18:27 Sary bagşy / powestiň dowamy: Halypa | |
• Halypa
Powestler
Sary gün-günden boýnap, jahyllanyp barýardy. Adamlar geçen hasratlar bilen öwrenişipdiler. Ýogsa Gökdepäniň hasraty asyl-asyl egsiler ýaly däldi. Il bir nesle däl, bir halkyň tutuş ömrüne ýetjek hasratdy. Toýlar tutulup, ýaslar dolanyp durdy. adamlar güzeran, durmuş diýip ýaşaýardylar. Garynja gara günde diýlenidi. Pürli çaşgynyň hem üýşüp ýatan goly, güýji ýokdy. Akaryň boýundaky birki tanap ýerini sürmelidi, ekmelidi. Ol bir il adamsy bolansoň köplenç öýde bolanokdy. Üzümtäjem çagalar bilen başagaýdy. Bir topar çagany eklemek, iýdirmek, içirmek oňa-da aňsat düşüp baranokdy. Onsoň göze görnüp, inine et bitip başlan Sary içeriniň dikrary bolup galyberýärdi. Ol mallara-da seredýärdi, mellege-de gidýärdi. Öýüň iç-daş işleri hem şonuň başynady... Ol indi Kepeläň körüne berlen Sary däldi. Ýigit ýetişip barýardy. Emma şonda-da ol Kepele halypany undup bilmeýärdi. Ylaýta-da onuň Gökdepe galasynyň üstüne çykyp aýdan aýdymlarynyň owazy onuň aňyndan gitmeýärdi. Onuň öwütleri, sesi gulagynda ýaňlanyň durdy. Ýüregi şol beýik halypany küýseýärdi. Ony, onuň ýanyna baryşyny günde, günaşa ýatlaýardy. Bu şeýle bolupdy. Bir gün Gökdepeden Arapgala obasyna bir ýaşuly geldi. – Gel, gel – diýip, Pürli çaşgyn myhmany gadyr bilen garşy aldy – Mazaly Garrygaladan myhmanlarym hem bar. – Men Isbirdenden geldim. Kepeläň köri iberdi. Özem şeý diýip aýt diýdi. Ol: «Bärimden aňrym ýakyn» diýdi. «Pürli çaşgyna aýt. Sary jany getirsin. Elini, köňlüni bir syntgylap galaýyn» diýdi. «Emma haýal-ýagallyk etse, gijä galar, täjizlesin» – diýdi. Bu habara Garrygaladan agasy, molla Guwanç dagy gelen Üzümtäç birhili boldy. – Waý, balamyň Isbirdende näme işi bar. Ol ýaňy sekiz ýaşad-a, onsoňam biz ony Guwançjana berreli, mamasynyň ýanynda birki ýyl bolsun diýip ýörmänmidik – diýip, gepi bada-bat alyp gaçdy – Balamy ozal-a gözümiň alyndan aýyrman, aýyrsam-da Garrygala, molla Guwanja bererin... Aýalynyň bu howlukmaç sözüni Pürli nädip aklajagyny bilmedi. – Hudaýguly, agam, sen ol halypa hiç zat aýtma. Sen gowy habar getiripsiň. Agşam maşgala bolubam bir geňeşeli. Könelerimiz «Geňeşli biçilen don gysga bolmaz» diýendir. Oglanyň özi näme diýýär, soraly. Nesip bolsa, üç günden habaryny ýetirerin. Myhman sözüni aýtdy-da gaýtdy. Üzümtäç ýene-de ara goşuldy. Emma molla Guwanç ony saklady. – Üzüm bajy, sen meni diňle. Ýegene halypa gerek däl. Tüweleme hakdan içen. Ol şu gidişine gitse, ömrüniň ahyryna çenli ýagyrnysy ýere degmez. Ýöne bir zady bil. Sary ýegen ömrüne juwan bolup geçmez-a. Olam kämilleşer. Şonda onuňam şägirtleri bolar. Ine, şonda: Bu ýol, Kepeläň körünkidir. Ol şeýdip çalardy. Şeýle diýerdi. Şeýdip öwrederdi. Diýmek üçinem halypa görmeli. Onsoňam Kepeläň köri diýmek, Arapgaladaky Garadäli gökleň diýmek. Oňa men-men diýen bagşy-sazanda şägirt bolup bildimi?! Onuň sesine aşyk bolup Amangeldi Göni obasyna alyp gelendir. Özi oňa halypa bolandyr. Onuň şägirdi bolmak Mary bagşylarynyň, Amangeldi halypanyň şägirdi bolan ýal-a. Onsoňam Sary jany eli, barmaklary gatamanka bermeli halypa. Asyl, onuň özi Sary ýegeni sorap gelipdir. Bu bolýan zat däldir. Bu halypanyň yhlasynyň ýüzüne urup bolmaz. Häzir, küpür geplemäýin, Molla Guwanç, gel men seni şägirt etjek diýse, çagalarymy taşlap sakalymyň şu agy bilen şol adama şägirt bolmasam, tüf ýüzüme... Bu söz Pürlä-de, Sara-da, Üzümtäje-de täsir etdi. * * * – Üzümtäç özüniň nowbahar balasyny näçe gowy görse-de, käte hyňranyp, käte gökleňçeläp, «Sary ýaga ýugrulan, marly elekde elenen, sary çagam Sary jan!» diýip söýse-de, ahyr soňunda sekizem ýaşamadyk balasyny Arapgala sary ýola salmaly boldy. Pürli çaşgyn ogluny Kepele körüň ýanyna elin eltdi. Onuň hakyny-heşdegini gepleşdi. Ony serpaýlady. Kepele köri kellesi şypyrma telpekli, köneje çäkmenli, köse sakal kişidi. Onuň gözleri çalady. Ak patlawukly gözi özüne manysyzlyk bilen garanda Sary tisginip gidýärdi. – Hany, gel, ýüzüňi-gözüňi bir göreýin – diýip, goja o gaty edil atişgir ýaly barmaklary bilen Sarynyň ýüzüni, eginlerini, bileklerini elleşdirip, sypalaşdyryp goýberdi. – Bolubilýär. Bolubilýär. Onuň bar aýdan sözi «bolubilýärdi». Ol başga söz bilmeýärdi. Onuň aýaly Bibigül hem birhili garasöýmezdi. Ol Pürli çaşgynyň getiren se-serpaýlarynyň ýüzüne-de seretmedi. Çaý gaýnadyp, gelenleriň öňüne saçak ýazdy. Gowurdak, tudana toşabyny goýdy. – Alyň, iýip-içip oturyň... – Ýeňňe, Üzümtäç size «salam» iberdi. Ogluna öz ogly ýaly göz gulak bolmagy tabşyrdy. Enşalla, özümjik gadryny bilerin diýdi. Bibigül ýeňňe sesini çykarmady. – Nähili, bu agamyzda heniz birneme gor barmydyr, biz-ä oňa azar bolýan-a däldiris-dä... – Iýip-içip oturyň! Ol başga söz aýtmady. Indiki okabam ýola düşdiler. – Ýegen, halypa ýaly keramatly adam bolýan däldir. Sen bu adamyň raýyny ýykgyn. Sözüni, sögünjini, iňirdisini çekgin. Ol derdiňe tenekardyr. Ýogsa, soň arman çekersiň. Ölmedige ömür köpdür. Bu dünýä agyp-dönüp durandyr. Gurduň alyna gelen, itiňem alyna geler... Sary bu sözleriň manysyny tirip bilmese-de, bir zada düşündi. Bu adam onuň patyşasydy. Ol onuň ýerdäki hökümdarydy. Ol näme diýse, kemini goýman berjaý etmelidi. – Hany, kakuwyňy göreýin – diýip, halypa üçünji güni guşluk gabatlary ýaşajyk saryny ýandak çapyp ýören ýerinden çagyryp, eline dutar berdi. – Çal, hany! Sary gapagyň üstünde bir salkym barmagyny o ýan, bu ýan hallanlatdy. – Boldy. indi seniň işiň kakuw bolsun. Her gün on müň kakuw edersiň. – On müň! Men onçany sanap bilemok. –Näçä çenli sanap bilýäň? – Ýigrimi. Goja sesini çykarmady. Ol dutary çekip aldy-da, oňa emaý bilen kakyp başlady. – Ine, şuňa kakuw diýerler. Barmagyň kädä degdigi, meniň atam şol pursat ölýändir. Maňa seniň gaýraky Ýerbende ses ýetireniň derkar däl. Maňa seniň dutary adam ýaly çalanyň derkar. – Hany, şeýdip çal. Sary öz dutaryny duldan aldy-da, az-kem sazlady. Soň ony ýuwaşja çalyp başlady. – Dur. Barmaklaryň ujy kirişi öpüp gaçsyn hany. Sary halypanyň diýişi ýaly etmek isledi. Emma barmaklar kirişden hem geçip, gapaga galtaşdy. –Ana, ana, atam öldi. Bar, bar, ýok bol!.. Halypa aňyrsyna döndi-de, sary giden çäkmenini başyna bürenip toňkardy. Bibigül ýeňňe içeri boýnuny uzatdy. – Bolduňyzmy? – Näme? – Çapanja ýandagyňy tamdyryň başyna elteweri. Soň suwa-da gidip gel... Sarynyň eli bu öýüň güzeranynda bolsa-da, pikir-hyýaly halypanyň aýdym sözlerindedi. – Bu myssyklygyň bilen senden bagşam bolmaz, sazanda-da. Tetirräk bol. Hany, şelpeläp çalmany öwrendiňmi?! Sary Kepeläň körüniň «Goşalap çal, şelpeläp çal, düýrüp çal, aý, sallanyp çal» diýen oglan oýunjagy ýaly gürrüňlerinden bizar bolupdy. Şonuň üçin ol halypasyna gep gaýtaran günlerem bolupdy. – Men bu ýere tamdyr odun ýygmaga, çalym çalmaga gelenok, halypa! Bu sözi halypa ýa eşitdi, ýa eşitmedi. Ýöne ol şägirdiniň äheňinden närazylygy duýdy. – Baý-bow, baý-bow, halypalar bizi ýyllap çaluwa daňardylar, seniň geleniň ýaňy, eýýäm jüýk-jüýk öwredip başladyňmy. Bar, gelnejeň suwuna, odunyna kömekleş. Senden şondan başga pişe oňaran bolmaz, bar... Ol ýene-de çäkmenini kellesine büräp, aňyrsyna döndi. Kepeläň köri Saryny öz işiginde ýarym ýyl saklady. Soň welin Gökdepe jeňiniň bir ujy ýaşlady. – Sarym, görseň, bu panyň wepasy ýokdur. Hany, daňdanlary owazymyza gark eden günlerim. Hany, Etek ilini iki tarapa baglan günlerim. Senem şeýle bolarsyň. Menem, Berkeli halypa gülüpdim. Indi zalym ajala duşmana ilim ýesir düşdi. Arman, bilýän zatlarymy öwredip bilmedim. Ýöne sen meniň diýýän şägirdim däl ekeniň. Men kör, sen gözli. Men bende, sen weli arkasy asaldan howandarly Serdar bolduň. Meni bagyşla. Seni çaluw diýdi, ýapbyldak diýdi, şüdgärde kowalap ýörüpdirin... Indem barymyz Gala girmeli. – Ýok, beý diýmäň, halypa. Men sizden gaty köp zat öwrendim ahyryn. – Wah – Halypa närazylyk bilen başyny ýaýkady. – Ondan zat bolmaz, bolmaz, bolmaz. Arman tapba kesilmeli boldy arany. Bu jeň bir sag-aman sowulsyn, onsoň görersiň halypaň öwredişini. Halypa Saryny Gökdepe galasyna getirip, atasyna-enesine tabşyrdy. * * * Gökdepe jeňi sowuldy. Il-günüň ölmedigi öýli-öýüne dolandy. Sary Bama gelse-de, janyna jaý tapmady. Ol dutar diýen senede ýaňy gyzygyp ugrapdy. Kepeläň köri onuň ellerini polat sandalyň üstüne goýup, ýekedaban bilen ýagşy ýenjen ýalydy. Onuň barmaklary göz açypdy. Öňler ol dutary çalyp, aýdym aýdyp bilmeýärdi. Emma öz-özüni terezä salyp, haýsy sazyň niresini, nähili çalýanyny, haýsy sazyň haýsy öwrümini nähili burýanyny bilenokdy. Indi welin ol her sazyň öwrümini, içinde balynyň ownujak süňkleri ýaly bolup, pynhandan syra beslenip ýatan heň, owaz öwrümjagazlaryny yzarlap bilýärdi. Ol öňler saz, dutar diýilse höwese beslenip, bulutlaryň içinde gaýyp ýören bolsa, indi olary elläp, söküp, ýasap bilýärdi. – Sazy üýtgediji bolma! – Bu ses onuň gulagynda galypdy. Şonuň üçin ol öňki galyplary, heň, owaz öwrümjiklerini görýärdi, eşidýärdi. Olary Garadäli gökleňem, Göni halypa-da, Berkeli halypa-da, Kepeläň körem şol durşuna, üýtgetmän çalypdy. Indi Sarynyň özem şolary keramat ýaly aýap, şol çalyp ýörmelidi. – Kakam, sen näme Bama sygman ýörsüň? Pürli çaşgyn Üzümtäjiň sözüni öz adyndan aýtdy. – Kaka, men ýene bir halypanyň gapysyny kakmasam bolmady. Kepeläň köründen saz öwrendim, ýöne az öwrendim. Indi, munça bolanyna görä, saz bilen aýdymy işlemänem öwreneýin. Yzgantda Göni halypanyň şägirdi, Kel bagşy bar. Kyn görmeseň, meni şonuň ýanyna elt. Meniň özümem ony tanaman duramok. Ýöne eýesiz ýaly bolup barmaýyn... Kel bagşy Saryny şägirtlige almajak boldy. – Ýok, inim Pürli, sözüňe gurban. Meniň şägirt kemim ýok. Men Kepeläň körüniň ruhuny bimaza edip biljek däl. Ol bu dünýäden «Sarym! Sarym» diýip gitdi. ondan perzent galmady, bir Sary galdy. Indem men ony şägirt edinsem, ol adam meni bu dünýäde dek gezdirmez. Ol halypa juda talapkär, juda oňşuksyz adamdyr. Bende göründe bir arkaýyn ýatsyn. Başga bir halypa gözläň. Sary janyň indi menlik işem ýok ýaly-la. Pürli çaşgyn ogluny yzyna tirkäp Bama gaýtdy. Soň bir geçip barýandan Üzümtäjiň Garrygaladaky dofanoglany molla Guwanja «Saryny alyp gitsin» diýip sargyt etdi. Üzümtäjiň guşy uçupdy. Ol saý-sebäp bilen Garrygaladan Bama düşüpdi. Emma ýüregi Garrygaladady. Indi özi baryp bilmese-de, nowbaharynyň gözden uçan eziz ilinde boljagyna guwanýardy. Dogany basym gelmelidi. Ol öňem Saryny şägirt edinjek bolup, ýürek üzüp ýördi. – Ýegen, men Garadäli halypanyň eline kän suw akytdym. Onuň mirasdüşeri mendirin. «Sen ýalakdüýbüsiň» diýip, maňa syryny açyp gitdi, bende. Ölmänkäm men şolary saňa bereýin. Ajala çäre ýokdur. Menem Taňry bilen şert edişip gelen adam däl. Adam pahyr bu gün bolsa, erte ýok-da... Molla Guwanç geldi. Onuň hem, Üzümtäjiň hem, Pürli çaşgyňam keýpi kökdi. Sary molla Guwanja şägirt boljagyna begenmeýän ýokdy. – Nesip bolsa, erte agşam mamaň janyň ýanynda bolarsyň! – diýip, Üzümtäç indi işekçir çykan balasyndan gözüni aýryp bilmän, gaýta-gaýta aýdýardy. – Sen oglum, oglanlyk edip, Şeýtangalanyň owadan gyzlaryndan birini alyp gaýdybermegin. Ejeň düşeni azmy, bu gär tekäniň arasyna, başga bir bende meniň oduma ýanmasyn... – Tekeden näme ýamanlyk gördüň! – diýip, adamsy hem Üzümtäçden kem galmady. – Tüweleme, depseň deprenmez döwleti bar. Ogul-gyzyň bar. – Onyň-a dogry-la, Pürli, ýöne naçar göwün-dä, il-gün, dogan-garyndaş-a küýselýän eken. Näme diýseňem, naçar-da. Diýmese bolanok-da. Ýogsa kem zadam ýok-la, Hudaýa şükür... ...Gijäniň bir mahaly iki sany atly işige gelip saklandy. Ertir irden ýola düşeli diýip irräk gyşaran öý eýeleri, myhmanlar geň galyşyp, howsala bilen oýanyşdylar. – Bular-a ir gözündenjik ýatana meňzeýärler. – Aý, ýok-la, beýle ir ýataslary ýok-la. Ýatsalar hem turuzarys. Pürli laňňa galdy-da, daş çykdy. – Salowmaleýkim, geleweriň. – Ana, diýmedimmi, ýatan däldirler diýip. Pürli Kel bagşyny tanady-da, onuň ýarawsyz janyna Yzgantdan Bama gelip-gelmejegini aňynda saldarlady. Özem, gözlerine ynanmajak boldy. – Essalowmaleýkim! – Waleýkim essalam, geleweriň. Öýdäkiler hem eýýäm örüpdiler. Üzümtäç eýýäm ojagyň başynda köwlenip ýördi. Ojagyň ody töweregi ýagtyltdy. Sary Kel bagşynyň ýadaw ýüzüni, başyndaky toý telpegini, bükülibiräkden berdaşly kamatyny tanady. Baryp, onuň bilen salamlaşdy. – Öýe giriň, halypa! – Inim, indi giç. Biz habarymyzy aýdyp, soň gaýtmakçy. – Bolmaz, bolmaz. Meýdan ýere geleňizok ahyryn... Kel bagşy «Bismilla» diýdi-de, işikden içeri ätledi. Gelenler bilen hal-ahwal soraşyldy. Üzümtäç «Indi nesibämi kişi iýmez» diýenlerini edip, oglunyň ýola göterjek işliklisini, gatlaklysyny saçaga goýdy. Özi welin bu myhmanlaryň gelmegini gowluga ýormady. – Pürli jan, biz bir türkmen-dä. Eden işimiz hökman çirk bolmasa bolmaz. Men bir uzynam-a däl. «Uzynyň akly giç geler» eder ýaly. Emma «Oglana ýumuş buýur, yzyndan özüň git» diýenleri hakyt meniň başyma geldi. – Weý, näme boldy, halypa bizlik... – Arada berip gaýtdyňyz ahyryn – Kel bagşy başyny armanly ýaýkady. – Şonda siz-ä razy etdimmi, razy etmediňmi, gaýtardym. Haramy?! – Ýeri! – diýip, Pürli hem şol pursatdaky öýkesini ýadyna salyp, gowşaksy Hä berdi. – Ana, şondan soň turdy bir bela! – Wäh, o ne bela! – Ol köpeý ogly, Kepeläň köri indi düýşümden çykmasa näme, maňa gaty güzap berýär ol. «Sen näme üçin şol oglany alyp galmadyň! Seniň öýüň köýsün, öýi köýen». Ine, onuň gepi. Ol ýezidiň düýşüme gireni bilenem oňjak men. Tas öýüm ot alypdy, işikdäki ýandak küdäm-ä owarram, ot alsa alyp geçsin welin. Indi, öýümi otlasa men näme işläýin. – Halypa, seniň oýnuňmy, çynyňmy, men-ä düşünmedim. Ölen bende... Kel bagşynyň gahary geldi. – Haý, namartaý, sen şu çaka çenli Yzgandyň Kel bagşysy ýalan sözläpdir diýip eşitdiňmi? «Koý bogazdan, adam lebizdendir». Onsoňam, sen Kepeläň körüni bihal görmegin. Ol bir şehit ölen adam. ol ölýänçä-de Etek bagşylarynyň birem o ýana, özünden biygtyýar byt etdiren däldir. Onuň gazabyndan Hudaýyň özi saklasyn. Ol Gökdepe jeňinde dünýäsini täzeledi, indi bir ine-gana gezeris-ow diýsek, düýşüme girip heläk edýär. Men-men, ol Amanguly ahunyňam, aýalynyň hem düýşüne giripdir. «Baryň, şol ýoknasyza aýdyň, Saryny şägirtlige alyp pata bersin» diýip. Şeýdip güzap bermese, şeýdip zor görmese Kel bagşymy ýyly ýerini sowadyp, Yzgantdan Bama geljek. Soňky ýyllarda «Kel bagşy obasyndan çykypdyr» diýip eşiden dälsiň. Emma, ine, ine... Ol janyýangynlyk bilen başyny ýaýkady. – Öňde bir içi ýananyň biri: Ölmedem, dynmadam diýipdir. Emma bu peläket ölenden soňam bizi dyndarmady. Öýüň alada. Her gün «Öýüň otlansyn» diýip ysgynymy alýarlar... Molla Guwanç mähriban ýüzünden nur bulduradyp, ýyldyryp oturşyna: «Içi ýananyň bir güläýmesi bardyr» diýip otyrdy. – Halypa, geleniň gowy. Bizem sen «ýok» diýeniňden soň, Garrygala sargyt edip, oglanyň daýysyny çagyrtdyk. Olar ynha, ýene birki sagatdan ugrajak bolup, şaýlaryny tutup otyrlar. Men-ä näme diýjegimi bilemok-da. Kel bagşy aýgytly gepledi. – Sen gepi köpeltme, Pürli. Men beýdip, gamçynyň ujuny dişläp ýola düşemsoň, Bamyň, Garrygalaň näme, baryp Büjnürde bolsa-da bu oglany tapmasam bolmazdy. Men ony sazlap, syntgylap bir «pata» bereýin, onsoň äkit-de, Türkmensähradaky Aly halypa ber-äý. Ýöne, men indi boş gaýtman. Üzümtäç doganynyň raýyny çalyp sözledi. – Indi, mamamlaryňa-da habar etdik. Bolmasa, görüp-görşüp, bäş on günjük bolup gaýdybersin, Garrygalada. Daýysam boşja gaýtsa, boşja barsa, olaryň hem keýpi bozuljak-da. Kel bagşy Üzmtäjiň sözüni onuň agzyndan garbap aldy. – Hany, gelin, heleý söwdasyny goýaly bu ýerde. Sen ony etegiňe baglap goýjak bolsaň, bagşy boljak ogul dogurmaly däl ekeniň. Hiç kimden ses çykmady. – Aý, halypa, duraweri, sen beýtseň, baryny bulaşdyrarsyň. Hany, bir geňeşeliň bakaly. Sary bar, molla Guwanç bar. – Men halypa bilen gideýin, kaka! Sarynyň bu sözi meseläniň deň ýarysyny çözdi. Indi, molla Guwanç galan bölegini rejelemelidi. Ol Bor diýse, mazaly bir okda iki towşan awlajakdy. Oturanlar Üzümtäjiň doganynyň göwni diýip tykyraýandygyny bilýärdiler. – Halypany boş gaýtaryp bolmaz. Molla Guwanjyň bu sözi ýürekleri ýumşatdy. – Hawa-la, beýdip özi gelensoň dagy – diýip, Üzümtäjem gowşady. * * * ...Kel bagşynyň döwleti döwrany, alty-ýedi sany şägirdi, maly mülki bardy. Ol zada zar adam däldi. Ol Saryny zabun tutup başlady. Ol güni bilen diýen ýaly, oglany kowýardy ýa-da özi gaçýardy. Ýöne Sary indi ony kän bir sypdyranokdy. Şu ýerde ol bir zada düşünüp galdy. Kepeläň köri Sara saz çalmagyň arşyny açyp beren ogşyýar. Käte, Sarynyň eline, pelpelläp, ýelpäp owaz çykaryşyna, eliniň, barmaklarynyň edebine Kel bagşynyň özem oturyp-oturyp haýranlar galýardy. Ol bir gün «Hajygolagy» çalyp, gaçyp oturşyna birden dutaryny çalmasyny tapba goýdy. – Hany, hany, nädip aldyň şujagaz ýerini?! – Häzir! Sary şol bady bilen kowup ugrady. – Ine, munuň ogul tapyndy. Tapyndy kemi ýok. Muňa soň-soňlar Sary bagşynyň çalyşy diýerler. Görsen-e. Sary «Goňurbaş» mukamyny çalanda, «Gökdepe», «Burnaşak» mukamyny elendirende-de Kel bagşy durşy bilen gulaga öwrülýärdi. Soň gözlerini ýumup hyrçyny dişläp, başyny ýaýkap-ýaýkap goýberýärdi. Bir gün Sary Kepeläň körüniň öýünde edýän işjagazlaryny küýsäp, eline kätmen alyp, ýandak çapyp başlady. Ol ýagşy derläpdi. Birden yzyna garanda Kel bagşyny görüp galdy. – Haý, binamys, haramzada. Bar, heleýleriň börügini geý-de, syrtyňy bulap, unam ele. Utançsyz, tüf ýüzüňe... Sary erbet utandy. Kätmen onuň elinden gaçdy. Baryp işikdäki erik töňňesiniň üstünde oturdy. Öýlän ýüzüni etegine salyp halypanyň otagyna bardy. Emma Kel bagşy ýüz bermedi. – Bar, bar, tamdyr oduny ýygyber. Hamyryň alyşan bolsa, onam ýap tamdyra. Meniň heleý hünärlä halypalyk ederlik ýagdaýym ýok. Ol Saryny üçünji günüň öýläni çagyrdy. – Sen näme, aklyňy ýitirdiňmi? Diri wagtym-a däl, men ölensoňam, ömrüň ahyryna çenli, aýal dulunda görünseň, heleý hyzmatyny etseň, sen Kel bagşynyň şägirdi dälsiň... Sary tä halypasyndan pata alyp gaýdýança däl, ömrüniň ahyryna çenlem bu sözi ýadyndan çykarmandy. Kel bagşy diňe bir bagşy edebinä däl, sazanda, aýdymda-da zabundy. Ol her bir pikirini aňyna berçinnleýärdi welin, Sary oňa haýranlar galýardy. Sary sesine bäs gelip bilmese-de, Kel bagşy onuň uýanyny goýbermeýärdi. Bir sapar Sary halypanyň öňünde «Daş galdyny» bişirip otyrdy. Halypa gözlerini ýumup, dutarynyň sapyny bir eli bilen gysymlap, eli maňlaýyny eline goýup husur çekip aýdym diňläp otyrdy. Aýdym ahyrlapdy. Emma birden Sary hyjuwyna bäs gelip bilmän, täze bir heň bilen «Iller daş gal-dy, aa-ah!» diýdi-de sokduryp goýberdi. Şonda halypanyň üstünden gaýnag suw guýlan ýaly, erbet tisginenini görüp galdy. onuň başyndaky tahýasy, elindäki dutary bir ýana atylyp gitdi. – Tüket, tüket! – Ol gazabyny saklap bilmän gygyrdy. – Baryny pohladyň, harap! Tur, güm bol şu ýerden... Sary atylyp öýden çykdy. – Güm boluň! Gopjyňy göter-de, Gökdepede garaň görünmesin, ýezit! Halypa agşama çenli gargynjyrap oturdy. Soň işige çykyp bar sesi bilen gygyrdy. – Iýeniňiz haram bolsun! Alanyňyz haram bolsun! Siz ýaly ýalýagylara türkmeniň ýoluny harlatmaryn. – Şol wagt ýaşyrak şägirtleriň birine gözi düşäýmezmi – Sen näme, gurrumsagyň biri. Güm boluň! Sizden at ýitiren çykmasa, bagşam, sazanda-da çykmaz, güm boluň! Ol şeýdibem aňyrdan gelýän beýik ýoluň gylyny gymyldatmazlygy şägirtleriniň aňyna guýupdy. Onuň duzuny iýen şägirdiň ata-babadan gelýän ýoly gylyň gabarasy ýaly-da üýtgedeni bolmandy. Kel bagşy ylaýtada at seýisçiligini gowy bilýärdi. Ol gyr alaşasyny aýratyn huruç bilen besleýärdi. Köplenç saýa, bagşyçylyk bilen baglanyşykly tymsal getirende, ol göni aladaly gürrüňe alyp gaçardy. – Beýtme – diýip, ol Sary «Saryýa» truwbaşdan daraşanda aýtdy. – Oglan ahyry, gapydaky alaşany uly aýlawa goşanynda bada-bat gamçylap başlasaň, ol orta ýolda maýrylmazmy?! Sen ilki diňleýjiňi aýdyma taýýarla. Sen orta näme üçin çykdyň, şolara aýdym aýtmak üçin ahyryn. Başdan gykuwlap, pellehana golaýlanynda atlaryň guýrugyna ýelpenip barýan atyň çapyksuwarynam, seýsinem hiç kim äsgerýän däldir. Sen pähim et. Ilki diňleýjini aýdym diňlemäge taýýarla. Onsoň sesiňi taýýarla. Ine, onsoň, synlaber. Adamlar hakyky aýdymy küýsäp başladylarmy, barlap gör. Diňe şondan soň aýt aýdymy. Onda-da daga ýagdaýy bilen çyk. Bagşyçylyk ýoly – uly dagyň ýoludyr. Sen ylgap dagyň başyna çykyp bilermiň. Özüňi seýislemelidir. Soň, kem-kemden dyrmaşarsyň, ýokary. Ýüzüňe dag şemaly çalar. Deriň sowaşar. Yzyňa bir öwrülip gararsyň. Küren-küren obalar aşakda ýaýylyp ýatandyr. Sen bolsa belentsiň. Ine, şonda bir göwnüň galkar-a. Ine, şony aň-da sürüber. Öňüňde kötel durmaz... Şol şypany duýmasaň, howlukma. Bir sapar Sary Bama görme-görşe gitdi. şonda ol bir yoýda aýdym aýdypdy. Soň bolsa aýdyma tutulýan baýrak gepli-gürrüňli bolupdy. Bu gep bolsa öňinçä halypa gelip ýetipdi. – Kim saňa aýdym aýt diýdi – diýip, Kel bagşy Saryny eýwanda garşylap, ýüzüni gazaby bilen çawlady. – Gurrumsak diýerler, saňa. Sen indi «haram-haram» ýygnaryn, Bagşyçylykda alym-berim kän-ow diýip bu ýola düşdüňmi? Sen heniz aýdym-saz ýolunda uçguruňy daňmany oňarmaýan halyňa, orta geçip aýdym aýdan bolup, yzyndanam hak-heşdek üçin dawa turuzýamyň. Bar, ugra, seniň emen süýdüň nähilikä? Meniň halal duzumy iýip, beýle haramlyk eder ýaly, sen kim? Kel bagşa beýle biabraýçylyk derkar däl... Bar! Bar... Bu goja adamyň teneli sesleri, igençleri, käýinçleri Saryny namys ody bilen çawlaýardy. Ol öz ýanyndan: «Bu sözleri eşidenden gidip Bamynyň çekenesini bakanyň müň paý!» diýibem oýlanýardy. Başga bir ýerden daýysynyň, kakasynyň «Halypanyň käýinji derdiňe tenekar bolar» diýýän sesleri gulagyna gelip başlaýardy-da, ony pälinden gaýtarýardy. Başga gün Kel bagşy başga gepläp durandyr. – Sarym, sen heýç wagt şuny unutmagyn. Aýdym-saz keramatly senetdir. Onuň mertebesini galdyrsaň, arkaba-arka gelýän beýik halypalaryň ruhuny tirsegine galdyrarsyň. Şonuň bilen özüňem abraýa eýe bolarsyň. Abraýsyz bagşy öz iliniň, öz toýuny ýasa öwürer. Abraýly bagşy toýuň ýarsydyr. Toýy toý edip bilseň, il-günüň gulagyny gandyrybilseň, il seni hor etmez. Sen sen senediňi hor etmeseň, senet seni hor etmez. Emma özüňi kiçeldeniňi bilse, senem, senediňem il ykrar etmez, ediljek bilbil bolup saýrasaňam. Sen iller edýä diýip, jahyllyk bolgusyzlygyňy golaýyňa getirmegin. Sen meniň synymdan ýapyşdyňmy, tä synymy eliňden alýançam, meniň bilen bolarsyň. Bu sözler Sarynyň ömrüniň ahyryna çenli onuň gulagyndan gitmedi. Üçünji ýyl diýlende, Kel bagşynyň taby gowşady. Ol şonda şägirtlerini ýanyna çagyrdy. – Köşeklerim, meniň size aýtjak bir sözüm bar. Indi meniň sizi saklara, size syntgy berere halym ýok. Şonuň üçin men size rugsat bereýin. Gidiň, öz yrsgyňyzy, öz ykbalyňyzy, bagtyňyzy tapyň. Gitmänkäňiz, Pürli çaşgynyň oglyny synagdan geçirjek. Şony görüň, kimiň şoňa güýji ýetse, men şoňa ak pata bereýin. Bolmasa, siz menden gaty görmäň Kel bagşy bize pata bermedi, munça ýyllap işiginde saklady diýip. Pata bermek aňsatdyr, emma onuň yzynda durmak kyndyr. Yzgantda Amangeldi atly pähimli kişi bardy. Onuň özem dutar çalyp, märeke sowup bilýän kişidi. Ýöne, ol Gökdepe jeňinde Amangeldi Göni şehit bolandan soň, birhili üýtgän ýaly boldy. Yzgant obasy bir aýdym-sazyň, halypalaryň obasydy. Aýdym-saz diýeniň bir ýerden satyn alynmaly zat däldi. Ahaldan, Pendi ilinden, Sarahysdan, Änewden myhman gelse-de aýdym-sazyň owazy gelibererdi. Sebäbi bu aýdym-sazly oba aýdym-saza muşdak kişi gelerdi. Bagşynyň, sazandanyň gelen ýerinde-de hemişe saz bilen söhbet bolardy. Şeýle bolansoň Yzgantly Amangeldi aga toýlaryň birinde ýerinden turdy-da: «Adamlar, her näçe çygynsaňyzam sizden Amangeldi Göni bolmaz. Onuň üçin arrygyňyzam gynap oturmaň!» diýdi-de, synyny silkip, toýy taşlap gidipdi. Ol indi obada däl-de, erek dagynyň çuň jülgeleriniň birinde, oraça gurup ýaşap ýördi. Şondan bäri oba dolanmandy. Adamlar onuň yzyndan töwella baranlarynda-da: «Güýjüňiz ýetýän bolsa, aýdym-sazyňyz bilen meni oba düşüriň, bolmasa-da «pilli-pilli» aýdym-sazjagazlaryňyz bilen maňa azar bermäň!» diýip baranlary yzyna gaýtarýardy. Kel bagşynyň iň soňky umydy Sarydy. Eger Sary çynyny etse, ol Amangeldi keçjäni oba düşürer tamasy bardy. Ine, şonuň üçin ol Sarynyň alynda beýleki şägirtlerine pent bolsun, Sary-da «Guşagyny mäkäm çeksin» diýip, iň soňky sözüni aýdypdy. Ýöne onuň bu syryny hiç kim aňmandy. Duşakdan Şükür bagşy, Köşüden Hally bagşy, Ýaňňaladan Güýçgeldi Ussanyň şägirdi Täçmämmet Suhanguly dagy toýuň töründe ornaşyp otyrdylar. – Adamlar! – diýip, Kel halypa işigine üýşen myhmanlaryny, obadaşlaryny birlaý gözden geçirip, çigrekli sesi bilen aýtdy – Şu gün bir sähetli gün. Menem işigimizde gezip ýören bir şägirt ýigidiň «aýagynyň duşagyny» ýazdyraýyn diýip, niýet edindim. Sary jany tanamaýanyňyz ýokdur. Ol ilki Kepele halypanyň ýüreginiň mährini aldy. Indem, ine iküç ýyl bäri biziň elimizde tälim alyp ýör. Men geçen üç ýylda ony ýagşy synlady. Oglanlygy ýüpek ýaly, eli, köňli, peli-niýeti päkize. Ussatlygyny, elini, owazyny özüňiz görüň-de, özüňiz baha kesiň. Bagşy diýeni bir il adamsy. Ine, menem ekläp, saklap ýören il-gün. Meniňem sizden aýrylyp gitjek ýerim ýok. Men bu oglanlaryň halypasy bolsamam, ilimiň-günümiň guly, şägirdidirin. menem siziň bilen adam. indem, näme, Sary janyň sazlaryny diňläliň, aýdymlarynyň eşideliň. Soňam näme, görübermeli bolar-da. Şeýle dälmi, il-gün?! – Bolubilýä... Adamlar Kel halypany makulladylar. Ýanyp duran oduň üstünde çygar odun goýlupdy. Orta çaý, nahar çekildi. Oňa çenli göz baglanyp, aýak ýygnalýan wagtam boluberdi. Sary bagşa ilki bilen Kepele halypanyň elinden çykan, indem Kel bagşyny özüne halypa tutunyp, onuň işiginde gezip ýören Hojadurdy Batyr sazandarlyk edermen boldy. Emma Kel halypa ony ündemedi. – Hany, Anna bard-a. Şol geçsin orta. Sen, Hojam birneme garaş. Bu sözde uly yşarat bardy. Kel halypa ýüwrük elli Hojadurdy Batyry beýik-beýik çeküwli aýdymlara goýýardy. Sary daşyndan seredeniňde juda çepiksi, uzyn deregiň söýesini çäkmenine dolan ýaly görünýärdi. Onuň gaşlarynyň ortasyndan alyp gaýdýan owadan burny gapdaldan edil bir eltutawaç ýaly bolup görünýärdi. Onuň hortap, süýri ýüzünde nähilidir bir juwanlyk, ýylmanak yşgalaň bardy. Bu ýere üýşen adamlaryň howunyň basylany üçinmi ýa-da özüne urulan ýüküň çökderligindenmi, onuň ýüzünde utanja, çekinjeňlige meňzeş gyzylgyt öwüşgini bark urýardy. – Bu bagşa-ha bäş-on günläp bokurdagyndan yzgar geçmedige meňzeýär-ow... – Aý, öňünden bir zat diýmesene. Sakawyň soňuna seret häli... Bu iki adamyň pikiri tutuş märekäniň oýuny aňladýardy. – Hany, başlaberiň. Alla ýaryňyz!.. Sary çäkmeniniň ýeňini az-kem çekdi. Dutarynyň eşegini süýşürdi-de, ony pesaýja düzdi. Soňra Annaseýidiň ýüzüne garady. Ol ilki bilen «Tatar bagşynyň» sazyny çalyp başlady. Bu saz juda çylşyrymlydy. Onuň owazlary gulaga öwrenişmedikdi. Onda tebigatyň owadan didary, boz bulaklaryň sesi, ýapraklaryň şelpelenişi şeýle bir gelşirilip seçek-seçek edilip seplenipdi. Şonuň üçin oňa düşünmek aňsat däldi. Türkmen sazlarynyň köpüsi aýdymlaryň owazyna gaplanypdy. Ýöne mukamlar türkmene tanyş heň öwrümlerini özünde jemläp, juda uly wakany döwnäp-döwüp geçýärdi. «Tatar bagşy» mukam däldi. Ýöne ony islendik toýda mukam edip çalyp boljagyny Kel bagşy aňdy. Ol Sarynyň çalşyny diňläp, gözlerine ýaş getirdi: «Wah, wah, Kepele halypa, eliňe güller bitsin» diýip pyşyrdady. Saz tamam boldy. – Berekella, oglum, eliňe güller bitsin... – Sag bol! Sary «Goňurbaş» mukamyna başlady. Ol bir gün Kel halypadan bu mukamyň ady barada sorady. Oňa «Goňurbaş» mukamy «Goňurbaş» diýen alabahar maýsasyna bagyşlanan» diýip, aýdypdylar. Hakykatdan hem bu mukamda alabahar maýsasynyň parç bolup, bahar şemalyna agyp-dönüşi ýaly bir duýgular owaza gaplanýardy. Emma Kel halypa ony başgaça düşündirdi. – Bu mukam ýeňişleriň, ölümiň, diriligiň mukamydyr, köşek. Bu mukam Keýmir kör zamanynda gyzylbaşlaryň garşysyna duran başy goňur telpekli, är ýigitleriň mukamydyr. Olar Watan, il-gün namysy üçin jeňä gitjek bolanlarynda şu mukamy diňläpdirler. Jeňden sag-aman gaýdyp gelenlerinden soň, jeňde janyny gurban edenleriň ýasyny tutup şu mukamy diňläpdirler. Bu mukam keramatly mukamdyr. Şondan soň Sary «Goňurbaş» mukamyny diňlände, Kepele halypanyň öwredişi ýaly çalanda şol mert ýigitleriň merdana hem-de heserli ýüzlerini görüp, seslerini eşidipdi. Ýöne oňa öz hesretinem, buýsanjynam gaplap goýberipdi. Häzir hem ol Amangeldi halypanyňam däl, Kepele, Kel halypanyň hem däl, özüniň çalyşyny edip, dutary elendirýärdi. Ol häzir başy guzy derisinden tikilen goňur telpekli, goňur çäkmenli mert ýigitleriň arasyna giripdi. Ol ýigitler häzir jeňe ugrajak bolup, ýaşyl maýsaly deräniň kemerinde agyr oýa batyp durdylar. Olaryň ählisiniň gözi Sarydady. Diňe bir Sary olary görmän, olar hem Saryny görüp durdular. Özlerem umyt hem-de ahmyr bilen hyrçlaryny dişläp, jylawlaryny silkip, agyzdyryklaryny çeýneşip duran bedew atlaryna buýsançly garap durdular. Olar Watany aýak astyna salyp, ogul olja, gyz ýesir etmäge gelen zalymlaryň garşysyna edil bir gara bulut ýaly bolup gaýyp gitdiler. Sary çalyp otyrdy. Olaryň gylyçlarynyň sesi, duşman bilen aldym-berdimli agyp-dönmeleri, hasratly sesleri, kimdir biriniň iňňildisi şol saza gatyşyp, owaza janlylyk, dirilik hem-de keramat berýärdi. Ýap-ýaňy Gökdepe jeňinden çykan, ol jeňde namys-aryny orta goýup, nebir ýigitleri, aga-inileri, neresse çagalary, gyz-gelinleri ýitiren göwni ýarym adamlar seslerini çykarman, saza diň salyp otyrdylar. Ýasda her kimiň öz ölüsi üçin aglaýşy ýaly, bu jeňlerde her kim öz ýitgisiniň dagyny çekýärdi. Olary birleşdirýän ýeke gudratdy. Olam sazdy. Ol saz bolsa diňenokmy. Ol goňur başly ýigitleriň baýdagy ýaly elýetmez, ýeňilmez bolup şol parlap, owazlanyp, hüwwäläp, üwräp otyrdy. Saz tamam boldy. Ep-esli salymlap hiç kimden ses çykmady. – Boýuňa döneýin, balam! Bagşa golaý oturan, Gökdepe jeňinden nowbahar ogluny ýitiren Belli aganyň bu sözi kime aýdanyny hiç kim bilmedi. Sebäbi bu ýerde oturanlaryň ählisi hem Sarynyň sazyny diňläp otursalar-da hyýallar, göwünler gör, nirelerdedigi bellidi. Kel bagşy şu oturanlaryň arasynda iň mähriban, peşeneli ýüzüni ýerden galdyrman, sarynyň ýuwanyň seçegi ýaly barmaklaryny işledişini, perdeden perdä, kirişden kirşe daraşyp, ses, owaz, duýgy, pikir paýhas, mantyk, waka tirip, ýürekleriň ýapyg-u-açyk işiklerine paralap girişini, çepekeýden edepli gollaryny inip çykyşyny yzarlap otyrdy. Ol şu ýerde bir zady belledi. Sary aýdymyň sazyny mukamyň deňine ýetirip bilýärdi. Bu bir, ikinjiden «Tatar bagşynam», «Goňurbaş mukamynam» täze bir ýol bilen, heniz türkmende ulanylmadyk ýol bilen çaldy. Ony hiç kim duýmady. Emma Kel bagşy owaz erişlerini kürekläp oturşyna, bu ýagdaýy duýdy. Onuň ýadyna «Sen sazy üýtgetme» diýip, Sara telim igenişi düşdi. Ýöne Sary ata-babadan gelýän ýoly ýitirenokdy. Oň täze ýagtylyk, täze gadam goşýardy. Özem, Kel bagşyny geň galdyrýan zat, ol ýodada Göni halypanyň hem, Kepele halypanyň hem, özüniň hem mähri, çirtim, gykuw, gabaw, gaňraw tapyndylary bardy. Emma şol bir wagtyň özünde ýol üýtgeşikdi. Özem şirindi... «Bu oglan ýere bakyp ýörşüne, gör nirelerden çykd-ow!» Halypa içini gepletdi. «Dogry, meniň elimi gördi, Kepele halypanyň elini gördi. Emma Amangeldi Göni nire, Sary nire?! Elbetde, Hudaý berse, gudrat diýeniň öz aýagy bilen gelip, işigiňde döräberer eken...» Sary ýene iki sazy çaldy. Halypa sesini çykarmady. Soň ol aýdyma başlady. Üçünji aýdym Kel halypanyň işiginiň aýtymyndan çykyp başlady. «Begler», «Näzli baýram», «Heserli» yzda galdy. Bagşy «Aýrylsasy» bilen jylawyny üzdi-de, Yzgantdan çykdy. Kel bagşy Sarynyň Yzgandy taşlanyny duýdy-da, oňa garşy ileri süýşenini, «Jan bala, berekella!» diýenini duýman galdy. Bu ilde halypa-da görlendir, bu ilde şägirt baram çykandyr. Toý köküni görendir bu sähralar. Emma özüniň häzir pata bermeli şägirdine: «Berekella, köşegim!» diýen halypa görlen däldir. Adamlar Kel bagşyny juda hamrak gördüler-de, özlerem oňa goşulyp gitdiler. Sebäbi Sary indi «Daş galdysy» bilen Yzgantdan çykyp, egnine ýassanyp bu aýdymlary howlukman tirip Erek dagynyň başyna çykypdy. «Mellek geçdi», «Sataşdym», «Hajy golak» tirildi. Kel bagşy ýaňy at çykyp barýan taýy maýraýmazlyk üçin, haý-küş edesi geldi. Emma «Ýigitlik çagyny» diňläp, dünýäni unutdy. Onuň göz öňüne at maýran ýaly edip, bagşy maýran toýlar, ala daňdanlar düşdi. Onuň şägirtleri Türkmeniň sähralaryna toýpaý seçilen ýaly pytrap gitdi. Olaryň ählisi, gelip-gelip Saryda jemlenipdi. Ol indi arkaýyn ölüp biljekdi. Çünki türkmene şeýle beýik bagşyny taýýarlap beripdi. – Toba essagpyrylla! – diýip, halypa toba etdi. – Onuň eýesi-söýesi Ýaradan bolsa, çyn halypasy Kepeläň köri bolsa, men näme beýle süwümsüzlik edýän-ä... Ol özüne gelen ýaly boldy. aýdym tamamlanypdyr. Adamlar demlerini alman otyrdylar. Köpüsiniň gözi ýaşlydy. Bagşy işilen ýüp ýaly bolup, ýeňlerini çekişdirdi. Şol wagtam kimdir biriniň gala-gala sesi eşidildi. – Duruň! Kim bagşy şu aýdýan?! – Sary, Bamyly Pürli çaşgynyň ogly Sary. Kel bagşynyň şägirdi. Ol adam gelip Saryny garsa gujaklady. Kel bagşam ýerinden laňňa galdy. – Hä, Amangeldi, gelmejek ýalydyň-la?! – Siz näme, meni garyp günüme goýýaňyzmy, näme! Gelmez ýaly edeňizok ahyryn. Hany, Heregiň depesinde şu aýdymy eşidip arkaýyn ýat, göreýin... – Yzgantda aýdylan aýdymam bir Herege ýeterm-eý. Senem, halys Alla ýalan sözläberýäň – diýip, başga biri gojany gorjady. – Şu aýdym Hereg-ä däl, Türkmensähra ýetmedik bolsa, iki gözüm kör bolsun, Heregiň näme... Kel bagşy başyny atdy. – Adamlar, Amangeldi keçjäni-hä tanaýansyňyz. Amangeldi Göni halypa Gökdepe jeňinde şehit bolandan soň ol «Indi onuň deňine ýetjek bagşam, sazanda-da bolmaz, beýle obany gözüm görmesin» diýip, Erek dagynyň garaňky jülgesine gidip, oraça tutup ýaşap ýördi. Meň özüm iki sapar töwella gitdim, aýdybersin, gelmedi. Ine, indi bu gün Sary jan ony geňeşsiz, töwellasyz özi aýagy bilen geler ýaly etdi. Siz bir zada düşüniň. Türkmen topragy keramatly toprakdy. Bir zadymyz ýitdi diýip näşükür bolmaň. Allatagala«Bir işigi ýapsam, müň işigi açaryn» diýenmişin. Ine, giden şehitlerimiziň özwezine Sary jany berdi. Onuň elem, owazam on sütün bagşa degýändir. Şonuň üçin siz makullasaňyz, men oňa pata bereýin. – Dur! – diýip, Amangeldi keçje dik duran ýerinden iki elini galgatdy. – Sarym bir «Daş galdyny» aýt. Özümem bir bugurçy tutýan. Soň näme berseň beriber, pata berm bedew ber, ner ber... Sary ýene-de sag elini çermedi. Adamlar Sarynyň aýdymynyň owazyny heniz unutmandylar. Ýöne olar bu gudratly, Allahy owazy indi haçan eşiderkäk diýip ýürekleriniň teýinden gyýylyp otyrdylar. Bu aýdym märekäni aglatdy. – A-ah, iller daş galdy, daş gal-al-al-dy-y-y-y! Oturanlar geçen günler, gara topraga gark bolan ata-babalar, Gökdepe jeňinde şehit bolan dostlar, doganlar, üçin, özleriniň hem şolar ýaly topraga garylyp gitjegi, bu günleriň olardan daş galyp barýandygy üçin aglaýardylar. Aýdym, saz, üýtgeşik owaz olaryň ýüregini para-para edip taşlapdy. Ol aýdym däldi, ol her köňlüň ahy, armany, agysy bolup Sary janyň dilinden, elinden ýaňlanýardy. «Daş galdy» olaryň hasrat odunyň üstüne nebit guýýan ýalydy. Bar ýüregiň derdi goşalanypdy. Gözlerden akýan bulaklar oduň ojakda indi üstüne odun taşlanmany üçin ýüzüni kül baglasa-da, gyrmyzy akyma öwrülip, lowurdap ýatan köz ýaly, täsin ýaldyraýardy. Häzir bu otly ojak şol haly perişan adamlaryň köňlündäki hasrat harmanyna meňzeýärdi. Aýdym soňlandy. Kel bagşynyň boldumly, tamdyradan ýaňy çykan tegelek nan ýaly gyzgyn hem-de altynsöw nur öwüsýän ýüzi galdy. ol Sarynyň üýtgeşik gyňyrma, üýtgeşik çirtmek edýän seçek barmaklaryny synlamak isledi. Bu kakuwlar halypanyň özi üçinem geňdi. Olary onuň özem kän bilenokdy. Ylaýta-da bokurdagyna salyp edýän hüýýüldisini, jukguldysyny, her aýdymyň özüne görä ýasanja damak heňini halady. Ol Saryny şägirt edip gapysynda üç ýyl saklasa-da, dogrusy ony häzirkisi ýaly, gadyr edip diňlemändi. Sebäbi, ol Saryny Kepele halypanyň zoruna çydaman, baryp Bama gidip alyp gaýdypdy. Soňam hyýaly işiginde birki syl saklap, pata berip goýbermekçidi. Emma ol beýik hazyna uçrandygyna düşündi. Aýdym tamam boldy. – Adamlar, gulagyň garny ýokdur. Sary janam indi ýadatmalyň. Daňam agaryp başlandyr. Halypa, senem ber pataňy, bizem saý-sebäp bilen şärik bolduk, elimizi galdyraly... Kel bagşy gobsundy-da, jaýlaşykly oturdy. Soňam, ýerinden galdy. – Men, adamlar, täretim bar bolsa-da ýene bir täret alaýyn. Meniň patamda hylyz bolmasyn... Ol ýüzüni kül bürän köz harmanyna söýelgi kündükleriň birini aldy-da, garaňka duwlandy. Sarynyň ýüzi solgun görünýärdi. Onuň ýadandygy bildirip durdy. Ýöne ol Bamydan şu ýere ýörite gelip, gapdalda küren gurap oturanlara, kakasyna, inisi Begmyrada, doganoglany Agamyrada «Sizem geläýdiňizmi!» diýen manyda ýylgyryp bir seretdi. Emma onuň bar pikiri Kel bagşydady. Kel halypanyň Sara öňem-ä göwni ýetmän duranokdy welin, bu gije onuň pikiri ýagşy ýataklady. Ol aýdym-sazdanam beter, Sarynyň bagşy, ynsan edepliligini halady. Şunça saz çalyp, şunça aýdym aýdyp, halypasyndan başlap, öňki halypasy, Kelele halypanyň şägirdi, Sarynyň dutar edebine ugrukmagynda köp azap eden, Aşyr Ata, Kel bagşa beýlekilere çenli aýasyna gyzyp, bir asmana çykyp, bir ýere igenip oturşyna-da «Meni görüň, meniň şeýdäýmejigim bardyr. Nätdim, özüňizden ökdedirin görseňiz...» diýen ýaly ýeňil, suwjuk, ýoknasyz hereketlerini görmedi. Ol aýdymdan-aýdyma edeplenip gidip otyrdy. Ine, Kel halypanyň ýüregine ynjalyk beren zat şoldy. Onuň ýene-bir synagy bardy. Bu gije Sara bäş-üç düýe, at, ownuk mal, pul tutanam bardy. – Şu näderkä? Kel halypa bagşynyň nebsinden gorkýardy. Käbir atly, ilhalar bagşylar hem toýda tutulan baýragyň, bagşy hakynyň üstünde kimligini görkezip, nebsini juda sala goýberýärdi. Şondan soň adamlar beýle bagşyny öz toýuna çagyrjak bolanlarynda, ýaga depjek ýaly boluberýärdiler. Nebis belasy, bu keramatly sungaty ownadyp barýardy. Kel halypa Sary bagşa pata berdi. Oturanlar oňa ellerini göterdiler. Kerimberdi işan, Hajyguly ahun doga-dileg etdiler. Kel halypa olary ýörite çagyrdyp getiripdi. Olar oduň başynda oturmasalar-da, halypasynyň çakylygy bilen myhman bolan öýlerinden bu ýere getirilipdi. – Kel halypa! – diýip, Pürli çaşgyn pata berlişigiň jemini jemledi. – Taňry ýalkasyn, biziň oglumyza pata beriň. Yllahym, pata düşümli bolgaý. Ine, mendenem şu köşekli düýäni minnetdarlyk haky diýip alyň, az görmäň. Size näçe sylag etseňem azdyr. – Adamlar! Sary bagşa bu pata berlen gije dört iner, iki bugurçy, on bäş goýun, müň tümen, mata marlyk düşendir-le-how. Şony Sary bagşa ene süýdünden halal bagyşlaýandyrys-how! Sary sesini çykarmady. Ýöne özüne ilkinji sapar «Sary bagşy» diýilmegi diýseň ýarady. Onuň dünýäsi giňedi. Ol dagyň dyzyna ýassanyp oturan Yzgant obasynda Sary diýen at bilen girip, Sary bagşy diýen at bilen hem çykyp gitdi. – Sarym, bagşy hakyňy alyp git! – diýip, Kel halypa synag üçinmi ýa-da başga pikir bilenmi, Sary bagşa ýüzlendi. – Halypa, maňa beren pataňyz dünýä malyndan artykdyr. Ol mal-hal meniň adyma tutulanam bolsa, eýesi sizsiňiz... Kel bagşy özüniň paýhasynyň dogry çykanyna şat boldy. ol baryp şägirdini gujaklady. – Berekella oglum, saňa bu gün düşümli boldy. Il-gün «Sary bagşy» diýip at goýdy. Adyň bilen bile garra... * * * Sary bagşynyň Kel bagşydan pata alyp gelmegi Bamy obasynyň egnine serpaý ýapylana dönderdi. Bamylylaryň ökjesi ýeňlän ýaly bolaýdy. – Nowbahar balamyň patasyny mübärekläp, sadaka bermesek bolmaz – diýip, Üzümtäç iki bolup bilmän ýörşüne adamsynyň gulagyny gazady. – On bäş ýaşly ogluňy asmandan asyberme. Entek molla Guwanjyň sokusynda-da birki ýyl döwülsin. Soň görübereris. Emma üzümtäç adamsynyň arkaýynlygy bilen ylalaşmady. – Uly il, onda-da Kel bagşy, Aşyr Ata, Kepele ýaly halypalar ak pata berensoň seniňki näme. Başga biriniň çagasy oglyň ýaryça bolsa-da, «pylanyňky, pissigän» diýip, asmandan asarsyň. Onyň bolmaz. Geljek annada il-güni ýygna-da, sadaka ber. Soňky annada Garrygala, mamalaryna alyp gitjek. Goý, şondanam daýysynyňkyda galsa galybersin. Pürli çaşgyn pikirini jemlemänkä Bäherdeniň arçyny Annaberdi baý işikde atyny saklady. Ol habary alnandan soň, atdan düşdi. Bu del myhmanyň öňünde saçak ýazyldy. Gep uzaga çekmedi. – Pürli jan, ogluň Kel halypadan pata alypdyr. Oň bolsun. Men şony gutlaýyn diýdim. Soňam Sary bagşa tutuş Bäherden iliniň haýyşy bar. Men gelýän annada oglumy öýerýän. Şoňa bagşylyk edip ber diýip gelendirin. Sary sesini çykarmady. Üzümtäjiň ýüzi bagtdan ýaňa läle bolup açyldy. Emma sesini çykaryp bilmedi. Ol beýle hormatly myhmanyň öz nowbahar balasyny idäp Bäherden ýaly ýerden gelmegine buýsandy. Allatagala, öwlüýälere sygyndy. – Sary näme diýse, garyndaş, bizip-ä senden aýry ýüregimiz ýokdur. Ýöne bu-da bir entek agzy sary oglan-da. Özem ýaňy Yzgantdan geldi. Ejesem «sadaka edeňok» diýip, başyma alaýabylynyň gününi getirip otyr – diýip, Pürli çaşgyn razylygyny bildirdi. Emma ejesiniň hälki «Annada sadaka edeli, soňky annada Garrygala gideli» diýen sözüni anyklap bilmänden soň, ol oglanlyk edip bir zat diýmekden çekindi. – Gider, Sary jan gider, näme gitmän, Bäherden ýaly ýerden gadyr edip geleniňizden soň, sizi boş gaýtaryp bolmaz-a. Ejesiniň bu sözünden soň nobat Sara ýetdi. – Bolar, agam. ýöne sazanda bolarmyka?! – Wah, biziň bagşy kemimiz bar, sazandadan iner ýükle diýseňem tapyljak-la, oglum. Sary bagşy ýylgyrdy. Myhman ýaz bolup açyldy. – Şeýt oglum, sesiňe döneýin. Meniň özüm-ä pata berilşige baryp bilmedim, ýöne gidenler-ä agzymyzy suwartma kemini goýanok. Asyl, Amangeldi keçjäni dagyň başyndan oba eňtermänmişiň-ä. Üzümtäç bu gürrüňi eşidip, bir bolmaz iş bolan bolaýmasyn diýen manyda galdy. – Wah-heý, ol görgülini näme üçin dagdan düşürdiň, balam. Pürli çaşgyn şyg-şyg edip güldi-de bolan wakany gürrüň berdi. Üzümtäç bu gürrüňe ynanjagynam, ynanmajagynam bilmedi. * * * Annaberdi baýyň toýuna etek ilinden adam bolsa eňipdi. Toýuň tutumy gaty daşdy. Onuň üstesine şu töwereklerde bagşy diýermiň, sazanda diýermiň, tüýdükçi, ýanamaçy, ady bagşy bolsa gelipdi. Özlerem tä bu daňdandan o daňdana çenli küren-küren bolşup, töweregine adam baryny ýygnap, aýdym aýdyp, saz çalyp otyrdylar. Sary bagşy Annaseýit tamdyraçy bilen gelip düşende başyny ýaýkanyny duýman galdy. baýyň işiginde at gaýtarym meýdanda on ýerde dagy aýdym aýdylýardy. Gün öýlä sapypdy. Iýip-içip mes bolşup oturan bagşylaryň özboluşly aýdym-sazy baryp asmana ýetýärdi. Sary bagşa ortadan orun berildi. Orta odun öçşürilipdi. Onuň daşy syrylyp-süpürilip, haly-palas, çeträklerine keçe, kilim ýazylypdy. Çaý-nandan boldum edilenden soň Annaberdi baý märekä ýüzlendi. – Ilim-günüm, şu gün bizem oglumyzy il sanyna goşaýly diýdik. Aşymyzy-nanymyzy supra ýaýyp orta goýduk. Nesip edenden iýip-içip oturyň. Iň esasysam, şu gün sary jany, Sary bagşyny toýa çagyrdyk. Ol-ä öwýär. Sizem bir diňläp baha beriň. Baý gysyldy. Ol tutuş töwerekde gyzyl-ýaýyrt bolup, aýdym-saz edip oturanlara ýüzlendi. – Hany, bagşylar, indi bes ediň. Sary bagşyny diňläliň – diýip, sesini gurbatlandyrybyrak aýtdy. Emma indi oňa gulak asýan ýokdy. Sary bagşy toý eýesini hoşamaýlady. – Baý, aga, siz azara galmaň. Men, enşalla, Alla ýol berse, olaryň sesini özüm goýduraryn... Onuň diýeninden hem beter boldy. sary bagşynyň ikinji aýdymyndan soň sesi tapbat bolan bagşylar, tä daňdana çenli demlerini alman bagşy diňlediler. Üzümtäç ogly bir süri maly, iki düýe ýükli tüwi, mäş, ýüpek-parça bilen yzyna dolananda gözlerine ynanmajak boldy. – Balam, bularyň näme? – Aý, eje, almajagam bolsam, il-gün gadyr edip berdi, «Almasaň bolmaz» – diýip, oba getirip gitdiler-dä, nädeýin – diýdi. * * * «Hasyp edeniň bolmaz, nesip edeniň bolar» diýenleri dogry bolup çykdy. Saryny toýdan,toýa, obadan oba alyp gidip, tä güýze çenli sypdyrmadylar. Pürli çaşgynyň işigi atmysyň, goýun-geçimiň, düýemiň, sygyrmyň, uly mal ýatagyna öwrüldi. Öňküje hütdük jaý dar bolany üçin, aýaguçdan ýene iki otagly jaý salyndy. – Waý, eje jan, gaýypdan düşdüňmi! – diýip, Üzümtäç ejesini, doganlaryny alyp gelen molla Guwanç dagynyň öňünden ylgap çykdy. Sary bagşy baryp, Aşgabatdan çagyrylyp gelende. Uludan tutulup sadaka berildi. – Ýegen, indi meni boş gaýtarama. Daýy ugruň gözi ýolda galdy. seniň özüň Bamyda bolsaňam, dabaraň Türkmensähra çenli ýetdi. Bileje gideli. Molla Guwanjyň sözi ýykylmady. Sary bagşy Etek illeriniň toýlaryny ýetim galdyryp, Garrygala ugrady. Molla Guwanç Garrygala illerinde tanalýan adamdy. Ol öň atly bagşydy. Özem Garadäli gökleňiň iň soňky şägirdidi. – Gözüňe döneýin, Guwanç jan, Gara dädeň syntgysyna çenli başyňa çekgin. Görüme şu bilýänlerimiň tilisgejigem gitmesin – diýip, Garadäli halypa ýatsa-tursa ýanjaýardy. Ýöne halys lagar düşüpdi. Onuň ýyldyza toýnak urup, Allatagala özüniň oturan şa kürsüsiniň bäri ýanlaryna mukam bilen çykan, ömrüniň aýşy-aşratda, gül-gunçada geçen ýyllary Wasda galypdy. Ony Wasdan Güwlemä göçürip getirenem Guwanç dagydy. Gojanyň özi haýyş edipdi. «Külüm, owazym bu yrsgally ilde galsa-da, maslygym, mazarym öz ilimde galsyn» diýipdi. Guwanç halypasynyň gidenine telim ýyl geçse-de, bir ýagdaýy hiç unudup bilmeýärdi. ...Kerwen Was bilen Paraw arasyndaky ýoda düşüpdi. Olar Wasyň depesine ýaňy çykypdylar. – Wah, bir goş ýazdyryň! – diýip, halypa başyny ýaýkapdy. – Soň baýryň üstünden Wasyň eliň aýasy ýaly bolup ýatan sähralygyna boýnuny burup garapdy. – Dutary beriň! Şonda Guwanç ömründe görmedik gudratyny gördi. Garadäli halypa dutary gümmürdedip başlady welin ýürekleriň däl, sähralaryň bary darka-darka ýarylan ýaly boluberdi. Adamlar-ha däl, howluda ýüki baglangy nerlerem bagyryberdi. ...Elhapus, elhapus. Garadäli halypa, ägirt mukam siliniň bendini açan ýalydy. Onuň dutaryndan mukam sili bir börňüldäp, şaglap gaýdypdy welin, tutuş Was ili mukama gark bolup galypdy. Halypa sazyny boldum etdi-de, takyr ýere bagryny berdi. Soň bir salymdan özüne gelip, tirsegine galdy. Soň kellesini tutup ep-esli oturdy. – Ýandym, ýandym, ýaranlar. Eý, Allam, adamy näme üçin beýle otlar-a, beýle külpetlere goýduň, ýandym-la! – diýip, gözleriniň ýaşyny seçelendirdipdi. – Bary galdy, bary. Ýanýoldaşym, Bibitäjmi. Oglum Hojamuhammedim. Bary galdy. – Goja elini ýüzüne tutup silkinip-silkinip aglady. – Bir ýangyn galdy bagrymda. Başga zadam galmady. Doly gelip, boş gitmeli boldum-da, ýaran-la-ar! Kerwen näçe gün ýörän bolsa, Guwanç şol ýoly halypanyň şol beýik mukamynyň owazyna gaplanyp, şol mukam düşelen sähra bilen ýöredi. Diňe, ýekeje sapar çalnan şol mukamy şeýdip bagrynyň indi hiç haçan öçmejek, ýitmejek ýarasyna öwürdi. – Anyna näme goýduňyz, halypa! – Nämäniň? – diýip, halypa geň galyp sorady. – Wasdan çykanymyzda çalan sazyňyzyň. Garadäli halypa başyny ýaýkady. – Ondan bir saz bolarmy, köşegim. Ol ýüregimiň ajysydyr. Enşalla, bir aýak üstüne galaýyn, ondan müň esse gowy saz dörederis. Ol hälki bir ýürek posudyr. Ondan saz bolmaz – diýipdi. Emma Guwanç ony çalyp berende halypa gözlerini ýumup, silkinip-silkinip aglapdy. – Wah, ýandym, ýandym! – diýip, ýene-de samrapdy. Şeýdibem, ol sazyň ady «Ýandym» bolup galypdy. Emma şol sazy halypanyň özi ikinji sapar ýekeje gezegem çalmandy. Molla Guwanç Garadäli halypa ölenden soň dutar çalmasynam, toý-meýlisiň gyrasynda görünmesinem goýupdy. Ol ahun derejesine ýeten takwa adamdy. Emma onuň doganoglan aýal doganynyň ogly Sarynyň bolşy Guwanç molla güýçli täsir etdi. Şonda ol halypasyndan öwrenenlerini, öz bilýänlerini Sary ýegenine öwretmegi göwnüne düwdi. Bir sapar Garadäli halypa: – Zehin diýilen zat dökülip ýatan zat däldir. Biz zehinler her ýerde öz gününi görer, emma çyn zehin çyn zehini goldamalydyr. Çünki, dünýäniň abraýy, adamzadyň mertebesi, zehin, tilsim, barysy çyn zehiniň egninde durýandyr – diýip, Durdy bagşy bilen gürleşip otyrka aýdypdy – Mal-mülk näme, adamzada halka bir gün aýlamak üçin garnawdyr. Olaryň barysy hännegiň serişdesidir. Palaw her näçe ýagly bolanynda-da, iýersiň, bir gägirip, hännege döker gaýdarsyň-da. Onsoň ony mazamlap, gadyrlap, tutuş il, ýurt bolup onuň yzynda sergezdan bolup ýörmegiň manysy näme?! Men bäri gaýtmankam Was ilinde-de, Hywa ilinde-de bir zada düşündim. Ol ýurtlar juda yrsgally, keremli, sahawatly il. Sözüm ýokdur. Ol ilden gör, näçe begler, baýlar geçipdirler. Öz adyna zikke azdyran, öz adyna medrese saldyryp, minara göterden baýlar ötüpdir. Emma il-gün näme üçin garyp gün bilen öten üç ýüz altmyş öwlüýä, Aşyl aýdyň pire zyýarata gidýär. Men şoňa düşündim, adam ahyr soňunda zehine, keramata sygýan eken. Dünýäni mal-mülkden, altyn-kümüşden dolduryp gidenleriň mazary bolsa ýitip gidýän eken. Şonuň üçin zehin görseňiz, mal seçiň, azap seçiň, ony goldaň. Ol bir gün il-günüň alyndan dirär – diýipdi. Daşda-içde bolup, bu iki halypa çaý-çörek çekip ýören Guwanç molla şonda halypadan bir zat sorady. – Halypam, biz ine, şerigatam bir gapdaldan goýman ýören bolduk. Eger alnymyzdan eli ýiti, owazy ýiti, ertir iliniň toýuna ýarajak biri, hälki siziň diýen zehiniňiz çyksa nähili bolmalydyrys – diýip, sorapdy. Halypa hiç haçan şerigat bilen sungaty garyşdyrmandy. Olary garym-gatym etjek bolýanlary-da halap barmazdy. Şonuň üçin onuň sözi gysga boldy. – Şerigat özüň üçindir, sungat, il-günüň üçindir. Galanynam özüň ölçäber... Şonda molla Guwanç özi üçin bir açyş etdi. Sen ahun bolsaňam, zehini goldamaly, garamaýak bolsaňam. Ýöne ile-güne delalaty ýetjek zehini goldamaly. Ol Sary bagşyny şonuň üçin özüne şägirt etmäge ymtylýardy. Ýogsa, Amangeldi Göni «Seniň sesiň gowy» diýip Mary ýaly ýerden gadyr edip Yzganda alyp gelen Batyr bagşysy Kepeläň Köri (Ol Marynyň kepele tiresinden bolany üçin Kepeläň köri diýip, Batyr ady ýat bolup gidipdi). Kel bagşy şerigatdan daşa gidenok ahyryn. Olar bäş wagtyny, orazasyny, gurbanlygyny, hüşür zekadyny goýýan adamlar däl ahyryn. Şonuň üçin Sary bagşa ol berk ýapyşdy. Edil, Kepeläň körüniň, Kel bagşynyň edişi ýaly, özi baryp ony alyp gaýtdy. Özi oňa hossar çykdy. Sary bagşy ýaňy murty taban ýigit bolsa-da, gudratdy. Oňa halypa gerek däldi. Oňa ýekeje zat gerekdi. Olam toý, märeke. – Garadäli halypa «Näzli baýramy» şeýdip çalardy – diýip, molla Guwanç başlardy welin, Sary gümmürdedip, bir görseň ökjäni basyp gelýändir. Asyl, özüňdenem geçip gidibir. Olar Sary garrygala gelen iki aýynda «Ýandymy», «Gümürlendini», «Baba seni» Garadäli halypanyň depeşeň eden saýlary boýunça bişirdiler. Soň «Burnaşagy», «Saryýany», «Gözelimi», «Hajygolagy» ýomut-gökleň, salyr-saryk, damana, çowdur, ärsary ýollaryndaky heňler boýunça-da çalyp, bişirip, ýugrup, eýläp görüpdiler. Sary bagşy daýysynyňky ýaly zehin, yhlas, el görse-de, edil onuňky ýaly köp ýol bilýän halypany görmändi. Molla Guwanç gezende adam bolansoň, Türkmenistanyň ähli bagşysyny, sazandasyny bäş barmagy ýaly bilýärdi. – Ine, bu ýola damana diýerler. Ol Durdy halypanyň ýoludyr. Olar aýdanda uly gyzyň lälesi bilen hüwdülenen ýaly bolarsyň. Bokurdagy, burny owazlanyp ugransoň, ol ýoluň öňünde durjak kişi bolmaz, ýegen. Molla Guwanç şondan soň birki sany damana heňlerini aýdar welin, nädersiň, Sary jan tirsegini ýassyga berip, başyny ýaýkar oturardy. – Beý, bu aýdymyň eşretlidigini – diýäýmese, başga söz tapmaz. Molla Guwanç Sary bagşyny damana ýoluny bişirmek üçin ep-esli azabam çekdi. Ol Sarynyň ähli ýoly Kepele halypanyň, Kel bagşynyň bişirişi ýaly çalmaga ýykgyn etjek bolýandygyny aňypdy. Şonuň üçin damananyň üstünde köp durupdy. Onsoňam, damanany Sarynyň demi, Sarynyň bokurdagy bilen aýdylyşyny Garadäli halypanyň eşitmänine gaty gynandy. Sary diýenleri keramat, keramat! – diýip zowzuldaberýärdi. Ýomut-gökleň ýoluny Sary çalt aldy. – Ähli ýollaryň, ähli-ýörelgeleriň atasy Garadäli halypadyr – diýip, molla Guwanç her gün telim tekrarlaýardy. – Emma ol ýomut-gökleň ýoluny goýandyr. Damana-da, salyr-sarygyň bir ujy-da, ahal heňlerem, şuny berk bilip goý, ýomut-gökleňden alyp gaýdýandyr. Türkmende bagşy bolsa, Daşhowuzly hoja bagşylar hem, Göroglyny dessan edip aýdýanlar hem, pendili bagşy-sazandalar hem seniň Ýow bagşyňam, Şükrüňem, Amangeldi Göniňem, saryk bagşylaryň hem Garadäli gökleňiň çeşmesinden suw içip gidendir. Nirä baksaň Garadäli halypanyň şägirtleri, olaryň şägirtleri, olaryň şägirtleridir. Başga ýol ýokdur, ýegen. Haýsy mukamyň, haýsy sazyň ýanyna bar, gapdalynda Garadäli halypanyň eli, mähri bardyr. Sary bagşy daýysynyň ýöne «Ýomut-gökleň ýaly» diýip oturmasyny kän bir unabam baranokdy. – Daýy, nätdiň-eý, Weýran bagşy, Kör gojaly, Ýow bagşy, Amangeldi bagşy, Durdy bagşy, Şükür bagşy, Kel bagşy ýomut-gökleňden göz alan bolsa, hany şol ýoluň özi? Molla Guwanç ýegeniniň bolşuna düşündi. – Ýegen, ýomut-gökleň ýoly – Garadäli gökleňdir. Ýol bolsa, seniň sanaýan bagşylaryň halypalarynyň köňlüne, eline, owazyna siňip gidendir. Garadäliň suw içen çeşmesine bir inip çykmadykdan bagşy bolýan däldir. Bir sapar, soň, Gökdepe jeňinden kän soň, Sary bagşy Şükür halypa daýysynyň şeýle diýenini ýaňzydypdy. Şonda şükür halypa: Diýseň dogry aýdypdyr. Garadäli, ýomut-gökleň ýoly türkmen saz äleminiň güni bolsa, biz onuň zerrejikleridiris. Ýöne näme, her döwür bir döwür boluberýär. Sungatam pelle-pelle aşak düşüp, ýokary galgyç bolýandyr, edil adamzat ýaly. Şonuň üçin, ata mündüm diýip, hiç haçan ataňy unutmaly däldir. Garadäli gökleň, ýomut-gökleň ýoly gerek wagty türkmeniň toýunyň tuwagy bolandyr, türkmeni goldandyr, indi bu gün onuň haly peselende türkmen ony gözden salyp, oňa dil ýetirmeli däldir... Molla Guwanç ýarym ýyllap Sary bagşyny sypdyrmady. Ony toýa beýlekä-de salmady. Türkmeniň çowdur ýolunam, ärsary ýolunam, ýomut-gökleň ýolunam, damanadyr, salyr-saryk ýolunam kemsiz öwretdi. Asyl, telim aýlap molla Guwanjyň öýi Türkmenistanyň aýdym-sazynyň höwürtgesi boldy. Halypanyň özem näçe bildim diýse-de, ahal bagşylarynyň, sazandalarynyň ýoluny ýagşy bilmeýändigine düşündi. Ol «Berkeli çokaýy», «Goňurbaş mukamyny», «Hajygolagy», «Burnaşagy», «Gökdepe mukamyny» öwredeni üçin ýegenine alkyş baryny aýdýardy. * * * Otly Aşgabada geldi. Duralgada beýle bir kän adam hem ýokdy. Sary bagşy gapdalynda goýan telpegini başyna geýdi-de, horjunyny, daşy gaply tamdyrasyny galdyryp daş çykdy. Çagalara şirin-şeker zatlar alyşdyrdy. Soň ýerine gelip oturdy. Ol duşakdan bäri edip gelýän pikirlerinden üzlesi gelmäýärdi. Aslynda ol hyýalbent adam hem däldi. Ýöne indi üç-dört sagat bäri ýeke özüniň içini hümledip gelşine haýran galdy. – Dogry, aýdýar, Şükür halypa-da, Uspen halypa-da, maňa şägirt gerek. Ýöne nireden tapjak şägirdi. Ol şonda Kepele halypanyň, Kel bagşynyň, daýysynyň halypa-şägirt diýip, özlerini oda-köze salyberişlerine indi düşünüp galdy. – Häzir takga janym çykdy-da, onsoň şu görenlerimi, bilenlerimi özüm bilen görüme alyp gitmelimi? Ýok! – Onuň süňňi sarsyp gitdi. – Allatagala bilen şertnama baglanyşyp gelen ýok. Menem şeýle. Şonuň üçin halypalar dogry aýdýar. Ýöne, näme etmeli? Näme etmeli? Sary bagşy başyny daga-daşa uran ýaly bolsa-da, ugur-utga tapyp bilenokdy. * * * Molla Guwanç öz maksat-myradyna ýetdi. Ol diňe bir aýdym-saz öwretmän, Sary bagşy bilen Türkmensährany, Etrek-Gürgen etraplaryny aýlandy. Öz doganoglan inisi Sowranly etrabynyň hany Nurgeldi hany alyp Hywa gitdi. Ol ýeriň aýdym-saz ulgamy bilen tanyş etdi. Şonda iki ýagdaý ony tolgundyrypdy. Ol bir toýa çagyrylanda şonda Misgingylyç şahyr gelipdi. Ony Türkmensährada örän sylaýardylar. Şonuň üçin toýa bu töwerekleriň tutuş halky ýygnanypdy. Sary bagşy şahyryň owadan didaryna, okaýan goşgularyna haýran galdy. ylaýta-da, onuň öz goşgularyna pesaý ses bilen aýdýan aýdymlarynyň janlylygyny, hyjuwlylygyny halady. – Nesip bolsa, ballym, agşam aýdymyňy diňläris. Käte-käte del owaz, Kesarkajyň owazy küýsedýär. Ýogsa, Türkmensährada bir aýdym-sazyň höwürtgesi. Onda-da göwüne doýma ýok-da, näçe bol bolsa, ondanam köfi isleýär-dä. Şahyr Garrygalada doglan bolsa-da, nämüçindir Güwleme, Kümmetkowus aralygynda ýaşaýardy. Görnüşinden, bu ýerleriň adamlary Saryny oglantagyrak görüpdiler. Sary uzyndan hordy. Asyl, çäkmene dolanan dagdan paýasy ýaly bolup, durşuna el, aýak, atan-satanrak ýigit. Bu sähralaryň adamlary bolsa bagşy diýeninde, häk, ýüzünden dag damyp duran, gollary Hywanyň küýzesi ýaly, pälwansypat kişi görjek-dä. Emma Sara seredeniňde, igli görünäýýärdi. Şonuň üçin öý eýesi «Toýumyz bagşy-sazandasy kemter bolmasyn» diýip, Aýjamalda oturan Çowdur köre adam iberipdir. Adamlar häzir Çowdur bagşynyň gelerine garaşýardylar. Asyl, Misgingylyç şahyryň özem agşam Çowdury diňlänini ýagşy görýäne meňzeýärdi. Molla Guwanç toý eýesiniň, beýleki adamlarynyň darykmasyny ýagşa ýordy. – Ýegenim, şu bendeleriň gulagyny uçuklat, soň-soňlaram başga owaz olaryň gulagyna ýaraman: «Wah, sary bagşy!» diýsin ýörsünler-le. Sary bagşy daňdan çenli bir aýdymy gaýtalaman aýtdy. Ol ýanynda daýysynyň bolany üçinmi ýa-da Türkmensähranyň halky bu topragyň öwlüýäler ummany kuwwat berdimi, bir süri düýe, bir süri sygyr, ownuk mal öňüne salyp gaýtdy. Şol döwürlerde bagşynyň gymmaty oňa tutulýan mal bilenem ölçenýärdi. Sebäbi bu illeriň ýomutlarynyň jany, bagty, yrysgaly, döwleti maldy. Ildäki, obadaky, öýdäki döwletiň malyň barlygy bilen bahalanýardy. Bu il Malym – janym diýenleridi. Olar näme sahy adamlardan şonça mal alyp bilen bolsa, il-günüň oňa göwnüniň ýetdigidi. – Sary jan indi beri mal ibermesin – diýip, ol ejesiniň eden sargydyna seretmän, mallaryň baryny Bama iberdi. | |
|
√ Guduzlan it / powest - 09.09.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Halypa - 04.03.2024 |
√ Baga bagşy -4: Halypanyň demi - 07.03.2024 |
√ Baga bagşy / powest - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Uspen halypa - 03.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Bagyñ içinde täsin sahnalar - 05.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Bamy - 05.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Kesel - 06.03.2024 |
√ Baga bagşy -9: «Ner zarbyny ner biler...» - 08.03.2024 |
√ Ene / powest - 13.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |