13:52 Sary bagşy / powestiň dowamy: Synag | |
• Synag
Powestler
Sary bagşy işi bilen çytraşyp ýörşüne, toýa gitmesinem gapdalyndan goýanokdy. Ansambl indi ýagşy ýola düşüpdi. Öň birneme buýtar-suýtar eden bagşy-sazandalar indi bileleşip saz çalmaňam, topar tutup obalara gidip konsert bermänem, daýhanlar öýünde öz nobatyna aýdym-saz edinmänem kynçylyk bilip duranokdylar. Olar Sary bagşynyň aýdymlaryny her gün diýen ýaly diňleýärdiler. Sary bagşy olar üçin halypady. Olar Sary bagşy üçin şägirtdi. Bagşy şeýle yhlas edip ýeten maksadynyň boş çykmandygyna begenýärdi. Indi özüniň adynyň ölmejekdigine, aýdym-saz ugrundaky abraýynyň boş köýüp gitmejekdigine ynanýardy. Ýöne welin, öz ogullarynyň uýanyny hem elinden sypdyrasy gelenokdy. Pürli öz ýanynda işläp ýördi. Ol aýdym aýtmasa-da, dutary özboluşly çalşy, gyjagy eňredişi beýleki bagşylaryň hoşuna gelýärdi. Pürliniň ansamblda abraýy ulydy. Ýöne, Sary bagşy öňüne düşüp ýörensoň, onuň sesi çykanokdy. Oraz indi uçilişä gyjakdan sapak berýän halypa bolup geçipdi. Gün-güzeran gowudy. Şeýle günleriň birinde Sary bagşyny Bama toýa çagyrdylar... Ol hiç wagtam bir çakylygyň, ýüzüne uran adam däldi, bu çakylygy hem kabul etdi-de, ogly Nuryny alyp, Bama ugrady. Onuň özi Aşgabatda bolsa-da, ýüregi Bamydady. Bamyda öýi, mallary, ýakyn-ýatlary bardy. Ol Bama barsa birhili ýigdelen ýaly bolýardy. Soňky sapar bolsa ol öwlüýä bardy. Kakasynyň, ejesiniň, ata-babasynyň ruhuna aýat okady. Ol mazarlaryň arasynda aýlanyp ýörkä, birden daýananyny duýman galdy. onuň ýagyna ömründe gelmedik bir pikir geldi. – Meni nirede jaýlarkalar? Ol ejesiniň ýanlaryny synlady. Emma ol ýer guburdan dolup gidipdir. Ýöne, özüniňkileriniň aýagujynda bir belentje ýer bardy. Ol ýer gözeilgijiräk bolansoň hemem çagyltmagrak öýdülensoň, hiç kimi ol ýerde jaýlamandyrlar. Sary bagşy şol belentje ýere çykdy-da, bir salym dyz epdi. – Ine, meniň gelmeli ýerim. Şuny oglanlara tabşyryp goýaýyn. Ölsem-ýitsem şu ýerde jaýlasynlar. Men soňky döwürde ezizlerimiň didaryna gaty zar boldum. Şolara sereder ýataryn.... Ol otly bilen barýarka şol hyýalyna dolandy. Oba baryp, ýene mazarystanlyga aýlanmaga ugrady. Haýp, onuň bellän ýerinde tep-täzeje, heniz gumunyň gyzyly solmadyk mazar bardy... Sary bagşynyň keýpi gaçdy. Ol öz-özüne: – E-eý, Sary, sen, näbileýin, Bamynyň bir gysym topragyndan kemrysgal bolaýmasaň... Agşam Bamynyň gapdalyndaky obada toý bardy. Işigindäki çyn bedewleň iň saýlamasyna mündi. Atyny säpjedip, nuryny hem arkasyna alyp toýa gelende, gün batyp barýardy. Sary bagşy toýa gelenden soň bir zady çig edenine düşünüp galdy. – Wak-keý, Pürli bilen Myllyny alyp gaýdaýmaly eken. Bu ýerde sazanda tapylarmyka? Sary bagşy soň arkaýyn boldy. Heý, Bäherden bolar, Bamy bolar, toý bolar-da sazanda tapylmazmy... Adamlar bagşy aýtjak oduň başyna häliden bäri üýşüp otyrdylar. Olar indi näçe ýyl bäri gözlerinden uçan, gulaklaryny posa batyran Sary bagşyny görmegiň, onuň şirin owazyny diňlemegiň arzuwyndadylar. Şonuň üçin adam kändi. Ylaýta-da, bu gün-erte uzak ýerlere sürgün ediljekmiş diýilýän agyr döwletli baýlar «Ölmänkäk Sary bagşynyň owazyny ýekeje sapar diňläli» diýip, ýol aşyp, Garagumyň dürli ýerlerinden gelipdiler. Şonuň üçin bu toýuň tutumam, onuň derejesem ulydy. Sary bagşynyň toýa gelmegi bolsa bu toýa üýtgeşik mertebe, üýtgeşik mahabat berýärdi. Ol adamlary görüp, Sary bagşy gysylyp ugrady. – Sazanda tapdyňyzmy? – Gitdiler, Sary aga. Iküç ýere gitdiler. Gijäniň bir wagty boldy. Gidenler eginlerini ýygyryşyp, boş gaýdyp geldiler. Sary bagşynyň gahary gelip başlady. Ýöne sesini çykarman, sag golunyň astyna alan ýassygyny çep eli bilen mynçgylap otyrdy. Öý eýesi hem onuň öňünde utançly ýalydy. Öýe girip bilenokdy. Daşarda oduň başynda oturan, «Häh» diýende müň ýerden «Mäh» diýilýän agyr döwletli baýlar hem «Hany, bagşy çykmady-la» diýip, sorap durdylar. Ahyr öý eýesi ak öýe girdi. – Sary aga, biz-ä ýüzügara bolduk. Şu etraplardan ýeke bagşy tapylmady. Bary ýa hassa ýa-da bir ugra gidipdir... Aslynda baran ýerlerinde bagşy-sazandalaryň ählisini tapypdylar, emma olaryň bary: «Ýo-ok, Sary bagşy bolsa, gapdalyna men baryp bilmerin» diýip, titiräp otyrdy. Iň bärkisi, onuň öz şägirdi Garaja Çary näme, olam Sary bagşynyň ady tutulandan, garagezi degen ýaly, titiräp, aňyny ýitirip otyr-a. Onsoň bu ýagdaýy heý Sary bagşa aýdyp bolarmy... – Indi, şu etrapda ýokmy, gapdaldan goşular ýaly biri... Öý eýesi egnini gysdy. Sary bagşy ýaşyna gelişmeýän ýeňillik bilen ýerinden turdy-da, daş çykdy. Öý eýesi tas balagyna goýberipdi. Ol «Sary bagşy gaharyna toýy taşlap, öýkeläp gider» öýtdi. Sary bagşynyň toýy taşlap gitmegi bolsa, bu toýuň ýasa öwrülmesinden hem müň esse biabraý boldugydy. Şonuň üçin toý eýesi Sary bagşynyň ýany bilen ýorgalady. – Sary aga, Sary aga, başyňyza döneýin, beýtmäň. Toýy bir... Sary bagşy alty-ýedi ýaşly çagalaryň arasynda oýnap ýören ogluny tapdy. Onuň elinden tutdy-da, idirdedip, öýe garşy alyp gaýtdy. Içerä girip, dutaryny, gyjagyny alyp çykdy. Öý eýesi ýere ýykyldy-da onuň aýaklaryna ýapyşdy. – Sary aga, gurbanyň gideýin, beýt-me... Sary bagşy aýagyny toý eýesiniň elinden sogrup aldy-da, gelip bagşy düşege geçdi. ogluny ullakan ýassygyň üstünde oturtdy-da, telpegini çykaryp, ondan ullakan ýaglygy alyp, Nuryjygyň şepbik, kir bolup çorlap giden elini tüýküligi bilen ezip, ýagşy süpürdi. Soňra gyjagyň gabyny açdy. Ony az-kem düzdi. Soň öz dutaryny düzdi. Bamy topragy beýle-beýle gudraty görmändi. Altmyş ýaşly ata bilen alty ýaşly ogul tä daň agarýança gaçyşyp, kowuşyp, bu toýa ýygnananlara hezil berdi. Bu waka juda gudratly wakady. Şeýle gudratly toýy, beýle beýik owazy, beýle beýik sazy Bamy topragy şondan öňem görmändi, soňam görmedi. Sebäbi bu toý Sary bagşynyň sowan iň soňky toýydy. Şol gün Sary bagşyny giçlige çenli toýdan goýbermediler. Aslynda-da Ejeligiň çagalarynyň bary ýatagandy. Orazam düşek görse, süýnäýerdi. Nuram şeýle bolup çykdy. Daňdana çenli ýurduň iň beýik, iň talapkär bagşysynyň öňünde sarsman, janynyň jigerini owaza besläp, ile-güne paýlan oglan tä ikindine çenli sarsman ýatdy. Şol arada Sary bagşam gözüniň awusyny aldy. Gumly baýlar gaýtmankalar Sary bagşy bilen derdinişmek üçin ony ýatyrmadylar. – Sary jan, biziňem täleýimiz şeýle boldy, ballym. Ine, goşumyz-gopjagymyz düwülgi. Haçan alyp gitseler gidibermeli. Ýöne, Allanyň öňünde-de, bendesiniň öňünde-de çigidiň gabygy ýalyjagam günämiz ýokdur. Şu Gaýgysyz diýen çöpdüýbi bizi ýaman heläk etdi. – Aý, çöpdüýbiniň hem baryp ýatanydyr ol, haram emjek emen. Ýogsa Garagum ýaly ýowuz ýurtda halal yrsk bilen ýaşap ýören bendeleri beýle güne salarmydy. – Gaýgysyza bir baý diýmeseňiz-läň. Ol Täç gök serdaryň ogly ahyryn. Täç gök Serdam Nurberdi han ýaly türkmene arka duran iner ogul bolmaly. – Täç gök serdara sözümiz ýok. Emma Gaýgysyzyň ejesi Täç gök serdaryň nikaly aýalyndan däl-de, Rabiýa diýen owganly gapy gyrnagyndan bolandyr. Şonuň üçin Täç gök serdar hem, onuň ogullary hem bu çöpdüýbä eýe çykan däldirler. Ol orsuň porsy ýuwundysyny iýip ulalan mahlukdyr. Şonuň üçin, asylsyz bolansoň asylly adamlary basgylaýar-da, haramzada... – Kasas kyýamata galýan däldir, adamlar. Ol şu perişde ýaly adamlara näme etse, özi görer... Başga biri has kineli gürledi. – Wah, meýdiň orsuň buzly ýurdyna gatnap galandan soň, ony dowzaha ýakanlarynda saňa näme peýdasy bar. Sary bagşy oturyp bilmedi. Ol gowry kiparlan ýaly söz saýlady. – Aý, beý diýmäň, adamlar. Gaýgysyz hem bendäň bendesidir. Onuň kötegi güýçli. Depesinde ors otyr ahyryn. Onsoň oňa şeýt diýensoňlar, ol ne alaç etsin. Başga bir garaýagyz, gyzmaç ýigit janagyryly azgyryldy. – Tüf, şonuň bäbegini s... Orsuň ganjyklaryny kowalap ýörşüne, onuň ýadyna il-gün düşermi. Şonuň özi günäkär bar zada. Meniň bir elime düşsedi., haramzada. Etini bir çigligine iýsedim. Sary bagşy ol ýigidiň gözlerini halamady. Şonuň üçin gepi uzadyp oturman, turmak bilen boldy. Näme diýseňem, Sary bagşy agşama galdy. Toý eýesi Sary bagşa bir horjun puly gowşurdy. – Meret baý, sen şuny ýumuş bilme-de, özüň Aşgabada elt. Dom daýhan diýseň tanamaýan ýokdur. Meniň häzir ugrum ýok. Onsoňam, görýäň-ä, ýanym çagaly... Mallary bolsa eltip, işige, Jumanazara tabşyraýyň... Öý eýesi bir horjuna bişen et, çörek, nogul-nabat salyp, atyň arkasyna atdy. – Eliň-gözüň dert görmesin, bagşy... Gumly baýlar, tutuş gum obasy Sary bagşy bilen gadyrly hoşlaşdy. Sary bagşy atynyň ardyna Nuryny alyp, garaňka siňip gitdi. | |
|
√ Guduzlan it -2: powestiñ dowamy - 18.09.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -4: powestiň dowamy - 07.08.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -3: powestiň dowamy - 04.08.2024 |
√ Palindromaniýa: TamA Amat bermez - 03.07.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -6: powestiň dowamy - 28.08.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powest - 29.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Çakylyk - 06.03.2024 |
√ Oñat oglan / powestiñ dowamy - 06.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Ene / powestiñ soñy - 15.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |