09:51 Köne mülk -7: romanyñ dowamy | |
15. «Gör, ykbalyň nähili öwrümleri bolýan eken» – diýip. Mergen çukuryň demirgazyk burçundaky iň soňky topbajyk dersli gumy pele tarap pytradyp durşuna oýlandy. – Oba gelenime bary-ýogy bir aý wagt geçdi. Şu bir aýda özüme bir otagly jaý gurdum. Jaýymyň üstüni şiferledim, çukury gül ýaly arassalap, çukuryň düýbüne ýazylan kerpiçleri sökdüm. Hajathana, duş gurdum. Özüme kabinet oňardym, gül ýaly kabinet. Düýn gaty gowy tigir satyn aldym. Jaýymyň içinde bir adam hezil edip ýaşar ýaly şertleri döretdim. Baý-buw, özem, bir aýyň içinde, how. Mergen üçin bu azaplaryň barysy bir ýaňa, diňe tigiriniň özi bir ýaňa ýalydy. Sebäbi ol indi adam ogluna mätäç bolman, ýola çykyp, ertir-agşam arkaýyn işe gidip, gelip biljekdi. Mergeniň edil öýüniň gapdalyndan raýon merkezine barýan pyýada ýol geçýärdi. Şol ýol maşyn ýoluna birje ýerde-de galtaşman, göni iş ýerine-de barýardy. Aslynda. Mergeniň begenjiniň başga bir sebäbem bardy. Tigir Mergeniň oglanlyk höwesiniň gursagynda öçmän galan yşjagazynyň täzeje ýalkym bilen lowurdamasydy. Ol oglan wagty diňe tigiri arzuw edipdi. Bir sapar olaryň dükanyna tigir geldi. Şonda Mergen ejesine özelenip-özelenip ýalbarypdy. – Çagam, hany oňa onça pul! Bar, eger dükançy razy bolsa, özüňe inji berlen owlakly geçini ber-de, alagaý. Mergen çaýyny-çöregini iýmän, dükana ylgapdy. Ýapyk dükanyň işiginde «Ol bu gün gelmez» diýselerem iki sagatlap garaşypdy. Ol agşamara bir ýerlerden ýarym serhoş gelen dükança ejesiniň sözlerini aýtdy. Dükançy ony kowup goýberdi. Şondan soň ol hiç wagt tigir diýmedi. Dogry, oglanlardan sürmegi öwrendi. Ondan bäri on-on bäş ýyl geçipdi. Bu gün onuň arassa alyn derinden satyn alnan gül ýaly tigiri öz işigine söýegli dur. – Ýegen jan, sen näme täzeje tigir satyn aldyňmy? – diýip, araky sene-meneçilikden soň, bu işige aýagyny sekmedik Annabike daýza gülüm-ýalym eden boldy. Mergen çukurdan dynyp, onuň daşyna çykdy. – Daýza, salowmaleýkim! Garry bu çukury synlap, aňkarylyp galdy. – Ýegen, bu çukury gyzyl-dörjük edewoýdyňmy? – Ol gara, kirli ýumrugyny agzyna çenedi. – Indi muny näme etsem diýýeň? Mergen güldi. – Daýza, muňa suw goýberip, içinde balyk köpeldip, sataýsam diýýän. Garry güldi. – Şon-a oňarýaň, ýegen jan. Obanyň bar çagasy günde gelip, işigimizde suwa düşünip, özüň öýde ýok mahalyň öýüňi, obaňy towsa göterip gitsin. Mergen gepi başga ýana sowdy. – Daýza, meniň tigirimi nähili gördüň? Garry çöňňelen gözlerini erbet alardyp, tigire bakan seretdi. – Şony diýýän, ýegen, men saňa, ol demiri haýsy aklyň bilen pul baryny çykaryp aldyň. Ýa bir ýerden mugt düşowadymy? – Ýok-la! Mal alar ýaly, men näme şeýle samsykmy. Şol durşuna ýetmiş manat! Garry gazanyň garasyna dönüp giden, ýemşik-ýumşik ýüzüni eňşitdi. – Haý, ýegen-eý, puluňy nirä sowjagyny bilmez tentek diýerler saňa. Onça puly demre-dümre berýänçäň, üstüňe eşik al! Içeriňe düşek al! Howdan ýaly tam gurduň. Ne onuň äpişgesine aýna saldyň. Ne onuň içine düşek ýazdyň. Gaýta, şo demire köne puldan müň manada golaý berip, näme, başyňa turşy çykdymy? Garry elini silkdi-de. Tamyna bakan ýumlukdy. Tamynyň gapdalyndaky uzyn kölgä ýetensoň, yzyna, Mergene bakan gygyrdy. – Araky ýaly et bar-a. Bir janlyň ýigrimi manat. Gerek diýseň-ä getirip, gowuryp bereýin. – Gerek daýza, gerek. – Onda puluňy ber, derrew. Mergen öýe girip, pul alyp çykdy-da, eltip garra berdi. – Galany özüňki! Mergen gumak ýere çöküp, berlen pullary üýtgeşik yhlas bilen sanap oturan garrynyň ýanyndan gaýdyp, çukuryň gyrasyna gelip oturdy-da, göz çeni bilen düzlejek pelleri, aňyrdan aýlap, çil geçmeli ýerlerini göz çeni bilen çyzyşdyrdy. – Keseligine elli ädim. Aýdaly her pel on bäş ädim. Çillieriň arasy bir ädim bolsun. Sähel uly bolar, sähel kiçi bolar, onuň zyýany ýok. Ol duşuň aşagyna girip ýuwundy. Soň çaý goýup, garbandy, gantlyja çaý içdi. Şondan soň tigirini içeri salyp, işigi gulplady. Mergen gadymdan galan kepje bilen gijäniň ýaryna çenli işläp, ilkinji çili çekdi. Çiliň gapdalynda bir ädim ýaly ýeri az kem çuňlaşdyrdy. Çiliň içini bir ugra agdaryp, tekizläp çykdy. Ertir Mergen üçin aýratyn bir keramatly gündi. Ol ömrüniň iň parlak gününi bölejik, bölejikden ölçäp biçdi. «Ertir mekdebe näme eşik geýmeli? Haýsy kitaby almaly! Eger birden ilkinji jaň edip, onda söz beräýseler, näme diýmeli! Ilkinji sapagy nähili geçmeli. Ol gara dere batyp işläp durşuna baryny, baryny ilik-düwme ölçerip dökdi. Soň ýene duşuň aşagyna girip, saçyny, soň tutuş bedenini sabynlap, gaýta-gaýta ýuwdy. Soň süpürinip, sagadyny dörde düzüp, sekiniň üstüne ýazan düşegine geçip gyşardy. Mergen daňdan sagat dörtde turup, adaty işlerine başlady. Çukura girip, ýene bir çil çekdi. Ondan çykyp, duşa girip çykandan soň, gelip çaý goýdy. Ol sekiniň üstünde çaý içip oturşyna, nämüçindir, aňynyň hiç zat almaýanyny duýdy. Bu gün nämüçindir, gantly çaý hem oňa täsir edenokdy. Şonuň üçin, ol kitap-depderlerini, ruçkadyr galamlaryny, student döwründe göteren gaýyş sumkasyna salyp, tigiriniň yzyna berkitdi. Soň öňden taýýarlap goýan eşiklerini geýdi-de, tigirini işige çykaryp, gapyny gulplady. Soň mekdebe bakan ugrady. Tigir ony sähel salymda mekdebe eltdi. Mekdebiň howlusy gum-guklukdy. Mergen öz klasyny açyp, aýnalary açyşdyryp, klasy çalykdyrdy. Ýerine geçip, bäşinji klasyň edebiýat kitabyny açdy. Ol şu gün birinji sentýabrda bolmaly edebiýat sapagyna taýýarlanyp başlady. Sapak ýazgysyny gaýta –gaýta okady. Ol mekdebiň direktory klasa girensoň duýup galdy. Mergen Ejeş mugallymy görüp, ýerinden turdy. Salam, ýoldaş mugallym. Täze okuw ýylyňyz gutly bolsun! Ejeş mugallym täzeje pombarht köýnegini şowurdadyp, ajaýyp keşdelenen ýakasyny sypalap ýylgyrdy. – Sag bol. Aýdanyň bolsun! – Ol klasy birlaý gözden geçirdi-de – Bu gün gaty ir gelipsiň-le – diýip, Mergeniň ýüzüne mähir bilen bakdy. Mergen dik durşuna: – Birinji gün-dä, mugallym, bilip bolmaz, birden ýygnanyşyk bolsa, gijä galmaýyn – diýdim-dä. Ejeş mugallym işige bakan ýöräp baryşyna: – Ýygnanyşyk, öýlän sagat bir otuzda – diýdi. – Seniňem okuwyň şondadyr, näme raspisaniýany görmediňmi?! – Görerin, görerin... Direktor koridora çykandan soň, ýene yzyna dolanyp, klasa boýnuny uzatdy. – Tigir seniňkimi? – Mergen jogap berip ýetişmänkä: – Mekdebe tigirli gelmeli däl! – diýdi. – Bu eýýamyň çagasy adam däl-ä, tigiriň bir şaýyny alyp giderler. Soňam tutuş etraba gep bolarlar. Mergen sesini çykarmady. Bir salymdanam: – Mugallymyň tigirine eliňi degirmeli däldigini öwredip bilmesek, bizdenem bir mugallym bolarmy?! – diýdi. Aslynda-ha, çaga hiç kimiň zadyna-da el degirmeli däldir. Direktor gidip barşyna: – Meniňk-ä bir duýdurmak! Soň aýtmady diýme. Mergen özüniň sagat bire çenli boşdugyny bildi-de, tigirini münüp, oba bakan gitdi. Şol gidip baryşyna, onuň aňyna «bäşinji klasy beýleki mekdepleriň mugallymlarynyň geçişinem bir göreýin-le» diýen pikir geldi. Ol şol niýet bilen 8-nji mekdebe, özüniň sekiz ýyl okan mekdebine geldi. Bu mekdep ortaky Garaganlyda, kolhozyň klubunyň gapdalynda ýerleşýärdi. Bu mekdep sekiz ýyllyk bolup, onda okuwçylar ertirine okaýardylar. Mekdep Mergeni sowuk garşylady. Ol ilki bilen mekdep direktory Anna Annaýewiçiň kabinetine bardy. – Salam Ýoldaş mugallym! – Salam, gel, näme ýumuş – diýip, Anna mugallym aljyraňňy sorady. Mergen niýetini aýtdy. Anna mugallym gözüni-gaşyny çytdy. – Güljeren bolmaly. Özi razy bolsa, meniň-ä garşylygym ýok. Ýöne, sen ilki Güljereniň özüni bir gör. – Hiý-buw, näme üçin hökman meniň sapagyma girmeli? Bu gün düzüwli okuw boljak däl diýdiler-ä. Mergen ol aýaldan ötünç sorady. – Mugallym, men diňe sapaga başlaýşyňyzy görsem bolýar. Jaň kakyldy. Okuwçylary mekdebiň gapdalyndaky ýandaklyja meýdanda nyzama duruzyp, Anna Annaýew olary Täze okuw ýylynyň başlanýandygy bilen gutlady. Okuwçylara şu okuw ýylynda gowy okamagy, tertipli bolmagy öwüt-nesihat etdi. Soň klasa girmäge jaň kakyldy. Bäşinji klasda on bäş okuwçy bar eken. Güljeren mugallym bäş minut gijä galyp klasa girdi. Girensoňam sumkasyndan pul çykaryp: – Kaka jan, me şuny pol süpüriji Kümüşe äkidip ber. – diýip oglanlaryň birine buýurdy. – Mugallym, menem bile gidäýeýin – diýip, Kakajanyň gapdalyndaky tokarja oglan elden-aýakdan çykyp, aýtdy. – Menem, mugallym, menem mugallym jan!.. – Otur, Ataýew. – Mugallym jan, menem gidäýeýin-le. Mugallym gözüni alardyp Mergen tarapa seretdi. – Otur, ýer çeken! Tutuş klas gülüşdi. Ataýew ynjalmady. Ol ýerinden turup: – Mugallym, men tagtany süpüräýeýin! – diýdi. Mugallym klas žurnalyny açyp, okuwçylary «bar, ýok» edip oturşyna: – Ýuwaş boluň, hany ýuwaş boluň! – diýip gygyrdy. – Ol okap başlady. –Hany, Ataýew barmy? – Bar! – Annaýewa! Barmy Gözel? Ol başyny galdyryp klasa seretdi. – Annaýewa ýok, mugallym, ejesi keçe edýär. Mugallym yzda oturan Mergene göz aýlady. – Näme, keçe etse, ejesi edýär. Şonuň üçin gyzy okuwdan galmalymy? Hälki Ataýew oturan ýerinden: – Näme, direktoryň gyz-ow mugallym. – diýip gygyrdy. – Dädesi gal diýse, galar-da. Şol wagt Mergeniň öň ýanynda oturan oglan baryp Ataýewiň çekgesine çaldy. – Gowy otur! Ataýew ör-gökden ýerinden turup, baryp ol oglany ýumruklap başlady. Güljeren mugallym ýapyrylyp okap oturyşyna bu güpür-tapyrdan soň habarly bolup galdy. Ol öňünde açyk duran žurnaly aldy-da, ýerinden turup, gelip Ataýewiň depesinden eňterip başlady. – Meýit! Meýit! Meýit! – diýip, üç sapar urdy. – Sen, ýaşy kesilen samsyk ejeň ýaly, samsyk, samsyk gepläp okatmaga bereňok. Okuwçylar gülüşdiler. Ataýew aglady. – Ejeme degm-ow. Sen ile samsyk diýýänçäň, bar, özüňi oňar. Ol ýerinden turdy-da yzynda oturan oglana topuldy. – Özi ilkinji depdi. Mugallym eline žurnaly alyp, ýene Ataýewe topuldy. Ataýew partalaryň üstünden böküp-böküp, klasdan çykyp gitdi. Şol wagt Mergeniň gözi mekdebiň öňünde öz tigirini sürüp ýören bir okuwça düşdi. – Mugallym, siziň tigiriňizi Kakajan münüp ýör! – diýip, gapa golaý partalaryň birinde oturan gyzjagaz yzyna öwrülip aýtdy. Güljeren mugallym elindäki žurnalam goýman ylgap işigiň agzyna bardy. – Kakajan, Kakajan, dur, tentek meýit, kim saňa iliň zadyny al – diýdi?! – Emma ogly oňa diýýärmisiňem diýmän ýandaklygyň içi bilen, tigiri keýp edip sürüp gidensoň, güsürdeşip işige çogup çykan oglan gyzlary gaýtaryp durşuna – Meýid-ä, meýit ahyryn, ýaşy kesilen, dogmanlar geçen – diýip gargynjyrady. – Mugallym, men alyp geleýin – diýip, oglanlar ýerli-ýerden gygyryşdylar. Güljeren mugallym şu günki bar gaharyny şolardan çykarjak bolýan ýaly. Klasy ýaňlandyryp, gygyryp, elden-aýakdan çykyp başlady. Mergen gaýdyp bu klasa girmedi. Ol tigriniň yzyndan assaja ýöräp gitdi. Ol ep-esli ýere baranda başga bir okuwçy: «Gaç-eý ýetip barýar-eý» – diýip gygyrdy. Kakajan yzyna seretjek bolanda, tigir bir ýana, özi bir ýana atylyp gitdi. Oglanjyk ýerinden galjak boldy, emma bolmady. Ol ýandaklygyň içi bilen süýşenekläp gitjek boldy. Oňarman, ýene ýykyldy. Mergen onuň ýanyna baryp düýrügip, wägirip ýatan oglanjygy ýerinden galdyrjak boldy. Ol oglan çabalanyp aglaýardy. Mergen gaýra çekildi. Oňa çenli mekdebiň okuwçylary sil ýaly bolup, çoguşyp, ylgap gaýtdylar. Şolaryň arasynda oglanyň ejesi Güljeren mugallymam bardy. Ol aýal gele-gelmäne ýandaklygyň içinde wägirip ýatan oglunyň üstüne topuldy. – Balajygym, kim beýtdi seni?! – Ol aýal Mergeniň üstüne horaz ýaly bolup topuldy. – Ýer çeken, nätdiň çagany, nätdiň? Mergen ol aýaly itip goýberdi. – Özi ho-ol daşa urlup ýykyldy. Meniň gül ýaly tigirimiň işini gördi. Oňa çenli mekdebiň mugalymlarynyň ählisi sürrenekleşip geldiler. – Näm boldy? Näme boldy gyz! – diýişip, olar ýandaklykda tot-tozana bulaşyp ýatan Kakajanyň daşyna üýşdüler. Güljeren mugallym olara arkalanyp, gygyryp başlady. – Meniň çagamy uran elleri şel açsyn! Ýene mugallymam diýjeksiň, ýetim meýdi ýanan. Anna Annaýew geldi. – Näme boldy? Näme üçin sapagy syrwat etdiňiz? Oňa jogap beren bolmady. Direktor Mergeniň ýanyna geldi. – Sen etdiňmi? – Mergen ol adama bolan wakany aýtdy. Emma Annaýew onuň bilen ylalaşmady. – Aslynda seniň mekdebe gelmegiňem, tigiriňi bu ýerde goýup, çagalary öjükdirmegiňem bolmajak zat. Bular entek çaga ahyryn. – Ol gözlerini elhenç alartdy. – Tigriňi al-da, ugra şu ýerden. Mergen tigirini galdyrdy. Onuň öň tigiri deşilip, pyssaryp ýatyrdy. Ruly, yzyndaky şakyr-şukury gyşyk-çaýşyk bolup ýatyrdy. Ol ilki bir «Bejeriň-de, öýüme eltip gaýdyň» diýip haýbat ataýynam bir diýdi. Soň bu adamlar bilen deň bolmanyny ýagşy görüp, tigirini idip, uly ýola çykdy. Ol öýüne baryp, deşilen kamerini çalyşdy. Gowşan, üzülen boltjagazlaryny çekişdirip, düzedişdirdi-de, sagadyna seretdi. Sagat onuň ýarydy. Mergen işigi gulplap, tigirine atlanyp, 9-njy mekdebe bakan depdi. Ol mekdep Miweçilik sowhozynyň aňyrsyndaky oba giren ýeriňde ýerleşýärdi. Mergen mekdebiň howlusyna girende arakesmä çykmaga jaň boldy. Ol tigirini direktoryň kabinetiniň işiginde goýup, içeri girdi. Giren ýerinde ýaş gelin žurnaly dörüp oturan eken. – Salawmaleýkim! Ýaş gelin başyny galdyrdy. – Salam! Geliň. Mergen bu oturan gelin mekdep direktorynyň sekretarydyr diýip pikir etdi. Şonuň üçin ýylgyryp: – Direktor barmyka? – diýip, işikde galan tigirine göz aýlap sorady. Ýaş gelin onuň ýüzüne garap «Näme etjek?» – diýip sorady. Mergen bu raýonda mugallymyň asla äsgerilmeýändigini 3-nji mekdepde-de, 8-nji mekdepde-de görüpdi welin, asyl bu ýerde-de ýagdaýyň şol ýerlerdäki ýalydygyna düşündi. Ýöne syr bildirmedi. – Men şäherden geldim. Ýaş gelin ýerinden turdy. – Geliň, geçiň! Ol gelin öz ornuna geçensoň, Mergen onuň şu mekdebiň direktorydygyna düşünip galdy. – Men şu ýyl uniwersiteti tamamlap. 3-nji orta mekdebe işe geldim. – Adyňyz, ataňyzyň ady kim bolmaly? – Adym – Mergen. Atamyň ady Ataýew! Direktor gelin ony boýundan başyna bir synlady. – «Sowet Türkmenistany» gazetindäki makala siziňkimi? Mergeniň ýüregi birden joşup gitdi. – Çykypmy? Haçan! Ýaş gelin hälki okap oturan žurnalynyň içinden gazet çykardy. – Siz biziň mekdebimizi nireden bilýäňiz? Biz hakda şeýle gowy zatlary ýazypsyňyz. Sag boluň! Mergen «Sowet Türkmenistany» gazetiniň ikinji sahypasyndaky ullakan makalany gördi-de gazeti yzyna berdi. Kalbyny gaplan üýtgeşik begenç bilenem: – Arada komissiýa bolup mekdeplere aýlandyk. Siz ýok ekeniňiz. Mekdebiňizi şonda gördüm. Jaň kakyldy. Mergen howlukdy. – Meni bäşinji klasyň edebiýat sapagyna salyň. Sizde gowy mugallym bar diýdiler. Sapaga başlaýşyny göräýjekdim. Direktor diwardan asylgy raspisaniýa seretdi. – Bar. Äti mugallym. Ýör! Mergeniňki şowly boldy. Ol ilkinji makalasynyň «Sowet Türkmenistany» gazetinde çykanyny şu ýerde bilip galdy. Indem bolsa, Äti mugallymyň sapagy. Özem bäşinji klasda. Özem häzir. Direktor mugallymylaryň otagyna baryp, Äti mugallymy tapdy. Ol gartaşan aýal bolup, ýüzüni-gözüni çytyp. Sähel bahana tapsa, üstüňe bökjek jüýje-horaz ýaly aýal eken. Olar üç bolup klasa giriler. Klas boşdy. Diňe iki gyzjagaz gözjagazlaryny mölerdip, gelenlere garap durdy. – Hany, okuwçylar! – diýip, direktor olary gyssady. – Mugallym, olar daşarda top oýnaýalar! Eti mugallym tolgundy. – Men olary çagyryp geleýin. Direktor saňňyldady. – Çagyrma! Otur! Kim sapakdan ýekeje minut gijä galsa, adyny ýazyp, maňa ber. – Ol gaharlanyp çykyp gitdi. Bir salymdan okuwçy oglanlar gara dere batyp, gykylyklaşyp klasa girdi. – Siz utuldyňyz! Siz utuldyňyz! – diýip, saçy päki bilen syrylan tokarja oglan köşeşibilmän, aglaýjak-aglaýjak bolup aýtdy. – Sen-ow, samsyk, aýdýan sözüňi bilip aýt! – diýip, uzyn boýly oglan oňa haýbat atdy. – Ýuwaş! – diýip Äte mugallym elindäki taýagy bilen stoly tyrktldadyp urdy. –Hany ýeriňize geçmän, baryň tagtanyň öňünde hatara duruň! – Ol bu işine şeýle bir berildi welin, egnindäki gülgüne ponbarh köýnegine meňzeş owadan ýaglygynyň depesinden syrylyp, çep çekgesine tarap syrylyp gaýdanynam duýmady. Bu mugallym owurtlary konfetli ýaly, dodagyny pökgerdip, ýüzüniň deň ýary ýaňak bolup durdy. Şonuň üçin onuň alyn dişleri, edil towşanyň dişleri ýaly, Syrtaryp görünýärdi. Mugallymyň beýle keşbi, agyp ýatan ýaglygy ony gülkünç görkezýärdi. Okuwçylar pyňkyryşdylar. – Näme! Näme. Açylan ýerim brmy? Gülüşibir ýaly. Ortaky partada oturan gyz, megerem, mugallymyň ýaglygynyň gaçandygyny aýtjak bolup elini galdyrdy. Emma mugallym oňa-da üns berip durmady-da elindäki taýagy bilen stoly urdy. – Baryň oturyň! Mergen heniz oturjagynam bilmän, bir gyrada dik durdy. Ol bu sözi özüne aýdylýandyr öýtdi. Oturmak üçin iň soňky partalara tarap ýöneldi. Mugallym ýerine geçensoň, hiç zat bolmadyk ýaly, ýaglygyny, saçyny düzedişdirdi. Soň žurnala garap: – Hany, galanyňyz? – diýdi. – Olary direktor tutup, öz jaýyna äkitdi. – Gyssap durandyr-da! – Näm-aý, top oýnasaň, şol garagollyk etdigiň bolýam-aý. Mugallym elindäki taýak bilen stoly tarkyldadyp goýberdi. – Kepleme. Topy okuw başlansoň oýnamaly däl. – Ol okuwçylaryň gatnaşygyny barlaman sapaga başlady. – Şu gün edebiýatyň ähmiýeti barada gürrüň ederis. –Hany, kim aýtjak, edebiýat diýmek näme diýmek? – Men aýtjak, mugallym – diýip, boýy keltejik okuwçy oglan elini galdyrdy. – Aşyr, sen aýt! – Edebiýat diýen söz, edep diýen sözden emele gelen. – Dogry. Edebiýata nämeler girýär? Hany ýene kim aýtjak? Hiç kimden ses çykmady. Bir oglan ýanynda oturan gyza pyşyrdady. Mugallym taýak bilen ýene stoly urdy. – Hany, ses. O nämäniň pyşyrdysy?! Mugallym Mergen tarapa seredip, towşan ýylgyryşyny etdi. – Onda diňläň: Edebiýat öz içine goşgulary, romanlary, powestleri alýandyr. Okuwçylaryň biri elini elini galdyrdy. – Hany, aýt! Okuwçy oglan howlukman ýerinden turdy. – Mugallym, aýdym edebiýata girenok gerek? – Girenok, otur. – Girýär! Girýär! – Girenok. Mugallym elindäki taýagy bilen stoly tarkyldatdy. – Aýdymyň goşgusy edebiýat, heňi – saz. – Mugallym! Mugallym! Mugallym ýerinden turyp, taýagy bilen stoly urdy. – Hany, bes ediň. Näme, adamyň ýanynda masgara bolup otyrsyňyz? – Ol ilki Mergene, soň klasa ýüzlendi. – Kim haýsy aýdymy bilýär? Okuwçy oglanlaryň biri söz soraman, ýerinden turdy. – Mugallym men gadymy aýdym aýdaýyn . Şol aýdymmy ýa edebiýat? Mugallym dişlerini syrtartdy. – Hany, aýt, hany! Şol wagt gapy açyldy. Direktor gelniň ýaş, juda owadan ýüzi göründi. Ol Äte mugallyma seredip, «Goýber şulary» diýdi-de, aňry çekildi. Gijä galyp gelen okuwçylar ýerlerine geçip oturýança. Mugallym eli taýakly klasa seredip dik durdy. Soň dik duran okuwçylara garap: – Oturyň! – diýdi. Hälki okuwçy oturmady. Mugallym elindäki taýak bilen stoly şeýle bir urdy welin, täze gelen okuwçylar tisginip gitdiler. – Mugallym, aýdaýynmy?! Taýagyň şarpyldysy tarpyldap çykdy. – Näme üçin gijä galdyňyz? – Mugallymyň pursat bererine garaşyp duran oglan: – Mugallym, aýtmaýynmy? – diýip oňa seretdi. Mugallym taýagyny somlap, onuň ýanyna baryp: – Otursana, sokul-da – diýip, okuwçy oglanyň kellesinden itip, ony oturtdy. Soň ol sesini batlandyrdy. – Hany, aýdyň, näme üçin gijä galdyňyz? – diýip, taýagyny parta tarpyldatdy. –Jogap beriň-hany! Şol wagt penjiräniň daş ýüzünden iki sany oglan içeri seretdi-de, ýene yza çekildiler. Okuwçylar gülüşdi. – Olar kim? – Berdiýew bilen Pökürow, mugallym! – Öňde oturan gyzlar aýtdylar. Äte mugallym okuwçylaryň ekabyrragyna: – Bar, çagyr, gelsinler – diýdi. Mugallym ornuna geçip, sapaga täzeden başlajak bolanda jaň kakyldy. Mergen ýerinden turdy. Mugallym aýal Mergeniň ýanyna gelip, towşan ýylgyryşyny edip, düşündirmäge başlady. – Bu gün okuw ýyly başlanansoň, ýöne birhiliýä boldy. Bagyşlarsyňyz-da! Mergen sesini çykarman hoşlaşdy-da, direktoryň kabinetiniň işiginde duran tigirine münüp, raýon merkezine bakan bar güýji bilen sürüp gitdi. Ol raýon merkezindäki 1-nji mekdebiň direktoryndan rugsat aldy-da, bäşinji klasa zordan girip ýetişdi. Bu bäşinji klas uludy. Onda kyrka golaý okuwçy bardy. Bu klasa edebiýaty okatmaga Anna nemes diýen adam girdi. Bu mugallym edil negrler ýaly garady. Özi pes klaslary nemes dilinden okadýardy. Bu ýyl onuň sapagy bir ölçege ýetmäni üçin, bäşinji klasyň edebiýatynam beripdirler. Anna mugallym ýylgyran bolsa-da, onuň yzgytsyzdygy bildirip durdy. Ol: – Guten tag! – diýdi. – Okuwçylar gülüşdiler, – Hany, tanyşalyň! Siziň nemes dilini gaty gowy bilýändigiňizi bildim. Indi edebiýaty bilişiňizem göreris-dä. Ol klas žurnalyny açyp, okuwçylaryň adyny, atasynyň adyny ýeke-ýekeden okap çykdy. Soň ýerinden turdy-da tagtanyň öňüne bardy. Soň eline mel aldy-da»edebiýat» diýip ýazdy. – Hany, şu ýazylany okaň. – Edebiýat – diýip, öňde oturan gyzjagazlar şo bada jogap berdiler. – Dogry, bäşlik! – Ol oglanlar tarapa seretdi. – Şu sözüň manysyny kim aýtdy? – Edebi ýat etmek! – Sen Annaseýitmi? – Hawa. – Bäşlik. – Ol ýene gyzlara: – Edebiýat nämäni öwredýär? – Kitap okamany! – Ýene nämäni öwredýär? – Şahyrçylygy. Okuwçylar gülüşdiler. – Dogry, bäşlik. Ýene nämäni? – Adamkärçiligi öwredýär! – diýip onuň özi söze başlady. – Edebiýat adamda ynsabyň, adamkärçiligiň, ynsap gözelliklerini kemala getirýär we bu häsiýetleri çuňlaşdyrýar. Adam edebiýaty okap, päklenýär. Biz Magtymgulynyň goşgularyny okap, öňküden akyllanan ýaly bolýarys ahyryn. Magtymgulynyň goşgulararam – edebiýat. – Ejem-ä aglaýar! – diýip yzda oturan oglan parta garap aýtdy. – Ana, gördüňizmi? Edebiýat ynsanyň kalbynyň iň näzik damarlaryna täsir edýär. Ony agladýar. Begendirýär. Onuň kalbyndan gahar-gazaby ýok edýär. Şonuň üçin Lew Tolstoýyň «Hyýar» diýen kiçijik hekaýasyny okanymyzda, kişiniň eken zadyna el gatmaly däldigine düşünýäris. Ýa-da Ata Gowşudowyň «Dordepel» hekaýasyny okanymyzda türkmen atlaryna uly azaplar siňdirip ýetişdiren adamlara buýsanýarys... ...Mergen Anna mugallymyň edebiýatçy hökmündäki örüsiniň çäklidigine düşündi. Şonda-da ol Anna mugallymyň özündenem, edebiýat sapagyndanam razy boldy. «Bu mugallym edebiýaty kemterräk bilýär diýseň, beýleki köp mugallym klasy saklap bilenog-a. Ýeri, olara näme diýjek. Ýokarky aýal mugallymlar bilen Anna mugallymyň sapagynyň arasynda ýer bilen gök ýaly tapawut bar ahyryn. Näme diýseňem, mekdeplerde aýal mugallymlary birneme azaltjak bolmaly. Ýogsa, nesiller ownaýar, nesiller...» Mergen bu pikirini has çuňaldyp başlady «Çaga öýde diňe ejesini görse, onuň hyzmatynda, terbiýesinde bolsa, Bakjada olary aýal-gyzlar öz diýenine salyp, edep-terbiýe berse, mekdepde olary başlangyç klaslarda aýal-gyzlar okatsa, ýaşlykdan şolar gözleriniň oduny alsa, ýigit çykansoňlar ýene şol aýal-gyzlaryň büdi-büdisi bilen aňy ýugrulsa, onda gyzlarymyz däl, oglanlarymyz hem aýal tipli bolup ýetişmeli. Biziň döwrümize bolsa, öz sözi, öz batyrgaý pikiri bolan mert, sagdyn, garadan gaýtmaz erkek adamlar gerek. Onsuzam Ýeriň ýüzünde aýal, aýal häsiýetli erkek adamlar juda agdyklyk edýär-ä... Mergen mekdebe ýetýänçä, şu oýlardan açylmady. Ahyry mekdebiň howlusyna gireninde «Biz mekdeplerde erkek mugallymlaryň sanyny köpeltmeli» diýip, pyşyrdady. Häzir mekdebiň howlusy gum-guklukdy. Ýöne klaslarda ertirki okuwyň, ýagny pes klaslaryň okuwynyň gidýändigi bellidi. Ol her penjiräniň deňinden geçende dürli aýal seslerini eşitdi. Aýal sesi näme diýseňem, ýakymlydy, ýöne onam edil derman ýaly, ulanmaly» – diýip, Mergen öňki oýuna gaýdyp geldi. Mergen «Tigirimi, bolmasa. Ýaşulynyň ýanynda goýaýyn» diýip, ýaşylynyň oturýan jaýyna bardy. Gapy gulplydy. Mergen tigirini mekdebiň işiginde goýdy-da, öz klasyna bardy. Şol wagt Ejeş mugallym ýylgyryp geldi. – Ataýew, sen näme, bize aýtman, zat etmän, gaty gowy makala çykarypsyň. Özem «Sowet Türkmenistany» gazetinde! Iki makalaňam ýaman gowy ýazypsyň-a. Mergen geň galdy: – Iki makala!? Ejeş mugallym: – Hawa, iki makala! – diýip, dabaraly aýtdy. – Sowet Türkmenistany gazetinde-de. «Mydam taýýar» gazetinde-de. «Mydam taýýar» gazetinde okuwçylar bilen interwýuňyz bar. Näme, az görýäňmi?! – Çyksa bolýar-la, men çykarmazlarnyka diýip alada edipdim. Ejeş mugallym güldi. – Onda seni ilkinji bolup, men gutlandyryn. Ýadyňdan çykarmagyn bormy! Mergen ýylgyryp baş atdy. – Sag boluň, ýoldaş mugallym. – Ol direktoryň ýüzüne seretdi. – Tigirimi nätsemkäm? Ejeş Kürräýewanyň ýüzi üýtgedi. – Rejep aga-da ýaraman öýünde ýatyr. Ýogsa şoňa seret diýip, ýanynda goýsaňam bolardy. Men öz okuwçylarymdan gorkýan, Mergen. Sen maňa dogry düşün. Bu heleý-ä bilmän, zat etmän bir zat aýdyp goýberýär – diýme. – Bu okuwçylar erbed-ä. – Ejeş mugallymyň ýüzi birden ýagtyldy. – Bolmasa, entege çenli şujagaz ýerde goýaý. Her wagt çykar sereder durarsyň-da... Mergen baş atdy. Jaň kakyldy. Ertirine okaýanlar üçünji sagatdan çykdylar. Aňyrdaky uly klaslaryň ysy gelip, Mergeniň klasyna-da kürsäp urdy. Mergen kän mekdebe baryp, kän klasa girip görüpdi. Ol şol baran mekdepleriniň klaslarynyň ählisiniň ysynyň birdigine haýran galdy. «Megerem, dünýädäki ähli mekdepleriň biçüwiniň bir boluşy ýaly, olaryň ysam birdir» – diýip ýaş mugallym oýlandy. Mergen klasynyň işiginiň agzynda durup, aňyrdan gelýän şol ysy demine çekdi. Çaga deriniň, derlän jorabyň, aýakgabyň, içine sogany köpräk goşulyp,çigit ýagyna bişirilen gutabyň ysy häzir Mergen üçin jana ýakymlydy. Mergeniň klasynyň hekiň, reňkiň, asitonyň täzeje, güýçli ysy bolsa aňyrdan gelýän ysy kabul etmän, öz süňňüne siňdirip otyrdy. Mergen girmäge jaň bolan badyna daş çykyp, tigirini klasyň işiginiň gapdaljygyna goýdy. Ol tigiriniň ýelini barlady. Soň klasyny ýapyp, mugallymlar otagyna bardy. Ol ýerde Çaçy mugallym ýüzüni sallap otyrdy. Illi Amanowiç oňa bir zatlar düşündirýärdi. Bar, indi ýeriňe. Okuwçylar mekdebi göçürdi. Emma Çaçy mugallym hümür-sümür eden bolup, eglenenini gowy gördi. – Bar, bar. Näme, indi sapagyňam men okadaýynmy? Mergen mugallymlar otagynyň diwarlaryny synlady. Törde raspisaniýe asylgydy. Onuň gapdalynda içi kitapdan, depderden doly iki şkaf dur. Ortada iki sany uzyn stol biri-birine degşirilip goýulypdyr. Törde bolsa direktoryň okuw-işleri boýunça orunbasary Illi Amanowiçiň stoly, ullakan kreslosy dur. Gyradaky stoljygyň üstünde elektrik çäýnegi, içbe-iç salnyp goýlan käseler, içi gury, atymlyk çaýly banka dur. Beýleki burçda duran bedrede arassa suw bardy. Mergen bu otagyň hem öň gören telim mugallymlar otagyna meňzeş ekenligini gördi. Mergen ýylgyrdy. Ol diňe şu ýylyň özünde baryp gören mekdepleriniň içiniň, daşynyň, ruhunyň, olardan ýüzüňe urýan demiň, ysyň, sesleriň juda, juda meňzeşligine haýran galyp ýylgyrdy. «Mekdep däbi, ruhy, demi, ysy hemmesiniňki bir bolsa, aýry-başga şu ýerde bu mekdebe näme täzeçillik girizip boljakka!» Bu mekdepleriň ähli düzgünini ornaşdyran XVI asyrda ýaşap geçen polýak pedogogy Ýan Kamenskiý ahyryn. Krupskaýa, Makarenko, Suhomlinskiý her bir okuwçynyň ertir ýetişip, partiýanyň syýasatyny ündeýän adam bolmagy baradaky taglymaty öňe sürüpdirler. Indi men näme edip bilerin?! Onda men mugallym hökmünde näme etmeli? Ýa-da men gadymdan bäri aýdylma kemi galmadyk, indi tutuş dört asyr bäri lenç edilen şol demir galypdan çykman gezibermelimi? Mergen galypynyň şeýle bir berkäp gidip, indi jemgyýetiň mekdebe, mekdebiň bolsa jemgyýete täsiriniň ýetmän gelmeginiň syrna şu ýerde çala göz ýetirjek boldy. «Mekdep jemgyýetiň däl-de, diňe özüniň kanunlary bilen ýaşap gelip, diňe şoňa boýun bolýan eken. Aslynda, hut başlangyç klaslardan başlap, jemgyýetiň kanunlaryny her bir okuwça düşündirip, aradaky bir wagtlar üzülip giden beýik sazlaşygy dikeltmeli! Näme üçin orta mekdebi tamamlan okuwçy özbaşdak pikirlenip bilmeýär?! Näme üçin islendik okuwçy islendik adamyň ýanynda öz pikirini, maksadyny, näme üçin şeýle maksady tutandygyny düşündirip bilmeýär? Näme üçin orta mekdebi gutaran okuwçy öz durmuşyny dolandyrmaga taýýar däl! Iň esasam orta mekdebi tamamlan okuwçy näme üçin islendik okuw jaýyna özbaşdak girmäge taýýar däl. Iň soňkusy! Näme üçin orta mekdepleriň mugallymlarynyň jemgyýetde mertebesi pes!? Mäme üçin? Mergen Mugallymlar otagyndan çykyp, öz klasyna barýança, kalbynda duýdansyz dörän bu hyrawa sowallar barada üýtgeşik pikir ýöretdi. Ahyrynda-da, ýaşap geçen beýik pedagoglaryň mekdebi aýry, jemgyýeti aýry, mugallymy aýry, okuwçyny aýry, okuw ulgamyny aýty göz öňüne getiren bolmagy mümkindir» diýen netijä geldi. «Biz tutuş halk bolup, tutuş jemgyýet bolup, millet bolup, mugallymyň mertebesini belende galdyrmaly! Eger mugallymyň mertebesi belent bolmasa,onda okuwam, okuwçam, olaryň jemgyýet, mekdep bilen sazlaşygam bolmaz. Bu ugurda çekilen ähli azap reýgan bolar». Mergen aýallaryň mekdebe süri-süri bolup, mugallym bolup gelmeginiň sebäbi barada oýlananda-da, oňa özüçe kesgin jogap berdi. «Aýallar näme üçin mekdebe süri-süri mugallym bolup gelmesin: Mekdep, klas, okuwçy olaryň güýçleriniň ýeten ýeri. – Mekdepde talap gaty pes. – Mekdepleriň köpüsiniň direktory aýal! – Aýal direktor olara düşünýär. –Aýal mugallymlaryň köpüsiniň çagasy ýanynda. Olar öýüň, içeriniň, durmuşyň düzgünini mekdepdäki sagadyna görä düzüp bilýär. – Aýal mugallymlar mekdebiň, okuwçynyň gohuna çydap bilýär. – Olary okuwçylaryň beýik şahsyýet bolmagy däl-de, ilkinji nobatda aljak aýlygy gyzyklandyrýar. – Häzirki zaman mekdebi aýal erkinliginiň gorhanasy. – Aýallar mekdepde özleriniň hak-hukuklary üçin göreşip, dünýäniň, raýonyň, obanyň, bilim ulgamynyň we beýleki islendik ugruň gybat-habarlaryny ilkinji bolup eşidip bilýärler. – Mekdep aýallar üçin geýinmek, özüňe hyzmat etmek, beýlekileriň tejribesinden peýdalanmagyň mekdebi bolup galdy. – Iň esasy zat, aýallar «mekdep çydar ýaly däl derejede dowzah» diýip, islendik erkek mugallymy ynandyrmagyň beýik ussadyna öwrülip galdylar...» Mergen ýylgyrdy. Onuň häzir içinden edip oturan pikirini şu ýerdäki aýal mugallymlaryň, hiç bolmanynda ýekejesi eşidäýsedi. Onda Mergeniň gara bagtynyň ýatjakdygyna ýylgyrdy. «Mekdepde sözüňe, eliňe, gözüňe, diliňe juda seresap bolmaly.» – diýip, ol ýandepderçesine ýazdy. Ol bu gün başlangyç klaslaryň okuwynyň tamamlanandygyna düşündi. Ol işige ýöneldi. Ýygnanyşyk jaňy haçan boljakka! Ol üýşmeleňleriň esasan, irden sagat sekiz otuzda bolýandygyny bilýärdi. Bu raýonda bu çäräniň näme üçin öýläne geçirilýänine ol düşünmedi. Mergen klasynda-da ynjalyk tapman, ýene «Mugallymlar otagyna» bardy. Ol ýerde Çaçy mugallym direktoryň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Dessegül mugallym bilen gygyryşyp durdy. – Bar, bar aýt. Seniň direktoryňdan gorkup oturan adam ýok. Men düzgünden çykamok. – Men «Sen düzgünden çykýaň» diýemok. «Klasyň ne beýle goh-la» diýýän. diýip, Dessegül mugallym janykdy. – Klasyňda okuw wagty uruşýan kim, gezip ýören kim, dik duran ýerinde çörek iýip ýören kim. Sen gaty görme, men saňa dogrusyny aýdaýyn, sen klasy saklap bileňo-ga, mugallym. Çaçy mugallym gözlerini agdardy-da, «Hä-ää» diýip, bir düýrükdi. Onuň jallyk dodaklary göm-gök boldy. – Senmi, «klasy saklap bileňok» diýen bolup, maňa jiçjerilýän. Özüň saklap bileňok, klasy. Onuň, munuň syrtyny ýalap, orunbasar bolan bolup, sendenem bir orunbasar bolarmy. Sen düzügli heleý bolsaň, gyzyňy oňarardyň. Sen klasyňam saklap bileňok, maşgalaňam. Özüňem ýurt küntüsi, sen. Eger ýene ýekeje kep aýtsaň, seniň ýurt jelepligiňi tutuş mekdebe peçan edip, şu yklymda işlemez ýaly ederin. – diýip, agzyny köpürjikledip, şerhaýa ses bilen gygyrdy. – Sen maňa «Klasy saklap bileňok» diýen bolup, oňa-muňa gep gatnadyp, meniň ýarym ölçegimi aldyrdyň. Hana, ýene bir ölçegimi al-da, bar ber haýsy oýnaşyňa berseň. Ýöne, Hudaý bardyr! Siz ýetim çagalarymy horlaryn diýýeňiz. Olary Hudaý horlamasyn! Ýöne, sen gelip, maňa şaňkyldama. Bu sözlere Dessegül mugallymyň gözleri peträp gitdi. – Näme, men haçan küntüçilik edipdirin, mende näme, oýnaş barmy? Sen şeýle sözleri diliňe alýan bolsaň, sen mugallym-a däl, asyl, adamam dälsiň... Ýaş oglan beýleki barmy, bu ýer mekdepmi, köçemi, bileňog-a. Sen däli, aýtjak sözüňi bilmeseň, saňa sag diýip bolmaz.. Çaçy mugallymyň demi peselmese-de, sesi birneme peselipdi. – Onuň ýaly kepiňi, bar, garny doýup, gözi gyzaranlaryňa aýt. Meniň derdim özüme ýetik, gep-gybat etmäge ýagdaýym ýok. Mergen ara goşuldy. – Desse mugallym, ýygnanyşyk sagat näçede bolar. Desse mugallym ýerine geçip oturdy. – Häzir, bilim bölüminden, raýkomdan adamlar gelse, başlabermeli. Mugallymlar, okuwçylar, ata-eneler gelip başladylar. Mergen mekdebiň howlusyna çykdy. Okuwçylar topbak, topbak boluşyp durdy. Mugallymlar mekdebiň, baglaryň kölegesine üýşüpdirler. Mergen olara bakan ýöredi. – Salam, mugallymlar, Täze okuw ýylyňyz gutly bolsun. Onuň salamyny alan bolmady. Şonda-da Mergen olaryň gapdalyna baryp durdy. – Sizem şu ýyl işe geldiňizmi? – diýip, gyrmyzy gülli ponbarh köýnekli ýaş gyz Mergeniň ýanyna gelip sorady. Ol gyz töweregine garap, Mergeniň jogabyna garaşdy. – Ýaňy geldim! – Çärjewi gutardyňmy? Mergeniň bu gyzyň özüniň sadalygyny, üst-başynyň ýönekeýligini görüp, şeýle sowaly berenine düşündi. Sebäbi Aşgabady, uniwersiteti tamamlanlar başdan – aýak täzeje, petli eşikleri geýýärdiler. Şonda-da ol per bermedi. – Men uniwersiteti gutardym. Ol gyz juda bilesigeliji eken. – Taryhymy – diýip sorady. Mergen «Dil-edebiýat fakultetini» diýenden soň, ol gyz başyny göwünsiz atdy-da, mugallymlaryň arasyna siňip gitdi. Mugallymlar, okuwçylar üýşdüler. Garaşylýan adamlar hem geldi. Dessegül mugallym okuwçylary, mugallymlary mekdebiň öňüne çagyrdy. – Hatara duruň! Mugallymlar her kim öz ýolbaşçylyk edýän klasyňyzyň ýanyna gelip, olara serediň. Çalt boluň, hatara duruň!.. Çaçy mugallym gapdaldan köpçülige eşitdirip: – Ýygnak geçirmäni oňaranok, ýene terbiýeçilik orunbasar bolan bolup ýör – diýdi. Igençli gepledi. Ahyry mekdep direktory orta çykdy. – Hany, başlangyç! – Ol boş elini gaýradan ileri uzatdy. – Şeýle duruň. – Ol elini gündogardan günbatara uzatdy. – Ýokary klaslar, siz şeýle duruň! – diýip, ýene elini günbatardan gündogara uzatdy. – Ara boş bolsun, hany, boluň, gymyldaň.. | |
|
√ Ojak - 1-nji kitap -9: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -29: romanyň dowamy - 12.12.2024 |
√ Dirilik suwy -19: romanyň dowamy - 20.05.2024 |
√ Hakyň didary -2/ romanyň dowamy - 28.02.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -15: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Duman daganda: Agyr hassalyklaryň biri - wezipeparazlykdyr - 22.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -22: romanyň dowamy - 08.11.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -9: romanyň dowamy - 05.06.2024 |
√ Janserek -7: romanyñ dowamy - 03.04.2024 |
√ Duman daganda: Buzlar jaýrylyp başlaýar - 21.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |