17:29 Baga bagşy -8: «Niçik geçer halym Bibi...» | |
8. «Niçik geçer halym Bibi...»
Powestler
«Bagşy diýibem Nazar baga aýdaýsaň. Men onuň zehinini, zarbyny Moskwada görendirin...» Pürli Saryýew, Türkmenistanyň halk artisti. * * * Nazar gün-günden, aý-aýdan, ýyl-ýyldan gujur-gaýratyna gelip, indi men diýen ýigit çykypdy. Il –günüň Morsy aganyň bagşy ogluna buýsanjynyň çägi ýokdy. Bagalaryň indi başy hasam belentdi. Olar Morsy agany görseler Nazary gözli-başly etmegiň gerekdigini ýaňzydyp başladylar – Şükür, hersimizde ikiden-üçden gyz bar, haýsymyzyň gapymyzdan barsaňam, saňa «ýak» diýjegimiz ýak – diýip, Gutly baga gepi has çynyrgatdy. Emma Morsy aganyň böwrüni diňlemäge mejbur edýän bir ýagdaý bardy. Geçen baharda Nazar goňşularda ýaşaýan Bibi atly gaty owadan gyza aşyk bolupdy. Bibiniň özi Gubadagyň Jemşitgala obasynda ýaşaýan Çary öküziň gyzydy. Çarynyň aýal dogany Alilioýly Gurban hyrtmanyň maşgalasydy. Bularyň çaga-çugasy ýokdy. Şonuň üçin olar Çary öküziň kiçi gyzy Bibini gyz deregine öýlerinde saklaýardylar. Nazar öz çagalyk tanşy bolansoň, Bibi bilen ýaşlykdan salamly, söhbetlidi. Ýöne ol Ilerki illere gidip gelenden soň Bibi diýip ýüreginiň üzülip barýandygyny duýdy. Öz ýagdaýyny goňşularynyň guýusyna suwa gelýän Bibiniň ýoluny saklap, oňa aýtdy. Bibi bir ýylgyrdy-da: – Seniň illerki illere gidip göresiň gelip ýüregiň üzülip barýan bolsa, her günde görmese ýüregi müň sapar üzüm-üzüm bolýanam dur seniň ýanyňda – diýip, tylla käse ýaly balkyldap duran gara gözleriniň ýaşyny seçelendirip: – Nazar jan, ah, Naza jan! – diýip eňredi. Şondan soň olar ýagdaýy boldugyça habarlaşyp durdular. Nazaryň Bibä bolan telwasy gün-günden artýardy. Bu ýagda onuň aýdym –sazyna däl, sesiniň süýjemegine, bokurdagynyň ýüpek ýaly ýumşmagyna, içindäki bela-beteriň gaýnadylan guýruk ýagyny ýuwudan ýaly eşretli lezzet bilen çyrpynmasyna-da sebäp bolupdy. Iň esasy ýagdaý bolsa, indi Nazaryň özem bu yşk söwdasyna döz gelip bilmän, aýdym düzüp, ony täze bir, öň hiç haçan eşidilmedik, geň heňe goşup aýtmany çykardy. Ol indi toýa çykanda gijäniň bir wagty bolup, özüniň däli-porhanlyk derejesine ýetip, sesiniň ýüpege dönüp, nagmalaryndan bal syrygyp başlanda «Bibini» aýdardy. Şonda Bibiniň didary diýip, çöl-beýewanlara syçrap barýan sarç duýgularyny höreläp-köşeşdirýän ýaly bolýardy. Bir sapar duşuşanlarynda Bibi ýylgyryp: – Bibi diýen aýdymy kime bagyşlap aýtdyň?–diýdi. Nazaryň dili tutuldy. – Eşitdiňmi?!–diýdi. Soňam–Dünýäniň ýüzünde ýekeje Bibi janym bar. Onsoň, men başga kime bagyşlap aýdaýyn–diýdi. Bibi elini bagşynyň indi telim wagtlap dutardan başga zat ellemedik güýçli aýasyna goýdy. – Menem saňa bir tahýa tikjek bolýan. Emma bibimden, Gurban agamdan çekinýän. Olaryň işi diňe men. Otursam tursamam, iýsem-içsemem, iç-daş çyksamam yzarlap otyrlar. Ýa bir zat duýýarlar, şolar. Ýöne, Nazar jan, sen maňa öz «Bibiňi» birje gezek aýdyp ber-a! Nazar başyny sallady. – Bibi jan, heý, ol aýdymy bular ýaly çöpüň- çörüň içinde ýarym-ýalta aýdyp bolarmy. Nesip bolsa, seni törüme ýazylan haly düşegiň üstüne geçirip, ile-güne buşluk ýaly edip aýdaryn «Bibini». – Onda-da aýt, ýöne häzirem aýd-a! Nazar ömründe yrym-ýorum diýen zada ynanýan adamam däldir welin, ýöne häzir ol «Yrymyna ýagşy däl-de» diýip oýlandy. Şondada Bibiniň göwnüni ýykmazlyk üçin däli-porhan bolup, Bibini aýtdy. – Gamzaň ýeli degidi başa, Haýran etdiň halym bibi. Bizi goýup gitme daşa, Akar gözden ýaşym, Bibi... Bibi aýdymy diňläp hünybirýan aglady, agyly sesi bilen: – Nazar jan, men öläýsem, mazarymyň başyna baryp, şu aýdymyňy aýtgyn. Aýtmasaň razy däldirin. –diýdi. Nazaryň ýüregi tas agzyndan çykypdy. – Aýdýanyň näme, Bibi janym!–diýip başyny galdyranda, ýanynda Bibiniň ýokdugyny bilip galdy. Köp wagt geçmänkä olar Jemşitgala Çary agalara-da, goňşulary Gurban hyrtmanlara-da obanyň abraýly adamlaryny gudaçylyga iberdiler. Ýöne olar gyzlaryny Morsy baganyň «agzyna şeýtan siýen, bagşysumak ogluna» berjek däldiklerini aýdyp, sawçylary yzyna gaýtardylar. Şondan soň Bibiniň goragy has berkidildi. Öň häli-şindi görşüp ýören halyna, Nazar indi Bibini görmäge zar boldy. Ahyr soňy goňşularynyň gyzjagazyndan «Juma güni öýle namazynda guýynyň başy» diýip sargyt iberdi. Özi bolsa ak öýländen, guýynyň degre daşyny tutup ýatan ýylgynlygyň içinde gizlinjek ýer edinip, gyzyň gelerine garaşyp ýatdy. Bibi Nazaryň sargydy gelen badyna onuň näme matlaba münenine bada-bat düşündi. Gyz ýeňil-ýelpaý goşlaryny ýelýyrtan ýaglyga düwdi-de, eline suw kädini alyp, wadalaşan wagty guýa bakan ugrady. Misli jülgeleriň boz maraly ýaly serasaplyk bilen suwa barýan gyzyň hossarlary bildirmän, onuň yzyna düşdüler. Olar gyz guýa ýetip-ýetmänkä ony gallap tutup, süýräp, yzyna alyp gitdiler. Nazar bu ýagdaýy görüp ýatyrdy. Ýöne ol näme etsin. Kime dadyny ýetirsin. Gaýta aňyrdan gan islän guduz gaplaň ýaly bolup, şer isläp eňişip gelen «hossarsumaklaryň» deminden duýdurman özüni zordan alyp çykdy. Bilinmedi, Bibä nähili kast edildi, gyz şol günden soň düşekden turman, ebgar ýatdy. Gaty köp wagt geçmänkä-de, dünýesini täzeledi. Bu ýagdaý Nazaryň süňňüni yrady. Aýdym-sazyň näme, ol indi birhili heserlän ýaly bolup, dünýä sygman gezdi. Ony äkidilmedik tebip, okadylmadyk molla, ýykylmadyk öwlüýä galmady . Ahyry Morsy aga bu ýerlerden örki üzülse, eýle-beýle ýagdaýlar ýadyndan çyksa gerek diýip, oturan ilini taşlap, ýene Gubadaga, Baýyşly bagalaryň arasyna göçüp bardy. Her näme-de bolsa, Nazar täze göçülip barylan ýer bilen öwrenişdi. Ol halypasynyň ýanyna gitdi. Arasynda ol oba, ejesiniň, kakasynyň ýanyna bäş-üç günlük gezmäge gelerdi. Dogrudan hem, bu obada Nazaryň täze dostlary tapyldy. Ol olar bilen göwün açyşdy. Bibi, kyn günler, täze-täze duýgular bilen ornuny çalyşyp gitdi. «Her derdiň tebibi wagt» diýenleri boldy. Ýigit hüsürlikden açylyşdy. Bir günem toý sowup, halypasy bilen razylaşyp, hoşlaşyp oba geldi. Şonda ýolda bir gyza sataşdy. Onuň ýüregi jigläp, aňy giden ýaly bolup, gyz ýöräp, deňine gelýänçä garaşdy. Soň özi duýman gyza habar gatdy. – Haýsy obada ýaşaýaň? Gyz nar ýaly bolan ýaňaklaryny aýasy bilen tutup, sallanyp, geçip gitdi. – Eý, Allam, bu Bibi janym-la!–Nazaryň dodaklarynda uçuk gaýnady. Ol şol, günden başlap täze derde sataşdy. Ejesine, aýal doganlaryna sorag-ideg etdirdi. Emma «her bähbidiň ýanynda şeýtel dur» diýenleri dogry çykdy. Gyzyň kimdigini, kimlerdendigini, kimiň gyzydygyny bilen günleri Morsy aga tarpa-taýyn amanadyny tabşyrdy. Il-gün Morsy agany edil toý ýaly edip, gadyr-hormat bilen jaýlady. Onuň aşy-suwy jaýba-jaý berildi. Nazar muňa-da kem-kemden öwrenişip, wagtyň geçmegi bilen aýdym-saz akabasyna girişip gitdi. Ýöne «Bibili» gürrüň onuň ýadyndan çykanokdy. Kakasynyň ýylyny geçirip, ol gyzyň öýüne adam iberdi. Asyl, ol gyz öz aga-inileri, bagalardan Gazak burunyň gyzy bolup çykdy. Nazar sähel wagtdan Jemşit galadan bir küňreli howlyny satyn alyp, şoňa göçdi. Ol ýere barandan soň uly toý tutup, Gazak burunyň gyzy Soltanbibä öýlendi. | |
|
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Guduzlan it -2: powestiñ dowamy - 18.09.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -5: powestiň dowamy - 21.08.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powest - 29.08.2024 |
√ Ene / powestiñ dowamy - 14.01.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -7: powestiň dowamy - 10.09.2024 |
√ Palindromaniýa: Hoş ses. Taş ses - 04.07.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopanystanda gije - 02.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Pürli - 06.03.2024 |
√ Baga bagşy -7: Ýatlamalaryň ýumagy - 07.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |