21:46 Ýakow Popok | |
ÝAKOW POPOK
Taryhy şahslar
1935-nji ýylyň başy gurak gelipdi. Bütin tomus pasly asmandan ýekeje-de nem dammandy. Daýhanyň alyn deriniň gudraty bilen kemala gelen meýdandaky hasylyň sary samana öwrülmegi gaty ähtimaldy. Ine, şol howsalaly günler Türkmenistanyň hökümet-partiýa ýolbaşçylarynyň ählisi diýen ýaly ýurduň raýonlaryndady. Olar paýtagtda seýrek bolýardylar. Türkmenistanda suwuň ýetmezçilik edýändigi hakdaky howsalaly habar Moskwa-da ýetdi. Aýratynam respublikanyň gowaça meýdanlarynda suw tutmak işleri örän gijikdirilýärdi. Ine, şol günleriň birinde Kremlden Türkmenistanyň Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy Gaýgysyz Atabaýewiň hem-de Türkmenistan Kommunistik (bolşewikler) partiýasynyň Merkezi Komitetiniň birinji sekretary Ýakow Abramowiç Popogyň adyna telegramma gowuşdy. Telegrammada her edip-hesip edip, tebigatyň ýowuz kynçylyklaryny ýeňip geçmelidigini, munuň üçin respublikanyň gaýduwsyz zähmetkeşleriniň gujur-gaýratlaryny görkezmekleri barada tolguduryjy aýdylýardy. Bu habar ýýyldyrym çaltlygynda bütin respublika ýaýrady. Moskwanyň özleri hakda çynlakaý alada edýändigi baradaky habar türkmen babadaýhanlarynyň güýjüne güýç, ruhuna ruh goşdy. Suw ugrundaky göreş ähli halkyň göreşine öwrüldi. Onuň ýekeje damjasyny-da yrýa etmezlige çalşylýardy. Kolhozlardan, raýonlardan Atabaýew bilen Popogyň adyna zähmet raportlary gelip gowuşýardy. Ine, bu aýgytly göreşiň başynda bolsa Türkmenistan Kommunistik (bolşewikler) partiýasynyň Merkezi Komitetiniň birinji sekretary Ýakow Abramowiç Popok durýardy. Şol ýyl türkmen babadaýhanlary “ak altynyň” bol hasylyny aldylar. Yhlasly çekilen zähmet ýerine-de düşdi. Bu bütin halkyň, Türkmenistan hökümetiniň, partiýanyň Merkezi Komitetiniň çeken zähmetiniň beren miwesidi. Şol ýylyň oktýabr aýynyň ortalarynda Gökdepe raýony döwlete pagta tabşyrmaklygyň planyny respublikada ilkinjileriň biri bolup doldurdy. Olar plany ýüz prosentden artdyryp amal etdiler. Bu zähmet ýeňişi mynasybetli, partiýanyň Merkezi Komitetinde kabul edişlik guraldy. Muňa gökdepeli zähmet pälwanlarynyň onlarçasy çagyryldy. Ýakow Abramowiç olaryň hersi bilen aýry-aýrylykda gadyrly görüşdi. Her kim ýerli-ýerine geçiip oturylandan soň, TK(b)P Merkezi Komitetiniň birinji sekretary Lenin adyndaky kolhozyň başlygy Myratdurdy Amandurda ýüzlendi. Ondan öz işleri barada gürrüň bermegi sorady. Silkme gara telpekli bu daýaw adam ilkibada nämeden başlajagyny bilmedi. Töweregine göz aýlady. -Aý, näme, ýoldaş Popok, elbetde, plan öz-özünden dolmady. Işledik. Her gektardan on sekiz sentner musur pagta hasylyny aldyk. Munuň üçin pagtany başda bäş gezek otadyk, bäş gezegem suw tutdyk. -Nähili kätmen bilen işlediňiz-dä? Ynha, mysal üçin, Murgap etraplarynda agyr kätmen bilen işlänlerini kem görenoklar. Olar “agyr kätmen bilen işlemek gowy bolýa” diýýärler. -Ýoldaş Popok kätmeniň näçe agramynyň bardygyn-a bilemok weli, ýöne erbet işledik diýip biljek däl. Popok onuň sözüne çalaja ýylgyrdy. Ýöne olam ýeň bererli däldi. -O nähili beýle bolýa. Her gektardan on dokuz sentner hasyl alybam, iş guralyna kembaha garamak bolmaz, ýoldaş başlyk! Onuň