16:03 Köne mülk -9: romanyň dowamy | |
4. Raýon komsomol guramasynyň birinji sekretary Maýa Meredowa Mergene iki gün garaşdy. Emma Mergen gelmedi. Ol Tuwak Beghanownany ýanyna çagyrdy. – Tuwak, ol seniň Mergen diýýäniň sag adammy özi. – Bilmedim. – Ol nähili oglan, çagyrsagam gelenog-a, özem komsomol agzasy. – Eli degmeýän bolaýmasa. Maýa Meredowna owadanja bejerilen başyny ulumsylyk bilen ýaýkady. – Eli degmän näme, respublikan gazetlerde her gün makalas-a çykyp dur. Şoň-a eli degýär. Tuwak ýaýplanyp: – Men ony kän tanamog-a. Meniň doganym, gelnimiz bilen bile okapdyr, uniwersiteti. Şolar-a erbet adam diýenoklar. Ýöne gaty garyp bolmaly. Ýetim-dä. – Ýetimçe diýsen-e! Makalalar-a gaty güýçli. – Ol Oguljany çagyrtdy. Oguljan mähetdel etmän geldi. – Gel, geç, Oguljan, nädýäň, öwrenişýäňmi? – Oguljan ýadaw, az-kem solgun ýüzüni ýyljyralatdy. – Hawa. – Sen Mergen Ataýew diýileni bilen bile okadyňmy? Oguljan ilki pikirli hüžžerilse-de, soň aňyna ýeten ýaly: – Bile-de okadyk, men ony gaty gowy tanaýan – diýdi. Maýa Meredowa ýylgyrdy-da Tuwagyň ýüzüne köp manyly seretdi. – Sen şol gowy tanaýan oglanyň nähilidigini bize aýtsan-a. Oguljan ilki Maýa Meredowanyň, soňam Tuwagyň ýüzüne bu sözünden nähili many çykarýandyklaryny biljek bolýan ýaly, aljyraňňy garady. – Mergen biçak edepli oglandyr. Tuwak pursatdan peýdalandy-da, Maýa duýdurman gözün-gaşyny çekişdiren bolup, «hiç zat aýtma» diýip yşarat etdi. Oguljan oňa bada-bat düşündi. – Nämesi edepli? – Aý, näme, olam edil häzirki ýaşlar ýaly-da. Uniwersitet-ä zordan üçlük bilen gutardy. Ilden artyk ýerini görmedik. Ýöne salam-heliklidi. Adamlardan çekinýän ýaly bolar ýörerdi. Onuň edepliligi şol-da. Maýa Meredowa göwnüýetmezçilik bilen ýylgyrdy. – Ol şonuň üçindir-dä, uniwersitet ýaly ýerde okabam, özüne mynasyp gelinlik tapyp bilmändir. – Ol-a şeýle-le. – Onda sen aýt, ol näme üçin şunça çagyrsagam gelenok. – Bilmedim. Oguljanyň Mergen baradaky bu ýarym-ýaşryk häsiýetnamasy ýaşlary ötüşip barýan bu iki gyzy has gyzyklandyrdy öýdýän. Olaryň hersi özüçe oýa batdy. Oguljan ejesiniň Mergen baradaky aýdanlaryny ýatlady... ...Bu wagt Mergen pyýadalap, oba ýetip barýardy. Ol agyr oýa batypdy. Köňli doly puşmandy. Onuň ýekeje arkaýyn ýeri, okuwçylarydy. Onuň okadýan üç klasynda –da indi harp tanamaýany, okap, ýazyp bilmeýäni ýokdy. Sentýabryň ýaňy ýarysy geçipdi. Emma mundan on-on bäş gün öňem, her klasda bäş-alty okuwçy ýazyp, okap bilenokdy. Asyl, olar harp tananokdylar. Indi şol okuwçylary ýatlanda, Mergeniň ruhy begenýärdi. Onuň okuwçylarynyň ýazan hatlary ýaş mugallymyň ýüregini ynjaldýardy. Mergen okuwçylaryň bütin ömründe ýazuw, dil, ýazuw kadalary boýunça kynçylyk çekäýjek meselelerini hem häzirden çözmegi ýüreginde besleýärdi. Şonuň üçin şu geçen on-on bäş günde Mergen okuwçylar bilen goşmaça sapak geçip, işleşmedik güni ýokdy. Tertip-düzgün gijä galmazlyk, ir gelmek barada –ha gürrüňem ýokdy. Ýöne şu günki ýagdaý Mergeniň kalbyna ot guýlan ýaly etdi. –Wah, meniň ony tanamaýşymy diýsen-e. Men seni entejik ýola getirerin, oglanjyk. Ol tä öýe barýança geljekde Marlen bilen işleşmegiň pikirini edip gitdi. – Men oňa ilki bilen harp tanamagy öwretmeli! Şondan soň haty owadan ýazmagy öwrederin. Soň onuň bilen adam ýaly gürleşip, öz dünýäme salaryn. Juda baş bermese, öýe alyp gelerin. Öýüň işlerine kömek etdirerin. Bile iýip-içip, bile mekdebe gidip gelerin. Ol tamlarynyň gapdalynda duran GAZ-69 maşyny görüp, geň galdyda, ädimini ýygjamlatdy. Ol ýakyn baranda Rejep aganyň işikdäki tapçanyň üstünde üç-dört sany nätanyş erkek adam, bir owadan gyzmy, gelinmi çaý içip, gürleşip oturanyny gördi. Oturanlar ýerlerinden turup, Mergen bilen görüşdiler. – Oturyň! Aýal maşgaladan beýlekiler oturdy. Ol gyz ýylgyrypjaklap seredip durşuna: – Çagyrdyk, gelmediň. Onsoň, özümiz öýňüze geläýdik. – Tanamadym! – diýip, Mergen boýun aldy. – Men seniň başlygyň. Etrap komsomol komitetiniň birinji sekretary Maýa Meredowa. Mergen baş atdy. – Indi boldy! Menlik näme ýumuş? Maýa Meredowa ýüzüni çynlakaý keşbe getirjek boldy, ýöne onuň kalbynyň pynhan gozgalaňy ýüzünden bildirip durdy. – Bize işe çagyrmaga geldim. Işe gelermisiňiz? Mergen Maýa Merdowanyň üstaşyry mawy asmana, ondan aňyram goýy gök syrçaly daglara seretdi. – Näme iş bolmaly?! – Ikinji sekretar, meniň orunbasarym! – Sizde, näme, orunbasar ýokmy? Bolmal-a bir gyz. Maýa Meredowa ýylgyrdy. – Ol bar. Ýöne ony partyýanyň raýkomyna işe aljak bolup durlar. Mergen «dogry» diýen manyda baş atdy-da, indi bir hepde bäri taýýarlap ýören jogabyny daşyna çykardy. – Men, dogan, oba mugallym bolmaga geldim. Maýa Meredowna dodagyny çöwürdi. – Il-ä «okuwçynyň gohundan, klasyň porsy ysyndan bizar» diýip mekdepden gaçýar. Mergen başyny atdy. – Şol zatlar meniň janyma derman bolýar. Galanynam, görüň. Komsomolyň birinji sekretary siltenjiredi. – Galanyny sen gör, biziňkä gowy bolsun diýip aýtmak. «Sen bolmasaň, senem jan». Mergen baş atdy. – Onda sag boluň. Myhman gyz tasanjyrap gitdi. Mergen sekiniň gyrasynda, aýaklaryny ýere goýup oturanlaryň ýanyna bardy. Rejep aga ony saklady. – Bala, tohtaň. – Ol Mergeniň elinden tutup, ony çukuryň gyrasyna eltdi. –Mana saňa höjek! – Eýýäm satyn aldyňmy?! Mergen birinji, ikinji hüjredäki mallary görüp begendi. – Karaň, ýakşy öjek aldym, ýakşy öjek... Mergen töweregine geň galyp seretdi. – Ata bu mallary çukura nädip saldyňyz? Ýaşuly ýylgyrdy. – Bala, men Erejep şaltaýam. Üp bilen maşynga tirkäp sallagyk. Bir maşyn saman-da satyn aldyk. Mergen ýaşulynyň arkasyna minnetdarlyk bilen kakdy. – Sag bol, Ata. Rejep aga Mergeni sekiniň gyrasynda garaşyp oturanlaryň ýanyna alyp bardy. – Bul Kolka müjük. Jaý kuruşka keldi. Kepleş. Mergen Kolka müjük, onuň ýanyndakylar bilen gaýtadan görüşdi. – Dom saljak?! – Hawa, özem iki gat! – Ikki etaž? – Hawa. Kolka müjük çypar sary, ýüzüne künji sepile, ýaşy altmyşdan agan rus adamsydy. Ol türkmençe-de sözüni düşündirýärdi. Ýöne özi bir söz aýtmankaň diýjek bolýan pikiriňi aňyp bilýän adam bolara çemelidi. – Dom nirede kurjak? Mergen günbatar gapdalyna garap, elini derýa tarapdan daga baka syryp goýberdi. – Hana, şol sütünden daga bakan gitmeli. Gapysy gündogara garamaly. Boýy On ýarym metr, ini alty metr! Aralykda koridor bolmaly, koridoryň günorta diwary wanna, hajathana, duş bolmaly. Kolka müjük ap-ak, edil seçme degen ýaly, menekden doly sag elini jübüsine sokup, ondan okuwçy depderi bilen jonnujak galam çykardy. Soň Mergeniň aýdanlaryny kagyza geçirdi. – Wot tak! – Şeýle! – Boýy on ýarym, ini alty ýarym, şeýle. – Näçe kapy? – Alty gapy! – Akoşka näçe? – Dokuz penjire. – Birinji etaž tak. Kak ikinji etaž? – Ikinji etaž hem birinjä meňzeş bolmaly. – Pol, potolok, tualet, wanna, duş. Oçen horoşo! – Hemmesi bolmaly. Birinji gatda-da, ikinji gatda-da. – Indi podwal nähili?! – Podwal gerek, jaýyň tutuş aşagy podwal bolmaly. Kolka müjük galamynyň arka ýüzüni dişleriniň arasyna salyp, ýoldaşlarynyň ýüzüne seretdi. – Kymmat boljak! – Bolsun, näçe boljak?! – Biz dört adam, hersine aýda ýüz manat! – Näçe wagta çekjek. – Alty aý. Şonda kurluşyk kutardy, açar aldy. Her adama müň manat. Günortan nahar berdi, arak berdi, çaý berdi. Rejep aga ara goşuldy. – Hasyp et, eý müjük. Hasyp et! Şertnama baglaşyk. Ondaý-mundaý bolmaýdy. – Şertnama kerek! Rusça boljak. – Bolady... Ussalar hoşlaşyp gitdiler. Sekiniň üstünde Rejep aga bilen Mergen galdy. Mergen çaý demledi. Öýde bar zatlardan saçagyň üstüne getirişdirdi. – Ata, gel bileje çaý içeli. Ýaşuly çaý-nahara meýil etmedi. Ol: – Ol kyz nege kelmişdi? Mergen Maýa Meredowa barada gürrüň barýanyna düşündi. – Meni raýkom komsomola işe çagyrýar. – Ne iş? – Ikinji sekretalyga. Sen nime aýtdyň? Mergen çeýnäp oturan lukmasyny ýuwutdy. – Men mugallym boljak – diýdim. – Aý, meýli. Mekdep, balalar, okytmak ýaman iş imes. Oňa mähnet kän kereg, zähmet kereg. Mergen gurluşykly meselä geçdi. – Ata, ussalar gymmat soranok dälmi? Ýaşuly ör turdy. – Ýok, bala, kyýmat imas. Häzir kyýmatdyr, amma ertir nma bular bilmeý man? Kyýmat deýl. Meýli diý. Keýin, şertnama kereg. Kolka müjük ýakşy ussa. Emma, haýýat, döwür ýagşy ussa deýl. Mergen öz ýanyndan «Almany göge zyň, ýere düşýänçä ýa pelek» diýip oýlandy. Ýaşuly janykdy. – Bala, sement, tahta, aliş kereg. Ussa tapylar, ýöne Kolka müjük tapylmaz. Ol ýakşy ussa. – Men ertir işden çykyp, Ugruna çykaýaryn. – Tigir hany? Tigirsiz geldiň? Ýaşuly Mergeniň ýüzünden sowally nazaryny aýyrmady. Mergen bu gün mekdepde bolan wakany goja bialaç gürrüň bermeli boldy. – Anna kel, şagal! Wagşy şagal. Sen ondan daş bol. Koý, tigir dögülsin. Taşlap koý. Ondan kalan tigiri münme. Ýene ýakşysyny satyn al... Mergen razylaşdy. – Ata, ýöri, mallary göreli... Rejep aga begençli ýylgyrdy. – Begeniş kereg, bala. Biz indi hakyky maşkala bolduk. Mergen merduwan bilen çukura düşdi. Ol bu gün-erte guzlaýmaly sygyryň maňlaýyny sypalady. Soň endamy suwluja öküzçeleri synlady. Rejep aga törki hüjreden tapylan at ahyryny öküzçeleriň aralygynda goýup, ony samanly tirt bilen doldurypdyr. Mergen öküzçelere suw berdi. Soň sygyry suwa ýakdy. Mallaryň aşagyny arassalady. Olaryň aşagyndan çykan dersi bir gyra üýşürdi. «Indi elli sany towugam alaýsag-a, mal ugrumyz bir ýüzli boljak» Mergen çiliň üsti bilen aýlanyp ýörşüne, pellere nazar saldy. Onuň gözi kartoşka gulajyklarynyň galdyryp başlandygyny gördi. Sarymsagyň üstüne ýapylan topragam indi gaýmaklap galyp barýan ýaly. Mergen ýylgyrjaklap baranda Rejep aga agyr oýa batyp otyrdy. Ol Mergeniň aýak sesine oýundan açyldy. – Ne hilli? – Ata, sygyram gül ýaly, öküzçelerem. Näçä satyn aldyň olary? Ýaşuly aladaly ýylgyrdy. – Öjek tört ýüz otuz som. Iki gaçar beş ýüz som. Hemmesi, tokuz ýüz seksen som. Samanam, ýüz on beş som. – Nesip etsin. Indi towugam alaýsak. Rejep aga baş atdy. – Azanda Hojakaladan towuk geljek. Elli towuk. Ýakşy towuk. Amanmämmet şopury tanaýmysen? Mergen başyny atdy. – Amanmämmet aga meniň daýym bolmaly. Gowy adamdyr. Ýaşuly başyny galdyrdy. – Bala, men oňa ýüz ýigrimi beş somy berdim. Amma towuk ýok. Şony kaýgyraman. Mergen ýaşulyny rahatlandyrdy. – Ata, men ertir Gyzylarbada gitsem, nämeler satyn almaly bolaryn. Birinji, elli halta sement! Ýaşuly başyny ýaýkady. – Elli deýil, ýüz bolsun. Ýigrimi kub metr tagta bolsun. Galanyny soň alasan... – Men öz ýanym bilen müň manat alaýyn, ata, işden çykyp, aňry gidiberer ýaly! – Ýok, bolmaýdy. Azanda özüm mektebe baraman. Keýin, somy-da alyp baraman. Şu geçen sähel günde Mergeniň on-on bäş makalasyny respublikan gazetler çap etdi. Şeýle-de bolsa, ne işdeş ýoldaşlary, ne bilim bölüminden, ne beýlekiden bir adam oňa pylan gazetde makalaň çykypdyr diýip aýdanokdy. Şonda Mergen bir zada göz ýetirdi, adamlar gazet okamaýardylar. Dogry, olar bilim bölüminiňmi, raýkomyň zoruna çydaman gazet-žurnallara ýazylýardylar. Ol şonlugyna-da galýan bolmaly. Ýa olar okan, gören zatlatyny edil, syr saklan ýaly saklamaga halys öwrenip galypdyrlar. Mergen köpden bäri sapagy guramagyň meseleleri barada öýlanyp ýördi. Tejribeli mugallymlar, ylaýtada okuw işine ýaňy başlan ýaşlar sapagy başdan guramaga berilýän iki-üç minut wagty peýdalanmakda köp säwlik goýberýärdiler. Mugallymlaryň köpüsi klasa mekdebe, okuwa, geçilen, geçiljek tema degişli däl mesele bilen gelip girýärdiler. Soň ep-esli wagtlap «kim bar, kim ýok» edip, ähli ünsüni, ep-esli wagtyny žurnala dümtünip geçirýärdiler. Şondan soň tagta aýyň, günüň hasabyny ýazýardylar. Ondan soň täze temanyň adyny ýazýardylar. Şol döwürde klasyň okuwçylarynyň gohy ýetjek derejesine ýetýärdi. Mugallym bolsa klasyň gohuny ýatyrjak bolup, essinden çykyp, Soň geçmeli sapagynam üzlem-saplam geçmeli bolýardy. Ine şu mesele barada Mergeniň «Sapagy nädip guramaly?» diýen mesele barada bir düýpli makala ýazasy gelýärdi. Emma şu gün mekdepde bolan waka Mergeniň oý-pikirini eýeledi. Ol bu barada makala ýazaýmasa ynjalyp biljek däldi. Ol eger şu günde, ertir ir bilen bu makalalary ýazyp bilse, onda ertir Gyzylarbat şäherinden makalalalary redaksiýa ugradyp biljekdi. – Bala! – diýip, Rejep aga onuň pikirini dargadyp goýberdi. Ýaşuly Mergen gurluşyk materiallaryna gitjek pul barada oýlanýandyr diýip pikir eden bolmaly. – Sen kysganç bolmaňlar. Kança som kitse, koý, kitsin. Beş ýylda hemmesini bajaramyz. Iş bitse bolgany! Mergen gojanyň aladaly ýüzüne seretdi. – Ýok, ýok, ata, men gysylamok, ýöne maslahatlaşsaň, gowy-da. Görýäň-ä, pulam gazanaýmak aňsat däl-ä. Maňa sen kömek edýäň,sen bolmasaň, men näme ederdim?! – Ýok, kysylma, akrapka deňiç gaçarlary satarmys. Inek öjek berer. Süýt satamyz, ýumurtga, kärtişke satamyz. Som mol olady. Kaýgy etmäňler-e-eý! Mergen ýaşulynyň pikirine düşündi. – Ata, men pul barada däl-de, gazete makala ýazmak barada pikir edýän. Rejep aga ýerinden galdy. – E-e-eý. Owkat bişiraman. Pyýaz kereg, kertişge kereg. Sen azanda Kyzylarbada kitseň, şolary alma kereg. – Bolar, ata. Mergen saçagy ýygnap, soň duşa girdi. Ýuwunyp çykandan soň, öz tamyna geçip, ýere ýassyk taşlady. Kagyz, ruçkasyny aldy-da ak kagyzyň ýüzüne «Sapagy nähili guramaly!» diýip uly-uly harplar bilen ýazdy. Soň aşak ýanyndan: «Ýaş mugallymyň tejribesinden» diýibem, aşagyny çyzdy. Ol okuw başlaýan wagtlary özüniň düşen ýagdaýlary barada ýazdy. Elbetde, mekdebiň, mugallymyň adyny görkezmedi, ýöne goňşy mekdepde, «B» klasyň mugallymy diýip aldy. Onuň iş öwrenmek üçin baran mekdebinde, tejribeli diýilýän mugallym okuwçylary gykylyklap, gargynjyrap, käýýäp saklajak bolýardy. Ikinji baran mekdebinde, mugallym okuwçylaryny taýagyň güýji bilen saklajak bolýardy. Onuň elinde daşy ardylan taýak bardy. Ol her wagt, her wagt, «ýuwaş boluň» diýip, ýa-da haýsydyr bir okuwçynyň adyny tutup, elindäki taýak bilen stola şarpyldadyp goýberýärdi. Hatda, şol taýak bilen okuwçylary çalyp goýberýän mahalam az bolanokdy. Beýleki bir mekdepde, mugallym gijä galyp gelen okuwçyny, ýa-da, sapagyny bilmedigi, tagtanyň gapdalyndaky burçda, tä okuw gutarýança dik duruzyp goýýardy. Mugallym üçin tapawudy ýokdy, onuň sapagy gutarýança bir okuwçy şol belli burçda duraýmalydy. Mugallym käte-käte şol okuwça alarylyp seredip:»Sen şeýdýän bolsaň, men seniň ataňy ýakaryn!» diýip, haýbat atýardy. Ýazar şondan soň mugallymlara: «Usuly terbiýe, tejribe, pedagogika taýdan bu tärleriň haýsysy dogry, peýdaly!» diýip ritoriki sowal berýärdi. Mugallymyň jogabyna garaşmanam mekdebe täzelikde işe gelen ýaş mugallymyň täze sapagynyň beýanyny berýär. Ýaş mugallym klasda haýsy okuwçynyň ýokdugyny klasa gözüni aýlan badyna bilýär. Tagta-da täze temany onuň özi ýazyp duranok. Ol Güljahan Saryýewadan tagta geçip şu günki geçiljek täze temanyň adyny ýazmagy haýyş edýär. Ýöne gepiniň bir aýlawynda: « – Hany, okuwçylar, Güljahan şu günki temanyň adyny dogry ýazypmy, göreliň?» diýip, okuwçylaryň ünsüni tagta çekýär. Eger ýalňyş bar bolsa, düzedýär. Her halda-da, okuwçyny mahabatlandyrýar. Soňam öýe berlen işi barlamaga başlaýar. Mergen sapagy guramak barada, onuň okuwça bilim bermek, klasy tertipli alyp barmaga täsiri barada beýik pedagoglar Kamenskiniň, Uşinskiniň, Suhomlinskiniň aýdan sözlerinden mysallar getirip, makalany has güýçlendirdi. Şeýdibem: «Oglany ýaşdan...» diýen nakyl bilen, makalany öz sözleri bilen jemledi. Soň ýazanyny birki gaýta göçürip ýazdy, gaýtalap-gaýtalap okap çykdy. Ol soňky sapar ony okap çykanda,makalasyndan mekdebiň, okuwçylaryň, klasyň demini duýan ýaly boldy. Mergen taýýarlan makalasyny gapdala goýdy-da, daşary çykdy. Gün batypdyr. Öleňlikden öwüsýän şemal topragyň. Güýzüň, salkynlygyň jana şypaly demi bilen Mergeni näzijek gujaklady. Sekä saçak ýazyp ýören Rejep aga ony nahara çagyrdy. – Kel, bala, owkat iýeli. Mergen diňe şondan soň naharyň ysyny aldy. – Ata, meniň burnum-a indi klasyň ysyndan başga ysy alanogam. – diýip güldi. – Men mekdebe halys öwrenişibem barýan öýdýän. Rejep aga başyny ýaýkady. – Sen bala, mekdebe ögrenişme kereg deýl. Mekdepge ögrenişken kişi onuň ysyny ölüş-de unuta bilmez. – Wah, menem şonuň ýaly bolsadym. ata. Ölenimde-de üstümden klasyň ysy gelip dursady. Rejep aga Mergeniň bu sözüne hezil edip güldi. Soň tabaga nahar guýup getirdi-de aýasyny aýasyna çalan bolup: – Bala, öjekniň saglykyna ýüz kram içme kerekdi. – diýdi. Mergen baş atdy. Ýaşuly bir wagtlardan galan şeraply çüýşäni açyp, bir käse şerap içenden soň, hasam açyldy. – Ikki mertebe tam kuramyz. Mellekimizi bagdan dolduramyz. Iýmişini satamyz. Towuklarymyzyň ýumurtgasyny satamyz. Gaçarlarymyzy satamyz. Ondan keýin, ýene gaçar alamyz. Baý bolamyz. Senge ýakşy kelin alamyz. Mergen öleňlikden akyp gelýän şemalyň eşretine sämäp duran başyny ýaýkady. – Ýok, ata, heniz özümize ile meňzeş jaý gurmaly. Bergilerden çykmaly. Işlerimizi ýola salmaly. Onsoň, maşgala ekläre ýagdaýymyz bolsun. Ana, şonda öýlenmek barada pikir ederis. Ýaşuly käsesine çakyr guýundy. – Bala, hemsi bolady-eý! Kaýgyrmaňlar, kaýgyrmaňlar. Hany, alyňlar! Mergen ör-gökden geldi. – Ata, aýdýanyň näme?! Sen näme meniň arakdan, şerapdan, çilymden, nasdan bizardygymy bileňokmy! – Bilemän, bilämen mana, özüm içemän. Özüm... – Ol şeraply käsäni başyna çekip, ýerinden turdy-da, çüýşäni, saçagy ýygnaşdyrdy-da, ýene gaýdyp geldi. Soň ýassyga gyşaryp durşuna, Mergeniň ýüzüne ýylgyryp seretdi. – Bala, sen kaýsy kyzny ýakşy köresiň? Mergen hem ýylgyrdy. – Men ata, owadanja, akja, mylaýymja gyzy gowy görerin. – Ol öleňlige, ondan aňram asmanyň ileri gyrasyny eginlerinde göterip duran belent daglara garady. – Meniň gelnim boljak gyz ýaş, sagdyn bolmaly. Ol nahary süýji bişirýän bolmaly. Ol işe gitmän öz çagalaryny oýnadyp oturmaly. Ýöne, hany olar ýaly gyz diýsen-e. – Ýakşy, ýakşy. Bala, sen isleseň. Allah-da, perişdeler-de omyn diýerler. Garaňky ýagşy gatlyşdy. Mergeni nahardan soňky bimarlyk basmarlap başlady. Onuň birsalym şu eşretli, salkyn howada ýatasy geldi. – Ýok, maňa ýatmak ýaraşmaz! – diýip, ol çalnyp ýerinden turdy. – Ata, mallara ot, suw bereýinmi! – diýip, ýassyga gyşaryp, pinekläp ýatan Rejep aga ýüzlendi. Rejep aga başyny galdyrdy. – Özüm bereman, sen rahat bol, bala. – diýdi. Mergen ýene duşa girip, ýuwundy. Ondan çykyp, bedreleri aldy-da, duşuň suw gabyny doldurdy. Işigi suwlady. Mergen häzir giden çukurda özüne etmäge işiň ýoklugyna gynandy, Ol öňler gantly çaýdan keýpini kökläp çukurda işläp başlanda, ilki bir gara suw bolup derlärdi. Şonda-da endamy, damarlary ýumşap, kellesi işläp, oýlanyp başlaýardy. Ol şol oýlaryny kagyza geçirip, On-on bäş makala ýazypdy. «Salam eziz mekdebim!» diýip gowy goşgam ýazypdy. Indi çukuryň işi tükenensoň onuň pikirleniş çeşmesiniň gözleri gömülen ýaly bolupdy. Ol hälki makalasynam ölümiň öýünde ýazdy. Häzir ol bu makalanam sözi söze, sözlemi sözleme sepleşmeýän, guraksy bir zat bolan bolaýmasyn diýip oýlandy-da, öz ýanyndan utandy. « – Ýa men jaýyň esasy üçin gazylmaly çukury häzirden gazmaga girişibersemmikäm? Ýöne onuňam nireden, nähili başlamalydygy bellem däl-ä». Ol uly çukuryň gyrasyna baryp, mallaryna seretdi. Mallar gäwüş gaýtaryp, rahat ýatyrdy. Rejep aga sekiniň üstünde endigan hor çekip ýatyr. Tutuş oba ýumşajyk dumanyň içine batypdyr. Her ýerde, her ýerde elektrik çyralary lowurdap dur. Mergen mellek tarapda aýak sesini eşitdi. Sähel salymdan aýal sesi eşidildi. Soňam çyranyň aşagynda aýal adamyň sudury göründi. – Aý, oglan! Mergen oturan ýerinden turdy. Ol aýal adamy görse-de, Rejep agany turuzmak maksady bilen «Kim bar?» diýip gygyrdy. Ol aýal sekä bakan gaýtdy. Mergen oňa bakan ýöredi. – Geliberiň. – Ol geleni tanady. Ol arada özüni ara çakdyryp, gamyş, gury ot alyp gaýdan öýüniň gyzy Agagüldi. Ol gelin aňyrdan gelişine şelaýynlyk bilen Mergene elini uzatdy. Mergen onuň bilen elleşip görüşdi. – Geliň. – Men goňşyňyz-la-ýa. Birje zat soraýyn diýdim-le... Hiç kime diýmän, etmän gaýdyberdim. – Ol işigi görkezdi. Işikde, çyranyň aşagynda beýdip durmaly... Öýňüze giräýeli. Mergen içeri girip, öz otagynyň çyrasyny ýakdy. Ýaş gelin mürehede-de garaşman, içeri girdi. – Çaý içermisiňiz? –Maňa tapawudy ýok. – diýip, goňşy gelin otaga gözüni dikip aýtdy. – Gowy jaý bolupdyr. Içi Aý ýaly gelinli bolsun. – Sag boluň. – Mergen ortada çaşyp ýatan kagyzlaryny tertipleşdirip gyra süýşürdi. Agagül ol kagyzlara ýylgyryp seretdi. – Mugallym bolsaň hatyň-a kändir? – Aý, ýok-la – diýip, Mergen çaýyň ugruna çykyp ýörşüne mydyrdady. Ol çäýnege çaý atyp, otaga girdi. – Nahar iýermiň? Agagül ýylgyrdy. – Naharyňyzam barmy? – Bar, bar. – Duzuny dadaýmasam. Mergen bu gelin öýlerine ilkinji sapar gelse-de, onuň arkaýynlygyna haýran galdy. Ol orta saçak ýazyp, çaý-çörek getirip goýdy. Kiçiräk tabaga nahar guýup, geliniň öňünde goýdy. Agagül käsä çaý guýdy. Soň nahardan iýip oturyşyna: – Şudur-la, araky, bizden gamyş, ot alyp salan tamyň? Gowja bolupdyr. – diýip, indi ikinji sapar gutlap başlady. – Sag boluň – diýip, Mergen jaý gutlamak meselesini jemlän boldy. – Oba arasynda «Mergen Tuwagy aljakmyşyn» diýen gürrüň bar. Alsaň ol hezil eder. Mergen utanyp, ýylgyrdy. – Işlije gelgiňizmi? – diýip Mergen gelniň gepiniň öňüni baglady. – Meniň hat-petek işlerim kän. Agagül saçakdan gapdala çekildi-de, Mergene syrly seretdi. – Men Aşgabadyň okuwynyň ýagdaýyny soraýaýyn – diýdim. Sen meni okuwa salmaga kömek edip bilmezmiň. Mergen çürt-kesik gepledi. – Oňa kömek nämä gerek. Tomus geler, haýsy ýokary okuw jaýyna gelesiň gelse, baryp gerek hatlaryňy tabşyryp, ekzamen berip, giribermeli. Mergen Agagülüň ýüzüne seretdi. Çyranyň yşygyna geliniň ýüzi näziň, utanmanyň näzikliginden ýaňa edil saryýag ýaly mylgyrap durdy. Mergen bu gelne okuwyňam, okuwly gürrüňiňem asla gerek dälligine düşündi. Ol bu gelni sag-aman gaýtaryp bilse, razy boldy. Agagül ap-akja ýüzüni sypjaklatdy-da, boýnuny burdy. – Gapdalyňda özüň ýaly ýoluny bilýän adam bolsa gowy-da. Dädem: «Gürleşip gor, razy bolsa, üç ýaşar juwanam bar, şony bereýin» diýdi. Mergen başyny ýaýkady. – Men başarman. Maňa malam, beýlekem gerek däl. Men okuwy ýaňy gutardym. Heniz işimi oňaramok. Onsoň, şu ýagdaýymda beýlekilere nädip kömek edeýin. Goňşy gelin ony sypdyrar ýaly däldi. – Sen meniň ýanymda bile gitseňem maňa uly kömeg-ä. Şol, pursat işik açylyp, Rejep aga ukuly başyny içeri uzatdy. – Bala, bu kim? Mergeniň derisi giňän ýaly boldy. – Geliň, Ata, goňşymyzyň gyzy bir haýyşjagaz gelipdir. Indem gatjak bolýar. Ugradaýsaňyz. Agagül ýüzüni sowup, dodaklaryny towlady. – Özümem gaýdaryn, meni ugratmak gerek däl. Sorajak zadym bar. Ýaşuly «Ugratmaly bolaýsa» diýip bir üşerilibem durdy. Gyzyň arkaýynlygyny görübem, çykyp gitdi. Agagül, ap-akja, owadan ýüzüni aýasy bilen süpürdi. – Näme, gelenimi halamadyňmy, gelmerinem, indi. Beýdip kowmanyňda-da, halanmaýanymyzy bilip otyryk. Näme, düşünmedik bolan bolýaň. Men seniň üçin geldim. Şol gamyş diýip baran günüňden bäri men sergezdan bolup ýörün-ä. Ine, özüm gelmesem, masgara edip barýaň-a meni. Mergeniň ýüregi ýarylan ýaly boldy. – Ýok, ýok, goňşy. Men bir ýeke oglan. Sen maşgalaly gelin. Il-gün näme diýer?! Sen gaýt. Agagül aklyny ýitiren ýaly boldy. Ol ilerräk süýşüp, Mergeniň aýagyna owadan näzik ýüzüni goýdy. – Men seni gowy görýän, alsaň şu wagt öýe-de gitjek däl. Men seni gowy gördüm. Mergen aýagyny çekip aldy. – Gepiň nähili? Men seni başyma ýapaýynmy? Tur, tur, ugra, öýi boşat. Agagülüň pyýala ýaly ullakan, kirpikmen gözlerini mölerdip, başyny ýerden göterdi. Soň titir-tirir edip, aglap başlady. – Sen meni heleý görýäň. Seniň gyz diýip aljak bolýanyň tutuş etraby ekläp ýör. Şonuň menden nämesi artyk. Gyz bilen aýalyň arasy bäş minutlyk wagt dälmi?! Ýöne, bilip goý, menem saňa şony aldyrtman, doga ederin, öwlüýä ýykylaryn, üstümden bir banka benzin guýup, özümi otlap «şol oglan etdi» diýerin. Sen gowusy men heleý edip al. Men sen gowy görýen. Mergen çalnyp ýerinden turdy-da, ýapyk işigi açdy. Şol pursada garaşyp duran ýaly, Agagül özüni Mergeniň üstüne taşlady. Ol yzylap durşuna: – Gitme, gitme. Men sen diýip geldim-ä, meni heleý edip al. Ýalbarýan. Meni almasaň, özümi otlaryn. Men sensiz ýaşap bilemok. – Mergen Agagüli itip goýberdi-de: – Ata! – diýip zarply gygyrdy. – Çalt geliň! Agagül ýere ýazylyp gitdi. Onuň garaguş keseli tutup «Aý, aý!» edip waýkyryp başlady. Ýaşuly içeri girip, ak tam bolan ýüzüni Mergene garşy öwürdi. – Karakuş! Karakuş! Korkmaňlar-eý. Kaziur keçejek. Ýaş gelin titiräp, agzyndan ak köpük seçelendirip, gygyryp-gygyryp açyldy-da, sesini çykarman turup gitdi. – Eý, Allam! – Eý, Huda, bu kyzmy, kelinmi?! – Gelin, bäbejigem bar. – Ol katyna nime kereg? – «Meni özüňe aýal edip al» diýip gykylyk turuzdy. Ýaşuly işigi ýapdy. – Bala, ahmak olmaň. Ýoh, ýoh. Olmaz. – diý! Mergen daş çykdy. Soň duşa düşüp geldi-de, ýaşula ýüzlendi. – Ata, gel çaý içeli. Barja keýpim-ä aldy. Bu durşuma, men nädip hatymy ýazaýyn. Ýaşuly çaý demläp getirdi. Mergen birki käse gantly çaý içenden soň, nepesi durlanyp, ýüregi ýerine gelen ýaly boldy. Duýdansyz ýerden onuň kellesine täsin pikirler gelip başlady. Ol ak kagyzyň ýüzüne: «Hyrawa biten gül» diýip, uly-uly harplar bilen ýazdy-da, aşagyna iki çyzyk çekdi. Soň, «Bolan waka» diýibem goşa dyrnagyň içine aldy. Mergen okuwçy oglanjygyň adyny «Almaz» diýip aldy. Wakanyň bolup geçýän ýerini görkezmedi-de, oba mekdepleriniň birinde diýip aldy. Soň şu gün bolan wakany bolşy-bolşy ýaly däl-de, metodikanyň okyja beräýjek ideýasynyň akymyna görä beýan etdi. «...Biziň 5-nji «E» klasymyza Aşgabadyň golaýyndaky şäherden bir okuwçy gelip goşuldy. Ol akjady, owadanjady. Eşiklerini tämizje geýinipdi. Ýöne juda keçjallygy bildirip durdy...» Mergen howlukman, bu wakany okyjy okaman, eýsem, seredip, synlap duran ýaly, gyzykly şirin ýazdy. Ol: «Hyrawa biten gülleri aýaň, olar örän näzik hem-de, juda üýtgeşik ysly bolýandyr...» diýip, makalany jemledi. Mergen alty sahypa bolan makalasyny ikinji sapar göçürende sagat on iki, üçünji sapar göçürende bolsa, sagat bir boldy. Ol ýene-de gaýtalap, gaýtalap okady. Ýazan ýerleriniň sözlerini, sözlemlerini üýtgetdi. Soň ýene okady... Ol sekiniň üstüne ýazan düşegine geçende, sagat ikiden işleýärdi. Ol edil ýadan guşjagaz ýaly bolup, uka gitdi. ...Ol köpden bäri derýa suwa düşmäge gitmek isleýärdi. Bu gün onuň arzuwy hasyl bolupdy. Öleňlikdäki terje otlaryň arasy bilen gidýän ýodajykdan gidip barşyna, ol biriniň zar-zar aglaýan sesini eşitdi. Ol töweregine seredip, sesiň nireden gelýändigini anyklady. Ses golaýdan gelýärdi. – Dur, haramzada, men seni öldürerin, dur! Mergen bir adamyň gamçysy bilen oglanjygy saýgylaýandygyny gördi. Ony saklamak üçin derýa bakan ylgady. Çünki oglanjyk däli jeýhun bolup akýan derýa tarap, edil dälirän ýaly bolup ylgaýardy. Ol adam bolsa oglanjygyň yzyndan ýetdim-ýetdimde, gamçysy bilen oglanjygy saýgylaýardy. – Seniň bir deriňi soýaýyn. Seniň bir janyňy jähenneme ýollaýyn... – Baba, baba jan, urmaň, ýalňyşypdyryn. Indikile etsem, meni öldüräý!.. Ol adam gulak asanokdy. Gamçysy bilen kasty bar ýaly saýgylaýardy. Oglanjyk ol adamdan sypdy-da, läbik bolup, düňderilip akyp barýan sile oklady. Mergen hiç zady pikir etmän özüni sile zyňdy. Zordan ýetişip, däli tolkunlaryň içinde akyp barýan oglanjygy garbap tutdy-da derýanyň kenaryna alyp çykdy. Gapdalda oglanjygyň heläk boluşyny synlap duran hälki adam, kenarda güýlünip ýatan oglanjyga tarap janhowully ýaly bolup, ylgap gaýtdy. Seniň bir janyňy alaýyn-la. Oglanjyk süýrenip gelip, Mergeniň aýaklarynyň arasyna urdy. – Mugallymjan, meni halas ediň! Diňe şondan soň Mergen ol oglanjygyň Marlendigini, ony urup, kowalap gelýän pyýadanyň onuň atasy Anna agadygyny bilip galdy. Ol herrelip gelýän ýaşulynyň ýokary galdyran gamçysyny gaňryp aldy-da, derýa taşlap goýberdi. – Çagany urmaň. Anna aga mugallyma herreldi. – Aýryl-aýt. Ol çaga däl. Ol bir wagşy haýwan. Ony çagalykda ýok etmeseň, soň ile ulukçyn berer. Ony ýok etmeli! Oglanjyk bürgütden gaçyp gelýän etene gögerçin ýalyjak bolup, titredi. – Mugallym jan, meni halas ediň... Meni babama berme. Ol meni öldürer... Mergen Anna aga tarap seretdi. Ol ýaşuly edil bir awuna topulan guduzlan arslan ýaly bolup, arlap ýetip gelýärdi. Mergen aýaklarynyň arasynda titiräp ýatan oglany soguryp aldy-da, bagryna basdy. Şondan soň oba tarap ylgap başlady. Ýaşuly aýak çekdi. – Heýt, bally. Beýtme, ber ony maňa. Men ony şu gün hökman öldüräýmeli. Maňa-da, meniň kowumyma-da, olar ýaly ylhanat gerek däl. Ber maňa ony... Mergen oňa ýaş çagany beýle gorkuzmaly däl, diýjek boldy. Anna aga jübüsinden bir top açar çykaryp, barmagynyň ujunda aýlap, ony ýokary galdyrdy. – Şuny görýäňmi?! Şu maşynyň açary! Men saňa münüp ýören maşynymy bereýin. Sen şol ysnady maňa ber. – Ýok, maňa maşyn gerek däl. Däl. Dä-äääl! Jaň kakyldy. – Wagt boldy, çykyberiň! Ol öz sesine oýandy. Anna aga-da, oglanjygam, klasam, derýadyr okuwçylaram ýokdy. Sagat jyňňyrdap durdy. Mergen ýorgany bagryna basyp ýatan eken. Sagat dörtdi. Ol sagadyň jyňňyrdysyny basdy. Ol turup, duşuň başyna ugrady. Daşarynyň howasy sergindi. Öleňden öwüsýän tenekar şemal onuň boýnundan gol salyp, gujaklap duran ýalydy. Asyl, Mergeniň sekiniň üstünde serlip ýatan düşege ýene giräýesi geldi. Emma ol beýtmedi. Sähel salymdan ýuwunyp geldi-de, gaz peçde çaý goýjak boldy. Gaz ýanmady. – Gäz ýok. Gäz kutardy. – Içerden Rejep aganyň ukuly sesi eşidildi. Mergen ýaşulynyň ýatan otagyna garap: – Şu gün alarys, ata. – diýdi. Soňam: – Bir ýerde biziň elektrik çäýnegimizem bolmalydyr! – diýdi. Soň şkafy açyp, içi odur-budurdan doldurylan çäýnegi çykardy. Ony suw bilen gaýta-gaýta çaýkap, täzeden suwdan dolduryp, toga sokdy. Ol öz otagynyň çyrasyny ýakyp, çaý gaýnaýança agşam ýazan makalalarynyň hersini iki sapar okap çykdy. Ol şol okap baryşyna-da, setirleri timarlady, düzediş girizdi. Käbir pikirleri goşdy, käbirini aýyrdy. Çaý gaýnady. Mergen çaý demläp, ýanynda goýdy. Käsesine gant atyp, iki käse gantly çaý içdi. Mergen üçin bu dünýäde iň eşretli zat gantly çaý bolup çykdy. Ol gantly çaý içende juwanlyk güýjüne gelip, ylhamynyň ganatlaryny açyp başlaýandygyny başda oba gelende duýupdy. Ol gapylaryndaky äpet porsy çukuryň agyr gumuny çykarany üçin, ilki bilen gantly çaýa minnetdardy. Häzirem onuň endamyna ýumşajyk der geldi. Kellesi, pikiri, duýgulary açylyp gitdi. Süňňi ýeňläp, işläsi geldi. Ol ýazan makalalaryny täzeden okady. Olary indi başgaça, ter, joşgunly nazar bilen okap, köp sözlemiň eýesini, habaryny, düýp pikiriňi täzeledi, soň ýene okady. Şondan soň olary arasa, owadan hat bilen ak kagyza göçürdi-de, bukja salyp, salgylary ýazyşdyrdy. Sagat bäş boldy. Mergen mallara tirt ezip berdi. Şonda ol sygyryň ynjalygynyň ýokdugyny aňdy. – Şu gün guzlaýsa gerek! Ol çukuryň daşyna çykyp, Rejep agany oýardy. Rejep aga süýji ukuda ýatyrdy. – Ata, aý ata, sygyr gyssanýar öýdýän. Ýaşuly oýandy. – Nime? – Mergen oňa sygyryň ýagdaýyny aýtdy. Ýaşuly donuny ýelbegeý alyp, çukura tarap gitdi. Ol ep-esli wagtdan gaýdyp geldi. – Öjekniň tanasy togulajak. Waht boldy. Man hozir baramam... Ýaşuly bilini ala ýaglyk bilen pugta guşap, boş bedreleriň birini alyp, çykyp gitdi. Mergen bir täsinje begendi. Indi onuň öz işiginde halalja maly dünýä inýärdi. Birden onuň aňynda ýyldyrym çakyp giden ýaly boldy. Ol tisginip gitdi. Misli tozanly yssy gün gökden monjuk ýaly damjalar şaglap inip, töwerek-daşy ilk-ä ala tozan edip, soňam duýdansyz diňen ýaly boldy. Yzyndan ýakymlyja zynjyrjyk jyňňyrdap gitdi. Bu dünýäniň beýik keramaty bar, Ondanam beýigi, dogulmak-dowam. Bir guzujyk syçrap äleme gelýär. Edil şol pursadam howlugýar emma. Bäbek ýüzün ene göwsüne süýkäp, Süýt ysyna dodagyny çöwürýär. Muny hiç kim öwredenok bäbege, Bu dessurda arkalardan ömür bar. Guzujyk yňranýar, ymsynyp, emýär, Enesi balanyň raýyn ýykman. Balanyň üstüne başyny egýär, Hemem oňa kaýyl bolýar tazykman. Dogulmak ykbaly beýik keramat, Misli ol bir göräýmäge oýundyr. Dogulmaklyk dowamatdan alamat, Ýöne oňa älem, ynsan boýundyr... Mergen içeri girip, bu şygry kagyza geçirdi-de, ony timarlap, timarlap, oňa «Dogulmak» diýip at goýdy-da, täzeden göçürip, ýygnap goýdy. Soň daşary çykdy. Ol çukuryň birinji hüjresinde indi ýerinden turan sygyry, saman-süplügiň üstünde turjak bolup, süşekleýän gölejigi gördi. Rejep aga eli bedreli çukurdan çykdy. Onuň ala donunyň etegine sygyryň çäresi degipdir. Ata, donuňy hapalapsyň! – Meýli, indi öjek meni öz adamsy hasyp edejek. Mergen güldi. Rejep aga üç pelteli nebit peçde goýtmak bişirdi. Soň daşy ýaşyl syrçalyja jama guýup, Mergeniň öňünde goýdy. – Alyň, iýiň, bala, öjekiňiz köp bolsun! Ýerge-gökge sygmasyn. Adyň Mergen baý bolaýdy. Mübärek bolgaý, omyn enşalla! Mergen täzeje goýtmak iýip oturşyna: – Ata, sag bol, bileje bolsun! – diýdi. Sygyry seniňki bolsun, gölejigini maňa beräý! Bu söz ýaşula ýaramady. – Ýok, bolmaýdy. Men karradym. Ömür az kaldy. Sen meniň eýäm bolasan, bu mallar, baýlyklar seniňki bolady. Manga heýç zat keregmez. Mergen ýaşulynyň sözlerine düşünmedi. Onuň üçin gaýdyp geplemedi. Rejep aga daş çykyp, elini ýüzüni ýuwdy-da, gelip saçak başyna geçdi. Ol saçakdaky gatan çörekleri tabaga dogrady. Soň ony çemçesi bilen ýenjişdirdi. – Men bala, saňa bir kep aýtaman. Sengiň akşamky katyny öýge alyp kelişiň bolmaýdy. Ol katyn ýaş, owadan. Onuň belasy zyýat bolaýdy. Ol saňa bitde ýakşy iş kylmaýdy. Il ýaman kep bolady. Eýle katyna ýakyn barmaňlar. Ýene bitte kep aýtaman: Sizler Anna kelge golaý barmaňlar. Anna kel ýakşy imes. Ýene bitde kep, sen mekdepde ýekke söz aýtma. Bu kün Kyzylarbatga kit. Daýyňga otuz pürs gereg diý. Uzynlygy ýetdi metr bolsun. Soň, on kub tahta diý. Ýüz halta sement kereg diý. Somuny ber. Maşyn bolsa şu kün alyp keliň. – Ýaşuly goýtmakly tabaga güýmendi. Mergen onuň aýdanlaryna baş atyp otyrdy. – Katyngyň kolaýyna barmaňlar, barmaňlar, barmaňlar. Ager isteseň, öz katynyň bolsun. Katyn – Şaýtan! Şaýtan katyn ürekiňden urady. Katyny ýanyňgyzga ketirmäňler. Düşündiňme! – Düşündim, Ata, arkaýyn boluň!... Mergen heniz irem bolsa, geýinip, işe ugrady. Bu gün onuň sapagy ýokdy. Ýöne ol hemişekileri ýaly, öz okuwçylaryny okuwdan daşary okamaga çagyrypdy. Okuwçylar ilki-ilkiler kynyrak görselerem, ellerini, pikirlerini düzüberensoňlar ýekeje sapagy hem sypdyrman gelýärdiler. Okuwçylardan beter, mugallymlar Mergeniň bu tutumynyň başa barmajagyny görmek üçin Mergeni, okuwçylary heziller edip yzarlaýardylar. Okuwçylardan mugallymyň nähili sapak geçýändigini olara näme diýip, näme öwredýändigini günde telim sapar ýaltanman soraşdyrýardylar. Mergeniň kalby öňem kanagatlydy, dokdy. Ýöne melleginde kartoşkasy, sarymsagy, sogany gögerip başlansoň, işigi mally bolup, sygyry guzlansoň, ol öňküdenem dokmäde bolup galdy. Indi oňa okuwçylardan, mekdepden başga hiç zat gerek däldi. Mergen geýnip, goş-golamlaryny alyp, daş çykan badyna, gozakly motor işige gelip saklandy. Mergen gelenleri birbada tanamady. Ýöne motor sürüp gelen adam ony öçüren badyna; – Salowmaleýkim! – diýen badyna onuň Kolka müjükdigini tanady. – Salam, geliň, ussalar! Kolka müjügiň ýanynda ýene iki ussa bardy. – Ussa keldi. Hany sement, hany tahta? Pürsler nirede? Işe başlamaý kerek. Waht boş bolmasyn. Indiki maslahat kerek. Men aýtdym, irden barmaly. Bu sese Rejep aga-da içerden çykdy. – O-o-hoo, Kolka müjik, geiiň, çaý içjekmi. – Kolka müjük Rejep agany gujaklady. – A-aý şaltaý-baltaý, çaý işjek ýok. Biz işleme keldi. Çaý, arak, soň. – Ol Rejep agany gujaklap durşuna, Mergene mölerilip seretdi. – Jaý, proýekt ýakşy däl, bizki proýekt w-oo-o! – Ol başam barmagyny görkezdi. Ol jübüsinden eplenen okuwçy depderini çykardy-da sekiniň gyrasynda oturdy. – Gel. Gör. – Ol depderini açdy. Otaglaryň uzynlygy 6 metr boldy. Ini 4 metr boldy. Koridor 2 metr boldy. Şu proýekt super – ýakşy! Mergen başyny atdy. – Menem razy. Olar tirkeşip, iki gat jaýyň gurulmaly ýerine bardylar. Şol ýerleri ölçeşdirip, jaýyň burçy bolmaly ýerlere agaç gazyklar kakyşdyrdylar. – Hemmesi sekiz metr, uzynlygy on üç ýarym metr. Podwal ikki ýarym metr. Jaýlaryň boýy üç metr. Ýagşy. Bu jaý olmýa, nastoýaşiy köşk bolýa. – Bala, meýli diý. «Saçagym kiçi bolsun, jaýym giň bolsun» tiýmiş, bobalar. Rejep aganyň süňňi ýeňlän ýalydy. Ol Kolka müjügiň elinden tutup, çukura bakan çekip alyp gitdi. – Sen, Müjük, oňa bak. Ol enesini emip duran göläni görkezdi. – Indi senga süýdem bolady, ýogurdam bolady. Kolka müjük aňkarylyp galdy. – Kaýsy kün togdy. – Şul azanda, bu kün. – Oý, oý, ýuwma gerek, şaltaý-baltaý, dawaý, ýuwma gerek. Akşam ýuwarsyň! Ussa arak berdi. – Dogry! Ussalar motoryň gozagynyň yzyny açyp, ondan pil, palta, kerki, çekiç, byçgy ýaly iş gurallaryny çykaryşdyrdylar. Mergen olar bilen hoşlaşyp, ýola düşdi. Rejep aga içeri girip çykdy. – Bala, tohtaňlar. Mana bu somy alyňlar. Öjek kullady, ussalar kelip kaldy. Men maktebge baryp bilmaý man. Ager, tirektur rusgat berse, maniň somumy alarsyň. Ýakşymy! Mergen şu ýerde tigrini ýatlady. «Tigrim bolan bolsady, bu ýollaryň gürrüňi bolmazdy-la.» – Ol inçe tama bilen «Belki, Anna aga ony bejerdip, ýerinde goýan bolaýsady.» Ol tä raýon poçtasynyň jaýyna barýança, agşam gören düýşüniň pikirini edip gitdi. «Sil – gowy däl, aglamak-gowy, silden alyp çykmak gowy... Meniň öňümde näme-de bolsa, bir abraý synagy bar. Men juda ätiýaçly bolmaly... Bu belanyň goňşy gelin bolmagam mümkin. Ol gelniň öten agşamky boluşlaram, maňa abraý däl. Bolmasa işigi, aýnalary ýapyp oturmalymy?! Birden onuň demi tutulan ýaly boldy. Sojap-sojap demini dürsänsoňam: «Eý, Allam, meni şerden, şerhaýadan özüň goraweri» diýip, Hudaýa ýalbardy. Ol poçta gelensoň ibermek islän bukjalaryny gymmat töleg bilen «sargyt» edip iberdi. Soň gaz edarasyna bardy. Edarada ony şol Berdi garşylady. – Gel, Mergençik – diýip, Berdi şol öňki şelaýynlygyny etdi. – Nähili, men seniň, wot – ol başam barmagyny dikgertdi. – Makalaňy okadym, maladis-eý. Öwliýä kessin, çynym-eý. Mergen oňa kän üns bermedi. – Berdi, men mekdebe howlugýan, gazymyz gutardy. Berdi ony kabinetine äkitjek boldy. – Ýöri, mydam duşuşybam duramyzog-a, ellije gram uraly. Mergen onuň elinden sypdy. – Meniň häzir sapagym bar, Berdi. Soň, bir gün ýörite belläris. Häzir sen meni diňle, maňa gaz gerek. Sen haçan kömek etjegiňi aýt! Berdi serhoş gözlerini mölertdi. – Beh, haçan görseň howlukmaj-aý, sen. Ýör, uraly-da!.. Mergen ýüzüni sallady. – Sen haçan gaz boljagyny aýt! – Näme, gaharyň gelýärmi, indi. – Sen gaz boljagyny, bolmajagyny aýt. – Sen-ow, bizi gazete bir ýazaým-ow, şu gün bolar. Işgär ýok-laý, biri dynç alyşda, biri ýaranok-laý. Ho-ol, Garaja-da şu gün sud bolmaly. Bilýäň-ä ol Beghanyň toýunda pyýan bolup iki aýaly kakdyryp öldürd-ä... Mergen yrandy – Garaja, sud, sagat näçede? Berdi uzyn boýuna gelşip duran sary ýag ýaly ýylmanak ýüzüni eňşitdi. – Näme, bileňokmy, ol indi bir aý bäri türmed-ä. – Näme üçin? – Aýdýan-a-ow, ol Beghanlaryň toýunda pyýan bolup, iki aýaly kakdyrdy – diýip. – Berdi ellerini asmanda aýlady-da, yzyna garap gürledi. – Özüm-ä göremog-ow, aýdyşlary şonuň ýaly, ýa kakdyrypdyr, ýa sögüpdir. Aý, özün-ä basdylar-ow. Mergen onuň ýüzüne seretdi. – Garajany görüp bolmazmyka? – Mergen jan ony sud edilýän ýerine baryp göräýmeseň, indi giç. Görsem men görmeli. Meniň işgärim-ä. Sülçüsine kän ýalbardym. Edenoklar-ow. Mergen Berdi bilen hoşlaşyp, işine bakan ugrady. – Sen onda maňa bäş manat goýda git. Men kwitansiýaňy ýazyp, oglanlara bererin. Şu gün hökman erterler. Ýöne bizi bir ýazaýmaweri, dost jan, bormy... Mergeniň pikirleri daş atylan serçe sürüsi ýaly boldy. Ol işine barýança pikirini durulabam ýetişmedi. Mergen mekdebe gelen badyna irki okuwa girmäge jaň boldy. Ol klasyna bardy. Işigi, penjireleri açyşdyrdy. Aýnasy ýok gözlerden içeri tozan urupdyr. Üsti durşuna tozan bolup ýatan partalaryň üstünde aýna ownujaklary ýyldyraşýardy. Ol klasyň burçunda duran bedreleri, esgini alyp mekdebiň howlusyndaky krandan suw alyp geldi. Soň ilki partalaryň üstüni, ahyrynda tutuş klasy ýuwdy, Esgini ezip, çalykdyryp, penjireleriň öňüni, partalaryň üstüni gaýta-gaýta süpürişdirdi. Mergen bedreleri, esgini klasyň boş burçunda goýdy-da, jübüsinden elýaglygyny alyp, elini süpürdi. Soň eline mel alyp Mämmetweli Keminäniň düýn geçilen «Garyp» goşgusyndan belli bendi ýazdy. Ýerine geçip, ol bendi gaýtalap, gaýtalap okady-da, okuwçylara garaşyp başlady. Okuwçylar edil dilleşen ýaly bolup, toplanyşyp klasa girdi. Olaryň keýpi ýokdy. Mergen olar bilen salamlaşdy. – Okuwçylar, men size bir gaty gowy habar aýtjak! Ol habar diňe maňa degişli bolsa-da, aslynda türkmeniň oba bolup begenäýýänje ýagdaýy. – Ol ýerinden turdy. –Siz bilýäňiz-ä, meniň sizden başga hiç kimim ýok. Meniň atam, enem, dogan, garyndaşyma, malym, baýlygym,, jaýymam, hiç zadym ýok. Onsoň öz begenjimem siziň bilen bölüşmeli bolýan. Men ilkinji aýlygymdan bir sygyr aldym. Şu günem şol sygyryň gölesi doguldy. Okuwçylar el çarpdylar. – Mugallym, höwri köp bolsun! Mugallym okuwçylaryň ýüzündäki şatlygy görüp, özünden razy boldy. – Okuwçylar! Indi siziň hemmäňiz harp tanaýaňyz, okabam bilýäňiz! Haty owadan ýazmaga-da başladyňyz. Ýöne hiç oglanlyk etmäň. Ýene öwrenmegi, tälim almagy goýmaň. Men şu gün size adamzadyň beýik sungatynyň biriniň syryny açaýyn. Oňa suhangöýlük ýa-da oratorçylyk sungaty diýýärler. Adamzadyň iň beýik akyldarlary özleriniň beýik pikirlerini diňe şu sungatyň üsti bilen düşündirendirler. Orator bolmak üçin her sözi, her pikiri, düşünjäni özüňe gerek äheňde beýan etmäge ussat bolmakdyr. Ol tagta seretdi. – Mämmetweli Keminäniň «Garyp» goşgusynyň şu bendini biz geçen sapagymyzda ýat tutdyk, ondan diktant ýazdyk. Şeýle dälmi! Şu bendi hemmämiz bilýäris. Ine, indi men şu bendi bäş dürli edip okap bereýin! Ol bu bendi beýik pafos bile, soň flosofik äheň bilen, garybyň garyplygyny beýan edip, garybyň watanparazlygyny wasp edýän basym berip, soň adaty äheň bilen okap berdi. – Indi siz goşgyny on sapar daşyňyzdan okaň! Okuwçylar bendi klasy ýaňlandyryp okadylar. – Indi içiňizden on sapar okaň! Mugallym olaryň okar çeninde: – Boldy. Indi diňe gözüňiz bilen okaň! Niresinde kese çyzyk, niresinde nokat, otur baryny belläň. Ol okuwçylaryň okaryna salym berdi. Şol wagt gapynyň aňyrsynda nämedir bir zat şakyrdady. Mugallym işigi açdy. Işikde Marlen durdy. Ol ýüzüni tutdy. – Mugallym! Mergen çalasynlyk bilen bardy-da, oglanjygyň golundan tutdy. Marlem mugallym özüni urjak bolýandyr öýdüp, gaçjak bolup dyzanyp, onuň elinden sypjak boldy. – Hany, hany, gel, köşek. Gorkma, gorkma, gel, otur. Mergen ony klasa saldy-da, gapyny ýapdy. Ony boş partada otudyp, sapagyny dowam etdirdi. – Indi, sagdan çepe, şu bendi hemmämiz okap çykalyň! Şondan soň mugallymyň özi bendi pikir, many basymy bilen okap çykdy. – Indi depderiňizi alyň-da, şu bendi diktant görnüşinde ýazyň. Kim diktanty juda owadan, ýalňyşsyz ýazsa, men şoňa altyn peroly ruçka baýrak berjek. Baýrak baradaky bu gürrüň okuwçylary janlandyrdy. Häliden bäri bir gyrada ýygrylyp, ýüzüni sallap oturan Marlen gymyldaý-gymyldaý, ahyr elini galdyrdy. – Mugallym! Mergen onuň ýüzüne garady. – Näme, Annaýew! – Mugallym menem ýazsam bolarmy-aý? Okuwçylar: – «Ýassamam bolýamy-ýaý!» diýip, gepläbem bilewnok-lay – diýişip pyňkyryşdylar. – Bolýa, ýazsa bolýaýa! Mugallym klasy saklady. – Adamy özüňden pes görmek, onuň kemçiligine gülmek juda medeniýetsizlik bolýandyr. Siziň ýaly akyllyja çagalara bolsa aýypdyr. Ol bir list kagyz bilen ruçka eltip, Marleniň öňünde goýdy. – Sen Annaýew ýeriňden tur-da, tagta golaý baryp ýazylan goşgy bendini ýüz sapar içiňden oka. Mugallym wagt belledi. – Men saňa on minut wagt berýän. Okuwçylar diktanty sähel salymda ýazyp boldular – Mugallym, ýüz sapar okadym-a. Mugallym tagtany süpürdi. – Hany indi artist ýaly edibem bir ýüz sapar oka! Marlen özüniň okaýşy bilen klasy haýran galdyrdy. Onuň sesinde üýtgeşik näziklik, ýakymlylyk bardy. Dilindäki tagaşyksyzlyk bolsa, onuň okan bendine çaga duýgulary bolup, şirinlik gatýardy. – Hany şu bendi diktantam edip ýaz. Özem, kim diktanty üýtgeşik owadan, ýekeje ýalňyş goýbermän ýazsa, altyn peroly awtoruçka baýrak beriljekdir! – Ol goşgy bendini usuljak bilen okady. Soň ýerine geçip öňüne üýşüren depder sahypalaryny çalt-çaldan barlap başlady. Oňa çenli Marlen hem ýazan sahypasyny getirip tabşyrdy. – Mugallym, Annaýewe goşgy okadaýyň! – diýip, klasyň gyzlary haýyş etdiler. Mugallym sagadyna seretdi. – Okuwçylar, siz meni üns berip diňläň. – Ol okuwçylary synlap, özüni dürsedi. – Men ýokary okuw jaýynda studentleriň ekzamen berişini kän synladym. Şonda studentleriň pikir aýlawynyň gaty darlygyna düşündim. Olar kitapdan okanja ýerlerini aýdyp berýärdiler. Eger mugallym goşmaça sowal beräýse, oňa-da çala-çula jogap berýärdiler. Biz özbaşdak pikirlenmegi öwrenmeli. Men şu gün size gaty gyzykly mesele berjek. Özem öz durmuşymyzdan, kim şol barada nähili pikir edýär?! Klasda siňegiň wyzyrdysy eşidildi. – Mekdepleriň biriniň 5-nji klasyna Büzmeýin şäherinden gelen okuwçy goşulypdyr. Ol okuwçy juda edepsiz, garagol, betbagt oglanjykdy. Ol okuwçy şol mekdebiň okuwçylaryna, mugallymlaryna hiç öwrenişip bilmeýärdi. Onuň üstesine, ol okuwçy klasdaşlarynyň biriniň tigirini münip, münip, tigirini deşip, taşlap gidipdir. Tigiriň eýesi ol okuwçydan tigirini aljak bolup barsa, büzmeýinli okuwçy ýerden daş alyp oňa zyňypdyr. Ol daş klasyň penjiresine degip ony döwüpdir. Öz eden işinden gorkan oglan sapakdan gaçyp, öýlerine baryp, «gorkan öňürtilär» diýişleri ýaly, garry atasyna, garry enesine: «Mugallym meni urup, sapakdan kowup goýberdi» diýip, ýalan sözläp, arz edipdir. Soň barlap görseler mekdebe täze gelen şol oglanjygyň özi hemmesine günäkär eken. Indi mekdebiň okuwçylary, mugallymlar şol okuwçynyň eden etmişini milisiýä habar berip, ony sud edip, türmä ibermekçi bolýarmyşlar. Ikinji topar bolsa okuwçynyň ata-enesine tigriň bahasyny töledip, onuň döwen aýnasyny saldyryp, özlerinem mekdebe çagyryp, mugallymdan ötünç soramaly, okuwçyny bolsa mekdepden çykarmaly» diýýärmişler. Üçünji topar bolsa, «ony urjak bolan oglanlara-da çäre görmeli» diýýärmişler. Mugallym okuwçylaryň ýüzüne seretdi. – Ertir bu mesele barada her kim özüniň pikirini beýan etmeli. Dogry jogap beren okuwçy bäşlik alar!.. Mergen beýleki klaslara-da diktant ýazdyrandan soň şeýle tabşyryk berdi. Onuň ýene bir eden işi, Marleni üç klasa-da gatnaşdyryp, diktant ýazdyrdy. Soň olary boşatdy. Mämmetweli Keminäniň «Garyp» goşgusynyň bir bendini her klasda ýüz sapar daşyndan okatdyrdy. Üç diktant ýazdyrdy. Ol okuwçy şondan soňam gaýtmady. – Näme, Annaýew, seniň öýlänki okuwyň ýokmy? Marlen mugallyma boýnuny burdy. – Mugallym, men siziň öýňüzde ýaşaýaýyn! Mergen oňa geň galyp seretdi: – Näme üçin? Mergen boýunjygyny burup gözlerini balkyldatdy. – Babam meni her gün gaty erbet urýa. Mamamam: «Sen ölmediňem, menem senden dynmadym» diýip sögýe... Her gün şeýle. Indi meniň şol öýde ýaşasym gelenok. Bolmasa meni çagalar koloniýasyna, ýa-da çagalar öýüne ibermäge kömek ediň. Oglanjyk aglady. Şol wagtam işik kakylyp, müdir bilen etrap profsoýuz komitetiniň başlygy Sonýa Babaýewna klasa girdi. Mergen olary ýerinden turup garşy aldy. Marleni gören müdiriň myrryhy atlanan ýaly boldy. Ol gözlerini alardyp, okuwça herreldi. – Sen bu ýerde näme işläp ýörsüň? Çyk, ýok bol! Samsyk. Mergen okuwçyny saklady. – Seniň bilen bu barada ertir gepleşeli. Sag bol. Marlen boýnuny sallap, çykyp gitdi. Müdir eýýäm haçan gülüm-ýalym etmäge ýetişipdi. – Ine, şu ýaş mugallym, Mergen Ataýewiç. Tanyş boluň. Meniň işim kän, özüňiz gürleşiň, men soňňurrak aýlanaryn. Ol ötünç sorap, çykyp barşyna: – Anna daýy aýna oturdanokmy?–diýen boldy. – Ýok, heniz-ä oturdylýan zat ýok. Ejeş mugallym çykyp gidenden soň, ol öz ýerini Sonýa Babaýewna berdi-de, özi öňdäki parta geçip oturdy. – Bagyşlaň, kofäm, çaýym-a ýok. – diýdi. Sonýa Babaýewna owadan gözlerini güldürdi. – Zyýany ýok, zyýany ýok, men bir maslahat bilen. Mergen bu owadan, durmuşda ähli zady ýerbe-ýer gelniň özi bilen aralykda nähili maslahatyň bolup biljegi barada keltejik oýlandy-da, bar ünsüni oňa jemläp seretdi. – Aýdyp oturyň... Sonýa Babaýewna göni gürrüňe geçdi. – Meni sizi gaty gowy görýän bir gyz iberdi. Mergen baş atdy. – Hawa, hawa. – diýip mydyrdady. – Siz Maýýa Meredownan-a tanaýansyňyz?! Mergen düýn: «Bize işe gel» diýip öýlerine baran gyzy göz öňüne getirdi. – Hawa, aýdyberiň. Sonýa Babaýewna enaýyja ýylgyrdy. – Bagyşlaň, şol gyz sizi ýüregi bilen söýýär. Ol size söz aýdýar. Ol öten agşam meniň öýüme gelip, size öz halaýanlygyny aýtmagymy haýyş etdi. Ine, menem gelip, onuň sözüni size aýdýan. Indi oýlanyň. Siz bir ýeke, ýetim oglan. Okuwňy ýaňy gutaran. Maýýa bir baý adamyň ýeke çagasy. Heniz durmuşa çykmadyk. Pikirleniň, eger razy bolsaňyz, ol toýa taýýar. Ol özem, ösjek maşgala. Mergen aýasy bilen maňlaýyny tutdy. – Hany, men bir pikirleneýin, Sonýa Babaýewna. Aslynda, men beýle gürrüňlere taýýaram däl-ä. Sonýa Babaýewna gürrüňi jemledi. – Bolýar, oýlanyň. Ýöne näme netijä gelseňizem, meniň bilen maslahatlaşyň. Meniň telefonym, 1-11-dir. Onda, sag boluň, wagtyňyzy almaýyn. Onuň howlugýanlygynyň sebäbi, gayta-gaýta jaň kakyldy. Ol şol jaň Mergene-de degişlidir öýtdi. – Ýaman nejis porsy-la, açyň aýnalaryňyzy. Bu porsuda nädip oturýaňyz. – diýibem, burnunyň öňüni aýasy bilen ýelpäp çykyp gitdi. Ol gelini ugradyp, işige çykan Mergeniň gözüne ilen zat düýnden bäri bulaşyp ýatan döwük-ýenjik tigirini ýerinde ýoklugy boldy. Ol işigini gulplap, açaryny «Mugallymlar otagyndaky» çüýjagazdan asdy-da, Şähere ugrady. Ýolda onuň ýadyna şu gün Garaja sud bolýandygy baradaky habar düşdi. Ol etrap sudunyň jaýyna bardy. Oňa suduň ertir ir bilen bolup, Garaja üç ýyl şertli iş kesilendigini aýtdylar. Mergen oňa-da begendi. | |
|
√ Ak guwlary atmañ -3: romanyñ dowamy - 29.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -11: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -29: romanyň dowamy - 12.12.2024 |
√ Duman daganda: Adalatly bolýançaň güýçli bol - 11.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap - 28: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Janserek / roman - 13.03.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -16: romanyň soňy - 08.06.2024 |
√ Dirilik suwy -21: romanyň dowamy - 21.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -9: romanyň dowamy - 05.06.2024 |
√ Duman daganda: Haram harama gider - 22.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |