14:31 Palindromaniýa: Melek kebelek | |
PALINDROMANIÝA: MELEK KEBELEK
Powestler
Suwuň reňki gök, gögüň reňki mawy. Asman - zeminiň arasynda nähili reňkler bar ýene?! Gyr obany gyralap geçýän Geçemjek çaýynyň suwy bolsa hemişe bulançak. Bulançak derýanyň balygy süýji bolýar diýip öňden aýdylyp gelinýän nakyl, gep bar. Hürri kenarda bir zat gözleýär, emma töwerek dym-dyrs. Bu ýerler oňa biraz nätanyş. Aslynda ol suwuň gyrasynda çeňňegine garap otyrdy, kellesinde hem bir hytaýly akyldaryň aforizmleri. Aslynda hytaýly filosoflaryň sözleri onuň hemişelik hemrasy diýen ýaly onuň. Bir ýerde kölgeler uzaýan bolsa, diýmek ol ýerde Gün ýaşýandygydyr diýen ýaly meselem... Ýöne birden kenarda gyz sesi eşidildi. Golaýdan. Hürri erbet tolgundy, hakyt ýüregi agzyna geldi, gürs, gürs, gürs, gürs... Çeňňegine has uly balyk düşende hem beýle tolgunmandy gerek. Gyz sesi kömege çagyrýan ýaly göwnüňe bolmasa. Biri bilen bogalaşýan ýaly, birinden gaçyp barýarka sesiniň ýetdiginden gygyryp, kömek soraýan ýaly. Ýüregine ot düşen Hürri hemme ýere nazaryny ýetirjek bolup heläk. Iki ýana alakjap, ses-üýnüni çykarman boýnuny uzadyp dört tarapyna garaýar. Ýöne ýokarky kenarda yns-jyns ýok. Derýanyň kenaryndan aşak düşüp, suwyň gyrasyna gelen Hürri ýene diňşirgendi, bir ýerlerden gamyşlaryň şagyrdysy bar. Balyk tutmak düýpden ýatdan çykdy, ol diňe gulagy bilen ses awlajak bolup gara heläk. Göwnüne şu töwerekde bir ejizje gyz monýaklaryň eline düşmejek bolup, çar tarapa ylgaýan ýaly. Ejizje gyz diýende onuň göz öňüne gelýän Esfir. Akmeňiz, Esfir, sary saç, mawy göz Esfir. Ol näme etjegini, nirä gitjegini bilmän durka nirdendir bir ýerden gaýmalap gelen kebelek nazaryna ildi. Kebelek sap atýan ýaly gaýmalap, ýokarky kenara tarap uçýardy, Hürri onuň yzyna düşüp, ýortup ugrady. Kebelek derýanyň kenaryndan sesýetim daşlykdan başlanýan ekin meýdanyna tarap barýar, onuň gaýmalap barşy, diňe bir aýagynda bökjekleýan gyzjagaza meňzeýär. Kebelegiň yzyna düşüp barýan Hürrüniň kellesinde sözler monjuk kibi düzülýär «Kebelek, kebelek, ke. Ke. Be. Be. Elek. Kebelek, kelebek. Melek melek...» Ol ekerançylyk meýdanyna geldi, töwerek durşuna kelem. Hürri ýadap aşak çökdi, golaýda hiç kim ýok, bir özi. Indi gyz sesi hem ýok. Ýene onuň kellesinde Esfir. Men ony şeýle gowy gördümmikäm, Hürri geň galdy. Kebelek asman- zemin arada howanyň ýüzünde gaýyp bolupdyr. Ak kebelek, gök kebelek, bir seretsem gaýyp ýörsüň, bir görseňem ýok kebelek. Beh-h, diýdi Hürri. Lapykeçlikden gapdal gyşardy, soň arkan düşüp ýatdy. Ösüp oturan kelemleriň arasynda onuňam kellesi bir kelem ýaly. Kelemlerem göwresi ýere gömlüp goýlan adamlaryň kelleleri ýaly. Ol soňrak dikelip gapdalynda ösüp oturan kelemleriň birini goparyp aldy. Gyssanman gabygyny sypyryp, pikir ýumagyny çöşläp ugrady. Ynsanyňam pikirleri şu kelem mysaly ýaprak–ýaprak sypyrylyp baryberýär. Ýöne soňunda degerli bir zat çyksa ýagşy. Pikirler ýaprak-ýaprak bolup syprylýan kelem, meselem melek ýaly gyz Esfir hakdaky. Diňe o hakda pikirler däl, onuň başyna bir bela geläýmesin diýen kabus garabasma hem gündiziň günortany Hürrini yzarlap ýör. Ýogsam bu ýerde Esfir nämişlesin?! Bu ýerde bir Hürri, ýalňyz özi kelemleriň arasynda otyr. Bir kelem ýapragynda bolsa ganatlary menek-menek okaraňgetirsüýtbereýin otyr. Merdan, zenan we gadagan mekan (Ziýnäniň gizlin gündeliginden) Bapby birgadyň şol görkezen ýerine ýoldaşym baranok. Bagyň içindäki barmaly däl ýer. Ana şol töwerekden daşyrak durýar ýoldaşym. Hem ikimizem bu hakda hiç zat gürleşemizok. Saçak başynda hem, düşekde hem asla. Şol töwerege barmak gadagan edildimi, diýmek gürrüňinem etmek gerek däl. Kolhoz başlyk gadagan eden bolsa, Bapby birgadam tabşyran bolsa bize ol ýere barmagyň hajaty ýok. Biziň ýaşaýan bagymyz bolsa giň, özüm-ä aňry çetine çykybam göremok. Aňrysy hem uzak bolmaly, adyny tutan miwäň, ir-iýmişiň tapylýar bärde. Biz maý aýynyň aýaklaryna süýjäp, tagamyna bal gatýan ýaz almalaryndan mürepbe gaýnadyp başlaýas. Mundan tiziräk mürepbe gaýnatmasaň hyrdary köp. Hemme şu alma agajyndan tamakin. Ýa onuň ilki bişýän miwe bolany üçinmi?! Onsaň tä giçki güýze çenli süýji nogul eriklerden kak serip, garalydan kişde edip, wagtyň geçýäninden habarsyz. Ýoldaşymyň iň halaýany beýiden edilen mürepbe. Menem ony yhlas edip gaýnadýan. Bu günem şeýle süýjülikli günleriň biridi welin, ýene Bapby birgat geldi, aýagyny ýempäp... – Merdan jan, seniňem gerek ýeriň geldi, inim – diýip, ol ýoldaşymyň ýüzüne gönümel sereti. – Seni bir hepdelik çöle gyrkyma gitmeli etdik. Özüň ýaly on-onki ýaş ýigit bar, senem gaýrat edersiň-de. Ýoldaşym näme diýjegini bilmän, bir Bapby birgada, birem maňa seretdi boýnuny burup. Bapby birgat şol arada ýoldaşyma: – Hepde diýeniň hä diýmän geçýe-deý, sen bir gaýrat et onda – diýip, soňam maňa garap, sözüni dowam etdirdi. – Gelin, senem içiňi gysdyrman oturarsyň-da... Göwnüme bolmasa, ol sözüniň soňunda maňa seredip, göz gypan ýaly-da boldy, ýa-da özümden tosladym bu gepi. (palindrom – 7) Kişi Çaga Mirap indi bir hepde bäri ýola bakýar, Hürrüden hiç derek ýok. Balykçy oglumyz nirä gaýyp bolanyny bilmän alada galýan Mirap bolmasa onuň okaýan internadyna baryp soraşdyryp göräýsemmikäm diýip göwnüne getirdi. Bu hakda agşam aýalyna hem aýdypdy. – Ol oglan henizem gara berenok. Ýatmaga häzirlenip ýören aýaly uzyn pallap: – Haýsy oglan? – diýip, äriniň ýüzüne tiňkesini dikdi. – Wiý-ý, ol balykçy diýýäniňmi? Keýpsiz oturan mirap: – Gepiň küle ýeri, ol Gyr oba giden bolmaly – diýip, göwnigiňlige saldy. – Şol ýerde bir gowy görýän adamy bar onuň. Aýaly düşege geçip, ýançyrany söndürdi: – Oba beýleki diýip ygyp ýörse, internatda ony sorajak-idejek ýokmy? Mirap ýorganyň gyrasyny serpip: – Keýwany, bilýäňmi, ol oglan hemme bilen dil tapyşyp bilýär – diýdi. – Aý, özi bir ýyldyzy yssy oglan-da. Onsaň internatdaky mugallymlar oňa zat diýenok. Uka gark bolmazdan ozal agzyny hatap ýaly giň açyp, pallap, howadan öýkenini dolduran aýal: – Ol oglanjyk, Hürrüjik seniňem göwnüňi awlap bilipdir öýdýän. – diýip, gapdalyna geçip gyşaran ärine ýüzlendi. – Baýak ony öýe çagyryp, palaw bişirip iýdireli diýip oturanyňdanam aňypdym, ýöne-möne oglan däldigini ol çaganyň. Ýarygije. Mirap oýanyp, kän diňşirgenip ýatdy. Soň aýalyny oýarmaýyn diýip emaý bilen galkdy. Daşary çykmaga howlukdy. Töwerek azajyk üýtgäpdir. Jaýyň işigi demirdendi welin, indi agaja öwrülipdir. Agaç işik. Işigi daşa itdi. Ol daşary çykdy. Daşarda ol birden äpet kölüň gyrasynda peýda boldy. Garamtyl-gök öwsüp, tolkunyp ýatan kölüň ortasynda mawy suwy bimaza etmän balykçylaryň gämisi ýüzüp ýör. Gämi kenara daýanyp, labyr taşlansoň, ondan onki kişi çykdy. Olaryň boýunlaryndaky tumarlarynda balygyň şekili bardy. Olaryň arasynda daýanykly biri Miraby ýanyna çagyryp, iýmek-içmek hödür etdi. Mirabyň aljyraňňylygyny görübem, düşünmeýändir öýdüp, bir agaç okara şerap guýup, hem bir kesemen nan uzatdy. Ýogsa ýagşylyk edilende hiç bir söz-kelam gerek däl. Ýagşylyk öz-özünden düşnükli. Ol şeraply okarany özüne sunanyň ýüzüne garaý-garaý ikelläp garbap aldy. Şerabyň adaty däl tagamy bardy, hemem başyňy sämedenok. Kelläň barha durlanýar. Aý, ýok bu aslynda şerap hem däl ýaly-la. Nan bolsa henizem Mirabyň elinde. Mirap uly adamam bolsa, olaryň arasynda özüni çaga ýaly duýýardy. Şol wagt hem ol onki kişiniň arasynda Hürrini gördi. Hürri hem ony tanady öýdýän. Ol owadan ýylgyrýar. (dowamy bar) | |
|
√ Oñat oglan / powest - 06.08.2024 |
√ Guduzlan it -2: powestiñ dowamy - 18.09.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -7: powestiň dowamy - 10.09.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopanystanda gije - 02.07.2024 |
√ Ene / powestiñ soñy - 15.01.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan, çopanystanda. Ýalñyzlyk oýlary - 03.07.2024 |
√ Palindromaniýa: Hoş ses. Taş ses - 04.07.2024 |
√ Oñat oglan / powestiñ dowamy - 06.08.2024 |
√ Sary bagşy / powest - 03.03.2024 |
√ Baga bagşy -7: Ýatlamalaryň ýumagy - 07.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |