13:54 Sary bagşy / powestiň dowamy: Atyň ürken ýeri... | |
• Atyň ürken ýeri...
Powestler
Sary bagşy bedew atyň üstünde herdem-herdem oýlara batyp, hiňlenip gelýärdi. «Tüweleme, Nury jan, ölmese, halkyň göwnüni awlan ýigit bolar. Ol bu gün iş bitirdi. Bolsa-da, Sary bagşynyň ýumurtgasy palak çykmady. Üç oguldan biri derde ýarajak. Beýlekiler hem bir çen bar. Tüweleme, hünärleri bar. Çörek diläp, ile el sermez ýaly ýagdaýlary bar. Ine, indi Sary bagşy, sen arkaýyn ölüp bilersiň...» At erbet ürkdi. Sary bagşynyň gulagynyň düýbünden bäşataryň oky şuwlap geçdi. Sary bagşy atyň başyny çekdi. – Kim sen, haý, itiň süýdüni emen. Hetdiň bolsa gel ýakyna. Demir ýoluň golaýyndan bir gara zompa çykdy. – Ýanyňa gelenimde meniň s... kesermiň. Seniň bajyňy s... balşebik. Hä, ol çöpbüýbi Gaýgysyzyňa buýsanýansyň. Hany, är bolsa ýetişsin dadyňa... Sary bagşyny der basdy. Onuň arkasyndaky oguljygy titir-titir edýärdi. Birdenem eýmenç ses bilen aglap goýberdi... – Aglama, oglum. Hany, goý... Bäşatar ýene atyldy. At bir çarpaýa galdy-da, uly gozgalaň bilen ýer peşeledi. – Gaçaryn öýtme. Özüňem, ogluňam ýeke okda dünýä inmedik ýaly ederin. Sary bagşy töwerekde garantga ýaly bolşup duran elleri tüpeňli adamlary gördi. Onuň gaçma hyýaly ýokdy. Ýöne oglunyň ýanynda kiçelesem gelmedi. – Aýdyň, size kim gerek, wenezzynalar... Bäşatarly adam haýkyryp gürledi. – Wenezynna Gaýgysyz ikiňiz, dönük haramzadalar. Atyňdan düş-de, ýanyňdaky ograş çöpdüýbiňem alyp, ýok bol... Sary bagşy atdan düşmedi. – Düş atdan, bolmasa atyňy tükgerdýän. Bol diýilýär saňa. – Ol Sary bagşynyň haýal-ýagallygyny görüp. Iki oky atyň gulagynyň düýbünden süýündirip goýberdi. At dik ýokary bökdi. Şol wagt ýa gorkudan ýa-da özüni saklap bilmedi, Nuryjyk atdan syrylyp, ýere ýazyldy. Sary bagşy dutar bilen gyjagyny almaga zordan ýetişdi. At aýagynyň astyndan sypyrylyp, galtamanlara bakan atylyp gitdi. Olar aty tutdular. – Bar, süýdüňi asmana sag. Bileniňden galma, tap seniň bajyňy bir s... Sary bagşy ogluny ýerinden galdyrdy. Nuryjyk seňseläp ýatyrdy. Bagşy ogluny dik oturtjak boldy. emma çaga ep-esli wagtlap uşuna gelmedi. Howa çigrekdi. Bagşy Aşgabatdan çäkmensiz gaýdanyna gaty gynandy. Ol ogluny göterip, demir ýola çykdy. Ýöne duralga-da, Bamy-da uzakdady. Oňa ogluny göterip gitmek indi ýaşy bir çene baran adama aňsat däldi. Ol demir ýoluň boýundaky öý ýaly gara ýylgynyň arasynda dutar-gyjagyny gizledi. Soň ogluny arkasyna aldy-da, Aşgabada bakan ýuwaşja ýöräp gaýtdy. Howa sowady. Daňa bakan Sary bagşynyň derden ýaňa öl-suw bolan eşiklerine buz çökdi. Iň ýaman ýeri onuň ysgynsyz göwresiniň bir ýerlerinden buz demli aýaz gursagyna kürsäp girip, ony hababaýladyp, alyp barýardy. Nury indi özüne geldi. Ol kakasynyň özüni saklap bilmän, erbet titiräp, eňdirewik ses bilen «E-eee-e-eee» diýip ýatyşyny görüp, aglady. Sary bagşyny bir günden soň, Nepes çopan tötänden duşup, oba habar ýetirip, Aşgabada alyp gelenlerinden soň, ol on bäş günläp, gyzgyny kyrk bir gradusdan düşmän, keselhanada özüni bilmän ýatdy. Onuň öýkeni iki tarapyndan sowuklapdy. Ganynyň düzümi düýpli üýtgäpdi. Şonuň üçin ol özüni bilmän ýatyrdy. Kesel yza gaýdyp, az-kem özüni dürsänden soň bagşynyň ilki sorany Nury boldy. – Nury nähili? – Nury gül ýaly. Sary bagşy töweregine delminip, bar dodaklaryny ýalady. – Hany, Ejelik? Ejelik hany... Pürli begençli ýylgyrdy. Ol indi telim gün bäri işini-öýüni taşlap, kakasynyň başyjyny saklap otyrdy. – Kaka, buşluk, gyz jigimiz boldy. baýadyk... Indi, sag-aman gutulyp adyny dakaryňa garaşyp ýatandyr. Ejemizi öýe getirdik. Ýagdaýy gowy... Sary bagşy ysgynsyz ýylgyrdy. – Gyzymyz... Bolaýypdyr. Hyzmatňyz-a eder. Haýsy gün boldy? – Anna agşamsy! – diýip, Pürliniň gapdalynda duran Hanmämmet gyjakçam ara goşuldy. Sary bagşy az-kem gymşady. – Tüweleme, ol-a öz ady bilen doglan eken. Annagül dakaýyň... – Bor, kaka.... | |
|
√ Palindromaniýa: TamA Amat bermez - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabat - 06.03.2024 |
√ Ene / powestiñ dowamy - 14.01.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Uspen halypa - 03.03.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powest - 29.08.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan goşundaky ot başyndaky geňräk myhman - 03.07.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -4: powestiň dowamy - 07.08.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -5: powestiň dowamy - 21.08.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -2: powestiň dowamy - 01.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň soñy: Bamyny agladan aýdym - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |