12:21 Ýagy | |
ÝAGY
Goşgular
Adama ýagy däl zat ýok, Ähli zat ýagy adama. Gödek aýdan sözi ýagy, Parran geçen gözi ýagy. Aşa söýgüsi ýagy, Ýüregiňde goýar dagy. Bady howa gürlän çagy, Soň ol bolar oňa agy, Aý, garaz, sanap nädeýin, Ýok munuň çägi. Ähli zat adamyň özüne bagly... Senem, menem hem olaram gynaýan, Men şeýle bir gapylary tanaýan. Arasynda ogul bilen enäniň Yzy tükenenok sene-menäniň. – Özüňden önen balaýa, Nirä gidersiň nalaýa?! Ene eňreýär çök düşüp, Dowam edýär haklaşyk, Ýok bu öýde ylalaşyk. Ähli zat janyňa ýagy, Diýsem garşy çykýar biri. Düşünişmek deregine, Gezäp dur ol maňa nili. Ýazsamam-a ýazdym weli, Jemläp bilmedim goşugy. Ine, maňa agyr ýeri!.. 14.04.2014. | |
|
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||