bu sözüne oturanlaryň hemmesi gülüşdi. Popogyň özi-de güldi. Gökdepeli kolhozçylar bilen Popogyň arasyndaky gürrüň barha gyzyşýardy. TK(b)P Merkezi Komitetiniň birinji sekretaryny ähli zat gyzyklandyrýardy. Popok olaryň gürrüňlerinden entek hojalyklaryň birnäçesiniň TOZ-yň ustawy bilen işleýändiklerini bildi. Lenin adyndaky kolhoz hem şeýle hojalyklaryň biridi. Hojalykdaky işçi mallar entek umumylaşdyrylmandyr. Bar bolan öküzdir düýeleriň ýetmişisi hem hususy hojalyklardady. Hojalyk şu ýyl 8 sany at satyn alypdyr. Umumylaşdyrylan ýeke-täk zat şol atlardy. Bu fakt Popogy biynjalyk etdi. Ol ardynjyrady. Stoluň üstünde ýatan galamy eline aldy. Bir zatlar ýazjak ýaly etdi-de, ony ýene-de öňki ýerinde goýdy. -Adamlar, geliň, biz bir zada düşünişeliň! – diýip, söze başlady. Ine, siz pagtanyň bol hasylyny ýetişdirip, döwlete tabşyrdyňyz. Eýsem-de bolsa, muny nämäniň hasabyna gazanyp bildik. Elbetde, kollektiw güýjüň hasabyna. Eger-de arteliň ustawy boýunça işlän bolsaňyz, on dokuz sentner, belki-de, ýigrimi dokuz sentnere öwrülerdi. Bu hakykat ýoldaşlar! Girdejiňiz bolsa üç müňdenem has agdyk bolmaly. Sebäp diýeniňde, siz öz hojalygyňyzda pagtadan başga zady umumylaşdyrmansyňyz. Kolhoz şu wagta çenli hiç zat gurmandyr. Eger-de her kim özi hakda alada edýän bolsa, onda biziň hiç hili ösüş gazanyp bilmejegimiz weli hak! Oturanlaryň arasynda Ýakow Abramowiçiň sözlerini makullaýjy sesler eşidildi. Olar “dogry-da, dogry” boluşdylar. Ýakow Abramowiç ýene-de Lenin adyndaky kolhozyň başlygyna ýüzlendi: -Kolhozçylaryňyz sygyr saklaýamy? -Saklaýar, ýoldaş Popok! -Sygyrlaň süýtlüligi nähili? -Süýtli diýýänimiz alty-ýedi litr berýär. -Bary- ýogy alty-ýedi litr süýt berýän sygyrdanam sygyr bomy? Ony saklamagam amatly däl bolsa gerek. Ýok, bu öwerlik ýagdaý däl. Onsoňam pagtadan bol hasyl almagy başarýan adamlaryň maldarçylygy ösdürmäge-de gurbaty ýeter diýip pikir edýän. Ýakow Abramowiç Gökdepeden gelen kolhoz başlyklarynyň köpüsini ozaldanam tanaýardy. “Zarpçy” kolhozynyň başlygy Sapar Rahman bilen birnäçe gezek duşuşypdy. Bu kolhoz 45 sany hojalygy özünde birleşdirýärdi. Bu hojalygyň bir atynyň :Aşgabat-Moskwa” aralygyna edilen atly ýörüşe gatnaşandygyndan Popogyň habary bardy. Munuň üçin Moskwadan bu kolhozyň adyna ýörite bir awtomaşyn sowgat hem iberildi. Umuman alanyňda, hojalygyň depgini hiç neneň däldi. Emma häzirki gürrüňiň gidişinde ýüze çykan faktlary saldarlap görüp, onuň bu kolhozdaky ýagdaýlardanam göwni kän bir suw içmedi. Kolhozda düýeleriň ýigrimi ikisi, sygyrlaryň hem on altysy, atlaryň bolsa bary-ýogy altysy bardy. Kolhozçylaryňam ýigrimisiniň hususy hojalygynda sygyr, galanlarynyň hem her birinde üçden-dörtden goýuny bardy. Bu sanlar Ýakow Abramowiçiň lapyny keç etdi. Ol nägilelik bilen kolhozyň başlygy Sapar Rahmana nazar aýlady. -Haçanda Gökdepe raýonynyň ilaty üçin her bir hususy hojalykda otuza çenli goýun saklamaga rugsat edilýärkä, näme üçin bu hakda ýeterlik alada edeňzok? Sapar Rahman ýagdaýy düşündirmäge durdy. -Ýoldaş Popok, dogrusyny aýtsam, ozal mal ediner ýaly serişdämiz ýokdy. Girdeýjimiz hem azdy. Şu ýylky girdeýji erbet däl: ýüz müň manat. Geçen ýyl sekiz müňdi. Indi kolhozçylaryň mal satyn almaga gurb-a ýetermikä diýýän. -Goý, şeýle bolsun diýeli! Şol kabul edişikde Ýakow Abramowiçi köp-köp mesele gyzyklandyrdy. Şol meseleleriň biri-de üzümçiligi ösdürmek hakdady. Ol şonda oturanlardan bu hakda gürrüň bermegi haýyş etdi. Şonda ilki bolup “Birleşik” kolhozynyň başlygy Garaja Gotur gürrüňe goşuldy: -Biziň on üç gektar ýerde üzüm meýdanymyz bar. Ýene-de bir ýarym ýere üzüm ekmekçi. -Munyňyz gaty az bolýa. Owunjak aladalara duwlanyp, ertiriň, birigünüň aladasyny görmezlik gaty ýalňyş. Şol wagt raýkomyň sekretary Orazow gürrüňiň arasyna goşuldy: -Ýoldoş Popok, şu ýyl bütin raýon boýunça ýüz gektar ýere üzüm ekmekligi planlaşdyrdyk. -A biz -- Merkezi Komitetiň sekretary ýoldaş Anna Muhammedow ikimiz başgaça pikir edýäs. Raýon boýunça üzüm ekiljek meýdany ýüz däl-de, üç ýüz gektara ýetirmeli. -Ras aýdýaňyz, ýoldaş Popok! Bu “Birleşik” kolhozynyň başlygynyň sesidi. Ony oturanlaryň köpüsi ýerli-ýerden goldadylar. Raýondan gelenleriň arasynda ýekeje-de aýal maşgala ýokdy. Ýogsam-da bolsa, aýallar kolhoz işinden çetde duranokdylar. Planyň dolmagynda-da olaryň goşan goşandy uludy, bu Ýakow Abramowiçiň synçy nazaryndan sypmandy: -Kolhozda aýallar uly güýç. Esasy işleri edýänlaerem şolar. Öý işlerem şolaryň boýnunda. Şonuň üçinem kolhozçy aýala goýulýan hormat we abraý uly bolmaly. Emma şol uly hormata mynasyp bolmaly aýallaryň ýekejesiniň hem şu ýerde bolmazlyklary gaty gynandyryjy ýagdaý. Raýkomyň sekretary özüni müýnli saýdy. Näme diýjegini bilmedi. -Ýatdan çykarypdyrs. -Ýaramaz, gaty ýaramaz. Könäniň çüýrük pikiri bilen hoşlaşmaga wagt ýetdi, ýoldaşlar! Eger-de siziň, muňa özüňiziň gaýratyňyz çatmaýan bolsa, onda başgaçarak ýol gözläris. Biziň özümiz bararys-da, aýallary siziň garşyňyza öjükdireris weli, onsoň dat günüňize! Ýakow Abramowiçiň soňky aýdan sözlerine oturanlar gülüşdiler. Şol gün TK(b)P Merkezi Komitetindäkiki gürrüňçilik uzaga çekdi. Üç sagatlap diýen ýaly, köp-köp meseleleriň başy agyrdyldy. Hoşlaşyljak pursaty, gökdepeli pagta ussatlary Ýakow Abramowiçi özleriniň ýakyn wagtda boljak hasyl toýunyň dabarysyna çagyrdylar. Popok bu çagyryşy höwes bilen kabul etdi. Ol şondan köp wagt geçmänkä, Gaýgysyz Atabaýew bilen gökdepeli zähmet palwanlarynyň arzyly myhmany boldy. Kelejaryň çaýyrlygyna Ýaňgaladanam, Hurmantgökjedenem adam bary üýşdi. Olar at çapyşygyna, Garly bagşydyr Oraz Salyryň aýdan aýdymlaryna muşdak boldular. Bu wakany gökdepeli gojalar häli-häzirem mähribanlyk bilen ýatlaýarlar. Partiýa weterany Nowruz Dusaýew ýatlaýar: -Meni 1935-nji ýylyň awgustynda gumuň içinde ýerleşýän Ýerbent raýkomunyň birinji sekretarlygyna saýladylar. Bu mynasybetli Türkmenistan Kommunistik (bolşewikler) partiýasynyň Merkezi Komitetinde gürrüň geçirildi. Gürrüňi meniň bilen Merkezi Komitetiň birinji sekretary Ýakow Abramowiç Popok geçirdi. Ol maňa şonda şeýle maslahat beripdi: -Sen heniz ýaş, özem iň bir yza galak maldarçylyk raýonyna iberilýärsiň. Ol ýerde basmaçylar uzak wagtlap ilaty gorkuzyp geldiler. Baýlaryň we kulaklaryň ähli baýlygy ellerinden alyndy. Häzir ol baýlyk raýon merkezinde saklanylýar. Ýöne baýlar we kulaklar seniň ýaşlygyňdan peýdalanjak bolup synanyşarlar. Adam her hili ýagdaý ýüze çykanda-da öz päkligine, durnuklylygyna galmalydyr. Ýeňil ýol gözlemän, partiýa prinsipiýallygyna gol berseň, päk bolsaň, işiň hemişe şowuna bolar – diýdi. Men bu parasatly akylly adamyň maslahatyny ömürboýy sapak edindim. Bu sözlere-de hiç haçan ikilik etmedimmikäm diýýän. “Aşgabat – Moskwa” atly ýöriş “Aşgabat – Moskwa” aralygyndaky atly ýöriş respublikamyzyň taryhyna gyzyl harplar bilen ýazyldy. Eýsem-de bolsa, bu ýörişiň guramaçysy hem-de inisiatory Ýakow Abramowiç Popokdy. Gahryman türkmen atlylary Moskwadan gaýdyp gelenlerinden soňra partiýanyň Merkezi Komitetiniň birinji sekretary olar bilen duşuşdy. Atly ýörişe gatnaşyjylar respublikamyzyň ýolbaşçysyna öz gören-eşiden zatlary hakda gürrüň berýärdiler. Gürrüňçilige uly ýörişiň komandiri Sokolow hem gatnaşýardy. Bu rus adamsynyň belent adamkärçiligine, uly guramaçylygyna haýran galaýmalydy. Ol türkmen diline-de suwarady. Sokolow iň agyr pursatlarda-da atlylaryň başynyň jem bolmagyny gazanýardy. Şonuň üçinem atly jigitleriň hemmesi oňa uly hormat goýýardylar. Ýakow Abramowiç jigitleri uly ýeňiş bilen gutlady-da, şeýle diýdi: -Ine, siz dört müň üç ýüz kilometr ýoly geçip. Watanymyzyň ýüregi Moskwa bardyňyz. Bir ýüz ýetmiş bäş million halk siziň edermenligiňize el çarpdy. Eýsem-de bolsa, bu ýöriş sizde nähili täsir galdyrdy? Ol oturanlara birlaý nazar aýlady. -Täsir gaty köp! – Bu Gabyş Mämişiň sesidi. Ol sözüni dowam etdi. –Ýoldaş Popok, dogrusyny aýtsam, biziň ýaly ýönekeý daýhanlara şeýle hormat-sylag goýluşyny ilkinji sapar görşüm. Siz ýaňy dogry aýtdyňyz, bizi bütin halk sylady. Ýene bir aýtjak zadym, olam komandirimiz Sokolowa şu ýerde berekella aýdasym gelýär. Ol uzak ýolda, ýat illerde ýigitlere baş bolup bildi. Sokolowyň ýüzi çalaja gyzaryp gitdi. -Meniň sizden artyk görkezen hyzmatym ýok-la! – diýip, ol nägile äheňde Gabyş Mämişe gözüniň gytagyny aýlap goýberdi. -Elbetde, ýoldaş Popok, ýolumyzda kynçylyk az bolmady. Garagumyň, Ustýurduň jöwzasyna, has beterem suwsuzlyk belasyna döz gelindi. Bir damja suwy altyna deňedik. Emma munuň tersine, Powolžýede, Mordwa hem-de Moskwa oblastlarynda atlary sowukdan goramaly boldy. Popok onuň gürrüňini böldi. -Ýöriş, ilkinji nobatda, bir topar adamlaryň ahal-teke hem-de ýomut bedewleri hakdaky samahyllamalarynyň düýbünden nähakdygyny subut etdi. Olar “bu bedewleri paradda görkezjek diýäýmeseň, hiç hili zada ýaranok” diýýärdiler. -Maksat hem olaryň pikiriniň nähakdygyny subut etmekdi! -Ony ýene-de bir gezek subut etdik. Biziň atlarymyzyň deňsiz-taýsyzdygyny Moskwada ýoldaş Woroşilow hem belledi. Şeýle hem ýoldaş Popok, biz her bir ata ylmy gözegçiligi ýola goýduk. Aktýubinskiniň eteginde bolsa ummasyz ýagyş ýagdy. Çygdan ýaňa käbir atlaryň gyzgyny 42 gradusa ýetdi. -Şonda nätdiňiz-dä? -Iýmiň berliş wagtyny üýtgetdik. Şondan soň atlar ol ýeriň tebigatyna ýuwaş-ýuwaşdan uýgunlaşyp başladylar. -Geliň, indi Aktelpegi diňläliň! Aktelpek Ýakow Abramowiçe “sag bol!” diýýän äheňde başyny atdy. -Men Moskwada, ýoldaş Woroşilowa öňki gün-güzeranymyz hakda gürrüň berdim. Hanlaryň, basmaçylaryň soňuna sogan ekdik diýdim. Daşhowuzdaky uly Hanýaba indi Şuraýap diýip at goýduk – diýdim. Men oňa haşar işleriniň agyrdygyny, munuň üçin her ýylda müňlerçe adamyň zähmetiniň gerekdigini aýtdym. Şonda Woroşilow Sowet hökümetiniň türkmen daýhanlary üçin 33 sany haşar bejerýän maşyn sowgat berjekdigini aýdanda, depämiz göge ýetdi. Gürrüňe Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy Gaýgysyz Atabaýew goşuldy. -Aktelpek, ine, şu gören-eşiden zatlaryň barada obadaşlaryňa, bütin ildeşleriňe gürrüň edip bermegiň zerur. Goý, olar Sowet häkimiýetiniň halk bilen bir jan-bir tendigine ýene-de bir gezek göz ýetirsinler. -Dogry aýdýaň, Konstantin Sergeýewiç! – diýip, Popok Atabaýewi goldady. Maslahatda Ýakow Abramowiç Popogyň Türkmenistanda işlän ýyllary respublikada ençeme möhüm senagat kärhanalary işe girizildi. Ol bu kärhanalryň gurluşyklaryna berk kontrollyk edýärdi. Bahana duwlanyp, işe päsgel berýänlere berk temmi berilmegini gazanýardy. Bu gün onuň ýanynda üç-dört sany adam bir zatlaryň maslahatyny edýärdiler. Egni harby kitelli, daýaw, gözleri aýnekli, 40-45 ýaşlaryndaky bir adam dik durup, Ýakow Abramowiçe hasabat berýän şekilde bir zatlar gürrüň berýärdi. Ol adam respublikanyň Gosplanynyň başlygy. TSSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlygynyň orunbasary Gotloberdi. -Büzmeýiniň çakyr zawodynyň gurluşygy hem o ýyldan bu ýyla geçirilip gelinýär. Ýogsam onuň gurluşygyna 33-nji ýylda başlanypdyr. Dört ýylyň içinde bolsa bary-ýogy iki ýüz müň manatlyk iş edilipdir. -Bu gurluşygy kim alyp barýar? Bu süýrenjeňlik üçin kim jogapkärçilige çekilipdir? Ýakow Abramowiçiň sesi gazaply çykdy. -Gurluşygy Bezaýan alyp barýar. Bu hakda derňew organlary gyzyklanýar - diýdi-de, Gotlober sözüni dowam etdi. – Mysal üçin, ýerli senagat halk komissarlygy mehaniki zawodyň sehleriniň proýektini tassyklatmak üçin Halk Komissarlar Sowetine hödürläpdir. Emma görlüp otyrylsa, bu proýekt ozal hiç ýerde-de seredilmändir. Şeýle hem AŞGRES-iň gurluşygynyň ýagdaýy-da öwerlik däl. Gürrüň AŞGRES hakda barýanlygy üçin, partiýanyň Aşgabat şäherkomunyň sekretary Gladişew durup bilmedi. -Indi o ýerde işler ugrukdyrylýar. Ýakow Abramowiç onuň ýüzüne seretdi. -Belki, iş ugrukdyrylýandyr, ýöne entek hiç zat görnenok. Gurluşyk bolsa dört ýyldan bäri gurlup gelinýär. Ýakow Abramowiç Gotlobere dowam ediber diýen şekilde baş atdy. -Aşgabatdaky onýyllyk mekdepleriniň gurluşygynyň proýekti hem ozal kimdir biriniň fantaziýasy boýunça çyzylypdyr. Başda 880 müňe durýan smeta şu güne çenli 1403 müň manada çenli ýetdi. Ýa-da bolmasa, Aşgabadyň ilatyny suw bilen üpjün etjek Bekrewe desgasynyň başdaky smetasy iki milliona barabardy. Indi olam artyp-artyp bäş milliona ýetdi. Munyňam ýene üýtgemegi ähtimal diýýärler. Ýakow Abramowiç başyny galdyrdy. -Sebäbi näme? -Sebäbi, gözboýagçylyk, ogrulyk. Bir sekunt-litr suw indi 50 müň manada düşýär. Muny başga nähili atlandyrjagymy bilemok, ýoldaş Popok! -Siz muňa başda Gosplanda az-maz hemaýat-a eden dälsiňiz-dä? -Gürrüň men hakda barýan bolsa, onda ýok. -Diňe sen hakda däl. Eýsem başgalar nirä seretdiler. Eýsem-de bolsa, bu gurluşyk her ýyl plana girizilipdirem, oňa goşmaça pulam goýberilipdir ahbetin! Gotlober aýdara söz tapmady. Oňa “Gözboýagçylyk, diňe gözboýagçylyk” diýmekden başga alaç galmandy. TK(b)P Merkezi Komitetiniň birinji sekretarynyňkyda bolan şol kiçijik maslahatdan köp wagt geçmändi. Ol maslahat uly hem çynlakaý gürrüňiň başy boldy. Ýakow Abramowiçiň hut özüniň gözegçiliginiň netijesinde gözboýagçylaryň uly topary ýetdik paýlaryny aldy. • Akademik Wawilow bilen gürrüň 1936-njy ýylyň 7-nji oktýabry. Lenin adyndaky oba hojalyk ylymlary akademiýasynyň wise-prezidenti Nikolaý Iwanowiç Wawilow Aşgabada geldi. Şol günüň agşamsy hem ady bütin soýuza meşhur alymy Merkezi Komitetde Ýakow Abramowiç mähirli kabul etdi. Alym Orta Aziýanyň, Zakawkaziýäniň ösümlik dünýäsini jikme-jik öwrenipdi. Onuň tagallasy bilen Bütinsoýuz ösümçilik institutynyň Garrygaladaky filiýaly hem açylypdy. Ýakow Abramowiç gapy açylanyndan, ýerinden turup, akademik Wawilowa garşy ýöredi. Ony güler ýüz bilen garsa gujaklady. Akademigiň ýanyndakylar bilen görşüp çykdy. -Hoş geldiň biziň illere, gadyrdan Nikolaý Iwanowiç! Gaty ýadan-a dälsiňiz-dä, hern-ä? -Ýok, ýok, Ýakow Abramowiç! Howa-da allanäme. Maýyljak, hiç neneň däl! -Ýörite siziň geleriňize garaşyp duran ýaly diýjek bolýaňyzmy? -Olam-a biçeme däl! Olar birsalym köne dostlar ýaly, biri-biri bilen degişdiler. Her kim ýerli-ýerine geçip oturdy. -Men siziň ülkäňize Bakudan geldim. Ol ýerde simpozium geçirip, Repetegiň hem-de Garrygaladaky WIR-iň işleri bilen tanyşaýyn diýdim. -Gaty gowy edipsiňiz, Nikolaý Iwanowiç! -Professor Boguşewiskiniň gürrüň bermegine görä, ol ýerde işler hiç neneň bolmaly däl. Akademik Wawilowyň Merkezi Komitetdäki gürrüňi ep-esli wagta çekdi. Gürrüň esasan Köpetdagyň çöllük ýerlerini ekinzarlyga öwürmek, “Si-Aýlend” gowaça sortuny has kämilleşdirmek, Garagumy özleşdirmek meselelerine syrykdyryldy. Şol ýyllar professor Boguşewskiý we onuň ylmy işgärleri Köpetdagyň ýalazy ýerlerrini badam hem-de pisse agajynyň tokaýlygyna öwürmekligiň meseleleriniň üstünde işleýärdiler. Olar munuň üçin kän bir zähmetiň gerek däldigini subut etdiler. Şeýle hem olar Türkmenistanyň howa şertlerinde diňe bir medeni ösümlikler däl, eýsem senagat üçin gymmatly çig mal bolup hyzmat edýän kauçuk ýasalýan gwaýýula ýaly ençeme ösümlikleri ösdürip kemala getirp boljakdygyny subut edipdiler. Şol gürrüňçilikde Ýakow Abramowiç akademik Wawilowa şol ösümligiň Garrygalada ösdürilýändigini aýtdy. Şonda akademik gwaýýulanyň meýdanyny 5 müň gektara çenli ýetirilse, has-da amatly boljakdygyny belledi. Şol günüň ertesi akademik Wawilow ir bilen Repetek stansiýasyna ýola düşmelidi. Ýakow Abramowiç hoşlaşyp durka, özleriniň ýene-de duşuşjakdyklaryny akademige ýaňzytdy. Çünki TK(b)P Merkezi Komitetiniň birinji sekretary bilen meşhur alyma gürrüň edere zat kändi. Respublikada entek-entek çözülmeli ylmy problemalar ýeterlikdi. Murgap topragynda Ýakow Abramowiç Popok Türkemenistanyň ähli ýerine diýen ýaly aýlanyp çykypdy. Ony türkmen babadaýhanlary güler ýüz bilen garşylaýardylar. 30-njy ýyllaryň ortalarynda Moskwadan Waleriýan Wladimirowiç Kuýbyşew Türkmenistana geldi. Kuýbyşew bilen Popok haýdan-haý Mary etrabyna tarap ýola düşdiler. Olar birnäçe günläp Murgap etrabyndaky kolhozlaryň arzyly myhmanlary boldular. Baýramalyda bolnanda “Bolşewik” kolhozynyň başlygy Aga Ýusup Aly olary gujak açyp garşylady. Ýakow Abramowiç Aga Ýusup Ala uly hormat goýýardy. Ol pagtanyň hakyky ussadydy. Bu gezegem köne dostlar gujaklaşyp görüşdiler. Walerian Wladimirowiç Kuýbyşew üçin hem Aga Ýusubyň ady nätanyş däldi. Ol Moskwada öňde baryjy kolhozçylaryň gurultaýlarynda Aga Ýusubyň çykyşlaryny diňläpdi. Şol gurultaýlaryň birinde hasyl ussady her gektaryň hasyllylygyny 40 sentnere ýetirjekleri barada söz beripdi. -Şol beren wadamyzda-da tapyldyk – diýip, Aga Ýusup Waleriýan Wladimirowiç Kuýbyşewe aýtdy. – Bir pagtanyň özünden bir milliona golaý girdeýji alýas. - Muny bir kolhoz gazanýamy? – diýip, Waleriýan Wladimirowiç oňa ýüzlendi. - Hawa bir kolhoz. - Näçe hojalygyňyz bar? - Kyrk ýedi hojalyk. Öýlerimizde elektrik çyralary ýanýar, her öýde radio bar. Obamyzda ak mekdep şarňyldap dur. Ýöne, ýoldaş Kuýbyşew kön jaýlarda ýaşaýas. - Diýmek tagtadyr pürs ýetenok-da? - Hakyt özi. Biziň hemmämiz bu hakda siziň kömek bermegiňizi gaty haýyş edýäs, ýoldaş Kuýbyşew! Olaryň gürrüňlerini diňläp oturan Ýakow Abramowiç Aga Ýusup Ala ýylgyryp seretdi-de: -Gaty dogry aýdýaň – diýdi. Şol wagt Kuýbyşew: -Hormatly başlyk, hakyky zähmet pälwanlarynyň şarňyldap duran ak jaýlarda ýaşamaga doly hukuklary bar. Onda-da siziň ýaly hasyl ussatlary. Biz bu hakda size kömek ederis – diýdi. Waleriýan Wladimirowiç Popoga tarap öwrüldi. -Ýakow Abramowiç, şeýle dälmi? -Şeýle, Waleriýan Wladimirowiç! Ýatlamalar Ýakow Abramowiç öz-özi ikiçäk mahaly çuňňur oýa batýardy. Geçilen ýola ser salýardy. 1894-nji ýylda Mogilýow guberniýasynda doglan Ýakowyň çagalygy agyr geçdi. Ol on bäş ýaşyndaka Lenin partiýasynyň hataryna girdi. Beýik Oktýabr wakalaryna gatnaşdy. 1918-nji ýylyň başynda Bütinrussiýa Merkezi Ispolnitel Komitetiniň çlenligine saýlanýar. Gyzyl goşunlaryň hatarynda gulluk edýär. 2-nji atly goşunyň syýasy bölüminiň naçalnigi we Demirgazyk Kawkaz harby okrugynyň rewwoýensowetiniň çlenidi. Zlatoust, Amur, Çita okrug partiýa komitetleriniň sekretary bolup işledi. Soň BK(b)P MK-nyň apparatyna işe çekilipdi. 1930-njy ýylyň sentýabryndan bolsa partiýa ony Türkmenistana işe iberipdi. Ol indi Merkezi Komitetiň birinji sekretarydy. Onuň Türkmenistanda işlän ýyllary respublikanyň senagatynda, oba hojalygynda, medeniýetinde uly – uly üstünliklere eýe bolnupdy. Ilkinji bäşýyllyk planlar amala aşyrylypdy. Ilkinji kolhozlar gurlupdy. Ýakow Abramowiç Türkmenistana gelen ilkinji döwründen özüniň belent adamkärçiligi, uly guramaçylyk ukyby, biçak zähmetsöýerligi bilen özüni aldyrypdy. Türkmen halkynyň uly hormatyna eýe bolupdy. Ol sosializmiň duşmanlary bolan buržuaz milletçilere berk gaýtawul berýärdi, troskizmiň her hili ýüze çykmalaryna garşy gaýduwsyz göreş alyp barýardy, respublikanyň partiýa guramasynyň arassalygy ugrunda jan aýaman göreşýärdi. 1935-nji ýylyň dekabrynyň başlarynda Türkmenistanyň zähmetkeşleriniň öňde baryjy wekillerini Kremlde partiýa we hökümet ýolbaşçylary kabul etdiler. Şonda Ýakow Abramowiç Popok türkmen daýhanynyň, türkmen işçisiniň zähmet üstünligine guwanypdy. Bir wagtky ýeňiýoluk garyp, bir wagtky ynsan hasabynda görülmeýän türkmen zenany bu gün döwlet işlerine gös-göni gatnaşýardy. Öz ýurdunyň hakyky eýeleridi. Moskwa baran delegasiýanyň hatarynda Baýramaly raýonynyň “Bolşewik” kolhozynyň başlygy Aga Ýusup Aly, şol kolhozyň brigadiri Orazgylyç Nyýaz, zwenowod Ogulgözel Bähbidowa, murgaply hasyl ussady, zwenowod Gülnabat Aşyrowa, Farap raýispolkomynyň başlygy Ene Geldiýewa, kükürt zawodynyň posýolok sowetiniň başlygy, atly ýörişe gatnaşan Nepes Garahan, Aşgabatdaky egirme-dokma fabriginiň işçisi Nabat Gurbanowa, Tejen MTC-niň traktorçysy Durdy Abdylla we beýlekiler gatnaşýardylar. Ýakow Abramowiç olaryň her biriniň zähmet üstünligine belet bolşy ýaly, olaryň geçen durmuş ýoluna bäş barmagy ýaly beletdi. Ine, mysal üçin, aşgbatly işçi gyz Nabat Gurbanowany alyp göreli. Asly Kakanyň Onbegi obasyndan bolan bu gyz çagalykdan durmuşyň agyr şarpygyny datmaly boldy. Nabadyň kakasy arabakeşdi. Ol Nabat has kiçijikkä ýogalypdy. Ine, şonda Sowet häkimiýeti onuň ejesine hem-de Nabada hossar çykypdy. Olar Aşgabatdaky egirme-dokma fabriginde işläp başlapdylar. Şol ýerde-de Nabat sowat öwrendi. Önümçiligiň öňdebaryjysy hökmünde uly hormat - sylaga mynasyp boldy. Indem ol Moskwa, Kremle tarap ýola düşüpdi. Nabat WLKSM-iň X gurultaýyna-da gatnaşypdy. (Ol häzir Garrygala raýonynyň Könekesir obasynda ýaşaýar.) Şol ýyl Ýakow Abramowiç Popok hem-de Gaýgysyz Atabaýew Watanymyzyň iň ýokary sylagy Lenin ordeni bilen sylaglanypdylar. Popok Türkmenistan respublikasynyň her bir zähmet üstünliginiň öňbaşçysydy. Türkmen halkynyň gysga wagtyň içinde gazanan üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýardy. Ol bu hakda “Prawda” gazetinde çykyş edende, ine, şeýle ýazypdy: -Türkmenistanda rewolýusiýa ýyllary içinde senagat kärhanalarynyň ençemesi: nah-mata we egirme-dokma fabrikleri, pagta zawodlary, elektrik stansiýalary...ulanylmaga berildi. Garabogaz we Nebitdag bäşýyllyklaryň hasabyna işleýär. Eýsem-de bolsa, öňki zamanda ýeňiýoluk batrak Juma Nepesow özüniň garran çagy respublikanyň hökümetiniň çlenligine saýlanjakdygy barada hiç haçan oýuna-da getiren däl bolsa gerek. Eýsem-de bolsa, ol özüniň fabrigiň zarpçy işçileriniň boljakdygyny, tejribeli instruktor boljakdygyny nireden bilsin! Onuň gyzy Bibi egirme-dokma fabriginiň öňde baryjy işçisi, başga bir gyzy Nurtäç mugallyma, ogly Juma kinooperator, ikinji ogly Muhammet gidrotehnik, kiçileri Gylyçdyr Nury okuwçy, agtyjaklary Ogulbibi bilen Arap çagalar bagynda terbiýelenýärler. Hojalykda gazanylýan üstünlikli medeni ösüşiň ilerlemegine ýardam etdi. Diňe bir Baýramaly raýonynyň Ärsaryýap obasyndaky sowatly adamlaryň sany birmahalky Zakaspi oblastyny tutuşlygyna alanyňkydan birnäçe esse köpdür... Hawa, bu gün türkmen halkynyň ösüşini görmäge göz gerek. Bu gün Türkemenistanyň edermen ogul-gyzlary öz atalarynyň göreşli ýollaryny mynasyp dowam etdirýärler. Şeýle hem türkmen halky Ýakow Abramowiç Popogyň ýagty ýadygärligini çuňňur hormatlaýar. 1984 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |