýöne oglanjyk penjireden aşak bökende, bijaýrak düşdi öýdýän. Eli gan bolsa, şonda bolandyr. Ýaşulynyň sesi ýumşak çykdy. – Şuny klasdaky okuwçylaram tassyklarmy?! – Elbetde, başga bolan zat bolmasa näme. Olar gören zatlaryny aýdarlar-a. – Sen topulaňogam, uraňogam... Mergen geň galdy. – Aýdýanyňyz näme? Men okuwça edep bermäge geldim-ä. Men näme üçin uraýyn, näme üçin topulaýyn. Ýöne bir okuwçy sapak geçmäge päsgel berse, «ýuwaş boluň» diýip tertibe çagyrmak mugallymyň borjy. Men ýuwaş boluňam diýemog-a. «Hany, Marlen, tagta çyk» diýdim. Garry aýal öjügip başlady. – Meniň çagam urulmasa, «urdy» diýip, ýalan sözlemez. Sen – Ol Mergene elini uzatdy – Etjegiňi edip, akja jüýje bolmarsyň. Ýaşuly azmly gepledi. – Bally, maňa Anna kel diýýändirler. Men henize çenli adam ogluna hakymy gideren adam däldirin. Kim adalatsyz bolsa, men oňa adalaty görkezip ýören adam. Senem adalat isleýän bolsaň, men ony saňa tapyp bererin. Ýöne meniň çagamy urma. Ine, meniň işimiň, öýümiň telefony. Çagam biýedeplik etdimi, tilpun ur. Men çäre görmesem, gözüm aksyn. – Sag boluň agam, agtygyňyz meniň welosipedimiň iki tekeriniň kamerinem, pokryşkasynam kesipdir. Tigirlerini sekizlik edip depgiläpdir. Klasyň aýnalaryny daşlap döwüpdir. Şolary tölemeli, ýa-da bejermeli bolarsyňyz. – Başga näme?! – Bolany... Ýaşuly koridora bakan ýöräp başlady. – Hany, tigiriňem, aýnalaryňam göreli! Mergen ýaşulyny müdiri, garry aýaly yzyna tirkäp klasyna alyp bardy. Onuň tigiri ýerde bulaşyp, göz gyny bolup ýatyrdy. Onuň tigirleri eplem-eplemdi. Beýleki demirlerem ýemşik-ýemşikdi. – Şu tigir seniňkimi? Mergeniň gözleri patlara geldi. – Meniňki. Ýöne muny nädäýipdir ahyry... – Bilemok. Munam Marlen edipmi? – Bilmedim. – Mergen klasynyň işigini açdy. Penjireler oka tutulan ýalydy. Klasyň içi durşuna aýna döwügi bolup ýatyrdy. – Gül ýaly klasym. – Mergeniň sesi basyk çykdy. Anna aganyň ýüzi üýtgedi. – Toba, toba, bu ne bela, bu ne bela. – Mergen ýüzüni sallady. – Ine, siziň agtygyňyzyň göreldesi! Garry aýal sesini endireden bolup şerraýlap başlady. – Meniň balam beýtmez. Öz pohuňyzy meniň neresse çagama çyrşajak bolmaň.. – Gapyl-aýt – diýip, ýaşyly aýalyna azgyryldy. – Näme ganjyk ýaly çyňsaýaň. Öňem, balam, balam diýen bolup, sen şony sandan çykaran. Hany, indi ber jogabyňy. Heý, haýwan bolmasa on-on iki ýaşly çaga-da bir beýle iş edermi?! Haýwan seniň balajygyň, haýwanyňam wagşysy. Men Nebitdagyň telim mekdebinden kowdular, ol şeýle, ol beýle diýseler hiç ynanmandym. Aýdylanyndanam beter eken ol... Ol göz gülban bolup ýatan tigri galdyrdy-da, ýere taşlap goýberdi. – Sen arkaýyn bol, bally. Darykma... – diýip, yzyna garaman çykyp gitdi. Mergen klas boşan badyna ýerde ýatan aýna böleklerini, ýary ýanan kagyz galyndylaryny, gazet ýyrtykaryny ýygnap başlady. Soň tam süpürýänlerden bedre, sübse alaýyn diýip, mugallymlar otagyna bakan gitdi. Ejeş mugallyym eýýäm tam süpüriji aýallaryň ikisini öňüne salyp gelýärdi. Ol Mergeni görüp, öz jaýyna sowuldy. – Gel, Ataýew, otur. Mergeniň keýpi ýokdy. Onda-da ol sesini çykarmady. – Men milisiýänem bir çagyraýyn diýdim. Ýöne okuwyň başynda tutuş etraba dowul salmaýyn diýdim. Ol okuwçy Anna keliň agtygy. Onuň uly ogly Nebitdagda bir zat öz-ä. Aý, garaz, aýalam dälihananyň bir zady öz-ä. Olaryň ýeke çagalaryny terbiýelemäge elleri ýetmeýämiş. Onsoň, ol taýda bu çagany o mekdepden, o mekdebe geçirip, gezipdirler. Ahyr soňy ol okuwçydan tutuş Nebitdag bizar bolupdyr. Milisiýa gözläp başlapdyr. Şonuň üçin bu çagany miliseden alyp gaçyp, bize getirdiler. Ol okuwçy bir jenaýat-a edipdir. Özem ýazybam bilenok, okabam. Tertibinem özüň gördüň. Indi men näme etmeli?! «Aljak däl» diýseň, ýüz-de göz. Uly abraýly adamlar haýyş edip gelip dur. Alsaňam, bolýany şu-de! Mergen başyny galdyrdy. – Onda ata-enesi okuwçynyň işine gatyşmasyn. Gördüňiz-ä, ol garry aýalyň bolup durşuny. Men şol okuwçy bile işleşjek bolaýyn. Müdir başyny ýaýkady. – Ýok, ýok, sen gatyşma. Eýýäm ol okuwçynyň boljagy belli. Ol sag eliniň orta, süýem barmaklryny çep eliniň orta süýem barmaklarynyň üstüne goýup, Mergene görkezdi. Azajyk gaýrat ediň. Mesele basym çözüler. Barybir ondan adam bolmaz. Mergen müdir bilen hoşlaşyp, klasyna bardy. Klasy süpürip, ýuwjak bolup durdylar. – Men öýe gaýtdym. Açary mugallymlar otagyndaky açar asylýandan asaýyň. Ol pyýadalap oba tarap gitdi. | |
|
√ Dirilik suwy -19: romanyň dowamy - 20.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -10: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Gala -7: Oýlanma pursady - 16.02.2024 |
√ Duman daganda: Haram harama gider - 22.06.2024 |
√ Duman daganda: Buzlar jaýrylyp başlaýar - 21.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -15: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Dirilik suwy -14: romanyň dowamy - 13.05.2024 |
√ Atbaýrak: Galtamanlar - 10.09.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Ýola taýýarlyk - 23.08.2024 |
√ Hakyň didary -3/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |