13:50 Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala | |
• Maşgala
Powestler
Sary bagşy Aşgabada göçüp gelenden soň, birhili özüni amanat ýaly saýyp başlady. Howly giň bolanda-da, öý-içeri juda dardy. Pürli bilen Oraz, käte Nury jan tamyň üstünde ýatýardylar. Bu ýeri Bamy däldi. Odunyň, suwuň hem satyn almalydy. Huruş ýagdaýy juda ýetde-gütdedi. Soňky wagtlarda bolsa Ejelik kän keselleýärdi. Ol häzir hem keselhanadady. Bir gözi öňden görenokdy. Indi ikinji gözem çala saýgarýardy. Özem güýz bilen gyşyň sepgidindenmi, nämemi, agyry oňa juda azar berýärdi. Ony, çagalary Bama iberseň hem olar gününi görüp biljek däldiler. Sary bagşynyň öz-ä indi öldürseňem ansambldan aýrylyp biljek däldi. Ol Pürli, Hanmämmet gyjakçy bilen bileje ansambla günde baryp, görnüp gaýdýardy. Ol oglanlaryndan hem razydy. Ejeligiň ilkinji ogly Orazdy. Oraz gaty ýuwaşdan ýumşakdy. Hoşgylawdy. Ýöne keselbendiräkdi. Ýüzi hemişe sapyranlydy. Köp ýatýardy. Haçan görseň, ýany düşekdedi. Emma şonda-da gyjagyny elinden düşürenokdy. Özem Sary bagşynyň göwnüni awlap bilýän derejelere ýetýärdi. Şonuň üçin Sary bagşy ogluny sazçylyk mekdebine okuwa beripdi. Indi on iki ýaşly Oraz hem okaýardy, hem mekdebe gelen ýaşlara gyjakdan tälim berýärdi. Sary bagşynyň bar umydy Nurydy. Emma Nury heniz gaty ýaşdy. Bäş ýaş nire, gyjagyň gyňyr jylawy nire?! Oglan şonda-da, gyjagy ezber tutup bilýärdi. Onuň ýatkeşligi, edepliligi, zehinliligi çeniň däldi. Bir gün Sary bagşy işden gelende, kimdir biriniň öýde gyjak çalýandygyny eşitdi. «Alla janlarym, kimkä by!» Ol işikde diňşirgenip durdy. Diňşirgenmez ýaly däldi. Pürli ansamblyň sabynda Daşhowuz iline gidipdi. Daşhowuza giden aý aýlanman gelýärmi, näme?! Hanmämmet bolsa keselhanada ýatyrdy. Orazyň hem işi başyndan agdykdy. – Kimkä, bi? Ol tasap içeri girdi-de, haýranlar galdy. Bäş ýaşlyja Nury iki dyzyna galyp, humar bilen gyjak çalyp otyrdy. Özem owaza şeýle bir berlipdi welin gulagynyň ýanynda top atsaň hem biljek däldi. Sary bagşy içeri ätlän aýagyny yzyna aldy-da, işikde çommaldy. – Beý, Alla, janlarym. Heniz bäş ýaşam dolmadyk çaga bu owazlary, bu ýollary almak agyr dälmikä?! Bu ýollara imrindiren Hudaý elbetde, güýç-kuwwadam beriwersin-dä. Nury şeýdip, gün-günden, kä gizlin, kä açykdan saz çalyp belentden, belent alyslyklara dyrmaşyp barýardy. Sary bagşy bu oglunyň özi kimin bir gudrata sataşandygyny aňdy. Öz ýanyndan, oňa Alladan ylham, abraý diledi. «Iki gyz, üç ogul! Bolubilýär. Süleýmanyň mülküni dört böleniňde-de şundan köp ýetesi ýok...» Sary bagşy çagalarynyň içinde Jahany özüne has ýakyn hasap edýärdi. Jahany Bamyda, daşgynrak garyndaşy Jülgä durmuşa çykaran bolsa, ýüregi şonuň ýanyndady. Sebäbi, Jahan onuň ilkinji aýalyna juda meňzeşdi. Näzikden owadandy. Ondan başga-da, ol örän adamkärçiliklidi. Dözümsizdi. Bamy töwereklerinde gezip ýörse-de, ýüreginiň kakasynyň ýanyndadygyny duýupjyk durdy. Özüniň hem öler jany aýdym-sazdy. Kakasynyň aýdýan bar aýdymyny ýatdan bilipjik durandyr. Ol käte-käteler ilkinji aýaly Ogulbossanam, ejesi Üzümtäjem ýatlaýardy. Emma Ejeligiň yhlasy, öý-içeri diýip, çagalary hor etmejek bolup, saçyny sübse edip ýörşi, onuň bar derdini dep edýärdi. – Hudaý maňa şony beripdir. Çagalary hor etmedi. Ulularymy özüniňkiden artyk görmese, kem görenok... Ýöne, şu tiz-tizden kesellemesi bar-da... | |
|
√ Baga bagşy / powest - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Köşkde ýaňlanan aýdym - 06.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -2: powestiň dowamy - 01.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 04.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Kök küý kiss me - 05.07.2024 |
√ Guduzlan it -2: powestiñ dowamy - 18.09.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -4: powestiň dowamy - 07.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň soñy: Bamyny agladan aýdym - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Uspen halypa - 03.03.2024 |
√ Oñat oglan / powest - 06.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |