13:52 Köne mülk -6: romanyň dowamy | |
13. Mergen jaýynyň üstüni suwady-da, suwag gurap-guramanka şiferini kakmaga girişdi. Soň şifiri bolşuna göräräk kakansoň, jaýyň işigini, penjirelerini oturtdy, otagyň içine pol urdy. Reňk çaldy. Indi diňe aýna oturdaýmasy galdy. Çukuryň hem gündogar burçunda bir topbak ders üýşüp durdy. «Ojagazam, nesip bolsa, bir gijede alyp ýataryn» Mergen ýeke-de bolsa janyna dözdi. Ýaş ýigit uniwersitetde okaýan mahaly iki ýyllap tomus kanikuly döwründe gurluşyk toparyna goşulyp işlän döwürleri gaty uly mekdep geçendigine indi düşünip galdy. Ylaýta-da, birinji kursuň ahyrynda olar Tejende täze açylan sowhozyň jaýlaryny gurmaga gatnaşypdylar. Şonda Mergen kerpiç örmänem, burç çykarmanam, işik, penjire goýmanam, şiferlemegen, suwag etmegiň ähli usullarynam reňk çalmagam gaty gowy öwrenen eken. Elbetde, ol bu işler öz jaýy üçin gerek bolar diýip asla pikirem etmändi. Olary ýalazy meýdanda ýaşaýan, goş-golamlary açyk meýdanda pytrap ýatan hojalyklar gyssaýardylar. Şonuň üçin Mergen dagy gijesi-gündizi işleýärdiler. Bir sapar Mergeniň bir özi bir jaýyň şiferini kakmaly bolupdy. Suwag, reňk, pol urmak bolsa onuň çep elinden geler ýaly günler bolupdy. Olaryň bar aladasy şol işlerden çaltyrak dynyp, şirin eşretden doly studentlik günlerine dolanmakdy. Olar şoňa yhlas edip işleýärdiler. Asyl, görse, «käri öwrenip, ýigrenmesi» bu günki kyn günlerinde-de alyndan Hydyr ata bolup çykdy-da, ýaş ýigidi ýalkady. Ol bu işleri kärendesine bitirýän adamlara beren bolsa, azyndan müň manady çykmalydy. Onuň üstesine-de, olaryň gepini çeke-çeke, hyzmatynam etmeli bolardy. Müň manady gazanmak üçin, mekdepde, azyndan bir ýyllap deriňi döküp işlemelidi. Mergen agşamara ýoluň gyrasynda durup, jaýyny synlady. Onuň gözüne öz guran jaýy edil bir şalaryň köşgi ýaly bolup göründi. Bir maşyn onuň ýanynda saklanjak boldy. Emma Mergen öwrülýänçä, olam budur gitdi. Mergen maşyn gidensoň ruluň başynda oturany Şanazardyr diýip güman etdi. «Şodur!» Mergen ýalňyşmandy. Ol hakykatdan hem Şanazardy. Maşynyň içinde Oguljan bilen Tuwagam otyrdy. – Onuň-how, aňkasy aşypdyr – diýenleri hakyt çyn bolup çykdy. Uly ýoluň üstünde ters alýlanyp dur-laý! – diýip, Şanazar bagtyýar güldi. – Ol görgülini ýylanmy, içýanmy, bir zatlar-a çakanmyşyn. Okuwdan geleni bäri öýündenem çykyp bilenokmyş. – diýip, bilim bölüminden Juma gelip aýtdy. Işe-de çykanokmyş. Müdiriňem gaty gahary gelýärmişin. Şanazar heziller edip güldi. – Ony beýdip, ýola çykyp ýörşüne maşynam bir kaksyn, onsoň-a tüýs bolaýjak eken... Oguljan ilki sesini çykarmasa-da, soň: – Şanazar – diýdi. – Hudaý uran garyp pahyr bilen näme işiň bar? – diýdi. Ol bize degenog-a. Şanazaryň käse ýaly owadan gözleri ýandy. – Eý, komsomolka, raýkoma akyl berme. Hany, bize degibem bir görsün. Sümükli burnuny goparaýyn. Tuwak doganynyň gepine güldi. – Görgülini indi mekdebe-de almajak bolýan bolsalar. Nahalçylyk sowhozyna işç-ä gerek diýýeller. – Mugallymçylyk! Ol beýik mugallymçylyk! Şanazar özüniň iň bagtly günlerini başyndan geçirýärdi. Ony partiýanyň raýon komitetiniň agitasiýa, propaganda bölümine işe alansoňlar, ýaş ýigit indi öz öňünde ýykylmajak bendiň ýokdugyna düýpli düşünipdi. Ol etirden agşama çenli bölümde oturýardy. Bölümiň işgärleriniň ýumşyny bitirýärdi. Öz maşyny bilen işgärleri barmaly, gelmeli ýerlerine äkidip, getirýärdi. Ol basym, sentýabryň birinden poçtada abzallaşdyrylýan raýon radio gepleşigiň işini alyp barmalydy. Şol gepleşigiň habaryny taýýarlap, hepdede iki sapar on bäş minutdan çykyş etmelidi. Eger habaryny özi okasa, onuň üçinem elli manat pul beriljekdi. Eger özi ýaltansa, onam Oguljana okadyp biljekdi. Oguljanyňam, gökdäki dilegi ýerde elinje gowuşypdy. Olam raýonyň ýaşlar guramasynda kadrlar bölümi bolup işe başlapdy. Işi kyn däldi. Eger ýerlere, hojalyklardaky, mekdepdir beýleki guramalardaky ilkinji komsomol guramalaryna barmaly bolsa, ýa Tuwak, ýa Şanazar onuň aýagyny ýere basdyrman äkidip, getirýärdiler. Oguljan üçin ýene bir şatlykly pursat başlanypdy. Onuň çaga ugry ýene ugrugyp başlapdy. Ýaş gelin häzir uçaýsam diýýärdi. Ol Şanazardanam, oňa duçar eden Alladanam müňde-bir razydy. Ýaş gelin gijelerine ukudan oýanan pursatlary özüni Mergenden sowup, Şanazara baglan Alladan bu bagtyny goramagyny dileý-dileý uka gidýärdi. Beghan aga ogluna ýene-de ilde, ummatda görülmedik gowy maşyn alyp berdi. Düýn bolsa: «Men-ä şäherden bir gowy howlyny görüp gaýdandyryn» diýip, ogluny, gelnini begendirdi. Ýöne Şanazara içgililigindenmi, ýa-da ata öýünden aýrylyşyp gidibermek ýakmadymy, ýa-da, halys aýnan bolup aýtdymy, «Aý, däde jan, howlukmaly däl ekeniň» diýdi. Ýöne yzyny aýtmady. Şanazar häzirki işini kän bir äsgerip baranokdy. Bölümde oňa diňe iş buýurýardylar. Ol işler, ylaýta-da ýazuw-pozuw işleri ýigidiň aýbyny açýardy. Sebäbi Şanazar aslynda-da ýazuw-pozuwdan kän bir aňrybaşam däldi. Ýöne welin gepläp almaly bolsa, bir zat etjekdi. Ol: «Maňa iliň pohuny artyp, ýazyp-pozup oturmak däl-de, buýurunjyrap ýolbaşçylyk edilýän iş gerek. Men näme bu oturan kirli kişileriň hapasyny atyp, samsykmy?! Dädem bilen gepleşmeli. Goý, öýüni satsyn, maşynyny satsyn, men bilemok, memi Merkezi komitete işe ýerleşer ýaly etsin.» Şanazar Aşgabada barsa, hor bolmajagyny bilýärdi. Onuň owadan, nurana keşbi, özüne gerek adamlaryň ýanynda ulugyz ýaly saldamly, salykatly, söhbetdeşlikde wezipeli adamlaryň ýakaryny gepläp, olaryň ynamyna girmegi başarýandygy, şahsy wepalalygy göreni oňa bendi edip biljekdi. Onuň Moskwa, ýokary partiýa mekdebine, ýa-da Jemgyýetçilik ylymlar akademiýasyna okuwa gidesi gelýärdi. Emma kakasynyň raýon merkezinden howly satyn aljak diýmesi, ony büdräp ýykylan ýaly etdi. – Dädemem-aý, «howly satyn aljak» diýen bolup, näme, puluny sowmaga ýer tapmaýarmyka?! Eger bizi öýüne sygdyryp bilmeýän bolsa, birinjiniň ýanyna baryp, özüm «Gaýynsyz obadan» iki otagly beton jaý soraýaryn. Tuwak doganynyň bolşuna geň galdy. – Degme, howly alsa alsyn. Sen diňe özüň barada pikir etme, Şanazar, doganlaňam bar-a. – Olara oba-da bokurdakdan bes. – diýip, Şanazar içiniň awusyny daşyna pürkdi. – Olara dogan diýen bolup, olaryň bary bir köýnek poh. Oba-da köp şolara. Tuwak onuň sözüne titredi, – Oba indi gutardy, doganjygym. Oba indi seniň iýjek pomidoryňa çenli Aşgabadyň bazarlaryndan satyn alyp getirýär. Sen, men – ikimiz öz doganlarymyzy çüýreýän, weýran bolýan oba belasyndan alyp çykyp, halas etmeli. Şanazar Ýoluň gapdalynda baýryň tutuş ýüzünde seçelenip ýatan mazarlara gorky bilen seretdi-de: – Men hiç zadyňy bilemok. Men bu pohly obaňda-da, raýonyňda-da däl, Aşgabatda ýaşajak. Tuwak hezil edip güldi. – Bizem seniň ýanyňa Aşgabada göçeris. Indi dädem gutardy. Indi sen başlandyň, doganjyk, sen şony ýadyňdan çykarma. Doganlaryňa eýelik et!.. Şanazar Aý ýaly ýüzüni sallady. – Men munça okap, munça adam bolup, seniň birtopar özüni oňarmadyk lakaşyňy boýnuma götererinmi?! Sen bar-a, bar özüň eýelik ediber... Tuwak Oguljanyň ýüzüne hilelije seretdi. – Sen düşün, dogan, dädemiň pul çykarýan stanogy ýok. Olam bendäniň bendes-ä. Kolhozyň skladyny elinden alsaň, olam seniň kursdaşyň Merden ýergemren ýaly mekdebe geýmäge köýnegem tapmaz. Dädeme adam ogluna «Ýüzüň üstünde burnuň bar» diýdirmän ýöreniň mendigimi ýadyňdan çykarma. Birinjä hažžyk-hužžyk eden bolýan, ikinjä ýyly ýüz beren bolýan, Halk kontrollygynyň başlygyny elimde saklaýan, Ahyr, nätjek biriň şeýtmeli, günüňi görmeli-dä. Şanazar öz maşgalalarynyň mertebesine agyr zarba urýan bu gürrüňi Oguljanyň eşitmegini islemedi. Ol doganyna gözüni alartdy. – Sen bujagaz hileleriňi Oguljana bir öwredäýme, how. Tuwak gülümjiredi. – Eýýäm «Şanazaram gaty owadan welin, gelni ondanam owadan eken» diýişip başladylar. Gowy, baý ýaşajak bolsaň «Döwletli bihar gerek» diýenlerinem edibermeli, dogan. Bu gepiň kimi, nämäni göz öňünde tutýanyna akyl ýetirjek bolýan ýigit: – Ana, gördüňmi? – diýdi. Oguljam Şanazaryň maşynyny bir ýerlere urduraryndan gorkdy. – Ýoluňa seretsen-e, Şanazar. Sen gaty arkaýyn bol. Şondan soň tä edara baýançalar Şanazaryň demi çykmady. 14. Mergen ýoluň gyrasynda ep-esli dursa-da, elinräk ulag gelmedi. Awtobusyň gelerine ýarym sagada golaý wagt bolany üçin, ol pyýadalamagy ýüregine düwdi. Indi Mergeniň bar derdi şol çukurdy, onuňam sähelçejik ýeri galypdy. «Okuw başlanmaga ýene üç gün bar! Men şoňa çenli çukurdan çykmaly! Täze otagyma düşek, gowy kitap polkasyny, uly stol, kreslo, stol çyrasyny satyn almaly. Indi ýazuw-pozuwyma gaty çynlakaý başlamagym gerek...» Ol kellesinde oýlap ýören pikirleriniň bir gyrasynda daýandy. «Sumbarda okuwyň başlanyşy barada» «Mugallymlar gazetine», «Edebiýat we sungata». «Ýaş kommuniste» habar ýazmaly...» Ol indi ýazjak makalalaryna sözbaşy gözledi. «Sumbara bilbiller gaýdyp geldi» ýa-da «Sumbarda ýaňlanan aýdym». Ol bu pikirlerini kellesinde ýagşy ýugurdy. «Wagt gaty az. Şonuň üçin goşgy ýaly akgynly, joşgunly, pähimli makalalary ýazmaly. Süýjüje bolmaly! Özem, gaty uly bolmaly däl. Ertiriň özünde, ir bilen iki makalany gyssagly, buýurma» edip ibermeli! Şu gün mekdepli gürrüňem çürt-kesik çözmeli! Eýsem haçana çenli alasarmyk ýagdaýda gezmeli bolar. Ol içeri işler bölümine edil, diýlen wagty bardy. Ony şol maňlaýy sakar moýor Guzuçyýew kabul etdi. Ol adam juda howlukmaçdy. – Geldiňmi, Ataýew! – Salam, ýoldaş maýor! Bäşim Guzuçyýewiç! Maýor onuň öňüne bir tagta kagyz süýşürdi. – Me al, ýaz!.. – Näme ýazmaly? – diýip, Mergen boýnuny burup, onuň ýüzüne seretdi. Maýor närazylyk bilen başyny ýaýkady. – Indi sen uniwersiteti tamamlap. Saňa arza ýazmanam men öwretmelimi? – Nämäniň arzasy – diýýän men? Maýor ýüzüni eýmenç görnüşe getirdi. – Ataýew Mergeniň Garrygala raýon içeri işler bölümne uçastok inspektory bolup işe alynmagyny sorap ýazylan arza bolar-da. Bu ýerde näme düşnüksizlik bar! Mergen ýerinden turdy. – Ýok, düşünmedim. Men mekdep mugallymy! Uçastok inspektoram däl, beýlekem, bolmagam islämok, ýoldaş maýor. Mergen gapa tarap ýöneldi. Yzynda moýoryň sesi zarply çykdy. – Saklan! – Maýor Guzuçyýew iki bökende işigiň agzyna ýetip, Mergeniň ýeňinden çekip, ony töre, özüniň oturan ýeriniň garşysyna getirdi. – Sen, kürre, diňle! Sen häzir ýedi gapyda ýer tapman ýören ýetim oglan, düşündi. Men saňa ýagşylyk etjek bolýan. Hut birinjiniň özünden ýalbaryp, sorap aldym, seni. Seniň üstüňde bilim bölümi bilen sögüşdim, Maral Meňliýewa bilen sögüşdiňmi. Komsomoly öýkeletdim. Indem, sen maňa näz eden bolma. Düşündi. Mergeni bu sözler bilen-ä däl, edil oka tutsaňam niýetinden gaýtaryp boljak däldi. Ol gaharyna bäs gelip bilmän gepledi. – Sen, kim bolaňda-da maňa «ýedi gapyda ýer tapmadyk» diýen bolup, agzyňy sala goýberme. Men senden iş soramaok. Şu bolşuň üçinem degişli ýerinde jogap bermeli bolarsyň. – Men näme, men saňa ýagşylyk etjek bolýan. Islemeseň, hana, işik! Bar, gidiber! Mergen Guzuçyýewiň ýanyndan çykyp, şol gyzgyn demi bilen bilim bölümine bardy. Bölüm müdiri henizem gelmän eken. – Ahmedow, başlyk gelenokmy? – diýip, Mergen maşynynyň töwereginde eli ýagly letde bilen köwejekläp ýören ýigitden sorady. Ahmedowyň gözleri edil hüwiňki ýaly tegelendi. Mergen bu kiçijik müçeli adamda beýle ullakan göz bardyr diýip pikirem edenokdy. – Bir zat bolandyr, henizem gelenok, Ýöne men aýtdy diýme. Sen bu gün Begjan mugallymyň ýanyna barmaly bolarsyň. Indi bize şol başlyk. Ýöne men aýtdy diýme. Mergen ur-tut Begjan mugallymyň kabinetine bardy. Ol iki sany aýal mugallym bilen gaharlanyşyp otyrdy. Ol Mergeni görüp, oňa eýemsiräp gepledi. – Sen-ow, hany, gel bäri! Mergen Begjan mugallymyň golaýyna bardy. Ýaşuly ony aýallara görkezdi. – Ine uniwersiteti gutaryp gelen ýaş hünärmen. Hakyna seretseň, biz oňa doly on sekiz sagat iş ölçegini beräýmeli. Emma zordan dokuz sagat tapdyk. Siz bolsa, şonuňam sagadyna dawa edýäňiz. Galanynam, ertir başlygyň özi geler, onuň bilen çözlüşersiňiz. Aýallaryň ýüzi ýakymsyzy aglady. – Özüňiziň garyndaş-doganlaryňyzyň ählijesi bir ýarym ölçeg aldy. Maňa gezek gelende şeýle bolmalymy? Siz meni hossarsyz, arkasyz görüp şeýdýäňiz. Äri türmede, onuň halyny sorajagy ýok diýýeňiz. Men sizi ýola getirjek adam taparyn. Aýallar gykylyk turuzyp, her dürli gep-gürrüňiň başyna ýetip, ala gykylyk bolup çykyp gitdiler. Begjan mugallym ýadaw görnüşde ýerinden turup, köçä çykýan açyk penjireleri ýapyşdyrdy. Ol Mergene ýer görkezdi. – Otur. Mergen özüne görkezilen ýere geçdi. – Nätdi, milise bilen çözlüşdiňmi? – Howa-la. – Indi azar berip, işden boşadyň diýip durmazlar-da. – Ýok, durmazlar. – Näme, jenaýat dagy etdiňmi? Mergen ýaşulynyň ýüzüne seretdi. – O nämäniň jenaýaty? Meni zorluk bilen milisiýä işe aljak boldylar. Menem razy bolmadym. – Bary şolmy? – Näme, şol azmy. – Sen näme diýdiň? – Men mugallym boljak – diýdim. Begjan mugallym agras ýylgyrdy. – Şony oňarypsyň. Mergen pursaty tutdy. – Maňa näme üçin sagady belli edenoklar. Näme üçin meniň iş meselämi çözeňizok? Begjan mugallym baş atdy. – Gynansagam, şeýle. Ýoldaş Mergenow seni özüne kömekçi etmek isleýär. Hatyň gowy diýýä, düşünjäň gowy diýýä, arak içeňok diýýär. Sen edepli oglan. Ol seni ulanjak ýörjek. Onuň sen barada ýaýdanýan ýekeje ýeri bar. Sen gep çöplemäni, ýagdaýlary görüp, gören, eşiden zadyňy hut başlygyň isleýşi ýaly edip, oňa ýetirmäni oňaranok. Onuň ýanynda bolsaň, bu ýyl öwrenmeseňem, ony indiki ýyl öwrederler. Ýöne men saňa bir maslahat bereýin. Bilim bölümine gelme. Halys ýalta, ýalançy bolar gidersiň. Mekdebi, klasy, okuwçyny bilmän geçersiň. Men saňa 3-nji mekdepden dokuz sagat edebiýat bereýin. Bu düzgüne dogram gelip duranok. Ýöne, ikinji çärýekden doly sagat taparys. Indem, bar, durma, git. Okadyber. – Mergeniň derisi giňän ýaly boldy. Ýöne okatjak wagty, dokuz sagat gaty azdy. – Mugallym, maňa diňe dokuz sagat bolarmyka? Begjan mugallym oturan ýerinden turup, Mergeniň ýanyna geldi. – Sentýabryň başyndan agşamky mekdep işläp başlajak. Şu wagt ähli kagyzy geldi. Men saňa şondan bir ölçeg alyp bererin. Ýöne mekdepden gitme. Mergen bu gürrüňden razy boldy. Ol bilim bölüminden göni 3-nji mekdebe gitdi. 3-nji mekdepde Ejeş Kürräýewa direktor eken. Ejeş mugallym Mergeni güler ýüz bilen garşylasa-da, gelenine begenmeýändigi ýüzünden-gözünden bildirip durdy. – Üç bäşinji bar, şony edebiýatdan okadarsyň, klas ýolbaşçylygynam bererin – diýip, minnet bilen aýtdy. – Eger okadaryn diýseň, göwreliligi üçin rugsada çykan aýal mugallymyň taryh sapagam bar. – Ýok, men taryh okatmaryn. Ýöne türkmen dili sapagy bolsa, janym bilen. – Ejeş mugallym güldi. – Bizde okatjagyň, okatmajagyň bolmaz. Berseler matematikanam okatmaly bolarsyň. Mergen Ejeş mugallymdan özüne haýsy klasyň berliýändigini sorady. – Sen Çaçy mugallym bilen bir klasda okadarsyň. Ol tomsy bilen 15-nji klasy abadanlaşdyrdy, agartdy, poluny, diwarlaryny reňkledi. Her dürlije stentler asyşdyrdy. Bar, Çaçy mugallymdan okatmaga rugsat al, hemem näme iş galanyny sora, näme işi bolsa. galan işlerini sen etmeli bolarsyň. – Meniň sapaklarym ertirinemi? Ejeş mugallym «şonam bileňokmy?» diýýän ýaly, Mergeniň ýüzüne seretdi-de: – Ýok-la, öýlänine-le. – diýdi. – Birden dörde çenli ertirine, öýlänine bäşden ona çenli. – Onda on üçünji klas-da! Mergen on üçünji klasa bardy. Ol ilki girende aňmasa-da, tutuş mekdepden reňkiň ysynyň gelýändigini duýdy. Bar klasyň işigi açykdy. Şeýle-de bolsa, her klasyň öz ysy bardy. Mergeniň baran 13-nji klasynda ertir irden bilim bölüminde aglaşyp dawa turuzyp oturan iki aýal, üç-dört sany gyz çaý içip otyrdylar. Bu mekdepde erkek mugallym göze ilmeýärdi. – Salam, mugallymlar! – Aýallardan ses çykmady. Mergen klasyň içini synlady. Gaýraky diwara uly tagta kakylypdyr. Partalar iki topara bölünip, tagta bakdyrylyp goýlupdyr. Iki sany uly penjireden gün düşüp dur. Pol goňrumtyl reňk bilen reňklenen bolsa-da, kän bir göze ýakanokdy. Diwalaryň aklanyşy ala kakýardy. Mugallymyň stoly hapady. Stoluň üstünde iki sany bulgur, jürnügi döwük çäýnek. Hemem ýarty çörek durdy. – Senem şu klasda okatmalymy? – diýip, hälki iki aýalyň aglaman durany sorady. – Şeýle diýdiler. Beýleki dawaçylragy gargynjyrap başlady. – Hudaýym, meniň çagalarymyň agzyndan alyp iýen haklary haram bolsun. Hudaý görüp durandyr. Nähilliler edip, myny aklap, reňkläp, polunyň, partasynyň reňkini, hapasyny aýyrjak bolup, dyrnaklarymyň soýulyp gidenini. Indem, niräň gedaý galanam gelip, meniň taýynlanja aşymyň eýesi bolmaly. Hudaý bardyr, ýetimi horlanlar Alladan tapsyn. – Wah, Çaçy jan, gyzyýam, adalat barmy! Hany adalatyň? Bu wagtyň hemmesi berim-peşgeşe ýatd-a. – Niräniň atylan daşy, indi gelip meniň maňlaýyma degmelimi?! Mekdep gytmy, sapak gytmy. Özleri bilgeşleýin ediýeller. Mergen aýallaryň sözüni kesdi. – Çaçy mugallym, gaýrat edip arkalaşaly. Maňa bir açaryňyzy beriň. Bu klasa siz näme çykaran bolsaňyz, men ýaryny bererin. Ýöne biderek dawa gerek däl... Çaçy mugallym ýene gargynyp, aglap samrap başlady. Şol wagt kimdir biri jaňy basdy öýdýän. Tutuş mekdep jaňyň owazyna gark bolup galdy. Mergen mugallymlar gaýdyp başlan batlaryna mekdepden çykdy. Başy ala özbek tahýaly murtlak goja uzyn şlangany suwly krana çatyp, mekdebiň daşyny suwlap ýördi. Ol Mergeni görüp, şlangasyny peliň içine taşlady-da, onuň ýanyna geldi. – Şilimiň barme-eýt? Mergen ýylgyrdy-da başyny ýaýkady. – Nasyň-da ýokmy? – Ýokdur. – Neşäň-de ýokmy? Mergen ýaşuly oýun edýändir öýdüp güldi. – Neşäm-de ýokdur. Ýaşuly gara çyny bilen närazy bolup başyny ýaýkady. – Senem onda ho-olardan ekeniň. –Ýaşuly gaýdyp barýan aýal mugallymlara gap-gara, kirli, gödeksi elini salgady. –Ýekke erkek mugallym keldi diýip begenipdik, o-da ýalan boldy. – Ýaşuly lapykeç baryp peliň içinde ýatan şlangasyny galdyrdy. – Işge keldiňmi? Mugallymçylykmy? Päheý, Sen nime, ten heleý işini saýladyňmy? Erkegräk iş tapylmadymy? Bak, olara, heý ýeke erkek barmy, bary heleý – diýdi. – Okadanlaryň bary heleý bolansoň, bu ilde ähli erkek heleý häsiýetli. Senem, näbileýin-dä? – Ony nämeden diýdiň – diýip, Mergen ýaşulynyň pikirini biljek bolup, onuň ýanyna baryp sorady. – Men nämeden diýdim diýsene, öňki erkek mugallymlar uniwersiteti gutaryp, işe kelgeninde, ýuwardylar. Olar çilimem çekerdiler, na-asam çekerdiler. Indi ýuwma-da ýok, oturyşma-da ýok, gel bäri-de ýok. – Näme, içýäňmi? – Mergen ýaşulynyň ýygyrtdan ýaňa işim-işim bolan maňlaýyna seredip sorady. – Men minä bolsa, içiberýen. Aragam bolsa içiberýen. Samagon-da bolsa içiberýen. Aý, çilim-de bolsa çekiberýen, naas-da bolsa çekiberýen. Oturyşma-da bolsa ýok diýmiýen. Mergen birden: – Ýör! – diýdi. – Nireýe? – Garaganly obasyna. Ýaşuly Mergen oýun edýän bolaýmasyn – diýip, onuň ýüzüne-ýüzüne seretdi. – Karaganly obada näm bar? – Ýuwjak. Seni içirjek. Ýaşuly başyny ýaýkady. – Bolmaýdy, bolmaýdy. Heç dogry gelmeýdi. Men bu gün postda! Onsoňam, bir minäni tarp edi-ip ortaga koýganyň bolmaýdy. – Onda ýuwmak üçin başga saňa näme gerek? Ýaşuly pezzerip galan murtlaryny galdyryp, towlaşdyran boldy. – Ilki bilen minä koýmaly. Soňra jaz-paz etmeli. Mana onsoň bolaýdy. Mergen gepi çynyrgatdy, – Ýöri, gideli, men sen näme et diýseň etjek. – Bolmaýdy, bolmaýdy. Mergen elini silkip, gidiberjek bolanda, ýaşuly onuň salgysyny ýagşy aldy. Mergen mekdebiň howlusyndan çykyp, gapdaldaky dükana girdi. Öý üçin iýer, içer ýaly zatlar aldy. Soň ertir redaksiýa iberjek habaryny bişire-bişire pyýadalap öýüne nädip ýeteninem bilmedi. Duşa girip ýuwunyp çykandan soň, gantlap çaý içdi. Garbandy. Şondan soň galan puluny sanady. Bary-ýogy üç ýüz segsen manady galypdyr. Ol içeri girip, çyrany ýakdy. Ýüň keçäni galdyryp arada alyp goýan çakyrlaryny gördi-de tisginip gitdi. Ýigrimi çüýşeden diňe alty çüýşesi somalyp durdy. Ol arada Berdi daýylaryň saçagynyň üstünde bulaşyp ýatan çüýşeleri tanyşam görüpdi. Emma özüni ary çakansoň, olam ýadyndan çykyp galypdy. Emma bu ýagdaý Mergeni ynjalykdan gaçyrdy. – On sekiz çüýşe çakyr bardy. Häzir bary-ýogy alty çüýşe! Göwnüme bolmasa, puluma-da el degen ýaly. Gapym gulply, içerim ýygnalgy. Bu nireden beýle bolup biler. Mergen öýe özgäniň nireden girip biljegi barada oýlandy. Töweregine göz aýlady. – Gulpy täzeledim. Onuň gözi penjirä düşdi. Penjiräniň içki ildirgiji gopup ýatyrdy. Ol zor görene meňzeýärdi. Mergen ýüregine dowul düşen ýaly bolup, daşary çykdy. Daş-töwerege yz çaldy. Görse, poldan galan gowy tagtalaryň ep-eslisi ýok. Tagtany kimdir biri göterip, Annabike daýzalaryň eýwanyna eltipdir. – Daýza, aý daýza! Annabike daýza nämejikdir bir zatjagaz gäwüşän bolup eýwana çykdy. – Hä, näme?! – Daýza salawmaleýkim. – Ýegen jan, gel, geç, börek bişirip otyryn. Mergen ýüzümi sallady. – Berdi daýy barmy? Annabike daýza Mergeniň ýüzüne jiňkerildi. – Hä, näme, bar. Nahar edinip otyr, giriberd-ä. Mergen içeri girdi. – Daýy, salowmaleýkim! Berdi daýy serhoş däldi. – Çalabek, gurgunmyň. Mergen düşege geçmedi. Ol dik duran ýerinden: – Daýy, ogurlygyňy bes et! – diýdi. Annabike daýza Mergene herreldi. – Ýene näme bolupdyr. Sen, ýegen, geldiňde bizi ogry edip goýawoýdyň. Sen-ä zatly bolduň, bizem bir ogry bolduk. Sen etimizi sile-sile etdiň-le. Aýyt, näme bolanyny. Ejesiniň bu gepinden soň Berdi daýy hem tumşugyny galdyrdy. – Men seniň nämäňi ogurlapdyryn. Mergeniň jany ýandy. Ol öňki-soňky gaharyny orta dökdi. – Daýza, çen «Ýene näme bolupdyr?» diýen bolup, maňa teýeneli gepleme. Meniň okuwdan gelenime ýaňy bir aý boldy. Meniň enem ýok, atam ýok, hossar bolmalym siz. Emma öküz ýaly bolup, seniň ogullaň gelen günümden maňa gün berenoklar. – Näme edipdirler, beýle? – Näme ederler, üç sapar gulpumy döwüp öýüme girdiler. Üç sapar çemodanymy açyp, pulumy aldylar. Bu saňa azmy?! Öýümde näme iýmek-içmegim bolsa göterip gidip durlar. Men aşakdan ýigrimi çüýşe çakyr getirdim. Şondan bary-ýogy alty çüýşe goýupdyrlar. Indi işigime getiren tagtamam çekip başladylar. Men bir ýetim oglan, gazanjym ýok, girdejim ýok, malym, mellegim ýok. Zordan günümi görüp otyryn. Şu oglan şeýle eken diýeňizog-a. Han-a, ýene penjirämiň ildirgijini omur-jomur goparyp, içeri girip, iki ýüz manadymy, dört çüýşe çakyrymy, kolbasamy, gowurdagymy ogurlap gaýdypdyrlar. Men indi näme edeýin. Sen arada Şepi aganyň ogullaryny milisiýä aýt diýýädiň. Seniň öz ogullaryňy milisä aýtsam, aýagyny sallap giderler. – Sen, eý, Çalabek, dakazat et. Biziň alanymyzy. Mergen Berdi daýynyň ýüzüne gaharly seretdi. – Subut etmek nämä gerek. Hana, öýde keçäniň üstünde gumly köwşiň yzy subut edip dur. O jaýdaky Garanyň elindäki çüýşe subut edip dur, eýwandaky tagtalar subut edip dur. Mundan beter saňa merk gerekmi?! – Men seniň şemedanyňdan iki ýüz manat alamok. – Näçe aldyň? – Elli alty manat aldym. Onam karzyna. Bererind-ä, näme ölüp barýaňmy. Mergen jyzyrdady. – On iki çüýşe çakyry ogurladyň. Gowurdagyň hem soňuna sen çykdyň. Annabike daýza ýumrugyny agzyna çenedi. – Aý, Çalabek, bu ýetim oglana bereniňmi, seniň. Nämüçin beýle etdiňiz. Ikiňiziňem perziňiz azypdyr. Hudaýdan gorkuň-a... – Ol ýüzüni sallap gapdalda oturan kiçi ogluna azgyryldy. – Durnoý, sen näme mysapyrsyraýaň. Şu wagt milise çagyrsa nädersizi?! Gözüňizi gazamatda açarlar... Gara ejesine gözlerini alardyp: – Berilerd-ä, näme ölüp barýammy? – diýdi. Mergen gürrüňi jemledi. – Daýza, ogurlyk zatlarymy ýerine goýuň. Bolmasa, men siziň bilen başgaça gürleşerin. Gaýdybam şol içeri aýagyňyz degäýse, aýagyňyzy döwerin, haraplar. Ogullarynyň beýle sypanyna garry begendi. – Ýegen jan, goýarlar, men özüm gürleşerin, sen hiç ýere bir arz beýleki etme. – diýip, ýalum-ýulum edip, ony eýwandan çykaryp goýberdi-de, içeri ýumlukdy. Mergen şondan baryşyna çukura girip, ep-eslije işledi. Ýazjak makalalarynyň sudury taýýar boldy. Ol «Şony kagyza geçireýin» diýip, çukurdan çykyp, duşuň aşagyna girdi. Duşdan çykyp gelşine mekdepdäki başy özbek tahýaly ýaşulynyň duranyny gördi. – Geliň, ýaşuly! Ýaşuly çukury synlap durdy. – Bu näme?! Megen ýylgyrdy. – Bu köne mülkden galan gadym atýatak. Men muny mellek etjek. Ýaşuly günbatar gapdalda öý ýaly-öý ýaly bolup, üýşüp ýatan gum depelerine elini uzatdy. – Olar näme şu çukurdan çykdymy?! – Şu çukurdan çykdy. – Özüň çykardyňmy? Maşalla, maladis! Ýaşuly çukuryň gyrasynda çommalyp oturdy. – Üç pel et-de, kertişge, sarymsak, pyýaz ek. Aralygyna erik ek. – Ol jaý tarapyna elini uzatdy. – Hol ýere üzüm ek! Olar öýe girdiler. Mergen ýaşula hyzmat etdi. Ýaşuly Mergeniň ýagdaýlaryny sorady. Mergen oňa öz ykbalyny gysgajyk gürrüň berdi. – Ýeke özüm. Hiç kimim ýok. Özümem dogabitdi keselbent, gowşak. Şonuň üçin mugallym bolaýmasam, başga käriň başyna baryp bilemok. Ýaşuly saçak başynda akylly-başly gepledi. – Mollumçylyk Allanyň «omyn» diýen işidir. Kim ol işi myradyna ýetirip işlese, ol Allanyň sabynda durgandyr. Amma, myratgyna ýetirip işlemeýseň, günäsi çokdur. Ol iş edep işi, ynsap işi, iman işi! Mollum bolmak üçin özüň edepli bolmaly. Ýaşuly iýip-içip, Mergenden razy bolup turdy. – Men turjak, «Kel» bar, «kit»ýok. – Ýatyp gidiberiň. Ertir bileje gidibereris... Ýaşuly başyny atdy. – Aşkabatda meniň ikki oglum bar – ministr! Heleýleri – koholka. Meni kolhoz görirler. Sen babaý dirler. Barsam «Babaý keldi» diýrler. Olar uly adam bolup kaldy. Men kiçi adam bolup kaldym. Mergen iki çüýşe çakyry ýaşula saljak boldy. Ýaşuly almady. – Özüm içemog-a. Ýaşuly baş atdy. – Dursun. Özüm içeman. Mellege kertişke ek. Sarymsak ek. Peýaz ek. Başka zat ekme. Toihumy özüm ketirip beremen. Sen arkaýyn bol. Ýöne çil çekip, ýeri taýýarlap goýaber. Ol ýola çenli çili nireden nirä, nähili çekmelidigini öwretdi. – Seniň ol köne mülküň binaýy hazyna. Ol saniň ähli nesliňi ekleýe. Ony kaldyrmak kereg. Mergen ýaşulyny ýola salyp, tä gijäniň bir wagtyna çenli kagyza güýmendi. Daňdan sagat jyňňyrdady. Dört bolupdy. Ol hemişeki endigi boýunça çalynyp turdy. Çaý goýdy-da, duşa ylgady. Ýuwunyp gelip, bir käse gantly çaý içip, agşamky ýazan makalalaryny gözden geçirip başlady. Olary timarlady, täzeden göçürdi. Şondan soň, ol kellesine sürülenip gelýän pikir-duýgulary kagyza geçirip ugrady. Büdürämde galdyran, Gamly çagym güldüren, Muhabbetden emdiren, Meniň eziz mekdebim! Mergen bu setirleri okap, özünde bolýan ýagdaýa ynanmady. – Bu goşgy ahyryn! – Ol begençli seslendi-de, bagryny ýassyga berdi-de, ýazyp başlady. Beslenip ak zere sen, Keramata eýe sen, Çyn, mähriban ene sen, Salam, eziz mekdebim! Ýene dolduk gujagňa. Bagtly döwran içinde, Barýas ýyllaň ajabna, Salam eziz mekdebim! Bagta barýan ýolum sen, Bagtyýar ykbalym sen, Parlak şöhrat-şanym sen, Salam, eziz mekdebim! Bilim, şuglaň derýasy, Nura besläp her ýany, Bagta beslän ynsany, Salam, eziz mekdebim! Mergen mundan artyk oturmaga çydamady. Ol üýtgeşik höwes besläp daş çykdy, işigini gulplady-da, iş eşiklerini geýip, çukura girdi. Ýaş ýigit işledikçe joşýardy. Ol şol gara der bolup, haýdap işläp ýörşüne hälki goşgynyň her setirini, her bendini telim sapar öwürip, çöwürdi. Setirlerini setire, sözüni söze çalyşdy. Şeýdip, ol goşgy köňlünde aýdym bolup, tutuş çukura ýaňlanýança, kellesinden däl, ýüreginden çykarmady. Ahyry köňlünde kemsiz taýýar bolan bäş bent goşgyny Çukurdan çykyp, içeri girip, kagyza geçirensoň ynjaldy-da, ýene çukura gaýdyp bardy. Daşyndan seredeniňde gyrasyna iki adam boýyrak belentlikde bişen kerpiç örülen bu çukur indi görseň edil syrçaly jamyň içi ýaly bolup ýatyrdy. Mergen jaý tarapdaky hüjräni arassalady. Ondan ullakan agaç sandyk, ululy-kiçili kepje-pil, dyrmyk, çarşak, gurap giden uýan, bir topbak at naly, gamçy, çeki, odur-budur çykdy. Hüjräniň bir burçunda tot-tozan basyp giden arpa, at ahyry, suw guýulýan ullakan legenler, saman, megerem ýorunja bolsa gerek, ýapragy aýrylyp, bir topbak sypal bolup ýatyrdy. Mergen kepjeleriň ulusyny alyp, ony çukuryň daşyna taşlady. Onuň sapy yzgardan eräp gidipdir. Emma kiçijik kepjäniň sapy suwa, yzgara üýtgemändir. «Megerem, şep agajyndan bolsaň gerek» diýip oýlandy. Özem gaty ýeňildi. Eliňe agram salmaýardy. Ol tä Gün dogýança işledi. Indi bu çukurda bir gijelik iş galypdy... Mekdepde Mergeni ýaşuly garşy aldy. – Pyýada geldiňmi? – diýip, ýaşuly iki elläp salamlaşandan soň sorady. Soň murtuny sypalan bolup, Mergene maslahat bermäge başlady. – Sen, bala, tigir satyn al. Senge pyýada ýörmek bolmaýdy. – Teňňäň bolmasa, men beremän. – Näme? Ýaşuly gepini çeýnedi. – Teňňäň, rublyň, manadyň bolmasa, men beremen. Senge indi tigir kereg. Tozan ýollarda mugallyma pyýada ýörmek bolmaýdy. – diýeman. Mergen ýaşulyny 13-nji klasa alyp bardy. – Atam, sen maňa çukurdaky çilleri, erik ekiljek çukury nähili çekmelidigini ýene bir sapar düşündirsen-e. – Ol tagtany görkezdi. – Şuňa çukur diý-de düşüniber... Ýaşuly tagtanyň ýüzüne biri-birine sähel degip duran üç sahypa çyzdy. Her sahypa bir pel boldy. – Aralygy näme? – Mergeniň soramasynyň sebäbi, ýaşuly her sahypanyň hersiniň daşyny özbaşdak çyzdy. – Çil bolady. – Iki çil nämä gerek? Ol Mergeniň ýüzüne: «Sen henizem düşüneňokmy?!» diýen manyda seretdi. – Aralyga erik ek! Erik! – Ol sahypalaryň öň tarapyny ýene bir sapar çyzdy. – Mana, bu ýere üzüm ek, üzüm! Mergeniň eginleri sallandy. – Men munça ýere kartoşka tohumyny nireden alaryn. Sarymsak, sogan tohumyny nireden alaryn. Ýaşuly «Goý, goý» diýen manyda ellerini silkdi: – Sen kyçgyrma, kyçgyrma, özüm tapaman. Erik-de bar, üzüm-de bar, behi-de bar. Mergeni direktoryň ýanyna çagyrdylar. Ejeş mugallym gaharly görünýärdi. – Halys bolmasa, sen on ýedinji klasa geç. Çaçy mugallym: «Meniň taýyn edip goýanja klasyma täze gelen birini goýberýär» diýip, düýn baryp raýkoma arz edipdir. – Bolar, mugallym! Şony oňarypsyňyz. Ejeş mugallym ynjyly gepledi: – Ýöne on ýedinji otagy özüň klas etmelisiň. Soň öz kabinetiň bolar. Men saňa bir aý möhlet bereýin. Ýa, az bolarmy? Howlukmanjyk, gül ýaljak ediber. Ol geçip barýan mugallymlaryň birine: – Bar, Rejep agany meniň ýanyma çagyr! – diýdi. Mergen ýaşuly gelenden soň, onuň adynyň Rejepdigini bilip galdy. Ýaşuly gelenden soň Mergen bilen direktoryň skladyň agzynda bile durmagyny görüp, Mergeniň ýüzüne ynamsyzlyk bilen garady. – Näme bar?! – Ejeş mugallym, edil awtomat atylan ýaly, tatyrdap başlady. – On ýedinji otagdaky hara-huraňy boşat. Täze gelen bu mugallyma klas ýetenok. Şu jaýy oňa bir aýyň içinde klas edip bermeli! Rejep aga geň galdy. – Bu otag alaka ketegidir, direktur jan. Bundan kläs olmaýdy, direktur jan. Men munça baýlygy nireýe aýraýyn? Direktor ýaşulynyň üstüne gygyrdy. – Siziň hersiňiz bir kelle. Diýileni et, kepiňi köpeltme-de. Diýleni etmejek bolsaň, ýaz arzaňy. Bar, gidiber, sen boş! Ýaşuly sadyklyk bilen baş egdi. – Tüşündim, indi tüşündim. Olar tirkeşip, işigine «Sklad» diýip ýazylan jaýyň agzyna bardylar. – Heç dogry gelmeýdur. Muny kör. Sen bu kelasy alma. Sen oňa «Ýok» diý. Ol hümürdeý-hümürdeý işigi açdy. Otag işikden töre çenli ýary gopan, üsti gaçan ownuk, döwnük, parta, oturgyç, şkaf, tagta, pol ýuwulýan, bedre, sübse, reňk çalynýan şotkalarmy, reňk gaplarymy, hekli haltalar,baslygyp ýatyrdy. – Men bulary indi nädeýin, ah Allam! Kim ony maňa çykaryşar. Mergen diwarlary, poly synlady. Mekdep gurlup, oňa girileli bäri, bu otaga el degmändir. Mergen bu ýerde bir aýlap süýrenip ýörere üýtgeşik işiň ýokdugyna bada-bat düşündi. – Atam, hek, reňk barmydyr? Ýaşuly Mergeniň ýüzüne geň galyp garady. – Işlijekmi?! – Işlejek! Gül ýaly klas-a by. Ýaşuly düňderilip, çykyp gitdi. Mergen penjireleri doly açyp, sähel salymda döwük-ýenjik partalary, oturgyçlary, tagtalary, köne-sana reňk gaplaryny, beýleki döwük-ýenjik tagta-tugtalary penjireden daşary taşlaşdyrdy. Bedreleriň iki sanysyndan galanyny daşary zyňyp goýberdi. Içerini gaýta-gaýta süpürdi. Indi bu otaga nämäniň gerekdigi belli bolup durdy. Ilki onuň diwarlaryny gowy ýuwmalydy, soň agardyp, yzyndanam aýnalary, gapyny, poly reňkläýmelidi. Bu işler tüýs Mergeniň isleýän, höwes edýän işleridi. Ol gije ýatman şu işleri etmäge-de taýýardy. Aňrujy özüne hiç kime dahylsyz, minnetsiz klas bolsa boljakdy. Ýaş ýigit köýnegini çykaryp, jalbaryny dyzyna çenli çermedi. Soň gidip, mekdebiň howlusynyň ortasyndaky howuzdan suw alyp geldi. Ýaşulyny tapdy. – Hek nirededir, atam! – Ýaşuly Mergene bir gap gyzyl reňk, bar gap ak reňk berdi. Soň täzeje hek çalynýan, reňk çalynýan şotgalary eline alyp, işigini gulplady. Mergeniňki soňuna galan ýa oňar, ýa doňar diýenleri boldy. Her dürli bedreler, hekli taslar çukuryň gapdalynda üýşüp ýatyrdy. Hek bolsa suwa ýatyp-ýatyp, edil, mesge ýaly mylgyrap durdy. Mergen bu ýerde ýatan esgilerden bitinrägini saýlap, saýlap alyp, suwly bedrä sabyn atyp, diwarlary, poly, potology, aýna, penjireleri birküç gaýta janyna dözüp-dözüp ýagşy ýuwdy. Soň tutuş diwarlaryň suwagy gaçan, sypjyrylan, deşilen ýerlerini palçyk edip suwady. Ol otaga üçünji sapar hek çalyp otyrka, mugallymlar gaýdyşyp başladylar. «Saňa indi näme kereg» – diýip, işiň indi ýagşy ugrugyp başlanyna göz ýetiren Rejep aga gelip ondan habar tutup sorady. – Maňa iki sany lampoçka gerek. – Ol heýç. Näme iýip, içersiň? Maňa bolsa bir käsejik gantly çaý bilen el ýaly çörek beriň. – Hop, ýagşy! – Ýaşuly gitdi. Mergen penjiräni, işigi bol edip, doýuryp gaýta-gaýta reňkledi-de, soň klasyň poluny reňkläp başlady. Klas beýle bir uly bolmasa-da, çemlidi. Poly näçe ýyllap gurap ýatan agaç bolansoň, näçe boldan çalynsa-da, reňki özüne derrew çekýärdi. Ýaşuly bir buhanka çörek bilen ýarym kilogram kolbasany göterip gelende, Gün aşak inip başlapdy. – Hany, kel, owkat iý-ýeý! Taşla, bu pohly işiňi. Mergen ýaşulynyň jübüsinden çykaran bulguryna beýleki jübüsinden çykaran tokga gantlaryndan atyp, üstüne alýumin çäýnekden çaý guýup, edil bir janhowluna ýaly birki gaýta howlukmaç owurtlap başlady. Ýaşuly oňa howsalaly seretdi. – Howlukma! Howlukma! – Ol çörek uzatdy. – Al, nandan iý. Ýöne, howlukma… Mergen gantly çaý bilen, kolbasa, çörekden ýagşy garbanansoň, bedenine ýene güýç-gurbatyň gelenini duýdy. – Indi parta, tagta gerek! – Kereg. Mergen ýylgyrdy. – Bir stol bilen oturgyjam gerek. Ýaşuly başyny atdy. – Erejep şaltaýyň ýanynda zadyň kepi bolmaýdy. Ýör! – Ol jübüsinden bir gysym açar çykaryp, gulply klaslary açyp başlady. – Ol klasa bir seredýärdi-de: – Göter – diýýärdi. Şeýde-şeýde, olar on ýedinji klasyň işigine on dört partany çekdiler. – Boldumy! – Gül boldy! – Ýöre! – Ýaşuly joşdy. Ol özüniň oturýan hem-de odur-budur saklaýan jaýyndan Mergene täzeje tagta, gowy stol, oturgyç berdi. Soň çekiç, çüý getirip, tagtany klasyň öňüne kakmaga Mergene kömekleşdi. Partalary, stol, stuly ýerleşdirişdi. Mergen pola seretdi. – Ata, pola çalynan reňkiň ýagşy däl eken. Gör-ä, edil çalynmadyk ýaly. Men şu pola reňki dört sapar gaýtalap çaldym. – Käzir kowsuny beremen. Erejep şaltaý kowusyny körüne äkitmejek. – Ýaşuly gidip, ýarym banka gowy gyzyl reňk alyp geldi. – Direkduryň kabinetinden galdy. Mergen ýaňyja geýen köwşüni, joraplaryny çykaryp, tagtanyň öňünden, partalaryň aralygyndan tä işige çenli pola täzeden reňk çaldy. – Indi boldy, ýöne, Ata, sen lampoçka bermediň-ä. Ýaşuly çekiçlerini, çüýlerini ýygnap, gitdi-de, eglemän lampoçka alyp geldi. Mergen olary asylyp duran patronlara geýdirdi-de, çyrany ýakdy. Gül ýaly klas ýiti ýagta tisginip gitdi. – Mana saňa kelas! Heý, şarap katyn. Mana saňa arza. – Ýaşuly gollaryny çermedi-de, çep eliniň tirseginden tutup bulaýlap durşuna: – Me, saňa arza! Me saňa arza! – diýip gygyrdy. – Indi işikni kupla! Körmesinler. Bilmesinler! Mergen işigi ýapyp, jalbaryny, köýnegini, jorabyny, köwşüni geýdi. – Indi kaýtma gerek. Mergen sesini çykarman mekdepden çykyp, hälki döwük-ýenjik partalaryň, tagta-tuhtalaryň üýşmeginiň ýanyna geldi. Olary bir ujundan ýygnap, tertipleşdirip, gyra basyp ugrady. Bedreleri biri-biriniň içine geýdirdi. Sübseleri, şotgalary desseläp, olaryň gapdalyna basdy. Ol ýaşulynyň yzyndan gelenini görüp, oňa: – Bedreler, klasyň işiginde galypdyr, men şolary alyp geleýin – diýdi. – Özüm körerin, özüm… Barybir Mergen öz diýenine tutup, olary alyp geldi. Hekli bedreleri, suw guýulanlaryny, reňk gaplaryny, äkidip, howuzyň ýanynda goýup gaýtdy. Soň krany akdyryp, elini, ýüzüni ýuwdy-da asmana seretdi. – Gijäniň ýaryna golaýlapdyr. – Ata, men gaýdaýyn! Ýaşuly gözlerini owkalap durşuna: – Saňa bir tigir kereg – diýdi. – Erte saňa bit tigiri satyn alyp beremän. Puluny kaçan berseň, beriberesen. – Mergen ýylgyrdy. – Ata, Erejep şaltaý diýdiňmi?! – Men Erejep şaltaý man, Erejep şaltaý aýtganda, waglama bolady. Olar hoşlaşdylar. ...Mergen sagadyň jaňyny eşitse-de, asla turasy gelmedi. – Tur, Mergen, tur! Ol öz-özüni şunça gyssap, duşuň astyna atdy. Duşuň suwunyň azlygyny ol agşamdan aňypdy. Emma juda ýadaw bolansoň, suwdan doldurmaga ýaltanypdy. Häzir bolsa onda ýekeje damja-da suw ýokdy. Mergen bedrelerini alyp ene ýaba tarap eňdi. Ol duşuň suw gabyny dolduryp, soň heziller edinip ýuwundy. Onuň ýaltalygam, ýadawlygam sowujak suw bilen syrylyp gitdi. Ýöne gantlyja çaý içmese bolmady. Çaýdan soň welin çukura girip, tä Gün dogýança işledi. Çukurda sähelçejik toprak galdy. Nesip bolsa, şu gün agşam dynaryn! Ertir okuwa hiç bir aladasyz başlaryn. Ol «ýene bir iş tapylaýmasyn» diýip oýlandy-da, düýn geýen eşiklerine ütük urup, şolaram geýip, mekdebe ugrady. Bu gün mekdepde ýene-de goh turýardy. Mekdebiň direktory täze klasy görüp, göz öňüne getirip bolmajak derejede begenip, Mergenden diýseň razy boldy. – Partalaryýam, sizleriň aýtganyňyz ýaly, her klasdan, her klasdan aldyk. – diýip, Rejep aga täze klasy mekdep direktoryna görkezip durşuna aýtdy. Men aýtdym «Alaly» diýip. Ejeş mugallym «Men beý diýmedim-ä» – diýip, ör-gökden geldi. – Olar ýene razy etmäge giderler! Näme etseňizem, meni bir goşmaly däl ekeniňiz. Onýança mugallymlar gelip başlapdyr. Olar özleriniň klaslarynda partalaryň ýokdugyny bada-bat aňypdyrlar. Ony ilki biri-birlerine, soň mekdebiň ýolbaşçylygyna çykypdyrlar. – Kim alsyn siziň partaňyzy, siziň partaňyz kime gerek – diýip, Ejeş mugallym hiç zatdan habarsyz bolan bolupdyr. – Meniň iki partam ýok. – Meniň klasymdanam iki parta ýok. – Men-ä ünsem bermändirin. Häzir baryp göreýin. Klasyndan parta alnanlar köpelip başlapdyr. Şeýdip, bu gürrüň Çaçy mugallym bilen Doýduk mugallymyň gulagyna ýetýär. Olar bolsa uly goh turuzyp: «Mekdebiň klaslaryna ogry girip mugallymlaryň bir topar zadyny, partalary alyp gidipdirler» diýip raýon milisiýa bölümine jaň edipdirler. Ýetişiň. Ogry öz içimizde... Mergen mekdebiň howlusyna golaýlaşan badyna gapyda duran mugallym aýallar: – Han-a gelýär-de, gelýär – boluşyp gygyryşdylar. Ony mekdebiň işiginde heniz çinem ýok milisioner garşylady. – Senmi, Ataýew? – Men – Ataýew, näme bolupdyr? Milisioner ýigit özüni tanatdy. – Milisiýäniň kiçi seržanty Ýelliýew! Ýöriň, içeri gireliň. Olar tirkeşip, ýok, Ýelliýew Mergeni öňüne salyp direktoryň kabinetine girdi. Kabinetde maňlaýyny elektrik çyrasy ýaly ýaldyradyp, maýor Guzuçyýew otyrdy. Ol bir burçda mürrelip oturan gije garawuly Rejep agany sorag bilen burça gabap otyrdy. – Ýoldaş maýor, güman edilýän Ataýew siziň huzyryňyza getirildi. Maýor ýüzüni sallap, baş atdy. – Sen näme açaryň bar bolanda, klaslary açyp, partalary dargadybermelimi? – Ortak maýur bilmeý men, direkturymyznyň ozleri ker kelasdan iki parta alyňlar – diýip buýryk berdi. Direktor aýal ör-gökden geldi. – Beý diýme, beý diýme, men ölsemem beý diýmen. Men klasy remont ediň diýdim. Partany bolsa, bilim bölüminden soramakçydym. Mergen bu bolýan gürrüňlere geň galdy. Çykyp gidiberjek boldy. Maýor ony saklady. – Ataýew, hany, sen dur. – Öňünde ýatan bloknota nämedir bir zatlar ýazdy. – Partalary nirä ýok etdiňiz. Hany partalar. – Partalar klasda! Maýor ýerinden turdy. – Hany, görkez şol klasy. Maýor Mergeni jenaýat eden hökmünde, öňüne salyp, on ýedinji klasyň işigine alyp bardy. – Hany, klasy açyň. Beýdişip durmaň! Rejep aga gelip klasy açýança garaşyp durdylar. Klas açyldy. – Bu klasda artyk zat ýok. Hany ogurlanan partalar? – Ýoldaş maýor, bu täze klas. Mekdebe klas ýetmäni üçin, maňa şu jaýy abatlap, agardyp, reňkläp, tagta asyň, parta goýuň diýdiler. Ine, menem okatmak üçin täze klas açdym. – Bu jaýda öň näme bardy? – Bu jaý, ortag moýur mekdep ammary. Alakalaryň jaýydy. Bu bala gijeler ýatman bu alakalar ammaryny gül ýaly kelas etdi. Maýor geň galdy. – Bu jaý klas üçin taýýar edildimi? Bu partalaram mekdebiňkimi? – Mekdebiňki. – Bu partalary mekdebiň garawuly, hem mekdebiň hojalyk bölüminiň müdiriniň rugsady bilen getirilip şu klasda goýuldymy?! – Hawa. Men özüm rugsat berdim – diýip, mekdep direktory hem bu gürrüňden meseläniň gowulyga çözüläýjekdigini aňyp gapdaldan çykyp aýtdy. Maýor: – Hany onda ogry, hany jenaýat! – Ogram ýok, jenaýatam ýok – diýip, mekdep direktory şatyr-şatyr gepledi. Emma maýor başyny ýaýkady. – Kim töhmet atyp, içeri işler bölümine jaň eden bolsa, ogram, jenaýatçam şol bolar. – diýip ýakymsyzja ýylgyrdy. Ol ýaş milisionere: – Bar, şolar kimem bolsa, düşündiriş alyň – diýip ýerinden turdy. – Onda biz indi gaýdybersegem boljak – diýip, özüni sypaýy görkezen boldy. – Özüňiz iş geçirersiňiz-dä. Gaty sak bolmaly. «Okuw başlanýar», «Çp bolaýmasyn» diýip, bizi ýaman gyssaýandyrlar. Men siziň mekdebiňiziň adyny jenaýat hasabatyna goşup durmaryn. Ýöne, sorasalar, özüňiz jogap berersiňiz... Olary ugradyp, ýerine gelensoň, direktor Rejep aga bilen Mergeni ýanyna çagyrdy. Bu sapar onuň ýanynda okuw bölüminiň müdiri Illi Amanowiç, terbiýeçilik bölüminiň müdiri Dessegül mugallymam bardy. – Hany, öten agşam näme iş goparanyňyzy aýdyň – hany Ýaşuly gapdalyndaky oturgyja çökdi. – Direkdur jan, bu bala ýagşy balady. Ol beş minitde kläsiň içini boşatdy. Diwarlary beş sapar ýuwdu, beş sapar agartdy. Beş sapar suwahlady. Beş sapar reňkledi. Ol bir kläsi ýarym sagatda kelas edip berdi. Ol pola-da beş sapar reňk çaldy. Beş sapar! Soň dedi: «Ata, partany nireden alaryh? Tahtany nireden alaryh» Ertir direktirimiz boş keläsi körse, käýýär. Içi partaly keläsi görse, begener, şat bolar» dedi. Men aýtdym, her kelasdan iki parta alaly – dedim. Ol dedi: «Ýoh, derekturdan rugsat bolmasa, men partaýa dege bilmen – dedi. Men aýtdym: «Derektur özüm. Al partany – dedim. Hiç kime aýtmaý man – dedim – Man, iş tamam. Kelas taýýar. Bu bala tä daňdana çenli işledi. Kelasy teýýar etmeýen kaýtmady. Bu bala dynmaý işledi. Men beýle balany-da, beýle mugallymy-da, hiç kanda görmedim. Bu balaga rahmet aýdyňlar. Mergen sesini çykarmady. Direktoryň gapdalynda oturan Illi Amanowiç ýaýaplap gepledi. – Onda-da başga biriniň klasyna girip, özgäniň klasyny soraman almak bolmaýar. Direktorymyz parta tapardy. Sähel wagt garaşmaly ekeniňiz. Ejeş mugallym aglaýjak bolup, gepläp başlady. – Näme, meniň parta zawodym barmy. Her klasda, onsuzam dört-bäş parta boş dur. Oňarypsyňyz, gül ýaly klas taýýarlapsyňyz. Şol ýersiz ýere dawa turuzýanlar şeýle klasy bir ýylda-da edip biler öýdemok. Onuň üstesine, gepi-gürrüňem tutuş oblasta ýeterdi. Onuň bu gürrüňine Dessegül mugallymam goşuldy. – Şony diýseňizläň. Şu mekdepde iň gowy klas bolupdyr. – Mugallymlar görse aglaşar – diýmeseň – diýip, Illi Amanow dişlerini ýumup ýylgyrdy. – Aglap geçsinler. Men şolara bir klasy bir aýda agartdyryp bilmedim. Olaryň abadanlaşdyran klaslaram, edil çagaň remonty ýaly. Ýene keple diýseň, olara. Olar aglaşyp geçsin. Olaryň nepinden, gepi köp. – Ol ýaşula seretdi – Sag bol, Rejep aga! Rejep aga begendi. – Men ne poh-eý, bu bala mugallym sag bolsun. O azap etdi. Men indi gojaldym. Ýaş balalar keldi, direktur jan... Olat täzeden toplanyşyp, baryp täze klasy gördüler. Mergen işigi açyp, çyrany ýakdy. Klas tämizlikden, reňkiň, diwaryň lowurdap gurmasynyň sazlaşygyndan, klasyň süňňünden hekiň özboluşly ýakymly ysyndan gözüňe yssy görünýärdi. Ejeş mugallym açyldy. – Hany, Ataýew mugallym, ýeriňe geç, ýeriňde-de gutlaly seni. Mergen ömründe ilkinji gezek hakyky mugallymyň ýerine geçdi. Soň klaslardan alnan partalar hem beýleki mugallymlaryň adyndan öçürilip, Mergeniň adyny ýazylyp, oňa gol çekdirdiler. Mergen diňe şondan soň ynjaldy. – Gutly bolsun! – Gutly bolsun! Mergen ýadaw başyny egdi. Öýlän Mergeni bilim bölümine çagyryp, sentýabryň on bäşindan raýon merkezinde açylýan işçi-ýaşlar mekdebinde bir ölçeg dil-edebiýat dersini okatmalydygyny aýdyp, arzasyna gol çekdirdiler. Mergen özüne bir ýarym ölçeg sapak berilerine begendi. Şol ýerdenem «Oýunjak dükany» diýilýän dükana geldi. Bu dükanda welesipet satylýardy. Mergeniň welisepedlere hyrydar seredýänini synlan ýaş satyjy gelin: – Düýn geldi! – diýdi. – Germaniýanyňky! – Bahasy näçe? Satyjy gelin ýüzüniň ugruna: – Olar kyrk bäş manat. Seniň elläp duranyň altmyş üç manat! – diýdi. – Iň gowusy. – Ätiýaçlyk kamer-pokryşkasy barmy? – Olaryň özünde ýok, ýöne dükanymyzda bar. Mergeniň ýanynda onça puly ýokdy. Ýöne ol öýüne gidip pul alyp gelmäge ýaltanmady. Gün batyp barýarka ýetişip gelip, puluny töläp «iň gowy» diýilen tigiri, oňa gerek boljak zatlary satyn aldy. Soň ony howlukman düzdi-de, idip, köçä çykdy. | |
|
√ Duman daganda: Ýalňyşdygyň-öldügiňdir - 20.06.2024 |
√ Gala -3: Är garrar, ar garramaz - 11.02.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -7: romanyň dowamy - 02.06.2024 |
√ Dirilik suwy -12: romanyň dowamy - 12.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -22: romanyň dowamy - 08.11.2024 |
√ Duman daganda: Döwüljek araba kyrk gün öňünden jygyldar - 19.06.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -20: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Düýn düýn bilen gitdi - 26.05.2024 |
√ Hakyň didary -9/ romanyň soňy - 02.03.2024 |
√ Köne mülk -14: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |