13:59 Sary bagşy / powestiň dowamy: Uspen halypa | |
• Uspen halypa
Powestler
Otly ugrady... Şükür bagşynyň aýdan, aýdyp bilmedik sözleri Sary bagşynyň pikir-duýgusyna ot bolup basyldy. Ol hakykatdan hem bu senediň özüne düýşünde berlendigini bilýärdi. ...Ol dört-bäş ýaşyndady. Bamynyň gujagynda eşret içinde ýaýnap ýören neressedi. Ýöne bir gün ol agşam çaga bolup uka gidip, ertesi beýik sazanda bolup oýanypdy... – Wah, öýde Pürlem ýok. Ol Garrygala daýylaryna toýa gidipdi. Bir gije ýatyrdyk. Üýtgeşik sese tisginip oýandym. Görsem, Sary jan. Hem aglaýar, hem aldygyna dutar tiňňirdedýär. Aglaýar, dutaram şoňa goşulup owaz edip dur. Ýüregim ýarylan ýaly bolup turdum-da: «Sary jan!» diýip, baryp ony gujakladym. Ukuda. Elinden dutary aldym. Asyl, el ýeter ýaly ýerde däldi-le. Daşynyň gabynam kakalary: «Şular açyp oýnaýmasyn» diýip, gaty berk çigip daňardy. Özünem öýüň uguna gaty berk baglardy. Emma barysyny kimdir biri howlukman açypdyr. Sagakeý düzülen dutary çepekeý düzüpdir. Ol ukuda ýatan ýerinde nädip aglaýr, nädip tamdyra çalýar. Kime aýtjak dadyňy. Jyn oýnadymy, arwah oýnadymy ýa-da perişdeler «Omyn» diýdimi?! Ýerine geçirdim, süýji uka gitdi. ýöne, ýatan ýerinde içi içine sygman eňräp ýatyr. Onsoň Işan aganyň ýanyna gitdim, ertesi. Olam: «Wah, Üzümtäç aýtmaly däl ekeniň. Özi ýeter menziline. Emma yzy kesiler. Ýöne aglan ýeri bolmaýar. Türkmeniň öňünde bir uly agy bar bolaýmasa. Ol şonuň bagşysy bolsa gerek. Galanynam, Allanyň özi gowy biler...» diýipdir. Üzümtäç oglunyň täleýine çile düşürjek işi edenine puşmanlar edip gezdi. emma boljak iş bolupdy. Indi Pürli çaşynyň kakasynyň at dakylany – Hojamuhammet – Saryjyk bir bela ýolukmalydy? Şonuň üçin Pürli Garrygaladan gelenden soň aýalyna az-kem igendi. – Aýallygyňy edýäň-de. Demiň içiňde bolmaly ekenid-ä. – Wah, men guraýyn – diýip, Üzümtäç zar-zelil bolup aglady. Emma Saryjyk welin indi üçünji gündür, şol usurganyp ýatyrdy.ol käte bir iňläp goýberýär, diýäýmeseň, ne ölüdi, ne diridi. Ak işan öwlüýäsine äkitdiler. Emma gije, şol öňki wagt är-aýal ikisi tisginip oýandylar. Ýene şol öňki ýagdaý gaýtalandy. Emma bu sapar Sara päsgel beren bolmady. Ol aglady-aglady, dutaryny çalyp, usurgap ýatyp galdy. Pürli indi dutary goňşularynda ýygşyrdy. Emma bir gije ýene şol waka gaýtalandy. Emma indi Saryjyk ýatmandy. Ol ylgap kakasynyň ýanyna bardy. – Kaka, saňa saz çalyp bereýinmi?! Pürli çaşgyn oglunyň aklynyň üýtgändigine indi şübhe edenokdy. Ol turdy-da dutary oglunyň elinden aldy. – Ýat, kakam, il ýatan wagty dutar bolmaz. Dutary gije çalmazlar, aýyp bolar. Il näme diýer. Emma Saryjyk ýerine geçmedi. Ol daşary çykdy-da, gara öýe arkasyny berip tä daňdana çenli düşnüksiz dilde eňredi oturdy. Şonda Üzümtäjiň gözleriniň ýaşy telim wagtlap kepemändi. ...Şükür bagşynyň »Bagşyçylyk saňa Hakdan iberlendir...» diýýäni şonuň üçindi. Ýöne onuň «Saňa şägirt gerek, oglum...» diýmesi Sary bagşy üçin täzelik däldi. Ony oňa uspen halypa-da aýdypdy. Ol Uspen halypa bilen 1925-nji ýylda, Daşkentde tanşypdy. Şonda Sary bagşy Orta Aziýa respublikalarynyň halk döredijilik çeper höwesjeňleriniň bir uly ýaryşmasyna gatnaşypdy. Şol ýaryşmada onuň aýdan «Ýandymy» birinji ýeri alypdy. Aýdym-saz ýaryşmasy sowulandan soň tüýdükçi Muhammetmyrat uzyn boýly, agajeträk gojany yzyna tirkäp Sary bagşynyň ýanyna alyp gelipdi. – Halypa, şu adam «Tanyş et» diýip halysalla goýanok. Men şunça sypjak boldumam, edil sakyrtga ýaly, ýapyşyp ýatyr. Bir gaýrat et-de, ýekeje agyz sözleşsen-e. Bolmasa ol meni hut, inçekeselli etjek... Sary bagşy başyny atdy. Nätanyş adam bolsa hut, sary bagşynyň älini bagryna basyp, bir zatlar, bir zatlar diýýär welin, ol-a gepleşmek eken, şol wagt telpeginden başga zadyňy dilesede «Al, dogan, al-da menden, razy bol» diýjekdi. – Bu näme soraýar ahyryn? – Ol hiç zat soranok, halypa. Ol aýdan aýdymyň üçin minnetdarlygyny bildirýär. – O nämäniň minnetdarlygy? Muhammetmyrat ol ors ýaşulysynyň sözlerini terjime edip başlady. – Ýaňky aýdyşym ýaly, beýle beýik owaz, beýle beýik mukam utgaşmasy, manynyň milodiýa bilen bitewiligini görüp-eşidilmedik derejede ussatlyk bilen diňleýjä ýetirmek, henize çenli görlen zat däldir. Munuň özi adamzat swilzasiýasy üçin uly sungat partlaýyşydyr. Siz, adamzadyň başarmajak işini etdiňiz, halypa... – Hudaýdan daş düşmesin, adam edenini adam eder. Meniňki bir kyssaýy damana ýoly ahyryn. Bu aýdymyň aýdylyşynyň bäş ýoly bardyr. Sen Bama bar. Şonda görersiň, hakyky aýdymy! Şonda Uspen halypanyň ýüzi üýtgäp gidipdi. – Men bararyn, men bararyn. Maňa çakylyk bar. Ýöne sözüň söz bolsun. Barmak menden, aýtmak senden... Ol goja sözünde tapylypdy... Bir gün agşamaralardy. Bamynyň ileri gädiginden bir kiçijik kerwen inipdi. Olar göni Sary bagşynyň öýüne gelip, ulaglaryny sakladylar. Sary bagşy işigine gelip düşen adamlara bada-bat tanady. Ýöne Muhammetmyrat tüýdükçiniň ýanyndaky ap-ak sakally gojany kimdir birine meňzetjek boldy, ýöne oňa-da aýgyt edip bilmedi. «Bamy nire, Uspen halypa nire?» diýip, oýlanyp ýetişmänkä, onuň özi gelip Sary bagşyny gujaklady. – Bože moý! Bože moý! Sary bahşy! Sary bahşy jan! Ol adam bagşyny bagryna basyp durşuna bir zatlar, bir zatlar samraýardy. Emma bagşy onuň diline düşünmedi. Pürli, Oraz daş işikdäki beýleki oglanlar düýeleriň ýüküni göz açyp-ýumasy salymda düşürdiler. Olaryň howutlaryny aýryp, at ýatagynyň bärsindäki ýandak küdesine ýanap daňdylar. – Hany, ýörüň, içeri giriň! – Biz indi siziň myhmanyňyz, Sary aga! – diýip, tüýdükçi gyssanyp habaryny aýtdy. – Ol az-kem ýaýaplap: – Sary aga, senden bir towakgam bar, günämi geç. Onsoňam, Uspen halypa «Ýaramansyň, agyr ýatypsyň...» diýip sorasa-da, «Hawa» diýeweri. Sen bir meni ýüňsakal etme, akgam. – O näme diýdigiň ahyryn! – Uspen halypa Daşkent otlusyndan düşen badyna «Sary bagşyny tapmaly. Maňa şol bolsa bolýar, başga adam gerek däl» diýip tutdy. Gaýgysyz Serdar oglam maňa: «Ol bolmaz. Tutuş Türkmenistana aýlap, bir ýerde susak göteren bolsa, barysyny görkezip çyk. Kimi halasa alsyn, almadygam öz ynsabyna galsyn» diýip berk tabşyrypdy. Şondan soň Uspen halypa yzyna gaýtjak boldy. Bizem hökümediň sözünden çykyp bilmän ony «Sary bagşy ölüm halynda ýatyr...» diýip aldamaly bolduk. Ol şonda-da «Ölmänkä sesini bir eşidip galaýyn» diýip, şol öz diýenini tutdy ýördi. Ahyr soň agyr ýatyryň soňy: «Şol pahyra wepat bolupdyr-a» bardy. Ýöne şu adam bilen näçe gün ýöräp, näçe ädim ýol ýörän bolsak, barysy seniň adyň, onuň Meni Sary bagşa ýetirmediň diýen igenji bilen geçilendir, akgam... Sary bagşy loh-loh edip gülse-de, sesini çykarmady. Bu del myhmanyň gelenini eşidip, tutuş Bamy ili Sary bagşynyň külbesine ýygnandy. Bagşy iki janly soýduryp, gelenleri toýlady. Olary giň işiginde uludan düşek ýazdyryp, ortada ot ýakdyryp, uly toýuň radasy bilen märekeledi. Tabaklar ýygnalandan soň aýdym-saza gezek berildi. Uspen halypa ýaşynyň bir çene barandygyna, jöwzaly Garaguma, Pendi, Türkmensähra, Sumbar, Etrek boýlarynda surnugyp, halys bolandygyna garamazdan, birhili ýigdelen ýalydy. Ol kagyzlaryny, ýazuw esbaplaryny ýanyna alyp, endiklije oturşyny edip, gaýta-gaýta eňegini, gulaklaryny süpürip, elýaglygyny ýassygynyň astyna salyp çykarýardy. Sary bagşa gezek geldi. Uspen halypa onuň eňeginiň aşagyna baryp dykyldy. Bagşy «Ýandyma» ýetende, ol çyzyk-çyzyk kagyzlaryny pytradyp, öňe-öňe bakan emedekleýärdi. Soňam gözleriniň ýaşyny sylmak üçin, elýaglygyny gözleýärdi. Adamlar bu ýat ýaşulynyň türkmen aýdymyny diňläp, äýneginiň aňyrsyndan pürkülüp çykýan gözýaşynyň emelidigine-de, hakykydygyna-da ynanyp bilenokdylar. – Bože moý! Bože moý! Sary bahşy! Ýa po tebýa kak skuçal! Ýa tebýa kak iskal, kak iskal! – diýip samrady. Soňam Muhammetmyrat Nepesliniň ýüzüne hasrat bilen garap, «Sen meni nähili azaşdyrdyň, dostum. Sen meni ne günlere saldyň. Meni agtaryp, gözleýän hazynam gör, nirede eken...» diýen terzde başyny ýaýkap-ýaýkap goýberýärdi. Tüýdükçi bolsa, öz müýnüni bilýärdi. Ol nätsin. Uspen halypa ýaly adamdy, eline gaty kädi alan gör, näçe bolgusyz adamlaryň arasynda tas oýnatga öwrülenine bir ölüp bilmändi. – Sary bagşy «Jan-jany» bilen öz ýyldyzynyň deňine ýeten pursady, birden Uspen halypa onuň dyzyna urup gygyrdy. – Podaždy! Podaždy! Ýaşuly myhmanyň bu bolşuna, onuň çirkin sesine tutuş märeke tisginip gitdi. Sary bagşy sesini goýdy. Uspen halypa aýalaryny açyp, gözlerini ýumup, bir zatlar samraýardy. – Näme diýýär? – Çykma! Çenden çykma! Patlarsyň! Özüňe haýpyň gelsin! Sary bagşy özüni, oturan ýerini unudup, märekäniň ortasynda gözlerini ýumup, titiräp oturan rus ýaşulysyny görüp, tisginip gitdi. – Çaý beriň! Birden Uspen halypa gözlerini açdy-da, özüne gelen ýaly boldy. soň gözlerini petredip, töweregine garady. – Izwenite! Radi boga, izwenite! Eto ne iskustwo, eto božestwennoýe mgnaweniýe. Etot prostoý narod kak wnoşet eto çudo. Eto deýstwitelno, božestwennoýe çudo! Ýa ne mogu, ýa naçe ne mogu!.. Ol titredi. Galam-kagyzyny ýygnady-da, ýerinden turup, baryp howutlarynyň biriniň üstünde iki aýasy bilen kellesini tirip, baryp oturdy. – Ýaňky näme samrad-aý! Öz-ä sögdi öýdýän kapyr haramzada... Muhammetmyrat tüýdükçi gözüniň ýaşyny seçelendirip, başyny ýaýkady. – Ol, adamlar, sögenok. Ol aýdýar-a: «Sary bagşynyň bu aýdym-sazy, aýdym-saz däl» – diýýär. «Ol Allahy kerama» diýýär – düşündiňizmi?! –« Bu ýönekeý halk bu keramatly owazy nädip diňläp, nädip ýüreginde göterip bilýär» – diýýär – düşündiňizmi?! «Meniň ýüregim bu keramaty göterip bilenok, meniň gursagym çat açyp barýar» – diýýär – düşündiňizmi?! Siz bolsaňyz «Ol sögendir» diýýäňiz. Türkmen sazyna, aýdymyna, onuň Sary bagşysyna şu güne çenli şeýle baha beren adamy gördüňizmi, eşitdiňizmi? Siz bolsa, «Ol kapyr» diýip, ýaman niýet bilen seredýäňiz... – Balasyny s... şol orsy öwmesen-e. Gökdepede türkmeni weýran eden ors dälmi? Ol näme diýse-de, kiçi dilden bärdedir. Belki, ýene bir içalydyr. Sen nä bilýäň... Sary bagşy ullakan ak ýaglykly elini galgatdy. – Bäşim, hany, beýle gürrüňi goý. Myhman ataňdan ulydyr. Magtymguly halypa: Ganly bolsaň geç ganyňdan Bir garyp myhman ýigide – diýendir. Bu adama Uspen halypa diýerler. Ony Gaýgysyzyň özi gadyr edip, Daşkentden getirtdi, türkmen sazyny öwren diýip. Onsoňam, adamlar hökümet bilen oýun etmäň. Onuň arkasynda hökümet durandyr... Sary bagşy beý diýmesiniň «mustapasy» başga ýerdedi. Bu ýere ýagşy diňlemäge Garagumda mekan tutup ýören basmaçymysyň, toparmy, toparjyk diýermiň, aý garaz, özüne göwni ýetýän, eli ýaragly, syrty ulagly adamlar hem gelipdiler. Olar üçin sen hökümetmi, sen orsmy, sen türkmenmi, barysy birdi. Bir bahana bilen elini gana bulamakdy. Mähelläniň garaňkyrak burçunda oturan Çary-da, Bäşim-de, onuň ýanyndakylarda, şolardandy. Olar bu ýerde Gökdepe, ors, beýleki, namys, ar diýen bolup, şu üýşmeleňi bulajak bolýardylar. Sebäbi bu toýuň geçjegi olara sala edilip salynmandy. Bar gepem şondady. Sary bagşy ýerinden turdy. – Il-gün, myhmanlar hem uzak ýoldan aryp gelipdirler. Bir salym dynç alsynlar. Nesip, bolsa, Alla ýol berse, toýy, aýdym-sazy erte agşam dowam etdireris, bolýamy... Märeke dargasa-da, Sary bagşy ýatmady. Ol Muhammetmyrady ara alyp, Uspen halypa bilen daňdana çenli oturdy. – Türkmeniň aýdym-sazy, ol bu günüň sungaty däl, ýok. Ol gadym zamanda bir beýik imperiýa bolup, onuň hem äleme sygmaýan saz sungaty bolup, şol imperiýa dargandan soň onuň tilisgejikleri şu güne gelip ýeten ýalydyr. Bu halkyň beýle beýik sungaty döredişi, ony inine sygdyryşy, ony kalbynda göterişi, ine, şu zatlaryň özem bir keramatdyr... Sary bagşy Uspen halypany diňledigiçe, oňa göwni ýetýärdi. Onuň paýhas ýörelgesine, türkmen sazyna berýän bahasyny diňläp, ullakan bir saz medressesini geçen ýaly boldy. Ol Uspen halypa ýerine girensoň hem bolan-geçen gürrüňleri paýhas edip, tä daňdana çenli ymyzgandy. Uspen halypa gyssanýardy. Ol näçe gyssansa-da başga bir ýagdaý ýüze çykdy. Bamynyň halky Sary bagşynyň öýünden gidenokdy. Bir topar gitse, başga bir topar gelýärdi. Bir hepde-de Sary bagşy ýatagyndaky-ha däl, çekene sürüdäki goýunlarynyň hem kyrk-ellisini soýup ile iýdirdi. Bagşy oňa gynananokdy. Onuň, Hudaýa şükür, maly kändi. Dört-bäş ýüz goýny, ýüze golaý sygry, ýigrimä golaý ahal-teke aty, on-on bäş sany düýesi bardy. Emma gep başga meselede-di. Halk Uspen halypa işlemäge maý berenokdy. Ýaşuly bolsa gyssanýardy. Özi baryp, topar bolşup oturan adamlary kowýardy. – Düşüniň, biz işlemeli! Siz maň işlemäge päsgel berýärsiňiz!.. Ondan soň Muhammetmyrat gyjakçynyň özi olara baryp düşündirýärdi, ýalbarýardy. Şeýdip olary gaýtarsa, yz ýany bilen başga bir topar sürrekleşip gelýärdi. – Mundan işem bolmaz, durmuşam! – diýip, ahyr soňunda Uspen halypa elindäki galamyny aýgytlylyk bilen kagyzlarynyň üstüne oklap goýberdi. _ Aşgabada gitmeli! Şol ýerde kireýine jaý tutaýyn. Özüm hyzmatyňy edeýin. Ýöne, maňa düşün, seniň aýdymlaryň, sazlaryň tutuş nesillere, geljege gerek. Men ony tapanymdan soň, düşün, ony ne günlük bilen tapdym. Tutuş Türkmenistany aýlanyp çykdym. Ahyr oňa ýetenimden, tapanymdan soň men ony goldan sypdyrsam, taryh meni bagyşlamaz... Sary bagşy Uspen halypa bilen ylalaşmady. – Saňa rahat, dynç ýer bolsa boljakmy? – Boljak, boljak... Sary bagşy Bamynyň gabat garşysyndaky sähraýy ýerde, çölüň jümmüşünde oraça dikdirdi. Onuň içini düşekletdi. Iki çelek suw, bir garyn gowurma, beýleki gerek-ýarak zatlary daşatdy. Soňam gyjakçy bilen Uspen halypany şol ýere göçürip alyp gitdi. Bu ýer Uspen halypa diýseň ýarady. Ol gije-gündiz diýmän işleýärdi. Sary bagşynyň sesini, owazyny, kalbyny gulaçlap, aňyrsyna çykaýjak bolýardy. Emma iş tamamlanan badyna ahmyr bilen başyny ýaýkaýardy-da, ýüzüni ýassyga berip, sagatlap diýen ýaly sesini çykarmady. Şol günleriň birinde Muhammetmyrat ylgap oraça girdi. – Bagtymyz ýatdy, adamlar, basmaçylar ýetip gelýär... Uspen halypanyň reňki duw-ak boldy. O zygyrdap durşuna girere deşik gözledi. Sebäbi ol Türkmenistana gireli bäri basmaçy diýen beladan bez-bez bolupdy. – Aljyramaň, Hudaý bardyr! Bir toplum atly gelip oraçanyň işiginde saklandy. – Kim bar! – Oňa çenli iki sany gap-gara bela güpürdäp atdan düşdi-de, oraça girdi. Soňam şol batlary bilen daşary çykdylar. – Şol kapyr haramzada otyr, serdar! Sary bagşy daş çykdy. – Gurgunmysyňyz, oglanlar. Gykylyk näme? Serdar diýilýän ýigit mes atyň üstünde gaýşarylyp oturan ýerinden az-kem egildi. – Sary aga, salawmaleýkim! – Waleýkim essalam. Bolşuňyz nähili? – Neme, del adam bar ýaly-la. – Bar, ol meniň myhmanym. Gaýgysyzyň çakylygy bilen aýdym-sazymyzy öwrenmäge gelen... Serdar diýilýäni ýanyp duran otlukly gözlerini Sary bagşynyň ýüzünde sypyjyklatdy. Soň atyny yzyna öwürdi-de, ýene oraça bakan dolady. – Sary aga, Gaýgysyzyň bajysyny s... Ol syrtyny oňa-muňa bulaýlap, aryny-namysyny satyp ýören haramzada üçin men şol bulagaý kapyry okdan geçirerdim. Arman, arada sen durduň. Bolýa, seniň üçin men elimi gana bulamaýyn... – Bäşim, sen beýle tekepbir bolma. Beýdip atasy urup, ejesi käýän lütjekleri yzyňa düşürüp ýörme-de, bar, çagajyklaryň arasyna bar. Utanarlar. Bäşimiň boýny sallandy. Ol gapdalda duran bir süri düýäni gabap durana sögünüp gepledi. – Ber, düýelerini... Galtamanlar gözden ýitdi. Sary bagşy oraça girdi. Onuň gözi Uspen halypa düşmedi. – Halypa! Düşek gymyldady. Soň bir tarapa serpildi. Onuň aşagyndan Uspen halypanyň hor, şilliň göwresi suwulyp çykdy. Ol bu çukury bilniksizlikde, Sary bagşy ýok mahaly Muhammetmyrada gazdyrypdy. Işikdäki sesler galagolplaşyp başlandan, ätiýaçlyk üçin şol ýere giripdi. Sary bagşy sesini çykarmady. Oraçanyň içinde ýedinji gün oturanlarynda günorta gabatlary Uspen halypa çirkin-çirkin ses edip gygyrdy. Sary bagşy öýle namazy üçin täret kylmaga çykypdy. Ol ýüregi ýarylan ýaly bolup oraça kürsäp urdy. – Näme boldy?! – Içýan! Garagurt! Hakykatdan hem içýan, özem Aziýadaky iň zäherli içýan Uspen halypanyň goltugyndan sap-sary tüýleriniň arasy bilen ýeňiniň içine girip gitdi. – Gymyldama! – diýip, Sary bagşy Uspen halypanyň uzap, bir kesme ojara dönüp giden golunyň aşagyna ýasygy sokup aýtdy. Özem, Ine birden halypany içýan çakaýsa, okaryn diýen görnüşde çöküne düşüp, taýýar bolup oturdy. – Gorkma, halypa, gorkma. Uspen halypanyň reňki agypdy. Onuň ýüzüne öliniň reňki urup, ne öli, ne diri halda otyrdy. Ol Garagumda Garagurt diýen içýan bardyr. Onuň çakan adamsy şol bada ölýändir... diýip, Daşkentde gulagy ganandy. Şonuň üçin ol häzir öljegine birjigem şübhe edenokdy. Sary bagşy nähilidir bir dogany sanady. Şol wagt hälki içýan syrtyny iki baka çaýkap, Uspen halypanyň ýeňinden çykdy-da, barmaklaryna tarap hasanaklap ugrady. Sary bagşy ýaşulynyň elindäki içýany zarp bilen kakyp goýberdi. Içýan honda düşdi. Uspen halypa bolsa başga tarapa agyň gitdi. Ol birsalymdan özüne geldi. – Hany, içýan? Meni çakdymy? Sary bagşy-da tüýdükçi-de hezil edip gülüşdiler. – Çöregiň bitin eken, halypa. Alla seni gowy görýän eken. Şu oraçanyň içinde ömrüňi saňa iki sapar gaýtaryp berdi. Muhammetmyradyň sözüni Sary bagşy-da makullady. – Iň esasy gorkmazlykdyr, halypa. Ýylan-içýan gorkanyňy bilse, beter örjeşýändir. Menem çakypdy, içýan. Özem Garagurt. Men dogasyny bilýärdim. Okadym. Yzyna gaýtdy. Emma şol wagt alyn dişlerim patylap elime geldi. Telim ýyllap aýdym aýdyp bilmedim. Mazaly Daşkente iberdiler. Şol ýerde özüme diş, ejelik gelnejeňe-de äýnek ýasatdyrandyryn. Ol barmaklary bilen çekip, alyn dişlerini yralady-da, eline aldy. Bir tokga tylla onuň elinde lowurdap gitdi. – Ine, şol içýanyň bitiren işi şu... Uspen halypa şol ýagdaýy öz süňňünden geçirip gördümi ýa-da hälki wakadan howp aldymy, birhili titiräp gitdi. * * * Gün öýlä sapanda Uspen halypa Ine, basym işi tamamlarys diýip oturan halyna, birden elindäki ruçkasyny oraçanyň bir burçuna taşlap goýberdi. Keçäniň üstünde ýatan galamy aldy-da, indi näçe gündür gözüniň jöwherini gyryp ýazyp oturan kagyzlarynyň üstüni çyzym-çyzym etdi. Soňam, erbet sögündi... Sary bagşy dutaryny gujaklap oturşyna bu ýagdaýy nirä çekjegini bilmedi. Ol özünde bir kemçilik bardyr öýtdi. Şonuň üçin dutaryny gabyna salyp, bilini bogdy-da, dula söýäp daş çykdy. – Halypa, näme boldy? – diýip, tüýdükçi çekine-çekine sorady. – Eto, wse martişkina trud. Eto, wse ýorunda! – O näme üçin beýle, halypa? – Sary bagşy do, re, mi, fa, şo, lýa, si-ňe, bu çyzyklaryňa, bu kagyzlaryňa sygardan beýik. Ol saz älemi, ol owaz älemi. Men ol älemi kagyza geçirerden ejiz, ejiz. Biderek zähmet çekýän. Bolmaýandygyny, başarmaýandygymy bilýänem, şonda-da işlän bolup, ol saz pygamberini kösäp otyryn, žalko! Agşam nahary sus geçdi. Uspen halypanyň ýüzi ýerden galanokdy. Ahyry ol dil açdy. – Sen, Sary bahşi, menden gaty görme. Men saňa dogrymy aýdaýyn. Seniň aýdym-sazyň, kagyza sygmaýar. Ol bir saz akademiýasy. Saňa ýazgy däl-de, şägirt gerek, şägirt, düşündüňmi?! Bu sungatyňy köňülden-köňle, zehinden-zehine geçirmeli. Sen meniň diýýän, adamyň däl. Sen bagşy däl. Sen saz äleminiň pygamberi. Beýle adamy Allanyň özi saýlaýar. Meniň ýekeje gynanýan zadym, sen ölseň, seniň sesiňem, eliňem, owazyň hem ölmeli. Men şoňa gynanýaryn, düşünýärmiň? Goja silkinip, silkinip aglady. Şol agynyň arasy bilen samrady. – Men gözleý-gözleý bu beýik sazy tapyp, görüp, alyp bilmeýänime gynanýaryn. Senet, tehnika, asyr, döwür ejiz, seniň öňüňde. Men şoňa gynanýaryn. Sen ölseň, şol sungatyň öljegine gynanýaryn, düşünýärmiň. ...Uspen halypa gaýtdy. Ol Aşgabada gelip, Atabaýew bilen duşuşanda bir söz aýdypdy. – Konstantin Sergeýewiç, türkmeniň ähli bagşysy Sary bagşy diýen belent alawyň owunjak tutaşdyrlygydyr. Ol adam Orta Aziýanyň, belki tutuş Gündogaryň saz akademiýasydyr. Onuň sungatyny ýazga geçirerden adamzat ejiz, bagyşlaň, bagyşlaň... Türkmen bagşysy barada şeýle sözi Uspenskiý ýaly beýik halypadan eşitmek Atabaýew üçin gündiziň yssy güni ýyldyrym çakan ýaly bir zat bolupdy. Ol şondan soň Bäherdene ýörite gidip, Sary bagşa bir üýtgeşik aw tüpeňini sowgat berip, aýdymyny daňdana çenli diňläp gaýdypdy... – Ine, indi Uspen halypanyň «şägirt gerek» sözüni Şükür halypa-da gaýtalady! Alla janlarym, indi men näme etmeli?! ...Otly gidip barýardy. Sary bagşy otlynyň içinde oturşyna agyrdan agyr oýa batýardy. – Wah, men şägirdim bolsa begenmejekmi? Han-a, obadaşymyz Garajany, Börmeli Jumageldini, Daşly guýusyndaky Welini janymy berjek bolup, gamçylamadymmy, halypa! Olary öýli-işikli etdim. Hiç bir kemleri ýok. Saz diýip, bagşyçylyk diýip janlaryny berjek bolýar, bendeler. Emma Alla olara maňa beren çeşmesini, sesini, owazyny, duýgusyny bermese men näme edeýin! Ol başyny ýaýkady. – Öz oglum Pürli näme, eli erbedem däl. Emma sesini gyzamyk aldy. Eşek aňňyrýan ýaly edip aýdym aýtsynmy? Aýdym aýtmasyny özüm käýäp goýdurdym. Garaja näme, halypa gördi. Emma ýürek, göz, beýik yhlas bolanda näme, Alla esasy zady, beýik zehin bermese. Oňa-da Gökdepe etrabynda saz çalmagy gadagan etdim. Ogullarym Oraz jan bilen Nury jan bolsa heniz ýaş. Olar hem kakam (Pürli) ýaly, Hanmämmediň ýolundan gidenlerini gowy görüler. Onsoň, men kime şägirt bol maňa diýeýin. Heý, şägirt gözläp oba-oba syryp ýören ilde-ymmatda görlen zatmydyr... Onda näme etmeli... Ol oýlandygy saýyn alaçsyzlygyna düşünýärdi. Ýöne şükür bagşynyň-da, Uspen halypanyň-da aýdanlarynyň jany bardy. Ol öz sungatyny öz ýany bilen alyp gitmeli boljakdygyna düşünýärdem, gynanýardam. ...Wah, her ilden, her ýoldan bäş sanjak bagşy-sazanda ýygnap bolsa, goý olar şägirt bolmasa bolmasyn. Ýöne aýdym-sazyň gadyryny bilýän bolsun. Men şolaryň öňünde birki gaýta öz sungatymy görkezsem. Olar, goý, ony almasynlar, ýöne görüp, bilip goýsalar hem boljak ahyryn. Soň bir gün: «Sary bagşy diýen biri bardy. Ol sazy şeýdip çalýardy, bu aýdymy eýdip alardy...» diýip, öz illerinde, öz ýollarynda indi aýtjaklara, indi dörejeklere kesp, öwüt berseler, käte, Magtymguly halypanyň aýdyşy ýaly: «Sary bagşy!» diýip adym tutsalar, şolam boljak ahyryn. Ol ýene-de gussa batdy. ...Ýeri, olary Bama ýygnadyňam-da, sen olary nirede saklajak. Olara hezzet-hormat edip, myradyna ýetirip myhmanlap bilmeseň, çemçeläp ýygnan abraýyňy çanaklap dökäýmeseň... Sary bagşynyň özi bir zada düşünýärdi. Onda üýtgeşik bir gudrat bardy. Ol «Al Seneme» ýa başga bir aýdyma «Ýa Alla» diýip çekse, sesiniň gapdalyndan jenneti owazyň goşulýandygyny bilýärdi. Eger elleri şirwan perdä ýetse, başga bir eliň, başga bir dutaryň müň esse näzik, nepis, zaryn kirişde, görlüp eşidilmedik gudratly perdelerde ondan hem müň esse belende göterilýändigini aňýardy. Ýöne olaryň bary Sary bagşynyň adyna gidýärdi. Ýöne, muny Uspen halypa nädip aýtjak, Şükür halypa nädip düşündirjek... Ol gudrat üýtgeşik gudratdy. Ony diňe Sary bagşynyň özi bilýärdi. Ýöne onuň özem şol gudraty köňlüne sygdyryp, gezip ýörşüne haýran galýardy. Başga biri bolsa, bir eýýäm syrynam açardy, şeýdibem weýran bolup giderdi. | |
|
√ Baga bagşy -7: Ýatlamalaryň ýumagy - 07.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Uspen halypa - 03.03.2024 |
√ Baga bagşy -9: «Ner zarbyny ner biler...» - 08.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 06.03.2024 |
√ Baga bagşy -12: «Bizden döwran geçdi diýiň daglara-a!» - 08.03.2024 |
√ Baga bagşy -8: «Niçik geçer halym Bibi...» - 08.03.2024 |
√ Baga bagşy -6: «Barylmadyk illerde, eşidilmedik gep ýatyr» - 07.03.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň dowamy - 29.08.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -8: powestiñ soñy - 10.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |